12:51 Türkmen Zenany | |
TÜRKMEN ZENANY
Goşgular
Men türkmen zenany ~ dowama dowam, Asmanda Aý boldum, Zeminde läle. Säherler hüwdüden tapyp yşk, owaz Zürýatlañ kalbynda dönüp bir Käbä Garaşdym, ýörişe gitdi ogullar. Elewräp gezdim men, bitakat ýürekm Agaýunus boldum, yşkym sowulmaz, Ummanlar içinde alkyşym kürek. Bir görseñ köl boldum, bir görseñ derýa, Miwe berdi yhlas bilen aýdanym. Eneden gaýdan ýol ~ ýurt-ýurda barýar, Namys-ardan göteripler baýdagym. Men seždesi, serişdesi düýnümiñ, Balam, nirde gezseñ bolman uzakda, O:t tüssesi dogry çykan tüýnügiñ, Ojagyny saklap ýörmek güzap däl. Ýol geçdim müñ ýyllyk, belki-de, artyk. Namysym, messebim bolupdyr gala:m. Sen nirede bolsañ nesibe tartyp, Saçagym, tamdyrym goraldy halal. Bir gün ata çyksam gerçekler bile, Ertesi dokadym ajaýyp haly. Sen näme dileseñ eneñden dile, Enäniñ bar sözi dünýäniñ maly. Akpamyk men alyp giden kejebe, Güljahanyñ ~ gülzar eden çar ýanyn. Siñe baksañ meñzeş uýa, ejeñe, Many berer heññamlarda saýranym Döwür-döwür, oba-oba kent bile, Bir iliñ köki men ~ ýaýradan şaha. "Eneli öý ~ bir toý" diýen pent bilen, Ene yhlasyna kesmedim baha. Şeýdipler zamandan aşyp zamana, Töründen ornuny tapdym halkymyñ. Söýgi bar, hormat bar türkmen zenana Hem-de Watanym bar baky galkynan. | |
|
√ "Meňzeş däl sen çagasyna adamyň..." / Goşgular - 30.11.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Nyşanmy / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Adamzat taryhyna çaklama / Goşgular - 16.10.2024 |
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 6 | |||||||
| |||||||