17:10 Zakaspi oblastynyñ döwlet atçylyk zawody | |
ZAKASPI OBLASTYNYÑ DÖWLET ATÇYLYK ZAWODY
Taryhy makalalar
Türkmenistanyñ merkezi döwlet arhiwi ägirt köp dokumental genji-hazynany özünde saklaýar. Makalada 1880-nji ýylda 1916-njy ýyla çenli ahal-teke atlarynyñ ykbaly hakynda gürrüñ berýän täsin arhiw materiallary bar. Biziñ ýurdumyzyñ territoriýasynda Zakaspi oblastynyñ döredilen we XIX asyryñ ahyryndan Russiýanyñ patyşa häkimiýetiniñ berkarar edilen pursadyndan başlap, täze "hojaýynlar" türkmen topragynyñ baýlyklaryny erjellik bilen öwrenip başladylar. Rus adamlary ülkäniñ köp genji-hazynalarynyñ hatarynda atyñ täsin galdyryjy kuwwatyny ýüze çykardylar. Bu bedewiñ Watany bolsa bir tarapdan Beurjadan, Bamydan Gyzylarbada çenli we beýleki tarapdan bolsa Gökdepä çenlidi. Merwiñ we Ashabadyñ ähli obalaryny birleşdirmek hem-de atyñ bu tohumy bilen baglanyşykly zatlaryñ ählisini ýüze çykarmak ýörite topara tabşyryldy. Ajaýyp bedewleriñ hemmesiniñ gelip çykyşyny we nesillerini gowy bilýän ýaşulular bilen geçirilen gürrüñleriñ barşynda teke taýpalarynyñ gadymy çapylýan atynyñ heniz arap, türk we beýleki tohumlara çenli öñ hem bardygyny, olaryñ harby ruhda terbiýelenendigini, hiç wagt hem çalşyp bolmajak söweşjeñ atdygyny bildiler. Garrylar bedewiñ diñe bir ene topragy goramakdaky bitirýän hyzmaty bilen çäklemmän, eýsem onuñ eýesine giden baýlyk getirýändigini-de gürrüñ berdiler. Rus ekspeditorlary tohumyñ şeýle häsiýetine, onuñ daş keşbiniñ täsin gözelligine haýran galdylar. 1894-nji ýyldaky öz hasabatynd olar şeýle ýazdylar: "Ahal-teke atynyñ uzyn, gelşikli aýaklary bar, boýy 50 werşoga çenli, hatda ondan hem ýokary (werşok - 4,45 sm). Boýny sugunyñky ýaly gelşikli, kellesi örän kiçi, gury, giñ mañlaýly, gözleri uly, ýaldyraýar we güberçek; endamy näzik, hatda asuda ýagdaýda-da ähli damarlary görünýär. Biriniñ endamy altyn çaýylan bolsa, başga birleri kümüşsöw, atlar günüñ şöhlesine adaty bolmadyk gözel görünýär". Toparyñ agzalary asyrlar boýy türkmen topragyna uýgunlaşan ahal-teke bedewleriniñ iñ gowy sypatlaryny nazara alyp, Zakaspi oblastynyñ atçylyk zawodyny gurmagyñ zerurdygy hakynda ýokary ýolbaşçylyga ýüz tutdular. Ülke eýelenmezden öñ ahal-teke atlarynyñ köp sanlysy pars hanlary tarapyndan satyn alnypdyr, ülke imperiýa goşulandan soñ arassa tohumly ahal-teke bedewleriniñ köp sanlysy Orsyýete äkidilipdir. Mundan başga-da eger alamançylyklar we goranyş uruşlary wagtynda bedew her bir türkmene örän zerur bolan bolsa, parahatçylykly, durnukly durmuşuñ gelmegi bilen, oña bolan zerurlyk ýatyşdy. Arassa ganly ahal-teke atlary buýsanjañ we baýlygyñ nyşany hökmünde gurply hojalyklarda saklanyp galdy. Atlary has işeññir köpeltmek üçin Merw we Ashabad uezdleri we pristawlary boýunça göçem tohumlandyryş depolary guruldy, türkmenler oña arassa ganly atlar bilen mugt tohumlandyrmak üçin öz gowy baýtallaryny getirip bilýärdiler. Ol ýerde nesil-tohum kitaplaryndan göçürmeler mugt berilýärdi. Tohum atlary amatly satmaga rugsat berilýärdi. Ýaş taýlary has gowy saklandygy, iýmländigi we seýisländigi üçin olaryñ eýelerine sylaglar bellenilýärdi. 1896-njy ýylda Zakaspi Çapyşyk jemgyýetiniñ esaslandyrylmagy bilen her ýyl çapyşyklar geçirilýärdi. Oñat bedewler altyn, kümüş we bürünç medallar bilen bellenilýärdi, olara uly möçberli pul sylaglaet berilýärdi. 1898-njo ýylyñ 16-njy dekabrynda Köşi obasynda Zakaspi oblast tohumlandyryş athanasy açyldy. Ilkinji dört ahal-teke taýy 2.000 manada satyn alyndy. Şol wagtlar bu uly puldy. * * * 1915-nji ýylda Içeri işler ministrligi boýunça teke atlaryny Zakaspi oblastynyñ çäklerinden daşyna çykarmagy gadagan edýän kanun çykdy. Şeýle häsiýetdäki islendik synanyşyklaryñ pugta öñi alyndy. 1915-nji ýylyñ 28-nji martynda Persiýa äkitmek üçin örän täze, boş araba tirkelen 5 at Howdan zastawasyna getirildi. Zastawany dolandyryjy arabaçylara atlary yzyna - Ashabada sürmegi buýurdy, ýöne parslar gitmän, ýerli kerwensaraýda galdylar, atlary Kurtu-Suwda boşatdylar we gizlin, aýlawly ýol bilen Persiýa iberdiler. Ol şol bada Howdan gümrükhanasynyñ dolandyryjysynyñ buýrugy bilen agtaryldy hem-de arabaçylaryñ biriniñ yzyndan Dadaşy ugratdylar. Bir günden soñ ol atlaryñ bäşisini-de zastawa getirdi we öz ýoldaşlarynyñ atlary taşlap Kuçanda gizlenendiklerini düşündirdi. Aşakdaky ýaly täsin ýagdaýlar hem bolup geçdi: Owganystanyñ raýaty Myrat Ali Mämmedow Owganystandan 70 ata ýükläp Pendi gümrükhanasyna paç tölän-de bolsa, atlaryñ hem bellige alnandygyna garamazdan, yzyna gitmekçi bolanda birtopar kösençlikler bilen ýüzbe-ýüz boldy. Owganlyny öz atlaryny teke tohumly ata çalşan bolaýmasyn diýip güman eden Pendi gümrükhanasy bilen Ashabad gümrükhanasynyñ arasyndaky hat alyşmalar 1915-nji ýylyñ oktýabryndan dekabry aralygyna çenli dowam etdi. Ahyrsoñy söwdagär goýberildi. * * * Ştabs-kapitan Mihaýlowyñ raportyndan Durun pristawlygy "Biz türkmenleriñ parahatçylykly durmuşynyñ 15 ýylynyñ içinde "ýaby" diýlen Hywa atynyñ teke tohumly aty gysyp çykarandygyny we onuñ atşynaslarda we baý adamlarda baýlyk hökmünde çäklendirilen sanda galandygyny görýäris. Meniñ pikirimçe, diñe Türkmen Atly Diwizionynyñ we onuñ jigitleriniñ tagallasy bilen teke atlaryny köpeltmek entek togtadylmandyr". 1890-njy ýyl. * * * Zakaspi oblastynyñ naçalnigine berlen habardan 1895-nji ýylyñ 24-nji noýabry 577 sanly buýruga laýyklykda her bir obada bar bolan tohum taýlarynyñ we baýtallarynyñ sany hakda Ashabad uezdi boýunça toplanan maglumatlary ibermegi makul bildim. Uezdde arassa ganly tohum taýlarynyñ biri Türkmen Diwizionynyñ ofiseri Garry Serdar Mämmetguly Serdarowa, ikinjisi bolsa Gagşal obasynda ýaşaýan Döwletýar Baýmyradowa degişli. Ashabad uezdiniñ naçalnigi.: Gol. * * * Zakaspi oblastynyñ kanselýariýasynyñ hökümdary Onuñ Alyhezreti A.A.Ýezerja Merhemetli hökümdar! Höwesjeñ tekelere öz bedewlerinde bagtyny synap görmäge ýardam etmek haýyşy bilen şu ýylyñ 1-nji oktýabryndaky at çapyşyklar hakynda Samarkandyñ çapyşyk jemgyýetiniñ bir nusgalygyny Size iberýärin. Olaryn arasynda hakykatdan-da mynasyp atlar bolup, olaryñ eýeleri ýol üçin çykdajylaryny gaýgyrmazlar. [i]1900-njy ýylyñ 20-nji awgusty.: Gol. * * * Birýaşar bedewlere baýrak bermek aktyndan "48 bedewden 14-sine baýrak berildi. I baýrak - 40 manat çal taý, boýy 1,65 sm, eýesi teke. Ashabad uýezdiniñ Ýasmansalyk obasyndan Atabaýram Sagatow, taýyna 400 manat nyrh kesýär. II baýrak - 30 manat altyn öwüşginli baýtal, boýy 1,62 sm, Ashabad uezdiniñ Gökje obasyndan teke Nyýaz Aly Baýram Alyýewe degişli". 1901-nji ýyl. * * * Türküstanyñ General-Gubernatorynyñ kanselýariýasy. 1916-njy ýyl. Ýygnak Türküstanda atçylygy ösdürmäge, ahal-teke atynyñ arassa gündogar ganyny saklamaga aýratyn möhüm ähmiýet berdi. Döwlet atçylyk zawodynyñ Baş uprawleniýesiniñ üstüne ahal-teke atynyñ biriniñ hem ýitip gitmegine ýol bermän, bu tohumdakylaryñ (taýlary we baýtallary) ählisini gaýra goýmazdan satyn almak borjy ýüklenýär diýip hasap edýäris. Türküstanyñ General Gubernatory.: Gol. * * * Petrogradyñ Baş ştabynyñ Harby ministriniñ buýrugy 1916-njy ýylyñ 30-njy iýuny "4 ýaşdan 15 ýaşa çenli arassa ganly ähli ahal-teke atlary goşuna iberilmeli däldir. Umuman, şu tohumdan bolan ähli atlar Döwlet atçylyk zawodyny ösdürmek maksady bilen saklanylmalydyr. Gol: Harby işler ministri". Şu dokumente Zakaspi oblastynyñ ahal-teke tohumyndan bolan atlarynyñ 627-siniñ atma-at spisogy goşulypdyr. Nina GÝULUMÝAN, Türkmenistanyñ Merkezi döwlet arhiwi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |