22:47 Stalinizmiñ pidalary hakynda oýlanyp... | |
STALINIZMIŇ PIDALARY HAKYNDA OÝLANYP...
Edebi makalalar
Şahyr hem žurnalist A.Çüriýewiň «Ýüregiň emri bilen» (Aşgabat, «Magaryf», 1989) atly publisistik makalalar ýygyndysyny okap otyrkam bir hakykata göz ýetirdim. Gadymy türkmen nakyllarynyň birinde «Ýagşylyk et-de, derýa at, balyk biler, balyk bilmese halyk biler» diýilýär. Bu ýerde «halygyň» düýäň halygy däldigi mälim. Emma «halyk» bilen «halkyň» arasam daş däl. Il-günem, halkam hemme zatdan ýokary, ol özi hakda göreşen, jan çeken adamlary unutmaýar. Elimdäki kitabyň göwrümi kiçi bolsa-da, onda her haýsy bir romana degýän uly ykbally adamlar hakda gürrüň gidýär. Bu gün demokratiýanyň güýji bilen stalinizmiň zynjyry gyryldy. Indi şol jebirli döwürde pida çekenleriň atlaryny hemme kişi bilýär. Şolaryň içinde türkmen gerçeklerinden Gaýgysyz Atabaýewdir Halmyrat Sähetmyradowam, Çary Wellekowdyr Ýakow Popogam, Döwlet Mämmedowdyr Garry Kulyýewem, Bäşim Gulbeşerowdyr Bäşim Pereňliýewem, Öwezgeldi, Hajy Atabaýewlerem bar. Bu günki nesil olary taryhdan, şolaryň döwürdeşleriniň berýän gürrüňlerinden bilýär. Diňe bir bilmek däl, şeýle mert kişilere guwanýar. Ýöne bir guwanmagam däl-de, olaryň öz bitiren eşretli durmuşynyň hözirini özleriniň görüp bilmändiklerine gynanýar. Gynanmak entek az. Häzir täzeden gurmak döwründe millionlarça şeýle päk ýürekli adamlaryň stalinizmiň pidasy bolandyklaryna uly gahar-gazap bildirýär. «Ýüregiň emri bilen» diýen publisistik ýygyndyny okanyňda şol duýgulary başdan geçirýärsiň. Muny awtoryň täzeden-täze maglumatlary we şüwlümli ýazyş stili hem tassyklaýar. Watan üçin berlip, süýji ideallara ýürekden ynanyp, hemme zatdan geçip hyzmat eden adamlar dünýäniň geljegini nähili göz öňüne getirdilerkä diýesiň gelýär. Ykballar, taryhy çeşmeler, sprawkalar, jezanamalar, dilsiz-agyzsyz ýatan dokumentler... Megerem, bu kişileri YNAM we YHLAS halas edendir. Ýogsam näme. Olar halka ynanypdyrlar ahyryn. Kommunistik partiýa WEPALY bolupdyrlar ahyryn. Kitap şol ynamy açyp berýär. Biz ýokarda atlaryny tutan adamlarymyzyň haýsysynyň ömür ýoluny okasak okalyň, edil şeýle ynanjy görýäris. Bu kitabyň gymmatly tarapy şol ynanjy real berip bilenligindedir. Şeýle ýowuz dokumentleri tapmak, olary okyja ýetirmek üçin awtor uzak ýyllap, tomsuň jöwzasyna, gyşyň sowugyna ters gelýän uly kitaphanada basa oturyp işledi. Onuň yhlasynyň şaýady bolanlygym üçin şu hakykaty tassyklasym gelýär. Ýigriminji-otuzynjy ýyllaryň gazetlerini, onlarça ýyllap ýatan arhiw materiallarynyň gatlaryny açyp okamak aňsat iş däl. Oňa uly takat gerek. Kitaba «Ýüregiň emri bilen» diýlip, ýönelige at berilmändir. Başgaça atlandyrybam bolmazmyka diýýärin. Ýekeje mysala ýüzleneliň. Diňe Garry Kulyýewiň bir hereketiniň özi entek taryhy şahslar hakda ýazylan hiç bir romanda gabat gelenok. Ýa-da «Gaýgysyz Atabaýew» bölümini okap, oýa batýarsyň. Ýazyjy gahrymanynyň ykbalyny bolşundan uzaltjak bolanok. Bu ýerde hiç hili fantaziýa ýok. Ýönekeý faktlaryň özi depe saçyňy üýşürýär. Dogrusy, Gaýgysyz barada öň roman ýazylanam bolsa, taryhy işler çykanam bolsa, beýle jikme-jiklikden okyjynyň habary ýok. Onuň Geldi diýen agasynyň bolandygyny, Kalinin bilen eden gürrüňiniň doly beýanyny, rus professorlary bilen Türkmenistanyň ykbaly dogrusynda eden söhbetlerini indi okap bilýäris. «Atabaýewiň bir iş gününi» okap, onuň guramaçylygyna, gözýetimine şaýat bolýarys. Aýdogdy Tahyrowyň ykbalyny yzarlaýan «Esgeriň hatlary» bölümi hem şeýle täsin maglumatlardan doly. Şu dokumentleriň hiç biri entek Gaýgysyz we Aýdogdy hakda ýazylan romanlara girizilmändir. Şu ýygyndyda çykan materiallaryň hemmesi öň metbugat arkaly okyjylara ýetirildi. Ýöne bu ýerde giň hem çuň beýan edilýär. «Otuz ýediň pidasy» bölüminde türkmen medeniýetini, edebiýatyny ösdürmekde uly işler bitiren Halmyrat Sähetmyradow hakda söhbet açylýar. Biziň bu bölüm hakda giňden durasymyz gelýär. Çünki haýsy bir gahrymanynyň ykbaly hakda gürrüň etse-de, täzeçe öwrüm etmäge synanyşan awtor şu bölümde öz beýan ediş stilini gowy tapypdyr. Ilki bada dürli hünärli adamlardan edilýän sowal-jogap, soňra hronika, munuň yzyndanam G.Amanmyradowyň, P.Sähetmyradowanyň, S.Güjükowyň ýatlamalary umuman Sähetmyradowyň obrazyny açmaga uly kömek edipdir. Şu stil beýlekileriň geçen ömür ýoly yzarlananda hem ulanylypdyr. Emma bu stil okyjyny ýadadanok. Ol gaýtam dürli adamlaryň geçmişe garaýyşlary bilen okyjyny tanyş edip, yzyna düşürip gidip otyr. Şeýlelikde kitapda bir bütewi beýan edişlik hem ykballaryň kültemi oňat saklanyp, otuzynjy ýyllaryň atmosferasyny duýarlykly açmaga ýardam edipdir. Biz kitabyň başynda ýerleşdirilen «Otuz ýediň gara gijelerinde» diýen goşga ünsi çekmekçi bolýarys. Bu tutuş kitabyň ruhuny açyp berýän çeper eser. Diýmek, awtoryň terjimehalynyň nähilidir bir sahypasam şol gara otuz ýedä baglanyşýar: Ömür obasyndan çykyp görmedik. Galdy babam kyrk ýaşynda Sibirde. Soňraky ykballar şu setirden gelip çykyp otyr. Ýygyndynyň esasy bölegini şeýle ýol geçen merdanlar eýeleýär. Bu ýerde hemme materiallaryň bir logiki birligi görnüp dur. Kitabyň iň soňky baby «Hakyda» diýip atlandyrylypdyr. Onda uly rewolýusyon täleýli kişiler däl-de, umuman sada oba gelin-gyzlarynyň we ýigitleriniň ykbaly barada söz açylýar. Bu ýerde awtor şu gün ahlak temasyna düşünmekdäki öte geçmäni ýazgarýar, bolçulygyň adam häsiýetleriniň bozulmagyna, edebiň peselmegine alyp gelşini paş ediji satiranyň oduna tutýar. Şu bölümde ştrihler şeklinde köp oba adamlarynyň geçen ýoluna nazar aýlanýar. Bu belli derejede edebiýatymyzyň geçen etaplary bilenem bagly. Emma şu bölümiň içindäki material häsiýeti boýunça üýtgeşik. Ol otuzynjy ýyllarda Türkmenistana gelen birinji rus ýazyjylar brigadasynyň eserleriniň içinde hereket eden gahrymanlaryň soňky kysmatyny yzarlaýar. Belli bolşy ýaly, meşhur rus ýazyjysy Nikolaý Tihonow Garrygala, Nohur obalarynda köp aýlap boldy, birnäçe çeper eserler ýazdy. Eserleriň birinde Nury milisioner hakda gürrüň berilýär. Ol öz postunda durka, bir suwa gark bolup barýany halas edip, özi wepat bolýar. Ine, şonuň yzynda galan nesil barada hem söz açylýar. Galyberse-de, rewolýusiýa ýyllarynda Sergeý Şerbakow, Öwez Orazow ýaly türkmen halkynyň ykbaly bilen berk bagly adamlar hakda-da şu günki nesliň bilmegi zerur. Kitapda şol ykballar hem ýerlikli yzarlanýar. Ýöne bulary ep-esli çuňlaşdyrmak, birneme aýdyňlaşdyrmak hem boljak eken. Dogrudanam, belli kompozitor Nury Halmämmedowyň çagalar öýüne düşüşini ýörite bölümde-de beýan edip bolardy. Şeýle täsirli materiallary bermekde az-kem howlukmaçlyk edileni duýulýar. Şonuň üçin kitabyň soňky iki bölümi – «Hakyda», «Atly ýöriş» öňki bölümlerden pes gelýär. Elbetde, taryhda unudylan zatlar az däl. «Agtaran tapar» diýen ýaly zehinli žurnalist häzir gözlegi dowam edýär. Ýaňy-ýakynda onuň entek bu kitaba girmedik täze publisistikasy çykdy. Biz «Nohurly gyzyň ykbaly» diýen materialy göz öňünde tutýarys. Geljekde-de şu hili faktlaryň beýan ediljekdigine pugta ynanýarys. Olary ýörite kitap hem etmek mümkin. Biz başga-da bir zady arzuw edesimiz gelýär. Türkmenistan respublikasy ilki gurlan wagtynda medeniýetde, ylymda, edebiýatda hakykatdanam düşünmezlikden ýol berlen bulaşyklyklar köp bolupdyr. Şonuň üçin hiç hili günäsi ýok adamlaryňam biderek ýerden günä ýüklenip, heläk edilenleri az däl. Emma şu günki nukdaýnazardan garalanda bu ýerde ýazyk ýok. Aňyrsyna ýetilmän ýa-da birnäçe gyşarmalara ýol berlip nähak töhmetden giden adamlar kän. Bularyň içinde ýazyjylaram, alymlaram bar. Şolaryň ykbalyny açmakda ýörite komissiýa düzülip, A.Çüriýew hem şol komissiýa girizilipdi. Ine şol komissiýa biz täze-täze gözlegleri arzuw edýäris. Bir fakty mysal getirmekçi bolýarys. Sowet häkimiýetiniň ilkinji ýyllarynda Bekge we Kakajan Berdiýewler diýen sowatly adamlar bolupdyr. Şolardan Bekge Berdiýew 1926-njy ýylda Magtymgulynyň neşir edilen ýygyndysyna sözbaşy ýazypdyr. Biz welin, ony hamala Berdi Kerbabaýewiň ýeke özi çykarypdyr diýip ýazyp ýörüs. Bu neşiriň çykmagynda Bekge Berdiýewiň hem roly bolandyr. Hatda ol adam ilkinji gurlan Döwlet alymlar sowetiniň hem başlygy bolupdyr diýilýär, ine şulary hem anyklap, dogry maglumat bermek ýokarda agzalan komissiýanyň işi. Belki, bu hakda doly maglumatlary eşideris. «Ýüregiň emri bilen» diýlen kitap diňe türkmen okyjysyny däl, rus okyjysynam gyzyklandyrar diýen umydymyz bar. Onda Ýakow Popok, Sergeý Timoşkow, Nikolaý Paskuskiý ýaly belli rus adamlary hakda-da gürrüň girýär. Bular Türkmenistan respublikasy üçin uly iş bitirdiler. Galyberse-de, bu kitabyň köp bölegi ozal rus dilinde-de çykdy. Indi ony ýörite rus dilinde-de neşir etmäge wagt ýetdi. Häzir täzeden gurmak döwri. Hemme zadyň öz möwritine garaşyp ýörmeli däl-de, açyk pikiri, göni teklibi orta atmaly. Biziň pikirimizde, şu kitap respublikanyň Lenin komsomoly baýragyna hem mynasyp. Şeýle işleriň köpräk çap edilmegini arzuw etmek bilen bu kitabyň öwredijilik, terbiýeçilik tarapyny hem nygtamak isledik. Durdymuhammet NURALYÝEW, tankytçy. «Edebiýat se sungat» gazeti. 10.02.1990 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |