17:06 TÜRKMEN HALK DÖREDIJILIGINIŇ ÖWRENILIŞI − 3 | |
TÜRKMEN HALK DÖREDIJILIGINIŇ ÖWRENILIŞI − 3
Halk döredijiligi we rowaýatlar
• 40-80-nji ýyllar halk döredijiliginiň neşir edilişinde we öwrenilişinde aýgytly etapdyr Bu döwürde halk döredijiliginiň ähli görnüşleri diýen ýaly aýratyn kitap edilip köpçülikleýin neşir edilýär. Halk döredijiligine degişli ylmy makalalar bilen birlikde köp sanly ylmy işler, monografiýalar ýazylýar. Belli ýazyjy Ata Gowşudow ertekileri, halk aýdymlaryny toplamak, çap etmek, «Görogly» eposynyň ilkinji neşirini çapa taýýarlamak bilen birlikde, halk döredijiliginiň dürli meseleleri barada birnäçe ylmy makalalar ýazyp, ylymda mynasyp yz galdyrdy. Onuň çapa taýýarlan türkmen halk ertekileriniň iň kämil nusgalarynyň 50-sini öz içine alýan «Türkmen halk ertekileri» atly ýygyndysy 1940-njy ýylda neşir edilýär. Şol ýyl onuň Ata Salyhdan ýazylyp alnan ertekileri we şorta sözleri «Dynç alyş wagty» ady bilen çap edilýär. A. Gowşudowyň toplan läleleri, hüwdüleri, monjugatdylary we agylary «Aýal-gyzlaryň aýdym we läleleri» ady bilen 1941-nji ýylda kitap bolup çykýar. Şol ýyl onuň tertibe salyp, çapa taýýarlan «Görogly» eposy hem neşir edilýär. Onda A. Çapowyň Pälwan bagşydan ýazyp alan nusgalary peýdalanyp, eposyň 13 sahasy ýerleşdirilipdir. A. Gowşudow 1948-nji ýylda neşir edilen «Türkmen halk matallary» atly ýygyndyny taýýarlamaga hem gatnaşýar. A. Gowşudow «Magtymgulyda halk döredijiligi hem watançylyk» (SSSR YA-nyň Türkmen filialynyň habarlary, №1942, №3.), «Magtymguly we halk döredijiligi» (Sowet Türkmenistany» g., 1946, 24 maý) ýaly makalalarynda ýazuw edebiýaty bilen halk döredijiliginiň baglanyşygy meselesiniň üstünde durýar. «Türkmen aýal-gyzlarynyň döredijiligi» (Kitapda: Aýal-gyzlaryň aýdym we läleleri. − Aşgabat, 1941) atly makalasynda halk döredijiligiň birnäçe görnüşleri barada ylmy pikirler aýdýar. A. Gowşudowyň «Görogly» eposy baradaky ylmy garaýyşlary onuň «Halkyň gahrymançylykly eposy – Görogly» («Sowet Türkmenistany» g., 1949, 29 dekabry) diýen makalasynda jemlenýär. Türkmen halk döredijiliginiň erteki görnüşini toplamakda, neşire taýýarlamakda, rus diline geçirmekde we ylmy taýdan düýpli öwrenmekde Mariýa Sakali aýratyn hyzmatlary bitirýär. Alym 1940-njy ýylda neşir edilen «Türkmen halk ertekileri» atly ýygyndyny düzmäge gatnaşýar we oňa sözbaşy ýazýar. M. Sakali 1948-nji ýylda «Туркменские сказки» ady bilen neşir edilen ýygyndyny A. Gowşudow bilen taýýarlaýar. Ertekileri rus diline geçirýär we oňa giňişleýin sözbaşy ýazýar. Bu neşir soňra 1955-nji ýylda çykan adybir ýygynda esas bolýar. M. Sakaliniň ertekiler hakyndaky ylmy barlaglary, makalalary onuň «Туркменский сказочный эпос» (1956) atly monografiýasynda jemlenýär. Onda türkmen ertekileriniň sýužetleriniň köpdürliligi, olaryň aýdylyş we ýaýraýyş şertleri, stilistik aýratynlyklary öwrenilýär. Alym dünýä folkloristikasynyň tejribesi esasynda türkmen ertekileriniň ulgamly görkezçijisini düzýär. Ertekileriniň düzümini, sýužetlerini, toparlaryny, çeperçiligini öwrenmekde uly ähmiýeti bolan bu görkezgiç kitabyň ahyrynda ýerleşdirilipdir. Mundan başga-da kitapda türkmen ertekiçileri Ata Salyhyň, Ogulgerek Gowşudowanyň we Durdy Gylyjyň halk döredijilik eserlerini ýerine ýetiriş usullary, olaryň erteki repertuarlary hakynda maglumat berýän işleri hem kitaba girizilipdir. M. Sakaliniň halk döredijiliginiň beýleki görnüşleri boýunça hem birnäçe işleri bitirýär. Onuň ««Тысяча туркменских пословиц и поговорок»» (1945), «Türkmen halk matallary» (1948), «Türkmen nakyllary» (1949) ýaly ýygyndylary toplamaga, düzmäge, sözbaşy ýazmaga gatnaşýar. Alymyň «Türkmen folklorynyň hazynasy» («Sowet Türkmenistany» g., 1940, 30 mart), «Türkmen folklorynda aýallaryň obrazy» («Sowet Türkmenistany» g,. 1941, 6 aprel), «Туркменские народные пословицы» (г. «Туркменская искра», 1941, 31 март), «Отечественная война в народном творчестве Туркмении» («Sowet edebiýaty» ž., 1943, №2), «Туркменские загадки» (Изв. ТФАН. СССР 1946, №3-4), «Türkmen matallary» (Kitapda: Türkmen halk matallary. − Aşgabat, 1948), «Туркменский художественный фольклор» (Изв. ТФАН СССР, 1948, № 2-3) diýen makalalarynda türkmen halk döredijiliginiň dürli meseleleri barada söz açylýar. Türkmen edebiýatynyň we halk döredijiliginiň öwrenilişine uly goşant goşan alym, akademik Baýmuhammet Garryýewiň (1914-1981) ylmy döredijilik mirasynyň agramly bölegi halk döredijiligine degişlidir. Ol halk döredijiliginiň hemme görnüşleri boýunça diýen ýaly ýygyndylary taýýarlaýar ýa-da taýýarlamaga gatnaşýar. Onuň M. Sakali bilen taýýarlan «Тысяча туркменских пословиц и поговорок» (1945), ýene-de M. Sakali we K. Osmanow bilen taýýarlan «Türkmen nakyllary» (1949) «Туркменские пословицы и поговорки» (1954, 1961, 1980) atly kitaplary nakyllar boýunça iň kämil ýygyndylar hasaplanýar. «Türkmen halk aýdymlary» (1944) «Totynyň hekaýatlary» (1945, 1962), «Рассказы попугая» (1945, 1963), «Monjugatdy» (1948), «Türkmen hüwdüleri» (1948) ýygyndylary bolsa, halk döredijiliginiň aýry-aýry görnüşlerine degişli işlerdir. Alymyň halk dessanlaryny we «Görogly» eposyny çapa taýýarlamakda hem goşandy uludyr. Onuň taýýarlan «Hüýrlukga – Hemra» (1941, 1950), «Asly – Kerem» (1943), «Melike – Dilaram» (1946), «Саят и Хемра» (1971) ýaly ýygyndylary okyjylar üçinem, halk döredijiligini öwrenijiler üçinem gymmatly boldy. Alym «Görogly» eposynyň hem ylmy tekstini taýýarlap, ony rus diline terjime edýär. Bu iş 1983-nji ýylda Moskwada «Гёроглы: туркменский героический эпос» diýen at bilen (türkmençesi bilen bilelikde) neşir edilýär. Bulardan başga-da alym halk döredijiliginiň dürli nusgalaryny öz içine alýan «Gülälek» (1944), «Туркменское народное творчество» (1945), «Hapyz aga» (1975), «Dana sözler» (1978) atly ýygyndylary taýýarlaýar. Alymyň neşir eden ýygyndylary türkmen halk döredijiliginiň altyn hazynasyna goşulýar. B. Garryýewiň halk döredijiliginiň nazary we amaly meselelerine degişli ylmy garýyşlary onuň örän köp sanly makalalarynda, ýygyndylara ýazan sözbaşylarynda, kitaplarda, monografiýalarda jemlenýär. Alymyň köp ýyllyk zähmetiniň jemi bolan «Эпический сказания о Кёр-оглы у тюркоязычный народов» (M., 1968) atly monografiýasy «Görogly» eposyny öwrenişe uly goşant boldy. Monografiýada «Görogly» eposynyň döreýşi, milliligi, türki halklaryň arasyna ýaýraýşy düýpli derňelýär. Alym halk döredijiliginiň beýleki meseleleri boýunça ylmy garýyşlaryny «Gelin-gyzlaryň gözel poýeziýasy» (1975), «Türkmen edebiýat folklorynda aýal-gyzlaryň obrazy» (1975), «Türkmen halk nakyllary» (1976), «Läle. Monjugatdy. Hüwdi» (1977) «Altyn däneler» (1982) ýaly kitaplarynda we ýüzlerçe makalalarynda beýan etdi. B. Garryýew halk döredijiliginiň orta mekdeplerde, ýokary okuw jaýlarynda okadylmagy üçin hem aladalanýar. Orta mekdepler üçin ýazan türkmen edebiýatyndan okuw kitaplarynda, hrestomatiýalarynda halk döredijiligine orun berýär. Metbugatda muňa degişli usuly makalalar bilen çykyş edýär. «Monjugatdy žanry – mekdep-wuzlarda» («Türkmenistanyň halk magaryfy» ž., 1975, №7), «Nakyllar okuw – terbiýeçilik işinde» («Türkmenistanyň halk magaryfy» ž., 1978, №1) atly makalalary, «Türkmen folkloryndan usuly gollanma» (1947) atly kitapçasy alymyň halk döredijiligi bilen bagly usuly-okuw işleriniň nusgalarydyr (Alymyň türkmen edebiýaty we folklory boýunça ylmy zähmetleriniň doly sanawy «Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýew» (Aşgabat, Ylym, 1987) atly bibliografik görkezijide berilýär). B. Garryýew türkmen halk döredijiligini öwreniş ylmynyň kemala gelmegine we ösmegine uly goşant goşdy. Onuň bu ugurdaky işleri halk döredijiligini öwrenijiler üçin özboluşly mekdep boldy. Onuň ýolbaşçylygynda halk döredijiligini öwreniji ýörite hünärmenleriň uly topary döredi. Halk döredijiligiň ajaýyp eseri «Gorkut ata» eposynyň öwrenilişi we neşir edilişi türkmen edebiýatyny we halk döredijiligini öwreniji alym, professor Mäti Kösäýewiň ady bilen baglanyşyklydyr. Alym epo¬sy çapa taýýarlap, onuň gysgaldylan görnüşini «Sowet edebiýaty» žurnalynyň 1945-nji ýyldaky sanlarynda çap etdirýär. Epos 1951-nji ýylda köp nusga bilen neşir edilýär. Kitabyň başynda M. Kösäýewiň ylmy sözbaşysy ýerleşdirilýär. Emma epos şolbada döwrüň syýasy ýolbaşçylarynyň zorlugy bilen zyýanly eser hökmünde halka ýaýradylman ýok edilýär. Şunuň bilen Türkmenistanda ýaňy döräp ugran «Gorkut atany» öwrenişiň ilkinji ädimleri gussaly tamamlanýar. M. Kösäýewiň 40-njy ýyllardan başlap, halk döredijilik ýygyndylarynyň birnäçesini taýýarlamaga gatnaşýar, redaktirleýär, sözbaşy ýazýar. 1941-nji ýyldaky «Göroglynyň» neşir edilmeginde hem onuň zähmeti uludyr. Alym halk döredijiligini toplamak bilen hem yzygider meşgullanýar. Onuň «Magtymguly hakdaky rowaýatlar» (1959) atly kitabynda şahyr hakdaky toplan rowaýatlary ýerleşdirilipdir. M. Kösäewiň halk döredijiligine degişli ylmy makalalary metbugatda yzygider çap edilýär. Onuň «Gorkut ata», «Görogly» eposlary, «Şasenem – Garyp» dessany hakdaky düýpli barlaglarynyň jemi «Edebiýat barada söhbet» (1972) atly kitabynda orun alypdyr. Alym edebiýatdan ýazan okuw kitaplarynda, hrestomatiýalarynda hem halk döredijiliginiň meselelerini beýan edýär, onuň ajaýyp nusgalaryny ýerleşdirýär. Türkmen halk döredijiliginiň dessan, erteki, şorta söz, rowaýat ýaly görnüşlerini çapa taýýarlamakda N. Hojaýew, K. Osmanow, P. Agalyýew, B. Kerbabaýew, Ý. Nasyrly ýaly halk döredijiligini öwrenijiler uly işleri bitirýärler. 40-njy ýyllarda N. Hojaýew tarapyndan «Şasenem – Garyp» (1940-1948), «Nejep oglan» (1948) (P. Agalyýew bilen bilelikde) dessanlary, K. Osmanow tarapyndan «Çagalar üçin ertekiler» (1944), P. Agalyýew tarapyndan «Myraly we Soltansöýun» (1941), B. Kerbabaýew tarapyndan «Saýatly Hemra» (1941) dessany, «Myraly» (1948), Ý. Nasyrly tarapyndan «Ependi» (1941) ýygyndylary neşir edilýär. Bular köp görnüşli halk döredijilik hazynasyna goşant bolýar. 50-nji ýyllardan başlap halk döredijiligini öwreniji taýýarlykly alymlaryň, ylmy işgärleriň sany artýar. Halk döredijiliginiň aýratyn görnüşlerine, meselelerine bagyşlanan ylmy işler, monografiýalar köpelip ugraýar. Ýygyndylaryň neşir edilişi ýygjamlaşýar. Belli edebiýatçy alym Halyk Görogly türkmen halk döredijiliginiň dessandyr epos görnüşlerini öwrenmekde, bahasyna ýetip bolmajak işleri bitirdi. Meşhur halk dessany «Şasenem – Garybyň» gelip çykyşy, çeperçiligi barada düýpli ylmy işini ýazdy. Ol 1955-nji ýylda «Шасенем – Гарыб» народный дестан» ady bilen Moskwada neşir edildi. Alymyň «Огузский героический эпос» (1976), «Взаимосвязи эпоса народов Средней Азии, Ирана и Азербайжана» (1983) atly monografiýalarynda türkmen halk döredijiliginiň has giň meseleleri orta goýulýar we çözülýär. «Туркменская литература» (1972) atly kitabynda we çap edilen köp sanly makalalarynda türkmen dessanlary, eposlary barada gymmatly maglumatlar berilýär. Halk döredijiliginiň nakyllar we atalar sözi görnüşi boýunça giňişleýin ylmy barlaglary geçiren Kakaly Berkeliýewdir. Onuň bu ugurda ýerine ýetiren işi «Türkmen nakyllary we atalar sözi» (1958) ady bilen neşir edilýär. Ol nakyllary we atalar sözüni toplap çap etmek işlerini hem ýerine ýetirýär. «Nakyllar we atalar sözi» (1961), «Türkmen nakyllary we atalar sözi (1983) atly ýygyndylar onuň zähmetiniň netijeleridir. K. Berkeliýew halk şygyretine degişli ylmy barlaglary alyp baran alymdyr. Onuň «Halk döredijiliginde däp-dessur poýeziýasy» (derňew we tekstler) (1985) diýen işinde halkyň däp-dessury bilen baglanyşykly aýdymlaryň, bentleriň halk döredijiligindäki orny beýan edilýär. Ol «Türkmen halk döredijiligi boýunça görkezijini» (1980) hem düzüjidir. Onda XX asyryň başyndan 1960-njy ýyla çenli döwürde halk döredijiligine degişli edilen işleriň sanawy berilýär. Alym halk döredijiligi boýunça toparlaýyn işleri, ýygyndylary taýýarlamaklyga hem gatnaşýar. Onuň halk döredijiliginiň dürli meselelerine degişli köp sanly makalalary döwürleýin metbugatda, ýörite neşirlerde çap edilýär. Goçum Gurbanowyň «Türkmen halk matallary» (1960) atly monografiýasy matallar boýunça ýerine ýetirilen ilkinji we ýeke-täk doly işdir. Alym matallaryň has doly ýygyndysyny toplap «Türkmen matallary» (1962) ady bilen çap hem edýär. Ol «Türkmen halk ertekileri» (1959) atly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin gollanmany hem taýýarlaýar. H. Hanow, O.Ýazymowyň «Halk döredijiligini toplaýanlara gollanma» (1955), A. Seýidowyň «Türkmen hak döredijiligi» (bibliografik görkeziji) (1969) atly kitapçalary halk döredijiligini toplaýanlara we onuň bilen gyzyklanýanlara, usuly kömek, gollanma boldy. Alymlar halk döredijiliginiň şahyrana eserleri boýunça monografik hem tekstologik işleriň birnäçesini ýerine ýetirdiler. R. Nazarowyň «Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen halk şahyrana döredijiligi» (1960), «Oktýabr rewolýusiýasyndan öňki türkmen halk poýeziýasy hakynda» (1965), B. Weliýewiň «Türkmen halk poýeziýasy» (1983), K. Berkeliýewiň «Halk döredijiliginde däp-dessur poýeziýasy» (1985), G. Ylýasowanyň «Türkmen halk döredijiliginde däp-dessur poýeziýasy» (Toý aýdymlary hem agylar) (1973) atly kandidatlyk dissertasiýasy halk döredijiligiň şygryýet görnüşindäki eserleriniň öwrenilişine goşant boldy. «Türkmen halk şahyrana döredijiligi» (1956, toplan we sözbaşy ýazanlar A. Taýymow, B. Ahundow), «Türkmen aýdymlary» (1960, toplan A. Nazarow), «Läleler» (1960, toplan çapa taýýarlan we sözbaşy ýazan S. Annanurowa), «Çemen» (1962, sözbaşy ýazan S. Annanurowa), «Küşdepmeler» (1971, toplan çapa taýýarlanlar A. Oraztaganow, R. Garaýew), «Gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiligi» (1982, çapa taýýarlanlar A. Durdyýewa, A. Baýmyradow), «Türkmen toý aýdymlary» (1985, toplan çapa taýýarlanlar A. Oraztaganow, A. Abubakyrowa) ýaly birnäçe ýygyndylar okyjylary halk döredijiliginiň şahyrana görnüşleri bilen tanyşdyrdy. Bulardan başga-da olar dürli neşirlerde, antologiýalarda ýerleşdirildi. Türkmen halk döredijiliginiň dürli meselelerine, dürli görnüşlerine degişli birnäçe ylmy işler ýazyldy. S. Kurenowyň «Stawropol türkmenleri hem-de olaryň medeni baýlygy» (1962) atly işinde Stawropolly türkmenleriň halk döredijiligi barada gyzykly maglumatlar berilýär. N. Şükürowyň «Türkmen folklorynda halkyň dünýägaraýşynyň şöhlelenişi» (1970) A. Baýmyradowyň «Türkmen folklor prozasynyň ewolýusiýasy» (1982) atly işlerinde bolsa halk döredijiliginiň taryhy, döreýiş etaplary, olarda hakyň dünýägaraýşynyň beýany ýaly meseleler giňişleýin derňew edilýär. Halk döredijiliginiň ýazuw edebiýaty bilen bagly meseleleri bolsa K. Taňrygulyýewiň «Türkmen çagalar edebiýaty we halk döredijiligi» (1970), A. Baýmyradowyň «Seýdi we halk döredijiligi» (1976), M. Çaryýewiň «Magtymguly we halk döredijiligi» (1983) ýaly birnäçe işlerde öz beýanyny tapdy. Halk döredijiliginiň sanawaç, ýaňyltmaç, şorta söz ýaly görnüşlerine degişli hem ýörite işler ýazyldy. Muňa A. Durdyýewanyň «Türkmen folklorynda sanawaçlar we ýaňyltmaçlar žanrlarynyň aýratynlyklary» (1986) Ş. Halmuhamedowyň «Söweşjeň satira» (1975) «Türkmen ýumorynyň we satirasynyň žanr özboluşlylygy» (1977), «Gülkiniň güýji» (1978), «Türkmen ertekilerinde halk satirasynyň çeper tärleri» (1984), «Система образов туркменской сказочной сатиры» (1990) atly kitaplary degişlidir. Alymlar topary tarapyndan ýazylan «Türkmen halk döredijiligi boýunça oçerk», (1967) «Türkmen folklorynyň häzirki zaman ýagdaýy» (1975), «Türkmen folklory häzirki zamanda» (1976) atly işlerde bolsa türkmen halk döredijiliginiň ähli görnüşleri, döwür bilen baglanyşygy barada maglumatlar berilýär. Halk döredijiliginiň nusgalarynyň neşir edilişi yzygiderli dowam edýär. «Ýomaklar we degişmeler» (1964), «Agyl doly akja guzy» (1964), «Garagalpak türkmenleriniň nakyllary» (1968), «Altyn hazyna» (1977), «Ibn Sina hakda rowaýatlar» (1983), «Magtymguly hakynda rowaýatlar we legendalar» (1983) «Hazynaly horjun» (1988), «Ýedigenim ýedi ýyldyz» (1989, 1-2 kitap) ýaly onlarça kitaplar halk döredijiliginiň köp görnüşlerini öz içine alýar. Türkmen halk döredijilik ylmynda ertekileri öwrenmekde we neşir etmekde uly üstünlikler gazanyldy. M. Sakaliden soň, Ş. Halmuhamedow, B. Weliýew, A. Baýmyradow ýaly alymlar ertekileriň ylmy meselelerini işlemekde özboluşly ugur döretdiler. Ş. Halmuhamedowyň «Türkmen ertekilerinde durnukly çeperçilik däpleri» (1980) atly monografiýasynda ertekileriň ylmy meseleleri giňden öwrenildi. Alymyň «Türkmen ertekilerinde halk satirasynyň çeperçilik däpleri» (1989) «Система образов туркменской сказочной сатиры» (1990) atly işlerinde, ertekiler barada ýazan köp sanly makalalarynda, ýygyndylara ýazan sözbaşylarynda ertekiler hertaraply derňewe alynýar. Ertekileriň aýry-aýry görnüşleri boýunça hem ylmy işler ýerine ýetirildi. Muňa A. Baýmyradowyň «Haýwanlar hakdaky türkmen ertekileri (Barlaglar we tekstler) (1986), B. Weliýewiň «Türkmen folklorynda durmuşy ertekileriň gelip çykyşy» (1990) ýaly işler degişlidir. Ertekiler boýunça Ö. Abdyllaýew tarapyndan «Türkmen halk döredijiliginiň erteki žanry» (1977) diýen talyplar üçin okuw gollanmasy hem döredildi. Ertekileri neşir etmekde hem tejribe toplandy. 1954-nji ýylda «Туркменские народные сказки Марыйского района» atly kitap neşir edilýär. Onda N. K. Dmitriýewiň, O. I. Şaskaýanyň N. F. Lebedewiň 1930-njy ýylda Maryda ekspedisiýada bolanda toplan ertekileri ýerleşdirilipdir. Soňra türkmen halk ertekileri birnäçe gezek özbaşyna kitap edilip çykarylýar. B. Çaryýarow bilen G. Ataýewiň çapa taýýarlamagynda «Türkmen halk ertekiler ýygyndysy» (1955), A. Gowşudowyň, N. Kürräýewiň, A. Taýymowyň çapa taýýarlamagynda «Türkmen halk ertekileri» (1959), N. Şükürowyň çapa taýýarlamagynda «Hutdy-Humar» (1980), Ş. Halmuhammedowyň çapa taýýarlamagynda «Şamar» (1984), B. Weliýewiň çapa taýýarlamagynda «Türkmen halk ertekileri» (1986), A. Baýmyradowyň çapa taýýarlamagynda «Akylly gyz» (1988) ýaly birnäçe ýygyndylar okyjylary ertekileriň baý toplumy bilen tanyşdyrdy. Ertekiler dürli garyşyk ýygyndylarda hem, rus dilinde özbaşdak görnüşde hem birnäçe gezek neşir edildi. «Türkmen halk ertekileri» (1-nji tom – 1978, 2-nji tom – 1979, 3-nji tom – 1980) atly üçtomluk ýygyndy bu ugurda edilen iň bir düýpli hem göwrümli iş hasaplanýar. Ol N. Atdaýew, G. Nazarow, Ş. Halmuhammedow, M. Çaryýew, Ý. Nurlyýew tarapyndan taýýarlanylýar. Bu üçtomlugyň her biri ertekileriň bir görnüşini: haýwanlar hakyndaky, jadyly we durmuşy ertekileri öz içine alýar. Halk dessanlaryny toplamakda, neşir etmemekde we ylmy taýdan öwrenmekde 60-njy ýyllardan başlap S. Annanurowa, A. S. Mirbadalýewa, M. Kösäew, B. Ahundow, K. Seýitmyradow, B. Mämmetýazow, A. Durdyýewa, S. Garryýew, B. Weliýew ýaly alymlar birnäçe işleri ýerine ýetirdiler. Aýry-aýry dessanlar kandidatlyk dissertasiýalaryň temasy-meselesi bolup, töwerekleýin öwrenildi. A. S. Mirbadalýewanyň «Türkmen dessany «Hüýrlukga – Hemra» (1962), B. Mämmetýazowyň «Türkmen halk dessany «Saýatly – Hemra» (1963), S. Gutlyýewanyň «Türkmen halk dessany Nejep oglan» (1967) we A. Durdyýewanyň «Türkmen halk dessany Asly-Kerem» (1970) diýen temalardan ýerine ýetiren kandidatlyk dissertasiýalary dessanlaryň öwrenilişine uly goşant boldy. Bulardan başga-da B. Weliýewiň «Stawropol türkmenleriniň dessanlary» (1980), S. Garryýewiň «Türkmen eposy, dessanlary we Gündogar halklarynyň epiki döredijiligi» (1982), S. Gutlyýewanyň «Türkmen halk dessany Nejep oglan» (1981), A. Durdyýewanyň «Asly Kerem» dessany doganlyk halklaryň arasynda» (1991) atly işleri dessanlaryň dürli meselelerinden ylmy maglumatlar berýär. S. Gutlyýewa ýokary okuw jaýlarynyň talyplary üçin «Hüýrlukga – Hemra» dessany» (Çärjew, 1990), «Nejep oglan» dessany» (Çärjew, 1990), «Saýatly Hemra» dessany» (Çärjew, 1991) we «Asly – Kerem» dessany» (Çärjew, 1991) atly gollanmalar tapgyryny hem döretdi. Alymlaryň dessanlaryň neşirlerine ýazan sözbaşylary, çap edilen köp sanly makalalary hem türkmen dessanlarynyň ylmy taýdan öwrenilişinde uly ähmiýete eýe boldy. Türkmen dessanlarynyň köpüsi birnäçe gezek neşir edildi. Olaryň hili neşirden neşire kämilleşdi. «Şasenem – Garyp» dessany 1957-nji ýylda (çapa taýýarlan N. Hojaýew), 1959-njy ýylda (çapa taýýarlan B. Ahundow) we 1979-njy ýylda çap edildi. «Şasenem – Garyp» dessanynyň bir nusgasy bolan «Helalaý – Garyp» dessany bolsa 1966-njy ýylda S. Annanurowanyň taýýarlamagynda çap edilýär. «Saýatly-Hemra» dessanynyň 1960-njy ýyldaky neşiri M. Kösäew, 1978-nji ýyldaky neşiri bolsa B. Mämmetýazow tarapyndan taýýarlanylýar. «Hüýrlukga – Hemra» dessanynyň neşirlerini bolsa B. Garryýew (1950), A. S. Mirbadalýewa (1963) dagy taýýarlaýarlar. «Saýatly – Hemra» we «Hüýrlukga Hemra» dessanlary bilelikde 1980-nji ýylda «Iki dessan» ady bilen hem neşir edilýär. «Nejep oglan» dessanynyň neşirlerini bolsa B. Ahundow (1960), K. Seýitmyradow (1977) taýýarlaýarlar. Bulardan başga-da «Kasym oglan» (1976, çapa taýýarlanlar, M. Kösäew, B. Ahundow) «Kasym oglan. Göwher gyz we Şiraly beg» (1976, çapa taýýarlanlar B. Mämmetýazow, A. Durdyýewa) ýaly dessanlar neşir edilýär. «Görogly» şadessany halk döredijiligini öwreniş ylmynyň hemişe esasy meselesi bolup geldi. Ýigriminji asyryň 30-40-njy ýyllaryndan başlanan şadessany toplamak, neşir etmek, öwrenmek işi soňky ýyllarda hem dowam etdi we bu işde uly üstünlikler gazanyldy. Türkmen halk döredijiligini öwreniş ylmynda aýratyn göroglyşynaslyk pudagy emele geldi. «Göroglynyň» 1941-nji ýyldaky ilkinji neşirinden soň, garaşsyzlyk döwrüne çenli şadessan 1958, 1980, 1983, 1990-nji ýyllarda birnäçe gezek neşir edildi. Bu neşirleri taýýarlamaga N. Aşyrow, B. Ahundow, A. Taýymow, N. Kürräew, A. Gowşudow, M. Kösäýew, D. Haldurdy, B. Garryýew, N. Gullaýew, B. Mämmetýazow, A. Durdyýewa, Ş, Halmuhammedow, K. Seýitmyradow dagy gatnaşdylar. Soňky ýyllarda B. Garryýew, P. Kiçigulow, B. Mämmetýazow, A. Durdyýewa, B. Weliýew, A. Baýmyradow, A. Garryýewa we beýleki alymlar «Görogly» şadessanyny hertaraplaýyn derňeýän monografiýalary, kitaplary çap etdirdiler. Porjan Kiçigulowyň «Görogly hakda söhbet» (1978) atly kitabynda şadessanyň öwrenilişi, halk döredijilikde tutýan orny, watançylyk ideýalary ýaly meseleler derňelýär we indi öwrenilmeli meselelere üns çekilýär. «Göroglyny» öwreniji belli alym B.Mämmetýazow bu ugurda ylmy kitaplaryň birnäçesini ýazdy. Alym A. Durdyýewa bilen bilelikde «Türkmen halk eposynda prozanyň orny» (1976) atly işini döretdi. «Görogly» eposy we onuň häzirki zaman ýagdaýy» (1979) atly monografiýasynda şadessanyň žanr we ideýa-tematik aýratynlyklary deňeşdirme usulynda derňew edilýär. Kitabyň aýratyn bölüminde bolsa, şadessanyň bagşylar tarapyndan aýdylyş ýagdaýy hakda hem maglumat berilýär. «Görogly eposynyň döreýşi hakynda» (1982) diýen işde bolsa, şadessanyň döreýşi, onuň dürli halklardaky nusgalary bilen baglanyşygy, onuň sýužetiniň döreýşine, ösüşine esas bolan taryhy wakalar giňden barlag edilýär. Bulardan başga-da alym şadessanyň çeperçilik meselelerine dahylly «Görogly» eposynyň poetikasy hakynda» (1984) işini hem ýazdy. Alymlar B. Weliýew «Görogly» eposynyň Stawrapol warianty (kandidatlyk dissertasiýa – 1973), A. Baýmyradow «Epiki obrazda ewolýusiýa. «Görogly» eposyndaky Öweziň obrazynyň mysalynda» (1980), A. Durdyýewa «Görogly» eposynda fantastika» (1981), A. Bekmyradow «Göroglynyň yzlary» (1988), A. Garryýewa «Поэтическая система эпоса «Героглы» (1990) atly işleri bilen göroglyşynaslygyň kemala gelmegine we ösmegine uly goşant goşdular. XX asyryň 40-nji ýyllaryndan 90-njy ýyllaryna çenli döwürde türkmen halk döredijiliginiň öwreniliş we neşir ediliş taryhy boýunça edilen şu gürrüňler bu döwürde halk döredijiligi boýunça ýörite ylmyň dörändigini görkezýär. Nury SEÝIDOW, ylmy işgär. (Dowamy bar) | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |