IV. YLYM-BILIM, MEDENIÝET WE TEHNIKA HAKYNDAKY MATALLAR
Ak goluň içinde, garadyr guşy. (Hat)
Akja geçim ýüzi dişli,
Ýalançyň biler işini. (Gazet)
Ak ýere gara dary,
Kim seçse, şol orar. (Kagyz, hat)
Ak ýeri açdym,
Gara dary seçdim. (Kagyz, hat)
Alym görse biler,
Garadyr ýüzi.
Ony bilmeýänler
Nadandyr özi. (Hat)
Asmanda gara guşum aýlanýar,
Aşagynda iki owlak baglanýar.
(Uçar we onuň aşagyndaky iki tigri)
Atasy akyl, Enesi nakyl,
Bir gyz dogulmyş,
Ýigrimi dört şekil. (Oguz elipbiýi)
Aýagynyň gany ýok,
Içgoşunyň sany ýok,
Syrtynda goşa guýruk.
Agdar, basar – ol buýruk. (Traktor)
Aýagy ýok, ýöreýär,
Agzy ýok, sözleýär. (Hat)
Aýnada gören ýaly,
Ýanynda duran ýaly. (Gazet)
Badamça badam bilen, Ýedi gulpdan bilen.
Ne agzy bar, ne burny,
Gepleşer adam bilen. (Hat)
Bir atym bar, aýakly,
Depesi goşa taýakly. (Trolleýbus)
Bir guş tutdum, jany ýok,
Dört aýagnyň gany ýok.
Müneňde hezil berýär,
Il içinde sany ýok. (Awtomaşyn)
Bir zadym bar,
Daşa ursam döwülmeýär,
Suwa ursam döwülýär. (Kagyz)
Bolmaz üfläp söndürip,
Otluçöpsüz ýandyryp. (Elektrik çyrasy)
Çynar agajyň başynda
Çiltenmyrat atly guş otyr.
Ony almaga är gerek,
Ýürejigine kär gerek. (Okuw, ylym)
Dagdan inen dadran,
Dada bilmez hiç kim ony,
Inçe egrilip, syk dokalan,
Geýe bilmez hiç kim ony. (Kagyz)
Daşary ýaz, ot-alaw,
Öýjagazda buz, gyraw. (Holodilnik)
Daşy agaç, içi azyk,
Ýörän ýoly bellidir. (Galam)
Daşy-golaýy meňzeş,
Öz ýanyna getirýär.
Iki adam bir simden,
Söz alyşyp oturýar. (Telefon)
Depä çykdym, taňladym,
Taňlamaz belany gördüm.
Burunlyksyz, buýnuzsyz
Bagyrak belany gördüm. (Otly)
Dili bar-da, üýni ýok,
Diline adam düşüner,
Jany bar-da, gany ýok.
Sözläp durar içinden. (Kitap)
El bilen ekerler,
Dil bilen orarlar. (Ýazmak we okamak)
Gara guşuň ýatagy,
Akja gyzyň gujagy. (Hat, kagyz)
Gat-gat gapyrgam,
Gatlaşar meň gapyrgam,
«Ýedi gapa ýet» diýsem, Ýetmezmi sen, gapyrgam. (Kitap, depder)
Gat-gat ýapragy bar,
Ýöne weli agaç däl.
Tikilen ýerleri bar,
Ýöne weli geýim däl.
Dili-agzy ýok bolsa-da,
Adam bilen sözleşer,
Ýöne weli adam däl,
Adama akyl öwrede ag,
Her gatynda altyn bar,
Arasynda gözüm bar. (Kitap)
Gatlak-gatlak gatlama,
Her gaty bir ýatlama. (Kitap)
Gaýradan gelýän kişi, Elinde demir çişi.
Ak goluň içinde
Garadyr guşy. (Galam, kagyz, hat)
Gider, gider, uzyndyr,
Daşy ýüplük rezindir. (Elektrik simi)
Gördüm bir akja zady,
Dili hem ýok, jany hem ýok,
Sözlän sözüniň sany hem ýok. (Hat ýazýan hek)
Gün ýaşdygy Gün bolar,
Şonsuz işiň kyn bolar. (Elektrik çyrasy)
Gykylyksyz gepleýär,
Sözi söze sepleýär. (Ruçka)
Hamy gökdür ýa gyzyldyr,
Süňki ýokdur,
Ýiligi ýaşyl-garadyr,
Ýurdy akdyr. (Galam, kagyz)
Hatar uzyn agaçlar,
Arka-döşi gupbaly.
Gupbasynyň şelpesi, Ýeke tardan çekmeli. (Telegraf agaçlary)
Iki dilli, agzyny ýaga batyr,
Sessiz-sözsüz özüni äleme ýetir. (Ruçka we hat)
Iki geçim, üç ekiz
On ýylky, on dördi ýüz. (Köne türkmen elipbiýi)
Iňňesiz tikin gördüm,
Tohumsyz ekin gördüm. (Hat )
Jany aýakda,
Köňli elde,
Kuwwaty ýelde. (Welosiped)
Jany-da ýok, dili-de ýok,
Sorasaň habar berýär. (Telefon)
Köki demir, özi gyzbut ,
Tamy ýarar haýbaty. (Elektrik çyrasy)
Kölegesiz gol aşar,
Daş ýerden habarlaşar. (Radio)
Okan okana gider.
Okan dokana gider,
Gül ýüzüne seretsem,
Göwnüm hyýala gider. (Gazet, žurnal)
Ol nedir kim, zerre-zerre kän bolar,
Tohumy şeýle, miwesi çendan bolar.
Agzy birdir, dili iki, jany ýok,
Köp kişiler bu magna haýran bolar. (Hat, galam)
On dört ýorgasy bar,
Iki eýesi bar,
Alty deşigi bar,
Açyk duran işigi bar. (Bilýard)
Özi bar-da, jany ýok,
Gapyrgasy bar, gany ýok. (Tigir)
Özi birdir, jany ýokdur.
Gider otyr, sany ýokdur. (Otly)
Özi gara kişi hal,
Togtadar ýolda derhal. (Nokat)
Petekesi ýagly guşum. (Uçar samolýot)
Polat atym ýüwrüp barýar, Ýeri çepbe çöwrüp barýar. (Traktor)
Salam getirdi,
Sesin umma ýetirdi,
«Sag bol, dostum» diýensoň,
Arkaýynja oturdy. (Telefon)
Suwsuz derýa,
Jaýsyz şäher. (Karta)
Segsen çybyk keýeli,
Tigirçegim tigirlendi,
Segsen gala bardy (Welosiped)
Şekili ogşar oraga,
Daýym tutar soraga. (Sorag belgisi)
Şäheri bar, adamy ýok,
Deňzi bar, suwy ýok. (Karta)
Tursa kiçi, otursa uly. (Uçar samolýot)
Tüni eder gündiz dek,
Nur saçar ol ýyldyz dek. (Elektrik çyrasy)
Uzyn-uzyn bu ýoluň,
Başyna çykan barmykan?
Çäk-gyraksyz bu deňziň,
Düýbüne ýeten barmykan?
Düýbüne ýetip bu suwdan
Ganyp içen barmykan? (Ylym)
Uzyn-uzyn uz agaç,
Uz agajyň başynda
Saýrap duran garlawaç. (Agaç sütüniň başyndaky radio)
Uzyn ýolda öý ýörär. (Otly)
Yhlas etdim ak ýere, Ekdim, gögerdi gara,
Iberdim her bir ýere, Etdi özün äşgäre. (Kagyz, hat)
Ýalany erter , çyny örter. (Matal)
Ýamasy bar, tüýi ýok,
Şäheri bar, öýi ýok. (Globus)
Ýerden diregsiz,
Gökden tanapsyz.
Göteren ýüki
Bolar hasapsyz. (Otly)
Ýeri ak, tohumy gara. El bilen ekerler,
Dil bilen orarlar. (Hat)
Ýörän ýoly demirdir,
Iýmiti ýag, kömürdir. (Otly)
Ýüz galalardan geçip,
Demir gulagyn gerýär.
Jany-da ýok, dili-de,
Sorasaň habar berýär. (Telefon)
Ýyndam atym ýag içer,
Menzil-menzil ýol geçer. (Maşyn, otly)
Zygyr-zygyr zygyrdar,
Her ýerden habar berer. (Radio)
Taýýarlan: Nury SEÝIDOW.
Halk döredijiligi we rowaýatlar