II. ADAM, ONUŇ BEDEN AGZALARY WE OŇA DEGIŞLI ZATLAR HAKYNDAKY MATALLAR
Açylmadyk sandykda,
Biçilmedik don ýatyr. (Göwreli aýal)
Adamda bar, ady ýok. (Burnuň aşagyndaky çukurjyk )
Adamda bar höwürtge,
Içinde ala ýumurtga. (Göz)
Adyl diwan – bir paýlaşyk,
Parsah-parsah , ara daşlyk.
Kimse odur, kimse budur,
Her kim özüniňkiden hoşluk. (Akyl)
Agyl doly akja guzym,
Gapysyn ýapsam, ýokja guzym. (Diş, agyz)
Akja gunduz içinde
Böwri ala guş otyr. (Göz)
Ala gaýaň ýüzünde
Ýaşyl donly gyz otyr. (Öt)
Alaja ýüpüm dag aşar. (Göz)
Altmyş kempir gapaklaşdy,
Daň atansoň, taýaklaşdy. (Göz, kirpik)
Alty ganatly ak öýde,
Goly bagly gul otyr. (Gapyrgalar, ýürek)
Ambar içinde otuz iki käkilik ýatyr. (Agyz, dişler)
Amyderýadan geçsem-de,
Üsti-başym öljermedi.
Kyrk goýnuň etin iýsem-de,
Agzym-burnum ýagjarmady. (Düýş görmek)
Aňkar,
Aňkarda – toňkar.
Toňkarda – ala dag.
Ala dagda – gyýa dag.
Gyýa dagda – sümme tokaý.(Agyz, burun, göz, gaş, saç.)
Asty garçyn,
Üsti garçyn,
Arasynda –gök gögerçin. (Göz)
Asty – gaýa,
Üsti – gaýa,
Arasynda hamyrmaýa. (Dil)
Aýdan,
Aýdanyň üsti buýdan,
Buýdanyň üsti çyrag,
Çyragyň üsti gyýak,
Gyýagyň üsti meýdan,
Meýdanyň üsti myhman.(Agyz, burun, göz, gaş, maňlay, saç).
Baldan süýji,
Pamykdan ýumşak,
Bazara salyp satsaň,
Bir şaýylyk bahasy ýok. (Uky)
Batyr bilen Gulaja,
Mydam gezer bileje. (Adam we onuň kölegesi)
Bazara bardym,
Badam aldym.
On hum gyzyly
Öýüme saldym. (Düýş)
Bäş çaganyň boýy deň däl. (Barmaklar)
Bäş kempirim duz göterip gelýär. (Bäş barmagyň dyrnagy)
Bäş keýik, biri-birinden beýik. (Barmaklar)
Bidi-bidi,
Meni ýykdy,
Gidiberdi. (Uky)
Bilmedik nirden geldi,
Giçden soň peýda boldy.
Kowup kowmazlar bolduk,
Kowsak-da ýene geldi. (Sakgal)
Bir ahyra otuz iki aý biten. (Dişler)
Bir alaja ýüpüm bar,
Nirä uzatsam ýetýär. (Göz)
Bir çynarym egilmez, Egilse-de döwülmez. (Adam, onuň garramagy)
Bir dagyň iki sakçysy,
Iki diňçisi, otuz iki leşgeri bar. (Kelle, göz, gulak, diş)
Bir dagyň üstünde
Bir atyň yzy bar (Göbek)
Bir donum bar, ýaşylja,
Ölsem-ýitsem aýrylmaz. (Adam ady)
Bir enäniň on ogly,
Hemmesiniň ady bar. (Barmaklar)
Bir gap içinde otuz iki jöwen. (Dişler)
Bir gazyga bäş at daňylgy dur. (El, barmaklar)
Bir guýynyň başynda kyrk gysrak,
Depişýär-de, gapyşýar. (Kirpik)
Bir halta bugdaýym bar,
Näçe iýsem-de, tükenmez. (Söz)
Bir kişiniň dokuz dogany bar. (Iki eliň barmaklary)
Bir sandygyň içinde
Gözi bagly guşum bar. (Göwreli aýal)
Biri-birine ýoldaş,
Ynsana gerekli daş. (Diş)
Bir ýumakda ýedi deşik. (Kelle)
Boýnumda alajam bar,
Ölsem-ýitsem aýrylmaz. (Adam ady)
Çalgynçysy ýanynda,
Çalma guşak bilinde. (Söýgi, çagany söýmek)
Çaýyrly depe,
Ak meýdan,
Gyýçak daş,
Ýylpyldawuk,
Şypbyldawuk. (Kelle, maňlaý, gaş, göz, burun)
Çaýyrly ýerde çal kürre. (Gulak)
Çöpli hokgaň içinde,
Böwri akja guş ýatyr. (Kirpik, göz)
Çür-çüriniň başynda
Çür garaja gyz otyr. (Göz)
Dag başynda boý derek,
Boý derege suw gerek. (Kelle, saç)
Dag başyna çöp çykdy,
Çykanda-da köp çykdy. (Kelle, saç)
Dagdan belent, deňizden çuň. (Akyl)
Dagdan indim, daşdan indim.
Göz bilen gaşdan indim. (Uky)
Daşdan geldi müň nökerli bir duşman,
Gabalan jaýymda pena goýmady.
Gullugynda gezip, hyzmatyn kyldym.
Sanamaga maňa sena goýmady. (Garrylyk)
Daşdan görseň, bir gara
Ýanna barsaň, müň gara. (Saç)
«Deger» diýsem – degmez,
«Degmez» diýsem – deger. (Dodak)
Dona bürenmez,
Göze görünmez. (Ses)
Dört pel çaýrym bar,
Aýda dört ýygdyrýar. (Saç)
Durluk bilen gamşyň arasynda
Bir aşyk bar,
Çikgedigin hem bilmedim,
Jükgedigin hem bilmedim. (Göwreli aýal)
Dury kölde akja daş,
Gulluk eder barça aş. (Diş)
Düwdüm, dula taşladym. (Gürrüň, söz)
Düwünçegmi düwüpdim,
Düwüp eýläk zyňypdym. (Pikir)
Düzdüm, guýa taşladym. (Iýmit, bokurdak)
Enem-atam bir ýüpek berdi, Ýere gömsem, çüýremez,
Gora gömsem, tütemez. (Adamyň ady)
Ertir bilen – dört aýak,
Günortanlar – iki aýak,
Agşamara – üç aýak,
Iň soňunda – ýok aýak. (Adamyň ýaşaýyş döwürleri)
Ertir gidýär, agşam gelýär. (Uky)
Esen agam bir sere,
Gynansa, bakar ýere. (Murt)
Eýläk geçer gara atym,
Beýläk geçer, gara atym,
Amyderýaň suwuny
Durlap içer gara atym. (Gözüň garasy)
Gara çaýyrly depe,
Iň ýokarda ol şepe. (Kelle, saç)
Gara daşdan döwlen gyýçak daş. (Göz)
Gara dogup, ak bolar. (Saç, sakal)
Garaja nardan suw çykdy. (Gözýaş)
Gaýradan gelýän üç ýüz gaz,
«Oýny ýagşy» diýdiler.
Üç bükdürme gyl tanap,
«Dini ýagşy» diýdiler. (Aýalyň örüm saçy)
«Gel» diýsem – gelenok,
«Gelme» diýsem – gelýär. (Dodak)
Gelen kim myhman bolup,
Gezenler kim şa bolup,
Ulalan, köpelen kim?
Ýalňyz bolup giden kim? (Adamyň ýaşaýyş döwri)
Goşa bulak, goşa bulak,
Goşa bulak üstünde gaýnar bulak,
Gaýnar bulak üstünde gara gaýa
Gara gaýa üstünde gara tokaý. (Burun, göz, gaş, saç)
Günäsiz asylyp dur,
Rahatdan kesilip dur. (Ýürek)
Gyrasy gyldan, sökülmez,
Agzy aşak, dökülmez. (Kirpik, göz)
Gyşyna bar, ýazyna ýok. (Demiň howry)
Hatar-hatar daş goýdum,
Al atymy boş goýdum. (Diş, dil)
Hemme kişi ýatdy, Esen kelte ýatmady. (Burun)
Her gün täze sözler tapar,
Gaýgy-gamyň üstün ýapar. (Ýaş çaga)
Hiňňillik üstünde akylly il otyr. (Eňek, sakgal)
Howdan, howdanyň üstünde goşa howdan,
Goşa howdanyň üstünde çyradan,
Çyradanyň üstünde ak meýdan,
Ak meýdanyň üstünde gara çöllük.
(Agyz, burun, göz, maňlaý, saç)
Howuz üstünde gowak,
Gowak üstünde çyra,
Çyra üstünde galam,
Galam üstünde depe.
Depe üstünde jeňňel. (Agyz, burun, göz, gaş, kelle, saç)
Hum derýam-a, hum derýam,
Agzy gapakly derýam,
Düýbi seçekli derýam. (Göz)
Hür-hüriniň bagyna
«Ogry girdi» diýdiler.
Bäş atlyny iberip,
«Kowup çykar» diýdiler. (Burun, sümük, eliň barmaklary)
Iki ak gysrak boguşar,
Bir gyzyl gysrak aýrar. (Diş, dil)
Iki başly, alty aýakly,
Bir guýrukly, iki golly. (Atly adam)
Iki çürçürim deň gelýär,
Bir-birinden öň gelýär. (Aýak)
Iki çyranyň arasynda ýekemen. (Burun)
Iki dagyň arasynda tilki çyrpynar. (Dil)
Iki dogan bar,
Bir-birin görmeýär. (Göz)
Iki enäniň on balasy,
Kä birleşer, kä daşlaşar. (Iki eliň on barmagy)
Iki enäň on ogly,
Onusynyň ady bäş. (Iki eliň barmaklary)
Iki gaýanyň arasynda,
Hiç guramaz çeşmäm bar. (Diş, dil)
Iki guýynyň suwy bir. (Göz, gözýaş)
Ikisi garap dur,
Biri saýrap dur,
Ikisi diňläp dur. (Göz, dil, gulak)
Iki tokaýly derýany,
«Suw alypdyr» diýdiler.
Bäş atlyny iberip,
«Beklesinler» diýdiler. (Gözýaş, el)
Işim-ä işim,
Okum, ýaýym, kirişim. (Göz, gaş, kirpik)
Iň ýokarsy takyrjak,
Oň aşagy
Goşa çeşme-çukurjyk,
Oň aşagy
Bir boş giden hokurjyk. (Alyn, göz, agyz)
Kelte babam tam üstünden ot taşlaýar. (Päki, saç)
Ketek doly ýumurtga. (Diş)
Kiçijik gyz,
Elinde bi:z. (Sapak, iňňe)
Kiçijik oglan kiçijik tahýa geýer. (Barmak bilen ýüwse )
Kölde ýatan aşygyň,
Sag-soluny bilmedim. (Göwredäki çaga)
Köse agamyň başy ak kümüş. (Barmak, dyrnak)
Kyrk gysrak bir-birine gatyşsa tanalmaz. (Kirpik)
Kyrk gysrak bir çeşmeden suw içer. (Kirpik)
Kyrk gysrak bir guýynyň başynda
Depişýär hem gapyşýar. (Kirpik)
Maýdaja taýajyklar,
Gündizine taýaklaşar,
Gijesine gujaklaşar. (Kirpik)
Men gitdim, ol galdy. (Aýak yz)
Men öýde, menegim daşda. (Yz)
Mämmet jan, tur, git,
Ýabylary sür, git,
Otuz iki gapynyň
Kildini ur, git. (Dil, dodak, diş)
Mysgal-mysgal pähim tapar,
Öz mülkünde mekan tutar.
O ýan-bu ýan ylgaw atar, Ýene geler öz jaýyna. (Adamyň göwni)
Nirde bolsam ýoldaşym,
Öýde otursam, syrdaşym. (Adam we onuň kölegesi)
Ol obada işim bar.
Ussalarda kümşüm bar.
Açylmadyk sandykda
Gözi bagly guşum bar. (Göwreli aýal)
On goýnum sakar,
Dolanyp ýüzüme bakar. (Barmaklar)
Otuz iki daş birini naharlar. (Diş)
Otuz iki daşdan ýel çykar,
Döwletli ile jar bolar. (Söz)
Otyrkaň alyp gaçar,
Eltip ummana atar. (Uky)
O ýany daş, bu ýany daş,
Ortasynda gyzyl gaş. (Dil)
Örüdäki müň goýny
Bir çybyk bilen kowladym. (Saç, päki bilen saçyň syrylmagy)
Öýümize ilçi geldi,
Sözläp berýär, many ýok.
Müneni bir bedew at, Emma onuň jany ýok.
Söwüş berdik iki koý Eti bar-da süňki ýok. (Çaga, sallançak, ene göwsi)
Samandan ýeňil,
Polatdan agyr, Ele düşmez,
Terezide çekilmez,
Bazarda satylmaz. (Uky)
Seretsem ýok, seretmesem bar. (Gulak)
Suwsuz ýerden suw çykar. (Gözýaş)
«Syk dokalan matany
Geýip bolmaz» diýdiler.
«Çeşmäniň ak suwuny
Içip bolmaz» diýdiler. (Kagyz, gözýaş)
Şalpyl-şulpul suwdan geçdim,
Üsti-başym öl bolmady,
Bir gunanly baýtal iýdim,
Agzym-burnum ýag bolmady. (Düýş)
Tabaga düşmez,
Gazanda bişmez,
Ondan datmadyk
Adam ýetişmez. (Ene süýdi)
Takyr ýerden ýarylan,
Agzy gyldan örülen. (Göz, kirpik)
Takyr ýerde taý yzy. (Göbek)
Tapmaz, tapmaz, tapmaz matal
Köşekli düýä bermez matal.
Gyzlar gelse, gyýmaz matal,
Gyzyl-kümşe bermez matal. (Adamyň jany)
Ura, uranyň töweregi şora. (Agyz, sakal-murt)
Uşadym-a uşadym,
Zynjyrdan gaýym duşadym. (Nika)
Üsti perçin, asty perçin,
Arasynda gök gögerçin. (Göz)
Ýagladym-ýuglagym,
Iki ördüm, gizledim. (Saç)
Ýalama ýapyň ýüzünde,
Ýaşyl donly gyz otyr.
Ýaş guzynyň etini,
Ýaga bulap iýip otyr. (Öt)
Ýalazy gaýaň ýüzünde,
Ýarty şapbadym otyr. (Gulak)
Ýapy ýüzünde ýarty çapady. (Kelle we gulak)
Ýapy ýüzünde ýarty süňk. (Diş)
Ýatsam ýanymda,
Tursam ýadymda. (Düýş)
Ýedi deşikli gyl ýumak. (Kelle)
Ýol ýatyr-a, ýol ýatyr,
Ýol üstünde gul ýatyr,
Şonça guluň yzynda,
Doýmaz atly är ýatyr. (Agyz, diş, bokurdak)
Ýumruk ýaljak şeýtan,
Üçekden sazak taşlar. (Saç we päki)
Ýumurdygym ýumajyk,
Içinde kyrk dogajyk. (Eliň aýasyndaky çyzyklar)
Ýük ardynda ýürejik. (Ýeňseçukur)
Ýük üstünde jamjagaz,
Içi doly hamjagaz. (Göbek)
Ýüwrük atym jylawsyz,
Ýylda uçar ýalawsyz. (Göwün)
Ýygdygyňça hasyly artar. (Sakal)
III. ZÄHMET WE ZÄHMET GURALLARY HAKYNDAKY MATALLAR
Aç garga agzyn açar,
Laçyn guş başyn atar. (Atagzy we çekiç)
Adam eli degdigi, Ýeri dörer, gül eder. (Pil)
Adamyň elinde,
Şeýtanyň alynda,
Guşagy dilinde,
Alty aýagy bar,
Guýrugy bilinde. (Tereziniň bir görnüşi)
Agzy ildirgiç,
Aýagy ölçegiç. (Asma terezi)
Agzyna berenim almady,
Iýeni içegä aýlandy. (Ik, ýüplük)
Ak atly gaçar,
Gara atly kowar.
Sümme tokaýdan
Sümülip geçer. (Gara sapakly iňňe)
Ak atly keýwany,
Bitirer yzy. (Ak sapakly iňňe)
Ak galany aýlanyp,
Zygyr-zygyr oýun eder. (Ik)
Akja düýäm çöküp otyr,
Gumalagyn döküp otyr. (Jykyr )
Akja goýun aňry aşar,
Gumalagy bäri aşar.
(Pagta arassalaýan maşyndan geçýän pagta we onuň şulhasy)
Akja güjügim ýorta-ýorta bogaz boldy. (Ik)
Akja oglan haýatdan aşyp gitdi,
Gumalagy çaşyp gitdi. (Pagta, onuň maşyndan geçişi, çigit)
Akja toklym gaýyp ýykylýar. (Maşynda arassalanýan pagta)
Allaw-hümme bir işli,
Okly, ýaýly kirişli,
On aýakly, üç başly,
Alty gözli, bir dişli.
(Ýer sürmek, boýuntyryk, künde, adam, iki öküz)
Altmyş çemçäm alyşar,
Biri-birini salyşar. (Jykyryň kürekleri)
Alty aýakly, gözi gyzyl, Ýelegi ýokdur ganatynyň. Endamynyň tüýi ýokdur,
Guýrugy ýokdur syrtynyň. (Terezi)
Alty aýakly,
Taldan taýakly. (Asma terezi)
Aňry çapar garaja at,
Bäri çapar garaja at.
Dag düýbüniň suwuny,
Dannap içer garaja at.
(Haly ýüwürdilende mäşirigiň iki ýana oklanylyşy)
Aňyrsyna gar ýagar,
Bärsine çör ýagar. (Pagta arassalaýan maşyn, pagta, şulha)
Aňyrsy – tiken,
Bärisi – tiken,
Ortarasy –
Demir tiken. (Ýüň darak)
Arkasynda agzy bar,
Ortasynda many bar,
Diriligiň çeşmesi
Bolup biljek baly bar. (Haraz , un)
Arkasynda guýrugy,
Adyl bolmak buýrugy. (Asma terezi)
Asmandan asylan, Ýerden gazylan. (Tara )
Asty çeten, üsti çeten
Arasyndan ýüwrüp öten. (Tara hem ýumak)
Atym atdyr,
Bedehetdir,
Dişi ýokdur,
Dişlewükdir. (Atagzy)
Aýaksyz towsar,
Gara ýer böwser. (Azal)
Aýlanyp, aýlanyp bogaz boldy. (Ik)
Barmakdan inçe, bilekden ýogyn. (Ik)
Batyr goýnum dagdan aşdy.
Ýalta goýnum yzda galdy. (Jyk, arassalanan pagta, şulha)
Bäş ýüz tanap gerdiler,
Demir penje urdular,
Äleme owaz berdiler. (Dokma, dokma darak)
Bir adam bar, gaty ýeser,
Guýusyndan adam asar. (Tara)
Bir atly gaçar,
Bäş atly kowar. (Iňňe, el)
Bir guşjagaz uçup dur,
Töweregine seçip dur. (Degirmen)
Bir gylyjym bar,
Gynsyz sakladym.
Gök tokaýy gördüňizmi?
Bir günde çapyp taşladym. (Çalgy we onuň bilen ot ýatyrmak)
Bir kişi bar, müň dişi bar. (Byçgy)
Bir pil urdum, serrelip ýatdy. (Böwet)
Boýy barmak deý,
Guýrugy gulaç deý. (Iňňe, sapak)
Çepbekeý telpegim,
Inçedir gylyjym. (Ýüwse, iňňe)
Çöl-beýewany,
Gezer obany.
Alty injigi bar,
Iki dabany. (Terezi)
Dagyň üstünde bir bölek goýun,
Ýüňi bir ýana, özi bir ýana.
(Maşynda pagta arassalanýan pursady)
Degirmenim güwleýär,
Güýji meniň elimde.
Bilbillerim saýraýar,
Sazy meniň elimde. (Çarh)
Demi bar-da, jany ýok,
Gapyrgasy bar-da, gany ýok. (Körük )
Düýbi göwresinde,
Sakgaly depesinde. (Ýüň darak)
Ene düýe takyrdar,
Aýaklary şakyrdar. (Mata dokaýan çarh)
Emel bilen ediler,
Siltem bilen siltener. Emel bilen iýdirer,
Gapdalyndan guýdurar. (Juwaz)
Eşikli etse-de hemmäni,
Özüniň ýalaňaç endamy. (Iňňe)
Eýesinden ýüz görmez,
Adam hatyryn bilmez. (Terezi)
Eý, hudaýyň buýrugy,
Syrtyndadyr guýrugy.
Iki sany aýagy,
Alty sany toýnagy. (Terezi)
Eýläk geçer gara atym,
Beýläk geçer gara atym,
Sümme tokaý içinden
Gyýyp geçer gara atym. (Gyrkylyk)
Garaňky öýde gaplaň gürlär. (Degirmen)
Gara towuk garkyldar,
Sümekleri jarkyldar. (Tara)
Garry düýe gaňkyldar,
On iki süňňi şaňkyldar. (Tara, gozak )
Garry düýäm çöküp otyr,
Garyn ýagyn döküp otyr. (Juwaz)
Garry düýäm galk-galk eder, Eňekleri şalk-şalk eder. (Dessik )
Garry düýäm gar-gar eder,
Içiniň ýagy şar-şar eder. (Pagta çigidini ýag edýän jyk)
Gaýnag suwda oýnaýar,
Bagyn ele aýlaýar. (Ýüpek çekmek)
Gaýradan allap gelýär,
Dört aýagyn sallap gelýär.
Tapan-tupanyn ýalmap gelýär. (Dokma)
Gowşurma galaň içinde,
Segsen siňliň sesi gelýär. (Ýüň darak)
Göwresi demirden,
Guýrugy sapakdan. (Iňňe-sapak)
Guýy bugram güwwüldär,
Gaýyň ganjyk gaňňyldar. (Körük, demir)
Gysgajyk aýal gyňajynyň ujun düwer. (Sapakly iňňe)
Har-har edip parryldar,
Yzyn bakyp gürrüldär. (Çarh)
Hatarma-hatar,
Zynjyrma-hatar,
Gyşyna ýatar,
Ýazyna ýortar. (Jykyr)
Hemmäni bezär,
Özi lüt gezer. (Iňňe)
Herinde jan herinde,
Her dumany serinde.
Gije-gündiz ýol ýöräp, Ýene öňki ýerinde. (Degirmen)
Hyr-hyryjyk, burny ýirijik,
Aýlanyp-aýlanyp,
Bogaz-bolajyk. (Ik)
Hyryjym-a hyryjym,
Hyryjymda ýörişim,
On aýakda bir başym,
Bir başymda, bir dişim (Iki öküz, azal, adam)
Hyrryň-hyrryň gara daş,
Uly iliň göwni hoş. (Degirmen)
Iki agaçdan kümeli,
Başy altmyş jygaly. (Ýüň darak)
Iki saz, bir mäz. (Terezi)
Iki uç, iki halka,
Ortasynda myhy bar. (Gaýçy)
Iki janly, bir jansyz. (Adam, düýe, juwaz)
Iki ýigit bile ýörýär,
Aýagy ýere degmeýär. (Tereziniň bir görnüşi)
Iýer, iýer-de doýmaz. (Degirmen daşy)
Iýmiti däne, jany suw,
Gije-gündiz ylgasa-da,
Öňki ýerde heniz bu. (Degirmen)
Kendi bar-a, kendi bar,
Kendiniň kemendi bar,
Gökden uçan guşlaryň
Aýagynyň bendi bar. (Terezi)
Kip-kiçijik boýy bar,
Her närseden oýy bar. (Iňňe)
Matalym-matal,
Pil bilen ursam,
Ommalyp ýatar. (Ders döküni)
Matalym matdy,
Iki gulagy batdy, Ýere girip, gum atdy. (Pil)
Nägehana pul berip,
Mähnet salandyr başyna.
Maslygyna jan berip,
Aýlap urandyr daşyna. (Degirmen)
Oglanly aýal oba gezer. (Soky we daşy)
Ol Hudaýyň buýrugy,
Arkasynda guýrugy,
Alnynda aýagy bar,
Iki-de toýnagy bar. (Terezi)
On iki aýak, bäş kelle,
Bir kellede işim bar.
(Iki öküz, iki daýhan, kündäniň kellesi, azal)
Orta boýly orun juwan,
Orun baglap gelýä-le.
Ters aýakly taýajyk
Deprek çalyp gelýä-le. (Dokma darak)
Owlakly geçi oba gezer. (Soky we daşy)
O ýana ýüwrer garaja at,
Bu ýana ýüwrer garaja at,
Dag düýbüniň suwuny,
Dolar geçer, garaja at. (Gyrkylyk)
O ýan geçer gyr atym,
Bu ýan geçer gyr atym,
Aýagynda gyl tanap,
Süýräp geçer gyr atym. (Mäki )
Öküz-öküz aýlanar,
Dünýä sekiz aýlanar.
Bir guýynyň başynda
Körje öküz aýlanar. (Juwaz, mal)
Özi bir garyş,
Sakgaly iki garyş. (Iňňe we sapak)
Özi bir munýanjyk
Bar adamy gunnanjyk. (Iňňe)
Sary maýam çöküp otyr,
Içýagyny döküp otyr. (Juwaz)
Senem eje seňňildär,
Saçy meniň elimde,
Hoz agajy güwwüldär,
Güýji meniň elimde. (Ýüpek towlanýan çarh)
Seri-seri serinde,
Serdessesi elinde.
Gije-gündiz ýol ýörär,
Heniz öňki ýerinde. (Degirmen)
Suwda gaýnan daş gördüm. (Degirmen)
Sümme sümer,
Süýdi damar.
Gara at gaçar,
Bäş at kowar. (Iňňe-sapak, barmaklar)
Syrtyndan dem alar,
Agzyndan ot köwzär. (Körük)
Takyr täj-ä, takyr täç, Eli unda, içi aç. (Degirmen)
Tarlarym saýraşar,
Sapy meniň elimde. (Dokma darak)
Taýly baýtal oba gezer. (Soky we daşy)
Tepbekeý telpegim,
Inçedir gylyjym. (Ýüwse, iňňe)
Tozany duly tutar,
Arryldysy – dünýäni. (Degirmen)
Uzyn urganym,
Gysgadyr gylyjym.
Teýi tylla börügim,
Aşdy depeden. (Sapakly iňňe, ýüwse)
Uzyn-uzyn urganym,
Ujyn tutup durganym,
Saçy meniň golumda,
Demir penje elimde. (Dokma, dokma darak)
Ygaly jan ygaly,
Başy altmyş jygaly. (Ýüň darak)
Ýaltanýan-a turmaga,
Dört agajy germäge.
Älem doly gurbaga,
Gygyryp çykdy daga. (Haly, dokma)
Ýaz aýlanyp, gyşda ýatar,
Birin-birin bala batar. (Jykyr)
Ýazlady, güýzledi,
Çuwal arkasynda gizlendi. (Gyrkylyk)
Ýer astyndan aý ýörär. (Azal)
Ýylp etdi, ýere girdi. (Azal)
Ýüzi tegelek, ökjeli, Ýere gireni bes-belli. (Kätmen)
Zuw-zuw eder, zuwan kişi,
Bili bagly ýogyn kişi. (Çarh)
Taýýarlan: Nury Seýidow.
Halk döredijiligi we rowaýatlar