21:32 Galk, şygryýet! | |
GALK, ŞYGRYÝET!
Edebi tankyt
Ýaş zehinleriñ döredijiligine syn Şu ýylyñ Oguz (iýun) aýynda şygryýetde güýjüni synaýan, eýýäm umyt bildirilip ýörlen ýaş zehinleriñ otuza golaýy bilen "Edebiýat we sungat" hepdelik gazetiniñ redaksiýasynda gyzykly duşuşyk bolup geçdi. Bu, dogrusyny aýdanyñda Beýik Serdarymyzyñ, Şa şahyrymyzyñ ýaş zehinler hakyndaky atalyk aladalarynyñ dowamy bolup durýar. Çünki, bu duşuşyk hiç bir zady gözünden sypdyrmaýan mährem Howandarymyzyñ şu ýylyñ Nowruz (mart) aýynda ýaşlaryñ döredijiligi hakynda Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniñ mejlisinde aýdan nurana sözleri bilen baglanyşyklydyr. Şonda Beýik Serdarymyz ýaşlaryñ eserlerini gyzyklanyp okaýandygyny aýtdy. Olaryñ öz ýollaryny tapmagyny, öýkünmekden daşda durmagyny arzuw etdi hem-de munuñ aladasyny edip, makalalar ýazýanlaryñ hem zähmetini ýatlady. Bu ýakymly sözler bilen öñümizde duran borjuñ üstüne borç goşdy, jogapkärçiligimizi artdyrdy. Ynha, redaksiýanyñ guramagy bilen şeýle zehinli ýaşlar bilen birinji gezek ýüzbe-ýüz bolup otyrys. Olara biziñ "Salam, umytly ýaş nesil!" diýesimiz gelýär. Edebiýatyñ gojalan nesli size biperwaý däl. Siziñ kimdigiñizi tanamasagam, şygyrlaryñyzy gyzyklanyp degşirip görýäris. Bu günki ýüzbe-ýüzlükde özümizde galan täsirleri paýlaşmak isleýäris. Men ýaş tejribäme hem döredijilik synçylygyma eýerip, size geljekde peýdasy deger ýaly käbir zatlary aýtmakçy bolýaryn. Ýöne bir zady öñünden şertleşeliñ ~ siz XXI asyr-türkmeniñ Altyn asyrynyñ ýaşlary, şu asyry çeper duýup bilýän zehinler. Biziñ añymyzda bolsa XX asyryñ soñky galyplary hem bar. Aramyzda 40-45 ýyl ýatyr. Emma çeper edebiýat aramyzda parh goýman bizi birleşdirip gelýän güýç hökmünde hereket edýär. Şol herekete gadymy edebiýatymyzyñ ajaýyp wekilleri-de, nusgawy söz sungatynyñ baştutany Magtymguly-da, Beýik Serdarymyzyñ hormat bilen agzaýan N.Saryhanow, A.Gowşudow, A.Kekilow, G.Ezizow ýaly söz ussatlary hem girýär. Eger olar biziñ ruhy çeşmelerimiz bolsalar, hut XXI asyr ~ Altyn asyrymyzyñ edebiýatynyñ başyny başlan nusgawy Şa şahyrymyz Saparmyrat Türkmenbaşy biziñ ähli neslimiziñ ruhlandyryjysydyr. Şu günki täze şygryýetiñ sakasynda-da onuñ özi durýar. Onuñ "Türkmeniñ bäş eýýamynyñ ruhy" şadiwanyndaky "Ýaşlar" şygryndan bir bendi getiresim gelýär: - Buýsanjym siz, guwanjym siz, genjim siz, Garaşsyz Diýaryñ eýesi ýaşlar! Daýanjym siz, söýenjim siz, tugram siz, Sapak ediñ, beýik edebi, ýaşlar! Beýik Serdaryñ, Şa şahyryñ şu çagyryşy bu gün edebiýata gelýän ýaşlaryñ döredijiliginde görünýär. Şol sebäpli olaryb döredijilik zehinleriniñ mundan buýana gül deý açylmagy üçin, birnäçe salgylanmalary getirip, soñ olaryñ eserlerini seljermegi dogry hasaplaýaryn. Şonuñ üçin men sözi uzagrakdan başladym. • Ýaş şygryýetde näme bar? Olara näme ýetenok? Birinji sowala şu ýerde jogap berip, soñ ikinji sowaly edebi nazarýet bilen baglanyşykly seljerip göreliñ. Şu gün edebiýata gelýän ýaşlara "Eýle ýazyñ, beýle ýazyñ" diýmek sypaýy aýdañda gelşiksiz bolardy. Häzir başga kynçylyk ýüze çykdy. Döwrüñ täzelenmegi edebiýatyñ täzelenmegine getirdi. Onuñ täze nazarýeti, täze hususy täri ýüze çykdy. "Şu gün kimden görelde almaly?" diýen sowala ýaşlaryñ özi "Sarpaly Serdardan, Şa Şahyrdan" diýip, jogap berýärler. Bu dogry hem jaýdar jogap. Muny aýdyñlaşdyrmak üçin, üç pursaty ýaşlara gysgaça ýatlatmak isleýäris. Birisi, döwrüñ täzelenmegi, ikinjisi, edebiýat nazarýeti, üçünjisi, öz ýoluñy tapmak jogapkärçiligi. Bularyñ hemmesi gerek. Emma üçüsiniñ hem añyrsynda milli añyýet ýatyr. Ine, şu milli añyýet häzirki ýaşlara nähili ýetdi diýen sowaldan başlalyñ. Bu örän zerur. Ol - Garaşsyzlykdan başlandy. Şol sebäpli Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen milli añyýeti doly kemala geldi. Iñ gowusy, muny Beýik Serdaryń "Garaşsyzlyk. Demokratiýa. Abadançylyk" diýen kitabyndaky şeýle sözleri bilen düşündirmäge synanşalyñ: "Garaşsyzlyk geçmişe we geljege ser salmak islegini döredýär. Bu ser salma mümkinçiligine türkmen halky 7-8 asyrlap garaşyp, ahyry garaşsyz döwletini gurmak arkaly ýetdi. Eýsem, garaşsyz döwletimizi gurmak bilen biziñ alynky we ahyrky maksatlarymyz nämedir? Biz gadymyýetiñ nähili kötel ýollaryny geçip geldik. Türkmenistan indi haýsy ýol bilen gider? Biziñ döwlet, durmuş filosofiýamyzyñ esasynda nähili dünýägaraýyş ýatmaly. Öz ykbal ssenariýamyzy indi özümiz ýazýarkak, geçmişiñ nämelerine ten berip, nämelerinden el çekmeli? Geljek üçin haýsy şuglalardan ugur almaly?" Döredijilige gelen we gelýän ýaşlar üçin bu sowallar biperwaýlyk döretmeli däl-de, öwrenijilik döretmelimikä diýýäris. Edebi nazarýetiñ köki we hususy täriñ zerurlygy şonda ýatyr. Ony ele almaklyga oñat şertler bar. Beýik Serdar ýokardaky agzalan kitabynda SSSR dargandan soñ, Garaşsyz Türkmenistanyñ minnetsiz ösüp bilmeginiñ dört sütünini görkezýär: "Munuñ üçin zerur bolan esasy dört şertiñ dördüsem bar. Bizde, birinjiden, syýasy durnuklylyk-da, ikinjiden, açyk gapylar we hoşniýetli bitaraplyk, goñşuçylyk syýasaty-da, üçünjiden, geçiş döwrüniñ döwlet gözegçiligini üpjün edýän güýçli häkimiýet we demokratiýa-da, dördünjiden, düýpli maýa goýumlary we çig mal serişdeleri bar. Bular biziñ döwletimiziñ dört sütünidir". Şu sütünler diñe bir döwlet gurluşuna däl, jemgyýete-de, añyýete-de gös-göni dahyllydyrlar. Edebi nazarýet bolsa, edebiýaty öwreniş ylmynyñ bir bölegi hökmünde, şol dört sütüni maddy we syýasy daýanç edinip, öz içki kanunalaýyklygyna görä ösýär. Ýeri gelende aýtsak, şu ýerde bir ýagdaýy görkezip geçmek zerurdyr. Garaşsyzlyga çenli biziñ nazarýetimiz rus, ýewropa, grek çeşmeleri esasynda ýazyldy. Bu bize milli aýratynlyklarymyzy görmäge päsgel berdi. Munuñ üstesine-de, şu nazarýet sowet döwründe has syýasylaşyp, her dörediji adamyñ hususy tärine päsgelçilik döretdi. Biz Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soñ, döredijilige giñ mümkinçilik açyldy. Beýik Serdaryñ yglan eden Milli galkynyş hereketi öz miwesini berip başlady. Çeper söz öz başky akabasyna gaýdyp geldi. Ýaşlaryñ döredijiligine-de şu nukdaýnazardan baha bermek dogry bolsa gerek. Biz gürrüñi taryha çekmän, XXI asyr - türkmeniñ Altyn asyrynyñ täze edebiýatyna getirmekçi bolýarys. Biziñ añlaýşymyzça, ýaş şygryýetiñ öñünde dört kynçylyk bar. Birinjisi, öñde uly tejribeli edebiýat ýatyr. Şondan geregiñi almak kynçylygy. Ikinjisi, özüñçe ýol salmak. Üçünjisi, şony dowamly alyp gitmek. Dördünjisi, hususy çeperçilik tärini ele almak. Bularyñ hemmesi-de häzirki ýaşlarda kem-kemden özleşdirilip, tiz aralykda geçilip barylýar. Ony "Edebiýat we sungat" hepdelik gazetiniñ 2006-njy ýylda berýän "Şygryýet" sahypalaryndaky "Ýaş zehinleriñ şygyr çemeni" görkezýär. Şonuñ anyk mysallaryna ýüzleneliñ: Şu ýylyñ Nowruz aýynyñ 31-inde Seýitmyrat Geldiýewiñ "Joşa-joşa", "Ylham", Wepa Çaryýarowyñ (Has Türkmen) "Bolmaklyk üçin", "Bagtyñ ýoly", "Bir bakyşda", Nurgözel Akmyradowanyñ "Ýaýlagym", "Gaýalar", "Goşguly säher", Maral Esenowanyñ "Öwrendim", "Synçylyk", Didar Gambarowyń "Aý yşygynda", "Ýazyñ mähri", "Durnalar", "Çigildem", Maýa Hanowanyñ "Gülälekli meýdan", "Ak ýagyş", "Gijeki şugla", Gülnabat Annamuhammedowanyñ "Ömrüñ dowamy", "Ýürek owazy", Guwanç Saparowyñ "Bag", "Döwletli gün", "Arzuw", Batyr Çaryýewiñ "Duýgy", "Seni ýatlap...", "Ýeke söz" goşgulary çykdy. Biz olar bilen tanyşdyk. Dokuz zehiniñ ýigrimi bäş goşgusy bir sahypada. Bu az däl, pikirlenere esas bar. Şu ýaşlar öñem yzygiderli çykyş edip gelýärler. Bularyñ arasynda has köpräk çykyş edýänleri Seýitmyrat Geldiýew, Nurgözel Akmyradowa, Maýa Hanowa, Didar Gambarow. Emma bularyñ sanyny Sapargeldi Gummanowyñ, Köşüli Annaseýidowyñ, Täzegül Muhamowanyñ, Enwer Nyzamowyñ, Jemal Akmyradowanyñ, Aman Rozyýewiñ, Aknabat Mämmedowanyñ, Gulmyrat Rahmanowyñ, Tyllagözel Ýusubowanyñ, Maýsa Jumaýewanyñ, Çynar Kadyrowanyñ, Kerwen Kakabaýewiñ hasabyna artdyryp bolar. Mahlasy, ýaşlar dürli temalarda galam ýöredýärler. Temalar biri-birini gaýtalanok. Hemmesinde ynam, yhlas görünýär. Şolaryñ käbirini görüp geçeliñ. S.Geldiýewde "Joşa-joşa" diýen goşgy bar. Ol özüne çekiji: - Toý güni göwün deñzi, Dolup dur daşa-daşa. Nurly juwanlañ meñzi, Yşkyna duşa-duşa. Mertlerden gaýdýar aslyñ, Üýtgeşik toý her paslyñ, Jennet ülkäm señ waspyñ, Galkýar il aşa-aşa. Bu şahyr dünýäni täzeçe görýär. "Ylham" şygrynda ol şeýle diýýär. - Ylham näme? Ylham otdur alawlan, Ýöne owalynda uçgun gerekdir. Ylham näme? Joşgundyr ol çag bolan, Oña duýgulardan göçgün gerekdir. Şahyr halys lenç edilen sözlerden gaçýar. Biz ilki-ilkiler "Ylham meniñ garaşsyzlygymdyr" diýen ýaly söz üýşmeklerine köp duş gelýärdik. Ol başgaça öwrüm etmäge synanyşýar, Seýitmyradyñ "Bagt güli", "Söýgi serpaýy" şygyrlarynda täzeçillik duýulýar: - Men obanyñ ykbalyna düşünýän, Arzuwlam goşulýar täzeligine. Düýn çar bagda yşka düşen gözeller, Bu gün öwrülipdir täze geline. /"Bagt güli"/. - Sen meniñ törümde, Öý indi señki. Duşuşyklar geçdi, galdy ýeñsede, Ýok, ýok, biz ýeñmedik, Söýgimiz ýeñdi, Kynçylyklar biziñ sary eñse-de. /"Söýgi serpaýy"/ Alnan iki şygyrda birnäçe täze kapyýa duşýar. Ony "täzeligine", "täze geline", "ýeñsede", "eñse-de", "señki", "ýeñdi" sözleri görkezýär. Şahyryñ "Tudana" şygrynda-da ozal tudana hakda aýdylmadyk pikir bar: - Düwme-düwme bal getirdi balhy tut, Bal damýan deý üzülip dur tudana. Özge miwe, başga iýmiş küýsetmez, Üzüm ýaly tudanany ýuwdana. Üns berseñiz, tudananyñ üzüme meñzedilişine öñ duş gelen dälsiñiz. Üstesine, Şa şahyrymyzyñ şygyrlaryndan ýakymly täsirlenme bar. Galyberse-de, "tudana", "ýuwdana" sözleri nähili täsin kapyýalaşýarlar! Nurgözel Akmyradowanyñ "Ýaýlagym", "Gaýalar", "Goşguly säher" şygyrlary-da kalbyñda mylaýym täsir galdyrýar. - Nesip eýläp geldim seniñ alnyña, Kabul eýle perzendiñi, ýaýlagym. Gör, ýanar men gülälekleñ alyna, Kabul eýle perzendiñi, ýaýlagym. "Ýaýlagym" şygryndan alnan bu bentde, "alnyña", "alyna" sözleri ajap kapyýalaşýar. "Gaýalar" goşgusynda bolsa, öñ ulanylmadyk söz öwrümleri seni özüne biygtyýar bendi edýär. - Goýber ykbal, yhlasymyñ jylawyn, Çal saçly daglary ogşasyn gözlem. "Yhlasymyñ jylawyn", "ogşasyn gözlem" söz düzümleri okyjyny oýlandyrýar. Aýratynam, "Goşguly säheri" başga bir dünýä gelen ýaly täsir döredýär. Olarda häzirki buýsançly zamananyń ruhubelentligi duýulýar. - Zandy halal dünýä indermek üçin, Señ yşkyñda perwaz urdy aladam. Teşne köñüllere göndermek üçin, Gujagyna gysyp otyr ala dañ. Maral Esenowanyñ "Synçylyk" şygry juda täzeçilligi, özboluşlylygy bilen özüne ýesir edýär. Bu "Oguznamanyñ" we onuñ gahrymanlarynyñ şahyrana şöhlelenmesidir. Iñ gowusy, şol iki bendi mysal getireliñ. - Synlaýaryn gijäñ Aý-ýyldyzlaryn, Olar Aý han ýaly, Ýyldyz han ýaly. Aý daşyna üýşen ýyldyzlañ bary, Biri-birisine mähriban ýaly. Synlaýaryn gündiz Gün hem daglary, Olar Gün han ýaly hem Dag han ýaly. Gaýalarda oýnaýar Gün şöhlesi, Biri-birisine jana-jan ýaly. Pikirlenmeseñ, täzelik gözlemeseñ, beýle şygry döredip bolmaz. Biz Marala beýleki şygyrlarynda-da şeýle täsinlikleri bermegini arzuw edýäris. Şu bentlerde biz Gün hany, Aý hany, Ýyldyz hany, Dag hany täzeçe görýäris. Belki, Deñiz hanyñ, Gök hanyñ hem keşplerine şeýle meñzetmeler tapylsyn! Ýaş şygryýet adata öwrülen meñzetmeler ýodasy bilen ýöräsi gelenok. Olar täze meñzetmeleri tebigy halda tapjak bolýarlar. Tapýarlar hem. Didar Gambarow "Ýazyñ mähri", "Durnalar" şygyrlarynda suratkeş şahyrlygyny görkezip bilipdir. - Asman köle meñzeş, bulutlar - gaza, Şol gonup, geçip dur yzyny üzmän... /"Ýazyñ mähri"/ - Ak durnalar päkligi deý älemiñ, Göge guşak bolup geçip barýalar. Olar zemindäki adama aşyk, Ýere sary garap uçup barýalar. /"Durnalar"/ Sungatda suratkeşlik gerek. Biz hem durnalary görýäris, olary hatar gurap uçup barýakalar toýnaga meñzedýäris, emma ýere, adama "aşykdyklaryny" duýamyzok. Oña şahyr bolup bakmaly, şahyr bolup netije çykarmaly. Batyr Çaryýew "Duýgy şygrynda şu bendi aýdýar welin, özüñ geñ galýarsyñ. - Seniñ yşkyñ bile ümzügim öñe, Gözelligi eýeledi kalbymy. Umydymy baglap nurana daña, Bolup gaýtdym ýañagyñdan algyly. Bir gyza "Men ýañagyñdan algyly" diýseñ, seniñ akyllydygyña, çensiz duýgurlygyña ynanmaz. Seni serhoş ýa-da akylyndan azaşan hasaplar. Emma şu ýekeje setirde näçe şahyrana duýgurlyk barlygyny özüñiz döredijilikli oýlanyp görüñ! Täze şygryýet şeýle öwrümlere garaşýar. Dogry, çeper hususy täre wagt gerek, onuñ nämeligini irginsiz döredijilik görkezýär. Öz ýörelgesi bilen öñe çykanlar, öz ýoluny salanlar baky ýaşaýarlar. Bir ugur olara ussatlyk berse, on ýa-da ýüz şahyr öz ugruny, ýörelgesinu tapman, köpüñ içinde ýitip gidýär. Şonuñ üçin hem ýaş zehinleriñ çeper keşbiñ, ussatlygyñ nämeligini görkezýän Saparmyrat Türkmenbaşynyñ, Magtymgulynyñ şygryýet aýratynlygy, şygyr ussatlygy hakdaky goşgularyna ser salyp durmaklary gerek. Aman Rozyýewiñ şygryýetiniñ şeýle talabynda suratkeşlik eýläp ýazan "Yşk mekany" şygry-da muña ýekeje mysaldyr. - Sen geleñok, buza döndi damjalar, Sen geleñok, gussa göründi gülde. Näçe gündür sapagyndan tänenok, Seni görmek üçin hal menek ülje. Ýaşlarda zehin bar, hususy tär alamatlary duýulýar. Olaryñ rowaç tapmagyny isläp, pikirimizi Seýitmyrat Geldiýewiñ "Uçuş" şygry bilen jemleýäris. - Görüp, inçe ak ýol ýasap, Barýan asmanyñ uçaryn. Diýdim şu sözi alñasap: "Menem ir-u-giç uçaryn!" Uç, ýaş şygryýet! Sen Sarpaly Serdarly, mukaddes Ruhnamaly sungatsyñ! Durdymuhammet NURALYÝEW, professor. "Edebiýat we Sungat" gazeti, 14.07.2006 ý. | |
|
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |