17:04 TÜRKMEN HALK DÖREDIJILIGINIŇ ÖWRENILIŞI − 2 | |
TÜRKMEN HALK DÖREDIJILIGINIŇ ÖWRENILIŞI − 2
Halk döredijiligi we rowaýatlar
• XX asyryň başlarynda türkmen halk döredijiliginiň toplanyşy we öwrenilişi XIX asyryň ahyrynda Türkmenistan Russiýa birikdirilenden soň, rus patyşa häkimeti ýurtda öz agalygyny berkitmek üçin ülkäni hemmetaraplaýyn öwrenmek işini ýaýbaňlandyrýar. Russiýanyň ylmy merkezlerinde taýýarlanan gündogary öwreniji alymlaryň, ofiserlerdir çinownikleriň, mugallymlardyr beýleki hünärdäki adamlaryň uly topary Türkmenistana gelip işläp başlaýarlar. Ýurtda ýerli rus mekdeplerini, ylmy kružoklary açmak işleri amala aşyrylýar. Ýerli rus mekdepleri üçin okuw kitaplaryny, gazetdir beýleki neşirleri çap etmek ýola goýulýar. Rus alymlary ülkäni öwreniş işleriniň çäklerinde türkmen halk döredijiligini toplamak, olary çap etmek, öwrenmek işlerini hem alyp barýarlar. Şolaryň täsiri bilen bu işe ýerli höwesjeňler, ilkinji türkmen aň-bilim ýaýradyjylary hem goşulýarlar. XX asyryň başlaryndaky türkmen halk döredijiligine degişli işleriň arasynda Sadykbek Agabekowyň (1866-1944) işi aýratyn ýatlanylmaga degişlidir. S. Agabekow Türkmenistanda işlän döwründe ýerli halkyň diline, halk döredijiligine üns berýär. Onuň bu ugurdaky zähmeti «Учебник тюркменского наречия с приложением сборника пословиц и поговорок тюркмен Закаспийской области» diýen işinde öz beýanyny tapýar. Bu dil öwrenýänler üçin okuw kitaby bolsa-da, onuň ahyrynda türkmen nakyllarynyň we atalar sözüniň iki ýüze golaýy ilki arap hatynda türkmençe, soň rusça berlipdir. Awtor nakyllary dil öwrenmek okuwy üçin material hökmünde ýerleşdirenem bolsa, olaryň mazmuny boýunça halk parasadyny obrazly görnüşde beýan edýändigi bilen gyzyklydygyny ýazýar (Агабеков С. Учебник тюркменского наречия с приложением сборника пословиц и поговорок тюркмен Закаспийской области. – Асхабад, 1904, с. 3). Şol döwürde Stawropol ülkesinde ýaşaýan türkmenleriň hem halk döredijiligi barada käbir işler edilipdir. Tiflisde çykýan «Сборник материалов для описания местностей и племен Кавказа» diýen neşiriň 1908-nji ýyldaky goýberilişinde stawropolly türkmenler barada maglumat berýän materiallar bar. Şol neşiriň birinji bölüminde A. Wolodiniň «Трухменская степ и трухмены», ikinji bölüminde «Из туркменской народной поэзии» atly işleri ýerleşdirilipdir. Olaryň ilkinjisinde awtor türkmen ülkesi, türkmenleriň taryhy, durmuşy, medeniýeti we beýleki taraplary barada giň maglumatlar berýär. Beýlekide bolsa, awtoryň toplan aýdymlarynyň, nakyllarynyň we matallarynyň birnäçesi asyl nusgada we rusça terjimesinde berlipdir (Володин А. Трухменская степ и трухмены. Из туркменской народной поэзии. // Сборник материалов для описания местностей и племен Кавказа. – Тифлис, 1908, отд. 1, с. 1-98. Отд. 2, с. 49-57). S. W. Farworowskiniň «Трухмены (туркмены) Ставропольско губерни» diýen kitabynda türkmenleriň ruhy medeniýeti, edebi folklor mirasy barada hem maglumatlar berilýär. Awtor sözbaşyda halkyň toý, ýas, baýramçylyk dessurlaryny, adatlaryny ertekilerini, nakyllaryny, ynançlaryny, halk tebipçiligini, gadymy kosmogonik rowaýatlaryny we beýlekileri entek giç dälkä ýazyp almagyň zerurdygyny belleýär (Фарфоровский С. В. Трухмены (туркмены) Ставрополсько губернии. – Казан, 1911, с.5). Mundan başga-da, ol «Из фольклора Северного Кавказа» (Фарфоровский С. В. Из фольклора Северного Кавказа. – 1914) diýen kitapçany hem çap etdiripdir. Onda käbir türkmen ertekileriniň tekstleri berlipdir. XX başlarynda türkmenleriň durmuşy, medeniýeti bilen ruslardan başga-da beýleki ýewropoly alymlar hem gyzyklanypdyrlar. Nemes alymy Rihard Karutsyň 1911-nji ýylda Leýpsigde nemes dilinde çykan kitaby soňra «Среди киргизов и туркменов на Мангышлака» diýen at bilen Sankt-Peterburgda rus diline terjime edilip çykarylýar. Onda «Samsyk möjek hakynda taryh» diýen basnýa, «Ýalançy we baý hakynda taryh» diýen gülkili kyssajyk, Hoja Nasreddine degişli üç anekdot we «Müň bir gijäniň» ýordumlary bilen bagly bäş sany erteki berilýär (Карутц. Р. Среди киргизов и туркменов на Мангышлака (перевод Е. Петри). – Санкт-Петербург (senesi görkezilmändir), с.173-174). 1913-nji ýylda Türküstana syýahat eden W. N. Gartaweldiň «Среди сыпучих песков и отрубленных голов» atly ýol ýazgylar kitabynda «Gökdepäniň alnyşy hakyndaky aýdym» ýerleşdirilipdir (Гартавельд В. Н. Среди сыпучих песков и отрубленных голов (путевые очерки Туркестана. 1913). – Москва, 1914, с. 31). Ony gypjakly Annak molladan ýazyp alyp, terjimeçilere rus diline geçirdipdir. Kitabyň «Tekelerde halylar, aýdymlar we ertekiler» diýen bölüminde türkmenleriň aýdymlara, ertekilere bolan söýgüsi, olaryň durmuşdaky orny barada pikir aýdylýar (Şol ýerde, с. 71). Awtor «Nar agajy», «Dosmuhammet we Bibi», «Gül – Seýdah», «Garyp – Şasenem», «Aýjemal» ýaly halk aýdymlary ýazyp alypdyr. Awtor «Ýadur han» («Eşege öwrülen han») atly ertekiniň mazmunyny beýan edýär. Şular bilen birlikde aýdymlar barada-da, ertekiler barada-da käbir ylmy pikirleri ýöredýär (Şol ýerde, с.74-78). XX asyryň başlarynda türkmen halk döredijiligini toplamakda, çap etmekde we halk arasynda oňa bolan garaýyşlary döretmekde Aşgabatda türkmen we pars dillerinde çap edilen ilkinji türkmen gazeti bolan «Закаспийская туземная газета» atly gazetiň hyzmaty uly bolýar (gazetiň türkmen bölüminiň ady rusça atlandyrylypdyr). Gazetiň neşir edilen 1914-1917-nji ýyllardaky sanlarynyň haýsysyny alsaň-da, nusgawy edebiýatyň, halk döredijiliginiň meselelerine bagyşlanan makalalary, olardan nusgalary görmek bolýar. Gazetiň işjeň habarçylaryndan biri Alyşbeg Aliýew «Sowallara jogap» diýen makalasynda okyjylara halk arasyndaky gürrüňleri gazete ýazyp ibermeklerini haýyş edýär: «... her kesde nätüýsli gürrüň bar bolsa, şu Aşgabatda basylyp çykýan türkmen gazetiniň adresine, ýagny basylýan jaýyna hem ýazyp gönderseler, bir wagtdan soň olardan hem bir türkmenlerimize ýagşy bir ýadygärlik galjakdyr. Gadymkylardan galmadyk nagl ýok» («Закаспийская туземная газета», 1915, 27 январь). Gazetiň başga bir sanynda okyjylara şeýle ýüzlenme bar: «Hemme türkmenlere biz sizden towakga edýäris, siz bize mesele taryhy gürrüňler, edebi we folklor eserleri – N.S.) ýazyp iberseňiz, ol meseleleri hem biz basmahanada basdyrsak, ol meseleler ýüz ýyldan hem aramyzdan ýitjek däl. Köne adamlardan alnyp galynmasa, onda ol meseleler aramyzdan ýitjek» («Закаспийская туземная газета», 1915, 13 oктябрь). Halk eserleriniň toplanyp, gazetde çap edilse, uly ähmiýetiniň boljakdygyny düşündirýän şeýle çykyşlar öz netijesini beripdir. Hatly-sowatly türkmenler halk arsynda aýdylýan taryhy gürrüňleri, ertekileri, rowaýatlary, dessanlardan bölekleri, şorta sözleri, şygyrlary, nakyllary, matallary we beýleki görnüşdäki halk döredijilik eserlerini ýazyp gazete iberipdirler. Gazet ýerli awtorlaryň uly toparyny halk eserlerini toplamaga höweslendirmekde, öz daşyna jebisleşdirmekde we olaryň ýazyp iberen folklor eserlerini çap etmekde bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlary bitirýär. 1914-1917-nji ýyllarda Aşgabatda işlän «Закаспийского кружок любителей археологии и истории» atly ylmy jemgyýet hem ylmyň birnäçe ugurlary bilen birlikde türkmen halk döredijiligini öwrenmekde belli bir işleri edýär. Bu ylmy jemgiýetiň özüniň ýörite neşiri bolup, onda agzalaryň ylmy habarlary, dokladlary çap edilýär. Olaryň biri F. A. Mihaýlowyň türkmenleriň taryhyna degişli işidir. Onda türkmenleriň Nedir şa döwründäki durmuşy, meşhur serkerde Keýmir kör barada gürrüň edilýär (Протоколы заседаний и сообщения членов Закаспийского кружка любителей археологии и истории Востока. Вып. I (1914-1915). – Асхабад, 1915). Awtor ony ýerli halkyň hekaýatlary esasynda ýazypdyr. A. Alyýewiň «Zakaspiý oblastynyň geçmiş durmuşyndan» diýen işinde hem gyzykly maglumatlar berilýär. Ol «türkmen» adynyň gelip çykyşy barada pikir ýöredip, bu barada ýaşululardan eşiden rowaýatyny getirýär (Протоколы заседаний и сообщения членов Закаспийского кружка любителей археологии и истории Востока. Вып. 2 (1915-1916). – Асхабад, 1916). Kružogyň neşirinde Hojaly Molla Myratberdi oglunyň «Zakaspiý oblastynyň türkmenleriniň taryhyndan» diýen makalasy hem çap edilipdir. Ony I. A. Belýaýew rus diline terjime edipdir. Terjimäniň yzynda arap ýazuwyndaky türkmençe nusgasy hem ýerleşdirilipdir. Işde taryhy maglumatlar köp bolsa-da, onuň beýan edilişinde folklorçylyk äheň güýçli. Awtoryň beýan edýän wakalary halk gürrüňlerine esaslanypdyr. Aýratynam, onda Keýmir kör toplumly hekaýatlar agdyklyk edýär (Протоколы заседаний и сообщения членов Закаспийского кружка любителей археологии и истории Востока. Вып. 2 (1915-1916). – Асхабад, 1916). Kružogyň türkmen halk döredijiligi babatda bitiren hyzmatlarynyň arasynda I. A. Belýaýewiň ýaremezan aýdymlary baradaky etnografik oçerki has ähmiýetlidir. Onda ýaremezanlar barada ylmy işler bilen olardan nusgalar hem berilýär. Şeýlelikde, Zakaspi kružogy türkmen folklorynyň şol döwürdäki toplanyşynda we öwrenilşinde möhüm orny eýeledi diýip hasaplamak bolar. XX asyryň başlarynda birnäçe awtorlaryň işlerindäki we dürli neşirlerdäki türkmen döredijiligine dahyly bolan materiallar folklora bolan belli bir garaýyşlaryň kemala gelip başlandygyny, munda toplaýjylyk işiniň esasy orunda bolandygyny görkezýär. Şunuň bilen birlikde I. A. Belýaýew, A.N. Samoýlowiç ýaly belli alymlar türkmen folklorynyň meseleleri barada has giň ylmy nazary barlaglary alyp bardylar. I. A. Belýaýewiň türkmen folkloryndan toplan materiallary, käbir ylmy häsiýetli işleri okuw kitaplarynda, gazet sahypalarynda, ylmy kružogyň neşirlerinde jemlenýär. Alym «Русско-туркменский словарь» kitabynyň sözbaşysynda sözlügi taýýarlamak üçin türkmen ertekilerinden, aýdymlaryndan, nakyllaryndan we meşhur şahyrlaryň goşgularyndan peýdalanandygyny aýdyp geçýär (Беляев И. А. Русско-туркменский словарь. – Асхабад, 1913, с. 2). Sözlükde iki ýüz töweregi türkmen nakyllary we obrazly aňlatmalary getirilipdir. Alymyň «Грамматика туркменского языка» atly okuw kitabynda hem türkmen halk döredijildiginden nusgalar ýerleşdirilipdir. Awtor öň olaryň hiç ýerde çap edilmändigini belleýär (Беляев И. А. Грамматика туркменского языка. – Асхабад, 1915, с. 3). Kitapda ýigrimi töweregi nakyl ulanylypdyr. Mundan başga-da «Buz üstünde tozan arama», «Üç sany ogry şanyna nakyldyr» we «Mekir aýaz» atly ertekiler ýerleşdirilipdir. Halk döredijiligine degişli «Türkmenler çaýy içýär» diýen material özüniň gyzyklylygy bilen tapawutlanýar. Alymyň Zakaspi kružogynyň neşirinde çap edilen «Туркменские колядные песни» diýen işinde mukaddes oraza aýy we bu aý bilen baglanyşykly däp-dessurlaryň, aýdymlaryň beýany barada gürrüň edilýär. Ýaremezan aýdymlary bilen bagly dessuryň geçişini beletlik bilen suratlandyrýar. Büzmeýin obasyndan toplan sekiz bent ýaremezanyny türkmençe we onuň rus diline ussatlyk bilen eden terjimesini getirýär (Протоколы заседаний и сообщения членов Закаспийского кружка любителей археологии и истории Востока. Вып. 1. – Асхабад, 1915). I. A. Belýaýewiň bu işi çap bolup çykansoň, bada-bat jemgiýetçiligiň, alymlaryň ünsüni özüne çekýär. Gazetlerde işiň ähmiýetini beýan edýän makalalar çap edilýär («Асхабад», 1915, 10 сентябрь; «Туркестанские ведомости», 1916, 31 март). Görnükli gündogarşynas, türkmen edebiýatyny öwrenmekde ägirt uly işler bitiren A. N. Samoýlowiç XX asyryň başlarynda Türkmenistanda birnäçe gezek ylmy saparda bolup, türkmen halkynyň edebi we folklor mirasyndan baý maglumatlar toplaýar. Gürrüňi edilýän döwre çenli gündogary öwrenijileriň hiç biri-de A. N. Samoýlowiç ýaly türkmen halk döredijiliginiň materiallaryny köp toplamandy, onuň ylmy-nazarýet meselelerine içgin aralaşmandy. Ol türkmen folklorynyň hemme görnüşlerinde diýen ýaly öz barlaglarynyň yzyny goýdy. A. N. Samoýlowiçiň turkmen folklory boýunça aýratyn işleriniň biri «Загадки Закаспийских туркменов в русском переводе» atly işidir. Bu işde alym özüniň 1902-1906-njy ýyllarda Türkmenistanda bolanda Ahaldan, Marydan, Çelekenden toplan matallaryny ýerleşdiripdir. Olary beýleki türki halklaryň matallary bilen deňeşdiripdir (Живая старина, 1909, вып. II-III, с.33). A. N. Samoýlowiçiň «Хивинский рассказ про Аннамурат бабу» (Живая старина, 1908, вып. IV, с. 490-494), «Pişik efsanasy» (Живая старина, 1910, вып. I-II. с. 121-128), «Три туркменских саказки в русском переводе» (Кафманский сборник – Москва, 1910, с.118-128), «Краткая опись среднеазиатского-турецких сказок и сказаний» (Живая старина, 1912, вып. II-IV, с. 533-537), «Сказка «Сорок небылиц» по туркменскому, узбекскому и киргизскому вариантам» (Живая старина, 1912 вып. II-IV, с. 477-484) ýaly işleri türkmen ertekilerine degişlidir. Alym bu işlerde türkmenleriň arasynda bolanda ýazyp alan ertekilerini rus diline terjime edip beripdir. Olaryň käbirlerine gysgajyk giriş sözüni berip, çap edilýän erteki barada öz garaýyşlaryny, nirede, haçan we kimden ýazyp alandygyny beýan edipdir. Ertekileriň käbirleriniň üstünde bolsa, ýörite ylmy-barlaglar geçiripdir. A.N. Samoýlowiçiň rowaýatlar we halk gürrüňleri boýunça toplan materiallary hem az bolmandyr. «Из хивинских сказаний о животных» (Живая старина, 1910, вып. III, с. 271-274) diýen işinde garlawajyň adamy ýylandan halas edişi baradaky belli rowaýat berilýär. Mundan başga-da Ybraýym Halyl bilen bagly täsin rowaýat hem şu işde getirilipdir. Daşkentde neşir edilýän «Средняя Азия» atly edebi-taryhy neşirde hem «Пальван ата и грешница», «Как Мулла-Гаиб спась музику и поэзию» diýen rowaýatlary ýerleşdiripdir (Средняя Азия, кн. VII. – Ташкент, 1910, с.81-87). Alymyň «Легенда о Коркуд и Кор-оглы» diýen işinde türkmen eposlarynyň gahrymanlary hakynda gürrüň edilýär (Записки Восточного отделения Императорского Русского археоло¬гического общества. – Санкт-Петербург, 1910, т. XIX, вып. IV, с. 4-5). Bu işdäki pikirler Abulgazynyň «Türkmenleriň şejeresi» eseri esasynda ýöredilýär. Ýöne alymyň garaýyşlary entek bu eposlar barada barlaglaryň doly ýüze çykmadyk halatyndaky ilkinji çaklamalardyr. «Туркменский заговоры» (Живая старина, 1912 вып. II-IV, с. 117-124) atly işiň sözbaşysynda alym doga sanawaçlarynyň halk döredijiliginde, yrymlarynda tutýan orny, nähili ýagdaýda haçan okalýandygyny beýan edýär. Üç sany sanawajy türkmençe we rusça ýerleşdiripdir. Alymyň türkmen nakyllary boýunça eden işleri çap edilmän, şahsy arhiwinde galypdyr. Ol türkmen nakyllarynyň 200-ýe golaýyny toplapdyr. A.N. Samoýlowiçiň ylmy arhiwini öwrenen alym D. Nuralyýew bu barada gymmatly maglumatlary berýär (Nuralyýew D. Akademik A. N. Samoýlowiç türkmen еdebiýaty hakynda. – Aşgabat: Ylym, 1971, 18-19 s.). A. N. Samoýlowiçiň entek türkmen halk döredijiliginden materiallaryň doly toplanmadyk wagtynda bu ugurda alyp baran işleri, olaryň üstünde geçiren düýpli ylmy barlaglary şol döwür üçin uly ähmiýete eýedi. Hut şonuň üçin A.N. Samoýlowiçiň işleri türkmen halk döredijiligini öwrenşiň taryhynda aýratyn orunda durýar. Tutuşlygyna alanyňa XX asyryň 20-nji ýyllaryna çenli türkmen halk döredijiligine dahylly toplaýjylyk, neşir, ylmy barlag işleriniň ähmiýeti uly bolup, olar soňky ýyllarda türkmen halk döredijiligi boýunça ýörite ylmyň döremegine esas boldy. • XX asyryň 20-30-njy ýyllarynda türkmen halk döredijiliginiň toplanylyşy we öwrenilişi Türkmen halk döredijilik eserlerini guramaçylykly ýagdaýda toplamak, ony ylmy jähetden öwrenmek, sözüň doly manysynda, XX asyryň 20-nji ýyllarynda başlandy. Elbetde, bu ýagdaý döwrüň durmuşy-taryhy, syýasy şertleri bilen bagly boldy. Şol döwürde Türkmenistanyň, türkmen halkynyň durmuşynda bolup geçen taryhy wakalar syýasy, durmuş, ykdysady ugurlarda bolşy ýaly, jemgyýetiň ruhy-medeni gurşawynda hem düýpli özgerişlikleriň ýüze çykmagyna getirdi. Türkmenistanda sowet hökümetiniň döredilmegi bilen, ýurtda sosializm gurluşygy başlanýar. Sosializm gurluşygyň esasy şertleriniň biri bolsa, medeni öwrülişigi amala aşyrmakdy. Medeni öwrülişigiň çäklerinde sowatsyzlygy ýok etmek wezipesi goýulýar. Mekdepler üçin mugallymlar, medeniýetiň dürli pudaklarynda, ylymda, işläp biljek taýarlykly işgärler ýetişdirilip ugralýar. Russiýanyň ylmy merkezlerinden rus we beýleki halklardan bolan hünärmenler Türkmenistana gelip işläp başlaýarlar. Okuw kitaplary, gollanmalar we beýleki häsiýetdäki kitaplar çap edilip ugralýar. 1925-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýaty açylýar. Birnäçe gazet-žurnallar neşir edilip başlanýar. Olarda ýurduň syýasy-jemgiýetçilik, halk hojalyk meselelerine degişli materiallar bilen birlikde, dil, edebi miras, däp-dessur, sungat, taryh ýaly ruhy baýlyga degişli bolan işler hem çap edilýär. Olaryň arasynda türkmen halkynyň folklor mirasyna, oňa bolan garaýyşlara, folkloryň toplanyşyna we öwrenilişine degişli hem birgiden materiallar bar. Halk döredijiligi toplamaklyga we öwrenmeklige döwlet derejesinde üns berlip başlanýar. Sebäbi türkmen edebi dilini emele getirmekde, halkyň taryhyny, däp-dessuryny, dünýägaraýşyny öwrenmekde halk döredijilik eserleri çeşme bolup durýar. Şeýle bolansoň, halk döredijiligini toplamak we öwrenmek işi türkmen dilini, taryhyny, etnografiýasyny, edebiýatyny, sungatyny öwrenmek hem bu ugurlardan material ýygnamak işi bilen ugurdaş alnyp barylýardy. Türkmenistanda ilkinji ylmy edaralaryň döredilmegi bu işiň ilerlemegine şert bolýar. 1924-nji ýylda Halk magaryf komissarlygynyň ýanynda Döwlet alymlar geňeşi we Döwlet muzeýiniň ýanynda Ülkäni öwreniş jemgiýeti, 1925-nji ýylda Türkmen ylmy barlag instituty döredilýär. 1927-nji ýylyň ahyrynda bu üç sany ylmy edara birikdirilip Türkmen medeniýeti instituty döredilýär we ol ýurduň ýeke-täk ylmy merkezine öwrülýär (Абдалов О., Аннаклычев А., Бердыгылыҗов М. Культура Туркменской ССР за 25 лет. – Ашгабат: Туркменгосиздат, 1950, с. 63). Institutyň birnäçe bölümleri bilen birlikde taryh, etnografiýa, dil, edebiýat, sungat bölümlerinde halk döredijiligini toplamak, neşir etmek we öwrenmek işleri alnyp barylýar. Dil we edebiýat bölümi türkmen diliniň sözlügi üçin dil materiallaryny, halk döredijiliginiň erteki, nakyl, atalar sözi, läleler ýaly nusgalaryny, nusgawy edebiýatdan nusgalary ýygnamak bilen meşgullanýar. Ýerlere ylmy saparlar guralyp, institutyň işgärleri baran ýerlerinde özlerine materiallar iberip biljek habarçy toparlaryny döredýärler. Institut öz işgärleriniň we habarçylarynyň güýji bilen materiallaryň uly toplumyny ýygnaýar. Şeýlelikde, 20-nji ýyllarda Türkmenistanda täze okuw jaýlarynyň, neşirýatyň, metbugatyň, ylmy edaralaryň döredilmegi, olarda işläp biljek hünärmenleriň ýurdumyza gelmegi we ýerli hünärmenleriň ýetişip ugramagy türkmen halk döredijilik eserlerini toplamak, öwrenmek we neşir etmek işine şertler döredýär. Şu döwürde halk döredijiliginiň käbir görnüşlerinden ýygyndylar neşir edilip ugralýar. Muňa Muhammet Geldiýewiň 1925-nji ýylda neşir edilen «Makal we matallar ýygyndysy» (babalar sözi), Alyşbeg Alyýewiň «Ertekiler» kitaplary degişlidir. M. Geldiýewiň kitabynda nakyllaryň 500 töweregi, matallaryň 50 töwregi ýerleşdirilipdir. Alym nakyllary 48 sany tematik topara bölüp beripdir. Çapa taýýarlaýjy sözbaşyda ýygyndyny «Müň-de bir makal» ady bilen çap etmegi niýet edinendigini, ýöne çaphahanyň mümkinçiligine görä, bu niýetiniň başa barmandygyny ýazýar (Geldiýew M. Makal we matallar ýygyndysy (babalar sözi). – Poltorask: Türkmenistan döwlet neşirýaty, 1925, 1 s.). Şundan görnüşi ýaly, M. Geldiýewiň elinde şol wagt nakyllaryň uly toplumynyň jemlenendigini bilmek bolýar. A. Alyýewiň toplan «Ertekiler» ýygyndysynda bolsa 10 sany erteki berlipdir. Türkmen edebiýatyny öwrenmekde uly işler bitiren Abdylhekim Gulmuhammedow (1879-1931) 1927-nji ýylda «Saýatly – Hemra» dessanyny çap etdirýär. «Saýat ile Hemra destany, türkmen milletiň XV asyrdaky ahwallaryny aňladýan destanlardan» atly bu kitapda alymyň düýpli ylmy sözbaşysy ýerleşdirilipdir. Onda türkmen halkynyň taryhy, edebi mirasy barada umumy barlaglar bilen birlikde «Saýatly − Hemra» dessanyň dörän döwri, ýordumlary, gahrymanlary barada gürrüň edilýär. Alym bu dessanyň geljekde türkmen edebiýatyny öwrenijiler üçin material bolmak bilen birlikde, türkmen edebiýatyna kembaha garaýanlara jogap hem boljakdygyny belleýär (Saýat we Hemra destany. Türkmen milletiniň XV asyrdaky ahwallaryny aňladýan dessanlardan Polterasskiý: Türkmendöwletneşir – 1927, 16 s.). A. Gulmuhammedowyň 1931-nji ýylda neşir edilen «Материалы по Средне-Азиатским литературный памятникам» diýen işinde alymyň özüniň halk arasyndan toplan köpsanly golýazmalary hakynda maglumat berilýär. Şolaryň arasynda «Saýatly – Hemra», «Hüýrlukga – Hemra», «Şasenem – Garyp», «Görogly» ýaly halk dessanlaryň golýazmalary hem gabat gelýär. 20-nji ýyllardan başlap, türkmen dil biliminiň ösmegine uly goşant goşan alym Aleksandr Petrowiç Poseluýewskiý (1894-1948) türkmen halk döredijiliginiň ylmy hem amaly meselerine bagyşlanan işleriň hem birnäçesini döretdi. Onuň «Стихотворный ритм гокленских народных песен» (1928) atly kitaby halk döredijiliginiň läle görnüşi boýunça ilkinji we doly görnüşli ýerine ýetirilen ylmy işdir. A.P. Poseluýewskiniň halk döredijiligine degişli köp sanly makalalaryň ilkinjisi «Песни туркменсих женщин» (г. «Туркменская искра», 1926, 31 март) atly makaladyr. Onda alymlar tarapyndan ýygnalan aýdymlar hakynda durulýar. Türkmen gelin-gyzlary tarapyndan ýerine ýetirilýän hüwdüleri, läleleri toplamagyň meseleleri hakda gürrüň edilýär. «Собирание туркменского фольклора» (ж. «Туркменоведение», 1927, №2) diýen makalasynda alym halk döredijiligini toplamagyň ähmiýetini açyp görkezýär. Bu işiň halkyň dilini, taryhyny, däp-dessuryny öwrenmekdäki, milli medeniýeti ösdürmekdäki ornuny kesgitleýär. Halk döredijiliginiň görnüşleri, olary halk arasyndan ýygnamagyň, ýazyp almagyň ýollary hakynda gürrüň edýär. A.P. Poseluýewskiý halk döredijiligini il içinden ýygnamagyň guramaçysy bolýar. Ol 1927-1932-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň dürli etraplaryna gurlan sekiz ekspedisiýa gatnaşýar, olaryň birnäçesine ýolbaşçylyk edýär. Şol döwür onuň halk döredijiligi boýunça toplan materiallary esasynda ýazan «Лингвистическая экспедиция ГУС-а» (ж. «Туркменоведение», 1928, №2), «На забытом участке культурного фронта» (ж. «Туркменоведение», 1930, №6-7), «Dil-edebiýat ugrunda «Türkmenkultuň» eden işleri» (ж. «Туркменоведение», 1930, №6-7), «Опыть коллективной работы» (ж. «Туркменоведение», 1930, №6-7) ýaly birnäçe makalalary metbugatda yzygiderli çap edilýär. Alym Türkmenistanda halk döredijilik işleriniň meseleleri dogrusynda şol wagtky respublikanyň çäginden daşarky merkezi ylmy neşirlerde çykyş edip durýar. Muňa onuň «Советский фолкьлор» atly tutumly neşirde ýerleşdirilen «Фольклорная архив Туркменского государственного научно-исследовательного института» (ж. «Советский фолкьлор»,1935, №2-3) diýen işi we beýlekiler mysaldyr. Alym «Türkmen folkloryny derňäp öwreniş» («Turkmenistan şura edebiýaty» ž., 1934, №3) diýen makalasynda türkmen halk döredijiliginiň öwreniliş taryhy barada ilkinji maglumatlar berdi. «Туркменское народное творчесво» («Sowet edebiýaty» ž., 1944, №1-2) atly makalasynda bolsa, halk döredijilik eserleriniň mazmuny, formasy, çeperçiligi, žanr aýratynlyklary, olaryň döreýş döwürleri barada ilkinji derňewler geçirdi. Alymyň bütin folklor mirasy, onuň folklor baradaky ylmy-nazary pikirleri şu güne çenli folklor öwrenijiler üçin mekdep bolmagynda galýar. Şonuň üçin halk döredijiliginiň öwreniliş taryhy hakynda gürrüň edilende alymyň bu ugurdaky işleri mynasyp orunda goýulmalydyr. 20-30-njy ýyllarda halk döredijiligine degişli birnäçe awtorlaryň makalalary gazet-žurnallarda çap edilýär. O. Sandronyň «О чем поёт туркменка?» (г. «Туркменская искра», 1928, 8 март), A. Oblonskiniň «От богатырских сказаний к песням Октября» (ж. «Туркменоведение», №1930, № 10-12), W. Tihonowiçiň «Идеология и быть» (ж. «Туркменоведение», 1930, № 6-7), Ş.Kurbanow bilen G.Karpowyň «Устное народное творчество туркмен» (ж. «Туркменоведение», 1931, № 7-9), O.Täçnazarowyň «Türkmen şura edebiýaty we dil bilen aýdylýan halk edebiýaty» («Türkmenistan şura edebiýaty» ž., 1934, №1-2), A.Ahundow Gürgenli bilen R. Alyýewiň «Türkmen folklory we onuň hilleri» («Türkmenistan şura edebiýaty» ž., 1935, №5-6), H.Çaryýewiň «Folklory ýüreklilik bilen öwreneliň» («Şuralar Türkmenistany» g., 1935, 30 mart), A. Kekilowyň «Ýazyjy we folklor» («Sowet edebiýaty» ž., 1938, №3), Ş.Batyrowyň «Bagşy halkyň aýdymçysydyr» («Sowet edebiýaty» ž.,, 1938, № 6-7. «Sowet edebiýaty» ž.,, 1938, № 6-7), «Türkmenistanyň halk döredijiligi» («Sowet edebiýaty» ž., 1940, № 10), E.Jumaýewiň «Sungat we halk döredijiligi («Sowet edebiýaty» ž., 1938, №2-3), R. Seýidowyň «Folklor we onuň ähmiýeti» («Sowet edebiýaty» ž., 1939, №6), M. A. Sakaliniň «Sowet Türkmenistanyň halk döredijiligi» «Sowet edebiýaty» ž., 1939, №11) ýaly onlarça makalalar ýörite halk döredijiliginiň meselelerine bagyşlanyp ýazylypdyr. Türkmen halk döredijiligi hakyndaky birnäçe makalalar Türkmenistandan daşarda, şol wagtky umumysoýuz neşirlerde hem çap edilipdir. Olardan O. I. Şaskaýanyň «Мотивы женской доли в туркменской лирике» (ж. «Советский фольклор», 1934, № 1. вып. 1), «Туркменская колядные песни в связи с бытом и религиозными верованиями» (ж. «Советская этнография», 1936, № 2-1), A. Fadeýewiň «Туркмения» (ж. «Советская этнография», 1934, № 1-2), P. Skosyrewyň «Устная литература Туркмении» (ж. «Литературный критик», 1935, №6) ýaly işlerini görkezmek bolar. Elbetde, olaryň mazmunynda, hatda köpüsiniň atlarynda hem şol döwrüň syýasy garaýyşlaryny, düşünjelerini görmek bolýar. Muňa garamazdan, olar milli halk döredijiligini öwreniş ylmynyň kemala gelýän ilkinji etaplarynda entek bu ugurdan düýpli monografiýalaryň, doly barlaglaryň ýok wagtynda ähmiýetli bolup durýar. Ady agzalan makalalaryň hemmesi jemagata halk döredijiliginiň nämedigini, onuň milli medeniýetdäki ornuny, mazmunyny, ony öwrenmegiň ähmiýetini açyp görkezýär. Şol döwürde A. N. Samoýlowiç hem türkmen edebiýatynyň meseleleri bilen birlikde halk döredijiligine dahylly birnäçe işleri ýazýar. Onuň «Из истории туркменской литературы» (г. «Туркменская искра» 1927, 18 февраль.), «Шейбаны-хан и Боз-оглан» («Туркменоведение» 1923, № 6-7), «Очерки по истории туркменской литературы» (Туркмения, т.1, Ленинград, 1929) atly işleri türkmen edebiýatyny we halk döredijiligini öwreniş ylmynda aýratyn ähmiýetli bolup durýar. Türkmen saz sungatyny öwrenjiler W. Uspenskiý bilen W. Belýaýewiň «Туркменская музыка» atly iki tomluk kitabynyň 1928 we 1936-njy ýyllarda neşir edilmegi halk döredijiligini öwrenişe goşant boldy. Kitap, esasan, türkmen aýdym-saz sungatyna bagyşlanan hem bolsa, onda birnäçe halk aýdymlarynyň tekstleriniň ýerleşdirilmegi, bagşylar, aýdymlaryň döreýşi hakynda gyzykly maglumatlaryň berilmegi köp derejede halk döredijiligini öwrenijiler üçin material bolup durýar. 1937-nji ýylda «Ependi» we «Bir bar eken...» diýen atlar bilen iki sany ýygyndy çap edilýär. Birinji ýygyndyny Ýakup Nasyrly çapa taýýarlar we oňa sözbaşy ýazýar. Onda türkmenleriň arasynda Ependi ady bilen belli bolan halk döredijilik gahrymany bilen bagly şorta sözler jemlenýär. A. Ahundow Gurgenli tarapyndan taýýarlanan «Bir bar eken...» ýygyndysy bolsa türkmen ertekileriniň 37 sanysyny öz içine alypdyr. Halk döredijilik eserleriniň toplanyşy 20-30-njy ýyllarda aýratyn guramaçylykly ýagdaýda bolýar. A.P. Poseluýewskiniň ýolbaşçylyk eden, gatnaşan ekspedisiýalary, N. K. Dmitriýewiň ýolbaşçylygynda Mary etrabyna guralan ekspedisiýa netijesinde örän köp sanly halk döredijilik eserler toplanýar. Bu iş bilen diňe bir alymlar, hünärmenler meşgullanman ýerlerdäki höwesjeň toplaýjylar hem meşgullanýarlar. Olardan Gypjak obasyndan Aga Durdy ogly, Aşgabat şäherinden Ata Allaşukurow, G. Taganow, Hojaly Amanýaz ogly, A. Nepesow ýaly birnäçe halk döredijiligini toplaýjylaryň atlary bellidir. 1937-nji ýylda Dil we edebiýat instituty tarapyndan Ata Çepow bagşylardan «Görogly» eposyny ýazyp almak üçin Daşoguza ylmy sapara iberilýär. Ol Tagta etrabynda (häzirki Görogly etraby) ýaşaýan dessançy bagşy Pälwan bagşydan «Göroglynyň» birnäçe şahasyny ýazyp alýar. Bu bolsa soňra eposy neşir etmeklige esas bolýar. 20-30-njy ýyllarda halk döredijiliginiň toplanyş we öwreniş işlerinde gazanylan üstünlikler soňra bu ugurdaky ylmyň doly derejede kemala gelmegini üpjün edýär. Nury SEÝIDOW, ylmy işgär. (Dowamy bar) | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |