22:12 Türkmenbaşy we Oguz han | |
TÜRKMENBAŞY WE OGUZHAN
Publisistika
Milli garaşsyzlygymyza eýe bolan Türkmenistan sekiz ýylyñ içinde ösüşiñ hemme görnüşleri nazarda tutulanda, asyrlarça ýol geçdi. Munuñ özi syýasy-jemgyýetçilik gurluşy manyda-da, ykdysady-medeni ýokary göteriliş babatda-da şeýledir. Şol ýetilen sepgitleriñ añyrsynda Garaşsyzlygymyzyñ teoriýasyny esaslanjyryjysy, ony praktiki babatda mahmal rewolýusiýasy arkaly amala aşyran Mertebeli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy dur. Ony ruhy sütünlerimiz hasaplanylýan ýazyjylarymyz, şahyrlarymyz ilki duýdular we dessine garaşsyz edebiýatyñ täze bir ugry hökmünde öz liriki eserlerine siñdirip başladylar. Bu täze öwüşgin, ýañy döreýän garaşsyzlyk edebiýatynyñ çeperçilik ugry Türkmenbaşynyñ şahyrana obrazy bilen aýrylmaz baglanyşyklylykda dowam edip otyr. MILLI LIDERIMIZ SAPARMYRAT SERDARYÑ Oguz hana, Görogla, Magtymgula, Keýmir Köre, Baýram hana meñzedilmegi XX asyryñ iñ soñky ýyllaryndaky, aýlaryndaky, günlerindäki türkmen poeziýasynyñ ýeten liriki belentligidir. Şeýle asylly başlangyç BEÝIK TÜRKMENBAŞYNYÑ şahsyýetini, syýasy pähimini, döwletmentlik kuwwatyny, dünýä möçberindäki abraýyny anyk duýarlykly edip, halk köpçüligine ýetirmekde, okyjynyñ ruhy hazynasyny baýlaşdyrmakda iññän uly ähmiýete eýedir. Adam añynyñ kämilleşýän, täzelenýän, çuñlaşýan, gerim alýan döwründe Türkmenbaşymyzyñ her çykyşynda, döredijilik ýa-da döwlet-syýasy işgärleri, ýönekeý halk köpçüligi bilen duşuşugynda sözleýän sözlerinde, orta atýan tekliplerinde, aýratynam RUHNAMA düşünjesini we terminini ilkinji bolup milletimiziñ üns merkezine hödürlenmegindw añyrsyna göz ýetirip bolmajak DÜNÝÄGARAÝYŞ, YLAHYDAN GAÝDAN PAÝHAS, bütin XX asyryñ gazanan AKYL, FILOSOFIK, PSIHOLOGIK, DÖWLET, SYÝASY TEJRIBESI ýatyr. Biz köp halatlarda "Magtymguly we Türkmenbaşy" ýa-da "Türkmenbaşy we Magtymguly" diýen ýaly makalalary okaýandygymyzy ýatlalyñ. Şundan ugur alyp, biz "Oguz han we Türkmenbaşy" ady bilen öz hususy oýlanmalarymyzy okyja ýetirmegi makul hasapladyk. Oguz han! Bu şahsyýet türkmeniñ ykbalynda, taryhynda, syýasy-jemgyýetçilik gurluşynda, döwlet tejribesinde ägirt hyzmatlar bitiripdir. Indi onuñ gabarasy "Gorkut atanyñ" 1500 ýyllyk ýubileýi bellenilmegine uly taýýarlyk görülýän şu günlerde aýratyn ýokary göterildi. Oguz han, dogrudanam, yslamdan öñki döwürlerde gudrat bilen dörän är kişi bolup, taryhda oguz imperiýasyny döreden adam. Haýsy halkyñ geçmişinde Oguz han ýaly neberesini dünýä ýüzüne ýaýradan gerçek barka? Miladydan 4000 ýyl öñ dörän Oguz han bir özi başarnygy, dogumy, pähim-paýhasy, gujur-gaýraty bilen zamanasyna laýyk şertlere dogry getirip, kuwwatly, köp tire-taýpaly oguz ilini, oguz döwletini, häzirki Türkmenistanyñ çäklerinden kän uzaklarda oguz imperiýasyny kemala getiren, Tañry arkasyny sypan TÜRKMENDIR! Halkymyzyñ NESILBAŞY OGUZ bilen MILLETIMIZIÑ ATASY TÜRKMENBAŞY ikisi GUDRAT, KERAMAT diýlip kabul edilmegine mynasypdyrlar. Bularyñ hersi öz ýoly, öz zamanalarynyñ ýörelgeleri, şertleri, talaplary, usullary, tärleri esasynda türkmen halkyny dünýä tanadypdyrlar. Şu manyda bu kişileriñ ykballary millionlarça adaty adamlaryñkydan, müñlerçe, ýüzlerçe ýurt baştutanlaryñkydan, hanlaryñkydan, begleriñkiden, şalarynkydan, soltanlarynkydan, serkerdeleriñkiden üýtgeşikdirler. Aýratynam döwleti gurmakda, ony berkitmekde, atlaryny, Magtymguly atamyz aýtmyşlaýyn "Magrupdan Maşryga" ýetirmekde taýsyzdyrlar. Dogry, Oguz hanyñ şahsyýeti rowaýatlar bilen gatyşdyrylyp beýan edilip gelinýär. Emma onuñ hakyky taryhy şahslygyny ilki açan BIZIÑ TÜRKMENBAŞYMYZ boldy. "Türkmenleriñ atasy hasaplanýan Oguz han barada türk taryhçysy Ryza Nur şeýle habar berýär: "Oguz han türkmenleriñ milli pygamberidir. Emma pygamberleriñ arasynda onuñ ady tutulmaýar. Ol diñe Torg ady bilen ibrany (gadymy arap dilinde ýazylan) kitaplarda we Töwratda gelýär. Bu kitaplarda onuñ alty oglunyñ bolandygy, Oguz hanyñ öz ogullaryna bir ýaý, üç sany oky hödürländigi, ýaýy alanlara Bozok, üç oky alanlara Üçok atlaryny berendigi ýazylýar". Ýene-de: "...Ýer ýüzüni zabt edip, bäş sany türk urugyna at beren Oguz handyr. Ol 116 ýyl hökümdarlyk edipdir. Ýöne bu ýyllaryñ wagty häzirki ýyllaryñ ölçeginden az bolmagy we türklere mahsus ýyl ölçegi bolan bolmagy mümkin. Müsüri boýun egdiren bu beýik patyşanyñ agtygy ol ýerde "Hiksos" (giksoslar -t.b.) diýilýän fyrawun kowmuny döredipdir. Hezreti Ybraýym aýaly Sara bilen bu kowmuñ höküm süren zamanynda Müsüre barypdyr. Hezreti Ybraýymyñ miladydan (b.e.ozal) 4000 ýyl öñ ýaşandygyny nazara alsak, onda Oguz han hem miladydan 4000 ýyl öñ dünýä inipdir". (Seret: Saparmyrat Türkmenbaşy "Agzybirlik. Asudalyk. Jebislik", Aşgabat-1994, "Ruh" neşirýaty, tom 2, sah: 100). Oguz hanyñ şahsyýetini taryha baglamak bilen Serkerdämiz onuñ rowaýatçylyk ýokundysyny aýryp, ylma ýol açýar. Indi taryh öz nobatynda şu pikiri çuñlaşdyrmaly we faktlar, çeşmeler dünýäsine nazar aýlamaly. Beýik Serdar ony Ryza Nuruñ "Umumy türk taryhy" kitabyndan almak bilen çäklenmän, Oguz hanyñ guran döwletiniñ ýaýrawyny-da aýnada gören ýaly açyp berdi: "Orhon-Ýeniseý derýalarynyñ boýundan tapylan daş ýazgylaryna esaslanyp, ol ýerleri oguzlaryñ mekany hasapladylar. Taryha düşünmän, taryhy bilmän, şeýle netijä geldiler. Mundan 6 müñ ýyl töweregi ozal Oguz hanyñ guran döwletiniñ demirgazyk serhedi Demirgazyk buzly okeana, gündogar serhedi Pekin şäheriniñ 200 km. günortasyna, günbatar serhedi Demir gala (Günbatar Ýewropa) baryp ýetipdir. Ertir oguzlara degişli ýadygärlikleriñ Ýaponiýadan ýa-da Günorta Amerikadan tapylaýmagy gaty mümkin. Onsoñ biz "Bu topraklara Ýaponiýadan ýa Amerikadan geldik" diýmelimi? Oguzlar häzirki biziñ ýaşaýan topraklarymyzda döräpdirler, ýaşapdyrlar we dünýä ýaýrapdyrlar. Taryhçy alymlar baryp neolit zamanynda Köpetdagyñ eteklerinde we Balkanda, Horezmde we Merwde, Kaspi ýakalarynda we Lebapda türkmenleriñ ata-babalarynyñ ýaşandygyny tassyk edýärler". (Şol ýerde, sah: 101). Umuman, Oguz hana, oguz döwrüne, onuñ guran döwletiniñ dünýä möçberindäki ýaýrawyna çynlakaý, täzeçil, analitiki paýhas bilen ünsi çeken TÜRKMENBAŞYNYÑ özüdir. Eger üns berýän bolsañyz, onuñ 6 tomluk "Eserlerinde" "Oguz han", "oguzlar" sözi häli-şindi dürli döwlet ähmiýetli meseleleriñ içinde getirilýändir. Diñe bir getirilmek däl, onuñ praktiki ýagdaýda janlandyrylyşynyñ, ebedileşdirilişiniñ şaýatlary bolup durýandygymyzy duýmagymyz gerek. Biz onuñ gürrüñini oýlanmalarymyzyñ dowamynda ederis, häzir welin, Oguz hanyñ türkmenleriñ ykbalynda oýnan roluny birneme aýdyñlaşdyrmaga synanyşalyñ. Oña esasy tutaryk "Gorkut ata" eposy, Reşideddiniñ "Oguznamasy", Salar Babanyñ "Oguznamasy", Abulgazynyñ "Şejerei Terakimesi" bolup biler. "Gorkut atada" Oguz han gahryman ýa-da bir obraz hökmünde gatnaşanok. Ol diñe oguz nesli, içoguz, daşoguz şeklinde birnäçe boýlarda gelýär. Şondan çen tutanyñda, Gorkudyñ özüniñ awtor hökmünde Oguz hanyñ özüni däl-de, onuñ birnäçe hereketlerini, umuman, oguzlaryñ böleklere bölünip ýaýramagyny bermegi makul görendir diýip, pikir etmek mümkin. Galyberse-de, 295 ýaşap öten Gorkut dana kişi, akylly wezir hökmünde ýaşynyñ soñraklarynda Oguz hanyñ, Salyr Gazanyñ weziri hem bolupdyr diýip, alymlat tassyklaýarlar. Ähtimal, 1000 ýaşap öten Oguz hanuñ tas soñky aý-ýyllarynda oña wezirlik eden Gorkut onuñ şahsyýet manysynda hemme hereketlerini, söweşlerini, il-güne serenjam beriş aýratynlyklaryny synlap ýetişip bilen däldir, şonuñ üçin ony obraz kaddyna ýetirjek bolup duran hem däldir diýip oýlanýarsyñ. Muña derek ol Salyr Gazany, onuñ ogly Orazy, Biregi, Besedi, Segregi, Töreli begi, Ýekegözi kitabynyñ esasy gahrymanlary edip bilipdir. Çünki, olaryñ işlerini janly Gorkudyñ özi görendir, Salyr Gazanyñ ýakyn adamy-weziri hökmünde muny ýazga geçirmegi dogry hasaplandyr. Eseriñ gurluşy, logikasy şony salgy berýär. Hakykatdanam eposyñ "Bugaç han Derse han oglunyñ boýy": "Derse han aýalynyñ sözi bile uly toý etdi. At, düýe, goýun öldürtdi, içoguz, daşoguz beglerini ýygnady... Baýandyr han oguz begleri bilen bu tomaşa bakyp şatlanardy... Oguz begleri oglanyñ ýanyna üýşüp baryp, oña "berekella" diýdiler. - Gorkut atam gelsin, bu oglana at goýsun" ýaly maglumatlary berýär. Beýleki boýlarda-da "oguz begleri" "Bu "Oguznama", "oguz illeri", "oguz zamany", "oguz erenleri", "oguz elinde", "içoguz", "daşoguz" ýaly sözler häli-şindi gabat gelýär. Bular, esasan, oguzlaryñ hereketini, işini añlatmak bilen baglydyr, emma konkret Oguz han suratlandyrylmaýar. Dogry, "Besediñ Depegözi öldürdigi boýuny beýan eder" diýen bapda "Oguz hanyñ ýylkyçysy", "Oguz bir gün ýaýla göçdi", "Oguz Depegöze kär kylmady" diýen sözlere duşýarys. Ýöne ol sözler ýa-da söz has at, ýagny, hut Oguz hanyñ özi diýen manyda gelmän, umuman, oguz ili, oguz adamy, türkmen diýen düşünjede ulanylýar. Şunuñ bilen "Gorkut atanyñ" öz kitabyndan biz gös-göni Oguz han hakda nähilidir bir takyk maglumat alyp bilmeýäris. Oña derek taryhy mazmunly eserler, taryhçylar Oguz hana, onuñ ýörişlerine belli bir derejede üns beripdirler. Sözi tertip hem wagt çägini saklap Reşideddinden başlalyñ. Reşideddin (XIV asyr) musulman taryhçysy. Ol "Oguznamasyny" howadan alyp ýazmandyr. Onuñ elinde XI asyr meşhur dilçi alymy Mahmyt Kaşgarynyñ "Diwan-lugat at türk" sözlügi bolupdyr, şonda oguzlaryñ şejeresine, taýpa atlaryna getirilýän maglumatlar bolupdyr. Özem Oguz hanyñ ýörişlerini mümkin boldugyça yzba-yz, taryhy hronologiýada berip bilipdir. Oguz hanyñ taryhy gelip çykyşyny yzarlamak, anyklamak özbaşyna mesele bolup, biz onuñ üstünde yzak durmakçy däl. Ýöne Reşideddin onuñ başyny Nuh pygamberden, onuñ ogly Ýafesden, onuñ ogly Gara handan alyp gaýdýar we Oguzyñ hanlar hany derejesinde dünýäniñ köp ýurtlaryny özüne tabyn edendigini nygtaýar. Taryhçy şu ýerde bir gyzykly detaly getirýär ~ oguzlaryñ asyl ýurt tutan ýeriniñ Hasar dagydygyny, şol ýerde oguzlaryñ nebereleriniñ ýaşaýandygyny aýratyn görkezýär. Hasar dagy häzirki Gyzylarbat, Garrygala etraplarynyñ aralygyndaky Hasar dagydyr. (Reşideddiniñ şu maglumatynyñ dogrudygyna Garrygalada, dag eteklerinde, häzirki "Şywlan baba" öwlüýäsiniñ töwereginde tapylýan gadymy gonamçylyklar, dürli täsin tapyndylar hem doly güwä geçýär, şeýle hem Hasar we oña ugurdaş Bäherden etrabynyñ Nohur obasyndaky Manaman daglarynyñ aralygynda gadymy siwilizasiýalaryñ bolandygy barada (goşmaça maglumat üçin şu saýtda goýulan A.Seýutnurowyñ "Ýör, ýollar sökeli" we Hoja Ahmet ahunyñ "Ynsan ruhundan habar" makalalarynda bu barada berýän maglumatlaryna seret -t.b) başga-da gyzykly maglumatlarymyz bar, nobaty bilen olary hem saýtymyzyñ okyjylaryna ýetireris.@Kitapçy) Ýeri gelende aýtsak, biziñ taryhçylarymyz, arheologlarymyz, etnograflarymyz ol dagy, töweregindäki obalary ylmy taýdan ýeterlik öwrenenoklar, diñe ýeterligem däl, asla ony ýatdan çykarýarlar diýip, çekinmän aýtsa bolar. Çünki, şol ýeriñ obalarynyñ adamlary ylym ruhunyñ o topraga heniz aýagynam sekmändigini tassyklaýarlar. Ine, oguzyñ ilkinji gadamlaryny, türkmenleriñ, Beýik Serdarymyzyñ aýdyşy ýaly, gündogardan günbatara däl-de, hut günbatardan gündogara süýşüp gaýdan halkdygyny açmak üçinem şol ýerlerden uşlyby syryp gitmek dogry bolarmyka diýýäris. Şundan soñ Reşideddin Oguzyñ dürli ýurtlara ýörişlerini sanap gaýdýar. Reşideddiniñ görkezmegine görä, olary alym golýazma salgylanmak bilen ýazýar. Şirwan, Şam, Kürdüstan, Rum, Mazenderan, Dehistan, Horasan, Kuhistan ýaly ýurtlaryñ Oguz hanyñ golastynda bolandygyny tassyklaýarlar. Oguz hanyñ şahsyýeti barada alymlar dürli pikirleri öñe sürýärler. Hatda ony hytaý çeşmelerindäki legendar Mode bilen bir adam diýip belleýänler bar. (N.Ýa.Biçurin "Gadym döwürlerde Orta Aziýada ýaşan halklar hakynda maglumatlar ýygyndysy", M-L, 1950, tom 1, sah: 225-226). Elbetde, türkmenleriñ X asyra çenli oguzlar ady bilen hereket edendikleri, soñ taryhda häzirki türkmenler adyna eýedikleri hakda belli fakty ýatlao durmanymyzda-da, ylmy jemgyýetçilik, indi bütin köpçülik diýen ýaly habarlydyr. Oguz hanyñ hereketleriniñ taryhy häsiýeti güýçlüdir we ol "Gorkut ata" çeper eposy bilen jikme-jik dogry gelip bilmeýär. Muny Salar Babanyñ "Oguznamasyny" taýýarlan N.Halymow hem belläpdir. Sebäbi Oguz hanyñ ýer ýüzüne ýaýraýşyny ýazan Reşideddinem, ondan terjime eden Salar Baba-da esasy taryhy ýörelgeden sowulmajak bolup, Gorkudyñ ýazyjylyk, döredijilik, çeperleşdirmek ugruna ýykgyn edendigini duýup, onuñ boýlaryny, başgaça aýtsak, "Gorkut ata" kitabyny taryhy maglumatlaryñ içine girizmekden saklanypdyrlar. N.Halymow şeýle bellik edipdir: "Reşideddin "Gorkut ata" dessanyny hem özüniñ kitabyna goşmak isläpdir, emma soñ bu niýetini amala aşyrmandyr. Salar baba hem "Jamy attawarihi" terjime edende, Reşideddiniñ bu sözlerini getirmek bilen oñýar. Ol "Gorkut ata" dessanyny öz eden terjimesine goşmakdan hem saklanypdyr". ("Oguznama", Aşgabat-1990, "Türkmenistan" neşirýaty, sah: 112). Diýmek, Oguz han hakynda pikir ýöreden alymlaryñ, taryhçylaryñ hemmesi irki döwürlerde-de "Gorkut ata" dessanyndan habarly ekenler. Biz Oguz hanyñ türkmen taýpalarynyñ agzyny birikdirip güýçli döwlet gurandygyna XX asyryñ ahyrynda akylly-başly göz ýetirip, onuñ pähimine, öñden görüjiligine haýran galýarys. Ýöne şonuñ şeýleki gabarasyny aýdyñlaşdyrmakda, ony dünýä ýetirmekde, taryh ylmynyñ dolanyşygyna girizmekde Beýik Türkmenbaşynyñ başda duranlygyna añ etmeýäris. Metbugat ýüzünde "Gorkut ataly" gyzgyn seslenmeleriñ gitmegi, taryh, edebiýat, dil, filosofik nukdaýnazaryndan ýazylan makalalar bize bu meselä düýpli çemeleşmeklige esas berýär. Eger Oguz han türkmeni öz alty oglundan, 24 agtygyndan ybarat uly neberesi bilen Ýer ýüzüne örñäp gitmegine, dünýäniñ köp ýurtlarynda döwlet döredip, goja taryhda öçmez at galdyrmagyna sebäp bolan bolsa, bu gün biziñ DANA, AÝDYÑ MAKSATLY, ÖÑDENGÖRÜJI MILLI LIDERIMIZ TÜRKMENBAŞY halkara tutumly çeýe syýasaty bilen Türkmenistana Garaşsyzlygyny alyp berdi, ony Birleşen Milletler Guramasynyñ hataryna goşdy, Bitaraplyk statusyny alyp berdi. Bularyñ añyrsynda heniz ylmyñ açyp bilmedik kanunalaýyklygy ýatyr. Türkmenbaşy diñe Türkmenistanyñ çägindäki däl, bütin ýer ýüzüne ýaýran türkmenleriñ SERDARYDYR. Bu bolsa entek hiç bir pähim-paýhasyñ bitirip bilmejek işidir, özem parahatçylykly, adamkärçilikli daşary syýasatyñ netijesidir. Onuñ türkmeniñ milli däp-dessurlaryny gaýtaryp bermegi, gadymy medeni-taryhy ýadygärliklerimiziñ dikeldilmegine ýol açmagy, dünýä türkmenleriniñ gumanitar birleşigini döretmegi, Türkmenistanyñ territoriýasyndaky welaýatlaryñ, şäherleriñ, etraplaryñ, obalaryñ, hatda ýüzlerçe köçeleriñ atlaryny-da asyl milli mazmunyna laýyk edip täzelemegi ozalky geçen türkmen paýhaslylarynyñ ýekejesiniñen añyna-huşuna gelmedik BEÝIK REFORMASYDYR. Heniz añymyzdan känbir daşlaşmadyk öñki Krasnowodskiniñ Türkmenbaşy bolmagy, ozalky Daşhowzuñ Daşoguz diýlip üýtgedilmegi, ýañy-ýakynda Çärjewiñ Türkmenabat atlandyrylmagy iññän dury akylyñ miwesidir. Hut Türkmenbaşynyñ özüniñ bu zatlar barada düýpli, uzakdan görüjilik bilen oýlanmagy, käbir ýuka beýinli adamlara ýönekeý sözde Türkmenbaşy şäheriniñ dakylmagynyñ asla öz ady bilen bagly däl-de, taryhdan, añyrdan türkmeniñ başlanýan ýeri bilen bagly bolandygy üçin şeýdilendigini, Daşhowzuñ Oguz hanyñ neberesi daşoguzlaryñ asyl mekanydygy, irki wagtlarda şeýle atlandyrylandygy üçin şeýdilendigini nygtamagy, Çärjewiñ Türkmenabatlygynyñ añyrsynda tutuş Türkmenistanyñ geljek asyrlarda, belki müñýyllyklarda abatlygynyñ nyşany manysynda üýtgedilendigini düşündirmegi adamyñ adaty pikirleniş derejesinden kän ýokary pähimiñ hasylydyr. Ony Merhemetli Serdarymyzyñ 1999-njy ýylyñ 10-njy iýunynda Daşoguz welaýatynyñ ilatynyñ öñünde sözlän sözi has-da aýdyñ görkezýär: "Daşoguz welaýatynyñ baý taryhy bar. Biziñ ata-babalarymyz elmydama şu ýerde ýaşapdyrlar, bu toprak türkmeniñ ata-babalarynyñ göbek ganynyñ daman topragydyr. "Gorkut ata" eposyny hemmäñiz okansyñyz. Müñlerçe ýyl mundan ozal biziñ ata-babalarymyzyñ ýurdunda daş oguzlar, iç oguz bolupdyr. Siz ~ daş oguzlar. Oguzlaryñ daşyny gorap oturan oguzlar... Oguz hanyñ Gün han diýen oglunyñ nesilleri ýaýrap-köpelip daş oguzlary emele getiripdirler. Salyr Gazanyñ baştutanlygynda her ýylda daş oguzlar we iç oguzlar jemlenip toý tutup, agzybir ýaşapdyrlar. Soñ kimdir biri ara çöp atypdyr. "Salyr Gazan öten ýyl bizi toýa ýygnamady" diýip, daş oguzlaryñ serdary Oraz han öýke-kine edipdir. Birazajyk düşünişmezlik bolupdyr. Soñ ýaraşypdyrlar. Salyr Gazanyñ özi ýörite gelip, daş oguz begleri bilen duşuşyp, ýañadan doganlyk gatnaşyklaryny açypdyr, bütewi türkmen döwletini gurupdyr. "Gorkut ata" kitaby baryp mundan 1500 ýyl ozal ýazylypdyr. Şol wagtlar siz oguzlaryñ daşragy (uzagragy) diýip atlandyrylypsyñyz. Türkmeniñ nesil daragtynda hemmämiziñ kökümiz birdir. Hemmämizem oguzlardan. Oguzlar ýaşan döwürlerinde uly gahrymançylyk görkezip, ene topragy gorap saklapdyrlar. Türkmeniñ taryhynyñ gatlary barha açylyp gidip otyr. Biz şol esasda nähak ýoýlan ýer-ýurt atlaryny dikeldýäris". Eger içgin synlasak, Beýik Serdaryñ özi hut Oguz han, Salyr Gazan ýaly türkmeniñ aýagy düşen hemme ýere gidip, onuñ agzybirligini saklamak üçin ähli tagallalary edýär. Ir wagtlarda türkmenler bir ýerde ýurt tutanlarynda, şoña at berenlerinde tebigy hadysalary, nämedir, haýsydyr haýwanyñ keşbini añladýandygyndan ugur alyp atlandyrar ekenler. Meselem, Düýeboýun, Gaplañgyran, Aýydere, Giñdere, Ýylgynly, Ýylanly diýen ýaly. Emma döwür üýtgeýär, döwlet jemgyýet hakyndaky düşünjeler kämilleşýär, halkyñ ruhy täzelenýär, baýlaşýar, milletiñ öz taryhyna, geçmişine, ýeten derejelerine guwanjy artýar. Onsoñ oturan, ýaşaýan ýerlerine zamananyñ ruhuny berip biläýjek, jemgyýetçilik mazmunyny añladyjy at bilen çalşyrýarlar. Daşoguz welaýatyndaky Düýeboýun kanalyna Türkmen derýasy, Garagum kanalyna Garagum derýasy diýip, Beýik Türkmenbaşynyñ at bermegi tüýs ýerine düşüpdi. Biziñ Garaşsyz döwrümizde ata-babalarymyzyñ ruhuny, türkmen ruhuny dikeltmeklige, gaýtaryp getirmeklige döwlet möçberinde ähmiýet berilýär. Bu tutumlaryñ hem añyrsynda Türkmenbaşymyz dur. Ozalky SSSR döwründe halklaryñ, ýagny, şonuñ düzümine girýän respublikalaryñ taryhy ýoýuldy, şahsyýet bolsa ownap, ýitmei derejesine çenli pese düşdi. Geçmişde yz galdyran Oguz han, Salyr Gazan, Magtymguly, Gorkut ata, Görogly, Baýram han dagy ozalu bilen beýik şahsyýetler bolupdyrlar. Şahsyýet ýok ýerinde taryhda çuñ yz galdyrýan işleri edip bolmaýar. Türkmenbaşy zamanymyzyñ ýetişdiren BEÝIK ŞAHSYÝETIDIR. Şonuñ üçin hem onuñ hyzmatlary Oguz hanyñ derejelerinden juda-juda belentde durýar. Çünki, Oguz han nähili uly türkmen döwletini guranam bolsa, ony saklap, asyrlardan asyrlara uzap gitjek aýdyñ ýoly tapyp bilmändir, türkmen özara agzala bolany üçin, dürli taýpa-tire uruşlary netijesinde çar tarapa dargapdyr, haýsy ýurtlarda nähili döwlet guranam bolsalar, bular çeýe işlenen syýasy birligiñ ýoklugy zerarly dargapdyr. Beýik hwm dana ÝURTBAŞYMYZ şony ilki duýup, muña ýol berilmezligini nygtap, şeýle diýdi: "Greklerde "Ahillesiñ dabany" diýen bir söz bar. Türkmenler üçin "Ahillesiñ dabany" tire-taýpaçylyk, milletçilik gürrüñleridir. Biziñ garaşsyz döwletimize, abadançylygymyza görübilmezçilik edýänler, ägirt uly baýlyklarymyza göz gyzdyrýanlar bizi şu "Ahillesiñ dabany" diýilýän ýerimizden bulaşdyrjak, çaýkajak bolýarlar. Ýedi-sekiz asyrlap edilip gelnişi ýaly, tire-taýpaçyllyk ýa-da milletçilik taýagy bilen türkmeni dürtgülejek, ony oýnajak bolarlar, dawa-jenjele goşup, soñundanam "Agzyny alart-da höküm sür" diýen imperiýa syýasatyna görä, başyna gulçulyk külpetini inderjek bolarlar. Men türkmen halkynyñ indi muña ýol bermejekdigine, nijeme asyrdan soñ ýüzi düşen döwletiniñ garaşsyzlygyny, agzybirligini gözüniñ göreji ýaly gorajakdygyna, munuñ üçin mähriban halkymyzda intellektiñ-de, gaýratyñ-da añryýany bilen ýetikdigine çuññur ynanýaryn". (Saparmyrat Türkmenbaşy. "Garaşsyzlyk. Demokratiýa. Abadançylyk". Aşgabat-1994, "Ruh" neşirýaty, tom 1, sah: 22-23). Beýik Serdar türkmeniñ özüniñ gylyjy, aty, halysy bilen dünýä tanadandygyny tassyklaýar. Ol Oguz han, Görogly, Keýmir kör, Nurberdi han, Gowşut han döwrüniñ serişdeleridi. Indi türkmen özüni dünýä akyly, paýhasy, medeniýeti, sungaty, edebiýaty bilen tanatmaly diýende örän mamladyr. Ine, Türkmenbaşynyñ artykmaç genial tarapy! Türkmenbaşynyñ ynsanperwerlikli ýiti syýasaty netijesinde taryhymyzyñ açylmadyk sahypalary tapylýar, dikeldilýär, anyklanýar. Halkymyzyñ taryhy täzeden ýazylýar. Edebiýatymyzyñ taryhy täzeden ýazylýar. Dilimiziñ taryhy täzeden ýazylýar. Şu ugurlaryñ hemmesinde Serdaryñ taglymatyndan ugur alynýar. Bu bütinleý täze ylmy metodologiýanyñ miweleri bolýar. Bu gün ozal diñe SSSR kartasynda ady görkezilip, özi tanalmadyk Türkmenistany dünýä bilýär we ykrar edýär. Şunuñ özüniñ gymmatyny, ähmiýetini açyp añyrsyna çykar ýaly däl ahyryn. Biz Türkmenbaşyny özümiziñ öñki geçen beýikliklerimize deñşp oturmaly däl-de, BU MILLI FENOMENIÑ ÖZÜNIÑ ÄGIRTLIGINI açmaga borçludyrys. Ol ýeke BEÝIK SYÝASATÇY bolman, BEÝIK TARYHÇYDYR, BEÝIK PSIHOLOGDYR, BEÝIK JEMGYÝETÇILIK ~ DÖWLET REFORMATORYDYR! Şu ýerde biziñ milli publisistlerimiziñ onuñ täsin taraplaryny açmaga ylymlaryñ, edebi žanrlaryñ beýleki wekillerinden has artyk goşant goşýandyklaryny çekinmän aýdyp bilerin. Men Hudaýberdi Diwangulyýewiñ, Annamyrat Poladowyñ, Kakamyrat Ballyýewiñ, Akmyrat Hojanyýazowyñ kitaplaryny, makalalaryny nazarda tutýaryn. Ýöne bular ýeterlik dälmikä diýýärin. Merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy "ELITA" žurnalynyñ habarçysynyñ sowallaryna beren şeýle bir jogaby publisistlerimizi, syýasatşynaslarymyzy oýlandyrsa gerek. Ol şeýle añk ediji pikiri aýty: "Eger-de men häzir Seljuk soltanlarynyñ biriniñ adyny aýdaýsam, siz Nyýazow Seljuklaryñ imperiýasyny dikeltmek hakynda arzuw edýär diýip aýtmarsyñyz ahyryn? Bu zatlaryñ hemmesi örän şertleýin zatlardyr. Geçmişin syýasatçylary barada aýdanyñda bolsa, onda Uinston Çerçill maña ýaraýar. Ikinji jahan urşy wagtynda iñlis goşunlary Dýunkerkde derbi-dagyn edilipdi we nemes diwiziýalarybyñ britan adalaryna aralaşmaklaryna iş ýüzünde hiç hili päsgel bermeýärdi. Angliýa üçin şu agyr wagtda Çerçill häkimiýetiñ başyna geçmäge, şonuñ bilen birlikde hem milletiñ ykbaly üçin uly jogapkärçiligi öz üstüne almaga özünde güýç we gaýrat tapdy. Ol tutanýerliligi, akyly, syýasy intuisiýasy netijesinde bolmaly ýa-da bolmaly dälmi ~ diýen sowaly hakykatda çözdi. Kommunizmiñ baryp ýatan duşmany diýip hasap edýändiklerine garamazdan, Çerçill geljekde geleşikleri gözlemegiñ we parahatçykykly ýaşamagyñ zerurlygyna Günbatarda ilkinjileriñ biri bolup düşündi". (Saparmyrat Türkmenbaşy. "Milli, ruhy we ykdysady galkynyş" Aşgabat-1994, "Ruh" neşirýaty, tom 3, sah: 58-59). Şu setirleriñ añyrsynda nähili syýasy, psihologik paýhasyñ ýatandygy hakynda biz ýeterlik oýlanýarysmykak? Geliñ, pikir edeliñ! SSSR dargap ugranda, belli-külli dargap, her respublika öz ýoluny saýlap ugranda S.A.Nyýazowyñ oýnan roly, türkmen halkynyñ ykbalyndan AK GÜN bolup dogmagy Angliýanyñ öñünde Çerçilliñ bitiren hyzmatyndan artyk bolmasa kem däldir! Eger şo-ol nirä gitmeli, ertekilerdäki ýaly "gitse-geler", "gitse-geljegi gümana", "gitse-gelmez" ýollar keserip durka, S.A.Nyýazow bolman, başga biri bolaýanlygynda nähili bolardyka diýip oýlanýaryn. Şu güne ýetenimize bolsa, Hudaýa şükür edýärin. Beýik Türkmenbaşa, onuñ paýhasyna minnetdarlyk bildirýärin. Indi pikir edip görüñ ~ biziñ MILLI LIDERIMIZ Günbatar we Gündogar syýasatçylarynyñ iñ oñaýly, iñ asylly we iñ progressiw syýasy paýhaslaryny özünde jemlän SYÝASY-JEMGYÝETÇILIK-DÖWLET SERKERDESIDIGINI iş ýüzünde äleme jar etdi. Häzir pikir edip görsek, käbir döwlet ýolbaşçylary bolubilse ýa döwlet işgäridir, ý jemgyýetçilik işgäridir ýa-da syýasy işgärdir. Emma şu ÜÇ ZERURLYGY ~ syýasy, jemgyýetçilik-döwlet işgäri bolup öñe saýlanmagy başaran däldir. Türkmen gaýratly, türkmen paýhasly, türkmeb ruhly, türkmen ganly, türkmen dilli, türkmen pälli SAPARMYRAT SERDARYMYZ şony özünde jemläp bildi. Men dünýä ýolbaşçylarynyñ birnäçeleriniñ memuar häsiýetli kitaplaryny okadym. Olaryñ döwlete, jemgyýete, şahsyýete, umuman, adamzada garaýyşlary bilen tanyşdym. Emma öz MILLI GUWANJYMYZ, MILLETIÑ ATASY derejesine göterilen TÜRKMEMBAŞYMYZYÑ çuññurlygy, uniwersallygy, ýitiligi, täsirliligi, milliligi, obýektiwligi, bütindünýä peýdalylygy, öñdengörüjiligi, watançylygy, gönümelligi, batyrgaýlygy ýaly SYÝASY PAÝHASA duşmandym. Şonda Oguz hanyñ ogullaryna ok-ýaý paýlap berşini, ony nähili edende döwüp bolýandygyny, nädeñde syndyryp döwüp bolýandygyny ýönekeý usulda subut edişini, indi bu tymsalyñ XX asyryñ ahyrynda, türkmeniñ Altyn asyry boljak XXI ýüzýyllygyñ bosagasynda Saparmyrat Türkmenbaşynyñ dilinde başgaça mazmunda ýañlanyşyny eşidip, OGUZ HAN we TÜRKMENBAŞY sepleşigi hakyndaky oýlanmagy, şol oý-pikirleri okyja ýetirmegi arzuw etdim. Eger Oguz han 6 ogluna 6 ok-ýaý berip, ýurdy saklamagy wesýet eden bolsa, Türkmenbaşy bäş millionly türkmen halkyna 6 sany beýik düşünjäni açyp berdi: GARAŞSYZLYK, DEMOKRATIÝA, ABADANÇYLYK, AGZYBIRLIK, ASUDALYK, JEBISLIK! Bu gadym Oguz hanyñ arzuw-hyýallarynyñ Türkmenbaşynyñ iş ýüzüne geçirmeleridir. Durdymuhammet NURALYÝEW. "Edebiýat we Sungat" gazeti, 13.08.1999 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |