14:49 Mineral baýlyklarymyzyñ taryhyndan | |
MINERAL BAÝLYKLARYMYZYÑ TARYHYNDAN
Taryhy makalalar
• Gips. Kükürt. Nebitdakyl (ozokerit) Türkmenistanyň ýerlerinden magdan däl baýlyklary gözläp tapmak, öwrenmek we çykaryp almak işi 1881-nji ýylda Zakaspi oblasty döränden soň, hay diýmän başlanypdyr. Ors imperiýasynyň dag gazuw-magdan inženerleri we telekeçileri täze eýelenen ýerleriň kükürdiň, mirabilitiň, nebitdakylyň, gipsiň, asfaltyň, kömrüň ätiýaçlyk ýataklaryna baýdygyny şeýlekin çaltlyk bilen aňypdyrlar. Barlag işleri bada-bat tebigy baylyklary çykaryp almaga we söwda etmäge ýazypdyr. Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwiniň 1881-1917-nji ýyllar aralygyndaky döwre degişli resminamalary bu işleriň nähili amala aşyrylandygy baradaky gyzykly habarlary özünde jemleýär. "Zakaspi oblastyna synlardan" 1881-1889-njy ýyllar Mineral baýlyklardan, nebitden başga, onuň bilen bir jynsdan bolan nebitdakyl barada aýtmak bolar. Nebitdakyl Çelekende we Balkan daglarynda duş gelýär. Çeleken adasyndan Hywa äkidilen nebitdakylyň möçberi: 1886 ý. - 200 put 200 manatlyk. 1887 ý. 250 put 250 manatlyk. 1888 ý. 300 put 300 manatlyk. Birinji sortly nebitdakyl sary-mum reňklidir we şepbeşik görnüşdedir. Onuň udel agramy 0,95. Ol daşary ýurtlarda "prima gualitatis" ady bilen bellidir. Düzüminde 80 prosente çenli parafini saklaýar we ýokary baha mynasyp bolýar. Ikinji sorty 60 prosente çenli parafini özünde saklaýar we parafin önümçiligi üçin daşary ýurtlara äkidilýär. Iki sorty hem añsat arassalanýar. 1882-nji ýylda Nebitli dagda 50566 put kir (asfalt) çykarylyp alyndy. Balkan daglarynda iki yerde uly asfalt gatlagynyň bardygy açyldy. 1892-nji ýyl "Şih" guyularynyň golaýynda kükürt gözlemek boýunça iki sany: biri aklawjy Ahwerdowyň teklibi boýunça, beýlekisi moskwaly täjirleriň serişdeleriniň hasabyna, hususy ekspedisiýa guraldy. Kükürt ýataklary Gyzylçulba, Garagaş, Selhaliçulba, Abbas alnan baýyrlyklarynda açyldy. 1895-nji ýyl Şu hasabat ýylynda Ashabadyň golaýyndaky oblastlardan 76006 put gips äkidildi. Türkmençe "gež" diýlip atlandyrylýan sary urpak toýun gatyşykly gips garyndysyny çykaryp almagyň möçberi uly mukdarlara ýetdi. Az-kem ýakylandan soň, gips suwag etmek üçin oñaýly materiala öwrülýär. Krasnowodskiniň töwereklerinde gurluşyk daşlary - hek daşynyň 1000 kub saženi, portfritiñ - 150 kub saženi, sanawly hek daşynyň 19300 sanysy (100000 put) çykarylyp alyndy. 1895-nji ýylda dag-gazuw işleri boýunça gazna giren girdejiler 21999 rubl 48 köpük boldy. Şu girdejiden erkin-hakynatutma garawullara hak tölemek üçin harç edileni 122 rubl. Gipse bolan islegiñ artmagy netijesinde, onuň Krasnowodskiden Baku şäherine äkidilen möçberi 832350 put (60000 rubl) boldy. Ol ýere äkidilen porfiritiň möçberi bolsa 150 müň put (5000 rubl) boldy. 1910-njy ýyl Zakaspi daglyk okrugy boýunça gazna ýylyň dowamynda 63422 rubl 34 köpük girdeji girdi. Bakuwly nebit senagatçylary türkmenlerden kärendesine almak bilen, Çeleken adasynda ýerden alynýan baýlyklaryň ätiýaçlyk möçberlerini artdyrmaklaryny dowam etdirýärler. Gips Krasnowodsk uýezdinde Umgaly we Dukimin daglarynyň jülgelerinde, aýry-aýry adamlar tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we Kaspi deňziniň portuna äkidilýär. Nina GÝULUMÝAN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |