15:27 Türkiýe ýarpy ýolda aýak çekmez | |
TÜRKIÝE ÝARPY ÝOLDA AÝAK ÇEKMEZ
Publisistika
Bir aý mundan ozalyrak Stambul uniwersitetiniň rektory professor Sadyk Sami Onaryň kabinetine polisiýa komissary geldi. Ol polisiýa komissary uniwersitetiň territoriýasynda Atatürküň ýadygärliginiň ýanynda geçirmäge studentler tarapyndan bellenilen demonstrasiýanyň derrew gadagan edilmegini talap etdi. Oňa jogabynda rektor uniwersitetiň etrapynda özüniň polisiýanyň buýrugyna boýun egmäge borçly däldigini aýtdy. Polisiýa komissary Sadyk Onaryň kellesine sapança bilen urdy, proffesor bihuş bolup ýykyldy. Galmagala studentler ylgaşyp geldiler. Polisiýa komissary: “Üçe çenli sanaýaryn! Eger dagamasaňyz atmaga başlaryn” diýip gygyrdy. Hiç kim ýerinden gozganmady. Sapança sesi çykyp ugrady. Studentleriň birine ýedi gülle degdi. Polisiýa komissary atmagyny dowam etdirýärdi. Ýene birnäçe adam ýykylyp, şol ýeriň özünde öldi. Studentler polisiýa komissarynyň üstüne okdurylyp, ony ýepbeçlediler... Şeýdip, meniň watanymda halkyň tolgunmalary başlandy. Ilatyň üçden iki essesi sowatsyz; her ýylda çagalarynyň million ýarymyndan-da köpüsi mekdebe gatnap bilmeýän; her ýylda 60 müň adam inçekeselden ölýän; gymmatçylyk gün-günden ösýän ýurtda halkyň tolgunmalary başlandy. Gedaýçylykda dünýäde ikinji orun tutýan: işçileri iş taşlaýyş hukugyndan mahrum edilen, profsoýuz ýoilbaşçylary bolsa polisiýa agentleri bolup durýan ýurtda; daýhanlarynyň ep-esli böleginiň ýeri-de, azaly-da, öküzi-de ýok ýurtda; diňe hünärmentleri we senetçileri däl, eýsem daşary ýurt kapitaly bilen hyzmatdaşlyk etmeýän ýa-da ol kapitalyň agentleri bolmadyk senagatçylaryň-da tozýan ýeri bolan ýurtda; demokratik hukuklaryň aýak astyna atylýan ýeri bolan, metbugat azatlygynyň, uniwersitet awtonomiýasynyň, deputatlaryň öz saýlawçylary bilen gürrüňleşmek hukugynyň polisiýa kontrollygy astynda saklanýan ýeri bolan; türmeleriň watançylardan – žurnalistlerden, işçilerden, adwokatlardan, studentlerden doldurylan ýeri bolan ýurtda halkyň tolgunmalary başlandy. Ol ýurt, ýagny Türkiýe amerikan imperializminiň satelliti bolup durýar. Onuň býužetiniň ep-esli bölegi harby maksatlara sarp edilýär. Türk kazarmalarynda, deňiz we howa portlarynda komandirlik edýärler. Amerikan içaly samolýotlary türk topragyndaky bazalarda saklanýar. Her bir oppozisiýany basyp ýatyrmakdan ötri, ozalky hökümdarlar halka zor salmaklaryny güýçlendirýärdiler. Adnan Menderesiň faşistik eden-etdiligi soňky wagtda şeýle bir gerim aldy, hatda NATO-nyň we ozaly bilen ABŞ-nyň baştutanlaryny ynjalykdan gaçyryp ugrady. Olar ol eden-etdiligiň garşysyna halk baş göterer öýdüp howatyr edýärdiler. Diňe içerki düzgünleriň däl, eýsem ýurdy öz milli garaşsyzlygyndan mahrum eden daşary ýurt güýçleriniň-de garşysyna halkyň çykyş etmeginiň mümkindigine olar gowy düşünýärdiler. Iki buržuaz partiýanyň – ýagny Baýaryň-Menderesiň ýurdy soraýan Demokratik partiýasy (DP) we Ismet Inönüniň Halk-Respublikan partiýasynyň (JHP-HRP) arasynda daşary syýasatyň iň möhüm meseleleri boýunça aýratyn düýpli agzalalyk ýokdy. Ýöne welin N.S.Hruşýowyň ABŞ-na öten ýylky wizitine Ismet Inönü makullaýjylyk bilen garapdy, halkara dartgynlygynyň gowşadylmagynyň tarapdary bolup çykyş edipdi. Iki taraply amerikan-türk harby ylalaşygynyň howply netijeleriniň bolmagynyň mükindigi barada oppozision HRP-nyň hatarlarynda paýhasly sesler eşidilýärdi. Ýurduň jeňbazlyk syýasatyna türk halkynyň närazylygynyň barha ösýänliginden Waşington howatyr edýärdi. Apreliň aýaklaryna halk demonstrasiýasyna gatnaşýanlar: “Azatlyk! Azatlyk!”, “Ýok bolsun Adnan Menderes!” “Amerikalylar, güm boluň öýňüze!” diýen şygarlar bilen köçelere çykanda, NATO baştutanlarynyň ynjalyksyzlygy dowul gorkusyna öwrüldi. Ankarada polisiýanyň demonstrasiýaçylary oka tutýan günlerinde, studentleriň biri uniwersitetiň jaýynyň üstüne çykyp, özleriniň gurban bolan ýoldaşlarynyň ýasyny tutmak alamaty hökmünde döwlet baýdagyny aşak ýatyrdy. Ol ýaş watançy şol ýeriň özünde polisiýa güllesinden gurban boldy. Ol watançy azatlyk üçin, watanyň milli garaşsyzlygy üçin edermenlik görkezdi. Halkyň garşylyk görkezmegini Adnan Menderes gana gark etmäge synanyşdy. Emma elinden gelmedi. Demonstrasiýaçylary oka tutmakdan goşun kän gezek boýun towlady. Meselem, Ankarada şeýle bir waka boldy. Garnizonyň naçalnigi: “Eger dagamasaňyz ýarag ulanmagy buýurmaga mejbur bolaryn” diýip demonstrasiýaçylara wehim saldy. Emma demonstrasiýaçylar dagamadylar. Şonda ol naçalnik goşun bölüminiň komandiri maýora demonstrasiýaçylary oka tutdurmagy buýurdy. Maýor boýun towlady. Garnizonyň naçalniginiň özi soldatlara buýruk berdi. Emma maýor: “Ýokaryk atyň!” diýip komanda bermäge ýetişdi. Ýurtda ýagdaý gün-günden beterleşýärdi. Ynha, indi, 27-nji maýda, ýokarky ofiserler, Ismet Inönüniň tarapdarlary, eşidilýän habarlara görä, samolýot bilen daşary ýurda gaçyp gitmäge synanyşan premýer-ministr Adnan Menderesi, prezident Jelal Baýary, mejlisiň başlygy Koral Tany, daşary işler ministri Zorluny we beýleki ýolbaşçy döwlet işgärlerini tussag edip, häkimiýeti öz ellerine aldylar. Olar ýurtda graždanlyk urşy turmagynyň öňüni almak, azat saýlawlaryň geçirilmegini üpjün etmek we halka demokratik hukuklar bermek üçin özleriniň agdarylyşyk edendiklerini yglan etdiler. Şol wagtyň hem özünde harby agdarylyşygyň ýolbaşçylary özleriniň Atatürküň syýasatyna gaýdyp barmak isleýändiklerini aýtdylar. Emma Atatürküň syýastyna gaýdyp barmak diýilmegi – ozaly bilen milli garaşsyzlyk syýasatyna gaýdyp barmak diýilmegidir. Häzirki şertlerde onuň özi bitaraplyk syýasatyna barabardyr. Halka demokratik hukuklar bermek üçin-de ýene ozaly bilen milli garaşsyzlygy gazanmak zerurdyr. Eýsem ýurduň içerki işlerine daşary ýurduň gatyşmagyndan ýurduňy dyndarmak her bir hakyky milli goşunyň ofiserleriniň iň birinji borjy dälmidir? Türkiýedäki halk hereketi togtanok, ol dowam etdirilýär. Professor Sadyk Sami Onar häzirki wagtda täze konstitusiýanyň proýektini düzmek üstünde işleýän komissiýa ýolbaşçylyk edýär. Demokratik azatlyklaryň dikeldilmegi Türkiýäniň ösmeginde täze etap açar. Özleriniň ýurduň syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak ugrundaky, milli garaşsyzlygy berkleşdirmek ugrundaky göreşinde watandaşlarymyň üstünlik gazanmaklaryny tüýs ýürekden arzuw edýärin. Nazym HIKMET. (“Литературная газета”-dan). “Edebiýat we sungat” gazeti, 1960 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |