V. ÖÝ GOŞLARY, HOJALYK GURAL-ESBAPLARY HAKYNDAKY MATALLAR
Agramy aşykça,
Kölegesi köşekçe. (Ýanlyk)
Agşam geler leý-leýlim, Ertir gider leý-leýlim.
Sekizýabyň suwundan
Durlap içer leý-leýlim. (Kündük)
Agzy açyk daýym,
Alty ýeri gaýym. (Çelek)
Agzy bar-da, dişi ýok,
Ony urmadyk kişi ýok. (Soky we sokudaş)
Agzy bar-da, jany ýok.
Garny bar-da, gany ýok. (Sebet)
Agzy gyzyl alamat,
Düýbi gyzyl kyýamat.
Hassa girer, sag çykar,
Saglygyňa salamat.
Bu nähili keramat? (Tamdyr, çörek)
Agzyn açyp aňkaran,
Gürse-gürse urlup dur. (Küpi we pişegi)
Agzy telki , garny salpy. (Halta)
Agzy ýok, dişleri köp
Maýsalykda işleri köp. (Darak)
Ajap eje görgüli,
Hemme kişä bergili. (Kündük)
Akja apyş,
Arkama ýapyş. (Küýze)
Akja guzym suwa indi,
Garaja oglan bile indi. (Tüwi, gazan, kepgir)
Ak maýamyň süýdi sary. (Çäýnek we çaý)
Ak öýüm bar,
Işigem ýok, aýnasam ýok. (Peşehana)
Ak sellesi başynda
Hemme halklar daşynda. (Çyra)
Ala geçim hassadyr,
Hassa däldir, bessedir,
Ot otlamaz, suw suwlamaz,
Ol şeýle neressedir. (Sallançak we bagy)
Altyndan apbam,
Gazykly gupbam,
Tes-tegelek
Gara lapbam. (At eýeri)
Altyn-kümüş başynda,
Hyrydary daşynda. (Çyra)
Araba abyşdy,
Zeni ýapyşdy,
Gut guýuldy.
Guýrugy çommaldy. (Ojak, gazan, tüwi, kepgir)
Aralama bişdi,
Bende ýapyşdy.
Guýulym guýuldy
Tutanyň guýrugy galdy. (Aş bilen çemçe)
Arçanaga, arçanak,
Otdan-suwdan gaçanok. (Ätişgir)
Arkasy bar, agynap bilenok,
Guýrugy bar, çyrpynyp bilenok. (Susak)
Atasy aslyşyp düşer, Enesi hallanlap uçar,
Tanapyn duldan asyp,
On iki gadam basyp,
Iki ogly hasap işlär. (Diwar sagady)
Atasy aýry gara, Enesi ýumry gara,
Gyzy gyzyl injik,
Ogly esrik mergen. (Tagan, gazan, ot, tüsse)
Atasynyň gulagyn ogly çokalar. (Gulp, açar)
Atdan beýik, itden pes. (Eýer)
Atym atlandy,
Bekim beklendi.
Gulak gummaldy,
Guýrugy galdy. (Tagan, gazan, aş, çemçe)
Aýagy bar, ýöränok,
Gulagy bar, eşidenok,
Guýrugy bar, bulanok. (Tagan, gazan, çemçe)
Aýagy uzyn, oda batyr. (Ätişgir)
Aýagy ýok, eli ýok,
Köýnegi bar, ýeňi ýok. (Ýassyk)
Aýganak-aýganak atasy bar,
Omparyp oturan enesi bar,
Gyzyl köýnek gyzy bar,
Gara telpek ogly bar. (Tagan, gazan, ot, gapak)
Aýman hatyn,
Bükür hoja,
Gyzy gyzyl ördek
Ogly esrik merdan. (Öý, öýdäki ojak, ot, tüsse)
Aýsyz gije garaňky öýde aý gördüm. (Çyra)
Bagyrtlagym bakyp dur,
Bagryn oda ýakyp dur. (Otdaky tüňçe)
Barar, barar,
Oýmak deý orny galar. (Hasa)
Basan ýerim baý çukur,
Oturan ýerim oý çukur,
Bir elimde aldyrgyç,
Bir elimde güldürgiç. (Üzeňňi, eýer, uýan, gamçy)
Bendäni bentde gördüm,
Degresin kentde gördüm,
Dört aý, ýigrimi dört ýyldyz,
Men şuny bir atda gördüm. (Atyň naly we myhy)
Bendi bent eýlediler,
Peýwendi bent eýlediler,
On ýyldyzy bir aýa bent eýlediler. (Atyň naly we myhy)
Bikejik otyr, ýeňňesi ýatyr. (Kündük)
Bili döwük küýküje. (Agyzdyryk)
Bir agzy bar, iki gözi,
Hassany saglar özi. (Tamdyr, çörek)
Bir atymyň iki kellesi bar. (Ätişgir)
Bir aýagnyň üstünde,
Barýar, gelýär hem gülýär. (Gapy)
Bir çaganyň iki enesi bar. (Ene we sallançak)
Bir depäniň üstünde,
Bir towşanjyk
Böküp-böküp oýnaýar. (Başdarak)
Bir dostum bar öýkünjeň. (Aýna)
Bir guş gördüm bu gün,
Haýsy ýerde gülşeni?
Hiç bir zada ogşamaz,
Şeýle ajap röwşeni.
Çyn hakykat, dosty ýagdyr, Ýeldir onuň duşmany. (Nebit çyrasy)
Biri ölüp ýatyr,
Goluny serip ýatyr. (Meşik )
Bir itim bar üýrmezek,
Öýe adam goýbermezek. (Gulp)
Bir jöwenden öý doly. (Çyra)
Bir öýde altmyş adam,
Gara gara telpekli. (Otluçöp gaby)
Bir öýüm bar görmeli
Haýran galyp durmaly,
Işigi ýok, tüýnügi ýok,
Tilsim bilen girmeli. (Peşehana)
Bir sereje boýy bar,
Içeri doly toýy bar. (Çyra)
Bir sopujyk «hüw» diýýär,
Gije-gündiz «suw» diýýär. (Kündük)
Bir tahýam bar,
Eleme-deşik,
Başyma geýsem,
Hup ýaraşyk. (Uýan)
Bir ýüzünde nagşy görner,
Gara öýe ýagşy görner. (Çuwal )
Bir zat bar, dişleri köp,
Nan ýapaňda işleri köp. (Tikeç)
Bir zat gördüm, ady «düw»,
Içi ot-da, daşy suw. (Semawar)
Biz-ä, biz-ä bizdik,
Biz bir topar gyzdyk,
Bizi-bizi büzdüler,
Birje erşe düzdüler. (Çykalan gamyş)
Bizi-bizi büzdüler,
Keçe teýine ýazdylar. (Keçe gamşy)
Biziň öýde bir kişi,
Agzynda bar kyrk dişi. (Horjun)
Boýy mürrük,
Ini mürrük.
Bolup durşy –
Ýeňil çürrük. (Suwkädi)
Çekdim, uýan üzüldi,
O ýan, bu ýan düzüldi.
On iki dilli mäkiýan,
Bir şähere düzüldi. (Irişme )
Çömpül-çömpül at aşak,
Hem ýokary, hem aşak. (Guýy we oňa sallanan bedre)
Çürt-çürt etdi,
Çukura girip gitdi. (Gulpuň açary)
Çyn çynar-a çyn çynar,
Çigildem oýnar çyn çynar,
Çyn çynaryň başynda
Ýaşyl donly gyz otyr.
Oturan ýeri oýujak,
Basan ýeri basgançak,
Tutan ýeri tutgançak. (At we eýer)
Çyn çynaryň üstünde,
Bir garaguş otyrmyş, El-aýagyn silkende
Ýapraklaryn dökermiş. (Päki we saç)
Darajyk deräň içinde
Gyzyl daýym gygyrýar.
(Semawaryň turbasyndan çykýan ot-ýalyn)
Daşdan görsem, oňat zat,
Için görsem, gyzyl ot. (Kükürt)
Daş matal,
Gumak matal.
Sepip söker,
Ýaga batar. (Ýanlygyň pişegi)
Daşy gap, içi sap. (Çäýnek)
Daşy gara, içi ak,
Sapy bar-da, jüründigi ýok. (Tüňçe)
Daşy gara, içi ak,
Wakur-wukur, wak-wak. (Alýumin kündük)
Daşy garyn, içi ýalyn. (Peç)
Daşy sandyk, içi ýandyk. (Otluçöp)
Depdim, derege çykdym. (Merdiwan)
Dep gapy, demir gapy,
Adam suratly gapy. (Aýna)
Depejik üstünde tilkijik oýnar. (Päki)
Derýaň ortasynda guş otyr,
Guýrugy kenarynda ýatyr. (Okara, çemçe)
Dişlemeýär, üýrmeýär,
Öýe kişi goýbermeýär. (Gulp)
Dogry üstünde ogry otyr. (Stol çyrasy)
Dolama gazyk,
Düýrme don. ( Düýrlenip goýlan keçe gamyş)
Dört aýagy bar, dişi ýok. (Telär)
Dört börüg-ä, dört börük,
Dördüsi-de gök börük. (Ýorganyň dört burçy)
Dört çüňkli gala,
Içinde bela. (Otluçöp)
Dört doganyň bir telpegi bar. (Oturgyç)
Dört doganyň bir ýorgany bar. (Krowat)
Dulda doňuz kellesi. (Golça)
Düňk kempir,
Düňelek kempir,
Nirä barsa,
Eziz kempir. (Çäýnek)
Egrijesinden tutdugym,
Agzyna derman atdygym. (Çäýnek)
El astynda otyr,
Çagyryp getir. (Kündük)
Eli agzynda,
Sakaly syrtynda. (Torba)
Elsiz-aýaksyz, köýnek geýer. (Ýassyk)
Emir bolup höküm eýleseň,
Wezir bolup bölüp biýr. (Gaýçy)
Emirden-ä emirden,
Ýakan ody kömürden. (Semawar)
Enesi ursa, gyzy aglar,
Çöp başy jyza baglar. (Ýanlyk, pişek)
Epleseň, epin tutar, Eplemeseň, sapyn tutar. (Çakgy)
Erez-erez,
Boýny bir gez,
Mekgä barmaz,
Pyýada gezmez. (Kündük)
Ertekim erte geler,
Oturanda için ýaglar. (Gazan)
Esenjik elini serer. (Meşik)
Eýi ýetse egilmez,
Suwy ýetse, süýülmez,
Gundagda daşa dönen,
Daşa ursaň, döwülmez. (Keçe)
Eýlä otyr, eýjejik,
Beýlä otyr, eýjejik,
Kölegesi kümüşden,
Güler otyr, eýjejik. (Ýüz görülýän aýna)
Gapymyzda ganjyk bar,
Güjügini eltmeseň,
Gapydan salmaz. (Gulp we açary)
Gara atym garap dur,
Gyzyl atym ýalap dur. (Gazan, ot)
Garabaý atdan düşdi,
Oglanlar daşyna üýşdi. (Gazan)
Garaja gol içinde,
Daýym aty kişňeýär. (Gazan we pişme)
Garaja gol içinde,
Saryja taý helpildär. (Gazan we çemçe)
Garaja gol içinde,
Sary ýaglyk ýalpyldar. (Gazan we çelpek)
Garaja goluň içinde,
Garaja güjük gygyrýar. (Gazan, gazawy)
Garaja han atlandy,
Ýüregim kuwwatlandy,
Oglan-uşak şatlandy. (Gazan)
Garaja kürre jyrt atar,
Garnyna ýannak batar. (Sallançak)
Garaja oglan böküp otyr,
Ýürek ýagyn döküp otyr. (Tüňçe)
Garaja oglan gygyrýar. (Kitir)
Gara sygrym garap dur,
Sary sygrym ýalap dur. (Gazan, ot)
Gara sopy «huw» diýer,
Daň atýança «suw» diýer. (Kündük)
Gara telpekde gyzyl telpek (Otluçöp)
Garny ýerde,
Dört aýagy ýokarda. (Peşehana)
Garyş ýeri garalan,
Sere ýeri saralan.
Beýle hudaý uranyň,
Süýr depesi ýarylan. (Kündük)
Gatlak-gatlak galadyr,
Gatlagyn suw aladyr.
Bir penjejik ot salsaň,
Başyna gaý boladyr. (Semawar)
Garry eşek gaňňasy,
Gaýra bakyp durandyr.
Içinde dür dänesi,
Şyňňyl atyp durandyr. (Ýanlyk, pişek )
Geň galmaly bir it bar,
Aýagy ýok, ýörmeýär.
Şol itden rugsatsyz,
Adam öýe girmeýär. (Gulp)
Gerilgi ýüpde batlanar,
Galapyn ýerde ýatlanar. (Sallançak)
Gezeginiň başynda,
Gelene salam berip dur. (Gamçy)
Gidende gysyr,
Gaýdanda bogaz. (Gowa )
Gider-geler, ýol önmez. (Sallançak)
Gider-geler, iki ýana yranar,
Sapy ýerde süýrener. (Sallançak)
Gije bike, gündiz gyrnak. (Ýorgan)
Gije bogaz, gündiz gysyr. (Ýorgan)
Gije doly, gündiz boş. (Ýorgan)
Gije-gündiz bir ýola
Towlap goýsak, bes ony,
Gymmatly wagtymyzy,
Ölçäp durar her güni. (Sagat)
Gije – hyzmatda,
Gündiz – rahatda. (Ýorgan)
Gijesi hem ýöreýär,
Gündizi hem ýöreýär,
Aý ýöreýär, ýyl ýöreýär,
Bilýäňizmi nirä barýar? (Sagat)
Girseň-de, görşer,
Çyksaň-da, görşer. (Gapynyň tutusy)
Gollary garadyr,
Reňki sary.
Bilinde üç guşak,
Garadyr tory. (Argyş çuwal)
Goly uzyn, düýbi agyr.
Köp göteren bolar ýagyr. (Argyş çuwal)
Gorp ýykyldy,
Men dykyldym. (Ýorgan)
Goşa, gara göz goşa,
Gözüň ýetir o başa. (Dürbi)
Goşa jübüt çatylar,
Düýbüne ýüp atylar,
Kellesinden kesilip,
Demir bilen çapylar. (Haly)
Görsem, göwnüm eriser,
Gözlesem, tapylmaz bu eser,
Başy bürenjekli derdeser. (Gor küýze we çal)
Gözlemäge görki bar,
Birje demir berki bar. (Sandyk)
Gulagy bar, başy ýok,
Gursagy bar, döşi ýok. (Gazan)
Gulagy bar, eşidenok. (Gazan)
Gurt ýykyldy,
Guýrugy çommaldy. (Gazan, susak)
Guýsaň dolmaz. (Elek)
Gündiz hatar-hatar,
Gije ýazylyp ýatar. (Ýorgan-düşek)
Gündiz öli, gije diri. (Çyra)
Güpbi semziň ýagy ýok. (Howut )
Haly bar-a, haly bar,
Halynyň hyýaly bar.
Uçup barýan guşlaryň,
Aýajygynyň naly bar. (Namazlyk, onuň nagşy)
Hasanda jan, Hasanda,
Derýalar ýakasynda,
Guşlarda bir guş gördüm,
Döşleri arkasynda. (Susak, çemçe)
Haýbaty özünden uly,
Gahary doldurar öýi. (Çyra)
Hem ot derýasy,
Hem suw derýasy. (Semawar)
Henewar hena eýledi.
Gör, niçe bent eýledi,
Ýigrimi dört ýyldyzy
Dört aýa bent eýledi. (Atyň naly we myhy)
Her öýde bir gyzyl bogdak. (Küýze)
Humur-humur ederdim,
Humurjakda gezerdim,
Gaýa suwun içerdim,
Gaýalarda gezerdim. (Ýanlyk we pişek)
Içinde adam ýatmaýar,
Suwa salsam batmaýar,
Öýe gerek zatlary
Aman-ýesen saklaýar. (Agaç sandyk)
Iki agaçdan asylar,
Bir çagadan basylar. (Sallançak)
Iki agyz-da, on gözli. (Çäýnek)
Iki elinden tutsam,
Menden öňde gider. (Galtak)
Iki goşa göz,
Goşa gözi ýetir obama. (Dürbi)
Il ýatsa-da, Bikejik ýatmaz. (Kündük)
Indi eýlär-ä, indi eýlär,
Indi ýene näni eýlär?
Dört aýy ýigrimi dört güne bent eýlär. (Atyň naly we myhy)
Iki öre , çäksiz diş. (Üzeňňi )
Ilerden gelýän allap,
Dört aýagyn allap,
Tapan-tupanyn ýalmap,
Bir gelin bilen gyz gelýär. (Haly we palas)
Işigimiziň düýbünde,
Bilin bogup,
Bir kempir ýatyr. (Sübse)
Jahanda bir aždarha bukup ýatar,
Oýadan öz janyna kaza tapar. (Gapan)
Jansyz çapar, janly urar. (Palta)
Kekejiň üstüne tekejik müner. (Päki)
Kä bogazdyr, kä gysyrdyr,
Içinde ýalmawuz horaz bardyr. (Ojakda ot ýanyp duran öý)
Kiçijik esbap – demirden,
Gandy görse gemirgen (Gant döwgüç)
Kiçijik oglan dagdan odun düşürýär. (Päki)
Kiçijik tamdan gar ýagar. (Elek, un)
Köne atym ölüp ýatyr, Elin-golun serip ýatyr. (Sanaç)
Kül üstünde küýküjik,
Burny uzyn tilkijik. (Kündük)
Mataljygym man eken.
Dyrnajygy on eken.
Dilewar-a, dilewar,
Dil üstüniň meňi bar. (Gapan)
Men barýardym hol baýak, Elimde ýylgyn taýak.
Bir ajaýyp zat gördüm,
Bir kellede müň gulak. (Ýüň darak)
Meniň bir gelnim bar,
Günde üç ýola aglaýar.
Oglanlaryn daşyna ýygnap,
Keýpini kän çaglaýar. (Semawar)
Meniň bir guýym bar,
Içi doly suw-sowuk.
Içinde bir ýylan bar,
Hemişe agzynda ot. (Çyra)
Meniň jigim garaja,
Garaja donly töreje.
Geliň, görüň ojakda,
Her dürlüje saçakda. (Gazan we nahar)
Molla gelip «jart» okar. (Açar)
Oda girse, iňňildär,
Köze kaksaň, saňňyldar. (Ätişgir)
Ol derýa, bu derýa,
Düýbi seçekli derýa. (Aýna)
Ol oba, bu oba,
Sakgaly gaba. (Ýüň darak)
Ol wak, bu wak,
Derýa düşdi kör owlak,
Hem derýa heläk, hem owlak. (Gübser , onda çal ýaýylmagy)
Oňurgasy oýulan,
Oturmaga laýyk ýonulan. (Eýer)
Ortasynyň ýaby bar,
Iki ýany gylawuz .
Baş ujundan baryp bolmaz,
Özi onuň ýalmawuz. (Gama)
Otly kümäň üstünde,
Gara gaplaň gaýşaryp otyr. (Ojak bilen gazan)
Otsuz ýerden ot çykar. (Çakmak )
Oturasy bar, ady bar,
Haşamlyja zady bar. (Semawar)
O ýany dag,
Bu ýany dag,
Ortasynda gökje bag. (Çyra)
O ýany köçe,
Bu ýany köçe,
Ortasynda molla beçe . (Tekje we çyra)
Öýümde bir saky bar,
Durar ojak başynda.
Geregiňi alarsyň,
Oturyp onuň gaşynda. (Saçak)
Öýümizde bir myhman otyr,
Telpegi ýanynda ýatyr. (Gor küýze we daňysy)
Özi badamça,
Sakgaly adamça. (Çyra)
Özi batyr, ýolda ýatar. (Gapan)
Pessejik öýden gar ýagar. (Elek, un)
Pessejik ýerden gün dogar. (Çyra)
Salpy bolsa, süýrener,
Bagyn çekseň, yranar. (Sallançak)
Seretdigiň ýüzüne,
Surat düşer gözüňe. (Aýna)
Syrty gaba, başy gaba,
Hiňňildewük gara baba. (Kündük)
Syrty kül üstünde,
Göwni kap dagynda . (Gaýnan kündük)
Şatdany şatda gördüm,
Ony Maşatda gördüm.
Şu matalyň manysyn
Şu gün bir atda gördüm. (Nal we myh)
Şeýtanyň şerinde,
Adamyň elinde,
Alty aýagy bar,
Guýrugy bilinde. (Terezi)
«Şirp» etdi, şiräp gaçdy,
Gumalagy ýere düşdi. (Päki, saç)
Şirt etdim, dagdan aşdym. (Päki)
Tak etdi, pak gaçdy,
Iki demir tapyşdy. (Sandyk)
Tap etdi, tabak gaçdy,
Iki demir gapyşdy. (Sandyk)
Tapmaçanyň özi gara,
Tapmadygyň ýüzi gara. (Gazan)
Tap-tapy, demir gapy,
Adam suratly gapy. (Aýna)
Tegelek tagta,
Ýapylar pugta. (Gapan)
Teýi dört, başy bir. (Ýanlygyň pişegi)
Tokgaja sakal öý doldurar. (Çyra)
Tur güjügim,
Öýe aýlanyp, ýat güjügim. (Urgan)
Tuty diýip saklaýan, Ýel geçirmez oň özi.
Dünýäni hem görkezýär,
Mata däldir oň özi. (Aýna)
Uly agzy bikär,
Kiçi agzy hyzmatkär, Egrisi el oýkar. (Kündük)
Uzyn urruk,
Gysga girrik,
Çymylgan ýassyk,
Gyzyl ussuk. (Peçiň turbasy, peç, ot)
Uzyn-uzyn ulaper,
Ujyn tutup duraper.
Tapan tapsyn, tapmadyk
Ýüz müň oba il bersin. (Keçe)
Üç aýakly atym bar,
Dürli-dümen otum bar. (Tagan, aşagyndaky odun)
Üç aýakly garaja. (Tagan)
Üç kişi «galaýyn» diýip otyr,
Gaba sakal kişi
«Dolaýyn» diýip otyr. (Taganyň aýaklary, gazan)
Üsti gar, asty ýagyş. (Elek, un elenýän wagty)
Ýaldyrap köňlümi bölýär.
Seretsem, özümi görýän. (Aýna)
Ýalp etdi, ýapy aşdy. (Päki)
Ýaltanman ýatar,
Duýdurman tutar. (Gapan)
Ýapynyň ýüzünde dogajyk. (Ak kündügiň ýüzündäki nagyş)
Ýasydygy görünmez. (Meşik)
Ýasy ýatar, tamy tutar. (Keçe)
Ýatsa düşek ýaly,
Tursa köşek ýaly. (Peşehana)
Ýatsa, ýandak ýaly,
Tursa, düýe ýaly. (Peşehana)
Ýekeje bugdaý içerini doldyr. (Çyra)
Ýol üstünde ýogyn aýal. (Tamdyr)
Ýol üstünde ýyldyzjyk. (Işige kakylan çüý)
Ýol ýatyra, ýol ýatyr,
Ýol üstünde pil ýatyr,
Akja galaň üstünde,
Ybraýym soltan ýatyr. (Ak kündük we nagşy)
Taýýarlan: Nury SEÝIDOW.
Halk döredijiligi we rowaýatlar