15:24 Gadymy Änewiñ syrlary | |
GADYMY ÄNEWIÑ SYRLARY
Taryhy makalalar
Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwinde ekerançylyk bilen baglanyşykly köpsanly maglumatlar bar. 1886-njy ýylda Zakaspi oblastynyň başlygy general A.Komarow şol wagtky Ashabad şäherinden 12 kilometr uzaklykda ýerleşýän Änew obasynyň ýakynyndaky beýik depä aýratyn üns berip başlady. Ilkibaşda ol şol depäniň töweregini gazyp çykmaga buyruk berdi. Megerem, ol şol ýerlerde altyn-kümüşli hazyna gömlüp goýlandyr öýdendir. Ýöne onuň pikiri ýalňyş bolup çykdy. Haçan-da rus esgerleri şol ýeri gazanlarynda altyn-kümüşiñ ýerine, ýeriň astyndan iňňän köp bezegli syrçaly daşlar, daşdan ýasalan ýaraglar çykypdyr. Bu tapyndylar barada 1888-nji ýylda "Türküstan habarlary" neşirinde habar berildi. 1903-nji ýylda Türküstan künjegine belli amerikan alymy, Waşingtonyň Karnegi institutynyň geology R.Pampelli gelip gitdi. Änewdäki depä baryp görmek bilen, ol şol ýerden tapylan bezegli hem ýazgyly gap-gaç galyndylarynyň ер-esli bölegini ýygnap aldy. Bir ýyldan soň ol rus imperatorlygynyň Arheologik toparynyň rugsadyny alansoñ, Änewde gazuw-agtaryş işlerini geçirmäge başlaýar. Käri boýunça arheolog bolmansoñ, ol öz iş toparyna belli nemes arheology P.Şmidti alýar. Daşary ýurtly arheologlaryň işine gözegçilik etmek belli rus alymy W.Bartolda tabşyrylýar. Emma ol şol wagt iş sapary bilen Samarkandda bolansoň, bu iş Ashabaddan ýörite çagyrylan işgäre tabşyryldy. Imperatorlygyň Arheologik toparynyň önde goyan şertlerine görä, daşary ýurtly alymlar Pampelli we Şmidt Änewde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesi barada habarlary çap edip bilýärdiler. Emma tapylan islendik tapyndyny olar Russiýanyň muzeýlerine tabşyrmalydylar. Änewdäki depäniň esasan demirgazyk we günorta böleklerinde gazuw işleri geçirildi. Şonda amerikan alymy Pampelli çakmak daşdan ýasalan ýaý oklarynyň uçlary, ot-çöp guradylýan desgalar we küýze gap-gaçlary bilen bilelikde daşdan ýasalan däne owradýan guraly hem tapmagy başarypdyr. Laýdan ýasalan gaplaryň we syrçaly kerpiçleriň düzüminde saman galyndylary, garaýanyk bolan däne ösümlikleri ýumşak bugdaý, arpa hem ýüze çykarylypdyr. Tapylan zatlar barlagdan geçirilende Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky gözleg topary şeýle netijä gelýär: Zakaspi oblastynda yerleşýän bu düzlük ekerançylyk merkezi bolupdyr, ýagny türkmen topragy ekerançylygyň watany bolupdyr. Bu gadymy bereketli toprakdan ekerançylyk yuwaş-ýuwaşdan gadymy Mesopotamiýa, Müsüre we Ortaýer deňziniň töweregindäki ýurtlara ýaýrapdyr. Alym bu yerlerde ekerançylygyň döräp başlan wagtyny biziň eramyzdan öňki IX asyra degişli edip görkezýär. Taryhda belli bolan ahamenileriň öz döwletini gurmazdan ozal, bu ýerde ekin ekip, iri şahly mallary gapysynda saklan zähmetsöýer daýhanlar ýaşapdyrlar. Pampelli iň soñunda öz pikirinde galýar. Änew medeniyeti ekerançylygyň we maldarçylygyň in bir gadymy ojagy bolupdyr. Şol yerdenem ekerançylyk gündogara, günorta, günorta-günbatara ýaýrapdyr. Şol döwrüň rus alymlary hem şeýle wajyp pikire gelipdirler. 1911-nji ýylda Türküstanyň we Zakaspi oblastynyň suw resurslaryny gözleýji I.Şarowyň habar bermegine görä, rus ylmy ekerançylygyň döremegini şeýle taryhy döwürlerde görýär: Neolit döwründe (biziň eramyzdan ozalky 8-3-nji müňýyllyklarda) Köpetdag zolagynda gadymy awçylar tarapyndan ilkinji gezek ýer işlenilip. ekerançylygyň düýbi tutulýar. Şol wagtlar bu yerlerde ýabany bugdaý we arpa ösümlikleriniň ençeme görnüşleri ösüp (däne ekinleriniň ilkinji görnüşleri) ýetişipdir. Ilkidurmuş adamyna möwç urup akýan derýalaryň suwundan peýdalanmak mümkin bolmandyr, olar deryadan suw alyp, ondan peýdalanmagy başarmandyrlar. Ýöne Köpetdagyň ýapgytlyklaryndan akýan çeşme suwlaryny özleriçe peýdalanmagy başarypdyrlar. Şol suwy hem ekerançylykda peýdalanypdyrlar. Hut şonuň üçin hem kiçiräk çeşmeleriň boýunda ilkinji gadymy ekerançylaryň oturymly ýerleri peýda bolýar: Kelteçynar boýunda Änew obasy, Ashabad boýunda Akdepe, Gozgançaý boýunda Namazgadepe obalary ýüze çykýar. «Ilkidurmuş adamlary ýuwaş-ýuwaşdan suwa erk edip, ondan peýdalanmagyň usullaryny mazaly ele alansoňlar, ekerançylyk wagtyň geçmegi bilen Murgap, Tejen derýalarynyň kenarlaryna, biraz soñra bolsa Amyderýa töwereklerine hem baryp ýetýär» diýip, I.Şarow 1911-nji ýylda "Türküstanyň we Zakaspi oblastynyň suw hojalygy" atly kitabynda ýazýar. Nina GÝULUMÝAN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |