14:40 Tankyt onuñ ykbaly | |
TANKYT ONUŇ YKBALY
Edebi tankyt
• Abdylla Myradow we türkmen edebi-çeper tankydy Bu düşünjeleri biri-birinden aýry göz öňüne getirmek mümkin däl. Tankydyň gapdalynda goýulýan “çeper” sözi-de Abdylla Myradowyň ady bilen baglanyşyklydyr. Ol türkmen tankydyna janlylyk, şowhunlylyk, operatiwlilik, dogumlylyk berdi. Türkmen sowet edeýiýaty bilen proffesional tankydyň kemala gelşini baglanyşykly hasaplaýan alymlar mamladyrlar. Irki ýigriminji ýyllardan bäri tankyt özbaşdak edebi žanr hjökmünde we onuň dürli döwürlerdäki wekilleri çeperçilik prosesi bilen aýakdaş gitdiler. Sene ýagdaýy nazara alnanda, Abdylla Myradowa çenli türkmen tankydy edebiýat meýdanynda ýigrimi ýyllap hereket etdi. Onuň Oraz Täçnazarow, Gurban Sähedow, Hally Şahberdiýew, Ruhy Alyýew, Aman Kekilow, Mämmetdurdy Annagurdow, Ata Kerimow ýaly wekilleri bardy. Olaryň hersiniň öz tankydy stili, öz ýoly bardy. Bularyň käbiri, meselem, O.Täçnazarow, K.Şahberdiýew, G.Sähedow tankyt hojalygynda az wagtlyk hereket eden bolsalar, birnäçesi, aýdaly, R.Alyýew, A.Kekilow, M.Annagurdow uzak ýyllap bu žanryň wepaly eseriliginde galdylar. Emma tankydyň ETAPLAÝYN häsiýet hakda aýdylanda, O.Täçnazarow bilen A.Myradow ykbaldaşdyrlar. Şuny nazara alanymyzda, A.Myradowdan öň özüniň söweşjeňligi, operatiwligi, sosial-çeper garaýşynyň çuňňurlygy, professional kämilligi taýyndan O.Täçnazarow özbaşyna bir etapdyr. Bu hakykatdanam şeýledir. Turuwbaşdan otlukly tankydy bilen ok bolup, döredijilik meýdanyna atylyp çykan bu zehin professional tankydy esaslandyrdy diýse bolar. Bu hadysady, wakady, şahsyýet möçberindäki tankydy zehindi. Ol hakda adaty sözler bilen bilen pikir öwürmek mümkin däl. Çünki, ol rýadowoý makalaçy ýa-da rýadowoý synçy däldi-de, täze dörän türkmen edebi prosesine problemalylyk, çuňluk hem çeperçilik berip bilmäge ukyply tankydy paýhasdy. Bu döwür otuzynjy ýyllardy. Tas hemme žanr, eger poeziýany hasaba almasak, ýaňy döreýärdi. Edebi tankyt üçin welin juda hem täzelikdi. Şu jähetden alnanda, gaýduwsyz Belinskiniň sözi bilen häsiýetlendirsek, tebigaty, pafosy, naturasy boýunça O.Täçnazarowdan başga birini tankyt žanrynyň gapdalynda goýup boljak däldi. Biz ETAP, PROSES diýen sözleri ýönelige agzamzok. Umuman döredijiligiň, aýratynam, her bir žanryň taryhynda ösüşiň, kulminasion nokadyň, gaýtalanmasyz etaplary bolýar, onuň ýalkymly wekilleri peýda bolýar. Taryh şol hadysany ýüze çykaryjy bolsa, adamlar ony anyklap, kesgitläp, adalatlylyk bilen jar edijiler bolmalydyr. O.Täçnazarow otuzynjy ýyllaryň, A.Myradow bolsa ellinji ýyllaryň ortalarynyň täsin tankydy etaplarydyr. a.Myradowyň ilkinji tankydy makalasy “Türkmen sowet edebiýatynda hüşgärlik temasy” bolup, ol “Sowet edebiýaty” žurnalynda 1954-nji ýylyň 15-nji sanynda çap edilipdi. Gujurly tankytçynyň hasylly ýoly şondan gaýdypdy. Onuň iň soňky tankydy makalasy bolsa “Döwrebaplykmy? Geliň, düşünişeliň” ady bilen 1974nji ýylyň 25-nji dekabrynda “Edebiýat we sungat” gazetinde çykypdy. Şondan on-ýigrimi günden soň , 1975-nji ýylyň 13nji ýanwarynda bu ýalkymly zehin duýdansyz... öçdi. Heniz kyrka-da ýetmedik, ömrüniň ýigrimi ýylynyň sagadyna, gününe çenli edebi tankyda bagyşlan bu zehin öňbaraga goýberilen ýalydy. Onuň tozanyny kowalaýanlar köpdi, öňüni welin hiç kime bermän, aramyzdan gitdi. • Hüşgärlik we döwrebaplyk Gysga ömründe edebi tankytda köp iş bitiren zehiniň baş aýratynlygy şundady. Ilkinji makalasy bilen soňky çykyşynyň ruhunyň bitewiligine oturyp-oturyp haýran galýarsyň. Döredijilikde juda seýrek duşýan şol umumy birlik hemmelere miýesser etmeýär. • Hyjuw we gaýduwsyzlyk Megerem, bu onuň tankydy zehininiň ikinji alamatydy. A.Myradow adaty makalaçy ýa adaty resenzent däldi. Onuň ýazýan işlerinde obýektiň özünden çykýan kän pikirler bar. Şeýle ýagdaýy, belki, özi-de duýmasa-duýan däldir. Zehinler şeýle hem bolmaly. • Operatiwlik we hoşniýetlilik Ähli tankydy mirasy ylmy nukdaýnazardan öwrenilende, A.Myradowda her bir edebi hadysa çalt seslenmek, täze çykýan kitaplary okyjy köpçüligine tizden-tiz ýetirmek, propogandireýjilik ukyby, ýazyja, şahyra ýetmez ýerlerini päli päklik bilen duýdurmak sypatlarynyň jemlenendigini görmek bolýar. Onda zehini inkär ediji nigilistik meýil ýok. Muňa derek ynam we umyt bar. Isle, B.Kerbabaýewiň “Aýgytly ädimi”, isle, A.Kekilowyň “Söýgüsi”, isle, N.Jumaýewiň “Ak deregi”, isle-de, ýaşlaryň ýygyndysy “Bahar buşlukçysy” hakda ýazsyn, ol hemişe zehiniň ösmegine umyt baglapdy. Dogry, onuň otlukly çykyşlaryny halamaýanlar, SSKP MK-niň Baş sekretary M.S.Gorbaçýowyň SSKP XIX Bütinsoýuz partiýa konferesiýasynda nygtap aýdyşy ýaly, “döredijilik gözleglerini gahar bilen garşylaýan... adamlar hem” bolupdy. Hatda ol şu garaýyşdan ruhy hem fiziki taýdan ejir çekmeli bolupdy. Tankydyň paýyna düşýän bu melamatdan, megerem, hiç kim halas däl bolsa gerek. Emma uly edebiýat ugrunda göreşýän, çeperçiligiň mähek daşy hasaplanylýan bu žanryň hiç bir wekiliniň öz gahrymanlaryndan – ýazyjylardan, şahyrlardan, göwün-garyn etmäge haky ýokdur. Çünki, ol ýokary missiýany – çeperçilik hem ideýa goragyny ýerine ýetirýär ahyryn! Tankyt üçin ýazyjynyň göwni däl-de, edebiýatyň göwni has mukaddesdir. • Publisistika we belletristika Ine, bu alamatlar hem A.Myradowyň tankytçylyk ruhuna dogry gelýärdi. Köplenç halatda az faktlary köp öwüşginde suratlandyrmaga ezber tankytçy okyjyny gyjyklamaga, ýazyjyny, şahyry gyzyşdyrmaga ussatdy. Şonuň üçin onuň hiç bir makalasy biparh geçmeýärdi. Mydama bolmasa-da, köplenç jedeliň başy bolýardy. Şeýlelik-de, öz edebi-tankydy garaýyşlarynda hüşgärligi, döwrebaplygy, hyjuwy, gaýduwsyzlygy, operatiwligi, hoşniýetliligi publisistik we belletristik äheňi jemälp bilen A.Myradow özbaşdak ETAP manysynda taryha girdi. 1954-1974-nji ýyllar aralygynda, tegelek ýigrimi ýyllap, ol edebi tankydyň iň aktiw we söweşjeň esgeri hasaplanyldy. Alym hem ýazyjy A.Myradow ozaly bilen tankytçydy. Ony türkmen we doganlyk respublikalaryň okyjylary, sowet okykysy-da tankytçy diýip tanaýardy. Onuň “Rus-türkmen sowet edebiýatlarynyň hyzmatdaşlyk taryhyndan” (1959), “Edebiýatymyz hakda oýlanyp” (1961), “Rus-türkmen edebi gatnaşyklarynyň taryhyndan oçerkler” (1963), “Rus gardaşym” (1966) rus hem türkmen dillerinde çykdy. “Iliň-günüň halany” (1968), “Muňa durmuş diýerler” (1971), “Hoşniýetli maslahatlar” (1981) ýaly kitaplary bibliografik seýrek çeşmelere öwrüldi. Entek toplanyp, çap edilmeli makalalary bolsa, sanardan kändir. Rus-türkmen edebi gatnaşyklary onuň ömürboýy işlän uly problemasy. Şondan kandidatlyk ady alypdy. Bu meselä ýüzlenmeginde onuň mugallymy A.Kerimowyň, soňky ýyllarda bolsa R.Alyýewiň täsiri uly bolupdy. Bu onuň ylmy ugrudy. Ýöne talant babatda aýdylanda, tankyt birinjidi, ylym ikinjidi. Çünki, ol tankytda “ýanyp” bilýärdi, hyjuwlanyp, pälwan göwresini hereketlendirip, neşeli gürleýärdi, gyzmaçlyk edip ýazýardy. Ylma gezek gelende welin, ol parahatdy, çünki, ylym uzak derňewi, dowamly paýhaslanmagy talap edýär. Emma şu iki žanrda-da ol iş bitirmegiň hötdesinden geldi. “Türkmen prozasy rus tankydynda” diýen işi göwrüm taýdan uly bolup, onda iki žanryň sintezi saklanýar. Rus tankydy synlaryny, makalalaryny, çykyşlaryny siklleýin derňäp, öwrenip, tutuş kyrk ýyla golaý (1934-1970-nji ýyllar) wagty analizlän A.Myradow gaty kän awtorlaryň, ummasyz materiallaryň içinden rus-türkmen edebi gatnaşyklarynyň ýumagyny çözlemegiň hötdesinden geldi. Şol iş ony uzak taryha tarap – Pýotr Birinjiniň zamanyna, Puşkiniň arhiwine äkitdi. Ýene dolap Moskwadaky Merkezi Döwlet Edebiýat we sungat arhiwine getirdi, meşhur Peredelkinonyň ýaşaýjylary M.S.Şaginýan, L.M.Leonow, W.Iwanow bilen duşurdy. Aslynda otuzynjy ýyllarda Türkmenistana iki sapar gelen we henize-bu güne çenli abyrsyz çeperçilik hyzmatyny bitiren rus ýazyjylarynyň döredijiligi A.Myradowyň “aýdymydy”. Şundan ol milli aýratynlygy-da, öz ürç edip ýazyşy ýaly, “internasional öwüşginleri-de” tapypdy. Professional tankytçy hökmünde onuň kuwwat tapýan klassyky çeşmesi bardy. Ol Belinskiniň, Çernyşewskiniň, Dobrolýubowyň, Pisarýewiň tankydy akabasydy. Şol beýikler onuň tankytçylyk paýhasynyň formirlenmegine ýiti täsir edipdirler. Galyberse-de, onuň giň ýaýrawyna SSSR halklarynyň edebiýatyndan ýokary okuw jaýynda sapak bermegi-de ýardam edýärdi. Şonuň üçin ol nirä gitse, haýsy temadan konferensiýa geçirilse, häzirdi. Edebiýat problemasynyň taryhyny, şu gününi edil şol ýerde geçirilýän konferensiýanyň hut temasy bilen tizden-tiz baglap çözmäge ussatdy. Haýsy rus ýa-da doganlyk halklaryň tankytçysy, alymy bolsa-da, şonuň öz eserlerini özüne gürrüň berip bilýän bu türkmen tankytçysyna agyzlaryny suwardyp gulak asardylar. Şu setirleriň awtory şeýle ýagdaýyň köp gezek şaýady bolupdy. Bir zada üns bermek gerek. Näme üçindir, tankyt bilen iş salyşýanlar hemme döwürde, hemme halklarda az bolupdyr. Çünki, ol kyn hem ynjyk žanr. Tutuş edebiýatyň garamatyny göterýän bu žanr ummasyz kän okamagy, seljermegi, kesgitlemegi, batyrgaýlygy, giň göwrümliligi talap edýär. Haluranam, şedewrem, başgaça aýtsak, çig-çarsynam, naýbaşynam okamaly, görmeli, saýgarmaly bolýar. Şonsuz tankytçy bolanok. A.Myradow klassyk tankytçy Belinskiniň “Analiziň we barlagyň ruhy – biziň zamanamyzyň ruhudyr. Indi bar zat tankyda bagly, hatda tankydyň özem” diýen sözlerini şygar edinipdi. TANKYT ONUŇ YKBALYDY. Eger poeziýany özüniň ykbaly hasaplaýan şahyrlar mamla bolsalar, tankyt babatda A.Myradowyň paýyna şeýle ykbal düşüpdi. Edebi-çeper tankydyň beýleki žanrlardan tapawudy örän köp. Esasy tapawudy tutuş edebi prosese jemleýjilik häsiýet berip, onuň ösüş ugruny kesgitlemegindedir. Aýry-aýry žanrlaryň: prozanyň, poeziýanyň, dramaturgiýanyň, publisistikanyň, terjimäniň, ylmyň, hut tankydyň özüniň ýagdaýyny ölçerip bilmegindedir. Ine, şu esasy häsiýet A.Myradowda bardy. Ol ähli žanrlara seslenip bilýärdi, şolardan baş çykarýardy. Beýle aýratynlyk onuň galamdaşlarynyň hiç birinde bolmandy we ýok diýip açyk aýtmak gerek. Şu jähetden onuň masştablaýyn oýlanyp bilýän tankytçydygy ýüe çykýar. Elbetde, kiçijik seslenme-de, tankydy synam, makala-da, döredijilik portreti-de, edebi çekişme-de, sowal-jogaply anketem tanky žanrynyň görnüşleri hasaplanylýar. Şularyň hemmesine-de ýetişýänler bolýar, diňe bir žanryň ykbaly bilen iş salyşýanlar bar, aýry-aýry ýazyjylaryň döredijilik dünýäsini hut tankydy garaýyş bilen (emma akademizm däl) öwernýänler hem ýok däl. Bularyň hemmesi-de edebiýatyň bähbidi üçin bolup, tankydyň dürlüleşmegine, baýlaşmagyna alyp gelýär. Şularyň hemmesinde A.Myradowyň eli bardy. Ýöne hiç bir klassyk ýa-da türkmen sowet şahyryny başly-barat öwrenmedi. Aýratyn bir žanryň etaplaryny hem yzygiderli işlemedi. Meniň pikirimçe, onda şeýle maksat ýokdy. Ol diňe rus-türkmen edebi aragatnaşyklaryny yzygiderli öwrenýärdi. Ýöne ol tankyt däldi-de, ylymdy. Şonuň üçin berk düzgünlere, prinsiplere, hökmany faktlara, çeşmelere esaslanmaly bolýardy. Ýagny tankyt ýaly erkinlik ylymda ýokdy. Akademiki ylmyň tankydy garaýyşdan tapawudy hem şeýle. Şonuň üçin onuň ylmy işlerinde taryhylyk, çuňluk, degşirijilik, çeper detallary sistemleşdirip, umumy netijeler çykarmaklyk duýulsa, tankydy çykyşlarynda üzlem-saplamlyk, dagynyklyk, ýalpaklyk, eger ol prozany ýa-da poeziýany anyk bir eseriň mysalynda derňemekçi bolýan bolsa, şol žanrlaryň umumy gelýän prosesinden üzňe pikiri morta orta atmaklyk ýaly ýagdaý hem göze ilýär. Ol zehini zehinden saýlap durmaýardy. Barysyny agzamaga jan edýärdi. Uly bolsun, kiçi bolsun – hemmesini birdemde sanamagy halaýardy. Proza diýilse, B.Kerbabaýewden başlap, ýaňy eline galam alan ýazyja çenli, lirika diýilse, G.Seýitliewden başlap, şol makala ýazýan döwründäki ýaş şahyra çenli has hemmesini ýeke-ýeke ýatlaýardy-da, tutuş netijelere geläýerdi. Elbetde, bu hili obzorlaýyn makalalar hem zerur. Emma uly hem kämil tankytçynyň aýry-aýry ýiti zehinler hakynda hut açyk, batyrgaý, gönertläp aýtmagy hasam zerur. Şuňa gezek ýetende welin onuň galamy gowşaýardy. Elbetde, bu tankytçynyň saýlap alan stili. Onuň öz poçerki, öz ýüzi. Ol hiç bir zehini açmady ýa-da goramady diýip, arkaýyn aýdyp bolar. Emma tas hemme žanra seslenmegi, döwrüň iň gerek problemalaryny orta atmagy beýleki galamdaşlaryndan gowy başarýardy. Ýekeje mysal getireliň. “Edebiýat we sungat” gazetiniň 1962-nji ýylda çykan mart-oktýabr aýlarynda bäş sany özbaşdak problemany orta atan A.Myradow “1961-nji ýylyň prozasyna nazar” (11, 20, 25-nji mart, 1962), “Bäş jora we ülhit garry göreşýär” (01.07.1962), “Däpden dönmek dürs däl, däp dowam etdirilmelidir” (02.08.1962), “Ýaşlar problemasynyň töwereginde” (12.09.1962), “Türkmen aýaly hakda rus ýazyjysynyň powesti” (13.09.1962) ýaly makalalarynda uly prozanyň, gyzlaryuň okuw problemasynyň, däp we täzeçilligiň, rus-türkmen edebi gatnaşygynyň meseleleriniň wawwaly ýerini gozgaýar. Biziň muny aýratyn nygtamagymyzyň bir “emmasy” bar. Tankyt kadrlary hemişe, hemme edebiýatda az ýetişýär. Türkmen edebiýatynda şu günler bu hasam göze ilýär. Ine, A.Myradow welin, şol wagt ýigrimi ýedi ýaşyndaka dürli meseläni orta atyp bilýän kämil tankytçy bolup ýetişipdi. Şu wagt otuz-kyrk ýaşlylarda-da, bir umyt baglaýan täze tankydy zehin tapmak kyn. Olar ýogam däl. Bar. Biz А.Nurmämmedоwу, Ý.Аnnаgurbаnоwу, H.Ataberdiýewi, S.Hydyrowy, A.Bekmyradowy, A.Aşyrowy nazarda tutýarys. Bulara köpräk metbugat goldawyny bermek gerek. A.Myradowyň kämil tankytçy bolup ýetişmeginde metbugatyň, ozaly bilen “Edebiýat we sungat” gazetiniň, aýratynam onuň B.Seýtäkow, B.Welmyradow, G.Gurbansähedow, B.Jütdiýew ýaly redaktorlarynyň hem roly uludy. Ol prozada durmuşylyk alamatlaryny eýýäm altmyşynjy ýyllarda A.Gurbanowyň, B.Öwezowyň hekaýalarynda görüpdi. Şol ilkinji täze sahypalardy. Hemme proza eserlerinde däl-de, aýry-aýry ýazyjylarda, aýry-aýry hekaýadyr powestlerde görnüp başlan bu alamaty tankytçylaryň içinde A.Myradow görüpdi diýilse, hakykatyň aýdyldygy bolar. Ol durmuşylygyň ol dura-bara B.Hudaýnazarowyň, T.Jumageldiýewiň, R.Allanazarowyň, A.Taganyň prozasynda sistema öwrülip barýanlygyny, esere baha bermekde şol durmuşylyk, kriteriden ugur almalydygyny bilýärdi. Bu ýerde ol asla prozaçylaryň sany ýa-da ýazýan eserleriniň hemmesi hakda däl-de, olaryň içinde durmuşylygy bilen saýlanýanlaryny, şony bermekde sanlyja ýazyjynyň ukyplydygyny nygtaýar. Ol bir makalada ençeme problemalary gozgap bilýän, hertaraply tankytçydy. Ýaş tankytçylaryň A.Myradowdan sapak edinmeli häsiýetleriniň biri-de şudur diýesimiz gelýär. Şony “W.I.Lenin we türkmen sowet edebiýaty” atly makalanyň mysalynda-da düşündirmek ýeterlikdir. Ol beýik serdaryň 100 ýyllyk ýubileýine taýýarlyk döwründe, 1970-nji ýylda ýazylypdyr. Adyndan mazmuny mälim bolsa-da, içinde, ine, şeýle problemalar gozgalýar: 1. Leninçilik edebi taglymatynyň hereket edijilik we ideýa seljerijilik ruhy. Onuň metodologiýasynyň taryhy dowasmlylyk häsiýeti. 2. Rus edebiýaty öwreniş ylmynyň türkmen edebiýatynyň we medeniýetiniň nusgalaryny ýygnamakdaky, propogandirlemekdäki, barlamakdaky demokratik ädimleri. 3. Ýerli edebi-tankydy kadrlary ýetişdirmekde leninçilik milli syýasatyň goldawy we netijleri. 4. Edebiýatyň synpylygy, halkylygy, partiýalaýynlygy hakda marksistik-leninçilik düşünje we onuň kommunistik partiýamyz tarapyndan ösdürilmegi. 5. Metbugat we tankyt. 6. Sosialistik edebiýatyň aýratynlyklary we terbiýeçilik ähmiýeti. 7. Durmuş özgerişleri, olaryň publisistik beýany we çeper obrazda şöhlelenişi. 8. Edebiýaty öwreniş ylmy we çeper tankydyň özara baglanyşygy. 9. Leniniň türkmen prozasyndaky çeper obrazyna nazar. Bularyň hemmesi tankytçynyň ýörite meselelere bölüp öwrenen temalary däl-de, şol makalanyň analizinden gelip çykýar. Ol haýsydyr bir fakta duwlanyp durmaýardy, ony dolap durmuşa getirýärdi-de, durmuşyň öz akymyna girip gidiberýärdi. Makalalarynyň aglabasy şeýle ruhda ýazylypdy. Şonuň üçin tankydynda akademiki galyp ýa-da akademizm ýokdy-da, erkinlik bardy. Akademizm A.Kekilowda, R.Alyýewde, A.Kerimowda, Ö.Abdyllaýewde duýulýar. Çünki, olar tankydy pikii köplenç ylma ýanap aýdýardylar. Şonuň üçin birneme susrak, guragrak kakýardy. A.Myradowda welin, pikir şaglap gaýdýar-da, döredijilik kartinasy okyjynyň öňünde ýaýylyp gidýär. Aslynda makala goýýan sözbaşylaryny synlanyňda onuň çyglyp, gynanyp, ýaýdanyp durýan tankytçy däldigini, ýüzugra, doly ýagan ýaly ediberşini görmek bolýar. Ine, şu makalalaryň atlaryna üns beriň: “Zamananyň çaklygyna laýyk”, “Durmuşyň ýolundan ýöräberseň...”, “Birje asyr ýaşamagyny...”, “Gepbaşy”, “Okaýan Nebitdag, ýazýan Nebitdag”. Bular 1964-nji ýylyň ýanwar-awgust aralygynda “Edebiýat we sungat” gazetinde çap edilipdir. Munda publisistika-da, tankydy garaýyşam, üstünlige guwanjam, çeperçilik gowşaklygyna ýürekden gynanjam bar. Onuň tankytçylyk ýüzi metbugatda oňat görünýärdi. Mahlasy, ol ylmy tankydyň däl-de, gündelik tankydyň ussadydy. Edebiýatda ol problema, konkret žanra garanyňda, prosese ýakyn durýardy. Haýsydyr birt ýazyja, bir şahyra, nähilidir bir esere, aýdaly, romana, liriki ýygynda däl-de, umumy okyjy köpçüligine gol ýapýardy. Döwürleýin metbugatda yzyny üzmän çykyş edýän A.Myradow okyjynyň “dili” bilen gürleýärdi. Şöonuň üçin ol publisistik tankytçydy. Metbugat sahypasyndan düşmän gelýänligi bilenem giňden tanalýardy. Ýöne ol tankydyň ylmy çuňluklaryna kem-kemden aralaşýardy. On iki süňňi bilen tankytçy A.Myradow bu žanrda ir kämillige ýetişipdi. Ol heniz ýigrimi dört ýaşyndaka 1959-njy ýylda TSSR ýazyjylarynyň IV gurultaýynda tankyt hakynda ýörite doklad bilen çykyş edipdi. Eger O.Täçnazarowyň türkmen ýazyjylarynyň birinji gurultaýynda eden dokladyny hasaba almasaň, ol tankytdan birinji dokladdy. Hasaba alanymyzda-da, görüň, çärýek asyrdan soň söweşjeň žanr barada iň doly we dürli problemany öz içine alýan professional doklad. “Edebiýaty öwreniş ylmynyň we edebiýat tankydynyň häzirki zaman ýagdaýy” atly uly dokladda “Edilen iş hem az däl”, “Makalalaryň problemalylygy we hili ugrunda”, “Operatiwlik, originallyk, çeperçilik – ine, edebiýat tankydyna nämeler gerek!”, “Nobatdaky wezipeler, guramaçylyk häsiýetli meseleler” ýaly düýpli meseleler goýulýardy. Ýaýraw, möhümlik babatda şundan öňem-soňam tankytdan başga agzar ýaly doklad bolmandy diýilse, ýalňyş däldir. Bu doklad öz ruhy boýunça “gaýduwsyz Wissarionyň” meşhur “Tankyt hakda” sözüni ýada salýar. Dogrusyny aýtsak, A.Myradowyň şol çykyşynda diňe ady boýunça dört problema orta atylsa-da, pikiri babatda ençeme meseleler gozgalýar. Pugta seljerip otursaň, ýaş tankytça-da, eýýäm adygan tankytça-da ondan öwrenere zat köp. Diňe tankyda däl, tutuş döredijilige alara zat kän. Ylaýtada çeper eseriň sosial hümmetini artdyrmak babatda, ýazyjynyň dünýägaraýşy, çeperçilik paýhasy jähtinden. Tutuşlygyna alnanda, A.Myradowyň şol dokladynda-da, soňky makalalarynda-da tankytçylyk ruh güýçlenýär. Edebiýatda progresiň tankydy pikirden gelip çykýandygyna ol açyk göz ýetirýärdi. Emma hiç haçanam zehini inkär edijilikli pozisiýadan ugur almaýardy. Onuň tankydy portreti şeýledi. Iň gowy zady – A.Myradowda inkär edijilikli meýil ýok. Haýsy tankydy belligini alsaňam, onda awtora dostlukly garaýyş, alada, ýagdaýdan çykalga tapmaga ýardam etmek meýli, oňa goltgy bermäge taýýarlygy duýulýar. Tankytçy şeýle-de bolmaly. Zehinli tankytçynyň mirasy tutuşlygyna taryhyň ygtyýaryna geçdi. Biz onuň gozgan meselelerini şu günüň nazary bilen seljerip görýäris-de, oýlanýarys. Dogrudanam, galamy ezber tankytçy köp täze edebi hadysalary görýän eken. Ençeme zehinleri “gorjalap”, olaryň edebiýat meýdanyna ymykly gelmegine hemaýat beren eken. Ol tankyt žanrynyň barlygyny, işleýänligini diňe kitapda, kagyz ýüzünde däl-de, il içinde hakyky ady bilen mälim etdi. Ol ähli ýazan makalalarynda, tankydy ýygyndylarynda hemişe okyjyny göz öňünde tutýardy. “Problemalarymyz, ýazyjylarymyz, wezipelerimiz”, “Gündelik depderçeden” ýaly sözbaşyly makalalara üns beriň. Türkmen tankytçylarynyň içinde “Kim näme döredýär” diýen gazet rubrikasyna hukuk gazanan ilkinji Abdylla Myradowdy. Dogrusyny aýdalyň, şeýle ýönekeýje zadam soňky on bäş-ýigrimi ýyllykda türkmen tankytçylaryna ýetdirenok. Ine, şol rubrikada A.Myradow döwletli bir işiň başyny tutandygyny aýdan eken. Şonda gujurly tankytçy şeýle ýazypdyr: “dürli şäherlerde bolan wagtymda türkmenler bilen duz-çörek bolan rus ýazyjylary, beýleki doganlyk halklaryň ýazjylary bilen duşuşmak maňa miýesser edipdi. Şol duşuşyklar hem dostana gürrüňler netijesinde “DOST – DOSTUŇ AÝNASY” diýen bir işi ýazmak hyýaly döredi...” Şol arzuw arzuwlygyna galmady. Onuň bütin tankydy mirasy şol ideýäny äşgär etdi. Durdymuhammet NURALYÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1988 ý. | |
|
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |