TUSSAG
– Men, Anna. Tanşanma o diýen şat däl, şatsyz hem däl. Umuman maňa barybir. Ýöne sen hem gepiň gerdişine görä, “Menem şat” diýen bolarsyň. Begenmekden ýaňa guş bolup uçmaýanyňy ikimizem bilip durkak nobatçy gürrüňler kakynymy tutdurýar hem entek uzagyndan meniň bilen tanşanyňa şu wagtkyň ýaly “şat” bolmajagyňy aýdaýyn.
Nämede galdyk... Hä... Hawa... Men, Anna. Düşünip bilýäňmi?! Men! Men, Anna! Görşüň ýaly, dostjan, men tussag. Hawa-la, men jenaýatkär. Munuň üçin men bagtly. Sebäbi, geläýse-de, diňe şu ýerden maňa zelel gelýär. Erkinlikdäki adamlar bu ýerden gorkýar. Bu ýere düşeninden ölenini gowy görýän tentekler bar. Nä, erkinlikde bize hiç hili zeper ýetenokmy?! Eýse, şu ýere düşmegime erkinlik sebäp dälmi nä?! Näme-de bolsa bu ýerde, diňe şu ýerden gorkup ýaşaýaň. Erkinlikdäki sansyz köpürjikleriň saňa degjek gümany ýok. Üstesine wyždanyň hem rahat. Dürli-dümen reňk ýok. Diňe ýapyk, solak reňkler we garaňkylyk. Bu bolsa meniň söýýän zatlarym.
Şepe:
– Her gezek ilkinji gezek diýip hasaplamaňy goýjak däl-ow sen. Bolýa, bu esasy zat däl. Başgalar ýeter-ýetmez hasaplasalar-da, sen meň üçin doly.
– Bolýa, men-ä hiç diýeli. Gowy görýärmişim we abwgd-miş. Size hem beýlekilere gezek galanda hem položitel taraplaryny aýdyp biljek. Erkinlikde şu ýere düşmek gorkusy astynda ýaşanyňdan, bu ýerde erkinlige çykmak umydy, arzuwy bilen ýaşanyň gowy dälmi nä?!
– Meniň kynçylyk çekýän zadym ýok.
– Ýöne adamlar gorky astynda ýaşamany halys endik edinipdirler. Munuň olarda ýakymly duýgulary oýarýan wagtlary hem ýok däl. Hem näme üçin adamlar dört diwardan, kapasadan we ol ýerdäki bolup geçýän zatlardan gorkýalarka? Daşynda gezmeläp ýörkäň ondan beter zatlar bolanokmy? Edil jesediň çykaýanda hem şol ýerden dyndygyň bolar-da...
– Öz-özüň göwnüňi aldamak-da diýmek seniňki... Hawa-da, näme. Adam pahyr bir zady başarmasa, ahyry alaç tapman, garşydaşynyň tarapyny çalmaly bolýa. Hat-da şol pikir babatda onuň özündenem öňe geçýär we sen iň esasy islegiňi, arzuwyňy özüňdenem gizlejek bolup durkaň, menem görüp durun ahyry. Ol bolsa seniň hem erkinlige çykmak arzuwyň we umydyň. Sen şol ýerden çykyp bilmejekligiň sebäpli bulary aýdan bolýarsyň. Aslynda welin, sen öz beýniň, pikirleriň, akylyň tussaglygyndan çykjak bolup köp urnupdyň ahyry.
Anna DARAKDIŞ.
Hekaýalar