I. TEBIGAT WE TEBIGY HADYSALAR HAKYNDAKY MATALLAR
Agajym ýok, guralym ýok,
Suw üstünden köpri gurdum. (Ýapdaky suwuň doňmagy)
Agam pul berdi,
Sanap almadym.
Bibim haly berdi,
Göterip bilmedim. (Ýyldyzlar, Ýer)
Agşamara kümüş orak,
Köp günden soň, ol tegelek. (Aý)
Agyl doly akja guzy, Ertir tursam – ýokja guzy. (Ýyldyzlar)
Agyr halym kakabilmen,
Ownuk daşyn dökebilmen. (Asman, ýyldyzlar)
Gezer älem-jahany,
Ahan-ahan, ahany,
Hemişe göçüp gezer,
Ne eti bar, ne gany. (Şemal)
Ak atly gaçýar,
Gara atly kowýar. (Gije-gündiz)
Ak güjügim ýolda galdy. (Tüweleý)
Ak iner çökmese,
Boz maýa gaýmaz. (Gar, ýer, ýeriň hasyl bermegi)
Ak monjugym üzüldi, Ýere bakan süzüldi. (Süýnen ýyldyz)
Ak popuş,
Diwara ýapyş. (Gar)
Ak towuk,
Ketegi sowuk. (Gar)
Ak sandygym açyldy,
Içinden nur saçyldy. (Günüň dogmagy)
Ala geçim dula ýapyşar. (Tüýnükden öýe düşen gün)
Annajyk, mannajyk,
Uçup gitdi,
Guýrugyndan tutdurmanjyk. (Uçgun)
Ap-ak saçak,
Günden gaçak. (Gar)
Araba ýörär,
Yzy ýok.
Ýylgyn ýansa,
Közi ýok. (Ýalyn)
Asmanyň küpüsi düşdi,
Küpiniň düýbün deşdi . (Gök gürlemek, ýagyş ýagmak)
Asty zagara ,
Üsti tagara ,
Kyrk müň çiçek ,
Bir gülýaka. (Asman, Ýer, ýyldyzlar, Aý)
Atamyň atasy,
Mekan tutasy,
Daýymyň iberen
Ýaşyl ýakasy. (Älemgoşar)
Atasy atlanýança,
Ogly bazara barar. (Ot, tüsse)
Atasy egri, ogly ýorga. (Derýa)
Atasy öýlenýänçä, ogly Käbä gider. (Tüsse)
Aýaksyz, elsiz – surat çeker.
(Aýaz, aýazyň suwy doňduryp, dürli şekiller ýasamagy )
Aý bilen gelip, Gün bilen gider. (Ýyldyzlar)
Aýym bar,
Aý bendim bar.
On iki heýkel,
Bir bendim bar. (On iki aý, bir ýyl)
Balkan dagyň başyndan,
Balyk geçip barýa-la!
Öýken-bagry süýrenip,
Gözýaş edip barýa-la! (Bulut, ýagyş)
Bar-bar aýaklym,
Barsyn aýaklym.
Ýüwürse, ýetdirmez, Ýelken aýaklym. (Salgym)
Bar, ýorgam-a, bar, ýorgam,
Gara görse, üýtgemez,
Öleň görse, ürkmez. (Salgym)
Başy birdir, on iki onuň billeri,
Kerwen bilen ençe ýördüm
Üç ýüz altmyş ýollary.
Baga seýran edemde,
Gördüm elli iki gülleri,
Daýyma ýoldaş bolan
Ol dört deň-duş haýsydyr?
(Bir ýyl, on iki aý, üç ýüz altmyş gün, bir ýyldaky hepde sany, dört pasyl)
Başy – dagda,
Aýagy – kölde. (Derýa)
Bir agajym bar,
On iki şahaly,
Her şahasy otuz ýaprakly,
Ýapraklarynyň bir ýüzi – ak,
Bir ýüzi – gara. (Ýyl, on iki aý, otuz gün, gije-gündiz)
Bir atanyň on iki ogly bar,
Her ogly otuz gül götär.
Her gülüň ýapragy ýigrimi dört,
Her ýaprakda altmyş nar.
(Bir ýyl, bir aý, gije-gündiz, bir sagat)
Bir atasy, bir enesi,
Niçe ýüz müň balasy. (Aý, Gün, ýyldyzlar)
Bir azajyk mawuja,
Degen ýeri awuja. (Köz)
Bir çanak gatyk,
Äleme ýetik. (Aý)
Bir dagy mekan eden iki gulan,
Biri-birinden semiz gulan,
Biri käte azar, käte azmaz,
Birisi azman duran semiz gulan. (Aý, Gün)
Bir dostum bar, daglara geler-gider. (Ümür)
Bir dostum bar, öz gabryny özi gazar. (Ýagyş damjasy)
Bir enesi bar, on iki çagasy bar. (Bir ýylyň on iki aýy)
Bir etek aşygym bar,
Içinde topazym bar. (Ýyldyzlar, Aý)
Bir garry bar, ýaşdan beter,
Geplän sözi dünýä ýeter. (Gök gürrüldisi)
Bir görsem bar, bir görsem ýok. (Göçüp barýan bulut)
Bir göwre,
Bir göwrede on iki baş,
Her başda otuz şah,
Şahlaryň ýary gara, ýary ak.
(Ýyl, on iki aý, otuz gün, gije-gündiz)
Bir guşum bar tezlener,
Uçdukça ekezlener,
Çalt uçup, haýal ýörär,
Başyn egip, dik garar.
Uçup-uçup ýadansoň,
Gonup, bolar zym-zyýa,
Bildim, agşam gidensoň,
Öýmüze gonmuş bu-ýa! (Gün we çyra)
Birikse, güýmenjäm,
Dargasa, gijäm. (Gündiz we ýyldyzlar)
Bir iner hem bir maýa,
Aýlandy, girdi çaýa. (Aý, Gün)
Biri seper, biri içer. (Bulut, Ýer)
Bir kölde iki çaýym ,
Biri gitse, biri taýyn. (Gün we Aý)
Bir okara narym bar,
Hetdiň bolsa, birin ýar. (Köz)
Bir öýüm bar, dört agzy bar.
Her agzynda üç ene,
Her enede otuz ogul.
(Ýyl, dört pasyl, her paslyň üç ayý, her aýyň otuz güni )
Bir tegelek petir
Äleme ýeter. (Gün)
Bir togalak daşy bar,
Altyndan ýoldaşy bar.
Ony bilen ýigidiň
Akyl bilen huşy bar. (Aý, Gün)
Bir towugym bar, jany ýok,
Jüýjesiniň sany ýok. (Asman we ýyldyzlar)
Bir ujy asmanda,
Bir ujy ýerde. (Tüweleý)
Bir zat bardyr, görünmez,
Tutjak bolsaň tutulmaz,
Dirilige has zerur,
Onsuz ömür sürülmez. (Howa)
Biz-ä bizdik,
Alty gyzdyk,
Bir sapaga düzüldik
Daň atanda üzüldik. (Ülker ýyldyzlary)
Bu degirmen,
O degirmen,
Ikisi-de deň degirmen. (Ýer bilen Asman)
Çagyş-çagyş tebeňňi ,
Ne reňki bar, ne zeňi. (Buz)
Çapraz düwmäm ýazylar,
Garaňkyda düzüler. (Ýyldyzlar)
Çapsam çapylmaz,
Kessem kesilmez. (Saýa)
Çat-çat eder, ýalmap gider. (Ot)
Çilt etdi, çyltakdan aşdy. (Ýyldyrym)
Çyg deri, çygman deri,
Ony bilmedik
Dünýäň baryn bermeli. (Ümür)
Dagdan gaýdar, gygyrar,
Ýol boýunda sygyrar,
Astyn-üstün etdim diýip,
Ýolbars kimin bagyrar. (Sil)
Daşdan görsem eleslär, Ýetdirmez ara kowma,
Aýajygmy takyr aldy,
Janym, pyýada kowma. (Salgym)
Daşdan görsem,
Labyr-labyr.
Ýanna barsam,
Halka demir. (Ot)
Daşdan görseň,
Ýyldyr-ýyldyr.
Ýanyna barsaň,
Akja baldyr. (Suw)
Daşdan görseň,
Ýyldyr-ýyldyr.
Ýanyna barsaň,
Gulply zynjyr. (Buz)
Dört işik gördüm bir öýde, eý hekim,
Hersinde üç gelin otyrmyş mukym .
Her gelne berilmişdir otuz ogul,
Her ogul başynda bar bäş desse gül.
(Dört pasyl, üç aý, otuz gün, baş wagt namaz)
Dört matalymyň ady ýok,
Göz bilen gaşdan indim.
(Derýada gapak ýok, ýerde ölçeg ýok, gökde direg ýok, ýyldyzda san ýok)
Dört okaram hap-da, hap,
Birin aç-da, birin ýap. (Dört pasyl)
Düýn öýlän-ä, düýn öýlän,
Atym gitdi düýn öýlän.
Aýagynda al tanap,
Süýräp gitdi düýn öýlän. (Älemgoşar)
Egri-bugry enesi,
Gökje ýorga çagasy. (Ýap, suw)
Ekin eksem, hasyl bitmez,
Asyl onuň tagty gitmez. (Şor ýer)
Ele alyp bolmaz,
Goltuga salyp bolmaz. (Köz)
Elsiz, aýaksyz işik açar. (Ýel)
Enem beren sary kilime garap bilmen,
Atam beren kümüş puly sanap bilmen. (Gün, ýyldyzlar)
Ertekim erte boldy,
Gulagy şarta boldy.
Gaz garawul boldy,
Durna ýasawul boldy. (Odun, ot, tüsse)
Ertir geler, leýletin,
Agşam gider, leýletin,
Garaja öýüň daşynda
Halka gurar, leýletin. (Kölege)
«Gal» diýseň-de galmaýar,
Özi ýöräp bilmeýär. (Kölege)
Ganaty ýok, uçar,
Aýagy ýok, göçer. (Şemal)
Gara gazana gapak ýok. (Derýa)
Garaguş aýlanyp gaçdy,
Ýatagynda ýylan görgeç.
Balalaryn alyp gaçdy,
Ýylan agzynda gan görgeç. (Gije, şapak, ýyldyzlar, Gün)
Gara öküz gider,
Gyzyl öküz geler. (Tüsse, ýalyn)
Garry düýäm «gar-gar» eder,
Garyn ýagy «jor-jor» eder. (Gök gürlemek, ýagyş)
Garry mama gaharlandy,
Gözýaşy sil etdi ýeri. (Gök gürlemek, ýagyş)
Garry mama sanajyny kakýar. (Gök gürlemek)
Gaýradan gelýän boz bugra,
«Boz bugra» diýp aýtdylar.
Burunlygy çig ýüpek,
«Tutdurmaz» diýp aýtdylar. (Tüweleý)
Gelmese – çagyrarlar.
Gelse – gaçarlar. (Ýagyş)
Gider-gider yzy ýok,
Daýanmaga dyzy ýok. (Suw)
Gije gördüm bir guşy,
Haýsy ýerde gülşeni?!
Hiç bir şaýga ogşamaz,
Şeýle ajap röwşeni. (Ot, yşk)
Gije serdim daryny,
Tursam-görsem, hiç zat ýok. (Ýyldyzlar)
Gitse geler, ýol öndürmez.
(Kölege, onuň gün dogsa yene gelmegi)
«Göçi çekme, göç» diýipdim,
«Sen kölegä geç» diýipdim,
«Kölegede ýatmasaň,
Bar, gözümden uç!» diýipdim. (Gar)
Gök agam çykyp gitdi,
Gyzyl agam ýatyp galdy. (Tüsse, köz)
Gök atym göge garap ýüwrer. (Tüsse)
Gök deňizde altyn daş. (Asman, Gün)
Gök desterhan içinde
Kä bitin, kä ýarty nan. (Asman, Aý)
Gökden düşer gymyr-gymyr, Ýere düşer halka demir. (Ýagyş)
Gök düwünçege düwüp,
Göge salam iberdim. (Tüsse)
Gök köýnege köz goýdum. (Gün)
Gök köýnege pagta ýaýdym. (Bulut)
Gökje kürräm gitse gelmez. (Tüsse)
Gömsem – gömülmez,
Gapsam – çapylmaz. (Kölege)
Gök öküzim ýöregen,
Boýnun göge diregen. (Tüsse)
Görülmedik fabrikde
El degmedik ak mata, Ele alyp seretseň,
Ýyldyzyň şeklin tuta,
Ölçeg alyp ölçeseň,
Ölçege gelmez mata. (Gar)
Göze görünmez,
Dona bürenmez (Ses)
Gudrat bilen bolandyr,
Ýarym ýaşda dolandyr. Ejiz düşüp barýarka,
Kuwwat tapyp gelendir. (Aý)
Gün çyksa, bile çykar,
Bulut bolsa, öýde galar. (Kölege)
Gündiz diri, gije öli. (Kölege)
Gün düşdi-ýä, tün düşdi,
Daglara sütün düşdi.
Bir agaçda bäş alma,
Ikisine gün düşdi.
(Gündiz, gije, Ýeriň berkligi, bäş wagt namaz)
Gyr at bilen gara atym,
Bir-biriniň yzynda.
Bir-birini kowalar,
Jümle älem gözünde. (Gije-gündiz)
Gyşda erär, ýazda doňar. (Şor ýer)
Gyzylja kürräm hyzzyn atar,
Hyzzyn atmasa, ýandak batar. (Uçgun)
Gyzyl öküz agnan ýerde ot bitmez. (O:t)
Hemme jandar gysylar,
Emma özi bilmeýär.
Şeýle gysylyp gezmeseler,
Tende jany durmaýar. (Aýaz)
Heň gelýär-ä, heň gelýär,
Dokuz teňňäm deň gelýär.
Sakgaljygna suw akydyp,
Bir-birinden öň gelýär. (Jöwenek)
Herne görsem ýerinde,
Gije-gündiz ýol ýörär, Ýene baksam – ýerinde. (Aý, Gün)
Hetjedem hetje bolar,
Bilmenem nije bolar,
On iki ýumurtgadan
Elli iki jüýje bolar. (On iki aý, elli iki hepde)
Häki-häki,
Gije-gündiz gezer päki. (Akar suw)
How ineg-ä, how inek ,
Öňün başlar, gök inek. (Tüsse)
Höküm sürer gijede,
Hetdiň bolsa, sana-da. (Ýyldyzlar)
Hun-hunara,
Düýbi gara,
Ýüz müň seçek,
Bir pyýala. (Ýyldyzly asman)
Iki atym aýlanar,
Biri öňe saýlanar. (Aý, Gün)
Iki deri – deň deri,
Ony bilmedik adam,
Älem – ili bermeli. (Ýer, asman)
Iki çyram barlygym,
Biri ýanar, biri söner. (Aý we Gün)
Iki halym, giň halym,
Ikisi-de deň halym. (Asman, Ýer)
Iki müçe deň ýörär,
Ölmän ýaşar,
Birisi gark bolsa,
Birisi boşar.
Birisi gaz sypatly,
Birisi garga sypatly.
On iki ýerden düýp uran,
Elli iki ganatly,
Üç ýüz altmyş bogny bar,
Müň sekiz ýüz däneli.
(Gije, gündiz, aýlar, hepdeler, günler, bir ýyldaky namazyň sany)
Iki okaram pete-pet,
Birin aç-da, birini ýap. (Gije-gündiz)
Jansyz zat ýer gazar. (Suw, damja)
Jonnuk pyçak ýer gazar. (Ýagyş)
Kölegesiz gol aşar,
Dabarasyz dag aşar,
Düşelgelerde düşmez,
Gonalgalarda gonmaz. (Ýel)
Külterlesem-de tükenmez. (Wagt)
Men gaçýaryn, ol kowýar. (Kölege)
Mundan urdum gylyjy,
Arapda şaňlar ujy. (Ýyldyrym)
Ol gitse galarlar,
Hemme jandar armanly.
Dokuz bogundan geçip,
Geler eli dermanly. (Ýaz pasly)
On iki garsak bir tabakdan suw içer. (On iki aý, ýyl)
On iki ýerden düýp urar,
Elli ikidir hanasy,
Üç ýüz altmyş bogny bar,
Müň sekiz ýüz dänesi.
(On iki aý, bir ýyldaky elli iki anna güni,
ýyly düzýän günler, bir ýyldaky namazyň sany)
Otdan gamçyly,
Suwdan ýükli. (Ýyldyrym, ýagyş)
Otda ýanmaz,
Suwda batmaz. (Buz)
Otsuz gyzdyrar. (Gün)
Oýtak kölüň içinde,
Bir balyk ýatyr.
Ýanynda teňňeleri
Dökülip ýatyr. (Aý we ýyldyzlar)
Oýup alsam, orny ýok,
Kesip alsam, gany ýok. (Suw)
Öňi hem öl, soňy hem öl. (Suw)
Öwrüler, aýlanar ― ýadamaz. (Aý, Gün)
Öýkünjeň ýoldaşym bar, Edenimi etjek bolýar. (Kölege)
Öýümiziň arkasynda
Iki ýagly çybyk.
Birisi otdan,
Birisi buzdan. (Ýaz hem gyş)
Öýümiziň gapdalynda
Bir düýp tut,
Bir şahasy öl,
Bir şahasy gury. (Gyş, ýaz)
Öýüň daşynda kör owlak aýlanýar. (Kölege)
Öý üstünde uşak daş. (Ýyldyzlar)
Palta bilen çapyp bolmaz,
Pyçak bilen dilip bolmaz. (Suw)
Paltasyz ussa agaçsyz köpri salar. (Buz)
Pişşim, pişşim, piş başy,
Hany agşamky döş başy?
Döş başysy ýaglydy,
Gök ýaglygy baglydy. (Daşy agyllan aý)
Sandyga girmez altyn şaýym. (Günüň şöhlesi)
Sekiz seýran, dokuz dopja. (Ülker ýyldyzlar topary)
Suwa bassam, öl bolmaz. (Kölege)
Suwda kümüş daş ýüzer. (Aýyň suwdaky şekili)
Süýtden dury, pagtadan ak. (Gar)
Şapyrdyň şaplar,
Güpürdiň güplär,
Mäkiler mälär,
Aşyklar diňlär.
(Harasat gök gürlemek, çabga, goýunlaryň sesi, möjekler)
Takyr ýerde maýa yzy,
Ony tapan baýyň gyzy. (Aý)
Tam başyna dary ýaýdym. (Ýyldyzlar)
Tes-tegelek gyzyl daş,
Jümle-jahan ondan hoş. (Gün)
Tumara düwme düzdüm, Ýeňse ýany şelpeli. (Aý, ýyldyzlar)
Tutaýyn diýsem,
El ýetmeýär.
Sanaýyn diýsem,
San ýetmeýär. (Ýyldyzlar)
Tüssesi bar, ody ýok. (Duman)
Uçanda görünmez,
Gonanda belli.
Seçmeden köpräk,
Sanatmaz özi. (Ýagyş)
Uly atlar döwüşdi,
Ýylt-ýylt edip ot düşdi. (Bulut, ýyldyrym)
Ursam, urlanok,
Gömsem, gömlenok. (Kölege)
Ursaň, taýak ýetmeýär,
Kowsaň, aýak ýetmeýär. (Ýel)
Uzyn uzak,
Göge duzak,
Altyn ýaprak,
Batman toprak. (Tüsse, ýalyn, kül)
Uzyn-uzyn howaýy,
Ondanam uzyn howaýy.
Münmäge şahasy ýok.
Iýmäge miwesi ýok. (Asman)
Uzyn-uzyn ulapar,
Ujy baryp gum gapar. (Derýa)
Ýaganda sany bolmaz,
Gün çyksa, jany bolmaz. (Gar)
Ýapy üstünde ýarty çörek. (Aý)
Ýaş wagtynda orak ýaly,
Orta ýaşda çörek ýaly. (Aý)
Ýatak doly ýüň düşek,
Men almaga düşek ýok. (Ümür)
Ýedi bölek uly balyk. (Hepde)
Ýedi goýun, bir guzy,
Togsan gurtdan saklar bizi. (Içmek, üç aý gyş)
Ýedi seýrek, sekiz topbak,
Iki ýyndam, bir bek.
(Ýedigen, Ülker ýyldyzlar topary, Aý, Gün we Demirgazyk ýyldyzy)
Ýelken aýakla ýetdirmez, Ýetdirse-de tutdurmaz. (Salgym)
Ýelkenli ýetmez yzyndan,
Jylawbaz tutmaz dyzyndan. (Salgym)
Ýer göteren gök öküz,
Bilmen näçe ýaşynda.
Örksüz hem sütünsiz,
Gör, nä heser başynda. (Asman)
Ýola sygmaz ýogyn gyz,
At götermez agyr gyz. (Tüweleý)
Ýol üstünde oklawjyk. (Ýapjagaz)
Ýörär-ýörär yzy ýok,
Daýanmaga dyzy ýok,
Öýermäge ogly ýok,
Çykarmaga gyzy ýok. (Tüweleý)
Ýuwutsaň, garnyň doýmaz,
Ýuwutmasaň ýaşap bolmaz. (Howa)
Ýük üstünde ýarty çörek. (Aý)
Ýüwrüp ýete bilmedim, El bilen tuta bilmedim. (Kölege)
Ýylt-ýylt eder, ýalmap gider. (Ot)
Taýýarlan: Nury SEÝIDOW.
Halk döredijiligi we rowaýatlar