GORKMADYGYŇ IMANY ÝOK
Bu gün gürrüň birden bet heleý barada boldy. Sebäbi biziň garşymyzda ýaşaýan Islam heleýini pyçaklap, dokuz ýyl tussaglyga höküm edilipdir. Onuň gürrüňine görä, heleýiniň oýnaşy bar bolmaly. Soň ol ýüp-ýülmek alyp, heleýini aňtap, bir gün olar bileje ýatyrka tutupdyr, oýnaşy gaçyp gutulan, heleýi bolsa, lukmanlaryň kömegi bilen, ölmän galypdyr. Heleýiniň maşgalasy has-da bozukmyş. «Olaryň goç-tekesi garyşyk» diýip, Islam tatar gürrüň berdi. «Heleýime köp gezek janymdan syzdyryp, «Goý bu gürrüňi» diýip, ýalbardym. Sebäbi iki oglunyň hatyrasyna sudlaşyp aýrylyşmaýan diýdim. Towfyga gelmänsoň, ony görsem, ejinäm atlandy, ahyr çydamadym, öz-ä ölsün diýip urdum pyçagy, bilmedim, ölmän galdy». Islamyň gürrüňini Annamyrat agany daýysyndan eşidenini gürrüň bermäge itekledi öýdýän. Annamyrat aga öz daýzasy Bike barada gürrüň berdi: «Gyz wagtynda daýym şol zenana aşyk bolupdyr. Şol gyzy öz deň-duşlarynyň arasynda perizada deňäpdir, oňa duşanda bolsa: «Meniň ak ýüzli Maralym, ömrümiň gülşeni, ýaşlyk säherim, ir düşen baharym, göwnümiň hoşy, didämiň ýaşy» diýip, onuň daşynda çarp urup aýlanypdyr. Bular ýaly bir-birine sepleşip, zynjyr emele getirýän ýürek ýumşadyjy sözlerden soň, Bikäniňem daýyma bolan söýgüsiniň közi barha köräp, ýalyna öwrülip başlapdyr. Bular günde-günaşa bir-birini görmese, bitakat bolup, isläp bu ýagdaý daýymyň ata-enesine; daýymy çagyryp: «Enesini gör-de, gyzyny al, gyrasyny gör-de, bizini» diýipdirler, ýakynlaşmaweri, ol tohum bijaý gykylykçydyr. Men saňa bolan bir wakany gürrüň bereýin» diýip, gürrüňe başlapdyr: «Arada Gutal iline düşen gyzy gaýynenesini ataşgir bilen urup, elini göm-gök edip, soňam: «meni gaýynenem urdy» diýäge-de, öýlerine gidipdir. Soň onuň adamsy gelýär-de, nikaly heleýini alyp gitjek bolsa, enesi çermegini çekip, ýaňky giýewiň ýakasyndan tutup: «Heleý gerekmi, merez» diýip, gygyryp başlapdyr. Bu bihaýa heleýden gorkmadygyň imany ýok. Giýewsi zordan gaçyp gutulypdyr. Giýewiniň atasam başda aýdan eken: «Oglum, «Heleýi başdan tut, çagany ýaşdan» diýipdirler, sen heleýiňi mäkäm tut, ýogsam ýalçydyp iş etmez. Enesine meňzär» diýenmiş. Bularyň maşgalasynda birsyhly dawa-jenjel, haçan görseň nirede bir pohluja gybat bar diýip, gapyma-gapy syryp ýörendir. Gapy syrýanlaryň hiç birisi-de ak jüýje däldir, olar ekip iýmegi, tikip geýmegi ýatlaryna-da salmaz. Magtymguly şahyr aýdypdyr-a: «Biakyl gezen nadan zenanlar işden jyda düşer, ilde gep bolsa» diýip, telim gapa barar, gybat haltasyny doldurar, soňam ony boşatmaga başlar. II arasynda döwmük çöplän ýaly, jemlän gybatlaryny gezekli-gezegine boşadar. Bu bidöwlet heleýiň özündenem, gyzyndanam ägä bol, jan oglum. Maňa meselemki, şol heleýiň gyzy, derdime derman bolsa-da, gerek däl, senem iki aýagyňy göre sokaýyn diýseň, öýlen şoňa. Toý tutup alyp bermek meniň bilen» diýenmiş. «Gyzyň ahyry Bike däl-ä, oglum, «Ýoldaşyň garga bolsa, iýmitiň poh» diýibem ýöne ýere aýtmandyrlar, şu heleýiň gyzyny alyp ber diýme» diýip, atasy daýyma köp ýalbarypdyr. «Bikäňkä barsa, är-heleýi bir-birine gyjap, dürtgi berer-de, uruşdyrar, dek gezmez. Bu heleý tut çybyk deý egreler, ýöne döwülmez, diýseň çeýedir, hiç wagt günäni boýnuna almaz, ýogsa, eden günäsi köre hasa bolup durka-da. Ýeri gelse, aglar, gykylyklar, öz diýenini hemmelere etdirer. Özünden ökde çyksaň, aýagyňa ýykylyp ýalbarmany özüne kemlik bilmez. Gyzyň enesi şu kysym, soň gyzam oň idili däldir. Soňundan tirsegiňi dişlejek bolsaňam agzyň ýetmez, «Soňky tüýkülik sakgal ezmez» diýenleri bolar, galany indi saňa bagly» diýipdir. «Bilseň, akyla eýer, bilmeseň nakyla» diýipdirler. Men welin, ne akyla eýerdim, ne-de nakyla, özümi eltip oda uran ekenim. Şol öz diýenimi tutup durdum. Şonda atam: «Oglum, häzir seniň diýeniň hoş, ölmesek ahyryny göreris» diýdi. Garaz, daýym öz diýenini gögerdip, Bike daýzamy nikalap, öz duluna geçiripdir. Ep-esli wagt olar öýke-kinesiz gowy ýaşapdyrlar. Bir günem daýymyň gaýyn enesi myhmançylyga gelipdir. Oňa et gaýnadyp, gatlakly petire ýagly çorba taýýarlap, öňünde goýupdyr, olam gerk-gäbe bolýança iýipdir. Soňam: «Bu nämäniň eti, tagam-tagsyr ýok, letde çeýnän ýaly» diýip, at dakypdyr. «Men size hemişe gelibem ýöremok, palaw bişirmediňiz» diýip, gyzyna igenesini sürtüpdir. «Gaýynyny aman-sag ugradansoň, gelnim kaş edip, torsaryp, enesiniň gepini altyna gaplap, meniň bilen it pohuny iki kesişdi. Menem näme çydadymmy, aldym agajyň aşagyna, çişmedik ýerini ýumruk ýaly etdim» diýip, daýym käýýärdi. Enesiniň gelip giden gününden başlap, günümiz bir bolsa, gykylygymyz iki boldy. Bir görsem, bu bihaýa heleý enemiň üstüne çöwjäp, agzyna gelenini sepeläp dur. Bu gykylygy atam eşdip, meniň ýanyma geldi-de: «Oglum, men-ä orlup-çapylyp seni öýerdim, gelniň bolsa, gör, nämeler samraýar, oňa «Ümsüm bol diýseň, bolmaýarmy» diýdi. Ursaňam taýak oňa bawer däl, ýene şol sam-samlygy. Şeýdip enem-atamyň öňünde ýüzigara boldym. «Ulynyň aýdanyny etmedik uwlar» diýişleri ýaly, atamyň diýenlerine gulak asman, ymykly aldandym» diýerdi. «Heý ata-ene saňa ýamanlyk etjekmi, edibilse, ýagşylyk etjek, men bolsa, ýegen, ýagşylyga ýamanlyk edipdirin» diýerdi. «Talagyny bereýin diýsem, ikinji ýola öýlenmäge ep-esli galyň bermeli, o-da bizde ýok» diýerdi. Daýym Mollanepesiň goşgularyndan: «Kyrk ýyl maýa gezýänçäň, bütin bir ýyl ner gezgin» diýen setirini gaýta-gaýta ýatlardy-da kellesini yralardy. Ol: «Wah, köýen kysmatym, arman elimde harjy ýok, bolmasa dagy, bireýýäm talagyny berjek» diýerdi. Soň ol: «Iki jahan owarrasy bolup geziberdim» diýerdi. Aý geçipdir, gün geçipdir, bir günem olaryň gyzy dünýä inipdir. «Şondan soň öýümize birneme asudalyk aralaşdy, ýöne olam uzaga çekmedi. «Egri agaç ýatgynyna gider» diýişleri ýaly, bir gün öýe gelsem, hemsaýamyz (goňşymyz) Dürli daýza bilen bilmedim nämäniň üstünde sögüşip durlar. Bularyň agzyndan çykýan sögünçleri eşideniňde ýakaňa tüýkürip, estagfurulla gaýtaryp, «eşiden sen bolma» diýäge-de gulagyňy berk dykyp, oturybermeli» diýip, gürrüň bererdi. Şonda daýym, keýwanysynyň bokurdagyndan tutaga-da, howlusyna salyp, depgisini ýetiripdir. Taýagam, depgäm daýzama kär etmändir, ertesi görseň, ýene şol mydyrdap otyrmyş. Daýym ýok wagty gaýynenesine pitjiň atyp, dodagyny çöwrüp, bolup bilenini bolýarmyş. «Atam-enem oňa ýüzüniň üstünde burnuň bar diýmediler, belanyň körügi gelnimdedigi belli ahyry» diýerdi. Daýymyň aýtmagyna görä, gaýyn atasynyň egin-eşigini şu hojalyga geleli bäri bir ýola-da ýuwmandyr ýa-da onuň täret suwuny taýýarlap bermändir. Daýym: «Keýwanym meni il içinde ryswa etdi» diýip käýýärdi. «Bike hemişe enem- atamy nekedi, şonuň üçin olar-da gelnimden bizar boldular. Gyzymyz ýaňy iki ýaşapdy, oňa garamazdan, sähelçe bir zady ýyksa, oýnasa: «Otur aýryk, seret bu mekejine» diýen ýaly maşgala gelişmeýän sözler bilen gyzyna sögerdi. Bir gün gyzym, düwdenekläp bardy-da, çyrapaýanyň üstündäki bäşlik çyrany gaçyryp, çüýşesini döwdi. Ana şonda gyzjagazyma bir şapbat urdy, soňam: «Ölüpler giden ganjyk, dogulman geçseň bolmaýarmy» diýip gargady. Enem bu gykylygy eşidip, geldi-de: «Jan gelnim, beýle diýme, agzyňdam al alsyn, çaga-da beýle gargarlarmy» diýip, Bikä basalga boldy. Şondan aý-ýarym geçmänkä gyzjagazymyz älemden ötdi. Bu ýitgä atam-enem köp gynandylar. Keýwanym şol gün gyzyny ýatlap aglan-da bolsa, ertesi bar zady ýadyndan çykardy. Matam tutýan enem-atama-da: «Goýuň sesiňizi, sesiňize zar bolaýyn» diýip gygyrdy. Bokurdagyndan tutup, öldüreýinem diýip, abaýlandym, ony atam aňan ekeni. Ol: «Oglum, bitiňe gahar edip, balagyňy otlajak bolma, bize agtygymyň ýitgisi ýeterlik» diýdi. Soň ony öldürmekden el çekdim» diýip gürrüň berdi. Gelnim göwreli eken, aý-güni dolup, ýene gyzymyz boldy. Hepde diýende ojagaz gyzymyzam dünýäden ötdi, soň bolsa dogdy, öldi, dogdy öldi, bäşini dagy depin etdik. Bir gün, näme-de bolsa, synap göreýin diýip, palmyna bardym, o-da itiň ölen ýerinde, gaty daş eken. Palçy mama pal bakyp: «Gelniň gaýyn atasy bilen gaýyn enesine biedep bolupdyr. Toba gelsin-de, olardan ötünç sorasyn, ýogsa öňi garaňky görünýär» diýdi. Daýym palmynyň bu sargydyny ýassykdaşyna aýdyp bilmän, eýmenip köp gezipdir. Gykylykdan ýaňa ini bezgek bolan daýym ýaýdana-ýaýdana, ahyry matlabyny beýan edipdir. Adamsynyň bujagaz gürrüňine daýzamyň gahar haltasy has-da dolupdyr. Ol uzynly gün palmynyň ýedi arka puşdu-penasyna çenli sanap, ýer ýumruklap gargapdyr, teý ahyry tapdan gaçyp, ýykylypdyr. Şu ýykylşyna-da galmandyr, ysmaz keseline ýolugypdyr. Daýzam köp ýatypdyr, ýöne ýatan ýerinde-de keçjallygyny goýmandyr, öz kaddyny bilmän, gykylyklap ýatypdyr. Daýymyň gürrüňine görä, ýene näme-de bolsa, gaýyn enesi gelniniň aşagyny täzeläp, egin-eşigini ýuwupdyr. Tä älemden ötýänçä oňa serenjam beripdir. Daýym aýdardy: «Hudaý gün berse, bu meniksiz gelnim enem-atamyň, meniň zehinimizi zyk edip, şol işiksiz-tüýniksiz jaýa girdi» diýerdi. Ol: «Wah, ýegen jan, otuz bir ýaşymda sakgalyma ak düşdi, saçym-a beýlede dursun, mydama iýenim awy, geýenim köpen boldy» diýip, käýýärdi. Hem-ä, gurrumsak zenandan häzir boluň, girdaba düşen men bolmaýyn, siz bir aman boluň» diýerdi». Annamyrat aga wakany tamamlan dessine Öwezgeldi aga tirsegine galdy-da: «Inijigim, menem bir wagtlar eşdipdim, Mesle diýen dul barada. Dünýäde ondan öňe geçjek biedep, gykylykçy aýalyň-a ýüzi synsyn. Ol-a daýzaň ýaly amanadyny tabşyrman, gaýtam döwi, aždarhany-da gykylygy bilen gaçyryp bilipdir. Özüniň gykylygy, dawasy bilen öň-ä ärini, soňam il bendäni gaçyrypdyr. Iň soňunda ata-enesi-de ondan irip, garaňky gijeleriň birinde, el-aýagyny güýlüp, eltip orta çöldäki gurruga taşlapdyr. Ata-enesinden betdoga alan bidöwlet heleý gurrugyň düýbüne düşenden, gykylyklap başlapdyr. Şol gurrukda bolsa, ullakan aždarha ýaşaýan eken. Bu aždarha, bir gün dagy gykylyga çydapdyr, ýöne ertesi weli, gurrukdan çykyp, zut göteripdir ökjäni. Onsoň ol etek alty, ýeň ýedi bolup, ýelk ýasap gaçyp barýan wagty oňa kämahal birde-ikide öz mallaryndan şamlyk berýän çopan duşupdyr. Ol: «Ýeri-how, aždarha, bolup gelşiň näwüran, ýeldirgäp dag-a eden dälsiň-dä, ýüz-gözüň ýuwusgadan ätlän ýaly, gan-kok ýok-how» diýse, aždarha-da: «Sen sorama, men aýtmaýyn, jan dogan, meniň külbäme Mesle diýen dowzahy zenany taşladylar. Ol özüniň gykylygy bilen halys ýüregime düşdi, çydaman terk etdim şol külbämi, çopan halypa, «Ýaman ýoldaşdan ýekelik gowudyr» diýen ýeri-de bar». Onda çopan: «Kemterräk gaýdypsyň, sen ony iki üzüp, bir ýalman bolsaň, bolardy ahbetin». «Bolmasyna-ha, jyda boljak, biçemem boljak däl, ýöne içime girensoň, ýene şol gykylygy bolsa, gyjy-gyjygymy getirip, meni dälireder diýip gorkdym». «Sen gorkan bolsaň, menem bu taýda durmaýyn, duşsa, maňa-da hun azabyny berer. Sag bol, aždarha, ýoluň ak bolsun» diýipdir. Soň çopan: «At ürken ýerinden, är gorkan ýerinden» diýip, gorkandygyny boýnuna alyp, goýunlaryny başga guýa tarap süripdir. Soň-soňlaram bir säw bilen şu gurrugyň üstünden ýoly düşen ýolagçylar säginmän, «Imanyň hemra bolsun» diýip, çalt daşlaşmak bilen bolupdyrlar. Şondan bäri niçem bir ýyllar geçen-de bolsa, bu gurruga Mesle gurruk diýen at galypdyr. Hem-ä geň-taň görmäň, bular ýaly zenanlary, alyňa geljegi çyny. Şonuň üçin at dakmaň, uly geplemäň, biriniň üstünden gülmäň». «Sakgaldaş, seniň edaň üstünden gülmek, ýöne maslahatyň welin gowy». Öwezgeldi aga-da: «Ýa, içigar, aldyň-ow, meniňkiniň hemmesi hezil ahyry». Şondan soň biz ýatdyk.
Romanlar