22:49 Türkmenistanda suwdan peýdalanylyşynyñ taryhyndan sahypalar | |
TÜRKMENISTANDA SUWDAN PEÝDALANYLYŞYNYÑ TARYHYNDAN SAHYPALAR
Taryhy makalalar
Türkmenistanda Merkezi döwlet arhiwi taryhy resminamalaryň uly möçberini özünde saklaýar. Zakaspi oblasty barada 1881-1917-nji ýyllar aralygyndaky döwrüň dowamynda her ýylky hasabatlarda ülkäniň geografiýasy, ilatyň ýerleşişi, ýer işleri, söwda, şäherleriň gurluşygy, saglygy goraýyş, halk magaryfy barada gymmatly maglumatlar berlipdir. Her bir hasabatda "Irrigasiýa" diýen bölüm bolup, onda suw resurslary we suwaryş ulgamlary barada jikme-jik aýdylypdyr. "Zakaspi oblastyna synlardan" 1882-nji ýyl. Zakaspi oblastynyň yssy howa şertlerinde suwarymly ýerleri ekmek üçin suwuň paýlanyp berilmegi bilen baglanyşykly ilatyň arasynda berk tertip saklanýar. Ol örän gadymy döwre degişli bolan ýönekeý kada-adat esasynda ýöredilýär. Suwdan dogry peýdalanylyşyna gözegçilik etmek miraplaryň (saýlaw esasynda seçilýän wezipeli adamlar) üstüne ýüklenilýär. Mundan başga-da, olar - kanallaryň arassalanylyşyna we kadaly işleýşine gözegçilik etmäge borçly bolupdyrlar. Olar öz gulluklary üçin aýratyn pul sylaglaryny almaýarlar, ýöne artykmaç ekin ýer meydanyndan peýdalanýarlar. Käriz gazan ýa-da gömlen kärizi täzeden gazan adamlar, obada özüne düşýän suw paýyna bagly bolmazdan, olardan öz eýeçilik (mülk) hukugy esasynda peýdalanyp bilýär. 1883-nji ýyl. Murgapdan iki kanal akyp gaýdýar. Olardan aşaky Pendi nowhanasyndan gaýdýan "Çaý arygyň" suwundan Hüseýinaly obasy peýdalanýar, beýlekisinden, Tagtabazaryň garşysyndan başlanýan "Bäşdeşigiñ" suwundan bolsa Baýraç we Alaşa obalary peýdalanýarlar. Bulardan başga-da, Guşgy derýasynyň sag kenaryndan gözbaş alýan "Patma aryk" bar. 1884-nji ýyl. "Aşgabat uýezdindäki çeşmeler baradaky maglumatlardan". Gyzylarbat obasy Kiri çeşmelerinden gaýdýan ýapdan, jülgedäkiler bolsa Janahyr kärizinden, Babarap obasy Eýrandan gaýdýan Zaw ýabyndan, Ýasmansalyk, Miriş, Herrikgala, Mirewe, Gökje obalary Gözbaşy diýen ýerden gaýdýan Garasuw ýabyndan, Ashabad obasy - Gözbaşy (Nusaý galasynyň ýanynda) diýen ýerdäki Çukurgöz we Garaçatlygöz çeşmelerinden gaýdýan Ashabad ýabyndan peýdalanýarlar. Duşak obasy Keletgaý ýabyndan, Gypjak obasy Mirewe obasynyň golaýyndaky çeşmeden gaýdýan, Bagyryň aşagyndaky Gaýnarsuw ýabyndan peýdalanýar. Gypjagyň aýry-aýry adamlaryna degişli bolan guýular: Şamämmediň, Susatalyň, Togaýlynyň, Kyýasyň, Şetelegiň süýji suwly guýulary, Guldogdynyň, Mämmet Baýlynyň, Gyzganlynyň, Arrygyň, Çürrügiň, Mämmet gufynyň, Şazanliniň, Goşaçygyň, Ajynyň şor suwly guýusy. 1902-nji ýyl. Gypjak obasynyñ golaýynda Gowşut we Gaýnar çeşmeleri bar. Bu çeşmeler öñki döwürde taşlanypdyr, ýöne häzirki wagtda olaryň bir bölegi işe taýýar edildi, bir bölegi taýýarlanylyp ýör. Çeşmelerdäki suw süýji suwdur. 1910-njy ýyl. Aşgabat şäheri. Kanallaryň ugruny arassalamaga, olary bejermek, daş örüp berkitmek, täze ýaplary geçirmek, uly şäher kärizini bejermäge 2540 manat 69 köpük, tehniki gözegçilik adamlaryny, miraplary we sakçylary saklamak üçin 7 müñ 384 manat, jemi 9 müň 924 manat 69 köpük harç edildi. Bu çykdajylar: - suwuň ekişe peýdalananlygy üçin 1 inedördül sažen ýer üçin 1,5 köpükden salgyt salynýanlygy we bu salgydyň şäher boýunça 11 müñ 352 manat 81 köpük bolýanlygy bilen; - suwdan 4 kub arçyndan uly bolan howdanlary doldurmak üçin 1 kub arçyna 1 manat 25 köpükden salgyt salynýanlygy we bu salgydyň hem şäher boýunça 4 müň 385 manat 52 köpük bolýanlygy we umumy girdejiniň 15 müň 738 manat 33 köpük bolýanlygy bilen ödelýär. Nina GÝULUMÝAN, | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |