23:03 Ýerasty baýlyklarymyzyñ taryhyndan | |
ÝERASTY BAÝLYKLARYMYZYÑ TARYHYNDAN
Taryhy makalalar
• Duz we nebit Zakaspi oblastynda duzuň we nebitiň bardygy türkmenlere bu topraga ors häkimiýetleriniň gelmeginden has öňräklerden belli bolupdyr. Yerli ilat tebigy baýlyklardan diñe öý-içeriniň hajatlary üçin zerur bolan möçberde ulanypdyr. Duz hem, nebit hem tä XIX asyryň segseninji ýyllaryna çenli söwda ýa-da daşary ýurtlara äkitmek niyeti bilen çykarylmandyr. Diňe Orsyýete öñräkki döwürden degişli bolan Maňgyşlak uýezdinde balyk senagatçylary tarapyndan duz bilen balyk Astrahana äkidilipdir. Daş duzuny we nebiti güýçli derejede çykaryp almak hem-de olary Kaspi deňziniň günbatar kenarlaryna we Eýrana äkitmek Türkmenistanyň patyşa Russiýasyna birikmegi bilen başlanypdyr we bu iş, Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwiniň dokumentleriniň güwä geçmegine görä, kem- kemden uly möçberlere ýetipdir. Biz şu gezekde Zakaspi oblasty boýunça administrasiýanyň ýyllyk hasabatyndan bölekleri okyjylarymyza hödürleýäris. "Zakaspi oblastyna synlardan" 1881-1889-njy ýyllar Duz yataklary oblastyň ähli uýezdlerinde duş gelýär. Olaryň arasynda arassalygy boýunça Krasnowodsk uýezdindäki duz yataklary birinji orunda durýar. Has uly yataklar Garababa guýusynda we kölünde, Çeleken adasyndaky köllerde, Darja ýarym adasynda, Nebitli dagdan 12 wýorstlykda ýerleşýän Saraýda bardyr. • Krasnowodsk uýezdinden: 1883 ý. 432 322 put duz 18370 rubl; 1884 ý. 453 220 put duz 19023 rubl; 1885 ý. 496 625 put duz 26570 rubl; 1886 ý. 497 785 put duz 27870 rubl; 1887 у. 619 603 put duz 28816 rubl; 1888 ý. 620 002 put duz 28918 rubl; 1889 ý. 678 018 put duz 27225 rubl 75 köpük möçberdäki duz äkidilipdir. * * * Duzuň möçberi we gazylyp alnyşy boýunça ikinji orun Maňgyşlak uýezdine degişlidir. Goçgar ata, Gultuk, Garagul, Uýmaça, Bekdaş, Gyzyk, Aladepe we Ujuk türkmen wolostlarynda ýokary hilli duz bar. 1883-nji ýylda türkmen köllerinden duz gazyp alýan ähli balykçylardan gazna girdejisi üçin 1 put üçin 10 köpükden töleg alyndy. Türkmenleriň ählisi nahar duzuna salynýan salgytdan boşadyldy. Krasnowodsk uýezdindäki Çeleken adasy bitewi, ägirt uly nebit saklanylýan gaby ýadyňa salýardy. 1881-nji ýyla çenli yerli ilat nebiti özleriniň o diýen çuň bolmadyk guýularyndan öz hajatlary üçin, el bilen çykaryp alypdyrlar. Indi olar öz yerlerini nebit senagatçylaryna kärendesine berýärler we özleri hem nebiti olardan satyn alýarlar. Şeýle ýagdaýda kärendeçiler ýer eýeleri üçin amatsyz, özleri üçin bolsa örän bähbitli iş şertnamalaryny baglaşýarlar. * * * Nebit çeşmeleri aýry-aýry adamlar tarapyndan 20 ýyldan 30 yyla çenli kärendesine alnandyr. 1882-nji ýylda nebit çykýan ýerleriň 38-si paýlanylypdyr. Şolardan 8-si Nobele degişlidi. Şol yerde buraw guýularynyň üçüsi bolup, olaryň ikisi 1886-njy ýylda, biri bolsa 1889-njy ýylda gurlupdyr. Ol bulardan başga-da, 1889-njy ýylda el bilen gazylan guyularyň 164-sini kärendesine aldy. 1883-nji ýyldan 1889-njy ýyla çenli Nobel tarapyndan 2 million 261 müň 598 put nebit çykaryldy. * * * Inžener Konşin tarapyndan Nebitli dagda, Baişem stansiýasyndan 30 wýorstlykdaky guyynyň buraw işi tamamlanyldy. Çykarylýan nebitiň möçberi gije-gündizde 500 puta barabardyr. Bu ýerde kerosin zawody guruldy. Ýerli nebitden alynýan kerosin gowy geçýär. 1892-nji ýyl Nobeliñ buraw guyularynyň ikisinde nebit ýeriň ýüzüne çykyp dur. Hasabat ýylynda bu guyulardan 170 müň put nebit alyndy, şondan Eýrana äkitmek üçin satylany 9 müñ 837,5 put, galan möçberi ätiýaçlyk saklanýan gaplara geçirildi. 1893-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli Nobelin kärhanalarynda ätiýaçlyk nebit 3 million puta barabar möçberde jemlendi. 1895-nji ýyl Şu ýylda nebit çykarmak işi diňe Nobeliň Çeleken adasynda ýerleşýän Garagyn diýen ýerdäki kärhanasynda, Bişikli, Gyzyldepe, Süreje, Miut we beýleki yerlerdäki türkmen guýularynda geçirildi. Bir ýylda: a). Nobeliň kärhanalaryndan - 80 müň put; b). türkmen guýularyndan - 5 müň puta golay; - jemi 85 müň put nebit çykaryldy. Şondan 29 müň put nebit Eýrana äkidildi, galan möçberi Nobeliň ýerasty ammarlarynda saklamaga geçirildi. 1896-njy ýyl Nobeliň kärhanalaryndan we türkmen guýularyndan 90 müň put nebit çykaryldy, şondan 52 müň puty Eýrana iberildi. Duzuň çykarylyşy hasabat ýylynda 581 müň 36 puta barabar boldy, şonuň 563 müň 816 puty oblastyň daşyna çykaryldy, 17 müň 220 puty bolsa balykçylyk önümçiliginde galdyryldy. 1897-nji ýyl Çelekende hasabat ýylynda 810 müň 742 put duzy gazylyp alyndy, şonuň 765 müň 628 puty Zakaspi oblastynyň daşyna çykaryldy, 450 müň 60 puty bolsa ýerli balykçylyk hojalyklaryna satyldy. Nobeliň giňligi 5 dýuýmlyk we çuňlugy 30 sažen bolan sekiz sany guýusynyň öndürijiligi gije-gündiziň dowamynda 200 putdan 2 müň puta ýetýär. Hereket edýän bahalardaky nebitiň çykarylyşy oňa bolan çynlakaý senagat bähbitlerini döredýär, bu ýagdaý bolsa Nobelde nebit yataklaryndan deňziň kenaryna çenli nebit geçirijini çekmek üçin taýýarlyk işlerine girişmek we Çelekende nebit senagatyny ösdürmek maksady bilen, täze desgalary işläp düzmek pikirlerini oyardy. Köne türkmen guyularyndan ýerli ilat tarapyndan 1600 put nebit çykaryldy. 1905-nji ýyl Duzuň çykarylyşy hasabat ýylynda 2 million 500 müň puta barabar boldy, şonuň 1 million 260 müň 838 puty başga ýere äkidildi. Nobeliň Garagyn-1, Garagyn-2 diýen ýerlerdäki nebit yataklarynda has köp möçberde nebit çykaryldy. Howanyň gysylmagy bilen basyş arkaly nebitiň çykarylyşy 838 müň 629 puta ýetdi. 799 müň 101 put nebit bolsa Bakuwa äkidildi. Moskwaly telekeçiler toparynyň Gyzyldepe, Bişikli, Gäwür we Çokrak diýen ýerlerden çykaran nebitiniň mukdary bary-ýogy 25 müň put boldy. Nina GÝULÝUMÝAN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |