10:22 Türki tebipnamalardan melhemler -4/ dowamy | |
TÜRKI TEBIPNAMALARDAN MELHEMLER
Medisina
76. Her kim dag tekesiniñ kellesini buýnuzy bilen agylda goýsa, ogry düşmegeý. 77. Eger dag tekesiniñ ödüni gulagyna damdyrsa agyrysy dep bolar. 78. Eger böriniñ dyrnagyny perzendine baglasa, döw-u-peri ýakyn gelmegeý. 79. Eger böriniñ aşygyny, guýrugyny, süñküni özi bilen alyp gezse duşman kär etmez. Her hili mes ediji içgiler içse-de, hergiz mes bolmagaý. 80. Her kim nosur (burun içine çykýan ýaranyñ ady) derdine mübtela bolsa sary itiñ bagryny iýdirseñ dep bolar. 81. It dişini özi bilen alyp gezen adam nägehan ölüme duçar bolmagaý, düýşünde gorkmagaý. 82. Her kim erkek it gapan bolsa, itiñ bagryny iýdirseñ dep bolar. 83. Her kim it tüýüniñ külüni bir ýerine sürtse, tüý çykmaz. 84. Her kim itiñ dilini guradyp dömmä, çykuwa sürtse, şypa tapgaý. 85. Hamyladar aýalyñ çagasy garnynda ölen bolsa, itiñ süýdüni gaýnadyp içirseler derhal düşgeý. 86. Her kimiñ ýüregi oýnap duran bolsa, tilkiniñ jigerini gaýnadyp içse, derhal şypa tapar. 87. Eger kişiniñ dişi agyrsa, tilkiniñ bagryny gaýnadyp içse ýa-da guradyp dişine sürtse, görgüden dynar. 88. Her kimi ýylan, içýan çaksa, doñuzyñ jigerini ýapsa dep bolar. 89. Eger kimsäniñ gulagy gereñ bolsa, tilkiniñ peşewini gulagyna damdyrsa, gulagy açylgaý. 90. Her kim urkaçy böriniñ dişini özüne hemda kylsa, halk arasynda yzzatly we hormatly bolar, ýüzi yssy, sözi ötgür bolar. 91. Eger aýal kişi perzent görmese, ýa-da perzendi durmasa, urkaçy böriniñ dişini özi bilen alyp gezse, perzendi bolgaý. 92. Urkaçy böriniñ kellesini goýun ýatagynyñ işigine gömseñ, hergiz böri ýolukmagaý. 93. Her kimiñ gözi agyrsa, towşany ýaryp ýapsa, gözi röwşen bolar. 94. Towşanyñ beýnisini ýylan we içýan çakan ýere goýsañ, zäher täsir etmez. 95. Her kim gyzdyrma, ysytma bolan bolsa, oña hiç alaç bolmasa, ýigrimi mysgal bägül suwuny, bäş mysgal senany (sürgi sypatynda ulanylýan, Mekge senasy atlandyrylýan daragtyñ ýapragy) gaýnadyp, suw bilen içse, derhal şypa tapgaý. 96. Her kim ýüzi çişen bolsa, gunduz ýüñi bilen misi suwda ezip ýa-da gaýnadyp içse, derhal şypa tapar. Eger ol ýardam bermese, turpy gaýnadyp, suw bilen içse, dep bolar. Bu amaly üç mertebe kylmak gerek. 97. Eger bir kimse ysytma duçae bolsa, doñzuñ süñküni ýanynda göterse dep bolgaý. 98. Her kim ukuda hor çekýän bolsa, aýgyr itiñ dilini ýassygynyñ astyna goýup ýatsyn. 99. Eger kimsäniñ peşewi tutulsa, bäş mysgal arpabadyýan, bäş mysgal süýji noýba köküni, bäş mysgal turp, bäş mysgal gawun köküni jem kylyp, gaýnadyp içse dep bolar. 100. Her kimiñ ýüzüne sepgil düşse, towşanyñ ganyny sürtmek gerek. (dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |