13:28 Şahyr bolçulygynda şygyr gytçylygy | |
ŞAHYR BOLÇULYGYNDA ŞYGYR GYTÇYLYGY
Edebi tankyt
Soňky on ýylda türkmen poeziýasynda güýjüni synaýan, käbir ýygyndylary çykan, atlary okyjylara eýýämden belli, “Sowet edebiýaty” žurnalynyň, “Edebiýat we sungat” gazetiniň sahypalaryny bezeýän, “Türkmenistan” we “Magaryf” neşirýatlaryny “iýmitlendirip” ýören şahyrlarymyzyň sany elipbiýimiziň mukdaryndan iki esse köp diýsem, lap etdigim däl. Özem diňe ýokarda belleýşimiz ýaly soňky on ýylyň içinde orta çykan nesil. Men 75-den aňyrsyny nazarda tutmaýaryn. Olar opeziýada öz sözüni aýdyp bildi. Gürrüň hut soňky on ýylyň şahyrana önümi hakynda barýar. Ilki öndümlilikden başlalyň. Şygyr ummanlaryna özüni oklanlaryň içinde Atamyrat Atabaýew, Nobatguly Rejebow, Orazguly Annaýew dagy has köp işleýärler. Olaryň çykarýan kitaplarynyň sany-da, orta atýan problemalary-da deň-duşlaryna garanyňda birneme tapawutlanýar. Ýöne öu şahyrlaryň hem gözlegleri heniz-ä göze görnüp duran netijesini berenok. Ýogsam bu şahyrlar ähli neşirýatlarda-da, žurnalyň we edebi gazetiň sanlarynda-da häli-şindi peýda bolýarlar. Daşyndan seredeniňde şulardan işjeň şahyrlary tapmarsyňyz. Emme döredijiliklerini içgin öwrenseňiz, alara zat juda az. Köplenç ozal telim gezek aýdylyp sürçegi çykan pikiri, detaly, fakty, öwrümi şo-ol döwük-ýenjik setirler bilen törpüläp ýalpyldatjak bolup kösenýärler. Bu-da okyjyny ýadadýar, onuň ruhy dünýäsini ýagtyldyp bilmeýär. A.Atabaýewiň “Diýarym”, “Seni söýmedik bolsam”, “Çuňluk”, “Söýgüden söýgä” kitaplaryny okap çykdym. Oýlanýaryn. Şahyr bir zat diýjek bolýar, näme üçin aýdyp bilenok? Näme ýetenok? Ozaly bilen, A.Atabaýewiň liriki gahrymany köp hem bikär gürleýär. Bir pikiriň başyny çatyp-çatman ikinji, üçünji, on üçünji pikirlere urup gidýär-de, okyjyny aňňalak gapdyrýar. “Seni söýmedik bolsam” (1977) atly örän wadaly ýygyndydan diňe dört goşgyny mysal alalyň. Başky “Watan, depämde seň asmanyň dursa” goşgusynda liriki gahryman öz ylham çeşmesine tagzym edýär. Düşnükli. Ol däp bolup giden tema ýülenýär, Watan ony dymyp diňleýär, ol Watana biçak kän zady wada berýär. “Uly gürlese-de kiçi perzendiniň aýry ýeri ýokdur” diýip, zordan söhbetiniň başyny-aýagyny jemleýär. Edil köp sözli gahryman ýene “Çuňluk” (1979) kitabynda okyjynyň öňünden çykýar. Gahrymanyň aýtjak pikiri näçe güýçli bolsa-da, logikasynyň saklanmazlygy netijesinde weji gaçýar: Ýüregimde müň höwes bar (?) gaýry zadym ýok meniň. Çuň zehine çyn kömek bar, gaýry zadym ýok meniň. Meň elimde bir döwet bar, gaýry zadym ýok meniň. Hem arkamda bir döwlet bar, gaýry zadym ýok meniň. Öwünjeň liriki gahryman bir ýerde “çuň zehini” güjeňlese, başga ýerde “zehinim meni köseýän” diýibem dur. Biz Atabaýewiň zehinine şübhelenmeýäris. Onda daş ýarýan zehin ýok-da, irmezeklikden gazylyp alynýan zehin bar. Emma şojagaz zehin “suwy” damyp duran setirlere ýuwulyp, çakyry çykan adaty söze öwrülýär welin, onsoň Poeziýadan derek galmaýar. “Seni söýmedik bolsam” kitabyndan başky goşgudan beýleki üç goşgyny göreliň. “Uruş. Hyýal. Hakykat”, “Uruş”, “Ýoda”. Bularda aýdyljak bolunýan zat bir. Ol diňe Atabaýewde däl, onuň beýleki deň-duş şahyrlarynyň döredijiliginde hem şeýleräk teswirlenýär. Ýeser ýeri – şol bir öwrenişilen detallar – ene, ogul, agtyk, mazar, gözleg, Ýeňiş. Munda pikiriň originallygy biçak gyt. Dogry, Atabaýewde jedelleşer ýaly pursatlar bar. Onuň herdemhyýal liriki gahrymanlarynda içki garşylyk güýçli. Bu – gyzykly tarapy. Şahyr birneme agraslanýar, kämilleşýär, kerimçilikli, gurbannazarçylykly perdelerden saýlanyp, öz ýoluny tapjak bolýar. BIZ kerimçilikli, gurbannazarçylykly ýodany ýöne ýere agzamadyk. Bu ýoda diňe Atabaýewde däl, ýaşlaryň köpüsinde duş gelýär. Käsi ýöne şondan çykyp bilmän, urnup ýör. Ahyrda-da öz sözüni diýip bilmän, diňe geçilen etapy ýaramaz gaýtalaýar. Ony ýerinde görüp geçeris. Häzir Atabaýewdäki şol “ýodanyň yzyny” çalalyň. Onuň “Sen ýene ýylgyrdyň” goşgusynda: “Men taýyn men gözleriňe siňmäge, Seň gara gözlerň şeýle bir täsin!” diýen setir bar. Bu Gurbannazaryň “Maňa seniň gözleriňden gitme ýok” diýenine barýar. “Goşgynyň gözleri” atly goşgy bolsa näçe uzynam diýsek, Kerim Gurbannepesowyň belli “Şahyryň gözi” goşgusynyň ideýasyny gaýtalaýar. Atabaýew şeýle diýýär: Şygryň şakäse deý iki gözi bar, Nygtap aýdýan, bir däl, iki gözi bar. Hiç bir zat nazaryndan sypmaýar, Bürgüt gözleri deý ýiti gözi bar. Bu ýerde mysaly köpeldip durman, şol “gözleriň” käbir “ýarym adamlaryň, kem adamlaryň gap-garaňky içki dünýäsini görýänligini” aýdalyň. Umuman, boýdan-başa logikadan mahrum goşgy bir seredende gowy, başgaça seredende horda zady görýär. Biz-ä şahyr şeý diýip duransoň, tutuş klassyk, sowet şahyrlarynyň goşgularyndan gorkup başladyk. Birden şeýle bolaýsa nätjek?! Asla beýle däl eken. Mazaly, Kerim ussat “Şahyryň gözünde” dogrudanam, şahyrlaryň gözüniň özgeleriňki bilen tebigy meňzeşligini, ýöne “bagryňda” näme bardygyny görmäge ukyplydygyny açdy oturyberdi. Onsoň “goşgularyň gözleriniň” ýoklugyna, olaryň şahyryň nazarynyň suratydygyna ynanmaklyga Atabaýewi-de yraly diýdik. T.Sadykowyň “Leýlisaç” (1985) atly täze şygyrlar ýygyndysyny okaýaryn. Bu ýygyndy onuň öňki “Seniň hatlaryň” “Duzuň bahasy” kitaplaryça-da ýok. Näme üçinkä? Edil şeýle ýagdaý G.Daşgynowyň kitaplarynda-da duýulýar. Onuň “Derdihal aýdyşaly” (1984) diýen kitaby “Ýürekdäki ýazgylardan” (1977) kän gowşak. Eger T.Sadykow edil “Kursdaşyma”, “Şahyr Gurbanýaz Daşgynowa”, “Dul aýalyň dilinden” goşgularyndaky ýaly çynyny etse, “Leýlisaça” garanda gowrak ýygyndylar taýýarlap biljek şahyr. Şu wagtky şygyr tejribesinde ol ykhamdan, tebigylykdan kösenýär. G.Daşgynowda okyjylaryň ünsüni çekýän goşgular hem bar. Muny onuň “Ýürekdäki ýazgylar” kitabyndan we žurnalda çykaran şygyrlar toplumyndan görmek bolýar. Emma şahyr öz talantyny terbiýeläp bilenok, öz şahyrana şahsyýetini gorag astyna alanok. Ol problemalylykdan barha daşlaşyp barýar. Bu düýpli nägilelikden şahyryň netije çykarmagy zerur. Çünki G.Daşgynowda geljegine umyt bagladýan zehin bar. Ähtimal, şonuň üçindir, ol öz deň-duş galamdaşlarynyň içinde ilkinji bolup şygryň daşynyň gohunyň artyşyny adalatly belledi: Dert dälmi, Körzehin goşguçylarmyz?! Söz gerek gatyrak diýäýer ýaly. Poeziýa per ýassyk däl ahyry, Oňa her kim başyn goýaýar ýaly. (“Dert”) Bu nesliň poeziýasynda originallyga garanyňda ýöntemlik, ozal bir, bäş, on sapar gaýtalanan zady näçinji gezek emelsiz gaýtalamak köp duş gelýär. Şahyr Atadurdy Gurbanowyň “Miras” atly goşgular ýygyndysynda “Müň dokuz ýüz on ýedi”, “Rus dili”, “Aşgabadym”, “Lenin kanalym” diýen goşgular birinjiden-ä, örän ýöntemligi, ikinjidenem şu temada şowly ýazylan K.Gurbannepesowyň “On ýedi”, H.Gurbanowyň “Rus dili”, G.Seýitliýewiň meşhur “Aşgabat, Aşgabat, janym Aşgabat” goşgularynyň gymmatyny gaçyrýanlygy bilen “tapawutlanýar” diýmesek, hiç bir babatda özüne çekenok. “Ýaşlyk hakda”, “Maýymyz” goşgulary bolsa şahyryň galamynyň entek ejizdigini görkezýär. Umumy tassyklamalardan, ýöne guwanýarys, begenýäris diýen nygtamalardan okyjy estetiki lezzet almaýar. Bu etap indi geçilen ýol bolup galdy. Şeýle-de bolsa baýdak, sähra ýaly umumy at bilen ýazylýan goşgularda predmetiň şol bir obrazy telim gezek täsirsiz tekrarlanýar. Ş.Çarygulyýewiň “Bahar çakylygy” goşgular toplumynda “Sähra”, A.Gurbannepesowyň adybir “Baýdak” ýygyndysyndaky uzynlygy hiç kimiň uzakçyl şygryndan pes bolmadyk “Baýdak” goşgulary-da Uly poeziýada nygtalyp-nygtalyp aýdylan setirleri, bentleri, tutuş eserleri ýatladyp dur. Onsoň şol temadan ýazylan nähili täze eser bolsa-da, äheňi diýjek bolýan pikiri ýene köne bolaýýar. Ine, Allaýar Çüriýewiň “Uruş ýyllarynyň aýdymlary” diýen goşgyny mysal alalyň: Synagyndan geçip agyr ýyllaryň, Synagyndan geçip ot-ýalynlaryň. Ýaşap ýör aýdymlar şu güne deňiç, Kalbynda dul galan gül gelinleriň. (A.Çüriýew “Bereket”, 1995, 9-njy sah.) Bu indi uly hakykata öwrüldi. Her bir uly şäherde, raýon merkezinde, hatda atly kolhozlarda şöhrat ýadygärligi gabat gelýär. Hökmanam iki goşgynyň birinde uruşdä äri ölüp, dul galan gelne duş gelersiňiz (olar indi pesi altmyşdan, ýokarsy segsenden geçdiler öýdýän). Haýsysyny okasaňyz, üýtgeşik pikire aňsatlar sataşmarsyňyz. “Garrylar, gojalar” temasy-da köp şahyrlaryň ýüzlenýän ugry. Emma hiç biri Magtymguly Myşşyýewiň belli “Garrylar gereginiň” ýerini tutup bilenok. Ýene-de Ş.Çarygulyýewiň umumylykdan saýlanmaýan “Akdaşaýak” siklinden “Gojalaň ýüzleri gasyndyr gasyn” atly ikinji bölegi mysal alalyň: Gojalaň ýüzleri gasyndyr gasyn, Gasynlar gizleýär ýyllaň ýazgysyn. Taryhçyň taryha ýazmadyklarnam Bilýär olar, gür bererler bir täsin. Hawa, olaň oňat häsýetleri kän: Halamaz gürlemsek bolsa ýaş-ýeleň. Gojalarsyz iş tutulmaz obada, Olarsyz görmegi gaçar obalaň... (Ş.Çarygulyýew “Bahar çakylygy”, 1979, 4-nji sah.) Biz bu goşguda diňe tanyş äheňiň – garrylary sylamagyň daşyndan, ikinji bendiň birinji setirinde köplük sanynyň, ikinji setirinde birlik sanynyň getirilip, akgynlylygyň bozulyşynam görýäris (“olaň”, “halamaz”). Peoziýa gelen badyňa özgelerden saýlanmak kyn. Emma geleňde saýlanyp gelmeli. Soň umumy akymdan bölünip aýrylmak çetin. Ýogsam saýlap alýan temaňda (bu hökman diýeliň) şony beýan edeňde (ine, şu ýeri ýaman) bir perdeden gopýanyňyz duýmarsyň. Amаnmyrat Вugaýew Gurbandurdy Geldiýewe garanyňda ýaş şahyr. Ol özünden öňküleri belli derejede özleşdirmäge borçly. Emma iki şahyryň adybir “Güýz ýapragy” goşgusyny okap, tebigatdaky deň ahwalada haýran galýarys: Saralan güýz ýapragy Baldakdan taýýar. Ejizler öz ömrüni Şol ýaprak saýýar... (G.Geldiýew “Meýdan”, 1972, 61-nji sah.) А.Вugaýew hem “Güýz ýapragynda” şol bir hereketi suratlandyrjak bolýar: Inçelýän şahanyň soňky hemrasy, Ýaňrak gaýdy gaýtdy zemine bakan. Üflenip, Üflenip, şemal ugruna, Indi bag sanap ýör ýekänme-ýekän. (А.Вugaýew “Ýagşy niýet”, 1979, 9-njy sah.) Häzir iki şahyr güýz ýapragyna aýry many berýär diýeliň. Bu hakykatdanam şeýle. Ýöne А.Вugaýewiňki imitasiýa ýaly bolup çykypdyr. G.Geldiýewde güýz ýapragy ykbala deňelýär, adamlaşdyrylýar. А.Вugaýewde-de tas şeýle, emma zordan: Çolaran köçäni sag-sola syryp, Ogşaýar, Ýalaýar adam yzlaryn. Baglara gowşuryp baglaň sargydyn, Hem sözläp ýör güýzüň soňky sözlerin. Şygyr inçe senet. Sähel gyşarsa başga many berip dur. Şonuň üçin Amаnmyrat Вugaýewiň poeziýa çuň yhlas etmegi gerekmikä diýýäris. Şahyr Nobatguly Rejebowyň “Topragyň tagamy” (1979) atly goşgular ýygyndysy, onuň “Sowet edebiýaty” žurnalynyň 1985-nji ýylyň dokuzynjy sanynda çykan şygyrlary bilen tanyşýaryn. Olary peýda bolan wagtynda-da okapdym, ýene häzirki zaman şahyrana akyma goşulyp-goşulmazlygy jähtinden synlap, täzeden gözden geçirýärin. Nobatguly yhlasly, oýlanýan şahyr. Onuň özgelerden üýtgeşik temasy ýok, emma topraga yhlasy yzygiderli we ynandyryjy, agras hem aladaly. Şahyryň liriki gahrymany kän guwduramagam halanok. Onuň “Çopan”, “Ýüpek gurçugyna”, “Duman”, “Meýdan düşelgesinde”, “Utanjaň gyz”, “Ýok, gardaş, agtarma özüňden günä”, “Özüňi käte bir undup bilsediň” goşgularyny çynyňyz bilen okaň. Siz Nobatgulynyň suratkeş, synçy şahyrdygyna göz ýetirersiňiz. Emma “Sowet edebiýaty” žurnalynyň ýokarda agzalan sanyndaky goşgulary okap, men öz gözlerime ynanasym gelmedi. Bu nähili ruhy çökgünlik? “Dostlar, meselkdeşler, bu niçik ykbal”, “Oturdym: ýer-göge nazar aýladym”, “Endik” goşgulary üçin şahyra igenesim geldi. Nobatgulynyň özem bir şygrynda özüne çökgün goşgulary ýazýandygy üçin dostlarynyň igenýändigini ýaňzydypdyr. Bu igenç şahyr dostlarynyňky bolsa gerek. Tankyt muny birneme soň duýdy öýdýän. Öz-ä dogry igenç borly. Emma ruhy pes goşgy bilen ideýa-syýasy taýdan yrga goşgynyň arasynda tapawut kän. Biz şahyryň eserlerinde ideýa-syýasy tarapdan ýalňyş şygyrlaryň gürrüňini edýäris. Dostlar, meslekdeşler, bu niçik ykbal, Nirede siz? Boş goýup ala meýdany. Meniň ýüregimi jaň kimin kakýar, Damara sygmaýan türkmeniň gany. Rentgen kimin serederdik durmuşa, Ýokdy asla galplyk bilen barlyşyk. Göwreler okguna dönüp durşuna, Hut ölmäge taýýardyk biz garpyşyp... Ine, şeýle joşgunly döwürdeşler, şahyryň tassyklaýşy ýaly, idealsyz, arzuwsyz geçipdirler, olaryň deregi galmandyr: Dostlar, aýdyň saýlap haýsy ykbaly, Özüňizden geçip nirä gitdiňiz? Tomsuna guraýan derýalar ýaly, Haýyp, zerur wagty gurap gitdiňiz. (“Sowet edebiýaty”, 1982, 3-7-nji sah.) “Endik” goşgusy ozal şahyryň 1979-njy ýylda çykan “Topragyň tagamy” diýen kitabynyň 68-nji sahypasynda bar bolsa-da, näme üçindir alty ýyldan soň şol žurnalda – 74-nji sahypada ýene çap edilipdir. Bu örän geň. özem goşgy bütin durmuşdan argyn bir sesde zeýrenýär: Halys, halys irýän adatylykdan ümür ýaly basmarlaýar endişe. Çykmak dälmi näme adamçylykdan, Goşgy ýazmak dönse eger endige? Ozaly bilen, “adamçylykdan çykmak” beýle aňsat däl bolsa gerek. Goşgyny zehine görä däl-de, “endige” görä ýazyp ýören şahyr gyt däl. Biz olara adamçylykdan çykan hökmünde garaman, körzehin diýýäs-de geçiberýäs. Ol başga bir goşgusynda bütinleý ruhdan düşüp, köne “kümmetleri” geljegiň simwoly hökmünde teswirleýär, olary ideallaşdyrýar: Tutanhamon piramidaň astynda, Mumtaz hanym astynda Täçmahalyň. Tekeş ýatyr lowurdadyp gümmezin, Jahana göz edip ajap kümmedin. Asyrlar aýlanar – kümmetler Galar, Olarda geçmiş hem geljek görünýär... (“Sowet edebiýaty”, 1985, 9-njy sanynyň 75-nji sah.) Şahyrdan bir zady soralyň: Şol ýädygärliklerden geçmiş görünse görünýändir welin, “geljek” nähili görünýär? Şahyrym, sen okyja haýsy idealy ündeýärsiň? Beýle bulaşyklyk nireden peýda bolduka? Mysal alnan şygryň soňky setirleri-de gümürtik: “Sowet edebiýaty” žurnalynyň on ýylyň dowamyndaky sanlarynda şu makalanyň obýektine girýän tas ähli şahyrlar çykyş edipdirler. Bu örän oňat fakt. Diýmek, žurnalyň redaksiýasy poeziýa üçin gujak açyp bilipdir. Emma bu ýerde bilinmesi aňsat bir “ýol” hem ýatyr. Şol redaksion sahylyk hemme şahyrlara deň-derman däl ýaly ýagdaý görünýär. Geliň, ýeke-ýekeden görüp geçeliň. Gözel Şagulyýewa žurnalyň 1976-njy ýylyň 10-njy, 1977-nji ýylyň 1-nji, 1980-nji ýylyň 2-nji, 1981-nji ýylyň 2-nji, 1982-nji ýylyň 3-nji, 11-nji, 1984-nji ýylyň 9-njy sanlarynda çykyş edipdir. On ýylyň ýedi nomerinde çykyş eden şahyr gelinde hyjuw bar. Ol hemişe we “Men - garagumly” kitabyndan görnüşi ýaly, söýgi temasyna wepaly. Emma biz käte şahyr gelin öz hususy dünýäsine aşa berläýen ýaly diýip pikir edýäris, çünki köne zeýrenç: irginsiz garaşýan gahryman, intim arzuwlar, biweç wadalar G.Şagulyýewanyň poeziýasyny “güýçlendirenok”, tersine, barha igledýär, şahyr gelni jemgyýetçilik-sosial problemalardan daşlaşdyrýar, döwrüň talabyndan çetde galmaga alyp barýar. Ol hernäçe: Söýgi kuwwat alýar, Söýgi güýçlenýär. Bir-biregi ýakyn-ýakyn görmeden. Ýogsa-da, Ezizim, gara saçlary, irdik ahyr, daşdan öpüp ýörmeden. (“Sowet edebiýaty”, 1982, 11-nji sany, 101-nji sah.) G.Şagulyýewanyň liriki gahrymanynyň ruhy dünýäsi garyp, ol şol “mürzewelini” çalmakdan başga heňi bilenok. Okyjy beýle heňi “Men - garagumludan” (1978) eşidipdi, hatda ondan has öňrägem. Ol “Meniň bar baýlygym, Seniň barlygyň” (ýokarky kitabyň 3-nji sahypasy) diýipdi. Ýene şol “gazanan baýlygyny, umydyny barlygyna baglaýanyny” bimany gaýtalap ýör. Bu nämäni görkezýär? Bu şahyr gelniň döredijiliginde ösüşiň ýoklugyny, soňky döwrüde bir depen ýerini depip durandygyny, çeperçilik gözleglerden sowaşýanlygyny görkezýär. Ýene bir zady aýdalyň. Näme üçin G.Şagulyýeäwanyň “Söýgim” goşgusy “Sowet edebiýaty” žurnalynyň 1982-nji ýylyň 3-nji we 11-nji sanlarynda üýtgedilmezden iki gezek çap edildikä? Bu hem redaksiýanyň, hem awtoryň hatasymyka ýa-da tehniki säwlikmikä? Onsoňam, redaksiýa şol bir mazmunly goşgulary geçirimlilik bilen çap edip durupdyr, poeziýa bölümi bolsa jogapkärçiligi gowşadypdyr. Umuman, žurnal beýleki redaksiýalarda işleýän şahyrlaryň goşgularyna hiline garamazdan orun baryny eçilibilipdir. Bu ýaramaz praktika diňe G.Şagulyýewanyň goşgularyndan başga awtorlaryň-da gowşak eserleriniň köp mukdarda çap edilmegine alyp gelipdir. Orazguly Annaýewiň goşgulary köpden bäri giň okyjylar köpçüligine tanyş. Onuň täze eserleri-de “Sowet edebiýaty” žurnalynyň iki sanynda uly möçberde neşir edilipdir. Biz žurnalyň 1976-njy ýylyň 2-nji, 1985-nji ýylyň 5-nji sanlarynda çap edilen goşgularyny nazarda tutýarys. Soňra şahyryň “Gijigen söýgi” (1985) diýen täze kitaby-da poeziýanyň täze formalary we tematiki gerimi hakynda onuň çynlakaý oýlanýandygyny aýtmaga mümkinçilik berýär. Ol mümkin ýagdaýda lenç edilen temalara ýüzlenmejek bolýar ýa-da şol aktiw temadan täze söz aýtmaga ymtylýar. Bu eýýäm gözlegiň barlygyny aňladýar. Şahyryň goşgularynda gözleg barlygyndan daşgary durmuşylyk hem duýulýar. Emma O.Annaýewde şeýle bir köpsözlülik bar welin, A.Atabaýewde ol bir esse bolsa, munda çeninden çykýar. Werziş edip giden galamy belli bir nokatda togtaman, şol syýasy tükeninçä şahyryň özüniň gazetden getiren fakty ýaly: “Adaty galam bilen uzynlygy 60 kilometr bolan göni çyzyk çekmek ýa-da 50 müň töweregi söz ýazmak bolýar” diýenini subut etjek bolýarmyka? Şeýle goşgularda obrazlylyga derek gury fakt, adaty pikir, gürrüňçilikde tassyklanyp, baş atylýan aksiomalar, hakykatlar agdyklyk edýär. Eger-eger çeperçilikli jemleme, okyjyny geňirgendirýän, ony owsundyrýan, emendirýän, gynandyrýan, begendirýän şahyranalyk, lezzet (вкус) ýok. “Sen nähili gudrat”, “Çaklamalar”, “Şu giden gözýetim”, “Bu gün”, “Bir mahallar bir bolandyr”, “Deňiz ýollap ýatyr” we beýleki goşgulary hut özüňi mejbur edip okaýmasaň, poeziýa meýil edip, okasyň gelmez. sebäbi olardan siz poeziýa tapmarsyňyz. Ine, 61 setirlik “Şu giden gözýetimden” bir bolegi mysal alalyň. Biz bent diýmedik, bölek diýdik, çünki şahyr setirleriň biriniň yzynda nokat goýupdyr. Şony şertli bölek diýeliň-de, şygryň arasyny böleliň: Şu giden gözýetim, Juda giňliginden ýaňa Iňläp duran, Ädimlerňi hasaplap, Ýüregiň sesin Diňläp duran – Bu sada sähra – Ýatladyp dur saňa örän kän zady. (O.Annaýew “Gijigen söýgi”, Aşgabat, 1985, 88-nji sah.) Goşgynyň yzy-da şular ýaly setirlerde dowam edýär. Bu hili forma pikire erkinlik berse-de, sözüň gadyryny gaçyrýar. Şygra hemme zady salyp bolýar, ýöne hemme söz bilen suratlandyryp bolmaýar. Ylaýtada-da gündogar, türkmen poeziýasy köp sözlüligi halamaýar. Umuman köp sözlülik, ownuk temalylyk, şol bir gazygyň daşyndan aýlanyp durmaklyk diňe A.Atabaýewiň, G.Şagulyýewanyň, O.Annaýewiň “keseli” däl. Ol K.Gurbanmyradowda-da, A.Mämmedowda-da, B.Hapyzowada-da, B.Orazdurdyýewada-da, A.Allanazarowda-da, G.Daşgynowda-da az duş gelmeýär. Emma bularyň şahyrana praktikasynda başga-da bir ýaramaz endik gabat gelýär. Ol ilki maksady taýyndan gowy niýetden gelip çykan bolsa-da, dura-bara olaryň gözlegleriniň kösseklenmegine, duýgurlyklarynyň kütelmegine, pikiriň standartlaşmagyna getiripdir. Käbir halatlarda şygryň dünýäsine girip bilmän, ony jyklap synlamak bilen oňňut edýänler bar. Ýaşy tama edilýän çäkden bireýýäm geçen, setanda-seýranda birdir-iki şowly goşgy ýazyp, soňra bäş-on ýyllap “dymýan” şahyrlar hem tapylýar. Poeziýa žanry beýle synaga çydamaýar, demriň, poladyň poslaýşy ýaly, ol kirşen baglaýar, köňül galkymy ornuny passiw synçy bilen çalyşýar. Nebsimiz agyrsa-da, özüni ilki başdan okyja tanadyp ugran Gurbandurdy Geldiýew, Tagangül Taganowa, Ahmet Gurbannepesow ýaly şahyrlar metbugat sahypalarynda az çykyş edýärler. Bularyň içinde birinji ýygyndysyny on-on bäş ýyl mundan öň çykardyp, soňra tas şygryň çygryndan çykyşanlar hem bar. Bu ýoldaşlar öňde-soňda tijenjek bolsalar, pursat-a berlendir. Döwürleýin metbugat zehini dilgir etmeýär. Özbaşdak kitabyň çykýança bäş-n ýylyň dowamynda bir ýa-da iki kitaplyk şygyr toplumyny gazetiň ýa-da žurnalyň sahypalarynda-da ýerleşdirmäge mümkinçilik döredilýär. Ylaýta-da poeziýa žanrynyňky şowuna. Hatda iki bent goşgusyny redaksiýa elten ýaş şahyry elinden-aýagyndan galdyryp, gapdalynyň “ak ýol” arzuw edýän kepilnamasy hem... suraty bilen çap edýärler. Sä hel wagtdanam Yazyjylar soýuzynyň çlenligine uly dabara bilen kabul edýärler. Görsene muny. Ine, gürrüňi edýän awtorlarymyzam şeýle etaplary ençeme ýyl mundan ozal geçenler. Bu gün olardan “Poeziýa näme getirdiňiz?” diýip soraýarys. Uly hem ahmyrly dymyşlyk ara düşer. Biri žanrdan-žanra göç edip ýörse, beýlekisi uzak wagtlap senedini harlasa, başgalary ukybyna, endigine, eýeleýän wezipesine daýanyp talantdan mahrum goşgularyny dannawsyz çap edip dursa, asyl poeziýanyň mertebesi pese gaçmazmy?! Bizde şahyr gelin-gyzlaryň sany artýar. Guwançly fakt. Gözel Şagulyýewa, Tagangül Taganowa, Bibi Orazdurdyýewa, Bibisara Hapyzowa, Miwe Tuwakbaýewa, Gözel Zarypowa, Bahargül Kerimowa we başgalar. Olaryň döredijilik tejribesi biri-biriniňkiden kem däl. Şeýle-de bolsa, şygryň ykbaly hakda, türkmen zenanynyň mähri hakda söz açylanda Gözel şagulyýewanyň lirikasy esasynda söhbet gurup bolar. Bu – uly zat. Onuň boýdaşlarynda bolsa entek hiç bir jähtden ýaýrap gürrüň eder ýaly poeziýa formirlenenok. Şonuň üçin şygryň hakyna aýdylan bellikler diňe indiwidual awtora dahylly bolman, şonuň bilen bir hatarda özgelere-de peýdasyzdyr diýip bolmaz. Kakabaý Gurbanmyradowyň “Alabahar” (1977), “Sähra gözýetimi” (1985), Abdyreşit Taşowyň “Golaýlyk” (1982), “Ýaz nagmalary” (1984), Ahmet Mämmedowyň “Tupan perzendi” (1975), “Bir ýüregiň tarlary” (1980), Allaýar Çüriýewiň “Bereket” (1985), Аmanmуrat Вugaýewiň “Ýagşy niýet” (1979), Giçgeldi Aşyrowyň “Çörek hakda aýdym” (1985), Atadurdy Gurbanowyň “Miras”, Agageldi Allanazarowyň “Ýoldan gelen hat” (1986) diýen goşgular ýygyndysyna ser salýarys. Bular aňyrsy ýigrimi-ýigrimi bäş, bärsi bäş-on ýyllykda şygyr meýdanyna gelen şahyrlar. Heniz sudur görnüşinde bolup, entek uly akaba aýlanmasa-da, şolardan başky üçüsiniň şahyrana ugry belli derejede aňdyrýar. Emma olar hem beýlekiler wagtlaýyn höwesiň ugruna gidip, her şahadan bir gopuberseler, poeziýada belli yz goýup bilmezler. Biziň on ýylyň şahyrana önümine syýahatymyz tamamlanyp barýar. Bulary birlaý gözden geçireniňden soň, iki sany uly sowal keserip orta çykýar: - Näme üçin şunça şahyr bolçulygynda şygyr gytçylyk edýär? - Näme üçin bular biri-birinden saýlanyp, göz-görtele boz çynar ýaly belende galyberenokka? Ýogsam käsiniň kitaplary diňe türkmençe däl, rus we beýleki doganlyk halklaryň dilinde-de çykyp dur ahyryn? Ozaly bilen ýalňyz hakykaty aýdalyň – her bir ýygyndysy çap edilen awtor şahyr däldir. Ol awtor ýa-da goşguçy bolup biler. Emma nätjek, her bir göwün şahyrlyk titulyndan daşlaşasy gelenok. Goý şahyram diýeliň. Emma ony, Gurbannazar aýtmyşlaýyn, “Alyhezretleri poeziýa” götermeýär. Öz çäginden iň soňunda gysyp çykarýar. Poeziýanyň söýgüsi okyjy söýgüsi däldir. Oňa özüňi aldyrmak üçin şahsyýet bolmaly. Biziň görüp geçen şahyrlarymyzyň köpüsinde şahyrana şahsyýet ýok. Şol ýok ýerinde uly şahyr döränok. Ýönekeýje zady ýatladalyň – synlanan şahyrlaryň hemmesi on ikinji bäşýyllykda tas elli ýaşaýar ýa-da golaýlaýar. Asyryň talabyny, poeziýanyň tehniki, detal, model, öwrüm mümkinçiliklerini, höwes mukdaryny, baky işlenip gelýän temalary ýadyňyza salyň. Onsoň poeziýa nätmeli? Ol däpleşen oňşuklylykdan häki bir okanyňda “bolýar” diýdirýän, emma problemasyz goşgudan, içi boş tutuş kitapdan, şeýle şahyrlardan el çekmeli. Original zehin bolmasa, rýadowoý ukypdan, tehniki türgenlikden, gep owadanlap, setir köpeltmekden çyn poeziýa hiç haçan döremez. Awgust, 1986 ý. Durdymuhammet NURALYÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 05.09.1986 ý. _____________________________________________ >>> Makala bilen baglanşykly temalar: 1. Edebiýat tankydynyñ derwaýys wezipeleri: http://kitapcy.com/news/2020-03-10-10742 http://kitapcy.com/news/2020-03-10-10744 2. Baýram Jütdiýew / "Şahyr bolçulygynda şygyr gytçylygy" diýen makalanyñ awtory Durdymuhammet Nuralyýewe duýgudaşlyk http://kitapcy.com/news/2020-07-10-120 3. Osman Ödäýew / Soñundan aýtjak sözlerim: http://kitapcy.com/news/2018-11-30-3706 | |
|
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |