14:05 Edebiýatymyzyñ oguz döwri | |
EDEBIÝATYMYZYŇ OGUZ DÖWRI
Edebiýaty öwreniş
Döwrüň özgermegi, jemgyýetçilik gurluşlarynyň üýtgemegi ylmyň hemme görnüşlerine, birinji nobatda, aň formalary hasaplanýan sungata, edebiýata we taryha, filosofiýa ýiti täsir edýär. SSSR-iň ýykylmagy bilen onuň esasy ylmy ýörelgesi diýlip gelnen marksistik-leninçilik taglymat hem ortadan aýryldy. Indi jemgyýetçilik ugurlaryny öwrenmegiň başgaça ýörelgesi peýda boldy. Türkmenistanyň ylmy ugry hakynda aýdylanda, onuň türkmenbaşyçylykly gözleg-barlag metodologiýasy diýilse, hakykata laýyk bolar. Çünki «10 ýyl abadançylyk», «Ruhnama» ýolundan ynamly barýan türkmen halky öz taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, ruhy köklerini şol täze taglymat esasynda öwrenip başlady hem bu maksatda belli bir oňaýly sepgitlere ýetdi. Şundan ruhlanyp, edebiýatymyzyň taryhyny täzeden ýazmak işine girişdik. Belli bolşy ýaly, 1975-1984-nji ýyllar aralygynda türkmen edebiýatynyň alty tomdan, on kitapdan ybarat taryhy okyjy köpçüligine hödürlenipdi. Onuň başy heniz ellinji ýyllaryň ahyrlarynda, altmyşynjy ýyllaryň başlarynda ýazylyp, soňky gelip ýeten sepgidi segseninji ýyllary öz içine alýar. Elbetde, bu işiň belli derejede maglumat berijilikli, çeşmeleri anyklaşdyryjylykly hem taryhy-hronikal jähtden jemleýjilikli taraplarynyň bolandygyna garamazdan, ol aşa syýasylaşdyrylandygy, ideologiýalaşdyrylandygy üçin şu günüň talaplaryndan pesde durýar. Şeýle hem edebiýatymyzyň köp sanly meseleleri, problemalary, ylmy-teoretiki prinsipleri juda gömelteý beýan edilýär. Sebäbi islendik jemgyýetçilik aň formalarynyň döreýiş, kemala geliş, ösüş taraplaryny yzarlan wagtymyzda-da biz öň bäş sany ykdysady jemgyýetçilik formasiýalaryny nazarda tutýardyk, hamala şolaryň çäklerinden çykylaýsa, ýol hereketiniň kada-kanunlarynyň talaplaryny bilmeýän sürüjiniň ýagdaýyna düşen ýaly bolýardyk. Şol bäş ykdysady-jemgyýetçilik gurluşlaryny häzirki okyja ýatlatmak kemlik etmese gerek: olar ilkidurmuş, gul eýeçilik, feodalçylyk, kapitalistik hem sosialistik gurluşlardy. Resmi sowet taryh ylmy bolsa Türkmenistany ýarym feodal-ýarym patriarhal gurluşly ýurt hasaplady. Biz «döwlet» sözüni «ýurt» sözi bilen çalşyrmagy dogry hasaplaýarys, sebäbi XII asyrdan bäri türkmeniň sekiz ýüz ýyllap döwleti ýokdy diýip, şu günki taryhy hakykat göni aýtdy. Hakyky döwletimiz 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýolbaşçylygynda döredi. Eger şeýle bolýan bolsa, indi ozalky bäş sany ykdysady-jemgyýetçilik gurluşyň düzgünine laýyklykda taryhymyzyňam, edebiýatymyzyňam, dilimiziňem täze taryhyny ýazyp bolmaýar. Taryhçy alymlar professor Ç.Ýazlyýew, dosent N.Rahymow şol pikiri nazarda tutup, «Türkmenistanyň taryhyny nähili döwürlere bölmeli?» diýen düýpli makala bilen çykyş etdiler («Edebiýat we sungat», 1992, 20-nji noýabr). Bular öz şahsy pikirlerini gizlemän, giň okyjy köpçüligine tekliplerini ýetirip, dogry etdiler. Biz olaryň taryhy nukdaýnazardan türkmen halkynyň geçen ýoluny döwürlere bölüşlerine şekimiz ýok. Emma taryh we edebiýatyň, diliň we filosofik pikiriň bir-birinden üzňe däl-de, ýakyndyklaryny nazara alyp, şol alymlaryň Türkmenistanyň taryhyny nähili döwürlere bölüp öwrenmek hakyndaky tekliplerini hem gysgaça beýan etmegi dogry hasaplaýarys. Birinji − «Türkmenistanyň taryhynyň gadymy döwri» diýlip, ol adamzadyň döräp ugran döwründen, tä VII asyra çenli aralygy öz içine alýar. Ikinji − «Türkmen halkynyň kemala gelmegi» diýlip, VII-XV asyrlary öz içine alýar. Üçünji − «Türkmen halkynyň dagynyklyk döwri» atlandyrylyp, ol XVI-XIX asyryň ortalaryny şöhlelendirýär. Dördünji döwür − 1917-1980-nji ýyllary öz içine alyp, «Türkmenistan Sowet häkimiýeti ýyllarynda» diýen at bilen görkezilýär. Bäşinji döwür − segseninji ýyllaryň üýtgedip gurmak özgerişliklerini hem öwrenip, tä şu günlere çenli «Türkmenistanyň häzirki zaman taryhy» diýlip atlandyrylýar. Taryh üçin niýetlenen bu taslama diňe taryhy öwrenýänler üçin däl, belki, edebiýaty döwürlere bölüp işleýänler üçinem üns bererlikdir. Türkmen edebiýatynyň taryhynyň nähili döwürlere bölünip öwrenilendigi ýetmiş ýyllap sowet düzgüninde mekdep, ýokary okuw jaýyny gutaranlar üçin tanyşdyr. Biz edebiýatymyzyň taryhyny orta asyrlaryň edebi mirasy, XVIII asyr türkmen edebiýaty, XIX asyr türkmen edebiýaty, türkmen sowet edebiýatynyň taryhy /20-30-njy ýyllar/, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyň edebiýaty, ellinji we altmyşynjy ýyllaryň türkmen sowet edebiýaty /1956-1967/, altmyşynjy ýyllaryň ahyrlarynyň we ýetmişinji ýyllaryň türkmen edebiýaty /1968-1979/ ýaly döwürlere bölüp öwrenip geldik. Indi XX asyryň ahyrlap barýan zamanynda, täze ylmy metodologiýa bilen yzymyza garan wagtymyzda, onuň juda ýöntemdigini görýäris. Aýratynam Sowet häkimiýeti ýyllarynda ýetmiş-ýetmiş bäş ýyllyk ýol geçen türkmen edebiýatynyň mundan buýana nähili öwrenilmelidigi görnüp dur. Biz «Edebiýatymyzyň oguz döwri» diýen sözbaşyny ýönelige goýmadyk. Çünki öňki ýazylan taryhda asla şeýle döwür, ony kemala getiren Oguz han, Gorkut ata hakda agzalmandy. «Türkmen edebiýatynyň taryhynyň» birinji tomunda edebi pikir VIII asyrdan yzarlanyp gaýdylýar. Muny girişde ýazylan «Şu kitap VIII-XVII asyrlardaky türkmen edebiýatynyň umumy ýagdaýyny görkezmek üçin edilen ilkinji synanyşykdyr. Türkmen halkynyň orta asyr edebiýatynyň has jikme-jik we ylmy taýdan umumylaşdyrylan taryhyny döretmek bolsa geljegiň işidir» («Türkmen edebiýatynyň taryhy», t. I., Aşgabat, «Ylym», 1975, 11 s.) diýen sözlemler hem tassyklaýar. Görşümiz ýaly, gürrüň orta asyr edebiýaty hakda gidip, gadymy döwür barada üm-yşarat hem ýok. Diýmek, edebiýatçy alymlarymyz çeşme-material mümkinçilikleriniň azlygy, tejribeleriniň onçakly däldigi üçin türkmen edebi-çeperçilik prosesiniň gadymy, iň gadymy döwürleri hakynda pikir ýöretmekden saklanypdyrlar. Beýle diýildigi olaryň çeken abyrsyz zähmetine şek ýetirildigi däl-de altmyşynjy ýyllarda edebiýaty öwreniş ylmynyň öz mümkinçilikleriniň hem çäklidigini, aýratynam, «Gorkut ata» dogrusynda şol döwürlerde dil ýarmagyň gorkulydygyny okyja ýaňzytmak üçindir. Garaşsyz döwletimiziň ylmyň öňünde açan mümkinçiliklerinden peýdalanyp, biz edebiýatymyzyň iň irki döwri ýa-da başgaça aýtsak, oguz döwri hakynda öz şahsy garaýyşlarymyzy okyjylar bilen paýlaşmak isleýäris. Oňa çemeleşmekde bize üç sany düýpli çeşmäniň tutaryk bolandygyny ilki bilen agzap geçmek zerurdyr. Birinji tutaryk, mundan togsan ýyl ozal türkmen edebiýatyny ilki bolup ylmy esasda öwrenen akademik, stalinçilikli düzgüniň şarpygyndan wepat bolan A.N.Samoýlowiçiň adalatly pikiridir. Ol geljekki alymlara şeýle sargyt edipdir: «Türkmen taýpalarynyň geljekki taryhçysy hytaý çeşmelerinde tugýu, orhon ýazgylarynda oguzlar, arap geograflarynda we taryhçylarynda guzlar, wizantiýaly hronograflarda uzlar, rus sene ýazgylarynda türkler, türkmenler, taurmenler diýlip atlandyrylýan bu halky öwrenmekde arassa taryhy çeşmeler bilen birlikde, türkmen halk rowaýatlaryny-da hasaba alsalar gerek» («Žiwaýa starina» žurnaly, 1996, 4-nji goýberiliş, 2-nji bölüm, 78 sah). Hakykatyna garanyňda alymyň bu ýürekden çykan sözleri şu günlere çenli unudylyp gelindi. Birinji nobatda edebiýat babatynda onuň bu sözleri, soňky döwre çenli ýatdan çykaryldy. Aslyýetinde türkmeni gadymy hasaplap gelen dünýä meşhur akademikler W.Bartoldyň, A.Samoýlowiçiň, W.Žirmunskiniň, Ýe.E.Bertelsiň, professorlar L.Gumilewyň, H.Göroglynyň, taryhçylar, dilçiler Mahmyt Kaşgarynyň, Reşideddiniň, Salyr Babanyň, Abulgazy Bahadur hanyň oguzlar-türkmenlerdir, türkmenler-oguzlardyr diýip nygtap-nygtap ýazan pikirleri ellinji ýyllardan, tä Garaşsyzlyk hukugymyza eýe bolýançak inkär edildi ýa-da göz ýumlup geçildi. Edebiýatymyzyň oguz döwrüne ýörite ýapyşmagymyzda ilkinji tutaryk professor Ýe.E.Bertelsiň çuň ylmy esasy garaýyşlarydyr. Ol özüniň mundan elli bäş ýyl öň ýazan «Türkmen halkynyň edebi geçmişi (iň gadymy döwürden XVIII asyra çenli)» diýen düýpli işinde şeýle pikiri orta atdy: «Hytaý hem arap taryhçylarynyň aýdanlary türkmen halkynyň esasy toparyny düzýän oguz taýpalarynyň gündogardan günbatara, häzirki Türkmenistanyň raýonlaryna we onuň ýanaşyk ýurtlaryna göçüşleri hakynda söz açmaga ynançly mümkinçilik berýär. Emma oguzlar ilatsyz boş ýere gelmediler. Halk Oksortyň (Amyderýa) we Ýaksortyň (Syrderýa) kenarlaryna gadymy döwürlerde göçüp barypdyr. Ol ýerde biziň eramyzdan ozalky V asyrda dürli göçme halklar, kem-käs eýranlylar, şol sanda-da sak hem massaget taýpalary ýaşapdyr. Eger saklar soňabaka häzirki Seýistan (Sakystan) atlandyrylýan günorta-gündogar tarapa hereket eden hem bolsalar, ol halkyň bütinleý göçüp gidendigi gümanadyr. Saklaryň haýsydyr bir bölegi oguz taýpalaryna goşulmalydylar. Sak taýpalary bilen birlikde oguzlaryň arasyna saklaryň epiki rowaýatlary hem goşulmalydy... Oguz halkynyň eponimi Oguzhan hakyndaky rowaýatlar topary hem has gadymy döwre degişlidir. Bu rowaýatlar yslamyň ýaýramagyndan soň uly üýtgeşiklige sezewar bolan hem bolsalar, biz ony gadymy yslamlaşmadyk formasynda kosmogonik miflerde aýdyň görýäris. Bu bolsa, elbetde, onuň has gadymy döwürde döräp, diňe has gijräk gahrymançylyk eposy bilen badaşyp başlanlygyny görkezýär» («Sowet edebiýaty», 1944, ‹ 9-10, 181-182 s.). Sözüň doly manysynda edebiýatymyzyň oguz döwrüniň bolandygyna şübhelenmez ýaly, biz üçünji esasy tutarygymyzy hem getirmekçi bolýarys. Ol Beýik Türkmenbaşynyň saldamly setirleridir: «Gadymy Gorkut atadan, Görogludan hem Magtymguludan, Seýdiden hem Kemineden, Azadydan hem Mollanepesden gelýän gaýratly türkmen ruhy biziň kalbymyza döwlet we döwletlilik, watan we watanperwerlilik salypdyr. Bu gün biz aslymyza dolanmaly, türkmeni dünýä tanatmaly, türkmeni dünýä derejesindäki gatnaşyklar derejesine çykarmaly diýenimizde, ilki bilen, öz beýik ata-baba ruhumyzy orta çykarýandygymyzy unutmaly däl» (Saparmyrat Türkmenbaşy. Garaşsyzlyk. Demokratiýa. Abadançylyk. − Aşgabat, «Ruh», 1994, t. I, 21-22 s.). Gepiň gerdişine görä ýatlasak, Beýik Serdar Gorkut atany «Agzybirlik. Asudalyk. Jebislik» atly ikinji tomunda hem öwran-öwran ýatlaýar (102, 108s.). Munuň özi nämäni aňladýar? Munuň özi türkmeniň taryhynyňam, edebiýatynyňam gadymydygyny aýdyp dur. Goja taryhyň şaýatlyk etmegine görä, ýer ýüzünde ýiten halklaram, ýiten elipbiýlerem ýok däl, belki, olar birnäçedir. Türki halklaryň, has dogrusy, türkmen halkynyň gadymy taryhyny öwreniji meşhur alym, belli şahyr zenan Anna Ahmatowanyň ogly Lew Nikolaýewiç Gumilew «Gadymy türkiler», «Üç sany ýiten halklar» diýen işlerinde oguz taýpalaryny, Beýik Türki Kaganatyny guran, «Aşininiň bäş ýüz maşgalasynyň» neberelerini türkileşdiren halk hasap edipdir. Indi bu hakykat bütindünýä taryh ylmy tarapyndan tassyklandy. Eger taryhyň güwä geçişi ýaly oguzlar-türkmenler, türkmenler hem oguzlar bolýan bolsa, özem bu köre hasa zat, onda türkmeniň eki-köki ýitmän şu günlere gelipdir. Bu bir üns bermeli taryhy hakykat. Ikinji taryhy hakykat oguz elipbiýi bilen baglanyşykly bolup, onuň ömri häzirki milady ýylynyň 1999-dan aňyrlygyna hasap edilende tegelek 6000 ýyl çykýar. Eýsem, bu san nähili alynýar we onuň edebiýatymyzyň oguz döwri bilen neneňsi baglanyşygy bar? Eger biz şol baglanyşygy tapyp, logika dogrulasak, oguz döwür edebiýatyny tegelek alty müň ýyl hasaplamalymy ýa-da şol uly senäniň belli bir ýüzýyllyklary bilen çäklenmelimi? Görüp durşuňyz ýaly, sorag gaty kyn hem açyk bir zat diýäýmek örän çetin. Şeýle-de bolsa, bu täzeçil pikiri orta atmakdan çekinemzok, çünki ylym analiz, jemleme, çaklama ýaly kanuny böleklerden durýar. Ylmy garaýyşlaryň bir nokatda durman, ewolýusion ösüşde bolýanlygy hem şol kanunalaýyklyga baglydyr. Meseläni üç taraplaýyn çemeleşmek bilen çözmek göwnejaýdyr. Birinji tarapdan, Oguz hanyň taryhy şahslygy hem onuň ýaşan döwri. Ol barada alymlar Oguzyň taryhy şahslygyny ykrar edýärler. Ýöne biz alymlaryň tassyklamasyndan has ygtybarly bir pikiri − SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞYNYŇ sözlerini getirmegi dogry hasaplaýarys: «Türkmenleriň atasy hasaplanýan Oguz han barada türk taryhçysy Ryza Nur şeýle habar berýär: «Oguz han türkmenleriň milli Pygamberidir. Emma pygamberleriň arasynda onuň ady tutulmaýar. Ol diňe Torg ady bilen Ibrany /gadymy arap dilinde ýazylan/ kitaplarda we Töwratda gelýär. Bu kitaplarda onuň alty oglunyň bolandygy, Oguz hanyň öz ogullaryna bir ýaý, üç sany oky hödürländigi, ýaýy alanlara Bozok, üç oky alanlara Üçok atlaryny berendigi ýazylýar». Ýene-de: «... Ýer ýüzüni zabt edip, bäş sany türk urugyna at beren Oguz handyr. Ol 116 ýyl hökümdarlyk edipdir. Ýöne bu ýyllaryň wagty häzirki ýyllaryň ölçeginden az bolmagy we türklere mahsus ýyl ölçegi bolan bolmagy mümkin. Müsüri boýun egdiren bu beýik patyşanyň agtygy ol ýerde «Hiksos» diýilýän fyrawun kowmuny döredipdir. Hezreti Ybraýym aýaly Sara bilen bu kowmuň höküm süren zamanynda Müsüre barypdyr. Hezreti Ybraýymyň miladydan (b.e.ozal) 4000 ýyl öň ýaşandygyny nazara alsak, onda Oguz han hem miladydan 4000 ýyl öň dünýä inipdir» (Saparmyrat Türkmenbaşy. Agzybirlik. Asudalyk. Jebislik. − Aşgabat, «Ruh», 1994, t. 2, 100 s.). Diýmek, Oguz han miladydan öň 4000 ýyl ýaşan bolsa, miladynyň 1999 ýylyny onuň üstüne goşsak, oguzlar, ýagny türkmenler 6000 ýaşly halk bolýar. Ine, meselä çemeleşmegimiziň birinji tarapy ýa-da birinji zeruryýeti şundan gelip çykýar. Edebiýatymyzyň oguz döwrüni kesgitlemegiň ikinji möhüm tarapy-oguz elipbiýiniň ýaşydyr. Ol hem indi anyklanan hakykatdyr. XVIII asyrda ýaşan üç sany beýik şahyrlar Şeýdaýy, Şakandy, Andalyp oguz elipbiýiniň zaryny çekipdirler, onuň ýaşyny, sanynyň näçedigini, näme üçin ýok bolup barýandygyny çekinmän ýazypdyrlar. Şeýdaýy onuň harp sanyny doly aýdyp, şoňa laýyk «Gözel ýigrim bäş» mersiýe-elegiýasyny ýazypdyr. Ony okyjy köpçüligi az bilýänligi üçin şu ýerde doly getirmegi dogry hasaplaýarys: Şeýle gulaga ýakymly, Sözledim, gözel ýigrim bäş. Niçe owazy çekimli, Yzladym gözel ýigrim bäş. Bu gün ornuň boldy belli, Bul amanat telli-pelli, Ösdürip şu güne çenli Gizledim, gözel ýigrim bäş. Arzuw edip ýete bilmen, Görünip dur, tuta bilmen, Maly-dünýä sata bilmen, Yzladym, gözel ýigrim bäş. Edisinden owaz çykyp, On sekizin tartar çekip, Üç müň ýaşda ömrüň ýakyp, Geçirdik, gözel ýigrim bäş. Matam, mersiýe Şakandy, Ýazyp geçmiş niçe bendi, Okyp ýat ederler şindi, Seni yzlap, gözel ýigrim bäş. Şeýdaýy diýr, bar beterler, Seniň üçin ýas tuturlar, Bu wagt kem-käs tutarlar, Ýiter sen, gözel ýigrim bäş. Şeýdaýynyň «Gözel ýigrim bäşini» doly almasak, wakany, elipbiýli halk hasratyny töwerekleýin düşündirip bolanok. Goşguda her bent bir fakty aýdyp dur. Bu elipbiýiň näzikligi, owazlylygy, uzak saklananlygy, ile belliligi, ýedisiniň çekimli harplygy, on sekiz sanysynyň çekimsizligi, üç müň ýaşy, indi ýitip barşy, oňa gynanylýandygy hatarma-hatar getirilýär. Indi şol elipbiý näme sebäbe görä ýitipdir? Şeýdaýynyň şu goşgyny ýazan XVIII asyrynda ýitipmi ýa-da ondan kän öňmi diýen sowal gelip çykýar. Oňa hem Şeýdaýynyň özi «Saýran dillerim» goşgusynda jogap berýär: Arap, ajam her bir zada goşuldy, Sanly düzgün bilen saýran tillerim Kem-kem özün çekip, ýoga daşyldy, Indi din öýünde haýran tillerim. Hiç milletiň gulagyna ýokanok, Dogry diýsem, zamanama ýakanok, Kemin ýazsam, dogry many çykanok, Güň bolupdyr şindi saýran tillerim. Şeýdaýy diýr, kelam nutuk eýesi, Indi ony hiç kim gelmez diýesi, Arap haty boldy sözler güýesi, Dartyşyp, dört ýana süýrän tillerim. Biziň pikirimizçe, bu bentler düşündirişi talap edenok. Goşgudan gelip çykýan many şeýledir− oguz elipbiýi araplar Orta Aziýany VII-VIII asyrlarda basyp alansoňlar, ornuny arap elipbiýine beripdir. Diýmek, VIII-XVIII asyrlar aralygynda ony ýek-tük adamlar, Şeýdaýy, Andalyp, Şakandy, Azady, Magtymguly ýaly sowatly şahyrlar bilipdir, halk köpçüligi bolsa unudyp ugrapdyr, sebäbi «üç müň ýaşly» oguz elipbiýi VIII-XVIII asyrlaryň dowamynda-dördülenji müň ýyllykda ýatdan bütinleý çykypdyr. Şeýlelikde, VIII asyrdan tä 1999-njy ýyla çenli hasap etsek, oguz hatynyň doly 4200 ýaşy gelip çykýar. Şunlukda, bu elipbiýiň ýaşyna, ile hyzmat edenine 3000, ýitip, «ölüp» gidenine bolsa 1200 ýyl bolýar. Andalyp «Oguznama» poemasynda «Andalybyň ýiten oguz hatyga matam-mersiýesi» diýip, ýigrimi setir bagyşlapdyr; Bir asmany bela inip nahandan, Ýuwutdy ol dürri-gymmat bahany... Ýaşyň üç müňden aşyp, törtge mündi, Bu ýaşda çekmedim renji-yzany. Oguz öwlatyndan aýryldyň indi, Ki bizlerge goýup matam-gazany. Seni asmany-aždarha ýuwutdy, Sen ol Ýunus, girip tutduň mekany. Jemalyňdan jahan köňlün sowutdy, Men oldum Andalyp, - wasfyň ýazgany. Ine, şu mysalda-da «Ýaşyň üç müňden aşyp, törtge mündi» diýen setir Şeýdaýynyň «üç müň ýaşda ömrüň ýakyp» diýen sanyna dogry gelýär. Türkmen edebiýatynyň oguz döwrüniň çägini anyklaşdyrmagyň üçünji möhüm tarapy Gorkut, onuň şahsyýeti, döreden döwürlerini kesgitlemek bilen baglanyşyklydyr. Dogrusy, alymlar soňky ýyllarda Gorkut atanyň şahsyýeti barada dürli pikirleri orta atýarlar. Käbirleri ony türkmeniň gaýy taýpasyndan diýse, birnäçeleri baýatlardan hasaplaýar. Gaýy-baýat iki dogan, bularyň aralary ýakyn. Gürrüň haýsysynyň agzalýandygyna bagly. Ähtimal, Gorkudyň aňyrsy gaýy taýpasyndan bolan bolsa gerek. Çünki şol taýpanyň agalyk etmek, sowatlylyk zynjyry Mahmyt Gaznawa, Sebük Tegine çenli uzalyp gidýär. Türkiýede Osman imperiýasyny guranlaryň hem gaýylardygyny şu ýerde aýdyp geçmek artykmaçlyk etmese gerek. Hemme taryhy çeşmelerde Gorkut Oguz hanyň weziri bolupdyr diýlip berilýär (Fazlulla Reşideddin. Oguznama 1991, 14s.,) Abulgazy. (Şejereý-i Terakime, 1992, 37s.). Diňe salgylanmak bilen çäklenmän, biz bu ýerde Abulgazynyň öz sözlerini getirmegi dogry hasaplaýarys; «Kaýy Gara Hojanyň ogly Gorkut ata, Salur Enkeş Hoja we iwe Şaban (Şaýan) Hoja başlyk barça ogul ili ýygylyp, kaýy halkyndan Ynal Ýawyny patyşa göterdiler. Weziri Gorkut ata erdi. Gorkut ata her nemerse tiýse, Ynal Ýawy anyň sözünden çykmas erdi. Gorkut atanyň keramatlary köp erdi. Iki ýüz togsan bäş ýyl ömür tapdy. Üç patyşalyga wezir boldy (Abulgazy. Şejereýi Terakime, 1992, 37s.). Bu ýerde her adam adynyň öňünde onuň tiresi getirilýär: Gaýy Gorkut, Salyr Baba diýen ýaly. Şol ir döwürde «familiýa» deregine ýöräpdir, kimlerdendigini aňladypdyr. Şeýlelikde, Gorkut ata Oguz hanyň döwürdeşi, ýöne ondan ýaşy kiçi şahs bolup çykýar. Soňabaka taryhy şahs Oguz handan gaýdan hemme neberelere, olaryň harby ýa-da syýasy hereketleri edebi taýdan «Oguznama» adyny alan eserlerde beýan edilip başlanypdyr. Ol «Gorkut atanyň» ilki dokumental atlandyrylyşyndan hem bellidir. Çünki «kitaby Däde Gorkudyň» başky sahabyndan «Kitaby Däde Gorkut-ala lisany taifei oguzan» diýlip, ol «Oguz taýpalarynyň dilindäki Däde Gorkut kitaby» diýen doly manyny aňladýar. Biz başdan Oguz hanyň 116 ýyllap agalyk sürenini ýazypdyk. Ähtimal, Gorkudyň wezirlik eden patyşasy Oguz han bolandyr. Reşideddiniň ýazmagyna görä, Oguz han müň ýaşapdyr, ähli «Oguznamalarda» hanlyk eden adamlaryň sany bolsa 36 eken. Elbetde, Gorkut ata ähli otuz alty patyşanyň weziri bolan däldir. Ol real hakykatda mümkinem däl. Eger şol üç patyşa wezirlik edenini nazarda tutsak, soňky iki han kimlerkä? Ikinjisi, biziň pikirimizçe, Gorkut atanyň wezirlik eden hanynyň ady Bugra handyr. Ol Reşideddinde 90 ýyl hanlyk sürdi diýlip görkezilýär. Gorkudyň üçünji wezirlik eden şasynyň ady, alym Rahman Rejebowyň ýazmagyna görä, Salyr Gazandyr: «Bu kitap IX asyryň başlarynda ýazylypdyr. Gorkut ata Salur Gazanyň weziri bolup işlän ýyllarynda ýazylypdyr. Sebäbi, Gorkut atanyň bu kitabynda Salur Gazan baş gahryman hökmünde aktiw gatnaşýar. Ikinji tarapdan, Salur Gazanyň şalyk eden ýyllary Gorkut atanyň bütinleý garran ýyllary, ömrüniň soňlary bolupdyr. Gorkut atanyň özi bu ýagdaýy Salur Gazana bagyşlap ýazan odasynda şeýle görkezýär: Seýýah Gorkut öler bolduň imdi bilgil, Ol Gazannyň döwletine doga kylgyl, Kerwen gitdi, köp giç galdyň, ýola girgil, «Alplar, begler, gören barmu Gazan kibi» (Rejebow R. Gadym türkmen edebiýaty, Aşgabat, «Ylym», 1991, 178 s.) Şeýlelikde, Gorkut ata hem Oguz hanyň, hem Salyr Gazanyň döwürdeşi bolup çykýar. Takyk aýtsak, Gorkut ata Oguz hanyň, Ynal Ýawynyň, Salyr Gazanyň weziri bolup işläpdir. Bu ýerde üç sany abraýly taryhçy − Reşideddin, Abulgazy, Salyr Baba dagy Oguz hany Muhammet pygamberden 4000 ýyl öň öten şahs hasap edýärler. Salyr Gazany bolsa pygamberden üç ýüz ýyl soň öten, «Salyr Gazan kaýy Gorkut bilen bir zamandaş» diýip tassyklaýarlar. Şuny esas edip alsak, Gorkut we Salyr Gazan Muhammet pygamberden soň (570-632 milady) doglan, ýagny VII-IX asyrlaryň ynsanlary bolup çykýar. Diýmek, «Gorkut ata» kitaby ýokarda görkezilen üç asyryň − ýedi ýüzünji ýyllaryň aralygynda ýazylypdyr. Emma «Gorkut atany» çap eden alymlar onuň başky şahalarynyň ýa-da eserde atlandyrylyşy ýaly, boýlarynyň has irkiräk asyrlarda ýazylandygyny hem tassyklaýarlar. Takygyny aýtsak, alymlaryň arasynda bu meşhur eseriň haçan ýazylyp, haçan gutarylandygy barada belli pikir ýok. Olaryň käsi tutuş ýazylyp gutaran wagtyny X-XI asyrlar diýip görkezýärler. Professor M.Kösäýew şeýle netijä gelýär: «Türkmenleriň «Gorkut ata» eposy X-XI asyrlara, hatda käbir bölümleri VI-VII asyrlara degişlidir». («Gorkut ata», Aşgabat: «Türkmenistan», 1990, 9 s.). Bu eseriň Drezden hem Watikan nusgalaryny birleşdirip çykaran alym A.Aşyrow «Kitaby Dädem Gorkudyň» ilkinji boýlary VIII-X asyrlarda Orta Aziýada ýaşan oguz-türkmenleriniň arasynda dörän oguzlaryň günbatar Kawkaza, Kiçi Aziýa aralaşmagy bilen şol ülkelere eltilipdir. Ýerli şertler bilen baglanyşykly özgerişlere sezewar bolupdyr, üsti ýetirilipdir» diýýär. /«Kitaby dädem Gorkut we hekaýaty oguznamaýy Gazan Beg we gaýry», Aşgabat, «TMGI», 1997, 17-18 sah/. Her näme diýilse-de, edebiýatyň ýaşy ony döreden halkyň ýaşyndan kän kiçidir. Ýönekeýleşdirip aýdylanda, türkmen edebiýatynyň ýaşy türkmen halkynyň ýaşyndan kiçidir. Çünki edebiýat, ýazuw bilen berkidilen edebi dokumentdir. Eger biz edebiýatymyzyň oguz döwrüni taryhy sene bilen takyk kesgitlejek bolsak, onda ikirjiňletmeýän fakt-V asyrdan bärik alyp gaýdyp, onuň, ýagny «Gorkut ata» kitabynyň doly düzülip gutarylan döwrüni XII asyr bilen çäklendirmeli bolýarys. Has takygy, V-XII asyrlar Oguz imperiýasynyň giň jahana ýaýran, höküm süren wagtyny öz içine alýar. Akademik W.Bartold VI asyrdan başlap, tä Gara deňizden Hytaý aralygyna çenli göçme taýpalaryň imperiýa gurandygyny, onuň Oguz imperiýasy bolandygyny ýazýar (W. Bartold. Eserler, t. 5, Mos., 1968, 324 s.). Şu köne pikiri ýaňy-ýakynda akademik A.Jykyýew hem «Türkmen halkynyň gelip çykyşy ýa-da bu babatda gadymy türkleriň roly» («Edebiýat we sungat», 26-njy mart, 1999)[1] diýen makalasynda tassyklady. Şonuň bilen bilelikde ol gadymy türkleriň watany Altaý bolupdyr diýen pikiri ýalana çykarýar we olar Kaspi deňzinden Hytaýa çenli aralyk diýip, täzeçe pikiri öňe sürýär. Özem V asyrdan başlanan runi ýazgylaryň dilini oguz diline ýakyn hasaplaýar. Edebiýatçy A.Bekmyradow hem oguz elipbiýini runi, Orhon-Eniseý ýazgylarynyň harplaryna ýakyn diýen pikiri öňe sürýär. A.Jykyýew ady agzalan makalasynda «Gadymy runi ýazgylarynyň dili häzirki türkmen dili bilen deňeşdirilip, olaryň ýakynlygy, düýbüniň, köküniň birligi öwrenilip, düýpli iş ýazylsa, ol türkmen halkynyň aslyny yzarlamaga uly goldaw bolardy. Runi tekstleriniň dili türkmen diline ýakyn. Mysal üçin, olarda «ogul, ögeý» (öweý ene manysynda,) «siňi» (gyz dogan) «ogul, il, kara budun» (türk oguz begleri), il, han, ýaýla, agyl, kelin, sub (suw), ýer, gök (asman). «Taňry, gök türk» (gök Taňra uýýan türkler), üç, ýedi, dokuz, oguz, koý (goýun), syçan, ýylky ýaly terminler köp» diýip nygtaýar. Netijede, türkmen edebiýatynyň oguz döwrüni V-XII asyrlar aralygy diýlip alnyp, şony çuň we töwerekleýin öwrensek, mundan başga-da köp täze faktlaryň üstünden barmak bolar diýip umyt edýäris. Oňa şu aşakdaky goşmaça delilleri hem getirmek isleýäris: BIRINJIDEN, V-VI asyrlar türki poýeziýasy oguz edebiýatynyň ruhuna ýakyn, şonuň şygryýet başlangyjydyr. IKINJIDEN, «Gorkut atanyň» irki boýlary şol poýeziýanyň, onuň mazmunynyň dowamydyr we giňelmesidir, şonuň ýaly-da hereketlenmesidir, ýaýramagydyr, taryhy reňk almasydyr. ÜÇÜNJIDEN, «Gorkut atanyň» Drezden nusgasyndaky 12 boýy, Watikan nusgasyndaky 6 şahasy many-mazmun taýdan biri-birine ýakyn bolmagyna garamazdan, stil, çeperçilik žähtden özara tapawutlanyp, olaryň ýazylyp, kemala geliş döwri IX-XI asyra çenli üznüksiz edebi özleşdiriş hökmünde dowam edipdir we XI-asyrda Mahmyt Kaşgarynyň «Diwany lugat-at-türk» sözlügine öz oňaýly çeperçilik täsirini ýetiripdir. Şonuň üçin Mahmyt Kaşgarynyň bu meşhur «Diwanyny» gury ýerden çykan eser däl-de, «Gorkut atanyň» täsiri hem şonuň özboluşly çeper dowamy hasap etmek mümkin. DÖRDÜNJIDEN, edebiýatymyzyň oguz döwrüni XII asyra getirýändigimiziň we şonda jemlemekçi bolýandygymyzyň düýp sebäbi bu Gorkut atanyň ýazmaga ýa-da dilden aýdyp başlan «Oguznama» boýlarynyň zynjyra öwrülip, yzy üzülmeýän çeper sýužete geçip gitmegidir hem onuň dürli alymlaryň: taryhçylaryň, şahyrlaryň döredijilik obýektine öwrülmegidir. Muňa mysal edip, Reşideddiniň, Handemiriň /XV asyr/, Salyr Baba Harydarynyň /XVI asyr/, Abulgazynyň /XVII asyr/ we Andalybyň (XVII asyryň ahyry-XVIII asyryň başy) «Oguznamalaryny» almak bolar. Emma bular eýýäm taýýar oguz edebiýatynyň döredijilikli işlenen, obrazlaşdyrylan döwri bolup, ony sözüň doly manysynda oguz edebiýatynyň çägi diýmek ýalňyşlyk bolardy. Çünki XII asyrda eýýäm türkmen-seljuk imperiýasy başlanýar, şeýlelikde, edebiýatyň häsiýeti, temasy, stili üýtgeýär. Galyberse-de, onuň XII-XIV asyrlar yslam sýužeti, dini mazmuny edebiýatda agalyk ediji roly eýeläp, oguznamalaryň gahrymançylykly, watançylykly, özbaşdaklyk, garaşsyzlyk, erkinlik ruhuny basmarlaýar. XV-XVII asyrlar bolsa gündogaryň göçme çeper sýužetleriniň işlenilmegi bilen gümra bolup, birneme edebiýatymyzyň ünsüni türkmen temasyndan, türkmen adamynyň obrazyny, häsiýetini bermekden üzňeleşdirdi. Emma XVIII asyrda beýik Magtymgulynyň edebiýata gelmegi bilen oguz ruhy türkmen ruhuna aýlanyp, edebiýat doly suratda türkmen maksatlary, Türkmenistan, türkmen ýurdy, türkmen ykbaly, türkmen adamy we häsiýeti, milli ruhy bilen gurşalyp alyndy. Onuň dili-de, çeperçilik ruhy-da, klassyky diýilýän derejä şonda çykdy. Ine, şu klassyky ruhuň özeni hem türkmen oguz edebiýaty döwründen gözbaşyny alyp gaýdýar. Ol bütinleý aýry mesele bolup, Gorkut ata we Magtymguly diýen ýörite meselä syrylýar. Muny özbaşdak işlemek zerurlygy şundan gelip çykýar. ________________________________________ [1] Maglumat üçin A.Jykyýewiñ makalasyna seret, saýtdaky linki: http://www.kitapcy.ga/news/turkmen_halkynyn_gelip_cykysy/2019-04-25-6629 Durdymuhammet NURALYÝEW, professor. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |