16:31 Üç tussagyň ýatlamalary-14/ romanyň dowamy | |
IKI GÖÇ — BIR TALAŇ
Romanlar
Işden gelip, ýene warsaka başladyk, sebäbi Öwezgeldi aga: «Meret, sen haçan göçdüň Owgana?» diýip sorady. Men olara göçüşim barada gürrüň berdim. Ol ine, şeýleräk: — Üç hojalygy alyp giden saparym daýzam dagynyň oturan gyşlagy Şekerek bazara darap, olaryň saglygyny sorap gaýtdym. Şonda daýzam bu taýynyň Lebapça ýokdugyny ýatlatdy, gözýaş etdi. «Gören gözlerimizi ýene görmek miýesser etsedi, Hudaýym, ol bag-bakjalar, howlular, aryklar, Amynyň läbik suwy hiç göz öňünden gitmeýär» diýdi. Bu ýatlamalar meniň üçin «Oturan-turan ýeriňde» diýen ýaly gürrüň boldy. «Öňden oturanlar — ärsarylar, biziňem şol taýpadanlygymyza garamazdan, «Gelmişekler» diýip at dakýarlar» diýdi. Haçan-da gaýtjak wagtym daýzam: «Garyndaşlara salam aýt, bizden hatyrjem bolsunlar, biz sag-aman ornaşdyk. Şu töwerege gelseler, habarlaşyp dursunlar» diýdi. Şondan soň ýüregime gulgula düşüp, Owganystana göçmäni goýaýyn diýdim, ýöne onam enem etmedi. Takdyra kaýyl bolmasaň, alaç ýok, nirede duz nesibe tartan bolsa, şoňa iru-giç barmaly bolýar. Meniň bolsa, duz-çöregim bendihana tartypdyr — diýdi. Onda Annamyrat aga: «Inim Meret, käýinme, wagt uzakdyr, işallasa, duz-çöregiňi mekanyňa barybam iýersiň» diýip, maňa göwünlik berdi». Gelsem, oglum bolupdyr. Daýym dagy çaga doglanda işanlaryň buýran işleriniň hemmesini jaýba-jaý eden ekenler. Men eneme, daýyma ýagdaýy düşündirdim. «Göçmäli, orsam adam iýmez» diýdim. Men närazy bolsam-da, enem şol özüniňkini tutdy durdy. Daýymam: «Ýegen, göçeli, ogul-gyzymyzy mekdebe bermek hökmany, daýhan birleşigine girmeli, mal-garaňy oňa bermeli, bir gazanda ýal bişirip, barymyz bile iýmeli, bile işlemeli, bile-de goýmalymyş. Işan-mollalary ýok etjekmiş, baýlaryň elinden ýer-suwyny alyp, garyba paýlajakmyşlar. Bu zorluga çydap biljek däl, Şura häkimiýetiniň Jemhuryýetinde ýaşamak bize başartmaz» diýdi. Netijede, bir aýdan soň, daýym dagynam alyp, ýola düşdüm, Jöwza girip, howa-da gyzdy. Bu sapar köne dostum Çary keli hakyna tutduk, iň bir derwaýys zatlarymyzy aldyk. Gyş düşýänçä galan-gaçan zatlary-da alyp gideris diýen tamamyz bardy. Daýym: «Bir bada ýene göç gatnatmaly bolsaň, düýe harazy, tamlaryň gapylaryny, balarlaryny ýüklärsiň» diýdi. Biz sag-salamat, ýolda hiç hili telkew görmän, Antguýynyň Alty Bölek diýen gyşlagyna baryp ýerleşdik. Bu gyşlagda Hapyzlar tiresinden kowum-garyndaş köpdi. Daýymyň garyndaşlary-da bardy. Men şol sapar alty aý dagy şol gyşlagda eglendim. Sebäbi Ulugdepäniň kethudasy Omar Wekil garawulbegiden ýer alýançam saklanmaly boldy. Alan ýerimden iki sany tam galdyrmagyň ugruna çykdym. Akrap aýynyň ahyrynda jaýym taýýar boldy. Jaýyň binýadyny daýym basdy, ol şol sähetli günde goýun soýup, garyndaşlary çagyrdy. Jaýy gurmakda ähli Hapyzlar tiresi ýardam etdi. Olar: «Gerek zadyňy aýt, soň ahmyr etme» diýdiler. Tamlaryň içini-daşyny, üstüni samanly laý bilen suwandan soň, goýun soýup, sadaka berdim. Gurmak işini bir bat bes edip, ýene göç daşamaga başladym. Çünki günde-günaşa «Garyndaşymy getirip ber» ýa-da «Inimi, agamy aşyryp ber» diýip gelýän köpeldi. II arasynda «Batgalyk gurbagasyz bolmaz, Garagum çiştopbusyz» diýen nakylam döredi. Dogrudan-da, orsuň serhetçileri kerwen ýolundaky guýulary berbatlady, sardobalara bolsa, gündelik gözegçiligi gurady. Şonuň üçin suwsuzlykdan «Pylança maşgala gyrlypdyr» diýen gürrüň köpeldi. Şol aýdylan gürrüňlerden many çykarmasaň, ganyňy gotura derman etjekleri çyn. Soň men howatyr eden ýerimde ýagdaýy seljerip, ahmallykda ele düşmez ýaly, öň saldarlap görenimden soň göç alyp gitmäge razy bolýardym. Hötdesinden gelmerin diýen göçümiň ýanyna barmadym. Özüniň göçüme taýýar däldiginden habarsyz göçýänem bardy. Ýoluň uzaklygyndan, suwuň ýetjek-ýetmejeginden, iýmitiň azlygyndan, ulagyň ejizliginden habarsyz bendeler: «Meni-de alyp git» diýip, ýalbardylar. «Türkmeni göçürjek bolsaň, üstünden göç geçir» diýişleri ýaly, öz ýagdaýyny bilýänler-de, göçjek bolup hasyrdaşyp, bar taky-tukusyny eşegine, sygyryna ýükläp, näbelet, Garagumy sökjek bolup, ölenler köp boldy. Göç gatnadan döwrümde niçem bir ölen adamlaryň, atdyr düýeleriň jesediniň üstünden bardym. Göçhä-göçlügiň keseli hemmelere degdi. Käbir hojalyklar özleriniň näme sebäbe görä göçýändiginden habary ýok, ýöne göçmelimiş diýseler, soňuny saýman göçdüler. Ol hojalykda hepbe bilen depbe ýok. Ýer, howly, mal-gara, ogul-gyz ýok, diňe är-heleý ikisi, ýaşlary-da altmyşdan geçen adamlar, düşer ýaly bolmady. Gaýdyşyn Çekir obasyndaky tanyşlarymyňka daradym. Şonda Halmyrat işanyň metjidiniň ýanyndaky Juma bazarda dik durup, bir moýsepit, bazardaky köpçülige ýüzlendi. Ol: «Halaýyk, birsellem maňa gulak asyň, dek şu günler Owgana göçjek bolýanlar köp, ýöne ol ýerde bosgunlaryň ýagdaýy gaty agyr, göçmäni goýuň! Göçhä-göçlük abat howlulary, jaýlary bibat etdi. Watany taşlap gitmek türkmene ýaraşmaýar. Göçýänleriň galapyny bolmajak myş-myşa ynanýar, oňa ynanmaň, galat aýdýarlar. Tymsal üçin men öz kendimden ýeke ädim gaýra basjak däl, size-de maslahatym, göçmäň, soň ökünersiňiz-toba edersiňiz, ýerine gelmez. Magtymguly atamyz aýdypdyr: «Ursa, sökse, harlasa-da il ýagşy» diýip, şondan netije çykaryň, adamlar. Göçüp allaowarrada haram ölenler köp, oňa biparh garamaň. Men şu didäm bilen göçüp giden bosgunlaryň mekan tutan ýerini gören adam. Ol ýerde suw gyt, odun ýok, olar sygyr tezegini, iswendiniň köküni odun edinýärler. Olaryň ýaşaýşyny görseň, haýpyň geler ýaly. Köpisi ýerkümede ýaşaýar, o-da çygly, porsap dur! Hakykatyny aýtsam, olaryň görýän gününi it görse, gözi agyrjak. Göçenleriň arasynda ymykly Watana dolanjaklar köp. Ýöne olaryň ulagy ýok. Bar ulagy-da ýolda ýa-da barandan soň ölen, indem iki jahan owarrasy bolup ýörler. Birentekleri bolsa, yza dolanmagy namartlyk hasap edýär. Ondan hal-ýagdaý sorasaň, «Aý, ganymat» diýen-ä bolýor, ýöne ganymadam-a däl. «Bu zatlara aýp-syn ýok, wagty bilen yza dolanmaly» diýýänlerem bar. Dek öten hepde-de Gabasakgaldan Göleler tiresinden üç hojalyk yzyna geldi. Başga obalardan-da yzyna göçüp gelýänler köp, tükel olar mal-garasyndan-da dynypdyrlar. Häzirlikçe yzyna göçüp gaýdýanlar az möçberde, ýöne olar köpeler. «Iki göç — bir talaň» diýipdirler, göçmäň, adamlar! «Gurbatym çatsa, derrew yzyma göçjek, emma ne satara mal galdy, ne-de teňňe, günlükçilik etmesem, başga ýol ýok» diýýänler köp». Ýaňky adam sözüni tamamlansoň, birsellem durup, halaýygyň onuň öwüt-nesihatyna beren bahasyny diňledim. Bu ýüzlenmäni diňlänleriň birnäçesi «Bu adam orsuň dikmesi» diýse, käbiri: «Şol adam dogry aýdýar, göçmeli däl, tozmaly däl» diýişdiler. Şol adamyň diýýänleri meniňem maňzyma oturdy. Öňler bu ýerlerde küren oba bardy, häzir bolsa, boşap galypdyr. Çöpde-çörde san bardy, ýöne bu giden öýlerde, howlularda, san ýokdy. Soň men içimden: «Gör, bu gabahat pelegiň gerdişini, «Bu gün şa, ertir geda» diýişleri ýaly, göçjek bolup, bar zadyndan dynanlaram bar ahyry» diýdim. Pelwerde gelsem, Garajyklardan bäş maşgalanyň uly-kiçi, oglan-uşak, barysy suwsuzlykdan Garagumuň jümmüşinde ölendiklerini gürrüň berdiler. Men «Gulagyň eşidenini göz görmesin, Alla jan» diýip oýlandym. Sorap-idäp görsem, olaryň beledi Wepa gotur bolmaly, onuň göçi haýsy ýol bilen alyp gidendigini tekrarlap görsem, özi gabahat iş edene meňzeş, ol ýoly nädogry saýlapdyr. Ol kysmy adamdan howatyr etmedigiň ýüzi synsyn. Men saňa belet, lakga balygyň erninden başamany geçirmeseň, sypyşy ýaly, gaty sypjyk adam, sypar oturar ol. Hemem eýýäm özüne ýöňkeljek töhmetden sypalga gözleýändir» diýip, çak etdim. Bu habar köp adamy iňkise goýdy. Wepa gotura ýelmenen gara ýarlyk gün-günden möwjäp, Amynyň öz kenaryndan çykyşy ýaly, ýeke Lebapda däl, soň-soňlar Owganystanyň käbir etrapdyr gyşlaglarynda hem dilden-dile geçip ugrady. Ilat oňa nälet ýagdyrdy. «Ölenleriň hununy Wepadan aljakmyşlar» diýen gürrüňem gulagyma degdi. Wepa il arasyndaky gürrüňleriň soňunyň oň bolmajagyny aňyp, Nobat Myrahyryňka arz etmäge barypdyr. Şonda oňa töhmet atýandyklaryny, suwly meşikleri kim-de bolsa, biriniň kast etmek maksady bilen deşendigini aýdyp, öz başyndan gara ýarlygy aýyrjak bolup çalşypdyr. Ol Myrahyr aga: «Ata-babalarmyz aýdypdyr: «Owlak bakdym, agyz-burnum ýag boldy, ýetim bakdym, agyz-burnum gan boldy» diýip, ana, şol ýetimegem olaryň agyz-burnuny gana bulady» diýipdir. Onda Myrahyr oňa: «Sen maňa ýakymly sözlerden don geýdirjek bolma, men saňa belet, söze gezek gelende, seniň bilen hojalygy goşup oturybermeli. Bolan işi anyklarys, onuň çyn-ýalandygyny wagt görkezer. Eger şol iş çyn bolsa, senem tohumlyk galaryn diýme» diýipdir. Eşitmişime görä, şol gije Wepanyň ukusy gelmändir. Baýlygyň kül-külüne düşen bu haramsiýdik häli sagyna, häli çepine agdarylyp, eden işinden sypmagyň ýollaryny agtara-agtara, kelebiň ujuny ýitiripdir. Şol wagtam howlynyň künjeginde oturan baýguşuň jakyrdysy onuň gonjuna gor guýupdyr. Ol ädigini gowaldaň geýip, dazlap daşary çykypdyr. Eline kesek alyp, baýguşy kesekläpdir. Soňra ýerine geçip, tirsekläpdir, «Gel hany, yrym etmäýin, ýöne bu baýguşuň jakyrdysy gowulygyň alamaty däl» diýip, özüne göwünlik berip ýatanmyş. Wepa gotura ýönkelýän gara ýarlygyň hakykat gatanjy ýogsam iki dälmiş». GARAGUM — GUMLARYŇ ŞASY Hawa biz ýene gürrüňe başladyk. Şol sapar göç alyp gidenimde bahar aýydy. Guma çykandan janyňa lezzet berýän ýakymly ys göwnüňe-göwün goşýardy. Bütin gumy ýaşyl mahmala bürän otlar, çalaja öwüsýän ýeliň täsirine başlaryny yralap oturan güller bezeýärdi. Her ädimde duş gelýän sazakdyr çaly, çerkez ýaly ösümliklerem onuň üsdegidi. Bu ummasyz uly çölde owlak-guzynyň mäleşýän, guşlaryň jürküldeşýän sesi, Garagumy ýaňlandyryp, giden tokaýlyga mezeýärdi. Howa dymykdy, kä bulutlar günüň ýüzüni tutup, soň ýene Gün çykýardy, käte bolsa, bölejik bulutlar özüniň merjen damjalaryny otlaryň üstüne sepeläp dem almagy ýeňilleşdiiýärdi. Şeýle-de bolsa, ýoluň önüşiniň ugry ýokdy. Göçýän üç hojalygyň mal-garasy-da bile sürlüpdi. Biz ir gözin Ýedikaka bardyk-da, ýük ýazdyrdyk. Şonda men aňyrraga ýazylmaga gidenimde, uly sazagyň üstünde höwürtge guran syçançynyň ýyrtyjy guşdygyna garamazdan, şol höwürtgäniň iki-üç garyş aşagynda serçeler topbak bolup höwürtgeläpdir. Olar azam däl, on-on-bäş höwürtge dagy bardyr diýdim. Men muňa haýran galdym, serçeleriň ýyrtyjy guş bilen bir ýerde höwürtgeläp köpelmegini akyla sygmajak zat hasapladym. Ertir çaý başynda bu bolşy gürrüň berdim. Şonda göçüp barýan garry çopan onuň sebäbini düşündirdi. Ol bu guşlar bir-birine hemaýat berip, bir ýerde ýaşaýarlar. «Söýenişen ýykylmaz» diýenleri ýaly, bular bir-birine söýenýärler. Haçanda, syçançynyň ýumurtgasyna ýa-da jüýjesine ýylan, tilki, ýyrtyjy guşlar zeper ýetirjek bolanda, serçeler ala-gowur turuzýarlar. Olaryň bu nalasyraýan sesine syçançy uçup gelýär-de, öz duşmany bilen göreşip başlaýar. Eger ýylan bolsa, onuň guýruk tarapyndan tutup, göz görmez göge göterip, ýere taşlaýar. Şol wagtam çala janlygyndan peýdalanýar-da düýt-müýdüni çykarýar. Tilki bolsa, ene guş bilen erkegi birleşip, oňa garşy hüjüm edýärler. Şeýdip öz duşmanlarynyň hötdesinden gelmegi başarýarlar. Bu ýerde serçeler, hem habarçy, hem öz jüýjelerini, özlerini syçança goradýarlar. Bu guş adyna mynasyp, syçanlaryň ýagysy. Günde birnäçe gatyguýruk bulara iýmit bolýar. Aýratyn-da jüýjelän döwri jüýjelerini syçanlaryň iň näzik etleri bilen iýmitlendirýär. Şonda olar bütin günüň dowamynda aw bilen meşgul bolýarlar. Jüýjeleri iýmitlendirmek köplenç ene guşuň paýyna düşýär. Kä wagt erkegi ene guşa dynç almaga wagt berip, özi awa çykýar. Erkek syçançy köplenç höwürgäni saklaýar diýip, garry çopan bu guşlaryň gylyk-häsiýeti barada gyzykly gürrüň berdi. Oturanlar çopanyň gürrüňini üns bilen diňlediler. Biz düýelere ýük urup, ýola düşdük. Kiçi şora baranda, ýük ýazdyrdyk, mal-garalara suw berdik. Kerwenbaşy gije şu taýda ýatmagy maslahat berdi. Şol gije şu guýuda goýun bakýan Aşyr naýçy naý çalyp, hezil berdi. Ekmeden bolan bu saz guralynda Aşyryň barmaklary diýseň çalt hereket edýän ekeni. Ertesi irden ýene ýola ugradyk. Ýolda dört ýaşyndaky oglan gökbogmadan heläk boldy. At gaýtarym ýöredik diýsek, sürüp barýan sygyrlarymyzyň biri gübser ýaly çişdi, süýrege eýermedi. Barmaly guýumyza gijäniň bir wagty bardyk. Bu guýuda Çekirden bir baýyň sürüsi bar eken. Biz bärden barandan itler batly üýrüp bizi garşy aldy. Itleriň üýrmesi, eşekleriň aňňyrmasy, atlaryň hokranmasy, ýaş çagalaryň agy sesleri garyşyp, goluň içinde ala-goh turuzýardy. Ot ýakdyk, çaý gaýnatdyk, garbandyk. Soň ýaňky sesler ýatyşdy. Ertesi irden mal-garalary suwlap, ýola düşdük. Gün ýaşmaga naýzaboýy galanda Soltansardoba bardyk, ýükleri ýazdyryp çaý içdik. Ertesi sardobadan boşan meşikleiimizi suwdan dolduryp, ýola ugradyk. Men garry çopan bilen ýanaşyk ýörämsoň, ýene oňa sowal berdim, sebäbi kädiniň ýapragy ýaly, gollan yşgyn duş geldi. Çopan «Yşgynyň köki köp kesele emdir», köküni güýzüň ahyrynda köwläp almaly diýdi. Gidip barşymyza, ine, bu ýylak, bu çüm, muňa itgöjele diýerler, bu bolsa keýigokara, muňa sersepil diýerler. Bu ýarym gyrymsy ösümlik köp ýyllyk. Güýze baka ýapragy püre öwrülip, dessejikler emele getirýär, şonda ir-iýmiş emele gelýär. Şolar bolsa köp derde emdir. II arasynda: «Meniň adym sersepil, müň bir derde men kepil» diýermiş diýen gürrüňem bar. Bu ösümlik tebipleriň gowy görýän ösümligi. Biz bir goldan geçip barýarkak çopan meni saklap «Seret» diýdi. Muňa gaty selçeň duş gelinýär, şuňa andyz diýerler. «Andyzlynyň aty ölmez» diýen nakylam bar» diýdi. At, eşek sanjylasa, andyz berýärler, bu şoňa emdir. Bir görsek, ullakan sary öwüşginli zemzen ýoly kesip geçdi, atlarymyz gulaklaryny keýkerdip sakga durdy. Çopan «Bu peläket, böwen emjek geçileri emýär, geçide ýelin agyry keselini döredýär» diýdi. Tekizlige düşenimizem şoldy welin, ses ýetim aralykda bir topar keýik hatara dur. Olar ýeňiljekden ylgap barýarlar. Çopan «Gör, bular nähili owadan haýwan, kähalatda owlaklaryny halas etjek bolup, özleri ýyrtyjylara şamlyk bolup, ýa-da adam eline düşýärler» diýdi. Soň men çopana bir zamanlar eşiden ahwalatymy aýdyp berdim. Musulmanlarda Lukman hekim (Abu Ali Ibin Sina bolmaly) diýip at alan ökde tebip barada köp rowaýatlar bar. Şol rowaýatlaryň birinde Lukman hekim Horezmiň paýtagty Gürgençden Jürjana gidende Garagumy düýeli geçipdir. Ol sapar bu bu gumuň ösümliklerini, haýwanlaryny görüp, onuň gum däl-de duran bir dermanhanadygyny aýdypdyr. Ol: «Bu gum gumlaryň şasy» diýipdir diýen gürrüň bar. Dogrudan-da Garagumuň otuny iýen mallaryň eti dermandyr diýip aýdýarlar. Bir görsek gaty köp pyşbagalar haýdaşyp barýar. Şonda garry çopan şu janawarlar ýagty jahanda köp ýaşasalar-da öz ömrüniň köp bölegini ýeriň aşagynda geçirýär. Olar gysga wagtlaýyn ýerden çykýarlar, özünden nesil galdyrmak üçin hereket edýärler. Olaryň erkegi kiçi, ene pyşbaga uly bolýar. Soň ýaňky erkek pyşbaga «zaluwat» işini etjek bolup horlanýar. Kähalatda ene pyşbaganyň üstüne aşanda arkan gaýdyp, soň aýaga galyp bilmän ölýänleri-de bolýar. Ýagdaýa düşünýän ene pyşbaga özüne çukurjyk edinýär, şonda ýaňky erkek pyşbaga öz işini tamamlaýar. Bular ýumurtga bilen köpelýärler. Ýumurtgasyny gizlin ýerde üç garyş töweregindäki çägä goýýarlar. Onuň ýumurtgasyna hälki, ýylan ýalylar heris bolýar. Bularyň gömen ýumurtgasyndan geljek ýyl, howa gyzanda ýaş pyşbagalar ýerden çykýar. Olar gök ot bilen iýmitlenýärler. Otlar alagök bolanda, pyşbagalar ýene çäge aşagyna gömlüp, uka gidýärler diýip Allaberdi çopan gyzykly gürrüň berdi. Ertesi ýük ýazdyryp, naharlanmaga oturanymyzda tezekçi tomzak täzeje sygyr tezeginiň tokgajygyny syrtky aýaklary bilen togalap barýar. Çopan ony görkezdi-de «Görüň bu-da eýýäm tezegiň ortasyna öz ýumurtgasyny goýup, bir ýerde gömer. Özünden nesil galdyrmak üçin gysdanýor» diýdi. Soň ýaňky ýumurtgadan çykan gurçuk tezekden doýar-da enesine ogşaýan tomzak bolar diýip köp gürrüň berdi. Çopan möjekleriň gylyk-häsiýeti barada-da gürrüň berip olaryň otdan, ýakymsyz sesden gorkýandygyny, suw içende itler ýaly, dili bilen içmän, sessiz dişinden syzdyryp içýärler diýdi. Garryja çopanyň möjekler barada beren gürrüňini üns berip diňledim, ýöne bu ýyrtyjylaryň gylyk-häsiýetini öwrenendigimi, olary awlaýşym barada kelam-agyz zat diýmedim. Soňky günlerde bela-betere duşman, dokuzynjy gün diýende, göçi Şybyrganyň «Taganaryk Türkmen» diýen gyşlagyna eltip gaýtdym. OGUL ULALSA JEŇ ÝASAR, GYZ ULALSA, HEŇ Bu gün gürrüň Annamyrat aganyň düýşi barada boldy. Irden turanymyzda Annamyrat aganyň ýüzi salyk, şumjaryp geplemän, saňsar bolup durdy. Şonda Öwezgeldi aga: «Inijigim, janyň dagy bir sagmy, ýüz-gözüň ýuwusgadan ätlän ýaly, ap-ak, näme boldy?» diýip sorady. Sakgaldaş düýş gördüm şu gije, öz-ä gowy düýş-ä däl, hem-ä eýgilik bol-a diýleni bolsun. Entegem sandyraýaryn, el-aýagym owum-döwüm. Soň men: «Annamyrat aga rahatlanyň, hany, gören düýşüňizi aýdyň!» diýdim. Düýş üç hili bolarmyş: bulam-bujar, oraşan hem aýan. Ine, şu aýan düýşi ýorup, galanlaryny ýormandyrlar. Bizem aýan diýip şu düýşüňi ýoraly. Pygamberler ýorgudy bolsun, aýdyp oturyň» diýdim. Onda ol: «Aýtsam, öýlenmezden öň maňa hun azabyny beren oglum bardy, ana şol düýşümde Amynyň kenarynda durmyş. Birden ýykgyn gelip, oglumyň duran ýerini goparýarmyş, ony bir bölek gum bilen girdabyna alyp gidýärmiş. Men oňa kömek etjek bolup özümi suwa urýarmyşym. Oglumy halas etmek maksady bilen ýüzjek bolýaryn, ýöne ýüzüp bilmän duran ýerimde sandyrap durmuşym. Şol arada oglumyň kellesi suwdan kä çykyp, kä çümüp, ýer ýuwdan ýaly bolýarmyş. Soň görsem, aňyrrakda bir ýylgyna ýapyşyp, kenara çykmak üçin dyrmaşyp durmyş. Şol wagtam men oýandym. Görsem, sagadam ýaňyja bire golaýlapdyr. Men gaýgy edip uzynly gije uklap bilmedim» diýdi. — Inijigim, häzir düýşüňi ýorarys, Pygamberler ýorgudy bolsun. «Bismillähir-rahmani-rahym! Meniň ýorşuma görä, ogluň bir bela-betere duş bolup ondan öldükde sypan bolmaly. Erte-birgün yzyňdan hat geler welin, hemmesi gülala-güllükdir, gaýgy etme-de olaryň saglygyny dile. Soňam il arasynda «Ýaz düýşüniň ýary ýalan, gyş düýşüniň bary ýalan» diýen nakylam bar. Häzir bolsa, kükreme gyş, diýmek bary ýalan. Sakgaldaş, düýşümi gowluga ýorduň, minnetdar, şat Hudaýym gowluk bolaýadyr. Soň biz irden tokaýa işe gitdik. Işden gaýdyp gelenimizden soň, agşamlyk naharyny iýdik. Ýene gürrüňe başladyk. Şonda men: «Annamyrat aga, siz irden düýş gördüm diýeniňizde, şol oglum hun azabyny berdi diýdiňiz, ol nähili azap?» diýip soradym. Şonda Annamyrat aga oglunyň ýetginjek döwründe eden bimaza işlerini şeýle gürrüň berdi. — Süýdüne gezdi, ýedi ýaşaýança enesini emdi, özünden soňky doglan çagalaryň rysgalyna kesek atdy. Emdirmese, aglady, eňredi, öz diýenini gögertdi. Ana, şol oglum ir ýetişdi. Bu bir ys alyp başlandan bir ýelni kesilene sataşypdyr. «Möjegiň gözleýäni garaňkylyk» diýişleri ýaly, ol ganjygyňam gözleýäni şolar ýaly ýaş oglanlar eken. Eşitmişime görä niçem bir ýaş ýetginçekler onuňka gatnapdyr. Meniň bolsa ol zatlardan habarym ýok, ýogsa haý-küş diýjegim çynym. Oba arasynda myş-myş köpelip, ahyry bir zenan keýwanyma Berdiniň şol lolynyňka gatnaýandygyny aýdypdyr. Bir gün çaý başynda keýwanym: «Berdini öýersek neneň bolar, atasy» diýdi. Sen näme gelniň hyzmatyna zarmy, ýetişen gyzyň bar, işlet şony, oglumyz entek ýaş, öýlendirden gögele diýdim. Onda keýwanym: «Oňa haý-küş diýmeseň, ol-a Narjulkyňka gatnaýarmyş, görenler bar» diýdi. Menem: «Heleý, otur hol taýda, samahyllamaňy goý» diýdim. Bu gep şu ýerde galdy. «Ogul ulalsa jeň ýasar, gyz ulalsa, heň ýasar» diýişleri ýaly, oglum jeň ýasap ýören ekeni. Bir gün keýwanym: «Üçekden bir halta jöwen düşürip bermeseňiz, unum gutarandyr. Şu gün elim boşrak, degirmeni Welnazar baba dişetdim, bir sanaç un taýýarlasam gowy boljak diýdi. «Bolar, meniň-ä gitjek ýerim ýok» diýdim-de haltany alyp, merduwany ýerine dikläp, üçege çykdym. Görsem, ahyrdaky jöwen azalypdyr. Haltany dolduryp ýere düşdüm. Keýwanyma: «Öň ahyrdaky jöwenden ogluňa jöwen düşürtdüňmi» diýsem, «ýok» diýdi, birsellem saňsar bolup durdum. Şu bela jöweni kim ogurladyka, ogry girmeli däl diýip iňkise gitdim. Şol wagt meni synlap duran keýwanym: «Halwany hekim iýer, gamçyny ýetim» diýipdirler. Dogrusyny aýtsam, jöwen-ä çepbe çeýnäp Narjuluk iýsin, gamçynam ogluň diýdi. Menem: «Keýwany, düşünişeli, näme diýjek bolýorsyň, jöweni şol lolynyňka Berdi daşady diýjekmi?» diýdim. Onda keýwanym: «Eýsem kim daşasyn, elbetde, şoldur» diýdi. Keýwany, näme üçin wagtynda aýtmadyň, senem «Gaz uçup, garga gonansoň aýtýorsyň» diýsem, ol: «Hö günjek aýtsam, yşanmadyň, gaýtam maňa let berdiň» diýdi. Nätjek soň men dilimi dişledim. Dili siňňilli ýaly keýwanymyň diýeni dogry çykjag-ow diýip oýlandym. Keýwanyma: «Narjuluk kim, gowy heleý dälmi?» diýsem, «Ol-a duran bir loly» diýdi. Şol wagt men Annamyrat agadan: «Narjuluk owadan aýalmydy?» diýip soradym. Onda «Aý, ýok, owadan nirede, julk diýseň, julkdy, ýeke özi aç eşege ýük boljak, güwser ýaly bir zenan» diýdi. Sallah ýigitlerden sorasaň-a: «Biçem däl, perizat» diýerler. Hawa, «Kim küýkini söýer, kim gaýkyny» diýenleri. Ýetginjekler üçin ol perizat bolandyr. Bu zenan otuz-otuz bäş ýaşlaryndaky dul. Şol arada üç ýola äre baryp, üçüsinden-de talagyny alan mes aýal. Onuň mesligine baran ärleri çydamandyr. Sebäbi äri işden ýadap gelse, onuň boýnundan dolap, şorja ýaňaklaryndan ogşap gijesi-gündizi ýok, tä şol «zyna» işi bitirýänçä goýmaz eken. Bu zenanyň iň öňki baran hojalygynda bolan wakany il arasynda şeýle gürrüň berdiler. Şol doýmaz-dolmazy duluna geçirensoň, köp wagt geçmänkä oglanyň taby gaçyp ugraýar. Oglanyň enesi: «Iki gözi dört bolaly bäri gün geçdigiçe oglumyň gözi içine çöküp, saralyp-solup barýar, bu nebela?!» diýip içini gepledýär. Soň ol gijelerine ogly bilen gelni ýorgana girensoň, olary diňlemäge başlaýar. Gelni ýorgana girenden oglany öz erkine goýman, sypap-sermäp, ogşap, ondan lezzet alýança her hili gyjyndyryjy ses çykarypdyr. Myradyna ýetensoň, haş edip birsellem ýatýarmyş. Bir käse çaý içer salymdan ýene oglany öz erkine goýman, «zyna» işi bitirýänçä ony öz erkine goýmandyr. Enesi oglunyň horlanyşyny anyklansoň, bu işiň çaky-çeni bar diýip gelniniň talagyny berdirýär. Narjulkuň soňky baran ärleri-de bu zenanyň mesligine çydaman, talagyny beren ekenler. Oglum ýaňyja on altyny doldurypdy, nädip şol mezeňe sataşypdyr, bilmedim. Şolar ýaly gögele oglanlary özüne öwrenişdirip gözüni baglaýan ekeni. Men oglumy ýanyma çagyryp, «Sen meni ogurlugyň bilen peteň etdiň, mesrepsiz çaga bolup dörediň. Hetdiňi bilmän, meni il içinde ryswa etdiň, heý, başga pişe tapmadyňmy?» diýdim. Oglum kellesini aşak sallap dymyp durdy. Gatyrgananym peýda berdi. Tä öýlendirýänçäm burny ganan ýaly, ýere bakyp ýöredi. Soň men ony öýerjek bolup paý-pyýada biriniňkä gatnadym. Guda boljak ýerimiň erkegi birhiliräkdi, göklän kürre ýaly, tumşugyny dik döge tutup, meni hasap etmejek boldy. Garaz gatnaý-gatnaý siýdigim saraldy. Ahyry hä diýdirdim. Ol wagtlar galyň meselesi has gorkunçdy, orsuň kanuny gatydy. Aldy diýseň boldugy bendide çüýretjegi çynydy. Şonuň üçin gaçyryp aldyk diýen bolduk. Öwezgeldi aga: «Herki düýş ýorsaňyz ýaramaz düýş bolsa-da gowulyga tarap yňňyt edeweriň. Gowulyga ýorsaňyz, erbet düýşem bolsa, ony düýş gören adam tiz ýadyndan çykarar. Ýaramaz ýorsaňyz, şol adam gije-gündiz pikirde bolar. Iň gowusy gören düýşüňi hiç kime ýordurma, özüň-de ýorma, düýş barada pikir etme. Şeýle edilse soň-soňlar ertire çenli gören düýşüň ýadyňdanam çykyp gider. Meniň sargydym maşgalaňyza-da sargaň, düýş görse-de düýş gördüm diýmesin» diýip Öwezgeldi aga gürrüňini tamamlady. Soň biz ýatyp dynç aldyk. ÝYLANLY OÝ Bu gün gürrüň ýylan barada boldy, sebäbi biziň brigadamyzyň agaç taýýarlaýan ýerinde uly çukurda bir-birine dolaşyp ýatan ummasyz köp ýylan topbagyna duş geldik. Biz iki bolup ýykylan agaçlary pudaýardyk. Birden işdeşim Andreý ýom-ýok boldy. Birsellemden «Meret, kömek et!» diýip gygyrmaga başlady. Ylgap bardym, görsem, ellerini uzadyp: «Tiz bol, çek elimden, tiz bol, ýogsa bu taýda bir haýwana bar, aýagymyň aşagy gaty ýumşak, tiz bol» diýip batly gygyrdy. Men ony öldüm-de zordan tartyp çykardym. Soň men: «Näme boldy, ol çukurda nähili haýwan bar» diýip soradym. — Bilmedim, çukur garaňky, aýy-ha däl, näme-de bolsa, bedeni ýumşak haýwan. — Gyş aýlary bolansoň biz, bu aýynyň gyş ukusynda ýatan ýeridir diýen netijä geldik. Şol wagt brigadir, biziň sesimizi eşidip, ýanymyza geldi. Ol: — Näme ýaňrap dursuňyz, işläň ahyry — diýip, igesini sürtdi. Andreý oňa: «Şu taýda çukur bar, onda bir haýwan bar. Ol meni dişlemedi, sesinem çykarmady, ýöne müňňüldedi» diýdi. Brigadir birsalym Andreýiň ýüzüne seredip, oňa näme diýjegini bilmän, ýylgyrdy. Soň ol: «Çukurda hiç hili haýwan ýokdur. Ýumşak, possuk diýeniň bolsa mohdyr, lişaýnikdir» diýdi. Onda Andreý: «Hemedan daş bolsa, kädi ýakyn», ine-de, çukur, geliň göreli, şonda kimiňki dogry bolsa, belli bolar» diýdi. Biz üç bolup çukuryň agzyna bardyk, onuň agzy ulurak sokynyň agzy ýaly tegelenip dur. Seretseň, içi garaňky bolansoň, hiç zat görünmeýär, ses-seza ýok. Çukuryň agzy çöp-çalam bilen basyrylan bolmaga çemeli. Haçanda çenli Andreý oňa gaçanda çukuryň ýapynjasyny özi bilen aşaklygyna alyp giden bolmaly. Birgadir egilip çukuryň düýbüne seretdi, emma hiç zat görmedi. Soň kisesinden fonaryny çykardy-da, çyrasyny ýakyp, çukuryň düýbüne tutdy. Birdenem: «Oh» diýip arkan serpildi. Aýak-elleri titräp: «Gaçyň, gaçyň, ýylan bar, häzir olar üstümize çozar» diýdi-de, gaçyp başlady. Bizem onuň yzy bilen etek alty, ýeň ýedi, hatar-tirkeş bolup gaçdyk. Şol barşymyza agaç kesýänleriň ýanynda saklandyk. Agaç kesýänleriň arasynda Boris atly Sibirde doglan biri bardy. Ol brigadiriň gürrüňini diňläp: «Ýylanlar gyş ukusynda, olar gyşlamak üçin ökde sowuk düşmezden öň bir ýere ýygnanýarlar. Soň biri-biri bilen çolaşyp gyşy geçirýärler. Olar diýseň köpdür, belki, birnäçe ýüz, müň bolmagy ahmal. Häzir olar gyş ukusynda ýatan ýerinden gozganmazlar, gorkmaň» diýdi. Şondan soň biz Andreý bilen gorka-gorka ýatan agajy pudadyk-da pürli şahalary çukuryň agzyna üýşürdik. Bu waka bütin bendihana ýaýrady. Birnäçe gün gürrüň diňe ýylanlar barada gitdi. «Çukury bize-de görkeziň» diýenlerem tapyldy. Şol gün işden soň çaý-naharymyzy iýenden soň ýatagymyza geldik. Şol gije Annamyrat aga öz başyndan geçiren bir wakasy barada gürrüň berdi: «Ol wagtlar men çolukdym. Tomus günleriniň birinde ýaka agyz suw getirmek üçin gaýtdym. Gündiz bökelekdir gögeýinden heder edip, gije ýöredim. «Ýylanly oý» diýip at alan oý bardy, şoňa ýetenimde «Ýylanly oý» diýib-ä at beripdirler, ýöne häzire çenli bu oýda ýylan görmedim» diýip oýlandym. Biraz ýörenimem şoldy, birden eşegim burnuny parladyp ýöremän dur duran ýerinde. Düýe-de owsar ýüpüni üzere getirip, yza çekilip başlady. Menem: «Bu nämäniň alamaty, janlarym, möjekler daşymy aldymy?» diýip daş-töweregime garadym. Düýäniň owsar ýüpüni elden sypdyrman, eşegimi saýgylap başladym. Aý aýdyňdy, birden göni öňüme seretsem, bir gara somalyp dur, ýogynlygy boýuntyryk ýaly bir bela. Özem «haş» eden ýaly boldy. Siňe seretsem, bir äpet ýylan on ädim aňyrda kellesini galdyryp bize seredip dur. «Gurt agzasaň, gurt geler» diýişleri ýaly bold-ow» diýdim. Howsalam artyp, birbada gözüm ýer görmedi. Özüme gelenimden soň, eşegimi yza öwrüp, gaçaýyn diýsem, bu janawaram sandyrap, ýöräp bilmän, duran ýeri özüniňki. Şol arada düýäni goýberdim, ol yza baka däbenekläp ok atylan ýaly gitdi. Eşekden düşüp, ony idegläp başladym, otuz-kyrk ädim töweregi süýränimden soň, eşek özüne gelip, ýorgalap başlady. Ep-esli ýöräp yzyma seretsem, ýylan görünmedi. Soň düýäni tutmak elem boldy. Şol patanaklap gidip otyr, gidip otyr. Menem eşegimi ýorgaladyp düýäniň yzyndam kowdum oturdym. Ahyry düýe janawaryň özi saklandy. Içimden «Bar işi sen ýoýduň» diýip ýylana käýindim. Sebäbi men wagtynda suw alyp barmasam, çopanlar suwsuzlykdan horlanjak. Soň saklandym, «Ýylanly oý» diýip ýöne ýere aýtmandyrlar, onda-da bu ýerde ýylanlaryň şasy bar eken» diýip oýlandym. «Nätmeli, yza-ha gitmeli däl, öňe ýöremeli, bu peläket degmedige degmezmiş öz-ä» diýdim-de, bir ýapyny orta goýup daň atýança şu ýerde saklanmagy makul bildim. Irkilen ekenim, görsem, ýalançy ýagtylypdyr, düýe-de gäwüşäp çöküp otyr. Hasyr-husur turdum-da, ýoly dowam etdim. Eşegem, düýe-de ädimini zordan ätledi. Wagtal-wagtal durup diň saldym, ses-semer ýok. Allany çagyryp, adyny tapan öwlüýälerimiň ruhuna aýat okap, ýoly dowam etdim. Onýança howa gowy ýagtyldy, ahyry ýylanyň ýoly kesip geçen ýerine ýetdim. Ýylanyň yzy mese-mälim görnüp dur, edil mala süýrän ýaly, ýaldyrap ýatyr. Şol yzy kesip geçensoň eşege «hyh» diýmedim, düýä-de çüw, ýöne ýelken barýan ýaly ýorgalap gidiberdiler. Ýaka baran dessime çelekleri suwdan dolduryp, yssy bolsa-da, ýola düşdüm. Göwnüme bolmasa, agşamky aždarha önümden çykaýjak ýaly boldy durdy». — Inijigim, gutardyňmy? — diýip, Öwezgeldi aga Annamyrat aga ýüzlendi. — Hawa, gutardym. Soragyň barmy? — Soragym ýok, ýöne öňem bir awçy köpçülikde şeýle diýipdir: «Düýn awa baranymda guýrugy kyrk gulaç tilki gördüm». Oturanlar onuň bilen ylalaşmandyrlar. Soň bir jalataý «Näçe diýdiň?» diýip sorapdyr. Ol ýene «kyrk gulaç» diýipdir. Ýaňky jalataý ýerinden turaga-da gamçysy bilen awçynyň ýagyrnysyna ýelmäpdir. Soň ýene «Näçe diýdiň?» diýip sorapdyr. Awçy bolmajagyna gözi ýetensoň, «Häzirki tilkileriň guýrugyndan-a uzyn» diýipdir. Oturanlar «Indi ynansa-da bolar» diýip gülüşipdirler. Seniňkäm, inijigim, öz-ä awçynyň tilkisine meňzeşräk. Ýaňy boýuntyryk diýdiňmi, mala diýdiňmi, ynanar ýaly däl. Gorkana goşa görüner bolaýmasyn ýene» diýdi. — Ynanmasaň, özüň bil, sakgaldaş, ýöne görenim çyn. — Ýylandan aman-esen gutuldyň gerek? — Alla janyň özi öz penasynda saklady, gutuldym, sakgaldaş. — Inijigim, bir zat sorajak, ýöne göniňden gel. — Soraber, sakgaldaş, hiý egri sözlän wagtym boldumy? — Inijigim, ýylanyň dilini zybyrdadyp duran kellesine gözüň düşende dyzdanyň agyna pişigiň dili ýaly goýberensiň, dogry gerek? — Sakgaldaş, ten şum gürrüňi sen tapýorsyň, enteg-ä, gorkymdan siýip-syçan ýerim ýok, indem bolmaz, işallasa, sen maňa igäňi sürtme-de, özüňi oňar. Baýak ýekegapandan gorkuşyň barada özüň gürrüň beripdiň. Şonda balagymyň agyna birki damja goýberdim diýipdiň. — Injigim, men dogrymy aýtdym, senem dogryňdan gel, baý ys berendir öz-ä... — Sakgaldaş, şüpüllä çenli balagymy pohlan ýerim ýok. Özüň welin, çyn irindi adam ekeniň, saňa aýdan-diýen boljak däl. Biderek gep tap diýseň, içiň byjyklap dur. — Inijigim, sen ýaňdan bäri eňegiňe jaň dakylan ýaly baý saýradyň, ýöne dogryňdan gelmediň. Idili adam bolsaň, göniňden gelerdiň. — Sakgaldaş, saňa dagy şu wakany gürrüň bereniň dilini kesseň. Boldy, goýaly, sen gepi ýuwmarlamaga ökde. Agzyňyň gylakaýyny akdyryp, birine at dak diýseň, birini şermende et diýseň, keýpiň kök. Melal alma, sakgaldaş, adam öz kemçiligini bilmeýär. Adamyň kemçiligi gulagynyň arkasynda bolarmyş, ony özi görmezmiş. Kemçiligini ýüzüne aýtsaň, ony gaty görer, sen şol mahluklardan, halypa. Atam sargardy: «Gep okan pedernäletden häzir boluň!» diýip. Sen tüýs şolardan, senden daş durmaly. — Bolar, inijigim, sözüňi tamamladyňmy? — Tamamladym. — Näkäre bolsa-da, seniň gaty-gaýrym aýdanlaryňy göwnüme almaryn. Asgyrsaň, mydama ýanyňda tapylaryn. — Meniň ýanymda ne görüň bar?! — Sümügiň aksa, şony süpürip berer ýaly. — Sümügim akmasa nätjek? — Ol eýýäm akdy, «Geplemäni başarmaýan agyzdan; syça bilmez göt ýagşy» diýipdirler. Öňi bilen geplemäni öwrenmeli, soň at dakmaly. «Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy?» diýipdirler. — Gel, sakgaldaş, erjeşmäni goýaly, seniň bilen sanaşyp durmaga mejalym ýok, men gaty ýadaw. — Bolan işi boýnuňa alsaň, men ýedi bizar erjeşmekden. — Sakgaldaş, sen gepe ökde. «Bidöwlet gep ýygnar, döwletment çöp» diýen nakyl bar. Saňa gep ýygna diýseň. — Dogry, gep haltam doly, ýöne bidöwletem däl, tersine öz-ä, men döwletmen adam. Sen meniň gepimi ökde altyna gaplap gaty görme, hemmesi degişme. — Göwnüme degjegiňi degip, ýene «Altyna gaplama» diýdigiň näme, özüň welin, çyn jögi adam. — Inijigim, sen kim, welimi, Hydyrmy, ýa-da sypaýylaryň sypaýysymy? — Men olaryň hiç haýsysy-da däl. «Biri dil bozar, biri-de düzeder» diýen nakyl bar. Men mydama seniň uzynja diliňi düzetjek bolýoryn. — Halypa: «Ýyldyz süýnse, kapyryň başyna» diýenleri, gep okanam men, irindäm men, mahlugam men, balagy pohlanam men. Bol-bol, inijigim, sen bol. «Ýoldaşyň garga bolsa, iýmitiň poh» diýip ýöne ýere aýtmaýarlar, meniň iýmitim şol poh-da. — Bularyň erjeşmesiniň ahyry ýakalaşma barar — diýip, men olara: «Kaş etmäni, erjeşmäni goýaly, dynç alaly, irdenem agyr iş garaşýor» diýdim. Men gowy uklap bilmedim. Annamyrat aga-da: «Ýylanam gurasyn, menem» diýip, iki ýanyna agdarylyp gowy uklap bilmedi. Ertesi: «Gowy uklamadyň» diýsem, Annamyrat aga: — Bir gün şu sakgaldaşyň sümügini çuwala çaldyryn öz-ä, ten meni gep okap goýmady. Soň nädip uklajak, jan inim, Meret — diýip zeýrendi. | |
|
√ Ojak -2-nji kitap -19: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -7: romanyň dowamy - 02.05.2024 |
√ Duman daganda: “Garakçylar kerwen görse begener” - 02.06.2024 |
√ Duman daganda: Wezipe berilmeýär, alynýar - 16.06.2024 |
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
√ Faraon -33: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Köne mülk -11: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |