16:33 Üç tussagyň ýatlamalary-15/ romanyň dowamy | |
YZ GALMADY
Romanlar
Biz işden gelsek (koloniýada) bendihnada uly özgerişlik bolupdyr. Içeri işler ministirliginden gelen polkownik heleý bendihananyň neçelnigini, onuň ýaranjaň işgärlerini öz işinden uly kemçilik goýbereni üçin aýyplap, işden boşadypdyr. Çaý-nahardan soň Öwezgeldi aga: «Adamlar, meniň ýadyma bir bolan waka düşdi» diýdi. Şonda hemsaýam Merdan aga «Zenan okap kazy bolmaz, köpek ýüwrüp tazy» diýen nakyly ýatlapdy. Ýöne şu nakyl dek şu gün-ä tersine, oňa şu polkownik heleý mysal bolup biler. Şol-a kazylaryňam kazysy, gör, nähili adamlary işden boşadypdyr. Elbetde, ol okap kazy bolandyr». Öwezgeldi aga: «Merdan diýen hemsaýaň näme üçin şol nakyly ýatlady? Belki, nakylyň aňyrsynda bir zatjagaz durandyr?» diýdi. «Dur, Meret jan, dur, men ony aýdyp bereýin, häzirlerem Zyba daýzanyň kemşerip, ýüzüme seredip durany, onuň zaryn ses bilen aglany gulagymda ýaňlanyp dur. Bu waka şunuň ýaly boldy diýp Öwezgeldi aga wakany beýen etmäge durdy: «Ynkylapdan soň şura häkiýmetiniň çykaran kararlary aýal-gyzlara azatlyk, deň hukuklylyk berdi. Şol karara daýanyp, çyzykdan çykan zenanlar köpeldi. Uruşsa-sögüşse, suda berip, aýrylyşmak gerekmi, aý garaz, bolubilenini boldular. Şol wagtlar menem «Şereket» diýen edarada işledim. Meniň hemsaýamyň gyzy diýseň owadandy. Onuň şar gara iki örüm saçlary, keteni köýnegi, adaja galdyrap duran mämeleriniň üstünden aşaklygyna sallanyp, çyrpynyp duran saçy, uçlary bilen her gezek gadam uranda zenanyň göbegine ýelmäp durardy. Ana, bir gün şol gözel gyz betnyşan ýigit bilen gaçsa nätjek: «Sygyr suw dannamaz, heleý är» diýenleri boldy. Eşidenler: «Itiň boýnuna göwher daksaň, item aglar, göwherem» diýişseler» ýene biri: «Näme diýseňem, ol ýigit senden-ä parhlydyr, sakaldaş» diýip, gepiň ugruna Annamyrat aga ýene bolmazyny taşlady. Öwezgeldi aga bir saklanyp durdy-da, «Aýtsaň, aýdyber» diýen äheňde gürrüňini dowam etdi. «Günortan öýe barsam, hemsaýamyň aýaly Zyba daýza ýer ýumruklap, gyzyna gargap otyr: «Eý ärsirän ganjyk, astyň turan bolsa, gijeler ýatman, sallançagyňy üwräp, hüwdülän günlerim gursun!». Zyba daýza ýene-ýeneleri sarnap gygyrdy durdy. «Ors geleli bäri gaçýan gyz ýeke sizde däl, ol köpeldi, siz aglamaň» diýip, töwella etdim. Bir wagtam özüniň erkek kişi: «Keýwany, seni jyn urdumy, sesiň dagy nebela?» diýdi. Keýwanysy: «Atasy, gyz-a gaçypdyr, sandykda bukjasy ýok» diýip, tarsa aşak oturdy. Zyba daýzanyň bu habaryna ökde pitiwa bermän, Merdan aga meni ýanyna çagyrdy. Salam berdim, salamymy aldy, soň ol rejäniň geň däldigini aňdy-da: «Öwezgeldi, hany gelniňem çagyr, hemsaýalardan-da ikisi geldi» diýdi. Soň Merdan aga: «Hany, keýwany, bir düşündir, gepiňi aýyl-saýyl et, möňňürmäňi goý» diýdi. Ýüzi ak tam bolan Zyba daýza hamsyga-hamsyga «Gyz-a gaçypdyr» diýdi, başga ses çykmady. Soň Merdan aga bizi tamyna çagyrdy. Bize ýüzlendi: «Indiki maslahat sizden hemsaýalar» diýdi. Şonda ýaşuly hemsaýa: «Gaçmak häzirler ýeke sizde däl, uly ilde köp, onuň üçin müýnürgäp oturmaň, «Sakawyň soňuny al» diýipdirler. Göreli, gyzyň nirä, kim bilen gaçypdyr, alyp gaçanyň ene-atasy ýyklyma geler, galamasyny soň göribirler» diýip, maslahat berdi. Şol wagt tama giren Zyba daýza ýene küpürsäp başlady. «Är aga, niredenem bolsa, gyzy tap, alyp gaçanyň art başyny endigan et. Şol juwanamerkiň kimdigini anykla, soň onuň bilen özüm hasaplaşaryn» diýip gygyrdy. Sesini goýar ýerde gaýmansoň Merdan aga: «Keýwany, tüket sesiňi, bize päsgel berme» diýse-de, ýene özüniňkini tutup, sesini goýmady. Soň Merdan aga: «Hany, güm bol, şu taýdan» diýip azgyrylandan soň tamdan çykyp gitdi. «Men muňa «Gyzymyzy hat-sowat öwrenmäge mekdebe ibererdim» diýende, «Aýal okap kazy bolmaz, köpek ýüwrüp tazy» diýen nakylyny ýatladym. Meniň diýenim boldy, hat-sowat dälmi şu günlere goýan, hany, görüberdik-de, adamlar» diýip, bize gaýtmaga rugsat berdi. Soňkusy güni men Şuranyň jaýyna gitdim, barsam, Şura başlygy gaýraky obadan Gurban ýetimegiň şu obadan Kümüş diýen gyzy alyp gaçandygyny oturanlara gürrüň berip dur eken. Men olara: «Ol-a meniň hemsaýam (goňşym) Merdan aganyň gyzy» diýdim. Birwagt daşarda boldy bir haýýaletsala, hemmämiz daşary çykdyk. Görsek, öň etegini eline alyp, bogmagyny gyşardyp, uly goh turzup, Zyba daýza ýetip gelýär. Gelenden abşaryp durdy, iki elini bykyna urdy-da, agzyna gelenini sepeledi. Ol: «Ýurdy alahekge soranýok, oba Şurasy bolsaň, gyzymy tapyp berersiň. Ol ýelni kesileni biri aldap alyp gidipdir, onuň kimdigini derrew anyklap ber» diýip, özüniň gorramsy sesi bilen gygyrdy. Şura başlygy: «Hany, daýza, rahatlan, gyzyňyz gaçmaga razy bolupdyr, sebäbi alyp gaçan gaýraky obadan Gurban ýetimek, onda gümmez kepbeden başga berere zady ýok, şonuň üçinem, alyp gaçmaga mejbur bolupdyr» diýip, düşündüriş berdi. Gurban ýetimek gyzy duluna geçirmek üçin paýu-petek ylgandygyny, ýöne golunda berere zadynyň ýokdugyny Şura başlygyna aýdan ekeni. Bu düşündirişmi diýip hemsaýam (goňşym) sesini çykarman, zyrra yzyna dönüp, göterdi ökjäni öýüne tarap. Men öýe baranymda Zyba daýza ýene gargap otyr eken. Indi gyzyna gargaman, oglana gargaýardy. Ol: «Atlary galan ýetimek, seni ýer ýuwutsyn, ýaş oglanyň syrty ýaly etlek ýüzüň çüýresin, poh basan jüýje ýaly, moýmaklap ýöreýşiň gurasyn, öýüň baýguşhana bolsun, läşiň şagallara şam bolsun, ylaýym» diýip gargap otyrdy. Aý geçdi, gün geçdi, bir gün oba şum habar ýaýrady. «Öten gije gaýraky obadan Gurban ýetimek bilen gyzyny Merdan aga paltalap öldüripdir» diýen habar ýyldyrym çaltlygynda gapyma-gapy degip geçdi, bu bolan işe kim «Hakyndan çykypdyr» diýse, kimsi: «Bolmandyr, gaçýan ýeke onuň gyzy däl, häzir uly ilde bar» diýdi. Merdan aga mert durup, OGPU-nyň jaýyna özi bardy. Suduň: «Eden işiňe ökünýärmiň?» diýen soragyna gysgaça: «Ýok» diýip, jogap berdi. Ana, onsoň Merdan aga sud atuw jezasyny berdi. Şondan köp wagt geçmänkä Zyba daýza-da amanadyny tabşyrdy. Bularyň bar guwanyp oturany ýeke gyzy ölüp-ölüp, galany şol bolansoň, sawçylyga gelenlere: «Entek gyzymyz ýaş» diýip yzyna gaýtardylar. Gör, bu ýalançy panyny, ol bendäniň soňuny, ondan yz galmady, sakgaldaş, Zyba daýza diýeniň oglany ýok zada deňäp gargapdyr, ol oglan şolar ýaly betnyşan ekenimi?». «Halk aýtsa, galp aýtmaz» dogrudyr. Aýdyşlaryna görä, öz-ä betnyşan bolmaly, ýöne «Itiň pikiri süňkde, aýalyňky ärde» diýen ýerem bar. Onuňky dag-a hiç, «Müň bir gijäni diňleseň, patyşanyň aý ýaly owadan aýaly patyşa guşa-şikara gidende gara mahluk bilen aýşy-eşretde bolupdyr. Oňa näme diýjek? Garaz, «Çöldäki çopan bilen öýdäki aýala Alla ynsap bersin» diýipdirler. Olardan herki işe garaşybermeli». «Sakgaldaş, göwnüm bolduň, ten dogry aýtdyň, şol işler öz-ä täsin». «Täsin ýeri ýok, şol haramsiýdik heleýlere Alla ynsap bersin, başga dowa ýok, inijigim». «Sakgaldaş, bir zamanlar çoluk bolup işlän döwrümde çopandan eşiden ahwalatym has gyzykly, aýdyp ber diýseňiz, aýdaýyn». Menem soň: «Göwne geldi, bile geldi», aýdyň, Annamyrat aga» diýdim. «Meniň berjek gürrüňim iki sany kärdeş heleýiň öz aralarynda bolan waka. «Oýnaş otdan yssy, sowaşsa pohdan porsy» diýenleri, bu heleýler ärlerinden ogryn oýnaşlary bilen ýatyşlary barada bir-biriniň öňünde öwnüpdirler. Olaryň biri: «Ärim uklasa, öli ýatan ýaly, depseňem oýanmaz, soň menem oýnaşymy çagyryp, arkaýyn ärimiň gapdalynda etjegimi edip otyryn» diýse, ikinjisi: «Ojagazyň dagy nämejik, ärime uçgurymy çözdürip, oýnaşyma bersem, sen näme diýersiň?» diýipdir. Onda birinji zenan: «Goýaweri gyz, ynanjak däl, bolmajak zady aýtma» diýipdir. Ikinji zenan: «Gel, onda bäs (jedel) edeli». «Nämeden ederis bäsi?». «Aý, at-düýe däl, işi amal etsem, sen meniň üç gün işigimi syryp-süpürip berersiň?» diýipdir. «Juda syryp-süpürerin, onuň kyny bolmaz, jora jan». «Onda erte gün ikitel bolanda, sen öýe gel, şonda saňa şol işi görkezeyin» diýipdir. Ertesi günortan ýaňky zenan öz kärdeşiniňkä barypdyr. Barsa, jorasy ojagyny suwan bolup otyrmyş. Jorasy işikden girenden oňa göz gypyp: «Atasy, çaýyň jogaby gyssady, uçgurymy çözüp ber, elim laý» diýipdir. Äri heleýiniň uçguryny çözüp, ujuny agzyna beripdir. Heleýi uçguryny dişläp, jorasy bilen jöwenlige tarap ugrapdyr. Jorasy-da onuň yzyna düşüpdir. Görse, jorasy jöweniň ortasynda oýnaşy bilen gujaklaşyp ýatyrmyş. Soň ikinji zenan, «Oýunçy utulanyny bilse ýagşy» diýen nakyly ýatlap, öýüne tarap gidipdir. Utulan zenan üç gün jorasynyň işigini syryp-süpürip beripdir. Şonda äri: «Seniň ryswadygyňy eşidensoň, Nurgözel jan gapymyzy syryp-süpürüp ýör» diýse, heleýi: «Ol-a uçgurymyň hümmedi üçin işläp ýör» diýip, «ryswa» jak-jaklap gülüpdir. Öwezgeldi aga-da: «Essagpyrylla, essagpyrylla» diýip, ýakasyna tüýkürdi. «Geň-taň görmeli däl, alnyňa geljegi çyn-ow, «Ogluň barka, ogra gülme, gyzyň barka, lola» diýipdirler. Bela-beterinden Alla janyň özi saklasyn». «Öwezgeldi aga, hemme heleý olar ýaly bozuk däl ahyry». «Onyň dogry, ärsiz galanda ýag bolup, ysy çykmaýan heleýlerem bar. Garaz, zamanasy şu bolsa, bozuk zenanlaram tapyljak». «Öwezgeldi aga, diňleseňiz, menem eşiden bir ahwalatymy aýdyp bereýin». «inim, Meret, aýt diňläli». «Gadym zamanlarda bir baýyň üç sany gyzy bolupdyr. Olaryň ulusy göze ilenden sawçylar gelipdir. Haçan-da baýa gudaçylyga gelendiklerini mälim etseler, baý olara: «Gyzym entäk ýaş» diýip, sawçylary gaýtarypdyr. Bu ýagdaý telim ýola gaýtalanypdyr. Şol barmana, gyzyň ýigrimi ýaşy dolupdyr. Günleriň birinde ýene gudaçylyga gelipdirler. Baý bu gezegem: «Gyzym ýaş» diýip, sawçylary yzyna gaýtarypdyr. Sawçylar gelende gyz öýüň bir gapdalynda oturyp, olaryň gürrüňini diňläpdir. Atasynyň: «ýaş» diýenine tasdan pyňkyran eken, ýöne bu pähimli gyz sesini çykarman, «Ýaş-a däl» diýip pysyrdapdyr. Ol: «Ýetişenimi aýdyp, özümi ryswa etmäýin» diýipdir-de, öz emini özi gözläpdir. Günlerde bir gün baý bazara gitmekçi bolupdyr. Ol gyzlaryna ýüzlenip: «Haýsyňyza näme getireýin, sargaň» diýipdir. Şonda iň kiçi gyzy: «Maňa bir goşawuç hünji getir» diýse, ortanjy gyzy: «Maňa lowurdap duran gupba getir» diýipdir. Uly gyzy bolsa, ümsüm durupdyr. Atasy: «Durma-da, gyzym, senem bir zat sarga» diýipdir. Onda gyzy: «Meniň sargydym başgarakdyr, jan atam» diýipdir. Atasam: «Aýt, sargydyňy, bitirerin» diýip, garaşypdyr. Gyz: «Ata, siz bazardan aljak zadyňyzy alarsyňyz, soň kebaphana baryň-da, kebapdan doýuň, ýöne öýe gelýänçäňiz dişiňizi synçgamaň, meniň sargydym şu» diýipdir. Gyz atasynyň et iýse dişini synçgaýandygyny bilýän eken. Atasy bir salym durup: «Gyzym, perwaý etme, bu sargydyňy jyda bitireris» diýip, atlanyp bazara gidipdir. Bazardan kiçi we ortanjy gyzlarynyň sargydyny, özüne gerek-ýaragyny alyp, kebaphana baraga-da, kebapdan gerk-gäbe doýupdyr. Soňra atlanyp, öýüne baka ugrapdyr, ýolboýy köýneginiň ýakasyndaky bagjygyna çigilen kümüş diş syçgyryna elini ýetirende «Ýok, men söz berdim, dişimi synçgamaýyn» diýip, ýoluny dowam edipdir. Ol ahyry öýüne ýakyn gelende çydap bilmän, dişini synçgapdyr. Gelensoň, gyzlarynyň sargydyny paýlap beripdir. Uly gyzy: «Ata, meniň sargydymy nätdiňiz?» diýse, atasy: «Men-ä, gyzym şol ýere gelende, dişimi synçgadym öz-ä diýipdir. Atasy: «Bu sargydy näme üçin sargadyň, gyzym?» diýse, gyzy: «Pikirlenip, jogabyny özüňiz taparsyňyz-da, ata!» diýipdir. Baý bu wakany keýwanysyna aýdypdyr, är-heleý ikisi näçe pikir derýasyna gark bolsalar-da onuň manysyny çözüp bilmändirler. Ahyry keýwanysynyň maslahaty bilen bilgije ýüz tutupdyrlar. Bolan wakany bilgije jikme-jik aýdyp beripdirler. Bilgiç: «Gyzyňyž näçeräk ýaşynda?». Enesi: «Gyzym ýigrimi ýaşady» diýipdir. Bilgiç gyzynyň sargydyny şeýle düşündiripdir: «Siziň gyzyňyz ýetişip, ötüşipdir, indi mundan aňry çydap boljak däl diýendigi onuň» diýipdir. Bilgijiň aklygyny berip, öýüne gelensoň, är-heleý öz gyzynyň aklyna haýran galyp, gudaçylyga gelen gowy maşgala durmuşa çykarypdyrlar. Görseň, bu gyz nähili akylly, guş dili bilen özüniň ýetişendigini ata-enesine aňdyrypdyr. Merdan aganyň gyzy bolsa, aýtman-diýmän, akylsyzlyk edip, biri bilen gaçypdyr. Gyz aýdan bolsa, o-da baýyň gyzy ýaly, ol bir gowy ýigde durmuşa çykardy, yzy tozmazdy. Heý ata-ene öz çagasyna ýamanlyk edermi, oňa düşünmedik galjaň zenanlar gaçyp-tezip, ata-enäni muşakgat güne goýýar». Öwezgeldi aga bilen Annamyrat aga: «Sen mamla, Meret!» diýdiler. SOŇKY PUŞMAN, SYRTA DUŞMAN Biz işden geldik, nahar-çaýdan soň ýene başdan geçenleri ýatladyk. Bu sapar men serhetde çiştopbular tarapyndan tutulyşym barada gürrüň berdim: «Men 1932-nji ýylyň tomsunda (eset aýynda) ahyrky gezek Owganystana göç alyp bardym. «Eset-bes et» diýişleri ýaly, göç gatnatmagy bes etdim. Gijeler ýatyp, ele düşmedigime «Allaha şükür» diýip, enem, öz maşgalam bilen sag-salamat ýaşadym. Köp wagtlap näsag bolan gelnimden oglum boldy. Şol wagtlar serhetden sag-aman geçmek kynlaşdy. Tilki ýaly hilegär bolmasaň, ele iljegiň gümansyzdy. Näçe hüşgär bolsaňam, çiştopbularam gowşak däldi. «Göçümi äkelip ber!» diýip gelýänler köpdi. Men olaryň birine-de söz bermedim, çünki meniň ýaly beletleriň wejera bolup ölüp-ýitenleri köpeldi. Göç gatnadýanlar tajypat işlere baş goşup, käpille göçürip barýan hojalygyny suwsuz öldürip, zadyna, malyna eýe bolýardylar. Göçmäge mähetdel bendeler belediň kimdigine garamazdan, «hötjetim-hötjet, göçjek» diýip tükel ölüp gitdiler. Şol döwürde gowy gazanç etdim, howly galdyryp, üçekli, eýwanly dört-bäş sany tam galdyrdym, hiç zatdan kemçiligim ýokdy. Soň öňki kärim söwda başlamakçy bolup ýören wagtym, Burdalygyň tüçjar baýlarynyň biri Jumabaý çagyrýar diýip çakylykçy geldi. Bu kişi Antguýynyň Üçdepe diýen gyşlagyna gelip ýerleşen eken. Men bu çakylyga huk bolup kellämi döwdüm. «Janym, bu baýyň nämesine men derkar boldumkam, şu pille onuň hiç zada mähetdelçiligi-hä ýok» diýip, öwran-öwran kelle döwdüm. Söz beremsoň, baraýyn diýip, ertesi atlandym-da Üçdepä ugradym. Baý aganyň huzuryna bardym, baý meni çyn ýürekden kabul etdi. Çaý-nahardan soň öz matlabyny beýan etdi. Ol öňürti meniň päkize, bir sözli, gabahat işlerden çetde durýandygymy ýatlady: «Şonuň üçin köp pikirden soň seni saýladym, adama hyýanat etmejegiňe ynandym» diýdi. Sen gowy belet, orslaryň serhet sakçylaryndan hilegärlik bilen sypmagy başarýarmyşyň, entek ýeke adama ikilik etmänsiň, alyp gaýdan göçleriň galapyny öz geljek gyşlagyna gelipdir. Senden towakga, meniň iki oglumy Lebaba alyp git. Meniň gazanjymyň ýarysy dogduk mekanda galdy. Orsdan heder edip, teňňämi, tyllamy gömüp gaýtdym. Inim, gaýrat et-de, şolary aşyryp ber. Aman-esen aşyrsaň, üçden biri, ene süýdünden halal, seniňki. Şu saçagymyň başynda şu nandan ant içýärin, sözümde ikilenç bolmajagyna» diýip nany bagryna basdy. Baýyň bu bolşy meni tolgundyrdy, birden: «Bolar» diýenimi bilmän galdym. Şonda men öz erkimiň garşysyna gidýändigimi aňlamandyryn, göwnüme bolmasa, barysy gülala-güllük ýaly göründi. Öýe gelip, enem, daýym daga maslahat salsam, olar düýpden garşy çykdylar. Daýym maslahatymy diňläp: «Her kişiniň möhümini bitirjek bolup arrygyňy gynap ýörme, indi besdir, wagtynda bitirdiň» diýdi. Enem bolsa: «Gitme!» diýip, jowrandy oturdy. Belki, meni enemiň sargydy tutandyr. Söz beremsoň, yza gaýdarlygym ýok. Men özüme-de: «Sen näme tüýküren tüýküligiňi yzyna aljakmy, ol-a bolmaz söz berdiňmi, yzynda dur» diýdim-de, gaýtmaly boldum». Şol wagt Öwezgeldi aga-da orta goşulyp, bolmazyny taşlady. Ol: «Inijigim, pul-teňňe guraplar gitsin, şol dälmi adamy erkinden aýryp, girdaba goýberýän, Karun kimin gözi gumdan doldy, puldan dolmady diýenleri ýaly, tylla-teňňe diýse, senem çydaman gaýdypsyň-da, inijigim» diýdi. Onýança Annamyrat aga-da saklanyp bilmäni: «Sakgaldaş, özüňem pul ugrundan şu taýlarda ýatyrsyň, ýene adama at dakýarsyň, munyň-a däl» diýdi. — Injigim, janyňy saklap, ümsümjek otur, garyşma, «Garyşmaga ýat ýagşy» diýipdirler, biz bolsa ýat däl» diýip, gaharly gepledi. «Sakgaldaş, sen haçan görseň, depişjek eşek ýaly, gulaklaryňy ýapyryp, dişleriňi syrtardyp dursyň». «Boldy inijigim, ýene nämelere deňejek, deňäber bakaly, bir gün-ä ikimiz ýaka tutdy bolarys» diýdi. * Olaryň bolşundan heder edip, gürrüňe başladym: «Gepiň gerdişli ýeri Kowus aýynyň ortalarynda sähetli günleriň birinde baýdan pata alyp, dogduk mekana tarap, baýyň iki ogluny tirkäp ugradym. Biz torç edilip ýörelýän kerwen ýolundan ýöremän, sardobadyr guýularyň gapdalyndan aýlanyp geçdik. Bir gün ýöränimizde ikindinler aýak-elden düşüp surnugan, suwsap bir hala ýeten at duş geldi. Atyň eýerindäki ganjyga, agzy köjelen gyzyl horjun bökderilipdir. Bu janawar bizi görüp çalaja hokrandy, ýöne ädim ätmäge ýaramady. Meşikdäki suwdan bir okara suw berenimizden soň at birneme tijendi. Horjuna el degirmän aty idege alyp hupdana çenli ýöredik. Gije oduň yşygyna çopangoşa bardyk, barmazdan öň olary diňläp, kimdigini anykladyk. Görsek bular Owganystana sürülip barýan goýunlar ekeni. Şol wagtlar kolhoz gurmak üçin (birleşen hojalyk) baýlaryň orta daýhanyň mallaryny, ýerini elinden alýan döwri bolup, Lebapdan Owgana göçýänler has köpeldi. Şonda çopanlaryň biri öz gyşlagyndan bir pedernälet deýýusyň OGPU-nyň adamlaryna Owgana göçýän hojalyklary ýamanlap tutdurýandygyny aýdyp käýindi. Ol haramzadanyň ölse, dowzaha barjakdygyny, gyldan inçe, gylyçdan ýiti pilsiradyň köprüsinden geçende, oda ýykyljakdygyny, oňa perişdelerden azan Iblis şeýtanyň gol berendigini zeýrenip gürrüň berdi. Çopany diňlän baýyň diwanbegisi perişdeler barada gürrüň berdi. Ol: «Perişdeler asly nurdan ýaradylan ganatly bijeset jandar bolup, Allanyň emrini ýerine ýetiriji gudratly güýçdür» diýdi. «Olardan Jebraýyl perişde Allanyň emrini älem-jahana ýetiriji, bolýan zatlary Hudaýa eşitdiriji bolup hyzmat edýärmiş. Perişdelerden Mikail tertip-düzgüne seretse, Ezraýyl adamlaryň janyny alyjy bolup hyzmat edýärmiş. Müňkür, Nekir gabyrda sorag ediji, Rizwan perişde behişdiň sakçysy, Mälik perişde bolsa dowzahyň sakçysymyş. Perişdeler adamyň iki egninde oturyp, onuň günä-sogabyny hasaba alyp oturýarmyşlar. Şu perişdelerden azan Iblis bolup, bu adamy ýaramaz ýola salýan şeýtan ruhumyş. Kämahal adamlar: «Meni şeýtan gyjyklady» diýip, ýaramaz işe baş goşup, soňundan ökünýärler, toba gelýärler. Toba gelmek bolsa, öň sürüden bölünip çykan, soň ýene sürä goşulan goýun ýalydyr. Ýaramaz iş edip, toba gelse-de, bu dünýäde däl, ol dünýäde dowzah oduna ýanarlar» diýip, diwanbegi sözüni tamamlady. Ertir irden ýola düşmezden öň ýaňky diwanbegä şu aty tapandygymyzy, eýesiniň kimdigini-de bilmeýändigimizi aýtdyk. Soň horjuny hem aty näme etmelidigini maslahatlaşdyk, horjunyň köjüsini çozup, içini barladyk. Horjunda ýarym meşik suw, täzeje teletin ädik, iki jübüt biz köýnek-balak, don hem agary çäkmen bar eken. Teňňe, tylla, ok, däri, ýarag ýok eken. Eýere degen gan ýoklaryna seretseň, atyň eýesine ok degene meňzeş. Aty, horjuny olara berdik, aty tapan ýerimizi salgy berip, bardy-geldi ölen bolsa, ony depin etmegi, diri bolsa, aty eýesine gowşurmagy wadalaşdyk. Şondan soň biz atlanyp ýola düşdük. Atlarymyzy maýdalyna goýberip gidip barýarkak birden ýolumyzy kesip möjek geçdi. Meniň atym ürkdi-de, bir gapdala towusdy. Men arkaýyn oturanymsoň, saklanyp bilmän bir gapdala agdym. Görsem, ýerde ýatyryn. Ýoldaşlarym atdan düşýänçä men aýagyma galdym. Olar: «Hiç ýeriň döwülmedimi, agyrmadymy?» diýip, ýanyma geldiler. Men: «Ýok, hiç zat bolmady» diýdim. Onýança baýyň uly ogly güldi-de: «Eşekden ýykylmadyň, atdan ýykyldyň, at aýdarmyş, «Ýalymdan ýumşak ýere ýykaryn» diýip, eşek bolsa tersine «Toýnagymdan gaty ýere ýykaryn» diýermiş. Eşekden ýykylyp ölenler, el-aýagyny döwenler bar, ýöne atdan ýykylyp ölen adamy entek eşitmedim» diýdi. Biz gülüşdik. Soň atlandyk, ýoly dowam etdik. Ertesi agşamlyk biz ýene çopangoşa duş geldik. Çopanyň itlerinden öldük-de sypdyk, olar aç gurt kimin atlydygymyza seretmezden, tasdan ýuwdupdylar, entegem çopanlar dadymyza ýetişdi. Çopanlar bizi gowy kabul etdi. Biz täret kylyp, hupdan namazymyzy okadyk, soň garbandyk, şonda baş çopan işleklini sogansyz bişirenligi üçin çoluga käýýedi. Çoluk bolsa haltadaky soganlaryň gurap gabyga öwrülendigini aýdyp özüni aklajak boldy. Baş çopan ýylgyrdy-da: «Seniňkäm husydyň soganlaryna meňzäpdir onda» diýip, käsesine çaý guýdy. Bir salym dymyşlykdan soň menem durup bilmän: «Çopan aga, husydyň sogany nähili bolupdyr?» diýip, soranymy bilmän galdym. Howada sowukdy, oduň töwereginde aýlam bolup oturanlar goýy gara tüsseden ýaňa «öhhä-de-öhhä» bolşup, gözlerinden akýan ýaşy kimsi syny bilen, kimsi ýeňi bilen süpürip, çopanyň jogabyna garaşýardylar. Çopan bolsa: «Sakawyň soňuny diňle» diýişleri ýaly, gysdanman, çaýjoşdan käsesine çaý guýup, wakany beýan etmäge gyssanmaýan ýaly, agraslyk bilen töweregine äňedip, käsesindäki çaýdan ýene bir owurtlap, gürrüňe başlady: «Gadym wagtlarda bir husyt baý bolupdyr. Ol ilata ne hedýe beripdir, ne-de garyp-gasara, dul hatyna sadaka beripdir. Bir gün şol baý bilgijiň ýanyna barypdyr-da: «Köpi bilýän bilgiç, men puluma näme alyp bassam, ýeneki ýyl şol zat gymmat bolar?» diýip sorapdyr. Onda bilgiç: «Peýda görseň, maňa-da bir nemejik ýokdyrarmyň?» diýse, husyt «Elbetde, ýokdyryn» diýip söz beripdir. Soň bilgiç oňa: «Sen bar puluňa teletin alyp bas, indiki ýyl şondan gymmat zat bolmaz» diýipdir. Dogrudan-da, soňkusy ýyl patyşa bir döwlet bilen uruşmaga taýýarlyk görýän ekeni. Oňa öz nökerlerini ädik bilen üpjün etmek üçin köp mukdarda teletin gerek bolupdyr. Soňkusy ýyl teletine gabahat degipdir, gaty gyt bolupdyr. Ýaňky husyt alyp basan teletinlerini bir teňňä alan bolsa, on teňňä satypdyr, öňküden on esse baýapdyr. Ýaňky baý ýene bir gün bilgijiň ýanyna barypdyr, oňa ýeke teňňe bermän, hondanbärisi bolup, gopbamsyrap, oňa pitjiň atyp, murtuny towlap: «Bilgiç, alnymyzdaky ýyl näme gymmat bolar, men pullaryma näme alaýyn» diýipdir. Bilgiç: «Bu ýyl sen sogan alyp bas, şondan gymmat haryt bolmaz» diýipdir. Baý bar puluna sogan alypdyr, ammarlary sogandan doldurypdyr. Şol ýyl sogan köp bolup, it ursaň, soganyň üstüne pohlapdyr. Baýyň soganlary-da çolugyňky ýaly, gabyk bolup gutarypdyr. Netijede ýaňky husyt söwdadan synyp, kemmagal düşüpdir. Gör-ä, muny, tersine sapsa, «baýlyk eliň kiri ýalydyr». Eger ol bilgije dört-bäş teňňe beren bolsa, ýada ýetime-ýesire hedýe, Hudaýýoly beren bolsa, onuň hasam baýap gitmegi mümkindi. Hawa, «är lebizden, koý bogazdan» diýenleri, husyt lebzinde durmandyr, eger sözünde duran bolsa, bilgiç ýene degerli maslahatlar bererdi» diýip, garry çopan käsesindäki çaýyň soňky owurdyny ýuwdup, sözüni tamamlady. Soň ol: «Pähim bilen kelle işletseň, şu pany öz-ä bipaýan, käbir adamlar Karun dek gözi puldan doýman, gumdan dolup, tutdum-tutdumda bir ýerden «ýel» alyp, ýagty ýalançy bilen hoşlaşýarlar. Akar suwa iki gezek düşüp bolmaz, ýagty jahana-da iki ýola gelmek ýok. Şonuň üçin berenine kanagat edip otursa boljak, ýok görmezekläp köpden-köpüni edinjek bolýor» diýdi. Ana, şonda çopanyň bu gepi maňa-da degişli boldy. «Alla jan, işimi ugruna edeweri, aman-esen barsam, Allanyň ýoluna bir goýun sadaka bolsun» diýip içimi gepletdim. Ýene Öwezgeldi aga durup bilmän, sözümi bölüp: «Ýaňy aýtmadymmy pul-teňňe guraplar gitsin, men bir gep diýsem, inijigim, orta badak atýar, ýene aýtýoryn, hernä pul guraplar gitsin. Senem, Meret, şol tylla-teňňelere göz gyzdyrmadyk, etjek işiňi ýedi ölçäp bir kesen bolsaň, belki, bu ýerlere düşmezdiň. Aýt hany, meniňki mamla gerek?» Men siziňki mamla diýen äheňde kellämi yraladym. Soň ýene gürrüňi dowam etdirdim: «Biz ýolda bela-betere, çiştopbulara duşman, aman-esen Pelwerde aşdyk. Horazlar ikinji ýola gygyranda atymyzy idip garyndaşym Anna hapyzyň derwezesiniň öňüne geldik. Itiň irginsiz üýrmegi zerarly, derwezäni ursak-da, ony açan bolmady. Soň biz howlynyň mal saklanýan ikinji böleginiň derwezesiniň öňüne bardyk. Derweze içinden zynjyrly bolansoň, men atyma atlandym, soň eýeriň üstünde dik durdum-da derwezäniň ýokarky bosagasyna ýapyşyp, aralykdan sümlüp içeri girdim. Derwezäniň zynjyryny aýryp, ony açdym. Derweze edil ýatan pişigiň guýrugyndan basan ýaly jagyldap ses etdi. Biz içeri girip, ýene derwezäni zynjyrladyk. Atlary atýataga eltip daňdyk. Galan arpany attorbalara bölüp, atlaryň başyna geýdirdik. Soň samanhana bardyk-da, horjunlary ýassyk edip gyşardyk. Men birden tisginip oýandym. Görsem, garyndaşymyň ýetimi aňkaryp bize seredip dur. Ol şol wagt gölelejek bolýan sygyrdan habar almaga gelen eken. Ilki aýdany: «sygyr dogrupdyr» diýdi. Men oňa «Höwri köp bolsun» diýdim. Daň atypdyr, ýöne samanhana entek garaňkyrakdy. Soň men turup atdaşymyň ýanyna bardym, onuň ady hem Meretdi. Ol: «Oý-how, atdaş, s-sen n-nireden çykdyň, güzeranyň neneň, bärilere haçan düşdüň» diýip sorag ýagdyrdy. Biz onuň bilen gujaklaşyp görüşdik. Men ondan: «Anna daýym dagy turdumy?» diýip soradym. Ol: «Daýyň ýaňyja täret kylyp namazlygyny ýazdy, namaz okamaga durdy» diýip sakawlady. Atdaşym birneme sakawrakdy. Soň ol töweregine garandy-da, «Sessiz nireden howla girdiňiz?» diýdi. Menem «uçup girdik» diýdim-de, güldüm. Onýança ýoldaşlarym-da oýandy. Soň atdaşyma: «Atlara ot-suw ber, olary hiç kim görmesin, biziň gelenimiz barada kelam-agyz gürrüň bolmasyn» diýip sargadym. Öý eýeleri örlänsoň, biz täret kylyp tama bardyk, kaza eden namazymyzy okadyk. Anna daýym içeri girdi, biziň bilen elleşip görüşdi, saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soň saçak başyna geçip çaý içmäge oturdyk. Şonda Anna agamyz: «Menem tiz göçjek, şunça diş gysdym, Watany terk etmäýin diýip, ýöne boljak däl. Häzir «kolhoz» diýen bir zady köp agzaýarlar, ana, şoňa biziň ýerimizi alyp bermäge başladylar. Bir topar ýetim-ýesirler, ýylajy galýan bidöwletler orsa goşulyp, «Indi bolşewik baýlaryň, molla-müftileriň köpenini biçjekmiş» diýşip, el çarpýorlar. Tajypat işler köp, sen kimem bolsaň, olar üçin bahaň bir aşyk. Mallarymyzy ortaga geçirip, çöldäki guýudyr sardobalary kolhozlara berip, umumy bir maşgala bolup ýaşamalymyş. Hemme zadymyz ortak bolup, mekdeplerde gyz-oglany garyp okatjakmyşlar, özäm okatmak hökmanmyş. Gyzlaryň halan adamyna barmaga haky barmyş, galyň tölemegi gadagan etjekmiş. Işan-mollalary yzarlap, olary ilata ters wagyz-nesihat edýän adamlar diýip bendi etjekmişler. Olaryň bolsa aglabasy Owgana göçdi. Görşüňiz ýaly, ors keltagaç işleri etjek öz-ä, ýagdaýa şular ýaly, garyndaşlar». Soň ol göçüp giden Hapyzlaryň ýagdaýyny, olaryň ýerleşen gyşlaglaryny, hal-ahwalyny sorady. Men oňa ýagdaýy bolşy ýaly gizlemän aýdyp berdim. «Garyndaş, jyda gowy diýsem lap etdigim bolar, suw, odun az, ýer köp, ýöne suw bolmasa, peýdasy näme? Lebaba geljek ýurt barmy?!». Ol sesini çykarman, bir salym oturdy, soň ol biziň näme sebäp bilen Lebaba gelendigimiz bilen gyzyklandy. Şonda men ony Juma baýyň oglanlary bilen tanyşdyrdym. «Biz peläket çyrmap ata Watana geldik, şularyň biraz galan-gaçan zatlary bar, şolary alyp gitmekçi» diýdim. Soň men garyndaşyma: «Biziň gelendigimizi oba-gara bilmesin, çünki orsuň jansyzlary köp, olar GPU-nyň adamlaryna ýamanlamagy mümkin» diýdim. Biz iki gün Anna Hapyzyňkyda hiç ýere çykman dynç aldyk. Şol bir wagtda gaýykçy Ýusup darga diýen biri bilen Anna agamyň kömegi bilen bizi Burdalygyň bäri tarapyna aşyrmagy wadalaşdyk. Ýolda-yzda şuranyň GPU-nyň jansyzlary köpdi. Amyda olaryň ot bilen ýöreýän uçanlary (parohody) häli aşak, häli ýokarylygyna haýdaşyp ýördi. Şonuň üçin darga gije akyma baka ýüzmegi maslahat berdi. Ikinji güni gije il aýagy ýygylansoň, atlary şu taýda goýup, paýu-pyýada gaýyk güzere bardyk, budara münüp, ýüzüp ugradyk. Darga ýetişibildiginden kürek urup daň saz berende barmaly ýerimize bardyk. Darga: «şu ýerde garaş» diýip, oba ugradyk. It-guşa görünmän, ýanymdakylaryň howlusyna bardyk, onýança daň atyp, Günem dogdy. Howluda baýguşdan başga janly-jandar ýok, bu töwerekde ne it üýrýär, ne-de horazlar gygyrýar. Daraklygyma galyp, haýatyň gädiginden äňetsem, töwerekdäki jaýlar hoňkaryp ýatyr. Tutuş oba göçüpdir. Men ýanymdakydan: «Aňyrky obalar-da tutuşlygyna göçdümi?» diýip soradym. Ol: «Hawa» diýdi. Soň biz adam-garanyň ýokdugyna göz ýetirip, çaltlyk bilen samana gömlen pili gözläp tapdyk. Öňi bilen juwazyň sokusynyň aşagyna gömlen tyllaly sanajy gazyp çykardyk. Sanaç gara keçä oralypdyr, daşyna inçe çöpür ýüp baglanypdyr. Sanajyň agramy, göwrümine garamazdan, bir puta ýakyn barmyka diýdim. Şol wagt Annamyrat aga: «Şonuň hemmesi tyllamyka?» diýip, çiňerilip ýüzüme seretdi. Men güldüm-de: «Ojagaz-a hiç» diýdim, ýene horazyň aşagyndan bir sanaç, towuk ýatakdan üçünjini gazyp çykardyk. Bularyň hemmesiniň daşy keçä dolanyp, berk çöpür ýüp bilen baglanypdyr. Bularyň ýüpdir keçesini aýyrdyk, halta salyp, Hudaýberdiniň omzuna goýup, gapysyz tama bardyk. Şol ýerde horjuna ýerleşdirdik. Soň biz Anna agalardan alyp gaýdan iki nanyň birini suw bilen iýdik. Howa sowuklygyndanmy ýa-da tylladyr teňňeleri tapanymyzdanmy, üçümizem bir hili aljyraňňydyk, işdä-de ýokdy. Çaý gaýnadaly diýsek, gündiziň güni tüsseden gorkduk, sebäbi tüsse öten-geçeniň ünsüni özüne çekmegi mümkindi. Gündiz derýa ýakasyna barmaga-da çekindik. Şonuň üçin horjunlary ýassyk edip, ýekeniň üstünde gyşardyk. Wagtyň geçmesi kyn boldy. Bir wagt serçeler ala-zenzele turuzyp ugradylar. Näme bolduka diýip Annaberdi on bir ataryny (mauzer) eline alyp, tamyň gapysyz oýtagyndan usullyk bilen seretse, bir şagal ondan-oňa kellesini süsdürip, özüne şamlyk gözläp ýör. Annaberdi şagala zat diýmän, «haş» edip ýerine geçip oturdy, bizem rahatlandyk. Gün gysga bolansoň, tiz Gün batdy, garaňky aralaşdy. Garaňkynyň düşerine howlugyp ýaňy howludan çykalyň diýen wagtymyz iki sany eşekli dört sany sygry öňüne salyp, howlynyň deňinden geçdiler. Şolar gözden ýitýänçä garaşdyk, soň jeňňele baka ugradyk. Barsak, budarçam: «Siz eglendiňiz, eýgilikmi, garaşa-garaşa, garaşmazym çykdy. Orsuň uçany (parohody) geçdi, entegem budary görmedi, çöp bilen basyrylgy bolansoň. Zadyňyzy äkelen bolsaňyz, ugrasak nätýor, ten güni geçirmek kyn boldy» diýip, üstli-üstüne sugşurdy. Oň gepleşigimiz boýunça, darga bizi ileri geçirip, Gökdepäniň deňine çenli derýa bilen eltmelidi. Soň ol aýdan teňňesini alaga-da, öz gününi özi görmelidi. Gökdepäniň deňinde üç aty idege alyp, artlaşyp derýa gyrasynda bize garaşmalydy. Akymyň tersine näçe kürek ursagam, budar idili ýol öndürmedi. Ara daş bolmasa-da, gün dogar-dogarda bellenen ýerimize bardyk. Görsek, atdaşym-da ýok, atlar-da, aňyrrakda sygyr bakyp ýören ýaşuly bar eken. Men oňa: «Agam, salawmaleýkim» diýdim, ol salamymy aldy-da, «Näme hyzmat?» diýdi. «Siz şu taýda üç aty idegine alyp ýören atlyny görmediňizmi?». «Gördüm, şu pille şu taýdan geçdi, heniz at toýnagynyň göterilen tozany-da ýere düşen däldir» diýdi. Tizden söbügine düşseňiz, eýgermegiňiz mümkin» diýdi. Biz atlynyň giden ugruna çalt ýöräp ugradyk, görsek, atdaşym gür gamyşlykda haýran bolup dur eken. Haýdan-haý atlandyk-da, çöle baka eňdik. Biz çöle çykandan atdaşym Meret Pelwerde tarap, biz bolsa çöle çykyp, gije ýaryma çenli ajöze il aýagy ýygylýança garaşmalydyk. Şonuň ýaly hem etdik, ýary gije Anna daýymlara bardyk. Barsak, palawam taýýar eken. Garyn doýansoň, howa-da maýlady. Iki günläp gar gatyşykly ýagyş ýagdy. Iki güni geçirip, gurawymyzy pugta tutup, gije ýarymdan aganda Anna Hapyzdan ak pata aldyk, soň ýene ýola ugradyk. Ýene jala jybarlady, ýöne köp ýagmady. Şonda garyndaşym: «Bulary sag-aman aşyrsaň, dolan, bizäm alyp git» diýdi. Görşüňiz ýaly, olary göçürmek maňa miýesser etmedi». Şol wagt Annamyrat aga: «Soň siz nirede tutuldyňyz, sizi biri ýamanlan bolmaly, ýetse, şol dargadan ýetendir öz-ä» diýdi. Bu soraga Öwezgeldi aga ör-gökden geldi: «Baý-bow, inijigim, sen-ä soranjaň ekeniň, ýöne köten ýuwan ýaly etdiň, yzyny diňle, barysyny özi aýdyp berjek ahyry» diýdi. «Soň-a boldy bir haýýalat sela, it-eýesini, pişik-bikesini tanar ýaly bolmady. Goh-galmagal, ýakalaşma çenli bardy onuň ahyry. Men: «Besdir-how, bolşuňyz näwuran» diýip olary zordan araladym. «Araça alty taýak» diýişleri ýaly, meniň kelläme-de dört-bäş muşt degdi. Menem: «Oňarmadyňyz, salam-helige ýer galmady, sakgally-sarmykly adamlar bolup, bu işiňiz-ä bolmady. Ikiňiziňem mertebäňiz peseldi, käşgä siz ümbilmez bolsaňyz, eden işiňize ýatyp-turup gowuja serenjam beriň, öz-ä ökünersiňiz» diýdim. Şonuň bilen gürrüň-güpdi gutardy, herimiz öz jaýymyza geçip ýatdyk. Üçümizem idili ýatyp bilmedik. Ertir turanymyzda gözümiz ümezläp durdy. Biri-birimiz bilen gepleşmän, işe gitdik, işden gelibem ugrumyz bolmady. Garaz, üç-dört gün dagy geçdi. Bir gün Annamyrat aga başga jaýa geçýändigini aýtdy. Hiç kimden ses çykmady, dymyşlygy men bozdum: «Kärdeşler, üç ýyl bäri barymyzy bölüşip iýdik, näsag bolanymyzda bir-birege goldaw berdik, geçmişimizi ýaşyrmadyk. Ýeneki ýyl Annamyrat aga boşap gidýär. Alla jähennemde, üç sany musulman kişi, bir-biri bilen oňuşman ýörese, dini başgalar bize näme diýer, henizem bir pille, agzalalygy goýaly. Şeýtanyň ugruna gitmäli, aýrylyşsak, başgalaryň öňünde şermende bolarys» diýdim. Garaz, olary ylalaşdyrdym, ikisi-de seniňki mamla diýdiler. Elleşip biri-birinden ötünç soradylar. Ylalaşyga gelenem bolsalar, öňki ýaly ýaramaz gürrüň, degişmek, at dakmak ýalylar galdy. Bir gün Öwezgeldi aga: «Inijigim, ahwaladyň yzy näme bilen gutardy? Bolan işiň soňuna nokat goýaly» diýdi. Men başdan geçiren ahwaladymyň näme bilen gutarandygyny olara gürrüň berip başladym: «Biz gaýdandakymyz ýaly ýolsuz ýerden ýöredik, sardobalary aýlanyp geçdik. Üçünji güni garaňky gatlyşanda serhede ýakyn bardyk, bolsa bir menzil ýol galypdy. Jedi aýynyň başlarydy, gara gyşam tamamlap barýardy. Oňa garamazdan, howa eýle sowuk däldi, ýöne ümürlikdi. Öň ýagan gar gatyşykly ýagyş çägäni gowja depgiläpdi, soň atlaram gynanman ýöreýärdi. Hiç zatdan heder etmän, ümsümjek atlarymyzy säpjedip sürüp barýardyk. Birdenem, elli ädim gapdaldan «Stoý, strelýat budu!» (Dur, ataryn!) diýen ses ýaňlandy. Biz ýokarylygyna atlaryň jylawuny öwürdik, gaçmakçy bolduk, emma çiştopbular bizi gabapdyr. Dört tarapdan «Stoý!» sesi eşidilensoň, biz alaçsyz atlary roýa goýberdik-de, horjunlary bökdergiden çalt çözüp aldyk. Özümize bukalga gözledik, hasyrdaşyp bir ýapyny saýlap aldyk. Özümize çukur gazdyk. Şol arada garaňky düşdi. Serhet sakçylary dört tarapdan ok atyp başlady. Biz pyçak bilen çägäni boşadyp, şol bir wagtda setanda-seýranda bir ok atyp çukury giňeltdik, çuňlaşdyrdyk. Mende altatar, Annaberdi bilen Hudaýberdide bolsa, on bir atar bardy. Orslar biziň ýaragymyzyň okunyň uzak sürmeýändigini aňyp, özlerini biziň okumyzyň kär etmejek ýerine çekip, bäş atar bilen bizi çüýläp başladylar. Uzak gije atyşdyk, meniň okum tükendi. Soň men Annaberdiniň çukuryna ýer bagyrtlap süýşüp bardym. Ol eýýäm amanadyny tabşyran eken. Men ýyldyrym çatlygynda horjundaky suwly meşigi aldym-da öz çukuryma sümüldim. Suw içdim, meniň meşigimdäki suw gutarypdy. Orslaram kämahal bir ok atyp, parsylaşyp gygyryşýardylar. Diň salsam, Hudaýberdäm ok atmany goýupdyr. Belki, Hudaýberdi garaňkydan peýdalanyp, gaçandyr diýip oýlandym. Ýalançy ýagtylmanka bileýin diýdim-de, Hudaýy çagyryp, onuň çukuryna tarap ýer bagyrtlap bardym. Görsem, o-da eýýäm amanadyny tabşyrypdyr. Orslardan sypmajagyma gözüm ýetdi, soň men nätmeli diýip pikirlendim. Öz çukuryma bagrym bilen süýşüp bardym, oýlandym, bu altyndyr kümşi orslara bermäýin diýdim. Soň men pyçak bilen çukuryň bir gapdalyny keseligine köwüp başladym. Ýarym gulaç töweregi köwdüm, sanajy köwege dykdym, çägeleri yzyna itekläp berkitdim. Horjunyň her gözüne suw meşikleriň birini, çäkmenimi saldym-da, gapdalda goýdum. Bir mahallar eşiden ahwalatym ýadyma düşdi. Şol mahal Annamyrat aga durup bilmän: «Sen tyllaly sanajy gömdüňmi, ýa-da kümüşli sanajy?» diýip sorady. Öwezgeldi aga-dä: «Saňa haýsyny gömende näme, seniň şol soranjaňlygyň, otur-da gapyşyp» diýip heňkirdi. Bilmedim Annamyrat aga, haýsy sanaçda altyn bar, haýsynda kümüş, ýöne agram-a agyrdy. Meniň göterenim, megerem, tylla bolsa gerek. Öwezgeldi aga: «Hawa, soňuny aýt, eşideli bolan işi? Ýaňy aýdyşym ýaly, şol ahwalady gaýtaladym. Bir mahallar geçip barýan kerweni garakçylar talapdyr. Ýeke kerweniň ýüki bilen çäklenmän, kerwenbaşynyň, onuň hyzmatkärleriniň hem egin-eşiklerini sypyryp, kisesindäki barja teňňedir tyllalaryna çenli alypdyrlar. Ana, şol kerwende hammalçylyk edýän bir bende gorkusyndan ýaňa balagyna pöwlendiripdir. Haçan-da bu kişiniň eşigini sypyrmaga gelen garakçy onuň donuna el uranda burnuny gaňtaryp barýan ysa duçar bolupdyr. Görse, balagy, çokaýy pohdan ýaňa ys berip ýanyna barar ýaly dälmiş. Ýaňky ýalhor muňa el bulap gitmek bilen bolupdyr. Şol hammalyň egin-eşigi barja teňňesi özünde galypdyr. Siz geň görmäň, men-de şony gaýtaladym,* siýdim, pohladym donuma, ýektaýyma dagam degirdim. Daň atyp, ýalançy ýagtylansoň, köýnegimi ýyrtyp pyçagymyň ujuna daňdym, ellerimi göterip çukurdan çykdym. Orslar: «Ýanyňdakylar-da çyksyn» diýip gygyrdylar. Baryp gören boldum, soň orslara garadym-da, kellämi ýaýkadym. Soň tüpeňlerini çeneşip, çiştopbular töweregimi aldylar. Barlap olaryň ölendigine göz ýetirdiler. Çukurdan tyllaly sanaçlary, horjun, çäkmen, don ýalylary, ölenleriň ýaraglaryny aldylar. Meniň çukurymdan horjuny, ondaky suwmeşikleri, sapançamy çykardylar. Ellerimi arkama mäkäm daňdylar. Meniň çukurymdan ýaňky zatlardan başga hiç zat tapmadylar. Donum, ýektaýym dagy bulaşyp ýatyrdy. Şehit ölenleri öz gazan çukuryna gömdüler Serhet sakçylary biziň atlarymyzy tutup alan ekenler. Dilmaç menden: «Bu taýharlaryň haýsysy seniňkidir?» diýip sorady. Men üm bilen öz atymy görkezdim, meniň öz atyma mündürdiler. Aýagymy pugta üzeňňä daňdylar, soň atlary idege alyp, bir tarapa ugradylar. Gün ikitel bolanda Şyrama bardyk, meni ýuwundyryp, ardyndyryp, dar balak, ak köýnek, çäkmenimi, ölenleriň biriniň Hywa donuny berdiler. Şondan soň men üşemämi goýdum, ýogsa howa-da sowuk bolansoň, titräp otyrdym. Meni sorag edip başladylar. Pürsiýan dilmaç sorap, jogabyny oturan ketde agasyna orsça düşündirýärdi. Dilmaç özümi olara tabşyran wagtymdaky soraglaryny ýene ýagdyryp başlady: «Seniň aduň nädur, hardan gelip suz, hara barar siz, hojaýunuň ady nedur?». Şol dur-dur boldy durdy. Ahyry soragy bes etdiler. Soň ýaňky gurrumsak meni demir gözenekli, demir gapyly kiçijik sowuk tama eltip, «Hol taýda ýatarsyň» diýip, kerpiçden örülen sypajygy görkezdi. Ertirine iki esger bäş ataryň öňüne salyp, ýörite ýasalan tagta hajathana ýazylmaga alyp barýardy. El-ýüzümi ýuwup, jaýa baramsoň, edil häzirki ýaly, pökge nan bilen bir çäýnek çaý berýärdiler. Günortan bir jam nohutly çorba, agşamyna-da etli çorba berdiler. Iýmitden hor etmediler. Üçünji güni serhetde tutulan Bekewülden bir kişiniň göçi bilen Kerkä getirdiler. Bu taýda bir aýdanam köpräk sorag etdiler. Soň sud edip, maňa on bäş ýyl, hem bäş ýyl doglan mekanyma barmasyz diýip ýyl kesdiler. Kerkiden Garşa, Garşydan Buhara, Buharadan etap bilen Çyrçyga bardym. Soň Garaganda, Omskä, ahyrynda şu taýa, Krasnoýarskiniň Krasnogwardeýsk raýonyna geldim. Köp apatlary, bela-beterleri başdan geçirdim men. Etjek işimi gowy tekrarlamandyryn, şunça ýaşasam-da, üm bilmez ekenim. Indi puşman edeniň bilen, iş düzeljek däl, «Soňky puşman, göte duşman» diýenleri. «Düýe altyn-kümüş daşasa-da, iýmiti ýandakdyr» diýýärler. Şol çyn, menem gymmat bahaly harytlary daşadym, ýöne iýmitim itiň ýuwundysy ýaly bir zat, görjegim bolsa azap. Indem näme, yzymda galanlar eňşeşip ýörendir. Olary görmek bolsa maňa miýesser edermi, etmezmi, ony bir Alla bilýor». — Meret inim, saglyk bolsun, saglygyňy gora, öňem bir dana aýdypdyr: «Iň ahmyrly ýitgi, ýaşlyk bilen saglygyňy ýitirmekdir» diýip. Biz mekana dolanmak üçin her edip, hesip edip saglygy goramalydyrys. Dolanyp barsaň, işallasa, eneň dagydan-da hat-habar bolar, adamyň başynda durýon zat ýok, saglyk bolsun. Çoluk bolup işlän döwrümde Sylty aga şöýle diýerdi: «Başyňyza ýaramaz iş düşse, daljykmaň, howlukmaň, hemmesiniň bir hasaby bolar, çykalga tapylar, çykalgasyz zat ýokdur». — Onyňyz dogry, Annamyrat aga, ýöne adamzat kä halatda howlugýar, o-da zyýan getirmese, peýda getirmeýär. Soň biz ýatdyk. | |
|
√ Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr - 03.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -2: romanyň dowamy - 28.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -7: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -26: romanyñ dowamy - 08.12.2024 |
√ Dirilik suwy -5: romanyň dowamy - 29.04.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -20: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: 24: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |