16:49 Taryhy ýerlerden tapylan hazynalar | |
TARYHY ÝERLERDEN TAPYLAN HAZYNALAR
Taryhy makalalar
(1881-1917-nji ýyllara degişli arhiw maglumatlaryndan) Täze eýelenen ýerleri Rus imperiýasyna birikdiren administrasiýa Zakaspi oblastynyň naçalniginiñ başda durmagynda özüniň eýelik edýän ýerlerini düýpli öwrenmegiñ we olaryň maddy gymmatlyklaryny hasaba almagyň ugruna çykdy. Ak patyşanyň dikmeleri heniz öwrenilmedik Türkmenistany gizlin gömlen hazynalardan doly ýurt hökmünde göz öñüne getirýärdiler. Ol hazynalary gözläp tapmak gerekdi. Bu diýseň jogapkärli iş bilen şol döwürde hut Içeri işler ministrligi meşgullanypdyr. 1892-nji ýylda Zakaspi oblastynyň naçalniginden, 2-nji Türküstan harby korpusyndan şu aşakdaky maglumatlar talap edilýärdí: 1. Zakaspi oblastynyň çäginde halk arasynda ýerasty geçelgeler, gömlüp goýlan hazynalar, gizlin gowaklar, garakçylaryň gizlap goýan baylyklary, taşlanan guyular barada rowaýatlar, hekayatlar, gürrüñler barmy? 2. Nirede gala, ýasama depe, garym görnüşli gadymy berkitmeleriñ harabalyklary bar? 3. Ýeriñ, topragyň çökýän ya-da opurylyan halatlary bolýarmy? Takyk nirede bolyar? (Obanyñ, galanyň, öyüñ, daglyk yeriň, meydançanyň atlaryny anyklap, habar bermeli). 4. Ýerzeminleriň golaýynda bina edilen gadymy jaylar ýa-da olaryň harabalyklary nähili atlandyrylýar? Ýerzeminiñ çuñlugyny, örülen kerpiçleriñ ölçegini, ol yerden tapylan zatlaryň atlaryny takyk görkezmeli. 5. Ýerleriň we ýadygärlikleriñ çyzgylaryny, suratlaryny, şekillerini taýýarlamaly. Ashabad, Merw, Tejen, Krasnowodsk, Mangyşlak uýezdlerinden şeyle maglumatlar gelip gowşup başlady. Ýerli adamlardan sorag-jogap edildi. Eger kimde-kim gymmat bahaly zatlary, hazynalary tapyp, olary hökümete tabşyrsa, onda şeyle adamlara pul sylaglarynyň beriljekdigi ýerli kethudalaryň kömegi bilen ýaşaýjylara düşündirildi. Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwinde türkmenleriñ dürli gymmatly tapyndylary Zakaspi oblastynyň pristawyna tabşyryşlary barada maglumatlar bar. Tapyndylaryň arasynda gadymy şaý-sepler, ownukly-irili altyn-kümüşden, gymmat daşlardan ýasalan zatlar, süňkden, şaýydan ýasalan doga-tumarlar bar. 1915-nji ýylda Aleksandr-Baý aýlagyndan demirgazyk-gündogar tarapa Batyr duzly kölüniñ gündogar kenarynyň golaýynda, Sary Gowak we Gara-Siñrek kärizleriniñ aralygynda Sugraly Jadygär obasynyñ ýaşaýjysy Kosturly Dosow dag kertinde ýerleşyän gowaga girip ýeri gazanda, agzyna mata oralan agaç küýzäni tapýar. Küyzäniñ içinde 206 gram agramdaky altyn kürüşge, 33 gram agramy bolan kümüş gulakhalka, 17 gram agramy bolan altyndan ýasalan gap. 21 gram agramy bolan gyzyldan yasalan owunjak şaý-sepler, dürden düzülen monjuk, gaýyş guty, agramy 32 gram bolan dag gyýmançasyndan ýasalan agzy altyn halkaly gap, 944 gram agramy bolan "opal" gymmat bahaly daşyň iki sanysy bar eken. Bu hazyna pristawa tabşyrylýar. Hazynanyň tapylan ýeri doly öwrenildi. Kert gayanyň üstünde köne berkitmäniñ harabaçylyklary saklanylypdyr. Gowagyń girelgesine darajyk, barmasy kyn ýodajyk eltyär. Gowagyň içine yagtylyk düşenok. Tüm garaňkylygyň içinde birnaçe adam kelleçanaklary we ep-esli çal reñkli iri monjuklar tapyldy. Gowagyñ galyñ diwarlarynyň düýbünde guýynyň bardygy anyklanyldy. Onun çuñlugyny guýa sallanan adam hem anyklap bilmändir. Diwaryň jayrygynyň golaýynda daşyñ ýüzüne yazylan we eýýäm ýiteñkirlän yazgy bar. Olar türkmen dilindäki sözlerdi. Diñe iki sany söz aýdyň görünýärdi. Ol sözler «Kän şaý», ýagny "şaý-sepiñ kän ýeri» diýen manyny beryärdi. Bu hazynany tapyp, ony hökümete tabşyran Kosturly Dosow uzak garaşmadan soň, ahyrsonunda patyşa ministrliginden 600 rubl pula eýe boldy. Başga-da şuňa menzeş ýagdaýlar barada gürrüň beryän Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwinde saklanylyp galan käbir habarlar bilen sizi tanyş edyäris. * * * Onuň Alyhezreti, Zakaspi oblastynyň naçalnigi A.W.Komarowa Siziñ Murgap derýasynyň jülgesindäki harabalyklardan tapylan gadymy şaýlar bilen gyzyklanýandygyñyzy eşidip, mümkinçilikden peýdalanyp Size Saryýazy diýlen ýeriñ harabalyklarynda geçirilen gazuw işleri netijesinde 17-nji aprelde tapylan 20 sany kümüş şaýlaryny iberýärin. Ýerli türkmenleriñ aytmaklaryna göră, şaýlar parslaryňky, özlerem Maşatda we Yspyhanda Nedir şa döwürleri tayyarlanylypdyr. Olaryň pikiriçe, şaýlar XVIII asyra degişli. 8-nji Zakaspi atyjylyk batalonynyñ kapitany Çerniskiý. 1886-njy jylyň 19-njy apreli. * * * Zakaspi oblastynyň jenap naçalnigine Imperator köşgüniň ministrliginden. № 2238, 1897-nji ýylyň 4-nji dekabry. Siziñ Alyhezretiniz, Imperatoryň arheologiýa topary Size habar bermegi özüne borç hasap edýär, ýagny Mary uýezdiniň Suhty obasynyň ýaşaýjysy Tahyr Öwez tarapyndan tapylan, XI-XII asyrlara degişli bolan alty sany altyn seljuk şaýlary üçin Mary uýezdiniň naçalnigine 50 rubl pul sylag hökmünde iberildi. Komissiýanyň başlygy Onuñ Alyhezretleriniñ köşgüniñ gofmeýsteri. Nina GÝULUMÝAN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |