23:30 Türkmen Lomonosowy | |
TÜRKMEN LOMONOSOWY
Edebi makalalar
Hemma zat halkyň gözi bilen ölçelýär. Şeýdilende, her kime berilýän atdyr derejede, sylagdyr serpaýam ýerine duşýär. Geliň, aňymyzda aýlap göreliň: «Şahyr Puşkin Beýle ada hemme kişi mynasyp bolaýanok. Meniň ynanjyma görä, türkmende öz tanaýanlarymdan iki läheň şu ady göterip bilýär. Olaryň biri, şükür, aýatda. Beýlekisi welin, arman, indi aramyzda on iki ýyl bäri ýok. Şol akademik Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýewdi. Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň öz meýli b ilen, bu adamyň şol uly baýragy almaga hödürlenmegi diňe bir döwletli iş bolman, bireýýäm berjaý edilmeli parzdygy ýadyma düşüp, galama ýapyşanymy duýman galdym. », «Ýazyjy Kerbabaýew», «Baş konstruktor Korolýow», «Ýazyjy Muhtar Auezow» diýseň, şaplaşyp durandyr. Asyl, olaryň atlarynyň gapdalynda «akademik» sözüni ýazasyň gelmez. Ýogsam şolaram akademikdiler ahyryn. Puşkin, Şolohow, Çingiz Aýtmatow ýalylaryň akademikdigi hiç birimiziň ýadymyza düşübem duranok. Filologiýa ylmyny göz öňüne getirip, «akademik Garryýew» diýsek, gidere ýer ýokdur. Edil bile biten ýaly sazlaşyp duruberer. Akademik Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýew şol topar alymlardandy. Hertaraply bilimli, ady, dünýäniň meşhyp alymlarynň içinde tanalýan bu türkmen edebiýatçysy barada söz açanymda mundan kyrk üç ýyl ozal bolup geçen bir waka ýadyma düşýär... Şu gunki ýaly ýadymda. Ellinji ýyllaryň başlarynda men altynjy klasda okaýardym. 1950—1951-nji okuw ýylynyň güýzi gelip ýetipdi. O ýowuz ýyllarda ertirine kolhoz işine kömek berýärdik, güýjümiz ýetdiginden ders çekip, ekin meýdanlaryna ýaýradýardyk, täze ýerleriň ýandagyny çapyşmaga garrylara kömek berýärdik. Öýlän hem mekdebe okuwa gidýärdik. Bapbamlaryň (kakamyň doganoglanynyň) köneje tamynyň diwaryna arkamy diräp, güneşläp otyrdym. Obamyzyň ho-ol günbatarsynda ýediýyllyk mekdebimiz agaryp görünýärdi. Nazarymy şoňa gönükdirip, bir zadyň küýünde ýüzüp oturşyma ýanyma gelen epeý adamyny birbada görmändirin. Sen, oglanjyk, şu obalymy? Hawa. Obaňyzda garry-gurty ýaşulular barmy? Hawa, Kakam bar, agalarym bar. Başga-da bar. Iň garrymyz Mülki aga. — Meni tanaýaňmy? «Baýmuhammet Garryýew» diýip eşidipmidiň? Siz şo-ol Seýdiniň kitabyny çykaranmy? Daşy galkanly, gylyçly? Hawa. Okapsyň-ow, tüweleme. Hany kolhoz başlygynyň öýüni görkez! Şol wagtlar kolhoz başlyklarynyň tamy-da illeriňkiden juda saýlanyp duranköşk däldi. Tam kepbäniň sähel öňüni dolandy. Başlyk Gurban aga Rahymow biziň goňşymyzdy. Myhman bilen olaryň gapysyna baryp saklandyk. Saglyk-amanlykdan soň, men öýmüze gidiberjek boldum welin, ol: Sen, oglanjyk, kakaňa, agalaryňa aýt, agşam kolhoz başlygynyňka gelsinler, öýüne diýip aýt. Beýleki garrylardanam bary gelsin. Aşgabatdan Baýmuhammet Garryýew diýilýän biri gelipdir diý. Gürründeş boljak diýýä —diý. — Bor... Şol çaga wagtymdaky duşuşykdan soň alty-edi ýyl geçer, men onuň ylmy çykyşyny diňlärin, ýene ýedi ýyldan meşhur alymyň Moskwada, Perlowo diýen ýerdäki öýünde ýaşamaly bolaryn, onuň direktorlyk edýän institutynda işlärin, ýazan işlerini, kitaplaryny, makalalaryny gyzyl-dörjuk etmeli bolaryn diýip ýatsam-tursam ýadyma düşenokdy. Türkmen halk döredijiliginiň ähli žanrlaryndan dürli nusgalary çap eden, tas hemme türkmen şahyrlarynyň, biz XVIII — XIX asyrlary nazarda tutýarys, - barysynyň goşgular ýygyndysyny okyjylara hödürlän, beýik Magtymgulydan kandidatlyk hem doktorlyk dissertasilaryny mundan elli ýyl ozal ilkinji bolup goran, meşhur «Göroglynyň» bütin Gündogar, Orta Aziýa halklaryndaky nusgalaryny birinji bolup jemläp, ylmy äleme ýetiren, Türkmenistanda hem ondan has uzaklarda tanalýan, dürli milletlerden ýüzlerçe filolog alymlary taýýarlan, dört hünärden ýokary bilimli, diplomly Baýmuhammet Garryýewiň ömür ýoly hakykatdanam görelde alarlykdyr. Mundan segsen ýyl töweregi ozal Aşgabadyň Gökje obasynda sowatly maşgalada dünýä inen, ýetmiş ýyl öň hem türkmen hem rus orta mekdebini gutaran, eýýämden terjimeçi, mugallym bolup işläp ýören, Beýik Watançylyk urşy başlanýança Aşgabadyň pedagogik institutynyň dil, edebiýat, taryh, geografiýa fakultetlerini tamamlap, hersinden diplom alan, urşuň haý-haýly ýyllarynda medisina institutyny birýüzli eden bu gaýratly türkmen ýigidine nähili guwanmajak! Pedagog, dilçi, terjimeçi, taryhçy, medik, geografiýaçy, edebiýatçy, belli derejede hasapçy-buhgalter bu adama «Türkmen Lomonosowy» diýmäbilseň—diýme-dä! Şeýle hemmetaraplaýyn ylym almak üçin owal-başda ýaşlykda sowatlylyk sredasy, sabyr-takatly terbie gerek. Ýaş Baýmuhammediň maşgalalarynda şeýle şert bardy. Kakasy Ataly bilen ejeci Hürjemal sowatly adamlardy. Şol döwürlerde Aşgabat sowetiniň birinji çagyrylyşynyň deputaty Ataly Garryýew Gökje obasynda umumy bilim berýän mekdebi açypdy. Soň-soňlar alymlaryň Garryýewler nesli şondan gaýdýardy. 1942-nji ýylda, uruş gidip durka «Magtymguly we onuň watançylygy» diýen temadan kandidatlyk, 1948-nji ýylda bolsa «Magtymguly we onuň çeper dili» boýunça doktorlyk gorap, 1949-njy ýylda professor, 1951-nji ýylda Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzasy, 1965-nji ýylda akademik derejesini alan B.Garryýew durmuşyň, ylmyň örän çylşyrymly ýoluny geçipdi. Ýaňy habarçy-agzalyga saýlananda ol stalinçilikli kultuň girdabyna düşüp, günäsiz ýerden «halk duşmany», «pantürkist» boldy oturyberdi. Halkyň gadymdan gelýän «Gorkut ata» eposyny okyja ýetirmek üçin çeken azaplary üçin «sag bolsuna» derek şol elli ikinjiniň ýowuz bir gününde ony «ýygnadylar». Tä 1956-nji ýylda öňki SSKP-niň XX gurultaýyna çenli ol we onuň alym egindeşleri M. Kösäýew, O. Abdalow gözenegiň aňyrsynda oturmaly bolupdylar. Asyl ellinji ýyllarda kakynly Staliniň jyny intelligensiýa düşüp ýören bolsa nätjek! Diňe Türkmenistanda däl, oňki SSSR-iň ähli ýerinde, merkeziň özünde-de atly abraýly alymlar, ýazyjylar şahyrlar, inženerler, samolýot konstruktorlary şahsyýet kultunyň demir penjesine düşüp ugrapdy. «Duran tutular, gaçan gutular» diýilýäni bolupdy. Hawa. Biz ellinji ýyllaryň ortalarynda Türkmen döwlet uniwersitetiniň studentleri bolsagam, o wagtlar B.Garryýewiň adyny tutdurmaýardylar, ýazan, çykardan kitaplaryndan peýdalanmak gadagandy. Ine-de 1957-nji ýylyň yssy güýz günleriniň birinde... arzyly alymymyz Baýmuhammet Garryýewi görmek nesip etdi. Oňa çenli biz studentler bu adam barada suwytly zat eşitmeýärdik. Şu wagt beýik Magtymgulynyň adyny göterýän uniwersitet ozal Köşi bagyna golaý, häzirki «Turist» myhmanhanasynyň aňry ýanynda ýerleşýärdi. Ähli uly dabara ýekeje «Gyşky klubda» geçýärdi. Şol yssy günleriň birinde soňra uly edebiýatçylar bolup ýetişen Kaýum Jumaýew bilen Öde Abdyllaýew kandidatlyk dissertasiýalaryny goraýardylar. Biz Öde halypanyň okuwçylary janköýer hökmünde gatnaşýardyk. Kelte gapasaçy çepden saga daralan dogumly hem ýarym eň köýnekli bir adam tribuna çykyp: Aeroportdan Köşä gelmek Moskwadan Aşgabada gelmekden kyn eken — diýdi. Ol B. Garryýewdi. Kandidatlygy goraýanlaryň biriniň opponenti edilip, Moskwadan çagyrylypdy. Ol türmeden boşansoň ilki Moskwada saglygy saklaýyş guramalarynyň biriniň ylmy-metodik stansiýasynyň ylmy işgäri, soňam M. Gorkiý adyndaky Dunýä edebiýaty institutynyň uly ylmy işgäri bolup işleýärdi. Ol rus dilinde erkin gürleýärdi. Öňünde duran tekste seredenokdy. Zalda oturanlar özara pyşyrdaşyp, oňa seredýärdiler, kimseler elini silkeleýärdi, kimseler seňrigini ýygyrýardy, ýene birleri gyýa-gyýa bakýardylar. Göwnüme bolmasa, zalda oturanlaryň köpüsi ondan çekinýän ýalydy. Arakesme wagty-da kän ýanyna barýan ýokdy. Ýek-tuk adam bolaýmasa, onuň elini gysýan azdy. Ol bolsa ýaryşda birinji gelen bedewe çalym edýärdi, derini çalyp, ýylgyrjaklap bir zatlary gürruň berýärdi. Hereketi çaltdy kesgitlidi. Biziň iki gözümiz şondady. Moskwada işläp bilýän türkmen alymyna ýürekden guwanýardyk. Herimiz onuň ýazan kitaplaryny okanymyzy ýatlaşýardyk. Ýogsam iki ýüzden gowrak işiň haýsy birini ýatlajak diýsene. Onuň çykaran dessanlary ummasyzdy. «Asly-Kepem», «Hüýrlukga-Hemra», «Gül-Bilbil», «Seýpelmelek-Methaljemal», «Ýusup-Ahmet», «Alybeg-Balybeg», «Gül-Senuber», «Jeňnama», «Melike-Dilaram», «Hejen oglan», «Raý-Çyny»... ýene-eneler. Şolardan «Raý-Çynyny» «Ýusup-Ahmedi», «Alybeg-Balybegi» oglan wagtym, oba kitanhanasynda, urşuň gazaply ýyllarynda okapdym. Ýöne bular hemmesi däl. Azadynyň, Magtymgulynyň, Seýdiniň, Şeýdaýynyn, Mollanepesiň, Şabendäniň, Zeliliniň goşgularyny hem ol yzly-yzyna neşir edipdi. Bular baradaky makalalar entek beýlede dursun diýeli. Sebäbi alym adamyň ylmy işleri ömürboýy nesiller tarapyndan häli-şindi öwrenilip gelinýär. Aýratynam Magtymgulyny öwrenmekde eden işleri şeýledir. Magtymguly bir adama däl, tutuş ylmy kollektiwe ýüzlerçe ýyllyk işdir. Şonuň üçin ýeke adamyň o barada eden işi deňizden alnan bir damja çalym edýär diýeliň. Ýöne B.Garryýewiň bir özüniň şahyr hakdaky işleri onlarça alymyň işine barabar bolsa gerek. «Magtymguly hakynda täze materiallar» atly 1941-nji ýylyň aprelinde ýazan makalasyndan başlap kyrk ýyllap—1983-nji ýylda şahyryň Moskwada çykan neşirine ýazan sözbaşyna çenli ol ýüzlerçe oý-pikirli işlerini şol genial şahyra niýetläpdi. Dogrusy, bu sözbaşyny ol 1981-nji ýylda ölmeziniň öň ýanynda ýazyp, eýýäm merkeze iberipdi-de, ony görmäge ýetişmändi. Mahlasy, XVIII—XIX ýasyrlar diýlende iki ýüz ýylyň edebi dünýäsini Garryýewsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Folklor hakda-da şony aýtmak bolar. Entek ähli türkmen alymlary şonuň neşir eden mukdaryndn klassyky nusgalary neşir edip bilenoklar. Onsoň oýlanyberiň, onuň nähili işjanlylygy hakynda. Uly alym Baýmuhammet Garryýewiň bütin ömri ady dünýä meşhur alymlaryň arasynda geçdi. Şolaryň arasynda A.N.Samoýlowiçem, A.P.Poseluýewski-de, W.A.Gordlewski-de, E.E.Bertelsem, L.I.Klimowiçem, A.N.Kononowam, W.M.Žirmunski-de, I.S.Braginski-de, M.I.Bogdanowa-da, Muhtar Auezowam bar. Onuň tas on ýyl ömri Moskwada Dünýä edebiýaty institutynda geçdi. Ol ýerde bolsa her bir alym işläýip bilenok... Uly türkmen alymynyň Moskwada işlän döwürleriniň bir ujuny görenim üçin bir wakany şu ýerde ýatlamak artykmaçlyk etmese gerek. 1964-nji ýylyň oktýabr aýynda aspiranturada okaýarkam Kazan, Moskwa arhiwlerinde basa oturyp işlemeli bolupdym. Kazanda bolmaly möhletimi gutaryp, Moskwa dolanyp gelemde Wnukowo aeroportynda egni gara plaşly, başy açyk, näme üçindir ylgaşlap ýören Baýmuhammet Atalyýewiçe gözüm duşdi. Ol şähere barýan anwtobusa howlugýardy öýdýän. Meniňem ýüzüm Moskwa tarap bolansoň şol awtobusa mündüm. Ikimiz bileräk durduk. Özüm tanyşlyk beräýmesem ol meni tanajak däldi: Salowmaleýküm, Baýmuhammet Atalyýewiç! Ol «ýalt» edip, maňa seretdi: Waleýkimessalam, Aşgabatdanmy? Pylanlar. pylanlar gurgunmy? — diýip, gezek bermän tanyşlarynyň atlaryny sanap başlady. Olaram gurgun, ýöne meniň gelşim Kazandan. Aspiranturada okamsoň şol ýerde arhiwde işläp gaýtdym, indem Moskwada on bäş gün bolmakçy. Gowy bolupdyr. Sen maňa gerek. Öýlän sagat uçlerde Moskwanyň Lenin adyndaky kitaphanasynyň uly jemgyýetçilik zalynda duşuşaly. Men bararyn. Ýöne hökman garaş hem-de meni tapjak bol. — Bor, Baýmuhammet Atalyýewiç. Şu wagt aýalym Jereni Aşgabada ugradyp gelýän. Elinde-de suw ýaly çagasy. Howluda kitaplarym, beýleki goşlarym pytpap ýatyr. Adam ýok, iş bolsa, heý, sen go.'.ý başdan agdyk. Heniz Dünýä edebiýaty instituty bilenem bir ýüzli bolamok. Eşdensiň, Aşgabada Edebiýat institutyna direktor edilip bellenipdirin. Gyssagly göçmeli bolaýdy... Ýogsa-da seniň myhman ýeriň bellimi?—diýip ol ýüzugra sorady. Nämedir ol gyssanýardy, çalt gürleýärdi. Ýok. Moskwa birinji barşym diýsemem boljak. Indi myhmanhana gözlemesem... Onda hasam gowy. Sen meniň howlymda tä möhletiň gutarýança boluber. Ine bile bararys. Ýöne sagat üçde kitaphana gel. Onsoň gideris. Diýen wagty öňki SSSR-iň Lenin adyndaky Döwlet kitaphanasynyň uly zalynda duşuşdyk. Direktor bilen aspirantyň ýagdaýy deň däl. Kitaphana ýazylyp, okyjylyk biletiňi alan bolsaň, ýör gideli. Aýdyşym ýaly howluda bar zat ýaýyr-ýajakdyr — diýdi. Tirkeşip. Worowskiý keçesi bilen pyýadalap ugradyk. Ýolda ol ähli uly edaralar hakynda aýdyşdyryp, tanyş edip barýar. Işleýän institutyna sähel salymlyk girip çykansoň, metro düşüp, Ýaroslawl. Kazan, Leningrad wokzallarynyň birräk ýerlerine ýetdik. Ýalňyşmasam, «Maýakowskiý» metrosymyka diýýän. Şondan çykyp, şäherara otlusyna münüp, az wagtdan Perlowo stansiýasynda düşdük. Baýmuhammet Atalyýewiç şu obajykdan Moskwa gatnap işleýär eken. Kropotkin köçesiniň 7-nji jaýy şonuň giň howlusydy. Hakykatdanam howluda stollar, stullar, stellažlar, küt-küt kitaplar, gazet daňylary, haýsydyr bir topar žurnallar daşy saralgy, maşyna ýüklenäýmeli edilip goýlupdyr. Howluda şeýlebir alma agaçlary kändi welin, her biri çäýnek ýaly almalardan ýaňa olaryň şahalary döwülere geleýin diýýärdi. Ine şu howluda men oktýabryň onundan ýigrimi bäşine çenli ýeke özüm bolmaly bolupdym. Alymyň üç otagyda kitapdan doludy. Olar bilen tanyşmaga mende köp mümkinçilik bardy. Irden Moskwanyň arhiwlerinde işläp, agşam dolanyp gelemsoň şol kitaplar meni ýekelikden halas edýärdi. Entek şoňa çenli hiç kimde beýle baý şahsy kitaphana görmändim. Oňa dünýäniň iň uly gündogarşynaslarynyň sowgat beren kitaplary-da özbaşyna bir kitaphanajygy düzjekdi. Şol gün alymyň özi, Zwenigoroddan gelen inisi Nury üçümiz howlyny tertibe saldyk. Agşam Baýmuhammet Atalyýewiçi Aşgabada samolýot bilen ugratmalydyk. B.Garryýew diňe bir uly edebiýatçy däldi, ol dünýä klassyklarynyň naýbaşy eserlerini terjime eden ussatdy. Rusçadan türkmençä Puşkini, Gogoly, Çehowy terjime etse, türkmençeden rusça Göroglyny, Magtymgulyny, Durdy Gylyjy, Gara Seýitlini, beýleki şahyrlaryň eserlerini terjime edipdi. Onuň redaktirlän ylmy işlerini-hä sanabam oturmalyň. Milli kadrlary ýetişdirmek taýsyz alymyň esasy işidi. Türkmen alymlary Z.Muhammedowa, R Rejepow, B.Çaryýarow, G.Kerimi, nukusly K.Aimbetow, K.Maksetow, samarkantly B.Welihojaýew, ýerewanly A.Jindi, daşkentli J.Kabulnyýazow, M.Koşçanow, M.Muradow, M.Seýidow, N.Mollaýew, ufaly M.Kireýew, andijanly X.Razzakow, Daglyk Altaýly S.Surazakow, kazanly X.Usmanow, Azerbaýjanda, Başgyrdystanda, Dagystanda, Ermenistanda, Gruziýada, Garagalpagystanda, Gazagystanda, Altaýda, Tatarystanda, Özbegistanda, Täjigistanda, Moskwanyň özünde opponirlän onlarça, ýüzlerçe kandndatlary, doktorlary oňa baş egýärdiler. Ol—hertaraply alymyň bir ylmy ugrudy. Ikinji ylmy-pedagogik ugry—orta hem ýokary okuw jaýlarynyň okuw kitaplaryny ýazmakdan, programmalaryny düzmekden ybaratdy. Tegelek kyrk ýyllap ol Türkmenistanyň filologiýasynyň öňbaşçysy bolup gelipdi. Ol tüýs ylym adamsydy. Başyny galdyrman işlär ýörerdi. Hatda uruş ýyllarynda şeýlebir köp işleýärdi welin, köp gijeler golýazmalaryň arasynda ýatyp galýardy diýip, alymyň käbir deň-duşlary gürrüň edýär. Munuň aňry ýany bilen dogrudygyna «Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýew» atly biobibliografik görkeziji şaýatlyk edýär. «Dostlar hem garşydaşlar Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýewiň üýtgeşik iş başarjaňlygyna baha bermekde pikirdeşdiler». Bu baha professor M.K.Massona degişli. B.Garryýew ýetmişe-de ýetmän. 1981-nji ýylda aramyzdan gitdi. Bir türkmen Lomonosowy kemeldi. Beýle beýikleriň ölümi coň-coňlap duýdurýan eken. Türkmen filologiýasynyň depesine gar ýagana döndi. Şu hakykaty şu ýerde açyk aýtmagy dogry hasap edýärin. 1974-nji ýylda B.Kerbabaew, A.Kekilow ýaly şahsyýetleriň ýogalmagy, sähel wagtdan B.Garryýewiň hem kerweniniň bakylyga sowulmagy bilen Türkmenistanyň filologik ylmynda öwezini dolup bolmajak ýitgiler boldy. Şonuň üçin bolsa gerek uly ýygnaklaryň birinde bir akademigiň «Heniz türkmende Baýmuhammet Garryew ýaly alym döränok, onuň ýeri garalyp ýatyr» diýeni hemişe ýadymda. Hak aýdylan sözler. «Hiçden giç ýagşy» diýlişi ýaly, Magtymgulynyň adyny göterýän halkara baýraklar baradaky komitetiň bu meşhur alymy şol baýraga hödürlemegini halys ýürekden goldaýarys hem ony şol belent derejä mynasyp hasap edýäris. Durdymuhammet NURALYÝEW, filologiýa ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri. "Türkmenistan" gazeti, 30-njy mart, 1993 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |