22:01 Türkmen taryhy | |
TÜRKMEN TARYHY
Taryhy makalalar
Türkmen halkynyň gadymdan bäri dowam edip gelyän däp-dessurlary, edim-gylymlary, ýol-ýörelgeleri bar. Halk şol asylly däplerini goja taryhyň dürli döwürlerinde-de ýadyndan çykarman, ulanyp gelipdir. Ynha, Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwinde 1905-nji ýylda Merw şäherinde ýaşaýan musulmanlaryň Zakaspi oblastynyň naçalnigine ýazan haty saklanylyp galypdyr. Şäher ýaşulularynyň onun alyjenaplaryna ýüzlenip ýazan hatyny tolgunman okamak asla mümkin däl. Hatyň mazmuny şäherde ýerli ýolbaşçylar tarapyndan türkmen milli däplerine sygyşmaýan hereketler edilýändigi barada bolsa-da, bu örän sypaýyçylykly, medeniyetli düşündirilipdir. Ýaşulular danalygyň ýokary nusgasyny görkezip, öz milli däplerini her bir adamyñ hem hormatlamalydygyny belläpdirler. Ýöne gynansak-da, hatda görkezilişi ýaly, olar mukaddes jaýa, ýagny metjide hormat bilen garamagy özlerine borç hasap etmändirler». Ýaşulularyň hatynda metjidiñ içinde namaz okayan musulmanlaryň sesi bilen şerapdan gerk-gäbe doğan serhoşlaryň sesleriniň garyşyp gidýändigi barada janygyp ýazan ýerlerini okanyňda, akylyň hayran galýar. Hatyň mazmuny türkmen halkynyň akyl-paýhasynyň, parasatlylygynyň, medeniýetliliginiñ nusgasy bolup dur. Şeýle çuñ yürek bilen ýazylan bu hat biziñ däbimize hormat goýmaýanlary utandyrypdyr, olara uly ruhy urgy bolupdyr. Biz sol hatyň mazmuny bilen okyjylarymyzy tanyşdyrmagy makul bildik. Nina GÝULUMYAN. * * * Onuň Alyhezreti Zakaspi oblastynyň jenap başlygyna (öz eline) Merw-Ashabat, 1905-nji ýylyñ 11-nji apreli. Sizin Alyhezretiñiz! Biz Merw şäheriniñ musulman ilaty, onuň dyza çökerilen wagtyndan bäri ýerli yolbaşçylyk tarapyndan kanunyň birnäçe gezek bozulýandygynyň şaýady bolduk. Watanymyzyň dogruçyl ogullary we patyşanyň wepaly raýatlary bolmak bilen, biz özümiziň borçlarymyza we imperiýanyň kanunlaryna goýýan hormatymyza hökümet tarapyndan adalatly baha berler diýip pikir etdik. Hawa, hakykatdan-da, patyşamyz biziň özümizi alyp barşymyza doly baha berdi we onuñ erki bilen şahsyýetiñ, emlägiñ eldegrilmesizligini we biziñ metjitlerimiziñ degişli hormatyny goraýan kanunlar çykaryldy. Ýöne ýerli yolbaşçylyk patyşanyň ynamyndan hyýanatçylykly peydalanyp, her hili ýollar bilen kanuny bozup gelýär. Bizin şu haýyşymyz bilen baglanyşykly ýagdaýa degip geçeliň. Biz hökümetiň rugsady bilen birnäçe ýyl mundan ozal Merw şäheriniň Ofiserler we Buhara köçeleriniň burçunda metjit gurduk. Metjit munuň özi keramatly ýer bolup, her bir musulman ruhy kanagatlanma tapýar, Ýaradana alkyş aýdýar. Ýöne ýerli yolbaşçylyk metjide hormat bilen garamagy özüne borç hasaplaman, ol şol köçede metjidiñ göni garşysynda ýeñles ayallaryň ornaşmagyna rugsat berdi. Häzirki wagtda biziñ metjidimiziñ garşysynda piwo satylyan dükan açyldy. Ol ýerde bolsa ir ertirden gijäniñ bir wagtyna çenli serhoş bolmak, uruş-sögüş dowam edýär. Köplenç bolsa, şu ýerde namaz-töwir edýänleriň sesleri bilen iki jynsyň serhoş adamlarynyň paýyş sesleriniň bir wagtda çykýandygyny eşitmek bolýar. Bu zatlary göreniñde biygtyýar ýüregiň gyýylýar. Siziň Alyhezretiňiz, islendik ýekşenbede bolup biläýjek dürli ýaramazlyklaryň öňüni almak üçin, Merw şäheriniñ musulmanlary bolan biz, mümkin boldugyça jelepleriñ şäheriñ başga künjegine geçirilmegine buýruk bermegiñizi we metjidiñ golaýyndaky piwo dükanlarynyň ählisini ýapmagyňyzy Sizden haýyş edýäris. Biz, musulmanlar, Watanymyzda kanunyň dogruçyl goragçylarynyň bardygyna şübhelenmeýäris we imperiýanyň deň hukukly raýatlary hökmünde biz, musulmanlar ýerli ýolbaşçylyk tarapyndan öz keramatly metjidimize hormat goýulmagyna doly hukugymyz bardyr. Merw şäheriniň musulmanlary. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |