07:05 Türkmenleriñ dokmaçylyk işleri | |
TÜRKMENLERIÑ DOKMAÇYLYK IŞLERI
Taryhy makalalar
Türkmenistanyñ Merkezi döwlet arhiwiniñ köp sanly taryhy materiallarynyñ arasynda şol wagt syrly ýurt diýlip hasaplanylan, rus patyşasynyñ düzgüni tarapyndan Zakaspi oblasty diýlip atlandyrylan ülke hakynda 1881-1917-nji ýyllar aralygyndaky döwürde bu ýere göçüp gelen daşary ýurtlularyñ ilkinji täsirlerini beýan edýän dokumentler saklanylýar. Dokumentleriñ arasynda uýezd naçalniginiñ ýazgylary, synlar, etnografik gözegçilikler, syýahatçylaryñ bu ülke barada özlerinde galan täsirleri bar. Olar özleri üçin türkmen halkynyñ taryhyny açdylar, biz bolsa ata-babalarymyzyñ 1917-nji ýyla çenli nähili ýaşandyklary barada gürrüñ bermekçi. XIX asyryñ 80-nji ýyllarynda göçüp gelenleri täze ýerde hemme babatda güýçli, kanuna gulak asyjy, özbaşdak adamlar garşy aldylar. Olary ýowuz howa şertlerinde, epgekli çägeliklerde şadyýan, berk bedenli, dokmäde obalylar haýran galdyrdy. Türkmenleriñ durmuşynyñ ähli-jikme-jikliklerine gözegçilik etdiler we barladylar. Olar beýlekiler bilen bir hatarda tebigata laýyk özboluşlylyga däl-de, erkekleriñ, aýallaryñ we çagalaryñ gelşikli hem owadan geýnişlerine aýratyn üns berdiler. Täsin ýeri, olaryñ hünärmentçiligiñ hatarynda, türkmenleriñ dokma önümlerini taýýarlamak sungatyny başaryşlarynu bellemekleridir. Ýarym natural hojalygyñ şertlerinde dokmaçylyk durmuşda ilkinji zerurlykdy ae her bir öýde her bir aýal maşgala ýüñi işläp taýýarlamagy, ýüp egirmegi we mata dokamagy başarypdyr. Dokma önümi harytlyk görnüşinde hem öndürilipdir XVIII asyrda - XIX asyryñ başynda ony öndürmek uly şäherlerde - Merwde, Sarahsda, Ürgençde jemlenipdir. Olaryñ arasynda Merw öñe saýlanypdyr. Dokumentlerden mälim bolşuna görä, dokmaçylyk işiniñ ýokary däpleri bu ýerde baryp araplar gelmezinden öñ hem bolupdyr. Maldarçylygyñ ösendigine görä, köp derejede ýüñ hem pagra we ýüpek çig mal bolup hyzmat edipdir. Türkmen ussatlary tarapyndan ýüpekden we pagtadan ýeñil matalar, ýüñ garyp iki sapakdan bolsa ýyly matalar dokalypdyr. Türkmen matalarynyñ owadanlygy göreni haýran galdyrypdyr, olarda reñkleriñ we nagyşlaryñ sazlaşygy utgaşypdyr (keteniniñ zolaklarynyñ nagyş äheñleri araplaryñ gelmeginden öñ hem bolupdyr). Patyşa Russiýasyna birikdirilmeginden ozal, XVIII-XIX asyryñ başynda Buhara we Hywa hanlarynyñ köp sanly ýörişleri wagtynda, merwli tejribeli dokmaçylaryñ köpüsi zor bilen Buhara we Samarkanda göçürilipdir. Olar şol ýerlerde ýüpekçiligiñ we dokmaçylygyñ ösdürilmegine ýardam edipdirler. Zakaspi oblasty wagtynda Merwde we Ýolötende ýüpek dokmaçylygy ösüpdir. Merw ýüpeginiñ gyzyl onluk, gyrmyzy keteni, şeýle kem sowsany, begres we beýleki önümleri oblastyñ ähli uýezdlerinde öndürilipdir. Ýüpek dokmaçylygy bilen Köpetdagyñ etegindäki raýonlaryñ, Amyderýanyñ orta akymyndaky we Murgabyñ boýundaky obalaryñ ýaşaýjylary, umuman, ýüpekçiligiñ ösen ähli ýerinde meşgullanypdyrlar. XIX asyryñ ahyrynda - XX asyryñ başynda ýüpek matalaryny satmak Köpetdag etegindäki köp maşgalalaryñ esasy eklenç çeşmesi bolupdyr. XIX asyryñ ahyryndaly barlag dokumentlerinde şal mata diýlip atlandyrylýan ýüpek matany taýýarlamakda saryk aýallarynyñ sungaty aýratyn bellenildi, bu hakynda wenger syýahatçysy A.Wamberi şeýle ýazypdyr: "Saryk aýallary şal matany öndürmekde şöhratlanýarlar. Ol 3-4 ýaşyndaky köşegiñ ýüñünden edilýär, ony ilki bäş günläp süýtde gaýnadýarlar, netijede ol ýüpek çeýelik we ýumşaklyk häsiýetine eýe bolýar. Bu ýüñden taýýarlanan mata juda owadandyr we berkdir hem-de daşky geýim üçin ulanylýar. Ol Persiýa örän gymmat bahadan satylýar. Rus syýahatçysy P.M.Lessar hem şal mata hakynda şeýle ýatlaýar: "Persiýada we Hyratda şal matanyñ böleginiñ bahasy 2.000.000 gyranyna durýar. Saryklar goýun ýüñünden has arzan matany hem öndürýärler, onuñ bölegi 80 gyranyna durýar. Ol ak reñklidir. Düýe we geçi ýüñünden taýýarlanan açyk goñur reñkli mata iñ oñady hasaplanypdyr. Ýüñ matalar Balkan etegindäki ýomutlarda hem, merwli tekelerde hem, Hywa oazisiniñ türkmenlerinde hem dokalypdyr". Matany boýamak we oña ýumşaklyk häsiýetini bermek täsin bolupdyr. Munuñ üçin ussa aýallar şor suwuk hamyr taýýarlapdyrlar hem-de ony birnäçe sagatlap bulapdyrlar. Netijede ak reñkli suwuklyk, ýagny peti-hamyr süýdi alnypdyr, tä ýelim alynýança, ony birnäçe sagatlap gaýnadypdyrlar. Şundan soñ oña ýüpek sapaklaryny atypdyrlar we 1,5 sagatlap saklapdyrlar. Açyk goñur reñkli sapaklar ýalpyldapdyr we çeýe bolupdyr. Olardan taýýarlanan matalar pugta, şol bir wagtda-da ýumşak bolupdyr. Erkek adamlaryñ şu matadan taýýarlanan geýimleri XIX asyrda günorta-gündogar Türkmenistanyñ bazarlarynda örän ýokary bahalanypdyr. 1882-1890-njy ýyllaryñ "Zakaspi oblastyna syndan" "Teke halylary, palaslary, ýüñ matalary matasynyñ we reñkleriniñ pugtalygy, nagyşlarynyñ täsinligi bilen meşhurlyga eýedir, olar Russiýada we daşary ýurtlarda örän ýokary bahalanýar we gowy ýerlenilýär". "Ýüñ, ýüpek we nah matalary boýamak üçin boýaglary türkmenler Hywadan we Persiýadan alýarlar, sary boýagy "Saryç" diýlip atlandyrylýan ýerli ösümlikden alýarlar". "Ýüñ öz häsiýeti boýunça dürli önümleri öndürmekde ulanylýar: keçe úçin has pes hili ýüñ sarp edilýär, orta we ýokary hili ýüñden haly dokaýarlar, düýe ýüñünden büdür-südür mata dokaýarlar, iñ gowy düýe yüñünden bolsa don üçin mata dokalýar". Pagtadan ak reñkli biýz öndürilýär. Biýzi türkmenler ýorgan-ýassyklary daşlamak üçin ulanýarlar". "Ýüpek türkmen aýallary aýal geýimlerini, ýassyk-ýorgan daşlaryny nepislik bilen taýýarlaýarlar, tahýa tikýärler". "Saryk aýallary düýe ýüñünden açyk goñur we ak reñkli inçe matalary dokaýarlar. 1889-njy ýylda Ýolöten pristawlygynda satmak üçin 500 çäkmen öndürildi, arassa ýüñüñ bir puty 3 rubldan satyldy hem-de Russiýa we Fransiýa äkidildi". 1896-njy ýyldaky "Zakaspi oblatyna syndan" "Zakaspi oblastynyñ 1896-njy ýylda Nižniý-Nowgorodda geçirilen Bütinrussiýa sergisine gatnaşmagy". "Türkmen dokmaçylary gelmänkä, ýüñi taýýarlamagyñ (daramak, egirmek we boýamak...) türkmen usuly düşündirildi. Aýratyn gutuda sapak üçin boýaglaryñ toplumy ýerleşdirildi. Zalda hünärmentçilik gurallaryndan dokma stanogy oturdylypdyr, ol düýe ýüñünden mata dokamak üçin niýetlenipdir. Şeýle hem, bu ýerde pagtany we ýüñi egirmek üçin ik, ýüpek saramak üçin emjam, nah mata üçin mäkili dokma guraly ýerleşdirilipdir. Tekelerde halylardan başga-da türkmenler tarapyndan düýe ýüñünden, ýüpekden we nahdan edilen matalaryñ nusgalary goýlupdyr. Bu ýerde Merw we Krasnowodsk uýezdlerinden galyñ mawudyñ dürli görnüşleriniñ toplumlary, Merw, Ashabat, Tejen we Mañgyşlak uýezdlerinden ýüpek we nah matalar, ýüpek we nah ýüplükler, ýüpek çig maly, ýüpler we dürli hili taslamalar bar". "1908-nji ýylda Owganystan bilen söwda boýunça Zakaspi oblastyndan 1 million 930 müñ 194 rubl bahasy bolan nah matanyñ 46.657 pudy, 1500 rubl bahasy bolan ýüpek matanyñ 12 pudy, 1699 rubl bahasy bolan dürli mawudyñ 27 pudy, 60099 rubl bahasy bolan ýüñ matanyñ 494 pudy äkidildi". 1910-njy ýyldaky "Zakaspi oblastyna syndan" "Hasabat döwründe 318460 rublluk möçberde halylar, keçeler, çuwallar, torbalar, ýüñ we ýüpek matalar öndürildi, 226505 rubblugy hem satyldy". "Krasnowodsk uýezdi boýunça ýüpek matanyñ 520 bölegi, Ashabat uýezdi boýunça 1978 bölegi, Tejen uýezdi boýunça maglumat ýok, Merw uýezdi boýunça 742 bölegi öndürildi; Krasnowodsk uýezdi boýunça düýe we goýun ýüñünden mawudyñ 560 bölegi, Ashabat uýezdi boýunça 3841 bölegi, Mary uýezdi boýunça 1101 bölegi öndürildi, Krasnowodsk uýezdi boýunça 3000 rublluk möçberdäki donlaryñ 460-sy öndürildi we 250 don satyldy; Mañgyşlak uýezdi boýunça nah matanyñ 150 bölegi, Krasnowodsk uýezdi boýunça 325 bölegi Ashabat uýezdi boýunça 954 bölegi, Tejen uýezdi boýunça hen 1053 bölegi öndürildi". Nina GÝULUMÝAN, Türkmenistanyñ Merkezi döwlet arhiwiniñ uly ylmy işgäri. # "Adalat" gazeti, 1999 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |