15:59 Türkmen zenanynyñ durmuşy | |
TÜRKMEN ZENANYNYÑ DURMUŞY
Taryhy makalalar
Türkmen zenanynyň dünýäsi maşgala ojagynda jemlenýär. Bu ýerde hemişe ýylylyk, rahatlyk, dokluk, abadanlyk höküm sürýär. Maşgalaly zenana öyüň-içeriň gündeki hysyrdylary toya-şatlyga deňdir. Bu hemişe-de şeyle bolupdyr. Hatda suw geçirijileriň, gaz peçleriň, durmuş- tehniki enjamlarynyň bolmadyk köne döwürlerinde hem türkmen zenany içeriniň we daşarynyň ähli işlerine ýetişipdir. Şunuň bilen bir wagtda hem, ol çagalary üçin mährem ene we ýanýoldaşy üçin mylakatly keýwany bolmagy başarypdyr. Ýöne zenanlara güýç berýän ýagdaýlar dine bir maşgala ojagyna, öý-içerisine bolan söýgüleri bilen çäklenäýmändir. Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwiniň 1880-1917-nji ýyllara degişli resminamalarynda, etnografiki ýazgylaryň arasynda däp bolan öý-hojalyk işleriniň neneňsi oylanyşykly, ýerbe-ýer guralandygyna güwä geçýän maglumatlar bar. Ozaly bilen türkmen öý hojalygynyň özi şeýleki ýerbe-ýer we ulanmaga amatly gurlupdyr. Toýun palçykdan galdyrylan ýaşaýyş we hojalyk jaýlary bir ýerde, köplenç hem bir üçegiň astynda ýerleşipdir. Ýaşalyan öýler o diýen köp bolmandyr. Olaryň ortarasynda myhman üçin niyetlenen jaý ýerleşdirilipdir. Türkmenistanda ors gonaklarynyň peýda bolmagy bilen, türkmen öýlerinde hem demir peçler giňden ýaýrapdyr. Ýöne howluda welin, gadymdan gelýän çörek bişirilýän ojak-tamdyr we tomus biş düş etmek üçin ulanylýan, tebigy daşlardan yasalýan ojak üýtgewsizligine galypdyr. Olarda ýakmak üçin gerek bolan odun-çöpler bassyrmanyň astynda desse-desse edilip daňylgy görnüşde tertipli basylyp goýlupdyr. Aýallar hojalykda artykmaç zatlary edinmändirler. Geýim-gejim, halylar, keçeler, öý we aşhana enjamlary, el işleri we howlyny syryp-süpürmek üçin gerekli esbaplar maşgala üçin zerur bolan möçberde edinilipdir. Çörek maşgala üçin hem, hudaýýoly üçin hem gerek bolan möçberde bişirilipdir. Palawyň ýa-da çorbanyň taýýarlanylyşy hem edil şo hili bolupdyr. Sygyrlary we goýunlary satmak, tikin-çatyn, kir yuwmak, çagalara esewan etmek, baggoýun bakmak, öý-içerini we howlyny arassa saklamak, geýimleri ýygnamak, nahar taýýarlamak we ony saçaga äbermäge taýýarlamak - bularyň ählisi aýalyň etmeli işi hasaplanypdyr. Işleriň şeýle köplügini we olaryň hemmesiniň el bilen edilmelidigini göz önünde tutup, ene öz garamagyndaky gelinlerine öyüň işlerini paýlap beripdir. Şeýle-de, kiçi ýaşly çagalar hem, oglandygyna ýa-da gyzdygyna garamazdan, öýüň hojalyk işlerine güýçleriniň ýetdiginden kömek edipdirler. Tabşyrylan ýumşuñ ýerine ýetirilişine talap örän berk bolupdyr. Şonuñ üçin hem hemişe hemme zat ýerbe-ýer bolupdyr we türkmen ýaşlary kiçilikden hiç bir işden ejizlemeýän adamlar bolup ýetişipdir. Türkmenleriň XIX asyryň ahyrlaryndaky durmuşy barada ýazylan resminamalarda öý eýesiniň öz aýalynyň keşbinde hojalyk işlerinde ynamdar kömekçini görendigi nygtalýar. Şol döwürleriň nakyllarynda, atalar sözlerinde "Ýagşy aýal arpa nany kebap eder", "Ýagşy aýal birini iki eder" diýen ýaly aýalyň mertebesini ýokary göterýän pähimler köp duş gelýär. Türkmen zenany dine bir öyüň hojalygyň diregi, çagalaryň enesi ýa-da öýüň keýwanysy bolmak bilen çäklenmän, ol her bir maşgala ojagynyň ruhy diregi bolupdyr. Ynançlara görä, diñe enäniň özüniň arassa, halal, mukaddes eli bilen öýüni we hossarlaryny "jyn-arwahdan", "göz-dilden" goraýan doga-tumarlary taýýarlamaga ygtyýary bolupdyr. Zakaspiniň ülkäni öwreniş muzeýiniň (1899-njy ýyl) gadymy zatlarynyň arasynda doga-tumarlaryň, dagdanlaryň, gözmonjuklaryň, alajalaryň birnäçe görnüşleri saklanypdyr. Ýazgylarda olaryň diñe enäniň eli bilen taýýarlanan halatynda gudratly güýje eye bolýandygy aýdylýar. Bu şeýlemi-dälmi, belli däl. Ýöne çaganyň goşaryna dakylýan, täze girilen öýüň bosagasynda asylyp goýulýan, uly söýgi bilen sünnälenip taýýarlanan tumarlar biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Olar öz ajaýyp görnüşi bilen adamlaryň ýüregine aram berýär we asudalygyň, abadançylygyň bolup durjagyna ynam döredýär. Nina GÝULUMÝAN. • Türkmen doga-tumarlary Öý dogasy. Beýikligi 13,5 sm, uzynlygy 16 sm, bir tarapy 14 sm, beýleki tarapy 17 sm. Öý dogasy öý basyrylýan keçeler ýaly keçeden edilýär. Doganyň iç yüzünden duz we kömür tikilýär. Halkyň ynanjyna görä, ol öýi gözden-dilden goraýar. Ony öyüň garry keýwanysy taýýarlaýar we yüpekden işilen sapak bilen öğün ortarasyndan asyp goýýar. Ayallar öýe girişlerine doga "çüfleýärler" we "tüweleme" diýýärler. Düye üçin doga. Keçeden üçburçluk görnüşinde taýýarlaýarlar, aşak tarapy 15 sm, taraplary 11 sm. Doganyň iç yüzünden tikilen duz we kömür haýwany nämährem gözlerden goraýar. Ony öý eýesiniň aýaly taýýarlaýar we täze satyn alnan ýa-da öýde ulaldylyp ýetişdirilen ýaş düýä (köşege, toruma) dakýar. Çaga dogasy. Ak, gök we sary gülli ala-mula çit matadan kiçijik üçburçluk görnüşinde taýýarlanýar. Iç yüzünden işanyň beren dogasy tikilýär. Işan ony yerine aklyk alyp ýazyp berýär. Keselden goraýan we keselden saplaýan serişde hökmünde görülýär. Doga agyrýan ýeriň üstüne dakylyp goýulýar. Çaga dogurmagy ýeňilleşdirýän doga. Uly bolmadyk ölçegdäki deňýanly üçburçluk şekilde taýýarlanýar. Taraplarynyň uzynlygy 4,5 sm., goýy gyrmyzy reňkli setinden edilýär. Iç yüzünden doga tikilgi bolýar. Bu doga çaga dogurmagyň ýeňil geçmegi we çaganyň aňsat dünýä inmegi üçin işandan aklyk berlip alynýar. Öý keywanysy gaýynene tarapyndan çaga dogurmaga taýýarlanýan gelniň köýneginiň ýakasyna çatylyp goýulýar. Düýäniň kelle süňki. Ak-gök ekinleri ýaman göz-dilden gorap saklamak üçin ulanylýar. Düýäniň çakyr kelle süňküni uzyn syrygyň ujuna dakýarlar. Syryga düýe kellesinden başga-da, birnäçe süňküni berkidýärler. • Çaga oýunjaklary Suwkädi şekilli kiçijik kädi. Ýokarky böleginden ýüp geçirmek üçin iki sany deşik deşilen oýunjak. Tüýdük şekilindäki iki sany armyt görnüşli kiçijik kädi. Hozuň ululygy ýaly, bilinden ýüp geçirmek üçin iki sany deşik deşilen oýunjak. Gurjak. Göwresi we elleri iki sany haç görnüşinde berkidilen taýajykdan durýar. Ýüzi gaty togalak tagtajykdan edilen we daşyna gyzyl, sary, gara, ak ýüpegi gelşikli edip aýlaýarlar. Daşky lybas bölek ak jähekli gyzyl matadan, köýnek şekilinde gurjagyň göwresiniň daşyna dolap tikilendir. Ýokarysy ak we gök bagjyklar bilen daňlandyr. Kellesinde beýik edilip daňlan selle bar. Ol ala-mula gaýma çekilen gara ýüpek ýaglykdan edilendir. Onuň bir ujy gurjagyň ýagyrnysyna düşüp durýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |