TÜRKI TEBIPNAMALARDAN MELHEMLER
1. Eger kimsäniñ damagy boglup, sesi tutulsa, turp tohumyny gaýnadyp bogazyny çaýkasa açylar.
2. Her kişi sarymsak iýmegi adat edinse, külli çyglyk, barça ýel dep bolar. Gulak agyryly we ysytmaly kişä hem şuny maslahat berýäris.
3. Kim sary keseline ýoluksa, garlawaç çagasyny sary reñke boýap höwürtgesine salsa, garlawaç sary daş alyp geler, ol keselden saplanmagyñ kepilidir.
4. Endamy ala bolan kişi syçanyñ, gara garganyñ ganyny çalsyn.
5. Kimiñ üsgülewük zähmeti bolsa, armyt tohumyny gaýnadyp içse şypa tapar.
6. Eger kişiniñ mydama içi geçýän bolsa, şetdaly şänigi peýda eder. Ony gyzgyn nahar bilen iýmek gerek.
7. Ýene sarymsak hakda: ony iýmäge endik etseñ, bedeniñ sowukdan ýa-da ýelden hergiz teşwüş görmegeý.
8. Kädi çigidi (tohumy) aşgazany düzedip we barça ýeli dep kylýandyr.
9. Eger kişiniñ gursagy gurulykdan-yssylykdan agyrýan bolsa, goýun süýdi bilen bile dalçyny gaýnadyp içsin.
10. Her kişiniñ derdi yssydan bolsa, badamýagyny iýsin, dep bolar.
11. Ak we gara üzümiñ kişmişini alty pyýala mukdarda alyp, üstüne bir pyýala sirke goşup, bir pyýala galýança gaýnadyp içirseñ, yssylykdan galan herne derdi dep eder.
12. Her kişiniñ mizajy (häsiýeti, aýratynlyklary - temperamenti) sowukdan teşwüş berer bolsa, dalçyny, baly, nar şerbetini gaýnadyp, gyzgynlygyna içse saplanar.
13. Her kimiñ mizajy yssydan teşwüş berer bolsa sirkäni, şekeri, nar we üzüm suwuny gaýnadyp içsin, hökman karar tapar.
14. Eger kimsä zäher beren bolsalar, hiç alajy bolmasa, adamyñ peşewini içirseler şypa tapar.
15. Eger kimsäniñ endamy çişen bolsa, reýhan gülüni (bazilik) ýenjip sürtse dep bolar.
16. Her kimsäniñ endamy sus bolsa, ete şeker goşup iýsin, gözüne deger.
17. Kişiniñ asly päk bolup, özü-de haramdan daş bolsa üç mysgal öküz ganyny, üç mysgal hüthüt gany hem-de gyzyl sygryñ süýdi bilen goşup ýetmiş günläp günde guradyp, soñ hem oda salsa, hemme meşaýyhlar ýar bolgaýlar. Her ýerde bolsa duşmanlardan aman bolar, bu dünýäde her maksady bolsa hasyl bolgaý.
18. Her kimiñ aşgazany agyrsa, her wagt ýagyş suwuny gaýnadyp içip dursun, peýdasy uludyr.
19. Eger kişi ker bolsa, hiç alajy bolmasa, armyt dänesiniñ ýagyny gulagyna damdyrsa, gulagy açylgaý.
20. Her kimiñ gözünden ýaş akyp, durmaýan bolsa, geçi ýüñüni gözüne ýapsa dep bolar.
21. Eger aýal kişiniñ süýdi gelmese, alajy oldurki, geçi süýdüni içsin, süýdi has gowy geler.
22. Her kim maýmyn etinu şeker bilen günde guradyp iýse, köñlünde hiç gam-gussa galmagaý, gakylyk görmegeý we ýene aşgazany sagdyn bolgaý.
23. Her kim üsgülewüge giriftar bolsa, hiç dowasy tapylmasa, injiri gaýnadyp, suwuny aýryp, üç gije-gündizden soñ iýse halas bolgaý. Eger onuñ bilen-de dep bolmasa, goýun guýrugyny süýdi bilen bişirip, sirke bilen goşup içse dep bolar.
24. Kimsäni it dalasa ynsan saçyny sirke bilen gaýnadyp, her gün it dişlän ýerine baglamak makuldyr. Ýene "Suraýy Fatihany" ýedi mertebe, dogaýy "Nodl alony" kyrk bir mertebe okap, suwa dem salyp içirse şypa tapgaý.
25. Eger turp tohumyny sogan bilen gaýnadyp ala bolana sürtseñ peýda kylar.
26. Her kim turpy, goýun ödüni asal (bal) bilen gaýnadyp içse, kükreginde üsgülewük goýmaz.
27. Turpy ýenjip taranjubin (ýandak-şeker) bilen goşup iýseñ üsgülewügi dep eder.
28. Her kim turpy ýumşadyp sepgilli ýüze sürtse göz ýetirer, gowy emdir.
29. Her kim turpy nahar bilen iýse gursagyna peýda kylar, bedenindäki suwuklygy päk kylyp, aşgazanyna kuwwat bagyş eder.
30. Her kimiñ içagyrysy bolsa, çişse, reýhan gülüni göbegine sürtse dep bolar.
31. Eger reýhan (bazalik) gülüniñ täze ýagyny saç-sakgalyña sürtseñ şar gara bolar. Reýhan suwu-da şu häsiýete eýedir.
32. Eger ýaş çaga ukusynda gorkýan bolsa, bir mysgal reýhany ýumşadaga-da, bir mysgal turp bilen bişirip iýdirseñ gorkmagaý.
33. Eger kimsäniñ gulagy agyrýan bolsa, reýhan gülüni guradyp gulagyna damdyrmalydyr.
34. Eger reýhany teniñe sürtseñ ýa goluña bent kylsañ, döw-periden zowal bolmagaý.
35. Çakyza bilen kesellän kişiler gül-reýhan suwy bilen başlaryny ýuwsalar, her dürli kelleagyrylar dep bolar.
36. Badam ýagyny göze dürtseñ röwşen bolar.
37. Sogan iýmegi adat edinen kişi kelleagyry görmez.
38. Eger kişini içýan çaksa, sarymsagu gowrup iýdirmeli.
39. Eger kişiniñ dişi agyrsa, sarymsagy oda gömüp ýapsa, derhal şypa tapar.
40. Kimse sarymsagyñ gabygyny zygyr ýagyna garyp saç-sakgalyna sürtse, gara bolar.
41. Goýun ödi gulaga damdyrylsa, gulagagyry açylgaý.
42. Kişi çöregi sirke bilen iýse, ysytmasyny ýok kylar, ýüregi dynç bolar.
43. Eger kişiniñ gözüne ak düşse, hiç alajy bolmasa, mazluma aýalyñ süýdüne zagpyran goşup ýuwsa şypa tapgaý.
44. Towşanyñ ýüregini sag eline dañyp atýan awçynyñ oky hergiz hata geçmez.
45. Eger syçanyñ ganyny gözüne sürtse, ýaş akmasy kesilgeý.
46. Her kim syçanyñ ödüni günde guradyp ýapsa, gözüniñ agyny ýok eder.
47. Eger ýylanyñ gowuny sirke bilen gaýnadyp ýapsa, dişagyrysy dep bolar.
48. Eger horazyñ ödüni günde guradyp sürtse, gözi röwşen bolgaý.
49. Eger geçiniñ öýkenini sepgilli ýüze sürtseñ, nepi deger.
50. Geçi ödi asal bilen gaýnadylyp, göze sürtülse, gözagyrysy dep bolgaý.
51. Kirpini gaýnadyp iýeniñ gözi röwşen, köñli sap bolar.
52. Kirpi ýüregini iýen kişi ýürekli bolar.
53. Kirpiniñ ödüni sürten ýeriñe tüý çykmaz.
54. Eger atyñ süýdünden üç mysgalyny yzygiderli gaýnadyp içse, aşgazan sap bolgaý, gursak agyry dep bolgaý, şöhwet (jynsy meýil) hem zyýada bolgaý.
55. Gatyr toýnagy tütedilen ýerde syçan durmaz.
56. Eger gatyryñ ýüregini hamyladar aýal iýse, dogurmasy añsat bolar, hergiz muşakgat we zähmet görmegeý.
57. Her kim öküziñ ýagyny tezegi bilen goşup baglasa, akýan ýara saklanar.
58. Öküziñ ödüni ithamaky (ýabany gawunyñ bir görnüşi) bilen garyp ýüzüne sürteniñ ýüzi hiç renç görmez (ynjamaz).
59. Eger kişiniñ içi ýöremese, ýüzärligi göbegine çalsa şypa tapgaý, derhal rowana bolgaý.
60. Öküziñ ödüni sirke bilen gaýnadyp gulaga damdyrmak kerlige dowa bolar, gulak agyrysy hem dep bolar.
61. Her kimsäniñ burnunyñ gany durmasa, öküziñ tezegini ýumşadyp çalsa, derhal saklanar.
62. Her kim miweli daragta öküziñ ödüni sürtse, ir bişer.
63. Eger mazluma aýal öküziñ ödüni endamyna çalsa, Hudaýtagala perzendi salyh (adalatly, dogruçyl) eda kylar.
64. Bir kişiniñ teninde ok galan bolsa öküziñ ýagynh tezegi bilen gaýnadyp içirse, derhal çykar.
65. Her kimiñ içiniñ ýeli bolsa, düýäniñ ödüni taranjubin (ýandakşeker) bilen goşup içsin.
66. Eger kimsäniñ bagry agyrýan bolsa, düýäniñ öýkenini iýibermelidir, dep bolar.
67. Eger kişiniñ gözi agyrýan bolsa, hiç närseden peýda tapmasa, düýäniñ öýkenini ýapsyn. Öýkende häsiýet köpdür. Perzent bolmaklyga hem ýardamy deger.
68. Her kim owlak ödüni gaşyna sürtse, gaşy gara bolar.
69. Owlagyñ etini ýapyp, ýylan-içýan çakanu halas edip bolar.
70. Her kim gyzyl geçiniñ bagryny ýumşadyp gözüne ýapsa röwşen bolar.
71. Her kim gabyz bolan bolsa, gyzyl geçiniñ ödüni göbegine sürtübersin, rowana bolar.
72. Gyzyl geçiniñ ödi kofur (kamfora) bilen garylyp, damdyrylaa gulak açylar.
73. Her kimsä ters ýa-da öte derman berlen bolsa, geçiniñ ganyny süýde bişirip iýse dep bolar.
74. Her kim dag geçisiniñ derisini ýara, çykuwa ýapyp goýsa emi şoldur.
75. Her kim dag tekesiniñ ýüñüni ýassygynyñ aşagyna goýup ýatsa, zenanlar her ne syry bolsa düýşünde beýan kylarlar.
76. Her kim dag tekesiniñ kellesini buýnuzy bilen agylda goýsa, ogry düşmegeý.
77. Eger dag tekesiniñ ödüni gulagyna damdyrsa agyrysy dep bolar.
78. Eger böriniñ dyrnagyny perzendine baglasa, döw-u-peri ýakyn gelmegeý.
79. Eger böriniñ aşygyny, guýrugyny, süñküni özi bilen alyp gezse duşman kär etmez. Her hili mes ediji içgiler içse-de, hergiz mes bolmagaý.
80. Her kim nosur (burun içine çykýan ýaranyñ ady) derdine mübtela bolsa sary itiñ bagryny iýdirseñ dep bolar.
81. It dişini özi bilen alyp gezen adam nägehan ölüme duçar bolmagaý, düýşünde gorkmagaý.
82. Her kim erkek it gapan bolsa, itiñ bagryny iýdirseñ dep bolar.
83. Her kim it tüýüniñ külüni bir ýerine sürtse, tüý çykmaz.
84. Her kim itiñ dilini guradyp dömmä, çykuwa sürtse, şypa tapgaý.
85. Hamyladar aýalyñ çagasy garnynda ölen bolsa, itiñ süýdüni gaýnadyp içirseler derhal düşgeý.
86. Her kimiñ ýüregi oýnap duran bolsa, tilkiniñ jigerini gaýnadyp içse, derhal şypa tapar.
87. Eger kişiniñ dişi agyrsa, tilkiniñ bagryny gaýnadyp içse ýa-da guradyp dişine sürtse, görgüden dynar.
88. Her kimi ýylan, içýan çaksa, doñuzyñ jigerini ýapsa dep bolar.
89. Eger kimsäniñ gulagy gereñ bolsa, tilkiniñ peşewini gulagyna damdyrsa, gulagy açylgaý.
90. Her kim urkaçy böriniñ dişini özüne hemda kylsa, halk arasynda yzzatly we hormatly bolar, ýüzi yssy, sözi ötgür bolar.
91. Eger aýal kişi perzent görmese, ýa-da perzendi durmasa, urkaçy böriniñ dişini özi bilen alyp gezse, perzendi bolgaý.
92. Urkaçy böriniñ kellesini goýun ýatagynyñ işigine gömseñ, hergiz böri ýolukmagaý.
93. Her kimiñ gözi agyrsa, towşany ýaryp ýapsa, gözi röwşen bolar.
94. Towşanyñ beýnisini ýylan we içýan çakan ýere goýsañ, zäher täsir etmez.
95. Her kim gyzdyrma, ysytma bolan bolsa, oña hiç alaç bolmasa, ýigrimi mysgal bägül suwuny, bäş mysgal senany (sürgi sypatynda ulanylýan, Mekge senasy atlandyrylýan daragtyñ ýapragy) gaýnadyp, suw bilen içse, derhal şypa tapgaý.
96. Her kim ýüzi çişen bolsa, gunduz ýüñi bilen misi suwda ezip ýa-da gaýnadyp içse, derhal şypa tapar. Eger ol ýardam bermese, turpy gaýnadyp, suw bilen içse, dep bolar. Bu amaly üç mertebe kylmak gerek.
97. Eger bir kimse ysytma duçae bolsa, doñzuñ süñküni ýanynda göterse dep bolgaý.
98. Her kim ukuda hor çekýän bolsa, aýgyr itiñ dilini ýassygynyñ astyna goýup ýatsyn.
99. Eger kimsäniñ peşewi tutulsa, bäş mysgal arpabadyýan, bäş mysgal süýji noýba köküni, bäş mysgal turp, bäş mysgal gawun köküni jem kylyp, gaýnadyp içse dep bolar.
100. Her kimiñ ýüzüne sepgil düşse, towşanyñ ganyny sürtmek gerek.
Medisina