09:38 Türk han | |
TÜRK HAN
Taryhy şahslar
Metbugatlarymyzda türkmenleriñ we türkleriñ gadymy rowaýatlaryna degişli maglumatlar gaty azlyk edýär diýen ýalydyr. Olar ýa terjime edilmän galdyrylýar ýa-da uly çeper eser edip ýa-da taryhy eser hökmünde çykaryljak bolup ýazyjylarymyz tarapyndan bir gapdalda tamamlanman goýulýar. Elbetde ýazyjy-şahyrlaryñam döredijilikden başga-da özlerine ýetik aladalary bar bolsa gerek. Munuñ özi düşnükli zat. Ýöne men şu makalamda Türkmenleriñ gadymy rowaýatlarynda onuñ gelip çykyşy hakyndaky aýdylan maglumatlary toplaşdyryp ýetirmegi müwessa bildim. Aslynda şol türkmenleriñ we türkleriñ adyna öz adyny müñýyllar boýy tagma edip atlandyryp giden Türk han kim bolduka? Geliñ bu barada söhbetimize geçeliñ! ㅡ Türk hanyñ dogulşy hakda Eýran miflerinde rowaýatlar köpdür. Oña rowaýatlarda ''Tur'' görnüşinde gabat gelmek bolýar. Abylgazy Bahadyr Türk hakynda şeýle rowaýaty gürrüñ berýär: ''Ýafesiñ ajaly golaýlanda, uly ogly Türki oruntutary edip, ondan kiçi jiglerine: ''Türki özüñize şa hasaplap, onuñ aýdanlaryny ediñ'' diýdi. Türke ''Ýafes ogly'' diýip künýe berdiler. Örän edepli hem akylly adamdy. Kakasyndan soñ berilen ýerleri aýlanyp gördi. Bir ýerini özüne muwapyk görüp şol ýerde ýerleşdi. Bu gün ol ýere ''Yssyk köl'' diýerler. Çadyr ㅡ öýi şol oýlap tapdy. Türkleriñ arasyndaky käbir düzgünlerem şondan galdy. Türküñ dört ogly bar bolup olar: Tutek, Jekel, Bersejer, Emläk'' diýýär. Aýtmaklaryna görä Türk hanyñ uzyn boýy we ak saçlary bolupdyr. Ol öñden görüji hem düýşleri ýorujy Ulug Türk hökmünde atlandyrylypdyr. Onuñ özüniñ kömege ýetişýän ruhy bolupdyr. Türk han şol ruhy çagyran wagty: ''Eý aýak üstünde mydama uklamaýan, oýa gezýän Uly Türk, ýeriñde ýurduñda bolsañ dadyma ýetiş'' diýer eken. Türk han odun diýen zady ulanmagy, ýakmagy, oda çoýunmagy öwredipdir. Kakasyndan galan ''ýagyş ýagdyrylyş'' dogasyny okap milletini, haýwanlaryny, mal-garalary suwa ýakypdyr. Şol ''ýagyş ýagdyrylýan'' dogany onuñ nesilleri ýatdan çykarmandyrlar. Türk kynçylyga düşen wagtlary Çal reñkli boz möjek dadyna ýetişer eken. Töwratda ady geçen Togarma, Türknamada ady geçen Targytaý, Gadymy Grek-rim miflerinde Tyrkae, Etrusk diýip ady agzalýan halk atlarynyñ aslynda Türk handan gaýdan Türk(men) halkydygyny mifologlar aýdýarlar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |