13:36 Türküstandaky osmanly generaly: Enwer paşa | |
TÜRKÜSTANDAKY OSMANLY GENERALY: ENWER PAŞA
Taryhy şahslar
2022-nji ýylyñ 4-nji awgustynda wepat bolanyna 100 ýyl dolan iñ soñky osmanly serkerdelerinden Enwer paşa sürgüne ugradylan ýeri bolan Berlinde rahat durmuşda ýaşap biljekgine seretmän, Türküstanyñ garaşsyzlygy ugrunda şirin janyny orta goýdy. Muña garamazdan, bäş respublikaly gojaman Türküstan geografiýasynda ne Enwer paşanyñ heýkelini, ne onuñ adyny göterýän köçe, meýdança, ne-de onuñ adyny bilýän birini görersiñiz. Ruslar sowet döwründe Enwer paşanyñ yzlaryny öçürmek we adyny unutdyrmak üçin etmedik işleri ýok, emma garaşsyzlyk alanlaryndan bäri otuz bir ýylyñ geçendigine garamazdan, bäş respublikadan hiç biri-de Enwer paşanyñ hatyrasyny dikeltmek üçin jinnek ýaly-da iş etmedi. Ýogsam bolmasa, türküstanlylar özleri üçin janyny orta goýan Enwer paşanyñ ruhuna köp zat borçludyrlar. Enwer paşa Osmanlynyñ 1918-nji ýylda doly boýun egýändigini mälim edenden soñ sürgüne ýollanan ýeri Berlinde Leninden çakylyk alyp, onuñ ýörite taýynlan uçarynda Moskwa gidýär. Leniniñ maksady Owganystandaky, Eýrandaky, Hindistandaky we Orta Aziýadaky musulmanlary iñlislere garşy köpçülikleýin gozgalaña taýýarlamak eken. Munuñ hötdesinden gelip biljek kişi-de, birküç ýyl mundan öñ bir milliondan agdyk osmanly goşunyna serkerdelik eden we yslam dünýäsinde sylanýan Enwer paşa bolupdyr. Enwer paşa Leniniñ teklibini kabul edenem bolsa, matlaby başga bolupdyr. Öz gezeginde ruslaram oña doly ynanyp durmandyr. Şonuñ üçinem onuñ her bir ädimini gözden salman yzarlapdyrlar. Suratda: Enwer paşanyñ Kawkaza gidişi Enwer paşa Bakuda geçirilen Bütindünýä musulmanlarynyñ gurultaýyna gatnaşandan soñ türküstanly delegatlaryñ çagyrmagy bilen 1921-nji ýylyñ noýabrynda Buhara gidýär. Şol wagtam Buhara emirligi dargap, ýerine Buhara Halk respublikasy gurulýar. Buhara respublikasy jeditçi diýilýän progressiw adamlardan düzülipdir. Külli Türküstan iki topara - basmaçylara we jeditçilere bölünipdir. Eline ýarag alyp, ata çykan basmaçylar hem-ä ruslara, hemem ýurdy täzeçe gurmak isleýän ýerli jeditçilere garşy gidipdir. Jeditçilerem garaşsyzlygyñ tarapdary bolupdyr, emma olar basmaçylardan tapawutlylykda Türküstany respublika we demokratiýa düzgünleri bilen dolandyrmak isläp, zamanabap bilim sistemasyny öñe sürüpdir. Bolşewik ruslar Türküstany doly eýeleýänçäler jeditçilere garşy simpatiýa bilen garapdyrlar we olary goldaýansyrapdyrlar. Jeditçilerem ruslaryñ azatlyk, deñlik we doganlyk wadalaryna ynanandan bolupdyr. Şonuñ üçinem basmaçylaryñ gözünde jeditçiler ruslar bilen hyzmatdaşlyk eden ýerli dönüklerdir. Ine, şunuñ ýaly bölünişigiñ, agzalalygyñ dowam edýän döwründe Buhara gelen Enwer paşanyñ maksady iki tarapyñ-da agzyny birikdirip, Türküstany ruslardan arassalamak bolupdyr. Buhara Halk respublikasynyñ jeditçi prezidenti Osman Hoja (Osmanhoja Polathojaýew) Enwer paşany uly höwes bilen kabul edipdir we onuñ pikirlerini goldapdyr. Enwer paşa belli bir wagta çenli Buharada galandan soñ, ýany bilen birnäçe atlyny alyp, Täjigistandaky basmaçylaryñ bolýan ýerine gidýär. Buhara emeldarynyñ eşigini geýen Enwer paşanyñ Buharadan 1921-nji ýylda aýaly Najiýe soltana ugradan fotosuraty. Basmaçylar Türkiýeden ýöne-möne adamyñ gelmändigini bilselerem, Enwer paşanyñ kimgini doly bilmändirler. Sebitdäki basmaçylaryñ iñ uly serdary özbek Ybraýym Lakaý (Ibragim-bek Çakabaýew) bolsa, Enwer paşanyñ jeditçi we rus jansyzy bolup çykmagyndan şübhelenip, oña ynanmandyr we özi bilen duşuşmaga gelen paşany ýesir alyp, birnäçe hepde gözastynda saklaýar. Ahyrynda beýleki basmaçylaryñ ara girmegi bilen boşadylan Enwer paşa töweregine toplan özbek, türkmen, täjik, gazak, gyrgyz basmaçylaryndan düzülen elli müñe golaý watançy bilen Duşanbäni gabaýar we birnäçe şäheri ruslardan azat edýär. Ybraýym Lakaý bolsa bu göreşe goldaw bermekden geçen, gaýtam wagtal-wagtal ruslar bilen dildüwşüp, Enwer paşanyñ ýoluna päsgelçilik döretmäge çytraşypdyr. Başgaça aýdanda, şol ýyllarda dowam eden Anadolydaky Azat-edijilik urşunda Çerkez Ethemiñ bolşy ýaly hereket edipdir. Owganystana gaçan Buhara emiri Seýit Alym han we onuñ adamy Ybraýym Lakaý Enwer paşanyñ at-abraýynyñ ýokarlanmagyndan we halk arasyndaky şan-şöhratyndan ynjalyksyzlanypdyrlar. Şol sebäpli emir daşyndan göräýmäge paşany goldaýan ýaly bolsa-da, ýeñ astyndan Lakaýa görkezmeler berip we adam ugradyp, paşany ýok etmäge synanşypdyr. Çünki olaryñ pikiriçe paşa üstünlik gazansa, Türküstanyñ täze hökümdary Owganystana gaçan emir Seýit Alym däl-de, Enwer paşa bolaýjak ýalydy. Owgan şasy Amanulla han Enwer paşa habar ýollap, Türküstanda janynyñ howp astyndadygyny, Owganystana çekilip, jihady howpsuz we ygtybarly şertlerde alyp barmagyny haýyş edipdir. Şa "Siziñ at-owazañyz uly, sizi ýitirmek islämzok" diýipdir. Emma Enwer paşa "Men türküstanlylary jihada çagyryp, özüm aralarynda bolmasam, ynandyryjy we täsirli bolmaz" diýip, Amanulla hanyñ teklibinden ýüz öwrüpdir. Ybraýym Lakaýyñ duşmançylykly tutumy, gaçgak emiriñ pyrryldaklary, ruslaryñ oýunlary netijesinde mazaly tapdan düşen Enwer paşanyñ güýçleri yzly-yzyna ýeñlişe uçrap, san taýdan ep-esli azalsalar-da, paşa göreşden el çekmändir. 1922-nji ýylyñ awgustynda häzirki Täjigistanyñ Gorgandepe etrabyna degişli Dihneýrek obasynyñ golaýyndaky depede köp sanly rus esgeri tarapyndan daşy gabalan Enwer paşa gorkman-ürkmän atyny müñlerçe esgerli duşman goşunynyñ üstüne sürýär. Enwer paşanyñ ýanynda bolsa, Täjigistanyñ Jyllyköl etrabynda ýaşaýan türkmenlerden altmyşa golaý jigit bar eken. Paşa jigitleri bilen bile birnäçe rus esgerini gylyçdan geçirenem bolsa, dik garşysyndaky mitralýozyñ (gatling) ot sowurmagy netijesinde ýere agdarylýar. Yzdan gelip ýetişen täjik, özbek, gyrgyz güýçleri rus güýçleriniñ içine kürsäp urup, duşmany gylyçdan geçirmäge başlapdyr. Ýekme-ýek söweş we gylyçlaşyk başlaýaram welin, ruslaryñ ot sowurýan ýaraglarynyñ sesine suw sepilen ýaly bolýar we duşman derbi-dagyn ýagdaýda, jyrralyşyp gaçmaga başlaýar. Dek şol pursatam bir ses ýañlanýar: "Enwer paşa şehit boldy!" Şum habara serpmeden gaýdýan bolup, ünsleri sowulan we ruhdan düşen türküstanlylar söweş meýdanyny taşlap, ikiýana gaçmaga başlaýar. Ruslaryñam ýitgisi çökder bolandygy üçin yza çekilipdir. Ertesi gün bäş müñ adamyñ gatnaşmagynda jynaza namazy okalan Enwer paşa jaýlanýar. Enwer paşanyñ Täjigistanyñ Çegen depesindäki mazary (çepdäki tümmek) 1996-njy ýylda süñkleriniñ Stambula göçürilmegi üçin açylmazyndan öñki ýagdaýy. Enwer paşanyñ bimahal ölüminden soñ basmaçylar göreşine gündogarda Ybraýym Lakaý, günbatarda bolsa türkmen begi Jüneýit han ýolbaşçylyk edipdir. Lakaý 1931-nji ýylda ruslaryñ eline düşüp, ölüm jezasyna höküm edilýär, Jüneýit han bolsa, Owganystanyñ Hyrat şäherinde mejbury sürgünlikde ýaşap ýörkä 1938-nji ýylda aradan çykýar. Enwer paşanyñ ýanyndaky osmanly ofiserleri bir-iki ýyl jihady dowam etdirenlerinden soñ Owganystana geçýär, ol ýerdenem Eýranyñ üstünden Türkiýä gelýärler. Türkiýä gelenleriñ arasynda Enwer paşanyñ terjimeçisi we kätibi bolup işlän jyllykölli batyr türkmen ýigidi, on dokuz ýaşly Pirnepes hem bar eken. Hat-ýazuw işlerine ökde bolandygy üçin "Mürze" lakamy bilenem tanalan Pirnepes Türkiýä gelensoñ, Nafiz Türker adyny alypdyr. Eger Enwer paşa üstünlik gazanan bolsa, Türküstanyñ ykbaly bütinleý başgaça bolup bilerdi. Belki-de, Türküstan geografiýasynda Hytaýyñ ýa-da Hindistanyñ ululygynda täze türk döwleti döräp bilerdi. 09.08.2022 ý. Esedulla OGUZ, Türkiýeli türkmen žurnalisti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |