17:02 TÜRKMEN HALK DÖREDIJILIGINIŇ ÖWRENILIŞI − 1 | |
TÜRKMEN HALK DÖREDIJILIGINIŇ ÖWRENILIŞI − 1
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Awtordan gysgaça öňsöz Ylym, edebiýat, folklor, çeper döredijilik, publisistika we beýleki ugurlar babatda www.kitapcy.ml saýtynyň gerimi barha giňeýär. Bu saýtda goýulýan gymmatly materiallar: edebi-çeper eserler, ylmy işler, publisistik makalalar, taryhy maglumatlar we beýleki häsiýetdäki ýazgylar okyjylara uly ýardam edýär. Şuňa görä, türkmen halk döredijiliginiň öwreniliş taryhyna bagyşlanan ylmy işimiň gysgaldylan görnüşini edebi-folklor mirasy öwrenijilere, döredijilik hem ylmy işgärlere, mugallymlara, aspirantlara we talyplara peýdasy deger diýen niýet bilen saýtda goýmagy makul tapdym. Bu iş TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda az nusga bilen çap edilen «Türkmen halk döredijiliginiň taryhy» atly kitapda ýerleşdirilipdi. Eger-de şu ylmy işe salgylanylyp, ondan algyt (sitata) alnanda: «Seýidow N. Türkmen halk döredijiliginiň öwrenilişi. // www.kitapcy.ml 12.11.2018 ý.» görnüşinde çykgyt bermelidigini ýatladýarys. *** • Türkmen halk döredijiligini öwrenişiň gözbaşlary Türkmen halkynyň taryhynyň gadymy bolşy ýaly, onuň halk döredijilik eserleri hem öz döreýiş gözbaşlaryny has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Halk aňynyň ösüşiniň netijesinde, taryhyň dürli döwürlerinde dörän eserler wagt geçdigiçe kämilleşdirilýär, ösdürilýär. Halkyň şeýle eserleri döredip, ony dynuwsyz kämilleşdirip durmagy, toplap aňynda saklamagy, dil üsti bilen nesilden-nesle geçirmegi, ýörite ýazgylarda galdyrmagy – bularyň hemmesi halkyň öz döreden eserlerine bolan gyzyklanmalarynyň, garaýyşlarynyň, pikirleriniň we aladalarynyň netijesidir. Eger şu aladalar bolmadyk bolsa, taryhyň jümmüşinde dörän halk döredijilik eserlerimiz biziň günlerimize gelip ýetmezdi. Munuň özi halk döredijiligini öwrenişiň gözbaşlarynyň hem has irki döwürlerden başlanýandygyny, olary toplamak, sada görnüşde bolsa-da öwrenmek işiniň ilkinji nobatda halkyň özüne, halkyň içinden çykan belli-belli akyldarlardyr alymlara degişlidigini görkezýär. Türkmen halkynyň taryhyna, edebi mirasyna, ýazuw ýadygärliklerine ser salnanda, halk döredijiligini toplamagyň, taryhy, edebi, filosofiki we beýleki meseleler işlenende onuň nusgalaryndan peýdalanmagyň baý däplerini görmek bolýar. Türkmen halkyna degişli taryh, dil, edebiýat baradaky gadymy ýazuw ýadygärliklerinde halk döredijilik nusgalary dürli görnüşde ýüze çykypdyrlar. Bir tarapdan aýratyn çeşmelerde mifler, legendalar, rowaýatlar, şygyr bölekleri, nakyllar getirilýär, beýleki tarapdan awtorlaryň işlerinde olar derňelýän nusgalar hökmünde peýdalanylýar. Öň aňda we dilde dowam edip gelýän halk döredijilik mazmunlary ýazuw ýadygärliklerinde belli bir ulgamda jemlenýär we olar ýene-de özüniň geljekki ösüşinde şolardan gözbaş alyp gaýdýar. Şeýlelikde, ýazuw ýadygärlikleri, golýazmalar halk döredijiliginiň taryhy ösüşiniň hereketlendirijisi bolup durýar, öňden bar bolan halk döredijilik mazmun bilen soňra döreýän we ösýän mazmunlaryň arasynda köpri bolmak hyzmatyny ýerine ýetirýär. Ýöne şol ýazuw çeşmelerindäki maglumatlaryň hemmesine arassa halk döredijilik nusgalary diýip baha berip bolmaz. Çünki adamzat aňynyň irki basgançalarynda zatlara, hadysalara garaýyş bitewi bolupdyr (Nuralyýew D. Çeper mazmunyň differensirleniş prosesi. – Aşgabat: Ylym, 1975, 6 s.). Halk döredijiligi jemgiýetçilik aňynda filisofik, dini, taryhy we ylmy mazmunlaryň, özbaşdaklaşmadyk, dürüşde mahalynda olaryň gatlarynda ýaşapdyr. Oguzlaryň-türkmenleriň VI-VIII asyrlarda döreden Göktürkmen döwletiniň döwrüniň taryhy-edebi ýazuw ýadygärligi bolan Oguz-Orhon ýazgylary köp babatda halk döredijilik eserleriniň häsiýetlerini, alamatlaryny saklaýar. Daşlaryň, gaýalaryň ýüzüne, mazarlaryň üstüne, gap-gaçlaryň beýleki zatlara gadymy runik ýazgysy bilen ýazylan şol ýazgylarda döwrüň wakalary, aýry-aýry hanlaryň ömür beýany, ýörişleri, döwlet dolandyryşlary ýaly maglumatlar beýan edilýär. Watançylyga, gahrymançylyga ýugrulan, ynsan durmuşynyň we ahlagynyň dürli taraplaryny görkezýän sözleriň ýörite ýazuwda galdyrylmagyny taryha, däp-dessura, edebiýata, folklora bolan irki garaýyşlaryň ýüze çykmagynyň delili hasaplamak bolar. Muny ýazgylardaky: «Diýjek sözlerimiň baryny ebedilik daşa çyzdyrdym. Oňa seredip şu günki türki halky, begleri siz biliň. Köşge tabyn begler siziň ýalňyşmagyňyz mümkindir. Men ebedilik daş dikdirdim. Tabgaç hanlygyndan çeper ussa getirtdim, ony çeper bezetdim. Meniň sözümi ol ýoýmady» (Rejebow R. Gadym türkmen edebiýaty. – Aşgabat: Ylym, 1991, 23 s.) diýen sözler hem tassyklaýar. Türkmenleriň-oguzlaryň gelip çykyşy, ýaýraýşy, döwletleri baradaky rowaýatdyr hekaýatlardan düzülen «Oguznama» kitaby sap halk döredijilik häsiýetini saklaýar. Halk özüniň legendar nesilbaşysy Oguz han we onuň nesilleri hakynda mifleri, legendalary, hekaýatlary döredip, olary «oguznama» adalgasy bilen aňladypdyr. Olar ilkibaşda, esasan, dil üsti bilen ýaýrapdyr. Soňabaka «Oguznamanyň» mazmuny, nusgalary köpelip, uly giňişlige ýaýrapdyr we dürli dillerde birnäçe gadymy kitaplaryň gatlaryna siňipdir. Şol kitaplaryň awtorlary oguzlar hakynda rowaýatlary toplapdyrlar, hertaraplaýyn öwrenipdirler we şondan soň olara öz garaýyşlaryny siňdirip, belli bir derejede işläp, taryhy we beýleki mazmunlary beýan etmek üçin ulanypdyrlar. Şol akyldar, alym kişileriň folklory toplamak işleri, oňa bolan gyzyklanmalary, döredijilikli çemeleşmekleri halk döredijiligini öwrenişiň ilkinji basgançaklardyr. Häsiýeti boýunça «Oguznama» ýakyn bolan «Kitaby dädem Gorkut» eseri hem oguz durmuşyny beýan edýär. Eposyň uzak emele geliş etaplarynda halk arasynda öňden aýdylyp gelinýän oguz ili baradaky eserleriň esas bolup hyzmat edendigini bellidir. Gorkut ata ýaly halkyň içinden çykan dana alym tarapyndan şol halk döredijilik eserleriniň mazmunlarynyň çeperleşdirilip, şygyr bilen bezelip, bitewi eser görnüşine getirilmegi halkyň ýa-da aýratyn adamlaryň çeper söze, edebiýata, halk döredijiligine gyzyklanmalarynyň we garaýyşlarynyň bolandygyny görkezýär. Garalyp geçilen maglumatlar halk döredijiligini öwrenijilik işi barada kesgitli delilleri bermeýän-de bolsa, olardan bu işiň sada ýüze çykmalaryny görüp bolýar. Emma edebi geçmişimizde halk döredijiligini ýörite toplamak we öwrenmek barada maksat goýlup, guramaçylykly edilen işler hem bar. Oňa XI asyrda ýaşan türkmen alymy Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat et-türk» («Türki dilleriň diwany») atly meşhur kitaby degişlidir. Iş esasan türki taýpalaryň dil aýratynlygyna bagyşlanan hem bolsa, ony halk döredijiliginiň toplanyşyna we öwrenilişine degişli ilkinji kitap hasaplamak bolar. Alym sözleriň manysyny, gelip çykyşyny, manylarynyň üýtgeýşini düşündirmek bilen birlikde, türkmen we beýleki türki taýpalarynyň nakyllary, şygyr bölekleri, rowaýatlary ýaly halk döredijilik eserleriniň uly toplumyny kitabyna girizipdir. Kitapda 300 töweregi nakyl, 200-den hem köp şygyr bentleri, dürli mazmunly rowaýatlaryň ençemesi jemlenipdir. «Diwany lugat et-türk» kitabyndaky edebi-folklor nusgalarynyň köplügi Kaşgarlynyň diňe bir dil öwreniji däl, eýsem onuň halk döredijiligini öwreniji alym bolandygyny mälim edýär. Muny türkmen edebiýatyny öwreniji alym Ý. E. Bertelsiň Mahmyt Kaşgarlyny «türki folklory ilkinji barlan barlagçy» (Bertels Ý. Sowet soýuzynda türkmen klassyky edebiýatynyň öwrenilişi. // Kitapda: Magtymguly (şahyryň ömrüne we döredijiligine degişli makalalar). – Aşgabat: TDN, 1960, 144 s.) diýip, atlandyrmagy hem tassyklaýar. Halk döredijilik nusgalaryny ýörite toplan, olary kitap görnüşinde miras galdyran akyldarlarlaryň ýene biri XI-XII asyrlarda ýaşan türkmen alymy Mahmyt Zamahşarydyr. Onuň 4461 sany gadymy nakyllary öz içinde alýan «El-mustaksa fil-emsäl» («Nakyllary derňeýji») atly kitaby, ýene-de nakyllara degişli «Sewäirul-emsäl» («Nakyllaryň bilezigi») kitaby bolupdyr. «Nuzhetul-mutenis» («Dostlukly gezelenç») kitaby bolsa, çeper hekaýalary, şygyrlary, hadyslary we käbir edebi parçalary öz içine alypdyr. «Newabigyl-kelim» («Meşhurlaryň sözleri») diýen kitaby hem gysga pähim-paýhaslardan we edebi parçalardan ybarat bolupdyr. «Paýhasly sözler» kitabynda bolsa, 253 sany çeper beýan edilen pähim-paýhasly sözler jemlenipdir. Alymyň uly göwrümli «Rabigul-abrar» («Ýagşyzadalaryň bahary») taryhy, edebi we ylmy eserlerden saýlanan ýygyndy bolup, ol folklor häsiýetini saklaýar (Ilmämmedow R. Türkmen parasadynyň miweli daragty. // Kitapda: Mahmyt Zamahşary. Ýagşyzadalaryň bahary. – Aşgabat: Miras, 2004, I jilt, 327-334 s.). Akyldarlaryň, meşhur kişileriň sözlerini, öwüt-nesihatlaryny, pentlerini, nakyllardyr atalar sözlerini, tymsallary, kiçijik hekaýatlary özünde jemleýän bu kitapdaky çeper gymmatlyklary alym özünden öňki alymlaryň ýazan kitaplaryndan we halk arasyndan toplapdyr. Şulardan görnüşi ýaly, Mahmyt Zamahşarynyň agzalyp geçilen eserlerindäki maglumatlar akyldarlaryň aýdan pähimleriniň toplanmasy, halk arasynda ýörgünli gürrüňleriň, ýagny halk döredijiliginiň jemlenmesi bolup durýar. Şuňa görä, Mahmyt Zamahşaryny köne kitaplaryň gatlaryndan, halk arasyndan pähim-paýhaslary toplan, olara täzeden ganat, kuwwat berip, ylmy taýdan işläp, ýörite kitaplarda jemlän alym hasaplamak bolar. Elbetde, Zamahşarynyň eserleri arap dilinde, ýöne onuň toplan edebi-folklor maglumatlaryny arap halkyna degişli edip bolmaz. Olaryň arasynda beýleki halklaryňky bilen birlikde, türkmen halkynyň hem edebi-folklor nusgalary bar. Türkmen alymy köplenç çeper-ruhy gymmatlyklary toplanda milli aýratynlyklara üns bermändir. Esasy zat, alymyň halk döreijilik eserleriniň ýitip gitmezligi üçin aladalanyp, olary toplap we kitaplarynda ýazyp, taryhda beýik hyzmaty bitirenligidir. XVI asyryň ýazuw ýadygärligi bolan Muhammet Alynyň «Oguznama» nakyllar ýygyndysy hem türkmen folklorynyň toplanyşyndan we kitaba – ýazuwa geçirilişinden habar berýän köne türkmen dilindäki gymmatly golýazmadyr. Ol geçmişde halk döredijiligini, onuň nakyllar ýaly žanryny ýörite toplan, ýazan adamlaryň bolandygyny görkezýär. Taryhda şeýle halk döredijilik eseleriniň toplanyp, ýörite ýygyndy görnüşinde taýýarlanan işler az bolmandyr. Bu barada Muhammet Alynyň nakyllar ýygyndysyny çapa taýýarlan alym A. Baýmyradow şeýle ýazýar: «XV asyrdan başlap oguz nakyllaryny ýygyndy görnüşinde taýýarlamak ymykly ýola goýlupdyr. Türk alymlary oguz nakyllarynyň XIII asyrdan XX asyryň ortalaryna çenli 140-a golaý ýygyndysynyň taýýarlanandygyny ýlmy taýdan subut edipdirler» (Baýmyradow A. Oguznama – dananama. // «Garagum» ž., 2005, №1.) Orta asyr we nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň haýsy biriniň döredijiligine ser salnanda-da, olarda halk döredijilik eserleriniň düýpli orun eýeländigini görmek bolýar. Akyldar şahyrlar halk arasyndan eşidip ýa-da dürli çeşmelerden okap bilen halk döredjilik nusgalaryny ol ýa-da beýleki tarapdan işleýärler, ösdürýärler. Olardaky ýordumlary, mazmunlary öz eserlerine esas edip alýarlar. Muňa degişli mysallar edebiýatyň taryhynda juda köp. XI asyryň türkmen alym-şahyrlary Ýusup Has Hajyp Balasagunlynyň «Kutadgu bilig» («Bagta besleýän bilim»), Ahmet Ýugnakynyň «Hibatul hakaýyk» («Hakykatyň gapysy») atly ahlak-didaktik mazmunly eserlerine halk nakyllarynyň, pähim-paýhaslarynyň mazmunlary siňdirilipdir. XII-XIII asyrlarda ýaşap geçen türkmen şahyry Alynyň «Kyssaýy Ýusup» eseri, XIII-XIV asyrlarda ýaşap geçen türkmen şahyry Nasyreddin Rabguzynyň «Kysasy Rabguzy» eseri dini rowaýat-kyssalaryň esasynda ýazylypdyr. XV-XVI asyrlarda ýaşap geçen türkmen şahyry Patyşa Hojanyň «Gülzar», «Miftakl adl» («Adalat açary») eserleri hem Gündogaryň we türkmen halkynyň baý folklor mirasyndan döredijilikli peýdalanmagyň ajaýyp nusgalarydyr. Nusgawy edebiýatymyzyň taryhyna nazar salanymyzda, folkloryň ol ýa-da beýleki taraplary bilen iş salyşmadyk şahyryň azdygyna göz ýetirip bolýar. XVIII asyryň türkmen şahyry Döwletmämmet Azady özüniň meşhur «Wagzy-Azat» kitabynda öňe sürýän pikirlerini köplenç rowaýatlardan mysal alyp berkidýär. Bulardan başga-da şahyr öz eserlerinde folkloryň nakyllar žanryndan hem ýerlikli peýdalanypdyr. Bu ýagdaý, «birinji tarapdan, Azadynyň türkmen halk döredijiligini gowy bilendigini aňlatsa, ikinji tarapdan, folklordan köp zat öwrenendigini görkezýär» (Türkmen еdebiýatynyň taryhy. – Aşgabat: Ylym, 1975, t. 2, k. 1, 43 s.). Andalybyň «Ýusup-Züleýha», «Leýli-Mejnun», «Babaröwşen» ýaly birnäçe dessanlary folklor ýordumlary esasynda döredilipdir. Onuň «Oguznama» poemasy oguzlaryň gelip çykyşy, taryhy, durmuşy baradaky halk rowaýatlarynyň esasyndadyr. «Sagdy-Wakgas», «Nesimi» poemalarynyň ýordumlary hem folklorçylyk häsiýetini saklaýarlar. Şabendäniň «Şabähram», «Gül-Bilbil», Magrupynyň «Seýpelmelek-Methaljemal», Mollanepesiň «Zöhre-Tahyr» dessanlary öz ýordumlary boýunça folklora degişlidir. Magtymgulynyň eserlerinde folkloryň köp görnüşleriniň döredijilikli işlenendigini görmek bolýar. Şulardan görnüşi ýaly, orta asyr we nusgawy şahyrlarymyz öz döredijiliklerinde folklora uly ähmiýet beren bolsalar, folklor ýordumlaryndan döredijilikli peýdalanan bolsalar, onda olaryň folklory toplandyklaryndan we öwrenendiklerinden habar berýär. Diýmek, geçmişdäki akyldar şahyrlary folkloryň ýitip gitmezligi üçin uly hyzmatlar bitiren, olary toplan we kitap sahypalarynda beýan eden folklory öwrenijiler hasaplap bileris. Biziň köp sanly folklor dessanlarymyzyň «Rawylar andag rowaýat kylarlar, kim...» («Aýdyjylar şunuň ýaly gürrüň-rowaýat aýdýarlar...») diýlip başlanmagy folklor eserleriniň belli-belli adamlar tarapyndan ýörite aýdylandygyny görkezýär. Bularyň özi folklor eserlerine bolan garaýyşlaryň ilkinji gözbaşlarynyň halkyň özünden gaýgýandygy baradaky pikirimizi ýene bir gezek tassyklaýar. Edebi-medeni taryhymyzdaky şu maglumatlar halk döredijilik eserlerine bolan garaýyşlaryň irki döwürlerden bäri bardygyny görkezýär. Elbetde, gürrüňi edilýän döwürde folklor ylmy esasda, nazarýet taýdan öwrenilmeýär. Muny ol döwürden talap edip hem bolmaz. Ýöne folkloryň döräp, ösüp başlamagy bilen, onuň öwreniliş ýagdaýy hem halk arasynda özakymlaýyn görnüşde, käwagt käbir awtorlar tarapyndan ýörite görnüşde, käte haýal, käte işjeň ýagdaýda ýüze çykyp gelýändigini aýdyp bileris. Şonuň üçin türkmen folklorynyň öwreniliş taryhy barlag edilende bu ýagdaýy hasaba almak zerurdyr. • XIX asyrda daşary ýurtly alymlaryň, syýahatçylaryň türkmen halk döredijiligini toplamakdaky we öwrenmekdäki hyzmatlary XIX asyrdan, hatda ondan öňki döwürlerden bäri dünýäniň alymlary türkmen halk döredijiligine üns berip gelipdirler. Dürli maksat, dürli sebäp bilen türkmen iline aýak basan daşary ýurtlular halk arasyndan eşiden, toplan eserlerini gymmatly ruhy baýlyk hökmünde kitaplarynda, ýol ýazgylarynda beýan edipdirler. Olara öz garaýyşlaryny siňdiripdirler, şeýlelikde, bu ugruda ilkinji ylmy barlaglar ýüze çykarylypdyr. Türkmen halk eserleri köp ýurtlarda asyl nusgada we dürli dillerde neşir edilmek bilen dünýä ýaýrapdyr. Türkmen halk döredijiligine degişli ilkinji ýazgylaryň biri rus patyşa goşunynyň ofiseri Nikolaý Murawýowyň (1874-1866) «Путешествия в Туркмению и Хиву в 1819 и 1820 годах» diýen kitabyndaky türkmen halkynyň meşhur «Şasenem – Garyp» dessanynyň gysgaça mazmunydyr (Муравьев Н. Путешествия в Туркмению и Хиву в 1819 и 1820 годах. – Москва,1822, ч. I, c.152-153). Bu kitap fransuz we nemes dillerine terjime edilýär (Бартольд В. В. История изучения Востока в Европе и Россия. Изд. 2-е. Л., 1925, с. 258) we türkmenleriň «Şasenem – Garyp» dessanynyň mazmuny XIX asyryň birinji ýarymynda bütin Ýewropa mälim bolýar. Iňlis leýtenanty Aleksandr Bornusuň (1805-1841) 1834-nji ýylda iňlis dilinde Londanda neşir edilen, soňra 1848-nji ýylda rus diline terjime edilip, «Путешествие в Бухару» ady bilen Moskwada neşir edilen kitabynda hem türkmenleriň ýazuwly edebiýaty, halk döredijiligi barada az-kem maglumatlar we nusgalar berilýär. Kitapda Baýmuhammet we Duşkun atly şahyrlaryň «Teke türkmenleriniň kürtlere ýüzlenip aýdan aýdymy» (Борнс А. Путешествие в Бухару. – Москва, 1848, ч. III, с. 166-167), «Kürtleriň teke türkmenlere ýüzlenip aýdan aýdymy» (Şol ýerde, с. 84-85) diýen şygyrlar bilen birlikde, «Görogly» eposyndan hem bir aýdym getirilýär (Şol ýerde, с. 84-85). Olaryň terjimesi berilýär. Ýöne onuň «Görogly» eposyndandygyny bilmändir, goşgynyň manysyna hem düşünmändir. Oňa at hakyndaky aýdym hökmünde düşnüpdir. Şol terjimäniň asyl nusgadan tutuş mazmunynyň ýoýluşyny D. Nuralyýew öz barlaglarynda anyk görkezýär we ol şygryň eposyň «Kempir» şahasynda Agaýunusyň dilinden aýdylýan «Bedew atly, demir donly Görogly» diýen aýdymdygyny aýdyp, deňeşdirme geçirip, aýdymyň asyl nusgasyny dikeldýär (Nuralyýew D. Türkmen halk döredijiligine ýewropalylaryň garaýyşlary. // «Edebiýat we sungat» g., 1964,14-nji mart). Polýak gündogary öwreniji alymy we şahyry Aleksandr Hodzko-Boreýko (1804-1891) Russiýanyň Eýrandaky konsuly wezipesinde işlän ýyllarynda pars, Orta Aziýa, türkmen edebiýatyny öwrenmek, ýygnamak bilen meşgullanýar. Ol «Görogly» eposynyň bir nusgasyny, türkmen we başga-da birnäçe halklaryň meşhur şahyrlarynyň goşgularyny, aýdymlaryny ýazyp alypdyr. Şol materiallary esasynda onuň 1842-nji ýylda, Londanda, iňlis dilinde «Specimens of the popular poetry of Persiya» atly kitaby çap edilýär. A. Hodzkonyň bu kitabynyň çykansoň, onuň «Görogly» eposyna degişli bölegi dessine nemes, fransuz dillerine terjime edilýär. 1856-njy ýylda epos S. S. Penn tarapyndan «Кер-оглы восточный поэт-наездик. Полное собрание его импровизаций и присовокуплением его биографии» ady bilen rus diline terjime edilip, Tibliside neşir edilýär. A. Hodzko kitabyň başynda ýörite giriş makalasyny ýazypdyr. Alym onda epos, türkmenleriň legendar folklor gahrymany Görogly barada maglumatlary we öz garaýyşlaryny beýan edýär (Ходзько А. Кер-оглы восточный поэт-наездик. Полное собрание его импровизаций и присовокуплением его биографии (пер. с англ. С. С. Пенн). – Тифлис, 1856). Belli rus alymy Nikolaý Çernyşewskiý A. Hodzkonyň «Görogly» baradaky işi rus dilinde çykansoň, oňa syn ýazýar. Ol 1856-njy ýylda «Современник» žurnalynyň 10-njy sanynda çap edilýär. N. G. Çernyşewskiý Göroglyny milli gahryman we milli şahyr diýip atlandyrýar. Alym Göroglynyň goşgularynyň gymmaty hem çeperçiligi barada: «Onuň (Göroglynyň – N. S.) harby aýdymlaryna Gündogarda ýokary baha berilýär, ...goşgularynyň güýçli, täsirli dili, joşgunly labyzlylygy başga dile geçirip bolmajak bir tüýsli geňligi, ynamly sazlaşygy düzýär» (Чернышевский Н. Г. Полное собрание сочинений. Т. XVI (дополнительный). – Москва,1953, с. 647) diýip ýazýar. «Görogly» eposy bilen gyzyklanan, ondan käbir aýdymlary terjimede we asyl nusgada rus neşirlerinde çap eden rus alymlarynyň arasynda A. P. Arhipowyň we I. A. Bereziniň atlary hem bellidir. A. P. Arhipow 1846-njy ýylda Maňgyşlakdaky türkmenleriň arasynda bolanda galan täsirlerini, ýazgylaryny, toplan etnografik we folklor maglumatlaryny 1848-nji ýylda Sankt-Peterburgda çykýan «Известие Российский географическое общество» diýen neşiriň dördünji goýberilişinde çap etdiripdir. Şol ýerde alym «Görogly» eposyndan bagşylaryň aýdan bir aýdymyny sözme-söz terjime edip ýerleşdiripdir. Ol eposyň «Kempir» şahasyndan «Näbilsin» atly şygyrdyr (Nuralyýew D. Türkmen еdebiýatynyň dostlary. – Aşgabat: Ylym, 1977, 11 s.). Gazan we Peterburg uniwersitetleriniň türki diller boýunça professory Ilýa Nikolaýewiç Bereziniň (1818-1896) «Турецкая хрестоматия» diýen üç tomluk kitabyň 1862-nji ýylda Gazanda çykan ikinji tomunyň birinji goýberilişinde türkmen edebiýatyna degişli goşgularyň hem birnäçesi ýerleşdirilipdir. Onda birnäçe türkmen nusgawy şahyrlarynyň goşgulary bilen birlikde, «Görogly» eposyndan hem «Serdar gerek», «Çisgin olar», «Ýigide» we «Köňlüm» atly dört şygyr ýerleşdirilipdir (Березин И. А. Турецкая хрестоматия. – Казан, 1862, т. 2, вып. I, с. 89-90). XIX asyrda Orta Aziýa halklarynyň, şonuň bilen birlikde türkmen halkynyň dili, taryhy, durmuşy we medeni dünýäsi barada düýpli barlaglar geçirenleriň biri wenger alymy Armeniý Wamberidir. Ol Eýrana we Orta Aziýa syýahat edende toplan maglumatlary esasynda «Путешествие по Средней Азии» atly kitabyny, başga-da onlarça ylmy-barlag häsiýetli işlerini ýazýar. Olarda türkmen edebiýatyna, halk döredijiligine degişli nusgalary, garaýyşlary, ylmy pikirleri görmek bolýar. Alym türkmenleriň çeper eserleri söýýändigini, ertekidir taryhy gürrüňleriň halk arasynda meşhurlygyny şeýle sözler bilen beýan edýär: «Agşamlaryna, esasan, gyş günleri olar (türkmenler – N.S.) jadyly ertekileri, dürli taryhy gürrüňleri diňlemegi söýýärler, haçan-da bagşy Göroglyny, Aman mollany ýa-da olaryň mukaddes saýýan şahyry milli şahyry Magtymgulynyň aýdymlaryny aýdyp başlanda kanagatlanma has ýokary galýar» (Вамберий А. Путешествие по Средней Азии. – Санкт-Петербург, тип. Ю. А. Бокрана, 1868, с.158). Türkmen halk döredijiliginiň käbir görnüşleri boýunça edilen işler hakynda gürrüň edilende görnükli rus alymy Nikolaý Petrowiç Ostroumowyň (1846-1930) ady aýratyn ýatlanylmaga mynasypdyr. Ol Daşkentde işleýän döwründe «Пословицы туземного населения Туркестанского края» (Остроумов Н.П. Пословицы туземного населения Туркестанского края. – Ташкент, tипо-литография С. И. Лахтина, 1888, с.1) diýen kitabyny çap edýär. Alym nakyllary özbekleriň, türkmenleriň, gazaklaryň, gyrgyzlaryň we beýleki halklaryň arasyndan toplapdyr. Olary milli taýdan tapawutlandyrman, ýerli halkyň nakyllary diýmek bilen çäklenipdir. Şeýle bolansoň, kitapdaky nakyllar beýleki halklar bilen birlikde türkmen halkyna hem deň derejede degişlidir. N. P. Ostroumow bu işini soň hem dowam etdiripdir. 1891-nji ýyldaky «Сборник материалов для статистики Сыр-Дарьинской области» diýen neşiriň birinji tomunda öňki kitapdaky nakyllaryň dowamy berlipdir. Bu ýygyndynyň sözbaşynda hem alym nakyllary, halk döredijiligini toplamagyň usullary, terjime etmegiň meseleleri dogrusynda durýar (Сборник материалов для статистики Сыр-Дарьинской области. – Ташкент, 1891, т 1, с. 2). Görnükli gündogary öwreniji alym Wladimir Wasiliýewiç Bartold (1869-1930) XIX asyrda türkmenleriň «Gorkut ata» eposyny düýpli öwrenmek we çap etmek işiniň başyny başlaýar. 1893-nji ýylda Sankt-Peterburgda çykýan «Записки Восточного отделения Им¬ператорского Русского археологического общества» atly neşiriň VIII tomunda alymyň «Китабы Коркуд» diýen işi berilýär. Onda «Борба богатыря с ангелом смерти» atly sözbaşy makala bilen eposyň «Döwhä goja ogly Däli Domrul boýuny beýan eder» diýen boýunyň asyl nusgasy we onuň rusça terjimesi ýerleşdirilýär. Awtor sözbaşyda diňe agzalan boý barada gürrüň etmän, tutuş epos barada birnäçe meselelere degip geçýär. Eposyň üstünde baý deliller, çuňňur pikirler bilen töwerekleýin barlag geçirip, gürrüňini şeýle jemleýär: «Hezire çenli kiçi aziýalylaryň ähli täze dörän, halka ýaýran garakçylykly (?) (biziň pikirimizçe, «gahrymançylykly» bolmaly – N. S.) aýdymlary (dessanlary) çeperçilik derejesi we ahlak arassalygy boýunça... «Gorkuda» deňeşdirgisiz durýar» (Записки Восточного отделения Императорского Русского археоло-гического общества. – Санкт-Петербург, 1893, т. VIII, вып. III-IV, с. 207). W.W. Bartoldyň bu işine seslenme hökmünde şol döwürde Aşgabatda işleýän alym A.G. Tumanskiýniň (1861-1920) «По поводу «Китабы Коркут» atly makalasy ilki Aş¬gabatda (Закаспийское обозрение. 1885, 12 январь), soň Sankt-Petеrburgda (Записки Восточного отделения Императорского Русского археоло¬гического общества. – Санкт-Петербург, 1896, т. XI, вып. I-II, с. 269-272) çap edilýär. W. W. Bartold bilen H. G. Tumanskiý «Gorkut ata» eposy barada maglumat berýän şahsy hatlar hem alşypdyrlar. W. W. Bartold soň «Коркут» atly başga bir makalasynda (Записки Восточного отделения Императорского Русского археоло¬гического общества. – Санкт-Петербург, 1896. Т. IX, вып. I-II, с. 272-273) A. G. Tumanskiniň özune iberen «Gorkudyň gabryny gazma» diýen nakyl bilen bagly rowaýatyň mazmunyny getirýär. W. W. Bartold eposyň üstünde işlemegini dowam edip, onun birnäçe boýuny rus diline terjime edýär. «Derse han ogly Bugaç han boýuny beýan eder» (Записки Восточного отделения Императорского Русского археоло-гического общества. – Санкт-Петербург, 1899. Т. XI, с. 175-193), «Salyr Gazanyň ewi ýygmalandygy boýuny beýan eder» (Записки Восточного отделения Императорского Русского археоло¬гического общества. – Санкт-Петербург, 1900. Т. XII, с. 37-59), «Baýburanyň ogly Bamsibirek boýuny beýan eder» (Записки Восточного отделения Императорского Русского археоло¬гического общества. – Санкт-Петербург, 1904. Т. XV, с. 1-38) diýen eposyň aýry-aýry boýlarynyň terjimesi ady görkezlen neşiriň dürli ýyllardaky sanlarynda çap edilýär. W. W. Bartold eposyň ähli boýlaryny 1925-nji ýylda terjime edip tamamlaýar. «Gorkut ata» boýunça ylmy-barlaglaryna degişli ilkinji makalalarynyň esasynda «Турецкий эпос и Кавказ» atly jemleýji ylmy işini ýazýar. Gözbaşyny XIX asyrdan alyp gaýdan alymyň bu ugurdaky zähmetleri «Книга моего деда Коркута» (Книга моего деда Коркута. – М., Л.: Изд-во АН СССР, 1962, с. 11-120) atly kitapda jemlendi. Bu işler «Gorkut ata» eposynyň öwrenilişiniň taryhynda hiç wagt ähmiýetini ýitirmeýän öçmejek sahypalarydyr. XIX asyr boýunça türkmen folklorynyň toplanyşy we öwrenilişi babatda garalyp geçilen şu maglumatlar, nusgalar, ylmy garaýyşlar türkmen folkloryny öwrenişiň ilkinji ädimleridir. Nury SEÝIDOW, ylmy işgär. (Dowamy bar) | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |