22:51 Türkmen! | |
TÜRKMEN!
Goşgular
(Ahmet Bekmyradyñ ruhy ýañy) Türkmen! Geçmişiñe sarpa goýýarlar, Geçmişiñ gadymy diñler deý beýik! Howalanyp duran daglar deý beýk! Diñläni agladýan heñler deý beýik! Türkmen! Pederleriñ abraý tuguny Göteripdir jahanyñ çar ýanynda. Ýüregine dowul düşüripdirler Hatda Isgenderdir Çingiz hanyñ-da. Türkmen! Eden beýik açyşlaryñyñ, Milletiñ sanyndan agdykdyr sany. Kitap kökün okap, şu pikre geldim: Açan sen bolmaly Amerikany! Türkmen! Pes açyş däl Amerikadan Aýlaw baglan ahal-teke bedewiñ. Halyñ, ak bugdaýyñ, hatda itiñe Berip bilen täsin keşbiñ, edebiñ. Türkmen! Nepis ýasan şaý-sepleriñi Dakynyp ýör kän milletiñ zenany. Aýt ahyryn, beýik açyk dälmidir Tikeçläp, birgeñsi bezeýşiñ nany! Türkmen! Eşidýänsiñ al şerabyñy Öz gabyna guýup, biziñki diýip, Abraý alýan çemeçilleñ bardygyn, Şerabyñyñ özi açyşdyr beýik! Türkmen! Hasap ylmyn, küşdi döreden, Beýik Pyragyny getiren dünýä.. Esräp galkynmaýşyñ nämeden bu gün, Bu gün "gaflat ukusyndamy" sen ýa?! Türkmen! Aýñal, eýelik et ýurduña, Silkin, zyñ egniñden zulmady, türkmen! Halas et geljekki nesiller üçin, Topragy, milleti hem ady, türkmen! 20-nji sentýabr, 1989-njy ýyl. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |