18:32 Türkmen gümrükhanasy | |
TÜRKMEN GÜMRÜKHANASY
Taryhy makalalar
1869-1885-nji ýyllarda Türkmenistanyň (ozalky Zakaspi oblastynyň) ep-esli ýerini birikdiren patyşa administrasiýasy ýerli halky harby-administratiw dolandyryş üçin 1874-nji ýylda Zakaspi harby bölümini, 1881-nji ýylda Zakaspi oblastynyň başlygynyň kanselýariýesini we onuň ýerli edaralaryny uýezd başlyklaryny, pristawlary, sud we bank edaralaryny, aksioner jemgyýetini, söwda-azyk kärhanalaryny, Zakaspi harby demir ýol Uprawleniýesini (1899-njy ýyldan başlap Zakaspi demir ýoluny), çaklaýyş edaralaryny, okuw we medeni jaýlaryny döredýär. XIX asyryň 80-nji ýyllarynyň ahyrynda bolsa Türkmenistanda täze bir edara gümrükhana gullugy döredilýär. Şoňa çenli Zakaspi oblastyna getirilýän daşary ýurt harytlaryna paç salynmazdy. Diñe Mary okrugynda getirilýän harydyň 10-dan bir bölegi paç, gümrük haky hökmünde alynýardy. Bu düzgün tä Mary oazisiniň Rus imperiýasyna birikdirilýänçä dowam etdi. 1880-nji-1887-nji ýyllar aralygynda ulanyşda bolan Zakaspi demir ýoly Persiýanyň iñ baý oblasty bolan Horasan bilen araçägiň uzaboýuna ýerleşýärdi. Orsyýetiň Ýewropa böleginiň Persiýa, Orta Aziýa hanlyklary we Zakaspi oblasty bilen janly söwda gatnaşyk etmeginde Samarkanda çenli baryp ýetýän bu demir ýoluň, ähli mümkinçilikleri bardy. 1885-nji ýylda Zakaspi oblastyndaky söwdanyň täze şertlerini yerinde öwrenmek üçin Orsyýetiň maliýe ministrligi gümrükhana işleri boýunça aýratyn tabşyryklara seredýän Kawkazyň çinownigi general-mayor Baýewi oblasta iberyär. General-maýor Baýew Owganystandan, Persiýadan Zakaspi oblastynyň çägine gelyän söwda ýollaryny derñäp, söwda gatnaşyklarynyň göwrümini we häsiýetini öwrenýär, türkmen halkynyň durmuşy, däp-dessurlary bilen tanşyp, ýerli şertlere laýyk gelyän gümrük gözegçiliginiň iñ amatly we maksada laýyk usullaryny kesgitleýär, şeýle hem Orta Aziýanyň üsti bilen Orsyýete barýan harytlara salynmaly pajyň mümkin bolan möçberini kesgitleýär. General-mayor Baýewiň yzysüre Zakaspi we Astrahan oblastyna aýratyn tabşyryklar boýunça çinownik Maksimowiç iberilýär. Ýerli söwdanyň şertlerini we gümrükhana bölümini gurnamak meselesini hemmetaraplaýyn öwrenmek onuň borjuna girýärdi. Iň soňunda Maksimowiç Zakaspi oblastynyň Orsyýet, Persiýa, Owganystan, Buhara, Hywa bilen, şeýle hem Buhara eýeçiliginiň üsti bilen Türkmenistan bilen ösen söwda gatnaşyklarynyň bardygy baradaky netijä gelýär. Kaspi deňziniň demirgazyk we günbatar kenaryndan getirilýän Orsyýetiň harytlarynyň hasabyna söwda yöreýärdi. Zakaspi oblasty Buhara, Persiýa bilen aragatnaşyk saklamak üçin, şeýle hem Zakaspi oblastynyň üsti bilen Ýewropa Orta Aziýa harytlarynyň hereketi üçin tranzit bölegi bolup hyzmat edýärdi. Ashabad, Mary, Çärjew Zakaspi oblastyndaky söwdada ähmiýetli orny tutýardylar. Ashabad bilen Mary Persiýa, Buhara, Hywa bilen söwdanyň esasy merkezi bolup durýan bolsa, Çärjew Orsyýete we Persiýa Buharadan gelýän harytlaryň kabul edilýän ýeridi. Persiýa, Owganystan bilen söwda gatnaşyklarynda Gyzylarbat, Artyk, Kaka, Duşak, Tejen; demir ýol ugry boýunça bolsa Mary okrugynda Tagtabazar, Saragt, Ýolöten obalary az ähmiýetli merkezler bolupdyr. Samarkanda çenli demir ýoluň geçirilmegi bilen Zakaspi oblastynda söwda görnetin ösdi. 1887-nji ýylyň dowamynda demir ýol Çärjewe ýetende, diñe Buharanyň özi Zakaspi oblastynyň üsti bilen Orsyýetden gelýän täze ýol arkaly 633 müň 600 putluk, ýagny 10 million 600 müň rublluk harydy kabul edip, Orsyýede 1 million 210 müň putluk, ýagny 12 million 800 müň rublluk öz harydyndan ugratdy. Buhara-Orsyýet aralygynda getirilýän we äkidilýän harydyň umumy dolanyşygy 1887-nji ýylda 23 million 100 müň rubla barabardy. Emma 1885-nji ýylda general-mayor Baýewiň berýän hasabatyna görä, Zakaspi oblasty boýunça getirilen we äkidilen harydyň umumy dolanyşygy 10 million 427 müň 108 rubla deňdi. Görnüşi ýaly, soňky ýyllarda söwda 2-3 esse artypdyr. Mundan başga-da, Zakaspi oblastynyň üstünden 1887-nji ýylda Buharadan Persiýa 2300 putluk, ýagny 2 million 120 müň rublluk haryt äkidilip, Persiýadan Buhara 21 müň putluk, ýagny 600 müň rublluk haryt getirildi. Şeýle hem şol döwürde Krasnowodsk uýezdi boýunça 5 million 751 müň 342 rubla barabar dürli görnüşli harytlar getirildi we 4 million 518 müň 686 rublluk haryt äkidildi. Ahal-teke uýezdi boýunça Kaspi deňziniň günbatar kenaryndan 2 million 990 müň 930 rublluk haryt, Persiýadan 879 müň 179 rublluk, Hywadan 97 müň 900 rublluk (jemi 3 million 968 müň rublluk) haryt getirildi, Persiyadan 1 million 516 müň 485 rublluk, Mary okrugyndan 259 müň 840 rublluk (jemi 1 million 639 müň 406 rublluk) haryt äkidildi. Mary okrugyna Buharadan 691 müň rubl, Hywadan 23 müň 570 rubl, Persiýadan 380 müň rubl, Ashabatdan we Daşkentden 880 müň rubl, jemi 2 million 280 müň 570 rublluk haryt getirildi. Şol bir wagtda-da Marydan Buhara we Hywa 211 müň rubl, Persiýa 310 müň rubl, jemi 521 müň rublluk haryt äkidildi. Şeýlelikde, Zakaspi oblastynda söwdanyñ umumy dolanyşygy 1887-nji ýylda getirilen harytlar 11 million 830 müň 960 rubl, äkidilen harytlar 6 million 909 müň 470 rubl, jemi 18 million 740 müň 439 rubldan ybarat boldy. Bu bolsa 1885-nji ýyldakydan has köpdür. Şol döwürde oblastda Ashabadyň möhüm söwda ähmiyeti bardy. Şäheriň umumy söwda dolanyşygy 1885-nji ýylda 2 million 26 müň 119 rubldan, 1888-nji ýylda bolsa 4 million 766 müň 820 rubldan ybaratdy. General-mayor Baýewiň we kollež assesory Maksimowiçiň toplan maglumatlary Orsýetiň maliýe ministrliginiň dokladynyň düzümine girizildi. Ol dokladda bolsa Zakaspi oblastynda gümrükhana gullugynyň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy barada aýdylyp, oblasta getirilýän pars, ýewropa, iňlis, hindi harytlarynyň durýan bahasynyň 2,5 prosentini paç hökmünde almak teklip edilýärdi. Paç almagyň Mary okrugynda ulanylýan tertibini girizmek maslahat berilýärdi. Döwlet Sowetiniň 1889-njy ýylyň 24-nji ýanwaryndaky çözgüdi bilen ilkinji gezek gümrükhana gullugy döredilýär. Oblasta getirilýän harytlaryň durýan bahasynyň 2,5 prosenti paç hökmünde alynýardy. Şol karar esasynda-da Zakaspi oblastynda Uzynada gümrükhanasy döredilýär. Ol Zakaspi demir ýolundan tä Kaspi deňziniň gündogar kenaryndaky deňiz portuna çenli aralygy öz içine alýardy. Uzynada gümrükhanasynyň işgärleri: dolandyryjy hem ammar gözegçisi, hasapçy, goýumçy hem kätip, şeýle hem iki korabel gözegçisi, iki sany kanselýariýe agzalary we dört sany barlagçydan ybaratdy. Uzynada gümrükhanasy Baku karantin gümrük okrugynyň başlygynyň garamagyndady. Getirilýän harytlardan gümrük pajynyň ýygnalyşyna gözegçilik etmek Uzynada gümrükhanasyna degişli bolupdyr. Gümrük pajyny bolsa yörite bellenilen adamlar ýygnapdyrlar. Mundan başga-da, harytlary kabul etmek, gözden geçirmek we resmileşdirmek, olaryň Zakaspi oblastynyň çäginde geçirilmegi üçin şahadatnama bermek Uzynada gümrük gullugynyň borjuna giripdir. Gümrükhana gelip gowşan harytlar yörite ammar kitabynda bellenilip, degişli kwitansiyalar, ýarlyklar, töleg kagyzlary resmileşdirilýär eken. Harytlaryň, ýaraglaryň we syýasy edebiyatlaryň kontrabanda ýoly arkaly getirilmegine garşy göreşmek gümrükhananyň in esasy wezipeleriniñ biri bolupdyr. Şeýle harytlar saklanylan halatynda protokol düzülip, iş gozgalypdyr. Orta Aziýanyň Gümrükhana bölegini döretmek barada 1894-nji ýylyň 6-njy iýunynda Döwlet Sowetiniñ karary kabul edilipdir. Şu çözgüde görä 1894-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda bolsa Zakaspi gümrük okrugy döredilýär. Ondan başga-da şol karar esasynda 1894-nji ýylyň 30-njy dekabryndan 1895-nji ýylyň 3-nji apreli aralygynda Zakaspi oblastynyň çäginde şu aşakdaky gümrük edaralary goşmaça döredilipdir: 1895-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Ashabatda 1-nji derejeli, 1895-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Zakaspi harby demir ýolunyň Duşak stansiýasynda we 1895- nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Sarahsda 2-nji derejeli, 1895-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda şol demir ýoluň Artyk stansiýasynda we 1895-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Tagtabazarda 3-nji derejeli gümrükhanalar, 1895-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Gyzylarbat stansiýasynda, 1895-nji ýylyň 20-nji martynda Çakangalada, Çekişlerde we 1895-nji ýylyñ 3-nji aprelinde bolsa Krasnowodskide gümrük geçelgeleri, şeýle-de şol çözgüt esasynda Ashabat hem-de Duşak gümrükhanalary üçin Kaka we Howdan geçelgeleri döredilýär. Bu gümrük geçelgeleriniň haryt geçirmäge haky yokdy. Owganystan we Persiýa bilen serhetdäki gümrük goraglylygy üçin Zakaspi oblastynyň ilatly yerleriniň 29-synda gümrükhana geçelgeleri döredilip, olar hem 5 bölege bölünipdir: 1. Gyzylarbat - Gazanjyk, Gyzylarbat, Bäherden we Çakangala geçelgeleri. 2. Ahal teke Daýna, Sülükli, Germab, Haýrabat, Pöwrize, Howdan, Kelteçynar, Gäwers geçelgeleri. 3. Artyk - Babadurmaz, Artyk, Gozgangala, Kaka, Duşak, Mäne, Çäge geçelgeleri. 4. Sarahs - Sarahs, Ruhinabat, Döwletabat, Nowruzabat, Daýna, Germab, Akrabat geçelgeleri. 5. Pendi - Guşgy, Daşköpri, Tagtabazar, Üçajy geçelgeleri. Şeýlelikde, Zakaspi oblasty gümrük gözegçiligi bilen doly gurşalyp alnypdyr. Ýörite gurnalan geçelgelerde daşary ýurtlardan gelýän harytlara paç salmak hem-de serhetden geçmek mümkindi. Mälim bolşuna görä, Zakaspi demir ýolunyň başlangyç punkty Krasnowodskiden 50 kilometr günortada Mihaýlowsk aýlagynyň Uzynada diýen ýerinde ýerleşýärdi. Bu bolsa amatsyz saýlanylan ýer hasaplanylýardy. Sebäbi Uzynada aýlagynda ýerleşýän demir yol stansiýasy, deňiz porty hem gümrükhana ýalpak ýerde ýerleşýärdi. Krasnowodskä gelýän ýolagçylar we ýükler ýasy düýpli gaýykda Uzynada getirilip, soňra demir yol arkaly Orta Aziýanyň jümmüşine ugradylypdyr. 1895-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Krasnowodskiniň ýaşaýjylary, söwdagärleri Krasnowodsk zastawasynyň işini işeňňirleşdirmek haýyşy bilen yüz tutdular. Uzynada gümrükhanasynyň amatsyzlyklary zerarly, demir yoluň başlangyç punktuny, deňiz portuny we gümrükhanany Hazar deňziniň gündogar kenarynda oňat port bilen Krasnowodskä geçirmek karar edildi. 1895-nji ýylda bolup geçen aýylganç ýer titremesi stansiýanyň portuny we gümrükhanasyny Uzynadadan Krasnowodskä geçirmegi çaltlandyrdy, sondan soň demir yoluň Mollagara-Uzynada aralygynda haryt daşamak bes edildi. Stansiýa we port işe wagtlaýyn ukypsyz bolansoň olar yapyldy. 1896-njy ýylyň 15-nji oktyabryndan harytlara salgyt salmak boýunça amallar üçin hukuklar Uzynada gümrükhanasyndan Krasnowodsk zastawasyna berildi. Şeýlelik bilen, Uzynada gümrükhanasy öz işini bes etdi. Döwlet geňeşiniň 1899-njy ýylyň 4-nji iýunyndaky karary bilen Zakaspi gümrük okrugy ýatyryldy. Oblastyň gümrük edaralary Türküstan gümrük okrugynyň dolandyryş edarasynyň tabynlygyna geçdi. Gümrük prosedurasy hakyndaky maglumatlar gyzyklydyr. Ol Russiýanyň Maliye ministrligi tarapyndan 1894-nji ýylyň 6-njy iyunynda tassyklanan kadalara laýyklykda bolup geçdi. Gümrük edaralary Sarahsyň, Pendiniň gümrükhanalary, Çekişleriň we Çakangalanyň zastawalary daşary ýurtdan getirilýän daşary ýurt harytlaryny gös-göni öz garamagyna kabul etdiler we olary şolbada haryt (ammar) kitabyna ýazdylar. Oblastyň içinde yerleşýän gümrük edaralaryna Ashabadyň, Duşagyň we Artygyň gümrükhanalaryna we Gyzylarbadyň zastawasyna paç salynmaýan daşary ýurt harytlary gümrük jigitleriniň gözegçiliginde serhet postlarynda goşulyp iberilýän biletli gelip gowuşýardy. Şeýle- de haryt (ammar) kitabyna ýazylýardy. Goşulyp iberilýän bilet harytly ulagyň bütin dowamynda serhet geçelgesinden gümrükhana çenli jigitlerin birinin ýanynda durýardy. Ulag gelende goşulyp iberilýän bilet gümrükhana agzasyna, zastawalarda bolsa dolandyryjynyň kömekçisine berilýärdi, ol ony şol bada reýestre girizýärdi, soňra bolsa harytlary ammarlara kabul etmek üçin ammar çinownigine berýärdi. Serhetde ýerleşýän gümrük edaralary serhet geçelgelerinden özlerine goşulyp iberilýän biletler boýunça jigitleriň ýanynda bolmagynda haryt ulaglary gelen mahalynda, edil oblastyň içersinde ýerleşen edaralaryňky ýaly çemeleşýärdiler. Serhet geçelgesinden getirilýän harytlary barlamak we kabul etmek ammar gümrük çinowniginiň, harydyň ýanynda bolan jigitleriň we haryt eyeleriniň ýa-da uly paytunçylaryň gatnaşmagynda amala aşyrylýardy. Eger ulag barlanylanda hiç hili näsazlyk ýüze çykarylmasa, onda gümrükhana ulagyň ýanynda bolan jigitlere şahadatnama berýärdi, ony olar yzyna gaýdyp gelenlerinde geçelgänin ulusyna gözden geçirmek we saklamak üçin berýärdiler. Howdan geçelgesinde şahadatnama şol maksat bilen gözegçä berlipdir. Eger harytlar barlananda ýetmezçilik ýüze çykarylsa, onda gümrükhana ýa-da zastawa delilnama düzüpdir, geçelgäniň ýerleşýän ýerinde işiň ýagdaýlaryna düşünişmek üçin bu hakda ýerli distansiýanyň başlygyna habar beripdir. Gümrük edaralary ammar kitabyndaky ýazgy boýunça harytlary gözden geçirmäge girişipdirler. Şonda harytlar tā haryt eýesi ýa-da paytunçy tarapyndan harytlar bilen ýetmeýän orunlaryň gymmatyna yakyn möçberde pul girewi berilýänçä, ammar gümrükhanasynda ýa-da zastawasynda saklanylmaly bolupdyr. Ýetmeýän orunlaryň gymmaty kesgitlenilende gümrük edaralary normalaryň yerine ýokary hilli bir kysymly harytly tutulan ulagyň has köp orunlaryny kabul edipdirler. Söwda edyän adamlara pul girewiniñ yerine gymmaty girewiñ pul möçberini düzyän harydyň bir bölegini gümrükhananyň ygtyýarynda goymak hukugy berlipdir. Şeyle halatlarda saklanylyan harytlar, şeyle hem goýulyan girewler gümrükhanada ýa-da zastawada gümrük okrugynyň başlygynyň buýrugyna çenli saklanypdyr. Harytlar bir 1668 günüñ içinde gözden geçirilipdir we gutarmagyna çenli hiç bir zat bilen arasy kesilmändir. Harytlar ýazylanda bozup-ýazmalara ýa-da üstünden ýazmalara hiç yol berilmändir. Her bir ýalñyş ýa-da düzedip yazma gyzyl syýa bilen düzedilipdir we soňundan gözden geçirilişe gatnaşýan agzalaryň gollary bilen görkezilipdir, gözden geçirilişi haryt eyesine ýa-da onuñ ynanan adamynyň ýa-da uly paýtunçynyň gatnaşmagynda Ashabat we Duşak gümrükhanalarynda agzanyň gatnaşmagynda ammar çinownikleriniň biri, Sarahs gümrükhanasynda agzanyň gatnaşmagynda ammar gözegçisi, Artyk, Pendi gümrükhanalarynda dolandyryjynyň gatnaşmagynda agzalar hem-de Gyzylarbat, Çopangala we Çekişler zastawalarynda dolandyryjynyň gatnaşmagynda geçirilipdir. Gözegçiligi geçiriji gol çekilýän kitapda öz eli bilen harytlaryň orunlarynyň sanyny, agramyny, ölçegini we hasaplaryny belläpdir, olar söz bilen we olaryň gelip çykyşy (pars, owgan, iñlis, ýewropa) boýunça ýazylypdyr. Zakaspi oblastynyň Persiýa we Owganystan bilen daşary söwdasy durnukly ösüpdir, ol 1895-nji ýylda, 1912-1914-nji ýyllarda oblastyň gümrük edaralary arkaly harytlaryň, şol sanda üstaşyr häsiýetli harytlaryň hereketi hakynda aşakda getirilen tablisadan görünýär. Bu hasabat maglumatlary Zakaspi oblastynyň daşarky söwdasynyň ýagdaýyna şaýatlyk edýär. Görnüşi ýaly, ol çaltlandyrylan depginler bilen ösüpdir. Mysal üçin, 1912-nji ýylda 1895-nji ýyl bilen deňeşdirilende haryt dolanyşygy 2,8 esseden gowrak, 1913-nji ýylda 3,6 esseden gowrak, 1914-nji ýylda bolsa 3 esse diýen ýaly artypdyr. Zakaspi oblastyna gelip gowşan daşary ýurt harytlaryndan paçlary ýygnamak ýylyň-ýylyna artypdyr. Eger 1884-nji ýylda 6868 rubl 04 köpük, 1887-nji ýylda 30787 rubl 07 köpük paç alnan bolsa, onda 1895-nji ýylda pajyň ýygnalyşy eýýäm 747.385 rubl 74 köpük, ýagny on ýylda pajyň gazna gelip gowşuşy 108 esseden gowrak artdy. Nina GÝULÝUMÝAN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |