12:53 Golýazmaly geçen günler | |
GOLÝAZMALY GEÇEN GÜNLER
Edebiýaty öwreniş
Gadymy golýazmalar halkymyzyñ taryhyndan, edebiýatyndan, medeniýetinden söhbet açýar. Ýöne ol sowet ýyllarynda gadymdan galan milli golýazmalara şa ýoly açylmandy. Olar tozana-çaña baslygyp ýatyrdy. Emma şeýle ýagdaýda-da gadymy golýazmalaryñ syryny açmaga, oña düşünmäge synanyşan adamlar bolupdy. Şolaryñ biri hem Geldi Nazarowdy. Biz onuñ bilen şol wagtky Magtymguly adyndaky edebiýat institutynyñ golýazmalar fondunda az wagtlyk işläpdik. Tizden men ol ýerden aspitantura gitdim, ol welin, gadymy çeper hazynanyñ içine çümüp galdy. Indi hasap edip otursam, Geldi Nazarow şol seýrek hazynanyñ arasynda ömrüniñ kyrk ýylyny geçiren eken. Ol az möhlet däl. Ýokary okuw jaýyny gutaryp, tä ömrüni soñky günlerine çenli bir ýerde, bir kärde bile işlemeklik bagty berlen eken. Men aspirantura girenem bolsam, daşa gitmändim, şol institutyñ çäginde, ýöne edebiýat teoriýasy we çeper tankyt bölümindedim. Geldiniñ saýlap alan ugry biçak kyndy, hemme çeşmeler köne arap hatyndady, özünem köp ýerlerden toplap getirmelidi ýa-da ozal şeýle ýol bilen ýygnalan, saýgarmasy, okamasy hyllalla edebi çeşmelerdi. Häsiýetem birneme gyñyrrak bolansoñ, iñ gadymy golýazmalar onuñ lapyny keç edýärdi, ýöne yhlasy uludy, bir ýapyşan zadyny gijikdirmeýärdi, dessine many-mazmunyny çykarardy. Meniñ muny aýratyn nygtamagymyñ ýeterlik sebäpleri bar. Häzirki zaman edebiýatynyñ meselelerini işleýänleriñem öz kynçylyklary bardy, ýöne köne ugurdan işleýänleriñki ýaly däldigini aýtmak gerek. Sähel nokadyny galdyryp okasañ başga many berip duran sözler, setirler, bentler golýazmalaryñ düýp kynçylygydy. Geldi şolara gara zähmetini siñdirýärdi. Men "gara zähmet" diýsem, köpleriñ geñ görmegi mümkin, ol kerpiç guýýarmydy, laý çekýärmidi, jaý salýarmydy diýmeklerem mümkin. Hawa, hut şeýledi. Birinjiden-ä, ol hut elleri bilen dyrmap, peşäp, gije-gündiz hasyrdap Aşgabadyñ günorta baýyrlyklarynyñ kyn ýerinden özüne uzak ýyllap jaý salnypdy, bu biçak uzaga-da çekipdi. Ýöne köne golýazmalary "gepletmek" ondanam güzapdy, gara zähmetdi, sen gözüñi gat-gat gara äýnek dakybam arapça ýazylan bir bulaşyk sözi okyja düşündiräýjek bolsañ, janyñy ýakarsyñ. Beýle iş adamyñ nerwlerine täsir etmän duranokdy. Galyberse-de, ol esasy işiniñ daşyndan "XIX asyr Horezm türkmen edebiýatynyñ taryhyndan" diýen kandidatlyk dissertasiýasynyñ üstünde işleýärdi. Şu ýerde okyjylara edebiýatymyzyñ käbir "syrjagazlary" hakynda aýdasym gelýär. Onuñ taryhy biçak çylşyrymly, özem her döwrüñ ýiti aýratynlyklary bar. Horezm ýurdy şolaryñ biridir. Ondan Aşyky, Çary Afzal ýaly şahyrlar çykdy. Bularyń eserlerini halka ýetirenem Geldiniñ özüdi. Şeýle derñewleriñ çygry barha giñeýärdi. Ol müñlerçe "Türki dilli golýazmalaryñ katalogyny" düzdi. Indi okyjy şol boýunça islän golýazmasyny nomer boýunça buýrup, alyp okap bilýärdi. Ýöne Geldiniñ esasy uly işi XVII asyryñ ahyrynda, XVIII asyryñ başynda ýaşap geçen Nurmuhammet Andalybyñ döredijiligidi. Bu şahyryñ lirikasy, ylaýta-da poemalary, dessanlary şu alymyñ elinden geçipdi. "Nurmuhammet Andalyp, Ýusup-Züleýha. Tankydy tekst" atly saldamly işi şonuñ galamyna degişlidi. Soñ şu iş esasynda ol 1991-nji ýylda doktorlyk dissertasiýasyny gorady. Ony opponirlänleriñ biri özümdim. Aslynda alymyñ işi diñe goralan dissertasiýalar bilen ölçelmeýär, umumy edilen işler bilen kesgitlenýär. Nazarowyñ redaktirlän işleri, dessanlary, ýygyndylary az däl. Milli garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soñ, Magtumgulynyñ şygyrlarynyñ üç tomy okyja hödürlendi. Şonda-da Geldiniñ uly goşandy bardy. Dogrusy, beýik şahyryñ 250 ýyllyk ýubileýinde çykarylan iki tomluga hem ol gatnaşypdy. Men metbugat ýüzünde çykan saldamly makalalarynyñ hasabyny aýdamok. Olar kän. Ozalky totalitar döwründe çykman ýatan dessanlar hem ýok däldi. Şolaryñ biri hem "Tulum hoja" dessanydy. Şony redaktirlemäge adam höwesek bolmandy. Emma ol redaktorlyk jogapkärçiligini boýnuna alypdy. Pikirlenip otyrkam, bir ýagdaý ýadyma düşýär. Geldi ikimiz ýetmişinji ýyllarda tomus Pöwrizede dynç alýardyk. Şonda men doktorlyk dissertasiýamyñ taslamasynyñ üstünde işleýärdim. Ýöne ony hiç kime aýdamokdym, diñe institutyñ umumy iş meýilnamasyna laýyk iki ýyllyk iş edip alypdym. Çünki, añyrsyna göz ýetirmän, ile-güne: "Men doktorlygyñ üstünde işleýärin" diýip ýörmek gelşikli däl. Ýöne alymlar bilen özara pikir alşanymyzda, onuñ kyndygyny, çylşyrymlydygyny aýdýardylar. Geldi bilen on günläp şonuñ maslahatyny etdik. Ol hem Andalybyñ tankydy tekstini ýañy çap edipdi. Ine, günleriñ birinde meniñem, onuñam işiniñ üstünden tankyt perdesine bukulyp, betniýetli dildüwşük başlandy. Bu sowet döwrüne ýoñ bolan zatdy. Şonda onuñ köp ruhy azar çekeni ýadymda. Emma ikimizem şol işlerimizi ahyryna çenli alyp çykypdyk. Ol şeýlebir gürrüñçi adamlaryñ hilinden däldi, ýöne özüne ýakyn görýän adamlary bilen pikir alyşmagy, agyr ýagdaýlary paýlaşmagy halaýardy. Institutyñ kärdeşler öñki profsoýuz) guramasynyñ başlygy wagty ol köp adamlara hemaýat hem edipdi. Ylymda nämedir bir zady beýlekilerden üýtgeşik, täzeçe açyp bilmek añsat däl. Ol hemmelere başardanok. Nurmuhammet Andalyp türkmen edebiýatynda uly şahsdyr. Onuñ döredijiligi orta we klassyky edebiýatyñ sepgidinde durýardy. Şahyryñ doglan, ýogalan ýyllary dürlüçe berilýärdi. Geldi onuñ döredijiliginiñ üstünde giñişleýin iş alyp barany üçin, meniñ ýanyma köp gelerdi. Her bir eseriñ mazmun düzümi, stili alyma köp zatlary aýdýardy. Şonuñ üçin Andalybyñ 1710-njy ýylda doglup, 1770-nji ýyllar töwereklerinde ýogalypdyr diýlip berilýän köne fakt Geldini iñkise goýýardy. Ol ahyr gözlegler netijesinde onuñ 1660-1740-njy ýyllarda ýaşap ötendigini taryhy çeşmeler esasynda anyklady. Ömrüniñ soñky ýyllarynda ol türkmen klassyky edebiýaty sektoryna müdirlik etdi. Bu hem golýazma bilen iş salyşmagy, hem ylmy-barlag işlerini geçirmegi talap edýärdi. Döwür üýtgäpdi, Milli Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soñ, biz edebiýatymyzyñ täze taryhyny ýazmalydyk. Sowet döwründe doly öwrenilmäge mümkinçilik berilmedik gadumy golýazmalaryñ syryny açmalydyk. Bu kyn işdi, özem köp wagt, köp zähmet talap edýärdi. Geldi şol ýyllar köp işledi. "Ýusup-Züleýhany" täzeden gözden geçirdi. Aly Mihrhojaoglynyñ "Kyssaýy-Ýusubyny" çapa taýýarlady. Bu onuñ iñ soñky işimikä diýýän. Çünki, ol näsaglapdy. Umuman, ol aşgazandan hem ejir çekýärdi, hemişe atgulak iýip, düýe çal içip ýörenini bilýärdim. Şol ýyllar ol "Türkmen edebiýatynyñ taryhynyñ" birinji tomunyñ üstünde işleýärdi. Saglyk ýagdaýy kynlaşsa-da, ol günde-günaşa instituta gelip gidýärdi. Her gezek ol meniñ ýanymda oturýardy. Zehinli ogly Atabaýyñ hem ylmy ýolbaşçysy bolamsoñ, (ol soñ filologiýa ylymlarynyñ kandidaty derejesini aldy) Geldi edebiýatyñ meselelerini hökman meniñ bilen gözden geçirýärdi. Nägehan kesel onuñ gürlemegini, iýip-içmegini kynlaşdyrdy. Şonda ol maña hat üsti bilen ýüzlenerdi. Tomuñ aladasyny edýärdi. Men şonuñ gürrüñini etme, özüm, beýleki ýigitler seniñ isleýşiñ ýaly taýýarlarlar, kömek ederin diýýärdim. Şeýle hem etdik. Tom neşire taýýarlandy, şonda G.Nazarowyñ hem goşandy görnükli orun tutdy. Il-güni üçin iş bitiren alymlar, şahyrlar, ýazyjylar hiç haçan ýatdan çykanok. Olaryñ hatyrasy Garaşsyzlyk eýýamynda has hem belent tutulmalydyr. Durdymuhammet NURALYÝEW, professor. #edebiyatwesungat | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |