23:41 Türkmenler üzümi haçandan bäri ekipdirler? | |
TÜRKMENLER ÜZÜMI HAÇANDAN BÄRI EKIPDIRLER?
Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk
Köpetdagy etekläp oturan daglyk ýerler, sähraýy meydanlar türkmen üzüminiň gadymy mesgeni hasap edilýär. Asyrlarboyy Bäherden, Gökdepe, Büzmeýin, Kaka etraplarynyň, Mary, Lebap, Daşoguz topraklarynyň günorta bölekleri üzüm ýetişdirmek üçin in oňayly ýerler bolupdyr. Türkmen topragynda üzümleriň dürli görnüşleri yetişdirilipdir. Ak portmak, daş peýner, monty, äswijire, esgeri önden bäri türkmenlerde meşhur bolan üzümlerdir. Üzüm türkmeniň durmuşynda esasy iýmit önümleriniň biri bolup hyzmat edipdir. Arhiw maglumatlaryndan görnüşine görä, yabany üzümleriñ hem käbiri eldekileşdirilipdir. 1864-nji ýylda Nohur obasyndan bir daýhan Degirmendere diýlen ýerde ösüp oturan dag meşi üzüminiň çybygyndan ekip, şol datly üzümiň köpelmegine yardam edipdir. Şol döwürler aly şeytan, ak şekerek, däli halili, ýekedäne, garaja jigim, pyrt-pyrt, toșaply üzümleri köpeldilipdir. Şol ýyllarda ýetişdirilýän üzümiň 42 görnüşi belli bolupdyr. 1887-nji ýylda üzümçilikde tejribe geçirmek maksady bilen özbekleriň, kawkazlylaryň, hatda ýewropalylaryň ýetişdiren üzümlerinden Türkmenistana getirilipdir. Ýöne ol oňat netije bermändir. Olar, birinjiden-ä, biziň howamyza uýgunlaşyp bilmändir, ikinjidenem şol gaýry ýurtdan getirilen üzümler tagamy, süýjüligi boýunça türkmen üzümlerinden pes gelipdir. Türkmen üzümleriniň meşhurlygy hiç wagt pese düşmandir. Oňa isleg uly bolupdyr. Häzir hem türkmen üzümleri özüniň şol meşhurlygyny ýitirenok. Olardan taýýarlanylýan çakyrlar, içgiler uly meşhurlyga eýedir, dürli halkara bäsleşiklerinde olar dürli baýraklara yzygiderli mynasyp bolup gelýärler. • "Zakaspi oblastynyň synlaryndan" "Ashabad uýezdiniň obalarynda üzüm şeýle bir gadymy döwürlerden ekilýär ekeni welin, olaryň gözbaşynda nähili adamlaryň durandygyny bilmek ýeňil däl. Üzümiň özi uly zähmeti talap edenok: güýzde olaryň artykmaç ösen çybyklary kesilýär, düýpleri ýumşadylýar, gyşyna bolsa 2-3 gezek suwarylýar, tomsuna-da 2 gezek suwarylýar. Şeýle bolansoň bu topragyň üzümi iññän datly hem süýji». * * * "Üzümiň iň oňat görnüşleri Büzmeýinde we Yzgantda ýetişdirilýär. Büzmeýinde üzümden kişmiş edilýär. Obalaryň käbirinde bolsa üzümden toşap taýýarlanylýar". * * * "Ashabad uýezdinde üzümiň iñ bir meşhur bolan halili, ýekedäne, gara üzüm, gök üzüm, ýyrtyk yaprak, melike, hüseýni, meski, terbaş, taýfi, saýfi görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär". * * * "Tejen uýezdiniň Etek pristawlygynda üzümçilige aýratyn üns berilýär. Iň oñat tagamly üzümler Kürengala obasynda ýetişdirilýär". * * * "Merw uýezdinde esasan üzümiň üç görnüşi ýetişdirilýär. gara, ak, iri (basaga) we ak uzyn (gelinbarmak). Kişmiş ya-da çakyr önümleri taýýarlanylmaýar. Ýöne wagtyň geçmegi bilen bu işler ýola goýlar we olardan uly peýda görler. * * * 1905-nji ýyl. "Oñat hilli ambarlaryň ýokdugy sebäpli, Zakaspi oblastynda çakyr taýýarlamaga mümkinçilik ýok. Ýöne türkmen üzümi ýaly süýji hem tagamly üzümlerden oňat çakyrlary, konýaklary, likýorlary taýýarlamak bolar". * * * 1911-nji ýyl. "Üzümçilik we bakjaçylyk türkmenlerde iň bir oñat ýola goylan hojalykdyr. Ashabad uýezdinde yetişdirilýän sowuga çydamly terbaş, gara üzüm, gök süli üzümleriniň bir düýbünden bir ýarym put hasyl alynýar. Olaryň 1 pudunyň bahasy 40-dan 60 köpüge çenli. Üzümiň ak şekerek, paýzy, gyzyl üzüm ýaly görnüşlerini diñe höwesjeň dayhanlar yetişdirýär. Bu üzümleriň tagamy süýji, eti köp". * * * "Nohur obasynda üzümiň bahasy ýokary däl bir put üzüm 50 köpüge durýar. Ýerli ilat 1000 put üzüm toşabyny taýýarlady". * * * Ashabad uýezdiniň naçalniginiň habarnamasyndan. 1915-nji ýylyň 4-nji apreli. "1914-nji ýylda üzümçilige berlen ýeriň ölçegi 530 desýatine barabar. 187 müň 373 put hasyl alyndy. Onuň köp bölegi Ashabadyň gök bazarynda satyldy, galany bolsa ilatyň özüne hurş hökmünde galdyryldy". * * * Oblast naçalniginiň habarnamasyndan: «Oblastyň agronomy gyssagly ýagdaýda türkmen üzümi, ondan edilýän kişmiş, toşap barada, nädip üzümiň guradylyp kişmiş edilişi barada kitap ýazyp, ony çapdan çykarmaly. Şu zerur bolan kitaby taýýarlamak üçin men serişde ýagdaýyny ýola goýaryn». Nina GYULUMÝAN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |