16:39 Üç tussagyň ýatlamalary-19/ romanyň dowamy | |
IL OŇLASA, ATYŇY SOÝ
Romanlar
Duýdansyz gelen şum habar Gurbangulyny has-da aljyratdy. «Orta ýolda atyň durmasyn, orta ýaşda aýalyň ölmesin» diýenleri boldy. Bu hesretli habar Garajyklary agyr güne goýdy. Aý geçdi, ýyl geçdi durmuşyň awuly şarpygy Garajyklaryň ýadyndan çykmady. Wagt sagady garaşmaz ýaly ol eýýäm bularyň ömrüniň bir bölegini omurdy. Oba kethudasynyň «At aýagyň aşagynda agsamasa» diýipdirler, hi oňa ýetesi durmuş barmy? Ykbal ýatsa, oňa çäre ýok inim, Gurbanguly. Bularyň hemmesi Allanyň işi. Pelegiň çarhy aýlanyp dur, duran ýerinde durýan zat ýok. Şonuň ýaly, adamyň başynda-da hiç zat durmaýar, barysy geçer gider, özüňem bilmän galarsyň. Siz näme müjerret geçjekmi? Ýyl sadakasyny berdiňiz, indi öýleniň» diýip berlen maslahaty makul bilip, öýlenmegi ýüregine düwdi. «Ölme çäre bolmaýar, öýlen diýseňiz, öýlenäýeris» diýdi. «Öýleniň» sözi onuň öz gulagyna-da ýakman durmady. «Il oňlasa, atyňy soý» diýipdirler. Iliň maslahatyny alan ýagşy diýip olar mamla geldiler. Birneme arkasyna ýel çalan Gurbanguly, özi üçinem, doganlary üçinem, gyzdyr-gelin gözlegine çykmagy gaýyn enesi Hally mama tabşyrdy. Hally nama bu täzeligi goldady. Ol «Öňem size öýleniň diýe-diýe dilim syryldy, emma meniň sözüm ýer tutmady» diýdi. Köp wagt geçmänkä, Gurbanguly ilki doganlaryny öýerdi, soňra özi öýlendi. Gündiziň yzyndan gije, gijäniň yzyndan gündiziň gelişi ýaly, Gurbangulynyň-da göz açyp ýumasy salymda bäş çagasy boldy. Şol çagalaryň birinjisi ogul bolup, «Döwlet getirsin» diýip adyna Döwletgeldi dakdylar. Owganystana orsdan gaçyp gelmezden öňki ýyly Hallynyň adamysy alamdan ötdi. Bularyň ölüp-ölüp galan ýeke gyzy bardy. Şu gyza doglanda Meňli diýip at goýupdylar, çünki onuň ýaňagynda meňi bardy. Meňli ýetişende oňa köp sawçy gelipdi. Ýeke gyz bolansoň, köp sawçy yza gaýdypdy. Ine, şu gyza Garajyklar Owgana göçmezden öň, Gurbanguly öýlenip, öz duluna geçiripdi. Göçhä-göç ýyllary Hally mama öz tiresi bilen Owgana aşypdy. Garajyklaryň maşgalasy gumda heläk bolansoň, Hally mama şu hojalygyň öý bikesi boldy. Hally gyzyndan bolan gyz agtygyny Garajyklar Owgana ugranda öz eli bilen kejebede oturan gyzy Meňliniň eline beripdi. Şol günler bu gundagly gyzjagaz alty aýlykdy. Ýaňagynda özüniňki ýaly meňi bolansoň, öz adym ýitmesin diýip, gyz agtygynyň adyna Hally goýmagy Gurbangulydan haýyş edipdi. Garajyklar täzeden öýlenensoň, olar ýene önüp-ösüp, öňküsi ýaly, uly hojalyk bolupdy. Olary üç süri goýny, birnäçe sygyrdyr düýesi Garaja guýy diýip at alan guýyda bakylýardy. Bu töwerekde olar Garabaýlar ady bilen bellidi. Gurbangulynyň bir ogly, dört gyzy bardy. Şu gyşlagda şularyňkydan uly howly ýokdy. Ýedi pagsaly, iki bölekden ybarat bolan uly howlynyň her burçunda çommalyp duran küňreler has daşdan görünýärdi. Tut agajyndan ýonulyp ýasalan, iki bölekden ybarat bolan agyr derweze, her gezek açylyp-ýapylanda jygyldap ses edýärdi. Derwezäniň üsti basyrlandy. Altynjy pagsada ýow gelende mergenler atar ýaly mergendeşik bardy. Howlynyň birinji bölegi ýaşamak üçin niýetlenendi. Onda uzunlygy on bäş ädim bolan, myhmanlar, aýallar hem çagalar üçin birnäçe tam bardy. Howluda dört-bäş sany ak hem gara öý bolup, olaryň birinde Hally mama ýaşaýardy. Howlynyň ikinji bölegi mallar üçin niýetlenip, onda sygyr, at, düýe, eşek, goýun ýaly haýwanlar üçin ýörite üsti basdyrmaly agyllar bardy. Onuň demirgazyk tarapynda üçek bardy. Üçekde galla önümleri saklanýardy. Howlynyň iki böleginde-de guýy bardy. Garajyklarda on iki düýäniň ýüküni göterýän iňlis awtoulagy-da bardy. Şonuň bilen Eýrana, Päkistana hem Hindistana söwda gatnaýardylar. Umuman aýdanda, elini nirä uzatsa, ýetýärdi. Ine, onsoň, şu howluda ýaşaýanlaryň biri Gurbangulynyň ogly Döwletgeldi ýaňy on altyny dolduryp, on ýedä gadam basypdy. Muňa garamazdan, çagalykdan saýlanýança ene süýdüni emen bu oglan, eýýäm gödek çykypdy. Ogly ýetişen hem bolsa, Gurbangulynyň ony öýermek niýetinde ýokdy. Altyn gapylynyň agaç gapyla güni düşer diýişleri ýaly, tötänlikde dörän bir ýagdaý Gurbanguly baýy göçüp gelen başga bir tireden bolan çopanyň gapysyna sawçylyga barmaga mejbur etipdi. ILKINJI SÖÝGI Maral daýza gyşlagyň ady belli keçe ussady Bosdany keçesine gül basyp bermäge çagyrdy. Günleriň birinde gyzy Kümüş bilen Maral daýzalara keçe basmaga bardylar. Bosdan keçäniň güllerini goýuşdyryp otyrka, Maralyň ogly Döwran daşarda Kümüşe duş geldi. Döwran gyzy görenden özüni ýitirdi, sözläre söz tapmady, sakyna-sakyna «Adyň näme» diýip sorady. Kümüş özüni ýitirmedi, emma daşdan sereden kişi bu gyzyň-da ýüreginiň batly urup, ýüzüniň gyzarýandygyny aňjakdy. Berlen soraga adym Kümüş diýip ýuwaşja ýylgyrdy. «Adyň synaňa ýaraşa eken, meniň adym Döwran» diýip, ol-da ýylgyrdy. Soň Döwran «Edep-ekramda, owadanlykda saňa taý geljek ýok» diýdi. Kümüş hoşniýetli aýdylan bu sözlere yssy süýtde erän ýag ýaly mähir içinde eredi. Bu iki juwana uzak gepleşmek miýesser bolmady. Şeýle-de bolsa, bularyň ikisinde-de söýgi uçguny köräpdi. Şol wagt Döwran diýip enesiniň çagyrýandygyny eşiden bu oglan gyzdan ötünç sorap, gamyşyň üstünde ýazylan ýüňleriň üstünde öz işi bilen meşgul bolup oturan daýzalaryň ýanyna bardy. «Ene, näme hyzmat» diýen soraga enesi «Gazanlary suwdan dolduryp otlaň, tizden gaýnak suw gerek bolar». Gamyşa dolanan ýüňler togalana-togalana keçe suduruny berdi» diýdi. Soňra daýzalar ony basmaga başladylar. Tizden keçe taýýar boldy. Şonuň bilen bu günki iş tamam boldy, kömekçiler öýli-öýüne dargadylar. Döwran ýüpi, gazan-ojaklary ýygnaşdyrdy. Taýýar bolan keçäni güneş ýerde serdi. Soňra enesine «Erte ýene Kümüş dagy geljekmi?» diýdi. «Sen ol gyzyň Kümüşdigini nireden bilýorsyň». «Näme soramak aýypmy, sorap bildim». «Döwran jan, öýüňe gelen gyz-gelinden adyny soramak aýyp bolar, indikile soramagyn balam». Döwran sesini çykarman öz işi bilen boldy. Ertesi ýene kömekçiler, şol sanda Kümüş dagam geldi. Döwran ony-muny eden bolup, gözüniň gytagy bilen Kümüşiň keçä gül basyşyna syn edýärdi. Özi bolsa, onuň bilen gepleşmegi arzuw edýärdi. Geçen gije Döwran üçin arzuwlaryň iň gymmatlysy bolupdy. Onuň arzuw kölünde ýüzüp, haçan uklany belli däldi. Arzuw ganatly guşdur ol kä uçar, käte gonar. Onuň ýüregini aldym- berdime salýan söýgi uçguny tutaşyp, eýýäm oda öwrürüpdi. Soň ol ýalyna öwrülip, daş-töwerege çabyrap başlapdy. Şol ýalynlar oglany gara kömüre öwürip ugrady. Kümüşiň bolsa, şol enesi bilen gül basyp oturşydy, çete çykyp güýmeň-samaň etmek ýadyna-da düşmeýän ýalydy. Beýle pikir etmek ýalňyşdy, aslynda gyzam oglan bilen gepleşmegi arzuw edýärdi. Birden turup gitmegi özüne utanç bilýärdi. Ol haýsydyr bir zada garaşýan ýaly iki-baka seredýärdi. Edil şol wagtam enesi «Kümüş, gyzyla boýalan ýüň gutardy, hol tuduň aşagyndaky ganarda bolmaly, bar-da şondan birki gysym getir» diýdi. Kümüş ýüňli ganara tarap ugrandan Döwran iki setili (bedre) göterip, guýa baka ugrady. Guýy tutuň iki ädim gapdalyndady. Döwran söz ussady bolmansoň, göwne gelenini aýdyp, suwly setilleri göterip, görene göz bolmaýyn diýip aňyrlygyna ugrady. Gyz Döwranyň: «Men seni söýýärin, ýekelikde duşuşaly, diýjek sözlerim bar, Kümüş jan, men hökman seni taparyn, duşaryn, söýgülim» diýen sözlerini birnäçe gezek gaýtalady, elleri gyzyla boýalan ýüňe derek, başga ýüňleri gysymlady, derledi. Şol gije Kümüş «Söýýärin» sözüni ýene köp gezek gaýtalady, gözüne uky gelmedi, arzuw daragtynyn güllerini ezip içdi. Daňdanlar uky kölüne gark bolup, düýş gördi. Düýşüni hiç kime ýordurmady, özi-de ýormady, çünki düýşüň ýorgudy özi bilendi. Irden gyzyna gözi düşen ene: «Gyzym, gözüň ümezläpdir» näme boldy?». «Hiç-le, gowy uklap bilmedim, ene, gowy bolar. Biz bu günem Maral daýzalara gitmelimi? Şol, bu gün öýde ýüň saýarys, ýüwürtjek halymyzyň ýüpüni taýýarlaly, ýüň egirmeli boljak. Kümüş göwünli-göwnsiz «Bolar, ene» diýip Döwran barada pikirlenýärdi. Hamala ol meni söýýärmiş, menem ony, bu söýginiň ahyry gelermikä, şu zamanda söýmek-söýülmek diýen zat ýok ahyry. Meniň arzuwlarym hiç wagt hasyl bolmaz. Maňa Alla jan kömek etsin. Şu pikirler bilen gümra bolan gyz saýmaly ýüňlerini Güne serdi. Soň uzyn gün ýüň saýladylar. Kümüş ýene Döwran barada pikirlendi. Oglan gelermikä-gelmezmikä, nädip duşup bolarka diýip ahy-zar bolup ýördi. Ýöne welin, Döwran guýa gaçan daş ýaly, ondan habar-hatyr ýokdy. Günler-aýlar bolsa yzly-yzyna geçip durdy, bu ýagdaý Kümüşi biynjalyk edýärdi. Dura-bara gyzyň sabyr käsesi püre-pürlenýärdi. Çünki şu çaka çenli barmyň-ýokmuň diýip, habar almadyk adamdan näme tama etjek? Ol ahyry: «Oglan agzyna gelenini sepeläpdir. Sözünde tapylmaýan ähtiýalandan ägä bolmaly, indikide olar ýaly bilen hä-hüm alyşmaly däl» diýen netijä gelip, Döwrany ýatdan çykarmaga çalyşdy. Näçe ýatlamajak bolsa-da, ol göz öňünde janlandy durdy. Döwran bolsa, çölde goýun bakyp, oba gelmäge wagt tapmaýardy. Şol günleriň birinde häh diýen ýaly, Hakberdi agalara sawçy geldi. Gelenleriň baý maşgaladandygyna göwni hoş bolan Bosdan daýza iki bolup bilmedi. Ol eýýäm kiçi ogly Berdimyrady öýlendi hasap edýärdi. Hakberdi aga-da, Bosdan daýza-da soň habar tutuň diýmezden, sawçylyga gelenler bilen razylaşdylar. Olar bilen «Bereli», «Alaly» diýlip, ähdi-wepa edilensoň, haçan dokuzyny getirmeli, haçan duz alyşmaly, barysy bir ýere birikdirildi. Içdäsi sap Bosdan galyňyň, serpaýyň az küjüne kanagat etjek däldi. Kümüş ata-enesiniň gelenleri şadyýan kabul edip, hormatlap ugradanlaryny görende, «Janym Döwran salam ugradýar öýdýän, ondan habar ýok diýsem-de, toýuň ugrunda ýaly bu oglan» diýip begendi. Gelenleriň kimdigini enesinden soramaga dili ysmady, ejap etdi. Kümüş sabyrsyzlyk bilen gowulyga garaşdy. Emma onuň eden çaky çykmady. Giçlik saçak başynda gürrüň gozgalar diýen umyt bilen, Kümüş gulagyny ýapyrdyp, näçe diňlese-de, gudaçylyga gelenler barada kelam agyz gürrüň bolmady. Haçanda gelni, agtyklary bilen Hakberdi aga-da ýatýan tamyna gidende, çolaklyk aralaşdy. Şonda enesi gyzyna ogrynça bir zady buşlaýan ýaly: «Şu gün seni sorap sawçy geldi, Gurbanguly baýyň iberen adamlary, gyzym, bagtly ekeniň, el ýetirip bolmajak şahanyň özi eglip, öňümizde dursa nätjek» diýip gyzynyň ýüzüne bakdy. Emma ol gyzynyň ýüzünde şatlyk alamatyny görmäge derek, ünji, gam-gussa, myssaryş gördi. «Gyzym, näme boldy, ýüzüň soluk-la, sen şatlanmaga derek gamlanýarsyň. Beýtme, olara barsaň, yssy suwa eliňi urmarsyň, çoryň bolar, hemme zat açsaň aýaňda, ýumsaň, ýumrugyňda bolar. Baran günüňden başlap, ojagyň eýesi bolarsyň, baýyň ýeke ogly bar, geljek seniňki. Göwün synsa seýik tutmaz diýseler-de, enesi gyzynyň synan göwnüni deliller bilen seýklemek isledi. Ol «Gyzyň ýigreneni sawçy, keýigiň ýigreneni awçy» diýenleri, Kümüş enesine ýalbarmaga durdy. Ene men şu öýden hiç ýere gitjek däl, meni durmuşa çykarmaň, ýalbarýaryn, jan ene, meni şol toýdan halas ediň. Bu ýalbaryşyň aňyrsy bolsa, size eýýäm belli. «Eý-waýeý, agzyňdan al alsyn, nämeler şarmalap dursuň, ýene ataň eşidäýmesin, sen näme depäňe gonan bagt guşuny ürküzjek borýarmyň?» diýip çygylyp geplände enesiniň boýun damarlary tar-tar boldy. Soň ol: «Bes et, gyzym, gyz maşgala kişiniňki bolar, gözýaş etmek aýypdyr» diýdi-de ýatmak bilen boldy. Kümüş uzyn gije uklamady, daňdanlar çalaja irkilip, bulam-bujar düýş görüp, tisginip ýerinden turdy. Şol wagt azançy irki namazyň azanyna gygyrýardy. Enesi turýança ol atasynyň täret suwuny taýýarlady. Soň ol içeri-daşaryny syrdy. Çaý çörek iýip-içmän, öz işi bilen boldy. HALLY MAMANYŇ MÜŇKÜRLIGI Gurbanguly baýyň iberen sawçylary gowy habar bilen gaýdyp gelensoň, toý ugrundaky hysyrdyly işler başlandy. Duz alşyp, bermeli galyňyň mukdary belli bolansoň, gyzyň dokuzyny eltmek Hally mamanyň baştutanlygynda amala aşdy. Sähetli günleriň birinde gyzyň galyňyny getirdiler. Getirlen halatdyr kümüş şaý-sepleri, ýekän-ýekän gözden geçiren Bosdanyň ýaş gelni gaýynyna «Daýza, barysy ýerbe-ýer» diýen äheňde onuň ýzüne seredip, baş atdy. Şondan soň getirilen zatlary Kümüşiň oturan tamyna äkitdiler. Ol ýerde onuň joralary dokuzy ýene bir ýola elden geçirdiler. Bosdan daýza saçak ýazyp, gelenleriň öňüne nan-çaý goýdy. Çäýnegi öňüne alan Hally mama gelin boljak gyzy synlajakdygyny Bosdana mälim etdi. Bosdan gelnine üm bilen Kümüşi getir diýip, onuň oturan tamyny görkezdi. Köp eglenmän, gelin boljak gyz bir elinde çäýnek, eýleki elinde iki-üç sany käse tutup içeri girdi. Şol pursatda Hally mamanyň gözleri öz gyzyny giren ýaly, giňden açyldy. Dili tutulyp göwresi bilen sandyrady, meňzi agdy. Maňa diňe: «Eý, Allahym, bu ne gudrat, gyzym täzeden dünýä indimi?!» diýip gygyrdy. Hally mamanyň bu bolşuna saklanyp bilmän «Waý, size näme boldy?» diýip onuň ýüzüni ýelpäp başlady. Mama bilen gelen gelinleriň birisi tizden suw getirdi. Mamanyň ýüzüne suw sepelänsoň, mama özüne geldi. Öýdäkiler içinden kakyn-silkini bar bolmaly mamanyň diýip oýlandylar. Hally mama özüne gelensoň, haşlap dem aldy. Içinden bolsa öz agtygym, öz gyzym diýip oýlandy, ýöne sesini çykarmady. Bu ahwalata ynanjagyny- ynanmajagyny bilmedi. «Har bakan har tanar, zergär zer tanar» diýenleri. Şu gyzda hut özüniň çygylyp çykaran gyzynyň suratyny gördi. Mama «Syr saklamaýan ýürekden haýyr ýokdyr» diýen nakyly ýatlap, bu syry hiç kime duýdurmady. Ol gije-gündiz görenini hesret edip, ýatyp bilmedi. Gyzyň içinden uzyn boýy, pyýala ýaly uly, balkyldap duran gara gözleri, gür gara gaşlary, Aý ýaly tegelenip duran ýüzi, ýaňagyndaky haly, gülende çekgesindäki oýulan çukurjyklar ony uklamaga goýmaýardy. Ertesi dürli bahana tapyp, gyzyň enesi Bosdanyň ýanyna bardy. Ilki halydan, keçeden soňra tutulýan toýdan ony-muny soran bolup, ahyry osmakladyp gyzynyň ne enesine, ne-de atasyna meňzeýändigini daşrakdan aýlap, olaryň ýedi arkasynda şeýle owadan maşgalanyň bolmandygyny ündedi. Mama näçe änigine-şänigine ýetjek bolsa-da, Bosdan daýza oňa içini dökmedi. Hally mama Bosdandan özüni gyzyklandyrýan habar eşitmejegine gözi ýetensoň, şu hojalygyň nireden, näme üçin, özleri lammaly bolup, öz tiresini, garyndaşlaryny taşlap, Şoraryga göçüp gelendiklerini anyklamagyň ugruna çykdy. Mama «Ýoda yzarlasaň, ýola elter, ýol yzarlasaň, ile elter» diýipdirler, hany bularyň göçüp gelişleriniň sebäplerini yzarlap göreli, ahyr bir kenara elter. Onuň üçin gyz bilen gürrüňdeş bolar ýaly, özi barabar gyz tapmaly. Sebäbi her ýurduň tilkisini öz ýurdunyň tazysy bilen awlamaly, diýip pikirlendi, ah-wahlap näme ederini bilmedi. Ahyry öz tiresinden Merdanyň dilewarja gyzy Ýaňyldyny ulanmagy maksat etdi. Mama oňa «Ýaňyldym janym, sen şol hojalykda meniň gulagym hem gözüm bolmaly, bar gören- eşidenleriňi eke-tikesini sypdyrman, maňa aýdarsyň» diýip, ony laý eýlän ýaly gowuja eýledi. Gyza bir köýneldik ýaşyl keteni berjekdigini wada berdi. Ýaňyldy tiz wagtda Kümüşiň ýakyn joralarynyň birine öwrüldi. Şeýle-de bolsa Ýaňyldynyň getirýän täzelikleri Hally mamany kanagatlandyrmady. Mama göwrümi has uly täzelige garaşýardy. Toýuň möhleti ýakynlapdy, gyz gerege, tiz gerek diýenleri ýaly, Garajyklaryň öz gysdagy özündedi. Eýýäm eltilmeli serpaýlar, mallar, dokuzy-da eltilipdi. Gyzyň galyňy kesgitlenip, duz alşylypdy. Sähetli gün anyklansa, toý tutuljak gün belli boljakdy. Sähedi anyklamak üçin molla çagyrdylar. Molla toý tutuljak aýy anyklandan soň «Boljak, mizan aýy toý tutmak üçin iň amatly aý. Gije hem gündiziň güýzki deňlenmesi mizanda bolýar. Mizan arap dilinde «Terezi» diýmekdir». Soňam «Üç ýyldyzda tün sowar (Gije), ýaldyrakda gün» diýen nakylam bar. Şol wagtlar Günüň bady gaýdyp, howa gowulaşýar, yssy peselýär. Mizanyň ahyrky hepdesiniň 1-2-3-nji günleri alnyňyz açyk diýenden soň, üçinji güni toý diýip yglan etdiler. Hally mama bu habara näme üçindir begenmedi, gaýtam sussy peseldi. Ol çykmadyk jandan umyt bar, entek toýa bir hepde bar diýip rahatlandy. Bisabyrlynyň işi ýiter, sabyrlynyň işi biter, diýen pähimem bar. Hany, sabyrly bol, belki meniň işim biter. Ýaňyldynyň berýän gürrüňüne görä, Kümüş toýuna sowuk-sala garaýarmyş, ýaramaz düýş görýändigi barada joralaryna gürrüň berýärmiş. Onuň tersrne Kümüşiň enesi gyzynyň baý maşgala çykjakdygyna begenip, iki bolup bilmeýärmiş. Ol gyzynyň galyňyna kiçi oglumy öýererin diýip pikir ýöredýärmiş. «Baýlar bilen guda bolmagam, il içinde uly abraý» diýýärmiş. Kümüş joralary bilen özüne beriljek düşek-ýorgandyr ýassyklary gaplap otyrka Bekewül gyşlagyndan daýzalaryna görme-görşe gelen, bir wagtky «Tapyndy» diýip özüne at dakan Näzik içeri girdi. Hemmeler gülümsiräp duran, garaýagyz, gara gözleri oýnap duran, inçesagt gyza seretdiler. Ne Kümüş, ne-de onuň joralary bu gyzy tanady. Esli wagt dik duran Kümüşe seredip onuň ýaňagyndaky gara gözi düşen Näzik öňe gadam urdy, baryp Kümüşi garsa gujaklady. Ol: «Wah, «Tapyndym» nirelerde saňa duşdum» diýip gözüne ýaş aýlady. Näzik bu sözi bimahal aýdandygyny duýup, içinden: «Men nätdim-ä, tapyndy diýmeli däldim. Eý, toba dilden sypan gelşiksiz söz, elden sypan guş ýaly bolýar, ony näme tutup bolýarmy, indi alaç näme?» diýip oýlandy. Soň ony başga gepe sowup ýuwmarlady. Kümüş mölterip pyýala ýaly gözlerini tegeläp, bu gyza seredýärdi. Ol entegem gelen myhmany tananokdy. Kümuşiň joralary-da edip oturan işlerini goýup, haýran galmak bilen gujaklaşyp duran iki gyza seredýärdiler. Ahyry Näzik: «Men Näzik, Baba Juwazmanyň gyzy, öňki goňşyň Mergen baýlaryň gyşlagyndan, indi oňa Bekewül gyşlag diýýärler» diýip Kümüşiň ýüzüne seretdi. Kümüş bir salym durup, ony ýene synlady. Soň: «Sen Selbi daýzanyň gyzy Näzik» diýip, ýene myhmany gujaklady. Bular aglaşa-aglaşa bir-birini tanadylar. Näzik oturanlara daýzasynyňka görme-görşe gelendigini, özüniň tiz göçýändigini habar berdi. Seniň toý tutýandygyňy daýzamdan eşitdim. Toýuň mübärek bolsun, toýlar toýa ulaşsyn, bagtly bol, Kümüş!» diýip, ony ýene gujaklady. Soň ol «Eneň nirede, ony görmedim-le» diýip, Bosdany sorady. Enem dagy bir topar daýza bolup, bugdaý üwemäge gitdiler, toýuň ugrunda ahyry. «Ol gowy zat, haýsy toýam bolsa, ol şatlykly-gülküli, aýdym-sazly oýunlary özünde jemleýär, oňa gelesi zat barmy?» diýip Näzik güldi. Kümüş Näzigi öz toýuna, Näzigem Kümüşi oz toýuna çagyrdy. Kümüş Näzigiň toýuny gutlady. Şondan soň Näzik özüniň gysdanýandygynyб toýa gatnaşyp bilmejegiтш aýdyp, ötünç sorapб daýzalaryna ugrady. Kümüş ony ep-esli ýere ugratdy. Näzik oňa: «Uzadandan ýoldaş bolmaz, galyber, Kümüş» diýip onuň bilen hoşlaşdy. Kümüş Näzigi ugradyp içeri girdi, şonda gyzlaryň biri ýaňky gyzyň «Tapyndym» diýmesi näme?» diýip Kümüşiň ýüzüne çiňňerildi. Kümüş güldi-de: «Dänesiz ot bolmaz, manysyz gep» — diýipdirler, «Tapyndynyňam» manysy bardyr, joralar». «Eýle bolsa, onuň manysyny bizem eşideli, hany düşündir, Kümüş» diýip, onuň elem-tasyny çykardylar. Bu sözi biz Mergen baýyň gyşlagynda ýaşaýarkak joralarym tapdy. Olar maňa «Tapyndy» diýip at dakardylar. Men aglap atam-eneme aýdardym, olar bolsa «Kim aýtsa, ýalan aýdypdyr» diýip, meni köşeşdirerdiler. Goňşymyzyň gyzy: «Seni çölden ölenleriň arasyndan tapandyrlar, Hakberdi aga bilen Bosdan daýza seniň hakyky ata-eneň däl» diýerdi. Ýöne men o1 geplere ynanmazdym. Çöldenem bir çaga tapylarmy, dogry gerek, joralarym» diýip gepini joralaryna tassyklatdy. Bu gepe joralary dogry diýdiler. Şonuň bilen «Tapyndy» baradaky gürrüň tamam boldy, her kim öz işi bilen boldy. Tiken işlerini bu günlükçe ara-tara edip, gyzlar öýli-öýüne dargady. Ýaňyldy Kümüşlerde bolan gürrüňi Hally mama ýetirmek üçin bu günem bir ylgawyna olara bardy. Haçanda Ýaňyldy gürrüňini tamamlanda Hally mamanyň dodaklary lypyrdap agardy, elleri titräp aýaklary duşalana döndi. Ol garga ýöreýiş edip, loňkuldap zordan sandygynyň ýanyna bardy. Saç bagyna dakylan açar bilen sandygynyň gulpuny açdy, sandykdan bukjasyny çykardy. Bukjadan dört eplengi sekiz gary (Uzynlyk ölçegi 90 santimetre deň ýa-da ýarym gulaç) ýaşyl ketenini Ýaňyldynyň eline berdi. Bu seniň serpaýyň, ýöne hiç kime aýtma, bukjaňa sal-da goýaý, sebäbini soň aýdaryn. Bu bolýan işe haýran galan Ýaňyldy serpaýyny goltugyna gysdyryp, gitmek bilen boldy. Ýaňyldy öýden çykandan Hally mama uff edip aşak oturdy, ony şagga sowuk der basdy, ýüregi bulandy. Ol «Eý, Hudaý-eý!» diýip gyşardy. Şol ýatyşyna «Alla jan, sabyr et, panyda abraý, bakyda iman ber, Kümüşiň kimdigini anyklaýançam amanadymy alma:syn, özüň kömek et!» diýip, Hudaýa ýalbardy. Segsen ýaşy aňyrsyna atan bu garry, entekler garrylyga gol berer ýaly däldi. Bili bükülip, eline hasa-da almandy, gözleri çökmändi, ýüzüniň gyzyly solmandy. Şol sebäplere görä, oňa garsak mama diýerdiler. Mama az wagtdan gowulaşyp, aýak üstüne galdy. Işikden çykanda basaga sürçüp tasdan ýykylypdy. Ol bu bolşuny özüne ýaramsyzlyk bilmän, giýewsiniň ýanyna bardy. Irden bäri görüşmänsoň, Taňry salamyny alyşdylar. Gurbanguly ýaňyja çaýly çäýnegi öňüne alypdy. Ol özüne-de, gaýyn enesine-de çaý guýup, mama bir käse çaý berdi. Gaýyn enesiniň ýüz-gözi gyzzyrma keselliniňki ýaly, saralypdyr. Bu ýagdaýy gören Gurbanguly «Gaýyn, näme boldy, kesellediňmi, ýüz-gözüň reňki saralypdyr». «Saralmaga mejbur edýän hadysa bar, giýew. Dek şu güne çenli bu ýagdaýy içime salyp gezdim. Sebäbi birden bolmajak, näjaý söz diýäýmäýin, o-da çermenip syçan ýaly bolar. Dilden sypan soň yzyna ýuwdubam bolanýok. Şonuň üçin şu güne çenli çydadym. Indi gulak goý: «Bedew jul içinde, göwher kül içinde belli» diýipdirler, ýöne, adam öz bolşy bilen belli. Meniň diýjek bolýanym biziň toý tutup aljak bolýan gyzymyz, seniň hut öz gyzyňa meňzeýär. Men Kümüşiň syratynda çygylyp çykaran öz gyzymyň suratyny görýärin. Bu gyz meniň agtygym, seniň bolsa, gyzyň. Ol jul içinde-de däl, kül içinde-de däl, görnüşi bilen belli, hut agtygymyň özi. Bu gepe agyzlaryny açyp, gatap galan Gurbanguly bilen gelni Gunça bir-biriniň ýüzüne seredip, ýakasyna tüýkürmäge başladylar. Hally mama däliräpdir, akly ýeňläpdir diýen netijä geldiler. Mama bularyň edýän pikirine düşünip, delil getirdi. Men entek däliremedim, ýaňyja meniň Bosdanlara iberen gyzym Ýaňyldy Kümüşe tapyndy diýilýänini eşidipdir. Kümüşiň özi-de «Ýaşlygyňda seni çölden ölenleriň arasynda bäbek wagtyň tapypdyrlar» diýseler, oňa ynanmandyr. Kümüşiň ýyly ýylan. Siziňkiler ugranda Hally (Kümüş) alty aýlyk bäbekdi, ol häzir on ýedi ýaşynda ynanmasaňyz hasaplap görüň. Bu ahwalata Gurbangulynyň gözleri giňden açylyp, tasdan hanasyndan çykypdy. Haşlap dem aldy. Soň ol: «Bolmajak zat, siz, gaýyn, ýok zatlary samrap dursuňyz, ýa-da toýy bulaşdyrjak bolýarsyňyzmy, bu gürrüňi ýene hiç ýerde aýdaýmaň» diýip gaýyn enesine azgyryldy. Gunça-da oturyp bilmän: «Görýän weli, atasy, siziň diýýäniňiz bir çeti bar. Arada duz alşylanda Hally daýza: «Bu işleriň ahyry gelsin» diýip öz-özi bilen gepleşenini men eşitdim. Men şonda näme, biziň toý tutjagymyza ynanmaýarmy bu diýip oýlandym. «Siz näme diýseňiz diýiň, zyýany ýok, ýöne meniň bir aýtjak gepim bar. Gurbanguly, sen gyzyň atasy bilen gepleş. Dependen gyzy çölden tapdyňmy diýmän, ýumagy ýuwaşjadan çöşleseň, belli bolar. Olaryň biziň gyşlagymyza näme sebäpden göçüp gelendiklerini, näme üçin Lammalylaryň arasyndan, kowum-garyndaşlaryny taşlap, biziň aramyza düşendigini bil. Belki birine zeper ýetirendir, hun bergisi bar bolmagy-da ahmal. Şu işleri anyklaman, gyzy öz dulumyza geçirsek, erteki günem üsti açylyp, meniň çakym dogry çyksa, biz utanjymyza ýere girmeli bolarys. «Ýedi ýaşly aty sygyryp suwa ýakma» diýipdirler, sen indi dört-bäş çaganyň atasy, ullakan hojalygyň ýolbaşçysy, pikirlen-de meseläni çöz. Yslam dininiň kada-kanuny olar ýaly barlyşygy ret edýär. Şonuň üçin sen gaharlanma-da rahatlan. Has beteri olardan önen nebereleriň synasy sagat bolmaz. Men Döwletgeldini öz gyzymdan bolan agtygym ýaly görýärin. Onuň bagtly durmuşda ýaşamagyny isleýärin» diýip mama jowranmaga başlady. Bu bolan gürrüňden soň Gurbanguly pikir derýasyna gark bolup, näme diýjegini bilmän, hük bolup oturdy. Bu bolan kelle döwmeli gürrüňe Gurbanguly bir oturdy, bir turdy. Gunçanyň mydyrdap orta sokulmasy onuň depe saçyny syh-syh galdyrdy. Soň ol goý-how-w, keýigim, senem müweç ber diýseň, ökde, bar diýenleriň it otlan ýaly, goý indi zakyrdyňy, gulaklarymy kamata getirdiň» diýen gatyrganmasyna Gunça ýerinden bat bilen turup, tasanyp daşary çykdy. Şondan soň öýde Hally mama bilen Gurbanguly galdy. Öýe az wagtlyk ümsümlik aralaşdy. Ümsümligi ýene mama bozdy. Giýew «Ir günüňi giç etmän, Hakberdi bilen gepleş, erte biz gyzy alyp gaýtmaly, gaşanara wagt ýok, işimiz örän howatyrly» diýip ýeňi bilen derini syrdy. Şondan soň Gurbanguly gyzyň atasy bilen gepleşmegi ýüregine düwdi. Ol köp oýlandy, birden, Hallynyň çaky, aýdany hakykat bolsa, menem çaklama esasynda gep gorjasam, ol nähili bolar, öz-ä ýüňsakgal etmese ýagşy» diýip ikirjeňlendi. Ahyry soramaly diýen netijä geldi. Irden Hakberdi agalarda ojaklara gazan atarlyp, soýlan goýunlaryň etleri gazana salyndy. Birsalymda toýa kömekleşýänler, goňşudyr garyndaşlar, Kümüşiň joralary gelip, mähelle bary üýşdi. Gurbanguly daň atýança hesret edip, kirpikli gözüni ýummady. Taret edip namazyny okaýança toýa taýýarlyk işleri başlandy. Gurbanguly baý «Hiçden giç ýagşy» diýdi-de, öz inisini Hakberdi agalara iberdi. Bar-da gudadan meniň ýanyma gelip gitmegini haýyş et, ýagdaýy bolsa, eglenmän gelsin. Aşyr habarçy bolup ugranda bir täzeligiň bardygyny çak etdi. Agasynyň gidişiňden gelşiň tiz bolsun diýeni ony has-da aljyratdy. Ýok zady göwnüne getirdi, içinden eýgilik bolawersin diýdi. Hakberdi agany yzyna tirkäp, içeri girdi-de Aşyr: «Men zerur bolmasam, aşpezleriň ýanyna barjak» diýip daşary çykdy. Gurbanguly salam berdi, Hakberdi çopan salamyny aldy. Soňra baý öz gapdalynda çopana ýer görkezdi. Şol wagt salam berip, Hally mama bilen Gunça içeri girdi. Olar ötünç sorap, biwagt gelendiklerini aýdanda, Gurbanguly baý «Sizden gizlin gürrüňimiz ýok» diýdi-de, olaryň oturmagyny sorady. Şondan soň Gurbanguly «Dogry sözli dokuz obadan kowlar diýipdirler». Kowsalaram dogrulap aýtmaly bir söz bar. Sizem Hakberdi aga, melal almaň. Şu ýerde bir düşnüksiz zat bar, o-da «Tapyndy» diýlen söz. Şu sözüň anygyna ýetmekçi, mümkin bolsa, şol barada düşündirseňiz. Ol ugramaky ýerden aýdylan söz bolmaly däl diýenden» Hakberdi aganyň ýüzi gyzaryp, murtlary sandyrady. Ol goltugyndan ýaglygyny çykaryp, derini syrdy. Soň ol: «Ýamana ýanaşma, ýarasy ýokar, gazana ýanaşsaň, garasy» diýen nakyl bar. Biziň ýanaşyp oturan goňşularymyz Kümüşe «Tapyndy» diýip at dakdylar. Soňy bilen Kümüşe şu adyň galmagyndan heder edip, öz tirämi, dogan-garyndaşlary taşlap, şu gyşlaga göçüp geldim. «Tapyndy» sözi size-de mälim bolsa, onuň näme sebäpden döränini aýtmaly bolar. Bize-de geregi şol, aýdyp oturyň, Hakberdi aga!». «Bolar, inim Gurbanguly, öňi-soňy aýdyp bermeli bolsa, aýdaýyn. Hawa, ol kysymy heläkçiligi Alla jan ynsan başyna salmasyn. Görenlerimi aýt diýseňiz aýdaryn welin, oňa gurbum çatmajak ýaly, diňleýäniňem takaty ýetmez. Çünki bu örän gamly-gaýgyly waka, kim bolsa-da tolgundyrar, halyny perişan eder» diýip Hakberdi aga dymdy. «Näme bolsa-da, aýdyp oturyň, çydamaly bolarys» diýlensoň, Hakberdi çopan bolan wakany beýan etmäge başlady. «Bu waka ynkylapdan soň, orsdan gaçyp göçhä-göçlügiň möwç urýan wagtlary bolupdy. Men Mergen baýyň çopanydym. Baý Owgana göçmeli boldy, bizem özi bilen alyp gaýtdy. Men baş çopan bolamsoň, hasratly günlerde biz orsuň serhet sakçylaryndan ätiýaç edip, sürüleri göni sürmän, belediň maslahaty boýunça birnäçe guýudyr sardobalary aýlanyp geçdik. Köplenç gije sürdük. Mergen togsabaýyň hakyna tutan penakärleri gündiz sürmegi talap etse-de, belet ylalaşmady. Soň bir gije sürä möjek darap, ep-esli goýnumyzy parçalady. Şondan soň biz gündiz sürmäge mejbur bolduk. Ertesi irden goýunlary sürüp barýarkak, sesýetim gapdalda, uly depäniň aňyrsynda gara guşlaryň çarh urup, aýlanýanyny gördük. Soň men möjekleriň agşam bölüp alan dört-bäş goýnuny şu ýere getirip iýendir diýen tama bilen sürüleri şol tarapa sürmegi tabşyryp, özüm eşekli maslykçy ýyrtyjylara tarap bardym. Görsem, çukur oýda erkekdir aýallar, çagalar, atdyr eşekler ölüp ýatyr. Ol ýerde diri galan diňe düýeler eken. Itler ylgaşyp gelensoň, maslykçy pelekätler awlaryny taşlap uçmaga başladylar. Onýança bizi goraýan atlylar-da gelip ýetdi. Adamlar eýýäm çişip, käbiri yslanypdyr. Eşekler bilen atlardan diňe kelle bilen süňki galypdyr. Biz maslahatlaşyp, öňi bilen düýeleri boşatmaga başladyk. Düýeleri özümiz bilen alyp gitsek, bardy-geldi olary tanasalar, ölenleriň hununy bizden alarlar diýip çak etdik. Şondan soň çäge bilen teýim edip, ölenlere jynaza okadyk. Jynazasyny penakärlerden biri okady. Jynaza on iki adam bolup durduk. Soň ahyr burnumyzy sarap, ölenleri gömüp ugradyk. Ol ýerden öňem çeşme gazyp, suw taparys diýen umyt bilen çukur gazan bolmaga çemeli, emma ondan suw çykmandyr. Soň biz şol çukura erkekleri gapladyk, gömdük. Aýal oglan-uşaklary ikiden-ýekeden çukur gazyp, depin etdik. Şol hasyrdyly wagtda entek gowy çişip ýetişmedik bir zenanyň goýnundan men ony çukura togalajak wagtym çalaja iňleýän janly bäbek bir gapdala düşdi. Biz bu ahwalata haýran galyp, birsalym durduk. Men çagany göterip, gapdalda duran eşegimiň horjundan meşigi çykaryp, ýaglygymy suwa ezip çaganyň agzyna damja bilen damdyrdym. Çagajyk işdämenlik bilen suwy ýuwutdy. Soň biz çaganyň götlügini täzeledik, görsek, bu çagajyk gyz eken. Ony tä Owgana aşyrýanjak gaýnag suw hem geçi süýdüni berdik. Bu gyzjagaz megerem enesini emip, ölmän galana meňzeş. Ölenleriň zat-garasyna el urmadyk, diňe gatyguýruklaryň paýlaşmaga başlan bir ganar gatyrlan süýtli külçesini (süýtli çörek) syçanlara bermän özümize aldyk. Goý, bu çörekler şehitleriň üçi, ýedisi, kyrky hem ýyly bolsun diýdik. Ölenleriň goşunda agaç ussasynyň, demir ussasynyň ýasan dokma gurallary bar eken. Näçe aýal, näçe çaga, näçe erkek bardygyny sanadyk, ýöne bularyň niredendigini anyklap bilmedik. Diňe köpi gören belet, bular megerem Gurama Mergenliniň adamlary bolmaly, aýallaryň bogmagy hem oranýan esgisi şolara meňzeş. Bular azaşan bolmaga çemeli diýip çak etdi. Soň biz kyn-aňsat gaýnak suw, geçi süýdüni berip, bu bäbegi Owganystanda ýaşajak gyşlagymyza aşyrdyk. Baý agamyz ähli tirämiz bilen bizden öň baryp ýerleşipdi. Biz sag-salamat aşandan soň, bu gyz bäbegi nätmeli diýen sorag ýüze çykdy. Şonda Mergen baý: «Çagany ilki ýerden göteren kim?» diýip sorady. Çagany ilki ýerden men göterdim. «Onda şu gyz bäbejik seniňki bolmaly, «Tapyndyňyň» ömri uzak, bagtly çaga bolsun» diýip maňa pata berdi. Men bäbegi göterip, öýe bardym. Ilki keýwanym bu habara göwniýetmezçilik bilen sowuk-sala garady. Soň welin, bagryna basyp şatlandy, gyzym diýip, oňa molla azan aýtdyryp Kümüş diýip at goýdy. Kümüş sagat ösdi, ulaldy, kesellemedi. II arasynda, elbetde, gyzjagazyň ady «Tapyndy» boldy. Käbir heleýler tapyndy diýseň aýnja, saňa muny Alla aýny wagtynda berdi, uzak bersin diýip, soň bolsa hyşyda-wyşy bolşup gybat ederdiler. Onuň tersine akly ýerinde bolan adamlar «Altyn alma, alkyş al» diýýärdiler. Men bu gyzjagazy edil özümden bolan ýaly gördüm. Keýwanym işine ýetişmedik wagty sallançagyny köp üwredim. Biziň çildeş goňşymyz bardy, adyna Ýazberdi lakgy diýerdiler. Lakgy diýseň lakgydy, öýünde oglan-uşaklary tarapyndan sylanmaýardy. Ata-enäniň diýenini etmeýän, olara hormat goýmaýan, ogul doulandan dogulmadygy ýeg diýenleri ýaly, şol dogulman geçenler asla ata-enesini hormat etjeklerden däl. Ine, şol goňşymyň ogul-gyzlary mydama Kümüşe sen çölden tapylan tapyndy, bular seniň ataň-eneň däl diýip azar bererdiler. Kümüş mydama aglap gelerdi, «Tapyndy» näme diýip sorardy. Onuň üstesine lakgynyň kempiri haçan görseň, timisgenip, ýal gözleýän ganjyk ýaly, öýden-öýe girip gybat baryny ederdi. Bize dagy gelse, lellerip bir ýaňasy bolardy. Duzluja dili bilen Bosdany çürkärdi. «Aýal garrasa, görki gider, erkek garrasa, erki gider» diýenleri çyn eken. Bu zenanyň ýüzüni babaly görsün diýmekden başga çäre ýokdy. Erkekde-hä öňem erk ýok, diýenini hiç wagt etdirip bilmän panydan baka göç eýledi. «Ýer alma, goňşy al» diýipdirler, bize duşan goňşy-da şeýleräk. «Dagy daşy ýer bozar, il arasyny dil bozar» diýen nakylam bar. Garaz il-günüň dili bizi şol mekanda gyşlamaga goýmady. Dogrusy, ýerim, howlym, bagym-da bardy, şolaryň hemmesinden geçmeli boldum. Men diňe gije-gündiz Kümüşi «Tapyndy» diýen atdan azat etmegiň ýollaryny agtardym. Ahyry köp oý-pikirlerden soň, Mergen baýyň ýanyna baryp, içimi dökmegi dogry bildim. Öňem biri: «Inim, düýäniň guýrugyny bölekläp çapandan, baryny birden çapsaň gowy bolar» diýipdir. Menem ýagdaýy dogurlap aýdaýyn diýdim. Soň sähetli günleriň birinde, günortan baý agamyzyňka bardym. Mergen aga meni güler ýüz bilen kabul etdi, öz gapdalyndan ýer görkezdi. Hal-ahwal sorady, ogullarymdan hoşdugyny aýtdy. Soň bir sürä eýeçilik etmegimi ündedi. Baýyň bu gepinden soň, näme diýjegimi bilmän ýuwdunyp oturdym. Sähel wagt geçmänkä el ýuwduryp, bir saçak gatlakly petire ezilen kelle aýagyň çorbasyny getirdiler. Ýarty şöhlat bilen bir bölek bagyr, kelläniň gukaja ýeri meniň paýyma düşdi. Nahara omyn edip, aýat okap, dowarlaryň piri Musa babanyň ruhuna bagş etdik. Soň biz çaý içdik. Sähel dymyşykdan soň, men öz matlabymy baýa beýan etdim. Mergen baý bu habara birsellem gözüni ýumup oýa batdy. Birdenem ukusy gelen adam ýaly, yzly-yzyna pallady. Megerem bular açsam aýamda, ýumsam ýumrugynda diýip pikir ýöretdi öýdýän. Men sabyrlylyk bilen näme diýerkä diýip gyşardym. Ol: «Çopan, seniň näme diýjek bolýanyňy aňşyrmadym. Şet-şet diýme-de, şetdaly diý. Dogurla» diýdi. Dogurlasam baý aga şu gyzy maňa berenem siz, meni ýerli, bagly edenem siz. «Jan berene, jaý ber!» diýipdirler. Indi maňa göçmäge rugsat beriň, sebäbi şu gyza «Tapyndy» diýdirmejek bolup göçjek öz-ä diýdim. Baý ýene dymdy, soň ol: «Uly iliň ýaz gaýgysy, kel gyzyň är gaýgysy» diýilşi ýaly, bar gaýgyň «Tapyndy» diýen sözden gutulmak bolsa, bar göç, göçseň» diýdi. Baýyň bu diýenine iki bolup bilmedim, gerdenimden ýükli halta aýrylan ýaly boldy. Oňa köp sag bol aýdyp öýe bardym. Göçmek meselesini «Ýalaňaja ýaz ýagşy» diýenleri ýaly, ýaz çykaryna garaşdym. Entek Nurly öz gyşlagynyň kethudasy bilen bu möhüm işiň çözgüdini anyklamandy. Biz Nurly bilen ähti-wepa edenimizde, ol öz gyşlagynyň kethudasy bilen men barada gepleşmelidi. Soň ondan wagtynda habar bolmandan soň, duşaýyn diýip ýene bazara bardym. Men ony köp gözledim, ýöne ol maňa dahyl gelmedi. Soň almaly zatlarymy alyp, yza dolandym. Ýary gije öýe gelsem, Nurlynyň özi gelipdir. Ol bir gije myhmanlap, men barada kethuda bilen gepleşendigini, iki tanap ýer berjekdigini aýdyp gyşlagyna gitdi. Men ýaz çykaryna garaşjakdygymy, oňa aýdyp goýberdim. «Ölme, eşegim, ýaz geler» diýenlem ýaly, ýazam geldi. Soň men howlymy, ýerimi degdik bahasyna satyp, ogullarymyň işhakyny baý agamdan alyp, Şoraryga göçüp geldim. Ine, bar bolan ýagdaýa şeýleräk, inim Gurbanguly, soňky wakalar bolsa sizlere belli. Hakberdi aga bolan hem görenlerini aýdyp bolýança, Gurbanguly suwa daş gaçan ýaly, gorjanman, ümsüm ýerinde oturdy. Ondan ne ses çykdy, ne-de seza. Onuň tersine Hally mama bu gürrüňlere içine büre giren ýaly, gorsanyp oturyp bilmedi. Kä halatda «Aýtmadymmy?» diýýän äheňde süýem barmagyny çommaldýardy. Gunça bolsa, bularyň ikisine-de meňzemän, göwrümini giň tutup, çopanyň başdan geçirenlerini arkaýynlyk bilen diňleýärdi. Esli wagt dowam eden dymşygy ýene Hally mama bozdy. Indi Gurbanguly, sen aýt. Siziň maşgalaňyz haçan, kim tarapyndan şehit boldy? Bolar, men bolan wakany gysgaça aýdaýyn, soň Hakberdi aga, özüňiz netije çykararsyňyz. «Sen, Gurbanguly, bir zat diýjek bolýarsyň welin, men heniz hiç zada düşünmeýärin». «Düşünmeseňiz, düşünersiňiz. Biraz tagapyl ediň!» diýip, Gurbanguly bu ahwalaty gürrüň bermäge başlady. «Biz agam dagydan Owganystana dört aý öň gaýtdyk, sebäbi Owgan hökümedinden alan öri meýdanymyzda guýy gazmak işi doly gutarmandy. Mallarmyzy sag-salamat aşyrdyk, guýy gazmak işi-de tamamlandy. Şondan soň işlerimiz birýüzli boldy. Jöwzada (Maýda) agam daga habar iberdik. Olar seretan (Iýun) aýynda ýola ugrapdyrlar. Wepa diýen zandyýaman näkesiň toruna çolaşyp, gumda suwsuzlykdan heläk bolupdyrlar. Biz Owgana ugranda meniň gyzym deluw (Ýanwar) aýynyň başynda dünýä inipdi. Onuň adyna namasynyň ady ýitmesin diýip, Hally goýupdylar. Siziň berýän gürrüňiňize görä, ölenleriň dört sanysy ýaşy bir çene baran erkek adamlar. Galanlary on ýedi sany erkek göbekli, ýaşy çak bilen ikiden on ýedä çenli bolan çagalar. Uly aýallar dokuz, şolaryň biri agamyň gaýyn enesi, galanlary ýaş gyzlary. Diýmek, siziň depin eden adamlaryňyzyň sany biziň maşgalamyzyň sanyna dogry gelýär. Düýe, at, eşek, ussaçylyk gurallaryny göz öňünde tutsak, siziň iýdirip-içirip, geýdirip ulaldan gyzyňyz hut meniň öz gyzym. Sebäbi şehitleriň arasynda şondan başga ýaş çaga ýok. Soňam Hally (Kümüş) bir almany iki kesende, olaryň meňzeşligi ýaly, enesine meňzeýor. Bu deliller «Tapyndynyň» meniň gyzymdygyny subut edýär. Bu habar Hakberdini bir oturyp, bir turmaga mejbur etdi. | |
|
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Köne mülk -7: romanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -3: romanyň dowamy - 06.07.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -7: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -5: romanyň dowamy - 29.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -19: romanyñ dowamy - 01.11.2024 |
√ Dirilik suwy -18: romanyň dowamy - 18.05.2024 |
√ Duman daganda: Öküziň namardy gassabyň pyçagyny ýalar - 27.05.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Köne mülk -14: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |