23:34 Meşhur Garryýewleriñ kiçisi | |
MEŞHUR GARRYÝEWLERIŇ KIÇISI
Edebi makalalar
Durmuşda şeýle-de bolýar — haýsydyr bir kärden, hünärden, ugurdan giden adamyň ogul-gyzy, doganlary, umuman, arkaba-arka nesli şol käri, hünäri, ugry dowam etdirýär. Türkmeniň «Ata kesbi — ogla halal» nakylynyň jany bar bolara çemeli. Diňe ikibaşy däl, olardan önen nesillerem şol saýlanan ugry alyp gidýär. Bizde sirk artistleri Annaýewleriň bolşy ýaly, birnäçe maşgalalaryň şahyrlygy, bagşy-sazandaçylygy, ussaçylygy, ceýisligi, kärizgenligi, alymlygy, çopançylygy nesilden-nesle alyp gelýändikleri bellidir. Türkmen ylmynda düýpli yz goýan alymlar maşgalasy Garryýewler hem şol nesle girýär. Ylmyň dürli ugurlaryndan uly spesialistleri ýetişdiren bu maşgala hakynda häzirki ýaşlar gowy bilmeseler-de, alym Garryýewleriň söhbeti ozalky «Sowetskiý Soýuz», «Ogonýok», «Nauka i religiýa», ÝUNESKO-nyň işi boýunça SSSR-iň Komissiýasynyň býulletenleri, Hindistanyň, Ýaponiýanyň, Çehoslowakiýanyň žurnallary, «Prawda» gazeti, «Izwestiýa» gazeti, öz dünewi, demokratik, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň gazet-žurnallarynda giňden beýan edilipdi. Dogrudanam, özleri köneden sowatly hem ilkinji mugallymlar Ataly agadyr Hüýrjemal ejäniň çagalary, ýagny, geljekki meşhur Garryýewleriň dört oglunyň dördüsem ylymda çuň yz goýan alymlar bolup ýetişdiler. Baýmuhammet Garryýew — bu türkmen Lomonosowy adyny alan, filolog, medik, taryhçy, geograf, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň akademigidi, ylymlaryň doktorydy, professordy, Türkmenistanyň ylymda at gazanan işgäridi, ondan kiçisi Nury ady dünýä belli akademik-fizikler Ioffeden, Kapisadan, Kurçatowdan, Korolýowdan, Keldyşdan tälim alan, eksitonlar boýunça iňňän uly açyş edeni üçin ozalky SSSR Ministrler Sowetiniň Başlygy A. N. Kosyginiň goly çekilen patenti alan, dosent, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty, Ataly aganyň üçünji ogly Aba Garryýew dosent, matematika, pedagogika ylymlarynyň kandidaty. Dördünjisi Seýit, doly ady Seýitmuhammet, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň Ylym we tehniki baradaky döwlet baýragynyň eýesidi. Elbetde, bularyň ogul-gyzlary häzirem ylmyň dürli ugurlaryndan iş alyp barýarlar. Ine, şu meşhur Garryýewleriň iň kiçisi Seýit Atalyýewiç Garryýew häzir aramyzda gezip ýörenliginde ýetmiş bäş ýaşynyň toýuny toýlardy. Ol 1923-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Aşgabadyň etegindäki Gökje obasynda ýaňy gürrüňini eden Ataly agadyr Hüýrjemal ejäniň maşgalasynda dogulýar. Ozaly bilen bellemeli zat — Garryýewleriň mekdep ýyllarynyň türkmen we rus dillerinde deň sowat almaklarynda geçmegidir. Şonuň üçin olaryň hiç biri üçin rus dilini kitapdan öwrenmek ýa-da köpimizde bolşy ýaly, obadan şähere gelip bilmek ýaly kynçylygyň döremänligidir. Bularyň hemmesi rus dilini ene dilleriçe erkin bilýärdiler, şol dilde-de erkin ýazýardylar. Sowatly maşgalada terbiýelenen, orta mekdebi gutaran Seýit ilki harby medisina akademiýasyna okuwa girjek bolýar, ýöne saglygy mümkinçilik bermänsoň, harby gulluk borjuny ýerine ýetirip, Aşgabadyň döwlet pedagogik institutynda okaýar. Bu gazaply uruş ýyllaryna gabat gelýär. Instituty 1941-nji ýylda tamamlandan soň aspiranturada şol ýerde okuwyny dowam etdirýär. 1950-nji ýylda «Halk şahyry Ata Salyhyň döredijiligi» atly temadan filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alýar. Şu ýerde bir möhüm fakty belläp geçmek gerek. Ellinji ýyllaryň başlarynda stalinçilik kult barha güýçlenip, bütin Soýuzda, şol sanda Türkmenistanda ylmyň, edebiýatyň üstüne «haçly ýöriş» başlanýar. Belli alym Baýmuhammet Garryýew «ganly «Gorkut ata» eposyny taýýarlany üçin» «buržuaz milletçi», «halk duşmany» diýlip, ýigrimi bäş ýyl türmä basylýar. Garryýewleriň maşgalasyna Aşgabatda durarlyk galmaýar. Beýleki galan üç Garryýewleriň hersi bir şähere göçmeli bolýar. Seýit Atalyýewiç Baýramalyda 1952-nji ýyla çenli işleýär. Ol ýerde-de muny saklamaýarlar. Şeýdip, ol 1953 - 1957- nji ýyllarda Moskwada ýaşaýar we Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinde mugallymçylyk edýär, SSSR halklarynyň edebiýatyndan sapak berýär. Bu, elbetde, ýaş türkmen alymy üçin örän bähbitli bolup çykýar. Ol dünýä belli alymlaryň, ýazyjylaryň kollektiwinde işlemeli bolýar. L.I.Klimowiç, K.Zelinskiý, X.G.Görogly, E.E.Bertels, I.S.Braginskiý, A.A.Walitowa, şol wagtlar stalinçilikli kult üçin yzarlamalara sezewar bolan hem Gazagystandan çykmaga mejbur edilen ýazyjy, akademik M.O.Auezow we beýlekiler S.Garryýewiň işdeş ýoldaşlary bolupdylar, türkmen edebiýatçysy olaryň oňat ylmy mekdebini geçipdi. Ykbal ýeli ony köp alymlar, birnäçe ylmy merkezler bilen duşurypdy. 1957 - 1960-njy ýyllarda ol Fergana pedagogik institutynyň edebiýat kafedrasynyň müdiri bolup işlände uly özbek alymlary bilen ýakyn gatnaşyk saklapdy, özbek dilini hem ýaramaz bilenokdy. Çünki özüm onuň bilen köp ýerlerde komandirowkalarda bolanymda munuň şaýady bolupdym. 1960-njy ýyldan başlap, tä 1984-nji ýyldaaradan çykýança ol şol wagtky Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda işledi. Ilki rewolýusiýadan öňki türkmen edebiýatyny öwrenmegiň sektor müdiri, soňra edebi aragatnaşyklar sektorynyň müdiri bolup işledi. Soňky sektory onuň özi esaslandyrdy, açdy diýip aýtmak gerek. Çünki ýetmişinji ýyllarda goňşy halklaryň edebiýatlarynyň özara gatnaşyk problemasy örän güýçlendi, giň möçberde ünsi özüne çekdi, edebi hepdelikler, dekadalar, edebi regional, Soýuz, dünýä derejedäki ylmy-teoretiki, döredijilikli konferensiýalar ýygy-ýygydan geçirilip başlandy. Original eserleriň dürli dillere terjime edilmek prosesi has artdy. S.A.Garryýew biregne şu meseläni ylmy iş edindi. Ony Özbegistanda, Täjigistanda, Gazagystanda, Azerbaýjanda, Garagalpagystanda, Gyrgyzystanda köp komandirowkalarda görmek bolýardy. Hut özümiň hem telim gezek bile gatnaşan saparlarym bolupdy, bile dokladlar taýýarlaýardyk, çykyşlar edýärdik, kollektiw işleri neşir edýärdik. Köp ýyllaryň gözlegleri. agtaryşlary netijesinde ol 1968-nji ýylda «Türkmen edebiýatynyň Sowet gündogary halklarynyň edebiýatlary bilen aragatnaşyklarynyň taryhyndan» diýen temadan filologiýa ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesini aldy. Şol at bilen düýpli monografiýa çap etdi. S.A.Garryýew uly tejribeli, prinsipial, az sözli, tutanerli, salykatly alymdy. Işine jür, wagtyny tygşytly sarp edýän, gulluk borjuny resmiden gelen berk ýerine ýetirýän, tertipli, özüne-de serenjam bermegi halaýan adamdy. Uzak ýyllap ony her hili ýagdaýda synlamak maňa miýesser edipdi. Dünýäde näçe adam bolsa, şonçaragam häsiýet barmyka diýýärin. Biri beýlekisine häsiýet taýdan asla deň gelenok. Häsiýet golaýlygy, meňzeşligi örän seýrek. Kimsi açyk, kimsi tutugrak, kimsi gyňyr, kimsi girrik, kimsi mylaýym, geplemsek ýa-da dymmarakdyr. Şeýle seredeniňde S.A.Garryýew öwrenişmesi kynrak, agyr häsiýetli, ynjygrak kişilerdendi. Uly gürlänini, uly gülenini gören ýokmuka diýýärin. Emma düşünişip işleşip bolýanlardandy 1967-nji ýylyň güýzünde institutda iki sany uly ylmy seksiýa ýörite akademiýanyň prezidenti P.Azymowyň buýrugy bilen açyldy. Biri dil seksiýasy, beýlekisi edebiýat seksiýasydy. Bularda gutarylan ylmy barlaglar, kandidatlyk, doktorlyk dissertasiýalary, neşire hödürlenýän işler, monografiýalar giňden maslahatlaşylýardy, oňa ähli ylmy derejesi bar alymlar doly gatnaşýardy, işler bilen tanyşýardylar. Edebiýat seksiýasyna A.S.Garryýew başlyk, men bolsa alym kätip edilip buýruk bilen bellendik. Bu örän uly we jogapkärli işdi, ýöne jemgyýetçilik başlangyçlarynda alnyp barylýardy, hak-heşdegi ýokdy. Şeýdip ikimiz ozal aýry-aýry sektorlarda işlesegem, aýry sektorlaryň müdirleri bolsagam, seksiýanyň işinde bile ylalaşyp işlemeli bolduk. Özem on ýedi ýyl onuň bilen şu ugurdan işlemeli bolanym üçin hökman her aýda iki, käte üç gezek maslahat geçirmeli bolýardyk. Uly alymlar mejlisiniň agzalygyna-da men ir saýlandym, sebäbi ol mejlis seksiýasyz geçmeýärdi, çünki işlere biz jogapkärçilik çekýärdik. Soňam ol döwürlerde akademiýanyň jemgyýetçilik ylymlary bölüminiň «Habarlary» žurnaly her iki aýdan bir gezek çykýardy. Seýit Atalyýewiç ikimiz şoňa agzalyk edýärdik, redkollegiýanyň düzümindedik. Hemme ýygnaklarda ol özüni resmi alyp barýardy, bir zat soralmasa, bikär gürrüň etmeýärdi, köplenç dymyp oturýardy. Bu oňa endik bolup gidipdi. Şeýle häsiýet olaryň maşgalasynda tebigy bolan bolsa gerek, çünki men Garryýewleriň soňra hemmesini gowy tanamaly, bileräk iş salyşmaly bolupdym. Onsoňam ellinji ýyllaryň totalitar ideologik howasy Garryýewleriň erkin dem almagyna päsgel berdimikä diýýärin, belki, aşa seresaplylyk, köp diňläp, az sözlemeklik, köplükden çäträkde durmak, özbaşdak işläp, özbaşdak oýlanmaklyk,kimedir birine garaz ilteşikli bolmazlyk olaryň hemmesinde, ylaýta-da Seýit Atalyýewiçde görnüp duran häsiýetlerdi. Ol uly ylmyň mekdebini gowy geçipdi, özi alymlar maşgalasyndan bolany üçin güýçli, täsirli guramaçylyk ukybyna eýedi. Işe hökman birneme ir ýa-da edil wagtynda gelerdi, tä işiň ahyryna çenli sektoryndan çykman işlärdi. Diňe nahara arakesme wagty hut sagadyna seredip diýen ýaly takyk naharhana barardy, şondan naharlanyp, ýene sektoryna howlugardy, belli bir sagatdan soň özi çaý demlenip içerdi-de, ýene işine gümra bolardy. Telewidenie, gazet-žurnallar ýörite tabşyryk etmeseler, çykyş etjek bolup durmazdy. Dogry, doktorlygynyň üstünde işleýärkä ol metbugatda işeňňir çykyş edýärdi. Bu nurana, görmegeý, medeniýetli, salykatly adamy özümiz we beýleki respublikalaryň wekilleri-de şeýle tanaýardyk hem sylaýardyk. Ol her ýyl özüniň zähmet rugsadyny örän ýerlikli peýdalanyp, nähili bolsa-da, harç tygşytlap tomus aýlary uzak ýerlere dynç almaga gederdi ýa-da daşary ýurtlara syýahata ugrardy. Bir edarada uzak işleşmek biri-biriňi gowy tanamaga, kimiň nämä ukyplydygyny kesgitlemäge, gowşak-berk taraplaryňy öwrenmäge gürrüňsiz kömek edýär. Ýöne bu gulluk, borç resmiliginden kän ýokary çykyp bilenok. Çünki adam edara çägindäki kadalara öwrenişýär, şoňa tebigy halda öz-özi boýun bolýar-da, erkinlik, juda mähremlik, ýürekdeşlik azalýar. Emma nirädir bir ýerlere döredijilik, ylmy komandirowkalara bile gitseň, ýoldaşlyk gezelençlerine köpräk çyksaň, onda biri-biriňe has ysnyşýarsyň, dostlaşýarsyň. Seýit Atalyýewiç bilenem ikimiziň aramyzda şeýle «böwetler» bolupdy. Ýöne ol adam tanaýardy, ylmy gözetimiň, ýoldaşlygyň, syrdaşlygyň gadyryny bilýärdi. Men oňa 1963,1971,1972,1974-1975-nji ýyllarda Daşkentde, Moskwada, Bakuwda telim gezek komandirowkada bolanymda göz ýetirdim. Şeýle obrazly aýtsam, men onuň üçin ilki-ilkiler «ýoldaş D.Nuralyýewdim», soňra «Durdymuhammet» boldum ötäýitdim. Özüm hemişe «Seýit Atalyýewiç!» diýip ýüzlenerdim. Çünki ýaş, dereje tarapawudymyz uludy. Özem ol döwürlerde respublikada ylymlaryň doktorlary barmak basyp sanaýmalydy. B.Garryýewden, A.Kekilowdan soň üçünji Seýit Atalyýewiçdi. Sektor müdirliginden, seksiýanyň başlyklygyndandaşgary, ol edebiýaty öwreniş problemalarynyň institut boýunça umumy ýolbaşçysydy. Şol wagtlar «Edebiýaty öwrenmegiň kanunalaýyklygy» diýen ugur hereket edýärdi. Ol «Türkmen edebiýatynyň taryhynyň» gadymy döwürden XIX asyra çenli aralygyny ýazmaga gatnaşdy, jogapkär redaktor hökmünde uly işleri etdi. Bu taryhy Moskwanyň, Bakuwyň, Daşkendiň alymlary hem oňlapdy. Şol abraýly iş Türkmenistanyň Ylym we tehnika baradaky döwlet baýragyny-da alypdy. Käbirleri öz içki gozgalaňyny, emosiýasyny, kimdir birini ileri tutmak, başgany gaýry tutmak ýaly gylygyny obektiw däl ýagdaýda daşyna çykargyç bolýar. Köplenç düşünjesi, mäşerigi kelteräkler şeýdýär. Özem dartgynlylyk howp salýan ýygnaklarda, maslahatlarda şeýle ýagdaý ýüze çykgyç bolýar. Ýetmişinji-segseninji ýyllarda filologiýa atmosferesynda, birinji nobatda, edebiýaty öwreniş ylmynda juda dramatizmli, dartgynly, çekeleşikli ýagdaý döredi. Ol ozalky sowet totalitar düzgünden kä adamlara miras geçen ýaramaz «keseldi». Şu günki Garaşsyzlyk baggymyz üçin, ylaýta-da, ösüp gelýän ýaş nesil üçin ony aýtmaly, şonuň gaýtalanmazlygyny gazanmaly. Hudaýa şükür, indi bu zatlar geçmişe gitdi. Öň welin şu bet endikden saplanman, hamala şeýtmese «çöregini gury iýäýjek» ýaly ýolbaşçylar bolupdy. Bu on bäş-ýigrimi ýyl töweregi dil we edebiýat institutynyň depesinden gara bulut bolup sallandy. Şol bulut ýöne bir sowlup gitmän, ýagyş ýagdyrmak bilenem oňman, hut gar ýagdyryp, buz doňduryp bilipdi. Özem bu «ylmy operasiýa» şeýlebir ýüwrük elli «lukmanlar» bilen edilýärdi welin, hiç tarapdan açykdan-açyk günäläbem bolanokdy, nirädir bir ýere arz edere tutarygym tapylmaýardy. Ýöne şu bulut welin syrylman, barha garalýardy. Ýeser ýeri, kim güýçli bolsa, kim doktorlyk gorajak bolsa, şonuň üstüne abanýardy. Edebiýat seksiýasynyň ýolbaşçylary bolanymyz üçin Seýit Atalyýewiç ikimiziň ýükümiz ýetýärdi. Biz ýygnaklary, maslahatlary hiç tarapa ýykgyn etmän, göni, obektiw alyp gitmek üçin bir ýerde diplomatiýa, sypaýylyk, prinsipiallyk, professionallyk bar bolsa, hemmesini herekete girizmeli bolýardyk. Şonda men onuň kanuny berk tutýandygyna, işe professionallarça çemeleşýändigine, hiç kime golýapmak häsiýetiniň ýoklugyna, kimedir birine ýamanlyk etmek ýaly gara niýetleriniň ýoklugyna pugta göz ýetirdim. Ylym şonam talap edýär. Professor Garryýew işe gezek gelende hiç mahal administrasiýanyň islegine, meýline, pozisiýasyna goşulman, diňe ylmyň talaplaryndan, şertlerinden ugur alýardy. Şonuň üçin administrasiýa oňa gatybir öz hökümini ýöredip bilmeýärdi. Ol öz teklibi, esaslandyrmasy boýunça ýetmi şinji ýyllarda institutda edebi aragatnaşyklar sektoryny döretmegi gazandy. Häzir bu ulalyp, bölüm diýlip atlandyrylýar. Muňa-da ozalky Soýuzda çykan gowy edebi kararlar kömek etdi. Biz SSSR-i syýasy sistema bolany üçin tankytlaýarys emma rus ylmyny, rus dilini, edebiýatyny, ylaýta-da, beýik rus halkyny, medeniýetini tankydam edemzok, kemsidemzogam. Şony beýik Türkmenbaşy hemişe nygtaýar. Ine, öňki SSKP MK-nyň 1972-nji ýylda çykaran «Edebi-çeper tankyt hakdaky» karary şeýle oňyn rol oýnady. Çeper tankydam, edebi aragatnaşyklaram, edebi prosesiň özem janlandy. Uly bolmadyk kollektiwe ýolbaşçylyk edip, S.A.Garryýew ilki «Orta Aziýa we Gazagystan halkla-rynyň edebiýatlarynyň özara baglanyşygy» (Aşgabat, «Ylym», 1978) diýen kitaby türkmençe, rusça taýýarlady. Ol türkmençe dessine çapdan çykdy. Onda S.Garryýewiň özüniň, K.Jumaýewiň, şu setirleriň awtorynyň, N.Atdaýewiň, A.Mämmedowyň makalalary ýerleşdirildi. 1974-nji ýylyň oktýabrynda S.A.Garryýewiň haýyşy boýunça men onuň rusça wariantyny Almaata komandirowka gidip, aragatnaşyklar problemasynyň umumy ýolbaşçysy E.Lizunowa gowşurypdym. Şeýle işe bäş respublika gatnaşmalydy. Näme üçindir respublikalaryň biriniň, ikisiniň ýetişmänligi üçin bu tutumly iş rusça çykmady. Aragatnaşyklar sektorynyň işgärleri ilki görkezgiç düzmeklige girişdiler. Professoryň redaktirlemeginde «Türkmen edebiýaty we SSSR halklarynyň edebiýaty» (1980), «Türkmen edebiýaty we-onuň daşary ýurtlaryň edebiýatlary bilen aragatnaşyklary» (1981) diýen gymmatly işler rus dilinde neşir edildi. S.A.Garryýew öndümli, planly işleýärdi, tutumy uludy. Onuň köp sanly türkmen edebiýaty boýunça ýazan makalalary «Bütindünýä edebiýatynyň taryhynyň» IV-VII tomlarynda segseninji ýyllarda Moskwada dünýä belli alymlaryň işleriniň içinde çap edildi. Ol «Orta Aziýa we Gazagystan edebiýatlarynyň taryhyndan» diýen kollektiw işiň Moskwada çykan neşiriniň awtorlarynyň biri. «Türkmen eposy, dessanlary we gündogar halklarynyň epiki döredijiligi» (1982) diýen kitaby, «Magtymguly we edebiýatda realistik tendensiýa» (1978) diýen işi meniň redaktirlemegimde çykdy. Ol birnäçe zehinli şägirtleri ýetişdirdi. Şolardan Ş.Gandymowyň, R.Satretdinowanyň, M.Gurbanowyň, D.Abdyllaýewiň, J.Berdigylyjowanyň, G.Amangeldiýewanyň atlaryny tutmak bolar. Zehinli alym aýny wagty, 1984-nji ýylda altmyş iki ýaşynyň içinde aradan çykdy. Durdymuhammet NURALYÝEW. professor. "Mugallymlar gazeti", 27.01.1999 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |