01:00 Türki tebipnamalardan melhemler | |
TÜRKI TEBIPNAMALARDAN MELHEMLER 1. Eger kimsäniñ damagy boglup, sesi tutulsa, turp tohumyny gaýnadyp bogazyny çaýkasa açylar. 2. Her kişi sarymsak iýmegi adat edinse, külli çyglyk, barça ýel dep bolar. Gulak agyryly we ysytmaly kişä hem şuny maslahat berýäris. 3. Kim sary keseline ýoluksa, garlawaç çagasyny sary reñke boýap höwürtgesine salsa, garlawaç sary daş alyp geler, ol keselden saplanmagyñ kepilidir. 5. Kimiñ üsgülewük zähmeti bolsa, armyt tohumyny gaýnadyp içse şypa tapar. 6. Eger kişiniñ mydama içi geçýän bolsa, şetdaly şänigi peýda eder. Ony gyzgyn nahar bilen iýmek gerek. 7. Ýene sarymsak hakda: ony iýmäge endik etseñ, bedeniñ sowukdan ýa-da ýelden hergiz teşwüş görmegeý. 8. Kädi çigidi (tohumy) aşgazany düzedip we barça ýeli dep kylýandyr. 9. Eger kişiniñ gursagy gurulykdan-yssylykdan agyrýan bolsa, goýun süýdi bilen bile dalçyny gaýnadyp içsin. 10. Her kişiniñ derdi yssydan bolsa, badamýagyny iýsin, dep bolar. 11. Ak we gara üzümiñ kişmişini alty pyýala mukdarda alyp, üstüne bir pyýala sirke goşup, bir pyýala galýança gaýnadyp içirseñ, yssylykdan galan herne derdi dep eder. 12. Her kişiniñ mizajy (häsiýeti, aýratynlyklary - temperamenti) sowukdan teşwüş berer bolsa, dalçyny, baly, nar şerbetini gaýnadyp, gyzgynlygyna içse saplanar. 13. Her kimiñ mizajy yssydan teşwüş berer bolsa sirkäni, şekeri, nar we üzüm suwuny gaýnadyp içsin, hökman karar tapar. 14. Eger kimsä zäher beren bolsalar, hiç alajy bolmasa, adamyñ peşewini içirseler şypa tapar. 15. Eger kimsäniñ endamy çişen bolsa, reýhan gülüni (bazilik) ýenjip sürtse dep bolar. 16. Her kimsäniñ endamy sus bolsa, ete şeker goşup iýsin, gözüne deger. 17. Kişiniñ asly päk bolup, özü-de haramdan daş bolsa üç mysgal öküz ganyny, üç mysgal hüthüt gany hem-de gyzyl sygryñ süýdi bilen goşup ýetmiş günläp günde guradyp, soñ hem oda salsa, hemme meşaýyhlar ýar bolgaýlar. Her ýerde bolsa duşmanlardan aman bolar, bu dünýäde her maksady bolsa hasyl bolgaý. 18. Her kimiñ aşgazany agyrsa, her wagt ýagyş suwuny gaýnadyp içip dursun, peýdasy uludyr. 19. Eger kişi ker bolsa, hiç alajy bolmasa, armyt dänesiniñ ýagyny gulagyna damdyrsa, gulagy açylgaý. 20. Her kimiñ gözünden ýaş akyp, durmaýan bolsa, geçi ýüñüni gözüne ýapsa dep bolar. 21. Eger aýal kişiniñ süýdi gelmese, alajy oldurki, geçi süýdüni içsin, süýdi has gowy geler. 22. Her kim maýmyn etinu şeker bilen günde guradyp iýse, köñlünde hiç gam-gussa galmagaý, gakylyk görmegeý we ýene aşgazany sagdyn bolgaý. 23. Her kim üsgülewüge giriftar bolsa, hiç dowasy tapylmasa, injiri gaýnadyp, suwuny aýryp, üç gije-gündizden soñ iýse halas bolgaý. Eger onuñ bilen-de dep bolmasa, goýun guýrugyny süýdi bilen bişirip, sirke bilen goşup içse dep bolar. 24. Kimsäni it dalasa ynsan saçyny sirke bilen gaýnadyp, her gün it dişlän ýerine baglamak makuldyr. Ýene "Suraýy Fatihany" ýedi mertebe, dogaýy "Nodl alony" kyrk bir mertebe okap, suwa dem salyp içirse şypa tapgaý. 25. Eger turp tohumyny sogan bilen gaýnadyp ala bolana sürtseñ peýda kylar. (dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |