19:46 Ýaş şygryýetiñ öwüşgini | |
ÝAŞ ŞYGRYÝETIÑ ÖWÜŞGINI
Edebi tankyt
• (Ýaşlaryñ döredijiligine syn) Biz ilkinji duşuşygyñ haýran galdyran täsirlerine berlip, ikinji gezek ýaş zehinler bilen duşuşdyk. Olaryñ çykyşlaryny, goşgularyny diñledik. Begendik. Uly umytlar arzuw etdik. Şonda meni bir zat haýran galdyrdy. Soñky on-on bäş ýyl bäri, ýaş zehinleriñ sözi jöwher ýaly ýitelýär. Ony ilki şygyr duýýar. Şygryýetde duýgy ykraryýeti ~ zehin, gözleg, yhlas, söýgi ýeñmeli. Ýaş şygryýetde şol alamatlar jemlenipdir. Onda tebigy, ýürek urgulary eşidilýär. Ýasamalykdan nam-nyşan tapmarsyñyz. Men şol alamatlara guwanyp, ýaşlary bagryma basasym geldi. Onsoñ Ruhnama, Garaşsyzlyk, Sanjar (sentýabr-oktýabr-noýabr) aýlarynda şu zehinleriñ bossanyna syýahat edeýin diýdim. 2006-njy ýylyñ Nowruz-Oguz (mart-iýun) aýlaryndaky sanlarynda çykan ýaş şygryýet barada men öz pikirimi aýdypdym. Ondan bäri şeýle köp wagt geçenok. Ynha-da "Edebiýat we sungat" hepdeliginiñ Ruhnama-Sanjar (sentýabr-noýabr) aýlarynyñ dürli sanlary. "Ýaş zehinleriñ şygyr çemeni" alnymda giñden ýaýylýar. Ýene-de köne we täze ýaşlarymyz bilen iş stolynyñ başynda. Olaryñ hersiniñ şygyr owazlary kalbyma dolup dur. Umytly-arzuwly, joşgunly setirler meni uzak alyslyklara göterip barýar. Ruhnama aýynyñ 22-simde on zehin çykyş edipdir. Saýlamaga, oýlanmaga meýdan giñ. Özlerem suratlary bilen ýerleşdirilipdir. Hersinden iki-üç goşgy. Bularyñ içinde meniñ öñ okan ýaşlarym-da, täzeleri-de bar. Hersiniñ görüş, dünýägaraýyş, duýuş mümkinçiliklerini saldarlap görýärin. Ýaşlaryñ hemmesi-de göze görnüp duran hakykatlary ýatlap, agzap, ýanjap duranoklar-da, göni öz söýgi-duýgularyna geçirberýärler. Bu gowulugyñ alamaty, gözlegiñ oýny. Seýitmyrat Geldiýewiñ "Jadyly duýgusyny" öwran-öwran okaýaryn. Duýgudan doly: Yşkyñ mertligine galýaryn haýran, Söýgi gala bolup elmydam gorar. Söýgim üçin şarpyk çalan gyz bir gün, Sypar ýañagymy hem ötünç sorar. Wepa Çaryýarowda (Has Türkmen) şeýle setirler bar: Rahatlyk gözledim seniñ roýuñdan, Gulagyña çawuş çakyp sözlämde. Sen nurly ekeniñ gijäñ Aýyndan, Bagyñ ýapraklary bizi gizlände. /"Zemin söýgüsi"/ M.Muhammedowada täsin öwrüm gabat gelýär. Bu yşkymy beýgeltjegem bolamok, Söýgä sary barýan men assa-assa. Besdir özüm bolup söýüp ýörmegim, Ondan artyk söýgi küýsemen asla. Kerwen Kakabaýew "Oñatlykda" tebigat gussasyny kalpda açyp bilipdir: Durmuşda açylsa bagtyñ ak ýoly, Ak bagta şatlykdan güller ekýäris. Ýöne güýz baglarda saralsa ýaprak, Biz öz kalbymyzda ünji çekýäris. Emma Leýla Çaryýewa bütinleý başgaça pikirlenýär: Söz berdim özüme "idemen" diýip, Ýüregimiñ birje bagyn üzeni. Ýöne undupdyryn edil şo pursat, Bu söýginiñ bize bagta düzenni. / "Kalbymyñ eýesi"/ Biz ýaşlardan mysallary yzly-yzyma getirdik. Bu seljerme täri bolup, olaryñ döredijilik dürlüligini añsat göz öñüne getirmäge ýardam edýär. Şeýdip, zehin elegi olary eleýär, geljege gönükdirýär. Ine, Garaşsyzlyk aýynyñ 13-ündäki "Edebiýat we sungat". Onda Köşüli Annaseýidowyñ "Yşk pasly", "Dolanan dünýäm", "Güýz bolaly", B.Nepesowyñ "Yşk jadysy", "Gyz", J.Akmyradowanyñ "Watanyñ görki", "Seniñ baryñda...", Enwer Nyzamowyñ "Oýlanma", "Men seni söýerin", "Meñzeşlik", M.Esenowanyñ "Toýly Watan", "Oñatlyk", M.Jumaşowanyñ "Arzuwlarym", "Hakykat", K.Kakabaýewiñ "Kanagat", "Şadyýanlyk", D.Gambarowyñ "Bu illerde", "Guş ýaly", L.Çaryýewanyñ "Güýz duýgusy", "Gözellik", G.Gurbanmämmedowanyñ "Nurly agşamlar", "Söýginiñ keşbi" goşgulary bilen tanyşýaryn. Bu zehinler indi okyjynyñ kalbyna aralaşyp barýar, atlary-da, ýazýan şygyrlary-da ýatda galýar, özleri-de kämilleşýär. Şol kämilligi olaryñ özleri-de azda-kände duýýan bolara çemeli. K.Kakabaýewde "Oñatlyk" goşgusy bar, ine, M.Esenowada-da bir "Oñatlyk". Degşirip görýäris. Iki şygryñ mukdary deñ. Hersi üç bent. Ýokarda K.Kakabaýewden başky bendi aldyk, indi soñky iki bendi alýarys. Sen öwrülip ýaşa görküne gülüñ, Bu ömrüñ manysy ~ dünýäñ zahyry. Gün deý ýüzün görkezende ykbala, Ümsüm gowuşmaklyk bagtyñ ahyry. Müñ-de bir ykbal bar, A bagt ýeke, Şol bagt ugrunda söýüp dünýäni. Ilki bagtyñ ejirinde alawlap, Söýgiñ näzin çekmek oñatlyk dälmi?! K.Kakabaýew çuñdan şahyrana oýlanyp bilýän zehin. Onuñ "Oñatlygynda" pikir aýlawlary köp. Geliñ indi Maralyñ "Oñatlyk" şygryna dolulygyna ser salalyñ! Arasyndan bu nurana günleriñ, Arasyndan bu owadan gülleriñ, Arasyndan bu ajaýyp ýyllaryñ, Güm bolup ýylgyryñ! Gül bolup ýylgyryñ! Günler bagşy bolýar belent toýlara, Güller toýuñ gujak-gujak çemeni. Gül roýunda bu şadyýan ýyllaryñ, Gördüm illeñ şatlygynyñ jemini. Bar zat munda oñatlyga barýandyr, Bar zat munda kalba aýdyñ ~ ýagtylyk. Gowulygy ilki dünýä görýändir: Gün ~ ýagşylyk! Gül ~ ýagşylyk! Il ~ ýagşylyk! Maral özüçe pelsepe ýöredýär. Ýaş zehin geljekde bu pelsepäni tebigylyga garyp, siññitlu siñdirse, has-da gowy bolar. Duýguda elmydama mähir gyzgynlygy zerur. Şygyr ýazmakda göze görünmeýän ýetmezçilimleriñ biri ~ guraksylyk, öwredijilik, taýyn düşünjeleri gaýtalamakdyr. Bulary birbada ýaş şahyr bilibem duranok-da, özüm ulanýandyryn öýdüp ýazyp goýberýär. Şeýdip hem ýalñyşanynh duýman galýar. Täzelik bolsa ýok. Türkmeniñ bäş müñ ýyllyk şygyr tejribesinde ulanylman galan söz ýok diýen ýaly. Haýsy sözi agzasañ, şol bir şahyrda hökman duş gelýär. Şonuñ üçin şygyr ýazmak, şahyr bolup orta çykmak, özem zehin bolup ýanmak gitdigiçe kynlaşýar. Şonuñ ýaly halatlarda öwrüm şahyra kömege gelýär. D.Gambarow ony duýan bolarly. Onuñ "Guş ýaly" şygry şol hakykaty suratlandyrýar: Ýarym menden öýkelese, Ýazlar gyş ýaly, gyş ýaly. Hasraty duçar eýlese, Dünýä boş ýaly, boş ýaly. Şu hili şahyry halas edýän täzeçil öwrümler G.Gurbanmämmedowada, M.Jumaşowada hem ýok däl: Zeminiñ üstünde, Arşyñ üstünde, Gözel söýgim lowurdaýar enaýy. Meger söýgi bilen dogup ýaşýandyr, Gijede-gündizde gögüñ Gün-Aýy... /"Söýginiñ keşbi"/ Galplygyñ üstünden basyp geçýändir, Mydam dürs edimi bilen hakykat. Nadan ynsanlaryñ syryn açýandyr, Halallykdan bina bolan hakykat. /"Hakykat"/ Ýöne soñky alnan mysalda "nadan", "ynsan" sözleri ýerinde däl. Eger ol NADAN bolýan bolsa, bu sözüñ gapdalynda "YNSAN" sözüni goýup bolmaýar. Bu iki söz hemişe biriniñ beýlekä garşy durýan wagtynda getirilýär. Suratkeşlik ~ şahyry şowlulyga alyp barýan ýoldur. Biziñ köp ýaşlarymyzda suratkeşlik ýetenok. Ýa-da okyjynyñ özi şol suratkeşligi duýanok. Ikisi-de zyýanly, aýratynam, şahyrda suratkeşlik ýok bolsa, ol sana geçýän däldir. E.Nyzamowyñ "Oýlanmasynda", "Meñzeşliginde" suratkeşlik bar: Çeşmemi men teşneleri gandyrýan, Ýa astynda gozganmaýan daşymy?! Halallykdan gözbaş alýan ojagym, Misli ýüzük, menem göwher gaşymy?! /"Oýlanma"/ Asmanda ýyldyz kän, ýöne nämüçin, Gözlere ilenok olaryñ bary?! Biri gündiz etse mahmal gijäni, Käsi köräp-köräp çekýär azary. Olar päklik paýlap gijäñ goýnunda, Yşka gark eýleýär sag bilen soly. Gögüñ boýnundaky göwher monjuklar, Parhlydyr göýäki şahyrlar ýaly... /"Meñzeşlik"/ "Edebiýat we sungat" hepdelik gazeti indi tas elli ýyla golaý türkmen çeper edebiýatyna örän uly goşant goşup gelýär. Onuñ sahypalarynda köp alymlar, şahyrlar, ýazyjylar, jemagatşynaslar ösüp ýetişdi. Tas her sanynda diýen ýaly ýaş şygryýet çemeniniñ berilmegi köp tarapdan peýdaly. Mundan galan zat yhlasa, wagta bagly. Garaşsyzlyk aýynyñ 27-sindäki sanynda-da şol umytlarymyz ýerine düşen eken. Onda Parahat Babagulyýewanyñ "Güýz ýagşy", "Ene hüwdüsi", Täzegül Didarowanyñ "Hoşda bolsam", "Bagtyýarlyk", Hazar Rejebowyñ "Eziz Watan", "Gözleg", Sapargeldi Gummanowyñ "Bir gün", "Köñül küýsegi", Güljan Durdyýewanyñ "Tanyşlar", "Gadyrly günler", "Ýürek söýgüsi", Ogulşirin Atdaýewanyñ "Täsin duýgy", "Ajaýyp pursat", Didar Gambarowyñ "Ak niýetler", "Näz eder", Maýsa Jumaýewanyñ "Aýdym aýdýaryn", "Yşkyñ gudraty", Enwer Nyzamowyñ "Toý arzuwlary", "Ýollar" goşgulary orun alypdyr. Diýmek, biziñ ýaşlarymyz ýygy-ýygydan ýazýarlar, gözlegler bilen meşgul. Hatarlary-da täzeleriñ hasabyna artyp barýar. Şonuñ ýaly-da täzeçe oýlanmalar meni begendirýär: Lemmer-lemmer bulutlaryñ kerweni, Geldiñizmi Jeýhundan suw almaga?! Barha aşak inişiñiz ne ajap, Gelipsiñiz derýa myhman bolmaga. /"Güýz ýagşy"/ Gijä ýary, Ýylgyryşýar ýyldyzlar, Melul bolup enäñ hüwdi sesine. Gör, ýüwrük şemalam düşledi munda, Syn edip sähranyñ belent-pesine. /"Ene hüwdüsi"/ Bu - P.Babagulyýewa. Ol az ýazýar, emma söz bilen surat çekmäge ökde. T.Didarowada-da şu kakuw duýulýar. "Hoşda bolsam" şygryndaky: - Bu Watan kalby bahardan, Bagtly men, örýän säherden, Nusga alyp Şa şahyrdan, Mydam belent arşa bolsam bendi şol umydy oýarýar. O.Atdaýewanyñ "Röwşen tapýar bu nurana didelem, Çünki, gara gözlem seni görendir", "Çyn söýgüler biparhlykdan ar alýar" ýaly setirleri hoşniýetli arzuwlary şol şahyra ýollamaga mümkinçilik berýär. Şygyr ýöne eliñe galam-kagyz alanyñ bilen bitmeýär. Oña öýlänçi ýaly içki joşgun gerek. Içki joşguny her şahyr özüçe ýüze çykarýar. Ýöne ylymda oña hyjuw-pafos hem diýilýär. Magtymguly: - Bir gije ýatyrdym nebsimi besläp, Turdy göwnüm ýar jemalyn höwesläp. - diýip ýönelige aýtmaýar. Ýa-da: - Jan joşguna geldi, ýandym, ýaryldym, Bagyşlasañ neýlär, ýarym, ýa Jepbar! Sanagsyz söýüşdim, öýsüz aýryldym, Bagyşlasañ neýlär, ýarym, ýa Jepbar! - diýen setirler adaty ýagdaýda döremeýär. Her şahyr özüçe ýanyp-sönýär. Häzirki zehinlerde umyt bar. Şol umyt bolany üçin hem her ýygnanyşykda, esasan, köp çykyş edýän ýaşlar gelýärler. Olaryñ özleri-de ylmy pikir edýärler, sungatyñ öñündäki maksada dogry düşünýärler. Men olaryñ çykyşlaryny diñläp begendim. Garaşsyz döwrüñ ýaşlary dilewar, düşünjeli. Olar Beýik Serdarymyzyñ, Şa şahyrymyzyñ özleri barada edýän atalyk aladalaryny duýýarlar. Şoña-da öz zehin döredijikleri bilen jogap bermek üçinem çalyşýarlar. Durdymuhammet NURALYÝEW, professor. "Edebiýat we sungat" gazeti, 01.12.2006 ý. | |
|
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||