16:38 Üç tussagyň ýatlamalary-18/ romanyň dowamy | |
BOSGUNLAR
Romanlar
Biz 1930-njy ýylyň seretan (Iýun) aýynyň ahyrynda Şybyrgandan otuz bäş çakrym töweregi (çakrym-bir müň altmyş metre deň) günortasynda tozap ýatan meýdana baryp öýlerimizi dikdik. Bu Mergen togsabaýyň öňden iberen diwanbegisiniň Owgan hökümetinden alan ýeridi. Soň baýyň tiresinden otuz bir hojalyk, bularyň bary Lammanyň Bekewül bölüminden, çopan-çoluk we beýleki tirelerden on-on iki hojalyk bolup, kiçeňräk obany emele getirdi. Sakawlar tiresinden bolan Mergen togsabaý bu oba howandarlyk etdi. Soňa baka bu oba Mergeniň gyşlagy, Mergenli diýen at galdy. Bu gyşlag soň ulaldy. Gapdaldan akýan derýajykdan baş alýan aryk gazdyk, oňa-da Mergen aryk diýen at galdy. Bu ýere gelen ýyllarmyz odundan horlandyk. Öňden şu töwerekde ýaşaýan ärsarylar bize gelmişek diýip at dakdy. Bular ir zamanlarda bu topraga Maňňyşlakdan göçüp gelipdirler. Özleri-de gowy ýerleri saýlap alypdyr. Özleriniň bir bogy üzüm, tut, gowaça ýaly odunlaryny bäş owganydan bäri bermediler. (Owgany Owganystanyň pul birligi). Şonuň üçin biz sygyr, at, eşek tezegini, düýe hem goýun gumalaklaryny odun deregine ulandyk. Şeýdip sekiz-dokuz ýyly ýagşy-ýaramaz geçirenden soň, birneme ir-iýmişli, ekin-tikinli bolduk. Dogduk mekany Lebaby taşlap gaýdanymyza näçe puşman etsek-de ýerine düşjek däldi. Şonuň üçin takdyra ten berip ýaşap başladyk. Orsuň tertip-düzgüni bize ýaramady. Odunly meselämizem gowulaşdy, igde, tut, tal ýaly daragtlaram ýetişdi. Garagumuň sazaklary ýada düşende welin, bu odunlar; odunam däl ýaly görünýärdi. Gyşlaga göçüp gelýänler esasy Bekewül hem Gam bölümüniň hojalyklarydy. Köpüsi Bekewül bölüminiň Saryly, Lamma, Gultak, Togaçy ýerli uruglarynyň tireleridi «Suwsuz ýer gysyr goýundyr» diýişleri ýaly, köp hojalyklaryň göçüp baran ýeri suwsuzlykdan horlanýardy. Mergenli gyşlagynda suw ýeterlik bolansoň, her kimiň suwly ýere barasy gelýärdi. Çünki Mergen aryk uzaldyldy, giňeldildi, bu arykda suw bolçulygy bardy. Wagt-warak geçip, bu gyşlag Bekewül adyny aldy. Dama-dama köl bolar diýişleri ýaly, gyşlag diýseň ulaldy, der dökseň dür döküler diýenleri dogry, on-on iki ýylyň dowamynda bagly-bakjaly bolduk. Adam eli bilen çaňap ýatan ýer behişde döndi. TAPYNDY — Tomus günleridi, howa dymykdy, sebäbi asmandaky ak bulutlar hereketsiz durdy. Bu bolsa dem almagy kynlaşdyrýardy. Sakgal murtyna ak sepen, agaç etli, orta boýly, çalt hereketli, garaýagyz çopan Hakberdi, kendir ýüp bilen gözenekläp örülen dört aýakly ketini tamyň kölegesine süýşürdi. Keçäni dört epläp ketiň üstüne atdy, iki sany gurama ýassygy belentden goýup arkan düşüp ýatdy. Gyzzyrma keselinden aýňalyp-aýňalmanka degen içagyry keseli Hakberdini güýçden gaçyrdy. Ol tebibiň beren derman otlaryny içendenmi ýa-da howanyň dymykdygyndanmy derledi. Derden ýaňa myžžyk bolan biz köýnegini çykardy. Soň ol «Bosdan» diýip gygyrdy. Öýden kersen göterip çykan keýwanysyna: «Maňa başga çalşar ýaly köýnek getir» diýdi. Köýnegini çalşansoň, az salymdan irkilip ýuwaşja uka gitdi. Howanyň dymykdygyna garamazdan, howlydan daşarda oglandyr gyzlar gygyryşyp oýnaýardylar. Gyzlar bäşdaş oýnasa, oglanlar karsmal oýnaýardy. Çagalar oýnanda wagtal-wagtal bir-biri bilen jedelleşmegi, sögüşmegi gowy görýär. Şu günem sebäbi belli däl, gyzlar topary birden jedelleşip başlady. Jedeliň soňy alty ýaşly Kümüşiň ör turup, öýlerine baka ylgap gitmegine sebäp boldy. Çünki gyzlaryň ýeserjesi sadadan ýuwaş, geplemezek, ýaşdygyna garamazdan, akylly hem edepli gyza: «Tapyndy, senden hiç kim zat soramady, gapyşda otur» diýdi. Şondan soň Kümüş pyýala ýaly gözlerini ýaşa dolduryp, näme diýjegini bilmän, öýlerine baka ylgady. Bu gyzjagaz joralarynyň biri göwnüne degse, heňkirse, edýäniň däl diýse, at daksa, aglap iki gözüne ýapyşýardy. Şu günem ol «Tapyndy» diýip at dakylanyny diýseň gaty gördi. Ol şar gara gulpaklaryny tasadyp, bir ylgawyna öýlerine geldi. Öýde enesi ýokdy. Göz ýaşyny köýnegini ýeňi bilen syryp, hamsygyp öýüň dulunda aglamaga başlady. Aglamakdan ýaňa gözleri gyzardy. Ýeňi gözýaşyna ezildi, şonda-da agysyny goýmady. Birhaýukdan atasy «keýwany» diýip gygyrdy. Ses çykmansoň, öýüň gapysyny açyp içerä seretdi. Görse içerde keýwanysy ýok, emma çugudyp kellesini iki dyzynyň arasyna sokup, aglap oturan gyzyny gördi. Atasy oňa: «Hä gyzym, näme boldy?» diýende Kümüş sojap-sojap möňňürip goýberdi. Soň atasy gyzynyň göwnüne degeniň kimlerdigini bilip, gyzyny gujagyna alyp, soraglaryny birnäçe ýola gaýtalady. Kümüş az-kem rahatlandy, soň: «Näzik maňa: «Tapyndy» diýdi» diýip hamsykdy. Atasy oňa: «Gyzym, kim aýtsa ýalan aýdypdyr, saňa kim at daksa, azar berse men şol adamyň boýnuny özüm towlaryn» diýip gyzyny köşeşdirdi. Şol birwagtda bolan bu wakany keýwanysyna geňeşip, başga gyşlaga göçmegi ýüregine döwdi. Hakberdi gyzyny göterip, öýden çykdy-da, «Hany gyzym indi ikimiz çaý içeli, çaýjoşy ojaga goý» diýip, özi ojakdaky küle gömülgi köz bolup ýatan sygyr tezegini gozgaşdyryp onuň üstüni açdy. Soňra tutaşdyrlyk bolup hyzmat edýän guran eşek tezegini owradyp, közüň üstüne sepeledi, üfläp ody körükdürdi. Tezek ýalynlap ýananda onuň üstüne sebetdäki sygyr hem düýe gumalaklaryndan doldurdy. (Owganystanda 1930-njy ýyllarda orsdan gaçyp baran bosgunlar odundan hem otlyçöpden horlandy). Hakberdi çaý gaýnaýança hüňk bolup oturdy, ol alty-ýedi aýlyk gyzjagazyň enesini emip ýatanyny, onuň ölmän galanyny, bu gyzjagazy baş çopanyň: «Saňa ynandyk» diýip oňa berişlerini göz öňüne getirdi. Iki aýakly iki günde diýenleri, ol hiç wagt geçmankä alty ýaşyny doldurypdyr diýip, ýene pikir derýasyna gark boldy. Şol wagt Kümüşiň: «Ata çaý gaýnady, demläýinmi?» diýen soragy ony ukudan oýanan ýaly etdi. «Ýok, gyzym, özüm demlärin» diýip, tutawajy alaga-da çaýjoşyň gulpundan tutup, wakyrdap gülýän suwy yşgyn atylan çäýnege guýdy. Şol wagt keýwanysy Bosdan unly sanajy göterip howla girdi. Çopanyň: «Sen niredediň» diýen soragyna keýwanysy: «Men Ogulnyýaz daýzalarda bugdaý üwedim, unum gutarypdy, özümizde degirmen ýok ahyry. Onda ol: «Bolar, keýwany, saglyk bolsa, oňa ýetesi zat barmy, ir üwe, giç üwe, saňa gep diýjek adam ýok» diýip, Bosdan daýza hüňürdäp öýe girdi. Unly sanajy öýüň dulunda goýup, çaý başyna geçen çopan bilen gyzynyň ýanyna baryp oturdy. Birden onuň nazary gyzyna düşdi, soň ol: «Gyzym gözüň gyzarypdyr, aglapsyň, näme boldy, kim degdi saňa?!» diýenem şol boldy, gyzy ýene hamsygyp enesiniň gujagyna doldy. Enesi gyzynyň gulpaklaryny barmaklary bilen darap, köşeşdirmäge başlady. «Hany, aýt, joralaryň degdimi, ýa-da oglanlar azar berdimi?» diýip, sorag üstüne sorag ýagdyrdy. Seret, munuň yssydan ýaňa boýunlary tenipdir, eý Hudaýym, bu ýurduň yssysy nebela?» diýip eline ýaglyk alyp, gyzynyň ýüzüni ýelpäp başlady. Şol wagt käsesindäki çaýyň sarkyndysyny bir gapdala serpen çopan: «Keýwany, soraglaryňy goý, näme bolanyny özüm aýdyp bererin. Sen Kümüş jana kemput ber, goý, ol agzyny süýjetsin» diýipdir. — Bolar, atasy, häzir — diýip, Bosdan daýza öýe tarap ugrady. Birsalymdan daşyna kagyz oralan iki sany kempudy gyşymyna gysyp geldi-de, olary gyzyna berdi. Kümüş kemputlary gysymyna gysyp hondan bäri bolup, eýýäm özüniň kemsidilendigini ýadyndan çykardy. Ol joralarynyň ýanyna baryp, kempudyny gijeňleýän ýaly, onuň daşyna oralan kagyzyny aýyrmaga durdy. Şol wagt onuň gabadyna gelip duran gyzjagaz: «Kümüş, süýjüňden maňa-da dadyraý» diýip gultunyp durdy. Kümüş gysymyndaky kempudynyň birini şol gyzjagaza berdi-de öýlerine tarap gönükdi. Gyzjagazam bökjekläp: «Süýjim baý, süýjim baý» diýip oýnaýan gyzlaryň ýanyna bardy. Gyzlaryň ýeserjesi: «Hany kempudyň kagyzyny aýryp bereýin» diýip, gyzjagazyň elindäki süýjüni garsydyp aldy-da, onuň kagyzyny aýyrdy. Kempudynyň ýarysyny dişläp aldy we çeýnäp ugrady. Ýarysyny gyzjagaza berdi. Bu ahwalata gyzjagaz gözüni petredip birsalym durdy. Soň uly ili bilen aglap, öýlerine tarap ylgady. Kümüş dolanyp öýüne baranda çopan bilen keýwanysy mesawy gürrüň edýäne meňzeşdi. Emma üns berip sereden adam bu iki ýassykdaşyň ýüzünde haýsydyr bir galagoplygyň bardygyny aňşyrjakdy. Hakberdi: «Bosdan, biz gyzymyzyň geçmişini ilden ýaşyrjak bolsak bu mekeny terk etmeli bolarys. Diňe şonda «Tapyndy» diýen söz bize-de, gyzymyza-da ýat bolar. Il arasynda ýeseriň ýedi ýere kösti deger diýen nakylam bar. Şu gyşlagda, diýmek, ýeserler bar. Bir adamy kemsitmek bolsa, näkeslikdir, gyzymyzy kemsidýänlerden daşrakda duran ýagşy. Hany, geple, meniň göz öňümde tutýan maksadym dogrumy?». Atasy, «Ýedi ölçäp bir kes diýipdirler», ilki etjek işlerimizi ölçerip göreli, soň näme etmeli bolsa, edibiris. Entek Mergen baý saňa jogap berermi, ol seni çopanlaryň şasy hasaplaýar. Senden bigeňeş çopan-çoluk almaýar ahyry. Durdymyrat bilen Berdimyrady nätjek, olaryň biri çopan, beýlekisi çoluk. Garaz sabyr et, çykalga tapylar. Seniň diýenleriň-de dogry, ýöne «Ir eken utar, giç eken batar» diýen nakylam bar. Wagt geçdigiçe adamzat ösüp-ulalyp dur, şeýlelikde, Kümüşem öser, ulalar ýetişen gyz bolar. Ulalansoňam oňa «Tapyndy» diýseler nätjek, ýere girjekmi? Soň, kempir, giç bolar, baý bilen razylaşmak meniň üçin giç bolar. Atasy «Il agzyny ýygyp bolmaz, çelek agzyny bogup» diýipdirler. Bolmanda-da ilçilikde «Tapyndy» sözi aňsat-aňsat adamlaryň ýadyndan çykmaz. Ýa heleýguly, men näme hakda zakyrdap otyryn, sen aňkawmy, ýa-da şol adyň gyzymyza galmagyny isleýärsiňmi? Sen kejirlik etme-de, meniň bilen razylaş, daşraga göçeli, ýogsa, soň giç bolar. Il arasynda «Iki göç, bir talaň» diýen jümle-de bar. Orsdan gaçyp ýerimizi, howlymyzy, dogduk mekanda galdyryp gaýtdyk. Ýaňyja baýyň kömegi bilen howly galdyrdyk, mally bolduk, bu mekany taşlap, daş ýerlere göçsek, ýene biz bar zadymyzy harçlap howly salmaly bolarys. Oňa-da harjy gerek, kömek gerek, garaz, atasy, şu oturan ýerimizde oturanymyz kem däl ýaly. Keýwanymyň dependen göçmäge garşy bolşy meni pikir palçygyna batyrdy. Soň «Göçmesemmi ýa?» diýen pikir aňymda köwsarlap ugrady. Ahyry pikir derýasynda uzak wagtlap gulaçlap ýüzemsoň ymykly göçmeli diýen karara geldim. Hakberdi çopan heleýiniň göçmek meselesine kembaha garaýandygyna şübhelendi, onuň sebäbini agtardy. Şu güne çenli keýwanysy bilen sene-mene etmänsoň, indem onuň bilen jedelleşip durmagy özüne uslyp bilmedi. Çopan pikir derýasyna gark bolup «Agzalalyk bolan öýden rysgal gaçarmyş» hany, agyz-dilimizi birikdirjek bolaly diýip oýlandy. Gelip-gelip indi bu gyzy özüne öweý görýärmi ýa-da oňa at dakylany bilen ylalaşjakmy, hiý düşüner ýaly aýdan bir gepi bar. Bir iş etjek bolsaň, heleýiňe geňeş, onuň beren aklynyň tersine et diýipdirler. Men onuň «Göçmäli» diýen akylynyň tersine gitmeli bolaryn, «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen nakyldan ugur alyp, bir ýola maslahat saldym, indi maslahat gutardy. Dyzymyň bilimiň kuwwaty gaçanýok häli, bir gädikde durarlygym bar. Hany, saglyk bolsun, etjek işimiň ahyry gelsin» diýip çopan birneme rahatlandy. Soň ol içagyry keselinden saplansam, gowuja aýak üstüne galsam, meseläni soň çözeris diýip öz işi bilen boldy. Şol wagt öýde hamyr ýugurmaga başlan Bosdan daýza geçmişini ýatlaýardy. Ol äriniň getiren bäbegini öň-ä birhili gördi. Çopanyň: «Bosdan, saňa gyz bäbek getirdim» diýende, tasdan başyma ýapaýynmy ýat çagany diýipdi. Bir salymdan özüni dürsäp: «Atasy, gelen döwlet» diýipdirler. Goý, gyzjagaz bize bagt hem agzybirlik, şadyýanlyk, gülki-şatlyk getirsin» diýip, äriniň elinden alyp bagryna basypdy. Bu zenan gyz dogmagy köpden bäri arzuw edýärdi. Ol näçe höwes etse-de äri bilen ýanaşanda göwreli bolmagy arzuw edýärdi, arzuwy bolsa hasyl bolubermeýärdi. Çünki oňa degerli aýal nikalaşmasyndan soň onuň ýatgysy çaga öndürmek güýjüni ýitiripdi. Näçe em etse-de, molla-müftä ýüz tutup okatsa-da, doga alyp ezip içse-de peýda etmedi. Ine, onsaň, gyzjagazyň öz maşgalasynyň üstüni dolduranyna diýseň şatlanypdy. Bosdan daýza heleý bolsa-da, daşdan görýärdi. Geljek barada kelle döwýärdi. Öň bäbege azan aýdyp dakylan bolsa-da, ady belli däldi. Şonuň üçin gyzjagaza azan aýtdyryp, oňa at dakdylar. Çünki bu gyzjagazyň endamy kümüş ýaly akdy. Bosdan daýza: «Goý, ady endamyna meňzeş bolsun» diýipdi. Gyzyny gowy görýän hem bolsa, göwsünden süýt berip ony emdirmekden boýun towlady. Dürli bahanalar tapdy. Gyzjagazy geçi, sygyr süýdi bilen ekledi. Bosdan daýza kämahal: «Köne pagtadan biz bolmaz diýipdirler. Öweý gyzam öweýligini bilse, bize gyzlyk etmez, soňy puç bolar» diýip oýlanýardy. Kümüşe Alla uzak ömür berdi, ol sagdyn ösdi, kesellemedi. Bu gyzyň geljegi barada Bosdan daýza köp pikirlenýärdi. Men oňa göwsümden süýt bermedim, diýmek, öz oglanlarym bilen süýtdeş däl. Ony kiçi ogluma adaglasak näderkä, il geň görmese ýagşy. Geň görse, geň göreniň alnyna barsyn. Has bolmasa, ýetişensoň bir gowy ýere göçürip, onuň galyňyna oglumy öýererin diýip arzuw kölünde ýüzýärdi. Bosdan ärine welin, bu oý-pikirleri barada kelam-agyz syzdyrmaýardy. Heleýiniň bu oý-pikirlerinden bihabar çopan bolsa, gyzyny «Tapyndy» diýen sözüň soňunda lakam bolup galaýmagyndan howatyr edýärdi. Gije- gündiz bu barada oýlanýardy, nirä, haýsy gyşlaga göçsem, amatly bolarka, öz-ä dil-ýürek ýakyn ýere däl, daşraga göçeýin diýip pikir ýöredýärdi. Çopan bu günem çaýdan giç örledi, gurşan aýaklaryny owkalap melleginiň törüne baka gitdi. Suwuň ýetmezçiliginden şowlan jöwenlerini görüp, bu ýylam ýylajy galmasak haýyrýet diýip haly perişan boldy. Hany Lebabyň läbik gyrmançaly suwy? Bu ýerde suwa bol-elinlig-ä ýok. Mirabam şuwy deň paýlamaýar, garyndaş kowmy suwdan doýýança arykaýaga suw bermeýär. Içagyry indi gowulaşdy, suw daşyp aýakdan suw çykmasa, jöweni nowalap ýakaryn diýip içini gepletdi. Nowalap ýakjagam bolsaň, bir hepde wagt gerek, çünki iki tanap ýerde jöwen ekerançylygy bardy. Geçen ýylam suwuň ýetmezçiligi zerarly jöwenleriň dänesi uçga boldy. Hakberdi şu suwunda jöweniň häkäwini basaýyn aýyrda çykan ýerleri bar diýip pikir ýöretdi. Soň hufdana çenli işläp ýadady. Ýuwnup öýüne girdi, ýanbaşlady. Keýwanysy saçak ýazyp, gyrmyzy çäýnegi öňüne süýşürdi. Çaý başynda ýene göçmek meselesi gorjaldy. Bu mesele Bosdany ynjalykdan goýýardy. Onuň bu gyşlagdan gorjanasy gelmeýädi. Şonda ol: «Atasy, göçmek işini goýbolsun edeli, baý agamyz eşitse, ol seniň arkaňy sypamaz, bozgakbaşy diýer» diýip, göçmek meselesini çürt-kesik ýatdan çykarmagy ündedi. Çopan welin, ylalaşjak däldi. Ol heleýiniň diýenlerini ýaňsa aldy-da, «Arkamy baý sypamasa, sen syparsyň, keýwany» diýip ýylgyran boldy. Dogry baý güýçli. Ýöne onuň öňünde men näme günä etdim ýa-da göçsem, haýyr işi goýup, şer işe baş goýdugym bolýormy, ol däl ahyry. Hiç wagt güýçli bilen dalaşmaň diýip weli adamlaryň aýdany dogry. Men dalaşanym ýok diňe mekanymy täzelejek diýip pikir ýöredýärdi. Akmaga syryňy bermek öz aýybyňy özüň açdygyňdyr diýilen ýerem bar. Şu göçme meselesini Bosdana indi duýdurmaýyn, heleýde jüýjeli towugyň aklyça-da akyl bolmazmyş diýibem ata-babalar aýdypdyr. Şu diýenimiň ahyry bolsun. Hany, gördük-de «Alsaň aýal bolar, gonsaň ýurt» diýipdirler. Öz-ä daşrak bir gyşlaga gonmaly bolar. TANYŞLYK Günleriň birinde Hakberdi çopan keýwanysynyň sargydy boýunça eşeklenip, bir günlük ýol söküp, Gökgümmez bazaryna bardy. Bu bazar uludy, muňa welaýatyň köp gyşlaglaryndan hem şäherlerinden söwdagärler gelýärdi. Şu bazardan puluň bolsa, islän harydyňy tapyp bolýardy. Hakberdi öňi bilen keýwanysynyň sargydyny gözläp başlady. Oňa derwaýys gerek zadyň biri esgidi (esgi bogmaga oralýan gyzyl ýüpek mata). Mata hataryna baranda esginiň haýsy hili gerek bolsa, bardy. Çopan «Sary bolsun» diýen keýwanysynyň sözüni ýatlady. Öň birine sargap getirden gyzyl esgisini entegem boýnuna oraman, bukjasynda saklap ýördi. Keýwanysynyň «Kişi eli bilen ot küýseme» diýip käýinýäni çopanyň ýadyndady. Şonuň üçin «Minnetli aş zäherden beter» diýenleri ýaly, keýwanysynyň başga hili esgi eltse, bütin ýylyň dowamynda minnet etjegini bilýärdi. O-da çopana ýakjak däldi. Hakberdi mata hataryny gözden geçirdi, emma sary reňkli esgi duş gelmedi. Diýmek, obadaşy Akmyradyň: «Tapmadym, sary esgi ýok eken» diýeni dogry boljag-ow diýip oýlandy. Gel, hany, satyjylardan soraýyn, boş gitmäýin, diýip, alaça, keteni, biz, esgi ýalylary satýan moýsepidiň ýanyna baryp, Taňry salamyny alyşdy. Soň ol, özüniň möhüminiň bitmändigini, daş gyşlaglaryň birinden gelendigini, sary reňkli esgi gözleýändigini, şol zada diýseň mähetdeldigini aýtdy. Satyjy: «Sakgaldaş, kesbi-kärim dokamak bolsa-da, entek sary reňke boýap görmedim, çünki ol haryda höwesgär az, sen iň gowusy bazaryň aşak tarapynda kerwensaraý bardyr. Saraýyň gapdalynda senetçiler hatary uzalyp gidýändir. Şol ýere bar-da, nilgäri tap (nilgär matalary dürli reňke boýaýan adam). Olar saňa boýap bermegi wada etse, gel, men saňa arzan, ine, şu gaty bir gyzylam däl esgini bereýin». Hakberdi çopan senetçiler hataryndan bir nilgäri tapdy. Oňa öz matlabyny aýtdy. Nilgär çopanyň möhümini bitirmegi wada berdi. Şeýdip çopan sary esgili boldy. Şol işleri bitirýänçä, Gün agyp, öýlän boldy. Çopan ýadap çaýhana bardy. Görse, esgi satyn alan, moýsepidem ýanbaşlap çaý içýän eken. Çaýçydan bir çäýnek çaý, süýji, çörek, dört sany gaýnadylan ýumurtga alyp, esgi satanyň ýanyna baryp çökdi. Bu ýerde gürrüň suw pese giden ýaly gyzyşdy. Çopan özüniň satyjydan hoşaldygyny aýtdy. Soň bular tanyşdy, satyjynyň ady Nurly eken, özem Şoraryk gyşlagyndan bolup, kesbi-käri dokmaçy eken. Bular bir gören tanyş, iki gören garyndaş diýenleri ýaly, bir-birini çaýa çagyrdylar. Eger sary reňkli esgi gerek bolsa, ýörite ýüpegi sara boýap, dokap bermegi Nurly çopana wada berdi, Şonda çopan, Şoraryga nädip, haýsy ýol bilen barmalydygyny daş-golaýdygyny salgy aldy. Görse, Şorarygam Gökgümmez ýaly, olaryň oturýan gyşlagyndan eşekli bir günlük ýol eken. Çopan bazardan gyzyna dört gary (ýarym gulaja deň) gyzyl keteni, tabaktaraşdan iki tabak, bir susak, dört çemçe, ogullaryna köýnek-balaklyk biz, keýwanysyna esgi alyp, öz mekanyna ugrady. Gijäniň bir wagty gyşlagyna aşdy. Hakberdi bazardan getiren zatlaryny maşgalasyna gowşurdy. Ol şol günden başlap, Şoraryga gitmegiň alajyny düzüp başlady. Hepde geçende keýwanysyna duýdurmazdan, eşeklenip Şoraryga tarap ýola düşdi. Bir gije Nurlynyňkyda myhman bolup, çaý başyna gelşiniň sebäbini gürrüň berdi. Nurly Şorarygyň arçyny bilen gepleşip, netijäni baryp aýtjakdygyna söz berdi. Ýigrimi gün diýende Nurly Hakberdi çopanyňka gelip, ony täzelik bilen begendirdi. Hakberdi göçüp barsa, iki tanap ýer, suw paýynyň-da beriljegini aýtdy. Mundan beýläk göçme meselesini gizlin saklap bilmejegine akly çatan Hakberdi Mergen baýyň huzuryna bardy, öz matlabyny beýan etdi. Baý birsalym sesini çykarmady, soň agzyny hatap kimin açyp pallady, gözüniň ýaşyny ýaglygy bilen süpürdi. Soňra ol: «Sen bu gyşlagda menden näme ýamanlyk gördüň, göçmäniň sebäbini düşündir diýdi». «Sizden, oba-garadan hiç hili ýamanlyk görmedim, tersine ýagşylyk gördüm. Ýöne...» diýip çopan saklandy. «Ýönäň näme, dogurlap aýdyber eşideýin. Baý aga, meni gyzly eden özüňiz, mally, ýerli, işli edenem özüňiz. Ýöne şol gumdan tapylan gyza «Tapyndy» diýip azar berýänler bar. Gyz ulalar, durmuş gurar, şol wagtam oňa «Tapyndy» diýseler, oňat däl. Men şol adyň ýitmegi üçin daş ýerlere göçmäge razy. Mergen baý gözüni ýumup pikirlendi, birhaýukdan soň: «Her kimiň öz gaýgysy, kel gyzyň är gaýgysy» diýişleri ýaly, bar gaýgyň şol bolsa, göçseň, göçäý onda». Hakberdi çopan baýa öz minnetdarlygyny bildirip, öýüne tarap ugrady. Öýüne baransoň, baý bilen bolan gürrüňi keýwanysyna aýtdy. Bu habara Bosdan bir oturyp, bir turdy, emma gaty-gaýrym gepläp bilmedi. Onuň ýadyna «Äri är bilmedik Taňryny bir bilmez» diýen pähim düşdi. Soň ol: «Är aga, nire göçseňizem men taýýar» diýdi. Hakberdi çopan ýerini, howlusyny satyp, jöwzada (maý) Şoraryga göçdi. SÖÝGI ODUNYŇ TUTAŞMAGY Gurban baýramy dowam edýärdi, adamlar bir-birini baýramçylyk bilen gutlaýardylar. Olar goýun soýup, tagam taýýarlap biri-birini sadaka çagyrýardylar. Gyzlar hiňňildik uçýardy, oglanlar olara tomaşa edýärdi. Inçeden uzyn, at ýüzli, gözleri gülüp duran bir ýetginjek gyzlaryň içinden birine syn edýärdi. Seretmezçe-de däldi, uzyn boýly, inçe billi, galam gaşly, iki örüm uzyn tosun gara saçly, Aý ýaly, tegelenip duran ak ýüzli, gülende, hatarlanyp duran hünji dişli, ýaňagyndaky çukurjyklar onuň owadanlygynyň üstüni ýetirýärdi. Gyz welin, oglan-uşaga seretmeýärdi, diňe ýuwaşdan joralary bilen bir zatlar barada hümürdeşýärdi. Oglan bu gyza şeýle bir seretdi, edil aç baýguşuň serçä seredişi ýaly, gözüni ondan aýyrmady. Bu ýagdaýy duýan Kümüşiň joralarynyň biri, onuň böwrüne hörsükledi. Gözüniň gytagy bilen hüňk bolup gatap galan oglany görkezdi. Kümüş çalaja baş atyp, oglany synlady. Oglan özüne gyzlaryň seredýändigini duýdumy, ýa-da öz bolşuna utandymy, birden ýaramaz düýş görüp ukudan oýanan adam ýaly, çaltlyk bilen yzyna öwrüldi-de topar oglanlaryň arasyna siňdi. Dost oglanlarynyň birini gyra çekip, şol gyzy oňa ýaşyrynlyk bilen görkezdi. Dosty gyzy tanaýandygyny, onuň ata-enesiniň kimdigini salgy berdi. Şondan soň Döwletgeldi Kümüşleriň howlusynyň daşyny öz çygyryna döndürdi. Soň yşgyň oduna el çoýan bu oglan, gijäniň bir wagty oýanyp, arzuwlaryň jadyly girdabyna gark bolýardy. Onuň gyz bilen duşuşyp, gepleşmek arzuwy bolsa başa barmaýardy. Şeýdip wagt geçdigiçe güýzde agaç ýapraklarynyň saralyp-soluşy ýaly, arzuwlary-da solýardy. Oglan sähel wagtda, ýerde ýaryp poslan demiriň inçelişi ýaly, saralyp-solup, ýakymsyz igledi. Ata-enesi bu ýagdaýyň sebäbini näçe anyklajak bolsalar-da, anyklap bilmediler. On altyny dolduryp, ýaňyja on ýedä aýak uran Döwletgeldi işdäden galdy, uklanda basyrgandy, bulam-bujar düýş gördi. Gijeler uklanda tapgyr-tapgyr gara basdy. Yşk pidasy bolup ugran bu oglanyň ýüregi çalt urup başy aýlandy. Iňňe iýen it ýaly, bir burum kak boldy. «Ony jynlar heläk edýär» diýip, molla okatdylar, onuň peýdasy degmedi. Soň köpi gören bir mama oglanyň gözüniň agyna seredip, «Bu oglana aşyklyk keseli degipdir» diýidi. Şondan soň enesi, oglunyň haýsy gyzy söýýän bolsa, gudaçylyga barjakdygyny aýdanda, ogly ýene sesini çykarmady. Ata ýüregi ýeke, ene ýüregi iki diýenleri ýaly, Gunça oglunuň haýsy gyzy gowy görýändigini oglundan günde-günaşa sorap başlady. Enesiniň soraglaryndan iren Döwletgeldi «Daýyly oglan dartyk» diýişleri ýaly, ahyry daýymy getiriň, şonuň bilen gepleşjek diýdi. Bu gepe iki bolup bilmedik ene, çaltdan-çalt agasynyň öýüne «Gelip gitsin» diýen habar bilen adam ýollady. Daýysy köp eglenmän geldi. Saglyk-amanlyk soraşanlaryndan soň, Döwletgeldi daýysy bilen ikiçäk oturyp, öz matlabyny oňa beýan etdi. Daýysy ýegeniniň gepini ökde pitiwa bermedi. Ony duýan Döwletgeldi, daýysynyň ýüzüne seredip dymdy. Birsalym ümsümlik ara düşdi. Soň daýysy gezekli-gezegine ardyndy-da: «Ýegen, onda öýlenjegiň çynyňmy, ol gyzy gowy görýäniň hakmy?» diýdi. Şonda Döwletgeldi uýat perdesini ýüzünden sypyryp, gepini çöp döwen ýaly edip, içini dökdi. Onuň tüýleri uruşjak horazyň ýelekleri ýaly, laňňa galdy, döşüni tüňňerdip bar diýjegini diýensoň, agyr ýük göterip ýadan hammalyň dem alşy ýaly, haşlap dem aldy. Daýysy ýegeniniň bu bolşuna haýran galyp: «Pah, bu-ýa dömüp duran ýarasyny dyrnaklap ýard-ow» diýip içini gepletdi. Soň ol: «Ýegen, sen hiç perwaý etme, özüm barmaly, görmeli ýeriň bir hasabyny görerin» diýip, uýasynyň ýanyna bardy. Uýasy oglum näme diýdikä, «Alla jan dogrusyny aýtdymyka, şat aýdan bolaýadyr» diýip sabyrsyzlyk bilen agasyna garaşdy. Öwlüýäguly öýe girenden, Gunça soragly gözüni onuň ýüzüne dikdi. Öwlüýäguly hiç zat bolmadyk ýaly, arkaýyn töre geçip, ýazylan gülli körpeçäniň üstüne baryp, aýbogdaş gurap oturdy. «Aga, Döwletgeldi näme diýdi, bir zat syzdyrdymy, dogrusyny aýtdymy?» diýip, sorag üstüne sorag berdi. «Uýam, sen darykma, soraglaryňa jogap berjek, ilki çaý getir, bokurdagy hölläp soň aýdaryn». Gunça öňden demlenip, üsti basyrylgy çäýnegi agasynyň öňüne süýşürdi. Çaýdan bir-iki owurt owurtlansoň, ol söze başlady. Ol: «Ogluň: «Eger men şol gyza öýlenmesem onda günümiň ýaşdygy hasap edäýiň» diýdi. Şu jümle aýdylanlarynyň baryny bir ýere jemleýär. Gyzyl ýaly adamdan mis ogul doglupdyr diýsem-ä onuň mertebesine dil ýetiren ýaly bolaryn. Hä diýmänem, ol on ýedi ýaşajak, ýöne welin, içini saňa, atasyna dökmän, içine ýuwdup, horlanyp ýörmek nämä gerekkä? Aşyk bolan bolsa, bir wagtlar diýse-de, bireýýäm gudaçylyga baranam bolsak, ýok diýjek däl-ä olar. Sen olara belet, bir wagtlar göçüp şu gyşlaga geldiler. Olaryň asly lammaly, Beköwüllerden bolmaly. Ogullarynyň biri siziň goýunlaryňyzyň bir sürüsiniň baş çopany, ikinji ogly Nurly dokmaçy bilen dokma dokaýar. Hakberdi aganyň aýaly bilen gyzy gülli keçe basmakda uly ile belli. Görenler: «Olaryň öýçi, gap-çanagy örän päkize, özlerine serenjam berşi-de adamdan zyýat. Özünden ulyny sylaýyşlary has gowy» diýip öwýärler. Gowy maşgala, söz ýok. Haçan gudaçylyga baraly diýseňiz men taýýar» diýdi. Dek şu günler Gurbanguly örüde, goýunlar mamalapdyr, şoňa garaýag alyp gitdi. Şu ýyl şol kesel öjügip, goňşy welaýatlardaki sürülerde hem tapylypdyr bu kesel, goýunlary horlasa-da, olar üçin gorkuly däl. II arasynda «Goýun gotur bolsa, köpeler, geçi gotur bolsa, tükener» diýen nakylam bar. Elbetde, ýek-tük geçem bardyr, olar üçin mama gorkuly. Gunça: «Onda men Gurbanguly gelse, habarymy saňa ýetirerin. Bilmedim näme diýjegini, «Entek gögele» diýmese ýagşy. Ýa-da «Her kim öz deňini gaşasyn» diýse nädip bolar. Her ýeten bilen guda bolup bolasy ýok, olar biziň urugymyzdan däl diýse näme ederis?». «Çakym çak bolsa, ony diýmez, sebäbi ýer-suw paýlaşygyny göz öňünde tutsa, ogluny öýermeli. Soňam «Gyzyň gowusy gyşyk çatmadan çykar» diýilýär. Olaryň çatmasy gyşygam däl, ýöne gowy gelin edinseň, şol gyzy sypdyrmaly däl, bizden öňem näçe bir sawçy barandyr «Müň kişi geler, nesipli alar» hem diýlendir. Şol bir kişi siz bolmaly. Gurbangula meniň pikir-oýlarymy aýdaý». «Bolar, aga, Gurbanguly gelse, habarlaşarys. Adamsy gumdan gelenden Gunça çölüň ýagdaýyny soramazdan, ogly Döwletgeldiniň aşyk bolşy barada ärine gürrüň bermäge başlady. Onda ol: — Hany, Gunça, çaý-çörek iýeli, dem-dynç alaly, oglumyň aşyk bolşuny soň gürrüň berersiň. Seniňki has gyssag eken, sen ilki meniň saglygymy, goýunlaryň ýagdaýyny soramaga derek Döwletgeldi barada gepläp başladyň. Meniň gaçyp gitjek ýerim ýok, ol gürrüňi soňurraga goýaly» diýdi. Äriniň gatyrganyp, badyna kakyşyny gaty gören Gunça öýkeläp turup gitdi. Birsalymdan çaý bilen çörek, buglanan towuk etini getiren Gunça äriniň işdämenlik bilen iýşine göz astyndan syn edýärdi. Şol wagt salam berip Gurbangulynyň inisi içeri girdi. Taňry salamyny alşansoňlar, inisi goýunlaryň ýagdaýyny sorady. Agasy mama keseliniň geçiler-ä beýlede dursun, goýunlardan hem çykdajy edýändigini oňa aýtdy. Bular bile çaý-çörek iýdiler. Nahara omyn edip, aýat okansoň Gurbanguly heleýine: «Hany, näme gürrüň bolsa aýdyp otur» diýende Gunça gözi bilen Aşyry görkezdi. Äri oňa düşündi. «Näme bulardan gizlin syrymyz barmy, aýdyber habaryňy» diýdi. Gunça agasynyň diýenleriniň ýekeje damjasyny ýere damdyrman adamsyna gürrüň berdi. Gurbanguly: «Çopana men belet, gowy, arassa adam, Bekewülem öz ärsarymyz» diýende Gunçanyň ýüzi ýagtylyp ýylgyrdy. «Bar onda aýt, Hoja gitsin-de Öwlüýägulyny getirsin. Gurbanguly «Aşyklyk derdinden horlanyp ýörenden, öňürräk aýdan bolsa, bireýýäm şol keselinden saplanardy. Geregi şol gyz bolsa, şu gün sawçy ibermek meniň bilen. Aşyr, ir günüňi giç etme, ýanyňa Öwlüýägulyny al-da, şu gün Hakberdi çopanyňka bar». Onda Aşyr: — Aga, men şol işiňi oňarmaryn. Ony Hoja aýdaýyň. Şol birneme dilewarrak — diýdi. — Ýa senem weli: «It ite buýrar, item guýrugyna» diýenleri ýaly, indi meniň diýenlerimi Hoja buýurjakmy? Haçanda sawçylyga gitmek üçin molladan sähet soranlarynda «Anna güni arka gitme» diýen ýeri bar. Bu gün däl, erte gidiň» diýipdir. Ertesi sawçylar Hakberdi agalara baranda, olar hasyrdaşyp baý adamlaryna näme bişirip, näme düşürjeklerini bilmän, uly alada galdylar. Ony syzan Öwlüýäguly: «Hakberdi aga biziň üçin uly teletut edip oturmaň, bir çäýnek çaý bilen saçak getiriň» diýipdir. Duz dadansoň: Öwlýaguly «Hakberdi aga, Gurbanguly ogluny öýermekçi. Döwletgeldi meniň ýegenim, şonuň iki gözüni dört etmekçi, siziň maşgalaňyzda edep-ekramly gyzyňyz barmyş. Eger adalan ýa-da guda bolan ýeriňiz bolmasa, biz-ä siziň gyzyňyza söz aýdyjy gelendiris» diýdi. Hakberdi çopan bir salym sesini çykarman oturdy. Soň ol: «Sorap gelýon köp, ýöne hijisine söz bermedik, keýwanymam, kiçi oglumam öýerýänçäk kömekçi gerek diýip çykarmaga garşy» diýdi. Şol wagt gapdalda oturan Bosdan dillendi: «Atasy, gyzy şulardan gowy ýere bermeris». Goý, alyp gitjek şular bolsun, sizem hä diýäýiň» diýdi. Şondan soň «Bereli» diýen habar bilen giden sawçylar gaýdyp geldiler. Şondan soň toý tutmak baradaky hasyrdyly günler başlandy. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -15: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -30: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Duman daganda: Galp gazanar, galtaman gönener - 12.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -6: romanyñ dowamy - 15.09.2024 |
√ Duman daganda: Düýn düýn bilen gitdi - 26.05.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -14: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -4: romanyň dowamy - 08.07.2024 |
√ Köne mülk -11: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |