13:46 Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy | |
«TÜRKMEN SÄHRASYNYŇ NOWBAHAR GYZY...»
Goşgular
Gördüm men dünýäde köp gözelleri, Sen gözeliň tarypyna ýetme ýok. Düşündim men muňa ahyrky gezek, «Maňa seniň gözleriňden gitme ýok»¹. Ilki bilen Leýli bolup bakan sen, Ýüregimde yş oduny ýakan sen, Teşne çagym çeşme bolup akan sen, Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy. Edep-ekram orun almyş gözüňde, Günüň nury jemlenipdir ýüzüňde. Armanym ýok, ýanyp-bişsem közüňde, Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy. Bilmedim men, niçik muňa dözüpdir – Dag şemaly ýar saçlaryn çözüpdir. Neçün gözýaş ýaňagyňy ezipdir? Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy. Bu görnüş bakydyr öýtme, läläm, Bu dünýä sakydyr öýtme, läläm, Birsellem dyzyň ep, gaýtma, läläm, Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy. Bagtym bolup dünýä inipsiň özüň, Gitmesin elinden bagty her kesiň. Direlerin eger eşitsem sesiň, Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |