16:37 Üç tussagyň ýatlamalary-17/ romanyň dowamy | |
Ertesi irden Meret ýene goş-golamyny eşegine ýükläp, möjekleri yzarlamaga gidipdir. Aýlanyp, tyllalary gömen ýerine barypdyr. Eşegini pesmerde daňyp, kepjäni işledip başlapdyr. Näçe köwlese-de, gömüsgesine gabat gelmändir. Merediň lapykeç bolup yzyna dolanypdyr. Çopan goşuna barypdyr, möjekleriň bu çäkden çykandygyny, indem öz guýusyna gitmekçidigini aýdýar.
Romanlar
Çaý-nahardan soň çopanyň beren ahdasyny soýup gowrupdyr. Gowurmany goýunyň hamyna ýerleşdiripdir. Soň ony guýa sallap birneme gatyrypdyr. Soň ol irgözin öz guýysyna baka ugrapdyr. Ol ýolboýy: «Men bu ýollary bihuda köp geçdim, gömen ýerimi undan-a däldirin-dä» diýip içini gepledipdir. Geçenleri ýatlap ýüregini köpdire-köpdire öz guýusyna baranyny-da duýman galypdyr. Eşegini duşap ota goýberipdir, çaýjoşuny suwdan dolduryp oda goýupdyr. Tamynyň daş-töweregini syryp, keçesini ýazypdyr, soň çaý içipdir. Sentýabryň ortalarynda Merediň saklaýan guýusyna bir bölek goýun getiripdirler. Şondan soň onuň el-aýagy iş bilen duşalyp, gömüsgäni gözlemek baradaky pikirini birbada goýupdyr. Ikinji sürini getirensoň, kolhozyň mal tehnigi «Sibir ýazwasyna» (Sibir ýarasyna) garşy sanjym geçiripdir. Şondan soň sürileri her çopan öz guýusyna sürüpdir. Iş tamam bolansoň, ferma müdiri «Meret aga, keýwanymdan habar tutjak diýseň ulag bar. Soň aýtmadyň diýip menden dilgir bolma» diýipdir. «Berekella, başlyk, ýatlanyňa minnetdar, keýwanymyz iýer-içer ýaly zady bar, hiç zada zarçylygy ýok. Saglygy barada bolsa habar gelip dur» diýipdir. Günler hatarlanyşyp yzly-yzyna geçipdir, bir gün hasaplap görse, bu guýa gelenine bir ýyl töweregi bolupdyr. Ferma müdiriniň aýdany ýadyna düşende ol birsalym hüňk bolup oturypdyr. Soňundan diýenine puşman edipdir. Näme, oňlan bolsa keýwanymdan habar almaly ekenim diýipdir. Meret gaýtmazdan öň keýwanysyna çölde uzak wagtlap boljagynyň sebäbini aýtmakçy bolupdyr. Birdenem ol saklanypdyr «Näme-de bolsa, heleýdir, olaryň ýüpüne odun goýup bolmaz» diýip, syry ýüze çykarmandyr. Gömüsgeli mesele hemme zatdan üstün çykypdyr. Meret diňe tyllaly sanajy ele salmak barada ýatsa-tursa oda-köze düşüp, Alladan işiniň ugruna bolmagyny diläpdir. Güýzüň soňky günleriniň birinde ol eşegini münüp Täze guýa tarap ugrapdyr. Täze guýunyň çopanlary bärden baran Meredi itlerden gorap garşy alypdyrlar. Şol barmana Gün eňegini ýere berip, garaňkam aralaşypdyr. Ol täret kylyp şam namazyny okapdyr. Şondan soň çopanlar bilen saçak başynda gürrüň edipdir. Çaýdan-nahardan paýyny alansoň ýatmak bilen bolupdyr. Ol: «Inilerim, aýyplaşmaň, «Ýol azaby gör azaby» diýipdirler, ýaşam bir çakyna baransoň, eşegiň üstünde otyr ýerim ýagyr boldy, gürrüňi erte ederis» diýip ýatypdyr. Meret irki namazyny okansoň: «Maňa iýip-içenýok diýmäň, ýagtygözin möjekli oýdan aýlanmakçy, arada ar alaýyn diýen maksat bilen iki sanysy bize-de azar baryny berdi. Olaryň bitiren pohy bolmady, yzy bäriligine gaýdypdyr. Soň ol eşeklenip ýola ugrapdyr. Bahanasy möjek bolsa-da, ýürekde welin, tyllaly sanaç orun tutup öz gününe goýmandyr. Gijelerine ýatyrka birden gömüsgäni ýatlasa, gözüne çüý kakylan ýaly, uklap bilmändir. Meret oýlanyp, ýene şol depesine barypdyr, kelte saply kepjesini işledip başlapdyr. Ýene doňuz dören ýaly dörüpdir, ýöne kepjesine zat ilmändir. Ol özüne: «Janlarym, bir hata galdyran ýerim bar, ýogsa gömen ýerim öz-ä şu ýerde, ýa-da tyllalar göçdümikä» diýip saňsar bolup durupdyr. Ol özüne göwünlik berip: «Ýedi ölçäp bir kes» diýipdirler. Hany çukur aralaryny ädimläp çak-çen edip göreýin, onda-da tapmasam bu işi ymyklaý bar bolsun edeýin diýip oýlanypdyr. Soň ol ädimläp başlapdyr. Şol wagtam eşegi aňňyrypdyr, onuň ünsüni başga tarapa sowupdyr. Meret ellerini owkalap, «Ýene bolmady, sesiňden aýlanaýyn eşegim» diýip elewräp başlapdyr. Şol wagtam çopanyň «gaýt» diýen sesini eşidipdir. «Bolmady» diýip eşegini münüp ses çykan tarapa ugrapdyr. Meret bärden eşegini aňňyrdyp barandan, ony itler garşy alypdyr. Çopan eşegini ýorgaladyp ýetişibildiginden itlere haýbat atyp ýetip gelipdir. Ol: «Meret aga, gurtmy, tilki?» diýip sorapdyr. Onda Meret: «Tilkiniň müň bir sapalagy bar diýsek, gurtlar olardan geçirdi. Häzir-ä olar bu töweregi taşlap gitdiler. Çopan perwaý etme, olar bu töwerege gelse, men bar, aýagyny sekmez ýaly, şaty görkezerin» diýipdir. Içinden herki zadyň öz möwriti bar, men geplemäýin diýip oýlanypdyr. Tizden çopan bilen hoşlaşyp, çopanyň ýanynda köp durman guýa tarap ýönelipdir. Çopan goşuna baransoň, şypa beriji gök çaýdan lezzet alyp, mürgüläpdir, Hudaýa şükür edip bir salym dynç alypdyr. Şetdat ýaly çoluk welin, «Meret aga, ýene näme gerek?» diýip häli-şindi sorap duranmyş. Meret: «lnim, sag bol, minnetdar, bir zat lazym bolsa özüm aýdaryn. Bu günem işiniň ugra bolmandygyna lapykeç bolup, içinden ýene synap göreýin bagtymy» diýip oýlanypdyr. Soň çoluga: «Men birsellem ýer diňlejek, maňa päsgel bermäň» diýip, çadyra girip ýatypdyr. Ol şeýle bürjüp uklapdyr, ömründe olar ýaly uklany ýadyna düşmändir. Tasdan şam namazyny kaza eden ekeni. Düýşünde: «Tur, namart, işiň bilen bol!» diýen sese oýanypdyr. Ol gören düýşüni özüçe ýorup: «Sadagaň gideýin Alla jan, özüňden medet» diýip, dileg edipdir. Täret kylyp, namazlygyny ýazypdyr. Şondan soň çopanlaryň ýanyna baryp garbanypdyr, garnyny pugta doýrup, «Hudaý ýol berse, menem öz guýuma aşaýyn. Aý-aýdyň, Güne ýöremegem, gör, nähili hezil» diýip, çopanlardan gitmäge rugsat sorapdyr. Şonda çoluk: «Meret aga, gije azaşman bararsyňyzmy?» diýip sorapdyr. Meret: «Ýedi seýrek, sekiz topbak, iki ýüwrük, bir bek» diýip eşidensiňiz?» diýipdir. Onda çopanlar «Eşitmedik» diýipdirler. Meret: «Ýedi seýrek Ýedigen, sekiz topbak Ülker, iki ýüwrügem Gün bilen Aý, bir bek bolsa, Demirgazyk ýyldyzy. Ine, şu ýyldyz gozganman, bir duran ýerinde durandyr. Çopanlar Ileri-gaýrany, aşak-ýokaryny şol ýyldyza seredip anyklap biler. Men bolsa şol ýyldyz gözüme görünse, hiç wagt azaşmaryn» diýipdir. Soň çopanlar oňa «ak ýol» diýip ugradypdyrlar. Meret biraz ýöräp ýene eşeginiň başyny gömüsgeli depä tarap öwrüpdir. Içinden seresap bolmaly, eger çopanlar duýsa «Süýdüň gaýmagyny ýetim iýer» diýenleri bolar diýip oýlanypdyr. Ol: «Näçe ýyldan bäri garaşylan baýlyk bar bolsa, olara nesip eder, işiňe bek bol» diýip oýlanypdyr. Şeýdip gömüsgeli depä barypdyr, eşegini oýda daňypdyr-da, eşegine arpa berýän torbasyny çägeden ýarty edip guýrugyndan asypdyr. Indi sen aňňyrybam bir gör» diýip kelte saply kepjesini horjundan çykaryp depä çykypdyr. Ol ýene ädimläp çak-çen edipdir, öz gazan çukurym şu basan ýerimde bolmaly diýip çaltlyk bilen kepjesini işledipdir. Çägede suýlup ahyrky derejesine ýetensoň, çägeden bir kepje alsa, ýene-de çäge inip alan ýeri dolup durmyş. Meret näçe köwlese-de, kepjesine zat ilmändir. Şol barmana ol ýadapdyr, çägä ýaplanyp birsellem irkilipdir. Düýş görýär, düýşünde daş ýerlerde salgym bolup enesi durmyş. Ol «ene» diýip gygyrýar. Enesi «jana» diýýär-de: «Tur, oglum, ýalançy ýagtylyp barýar, ir turan işinden dynar» diýipdirler, diýende Meret syçrap turanmyş. Görse, düýşi, birsalym aňk bolup oturanmyş. Ol özüni dürsäp, ýene kepjesini işledip başlaýar, özi-özüne: «Enem jan, käbäm enem, seni görmek maňa miýesser edermi ýa-da ýok» diýip özi bilen gepleşipdir. «Eý, käbäm, bu çaka çenli maňa garaşyp amanadyňy tabşyrdyňmy?» diýip, enesini ýatlap gümra bolup işläp oturşyna birden sakga durýar. Onuň kepjesi gata degip, dişleriniň arasyna çäge düşende gyjyrdap endamyňy titredişi ýaly, her gezek kepjesini çägä sokanda, şoňa meňzeş ses çykarypdyr. Merediň endam-jany silkinip başlaýar. Ol ukudan açylan ýaly, durup siňe seretse, Aýyň ýagtysyna bir zat şöhle saçyp ýalpyldap durmyş. Meret ýalpyldaýan bölejigi garsydyp gysymyna gysaga-da gözüne ýakyn getirip görse tyllamyş. Şonda ol birsellem özünden gidip ýatypdyr, haçanda özüne gelende, daň saz berip Aýyň ýagtysy-da peselipdir. Ol özüni çynlakaý dürsäp bar güýji bilen işläp başlaýar. Özüniň näme edýändigini aňşyrman eline ilen tyllary gapdala zyňyp durupdyr. Soň essine gelip görse, tyllalar çägeden çykyp ýene çägä siňip barýarmyş. Ol bu näboluş, çemçeläp ýygnanymy, susaklap döküp durun» diýip, horjunyny getiripdir. Eline ilen gaty bölekleri horjunyň bir gözüne taşlapdyr. Tylla bilen bile horjuna çäge, çüýrän teletin bölekler-de giripdir. Meret bir salym derläp işläpdir. Çägäni näçe dörjese-de eline tutuş zat ilmändir. Ol «Wah, elek alyp gaýdan bolsam bolmadymy, indi nätmeli?» diýip, öz-ä bitiripdir. Tyllalar çägä siňen suw ýaly, ýalpyldap blr görünse, ýene çägä siňip durmyş. Bir seretse, günem gyzaryp dogjak bolup durmyş. Wagty bilen bu taýdan gideýin, ýöne nirä gitmeli, nirede gizlenmeli diýip gazan ýerlerini tekizläpdir. Soň onuň, ýadyna ýylgynly oý düşüpdir. Horjuny göterip eşeginiň ýanyna baraga-da çägeli torbany eşeginiň guýrugyndan aýrypdyr. Eşegini münüp, «Niredesiň, «Ýylgynly oý» diýip, şol tarapa ugrapdyr. Eşegini gür ýylgynlykda daňypdyr-da, ýene torbany guýrugyndan asypdyr. Barja iýip-içer ýaly iýmitlerini çykarypdyr, ony suw bilen owkat edinipdir, ot ýakmandyr. Gijesi bilen uklamansoň, ýadawlyk basmarlap, uklanynam bilmän galypdyr. Haýsydyr bir sese oýanypdyr. Görse, eşegi hynçgyryp bolubilenini bolup durmyş. Meret gözüni elek-çelek edip seretse, bir tilki mytarasyny eňdirip çommalyp otyrmyş. Meret tilkini kowansoň, kislorod ýassygyndan suw guýup, eşegine bir okara suw içiripdir (kislorod ýassygyny meşik deregine suw gap hökmünde ulanypdyr). Bir görse, gün ikindinden geçipdir. Ol horjunda näçeräk tylla barka, öz-ä gömenimiň üçden biri-de ýokdur diýip, elini horjuna sokjak bolýar. Birdenem «Gyzyl görse Hydyr azar» diýipdirler. Sabyr et, gel entek şuny görmäýinem, köýmäýinem, Hudaý meniň agmalymy azdyrmasyn. Özüň kömek et!» diýip Allany çagyrypdyr. Alla jan, tapan tyllalarymyň gylla ýary baýa, ölen bolsa, oglan-uşagyna, ýene bir bölegi Hudaý ýoluna sadaka. Galan bölegini özümiň mätäç bolan işime harç ederin» diýip pikir ýöredipdir. Ol şu tyllalary gazanan adamlaryň ruhuna aýat okapdyr. Bir bölegini sadaka bermäge kasam edýärin diýip ýerinden galypdyr. Şol wagtam özüniň damagy gatap çaýsyranlygy ýadyna düşüpdir. Ot ýaksa, çaý gaýnatsa ýene biriniň tüssäni görmeginden ätiýaç edip, ikirjiňlenip durupdyr. Çaý içmese, suwdan ganmajagyny duýup: «Serçeden gorkan, dary ekmez» diýipdirler, näme bolsa, bagtyňdakyny görmeli bolar diýip, horjundan daşyna galyň ýüň matadan gap tikilen çaýjoşuny çykarypdyr. Ony suwdan dolduryp oda basýar. Gündizki tüssäniň has uzaklardan görünýändigini göz öňünde tutup, ody haýaldan ýakýar. Ol «Gündiz tüssä ýöreme, gije yşyga» diýenlerini ýatlap, ody ýuwaşdan ýakyp çaý gaýnadypdyr. Meret horjundan iýip-içer ýaly iýmitlerini çykarýar. Şonda bir haltajykda «talhan» bolup, ony käsesine guýýar. Talhan bolsa gowrulan mekgäniň, un edilen igdäniň, şekeriň, degirmende üwelen uny, ýaňky talhanyň üstüne azyrak çaý guýup, barmagy bilen bulaşdyryp, ony iýipdir. Şol wagtam onuň ýadyna mekge gowurdak düşýär-de, çägede mekgäniň gowrulyşy, ony çägeden çolpy bilen süzüp alynýandygy göz öňüne gelýär. Ol birden çaý içmesini ýadyndan çykarýar, hasanaklap turýar-da pyçagyny gynyndan çykaryp, töwerekdäki ýylgynlaryň kadalyja çybyklaryndan bir goltuk kesip oturan ýerine getirýär. Ýylgyn çybyklary birsellemde ullakan çolpy bolýar. Meret ýaşka çolpy örmegi, repidäniň içine goýulýan repidäni, gijelerine et, süýt goýulýan sebedi, guş kapasalaryny çybyjaklardan örmegi öwrenipdir. Ata-babalaryň «Hünäri öwren-de, ýigren» diýişleri ýaly, oslaman durkaň bu hünäriň gör, nirelerde gerek bolandygyna düşünýär. Taýýar çolpy Merediň işini ýeňilleşdiripdir. Aý ýagtysyny saçýança bu ýerde bolýar-da, soň eşeklenip belet depesine barýar. Baransoň hüşgärligi elden bermän, daş-töweregini synlapdyr. Janly-jandaryň ýoklugyna göz ýetirensoň, horjundan okarasyny, kepjesini, çolpusyny çykaraga-da, ýene işe başlapdyr. Indi ol bir çetinden okarasyny çägeden dolduryp çolpa guýupdyr, çolpuda galan tyllalary horjunyň gözüne guýupdyr. Dynman işläpdir, soň-soňlar çolpusyna zat ilmän başlapdyr. Soň ol «It doýan güni ogurlyk eder» diýenleri boljak öz-ä, besdir, tutuş sanaç ýerde galmady, öňem meni allowarrada enteden pul dälmi diýip özüne käýýäpdir. Barja gurallaryny horjuna salyp, eşegini münüp, ajöze öz guýusyna ugraýar. Şol gidip oturşyna Annamyrat aganyň: «Neriň döli bolmaz» diýişleri ýaly, sakgaldaş seniňem bitiren işiň bolmaz» diýip, özüniň iş bitirendigine hoş bolupdyr. Meret Öwezgeldi aganyň: «Saglyk bilen bendiden boşap mekana dolansaň, mendenem habar tutaweri» diýeni ýadyna düşüp gözüne ýaş dolupdyr. Öwezgeldi aga bendiden Meretden öň boşapdyr. Haçanda Meret Ýylykölden Pelwerde gelende Öwezgeldi aga älemden öten eken. Meret: «Sanalgysy dolandyr-da, pahyryň, oba sag-aman barsam, Öwezgeldi aganyň maşgalasyndan habar alaryn» diýip oýlanypdyr. Degişgen, şoh adamdy, gowy maslahat bererdi. Ol hemişe: «Etjek işiňi öňünden tekrarlap gamyny iýmeli, syçjak bolaňda göt gerek etmeli däl» diýerdi. «Janym, indi men bu tyllalary näme etmeli, nirede gizlemeli, nädip oba aşyrmaly? Hany pikirlen, Meret» diýip özüne sala salypdyr. Birdenem eşegi horgyzlap ýodadan çykypdyr. Meret ukudan oýanan ýaly bar pikirini unudyp eşekden düşüpdir, ýekniline elini ýetiripdir. Görse, oklykirpi syhlaryny galdyryp atmaga taýýarlanyp durmyş. Meret: «Atmaweri, janawar» diýip ondan aýlanyp geçipdir. Ol: «Münüp barýan atyň, eşegiň, düýäň ýoldan çyksa, işiň ugra bolmazmyş diýibem aýdýarlar. Men yrymçy-ha däl, çynam bolsa, ýalanam bolsa, işiňe bek bolmaly» diýip ýoluny dowam edipdir. Daň agaryp ugrandan, ol özüni has aljyraňňy duýupdyr. Nätmeli, şu baýlygy guýa alyp barmalymy ýa-da ýok» diýip oýlanypdyr. Soň ol özüne «Ýok gizlemeli» diýip kesgitli jogap beripdir. Çukur oýda eşegini daňyp, horjuny kibtine alypdyr-da ep-esli oýlanypdyr. Görse, tilkiniň köne hini barmyş. Töwereginden aýlanyp, hiniň könedigine göz ýetiripdir. Horjuny ýerde goýupdyr, ondan eşegiň iýmtorbasyny alypdyr. Tyllalaryň baryny şol torba salaga-da, ony tilkiniň hinine gömüpdir. Bir düýp patlagy goparaga-da, hiniň agzyny, ýörän yzlaryny, tä eşeginiň ýanyna barýança süpüripdir. Şondan soň eşeklenip öz guýusyna baka ugraýar. Meret telim ýola gaňrylyp yzyna äňedipdir, edil biri arkanlap yza çeken ýaly, ýöremesi kynlaşypdyr. Gün dogar dogmazda oýa inse, GAZ-63 awtomaşyny durmyş. Eşegini daňyp, horjunyny göterip tamyna barsa, iki sany adam hor çekip ýatyrmyş Ol bulary oýatmazdan çaýjoşuny suwdan dolduryp, oda goýýar. Oduň şatyrdysyna ýatanlaram turupdyr, görse, kolhozyň şol ýoly bilen bir nätanyş adam. Geýim-gejimine seredenden bu adamyň ýöne ýere gelmändigini anyklan Meret aljyraman gelenler bilen saglyk-amanlyk soraşypdyr. Ýedi çarşenbäni başyndan geçiren soň, sähel-mähel zat üçin aljyramandyr. Ol özüni pugta dürsäp, gaýnagy çaý atylan çäýnege guýupdyr. Keçäni giňden ýazyp ýuwnup-ardynan myhmanlary saçak başyna çagyrypdyr. Gelen agras ýogyn adam, çaý başynda kän geplemändir. Gep urşuna baha berseň ol özbek bolmaly. Myhman birnäçe gezek «lekin» sözüni gaýtalanmyş, Meret «Ýylanyň ýek göreni humarçyk, o-da hininiň agzynda gögärmiş» diýenleri ýaly, meniňem ýigrenenim KGB, olam maňlaýymda otyr öýdýän diýip özüçe pikirlenipdir. Çaýdan soň, gelen myhman maşynyň şofýoryna ümläpdir. Şofýor şol bada maşynynyň ýanyna baryp, bir zada güýmenen bolupdyr. Şondan soň myhman «Meret aga, men Döwlet howpsuzlyk komitetinden, adym Orunbaý, ýörite siziň yzyňyzdan geldim» diýdipdir. Meret: Gaty gowy, menlik näme hyzmat bar? Orunbaý: Siziň ataňyzyň ady Mejitmi? — Hawa. — Siz 1932-nji ýylda serhet kesip ele düşdüňizmi? — Hawa. — On-on bäş ýyl bendide oturyp boşadyňyzmy? — Hawa. — Bäş ýyl Ýylykölde bolanyňyz hakmy? — Hak. — Siz farsy dilini bilýärsiňizmi? — Ýok, bendide az-maz ors dilini öwrendim, farsy dilini bilemýok. — Siz iş babatynda çöli saýlapsynyz, sebäbi näme? — Men dişim gataly bäri çöl bilen iş salyşdym, meniň ýeke-täk genji-hazynam çöl, şonsuz maňa «ýaşaýyş ýok» diýip ýeserlik bilen jogap beripdir. — Siz irden nireden geldiňiz? — Täze guýudan. — Ol ýerde näme iş etdiňiz? — Möjekleri yzarladym. — Atyp bildiňizmi? — Şu gezek başarmadym, öň ikisini atyp aldym. — Ol bize belli. — Sizi bu taýa kim işe aldy? — Ferma müdiri. — Onda siz goşlaryňyzy ýygnaşdyryň, biziň bilen gidersiňiz — diýip, soragçy ýerinden turupdyr. — Meredem «lalyň diline enesi düşer» diýişleri ýaly, öňden «Seniňki düşnükli» ýene şol sorag-ideg başlandy diýip zat-garasyny ýygnaşdyrýar. Ol tamyň agzyny gulplap «Eşegi näderis?» diýip KGB-niň işgärine ýüzlenipdir. Şonda şofýor orta goşulyp: «Eşegi ýolugra Kyrkgulaçda düşüreris. Çopanlara tabşyrsak näder?» diýdi. «Bor» diýen manyda işgär kellesini aşak-ýokary herektlendiripdir. Eşegi güýlüp maşyna ýükläpdirler. Soň ony Kyrkgulaçdaky çopanlara tabşyryp, Kerkä tarap ýola ugrapdyrlar. Bular Kerkä aşansoň, Meredi öýüne goýbermän, göni KGB-niň jaýyna alyp barypdyr. Şol ýerde bir gije-gündiz saklap, köten ýuwan ýaly, her soragyny birnäçe gezek gaýtalap sorag edipdirler. Ahyrsoňy: «Serhede ýakyn ýerde işlemesiz» diýip, ony öýüne goýberipdirler. Bular: «Hamala, Meret serhetden geçmäge taýýarlanýan ýaly, ony duýup, öňüni alan ýaly hereket edipdirler». Meret sorag edenleriň gepinden gömüsge barada olaryň hiç zat bilmeýändigini, onuň diňe belediň roluny ýerine ýetirendigini aňypdyr. Olar: «Şu adam ýene serhetden geçmegi mümkin, çünki onuň maşgalasy aňyrda, şonuň üçin ony serhede ýakynlaşdyrmaly däl» diýen netijä gelen bolmaklary mümkin diýip pikir edipdir. Meret soňky sapar Täze guýa baranda çolugyň: «Siz Garaguma ökde beletmi?» diýende, «Hawa, çöpüne çenli belet» diýeni, soňam «Köp bendide oturypsyňyz, näme üçin?» diýende «Göç gatnatdym» diýip osal jogap bereni ýadyna düşüpdir. Ol: «Başa bela näden geler, iki barmak dilden» diýenleri hakykat diýip oýa batypdyr. Sorag wagtynda: «Şonuň aýdanlary dogry» diýip, çolugyň adyny tutman biri ikinjä ýüzlenipdir. Ikinji soragçy ýoldaşynyň ýüzüne mölerip seredipdir, ýöne sesini çykarmandyr. Birinji soragçy oňa müýnli ýaly, gözüni gyrpyldadyp özüni ýitiripdir». Çolugyň oslagsyz ýerden beren soraglaryna ökde pitiwa bermese-de, häzir näme ýetse, çolukdan ýetendigine ynanypdyr. Bu gürrüňleri il arasyna ýaýradan keýwanymdyr, çoluk şondan ugur alandyr diýip oýlaýar. «Ýylanyň ulusam bir, kiçisäm, çoluk KGB-niň kiçijik şugulçysy. Olar ýaly ýylan çagadan bäş wagt namazdan başga hemme zat çykar» diýip oýlanypdyr. «Döwlet howpsuzlygynyň her ýerde öz adamlary bar diýseler, şol dogry eken, ädimiňi bilip ätmeseň, görjegiň görgüdir. Bular ýeriň aşagynda ýylan gäwüşese-de, bilýärler» diýip, özüçe netije çykarypdyr. Meredi işe alan ferma müdirine umumy ýygnakda käýinç yglan edipdirler. Merede çölde işlemek gadagan edilipdir. Bu habary eşiden kesel keýwanysy aglap bir ýaňasy bolupdyr. Meret oňa: «Bolan zat ýok, gaýtam gowy boldy. Men nirelerde entäp ýördüm seni taşlap, galan ömrümizi juguldaşyp bile geçireris» diýipdir. Saňa serenjam berer ýaly kömekçi gerek, keseliňi-de lukmanlara bejerderis. Ýadyňda bolsa, orsuň lukmanlary ir wagtda mama keseline garşy sanjym geçirdiler. Şondan soň mama keseli ymyklaý ýok boldy. Olar ysytma, göz agyry, kel, demretgi, deri keselleri ýaly kesellere garşy göreşdiler, indi olar-da ýok diýen ýaly. Seniň bu keseliň dagy nämejik, güýçli-güýçli hekimler bar, şolara ýüzleneris. Ertiriň özünde keselhana baryp seniň keseliňi barladaryn, hiç zady gaýgy etme diýipdir. Köp wagtdan bäri kesel keýwanysyna göwünlik beripdir. Keselhanada hemmetaraplaýyn barlag geçirenlerinden soň, keseli anyklap, oňa garşy em etseler-de, sanjym geçirseler-de ökde nepi degmändir. Baş hekim Meredi çagyryp keseliň ýagdaýyny oňa aýdypdyr. Şondan soň Merediňem ýatsa-tursa keýpi bolmandyr. Hudaý mähnet berse, alaç ýok, näme-de bolsa, bolanyndan emläp durmaly diýip, Merediň etmedik emi galmandyr. Bu kesel akrapda has beterläp keýwanysynyň ýürek agyrysy goýmandyr. Keselli on üç gün ýassykda ýatansoň, amanadyny tabşyrypdyr. Meret keýwanysynyň üç, ýedi, kyrk sadakalaryny berensoň, ýene gömen harydyny ýaka aşyrmagyň ugruna çykýar. Çöle çykmaga bahana gözleýär. Ferma müdiri Meredi görende ýüzüni gyjakçynyň ýüzi ýaly kese sowup, zordan salamlaşyp geçýärmiş. Birden Merediň ýadyna eşegi düşýär. Ol ferma müdirini tapýar-da, eşegini getirip bermegini soraýar. Müdir: «Eşegiňi kolhoza sat, näçe diýseň bahasyny berjek» diýipdir. Meret: «Eşegimi satjak däl, getirip berseň, gowy boljak, bu ýaşda maňa aýagulag gerek ahyryn, jan inim» diýip ýalbarypdyr. Müdir soň getirip bermegi wada beripdir. Meret aý ýarym garaşýar, ýöne eşekden habar bolmaýar. Ýene bir gün Meret ferma müdiriniňkä barýar. O-da: «Meret aga, şu sapar ulag gitse, özüň baryp, eşegiňi münüp gaýtmasaň, çopanlar ol ýollary eşekli geçmekden boýun gaçyrýar» diýipdir. Meret içinden Hudaga şükür edip, daşyndan bolsa: «Baý-bow. «Oglana iş buýur, yzyndan özüň ýüwür» bolupdyr. Zyýany ýok, gitmeli gününi aýdarsyňyz» diýip, jogaba garaşman, zut gidipdir. Fermanyň: «Özüňiz getiriň» diýen sözi welin, Merediň ýüregine jüňk bolupdyr. Ol: «Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar» diýişleri ýaly, meniň yhlasym hasyl boljak ýaly, Allaha müň-de bir şükür diýip, gidiljek güne garaşypdyr. Iki hepde geçipdir, emma ulag entegem ýokmyş. Meret howlugyp: «Ertä galan işe gar ýagar» diýenleri boljag-ow, hernä saglyk-amanlyk bolawersin diýip, içini gepledipdir. Birden: «Ertir irden ugramaly» diýen habar gelipdir. Ertesi Meret gerek-ýaragyny horjunyna salyp, maşynly çöle ugrapdyr. Barsalar, eşegem ýokmyş. Çopanlar «Eşegiň gaçanyna üç gün boldy, yzy öz bolan guýusyna tarap gidipdir, yzyndan gitmäge wagtymyz bolmady» diýip çoluk jowranypdyr. Meret: «Inim, onuň üçin gobsunma, eşegi häh diýmänkäň özüm getirerin. Men gidenimden soň guýyny kim saklaýar? Sizden soň köne çopan Çerkez aga gorugman saklaýar». — Bolupdyr, möjeklere şam bolmadyk bolsa, öz guýusyna barandyr. «Seýilem seýil, sergezdanlygam bir seýil» diýipdirler. Menem, näme, şu ýaşda şeýdip selpäp ýörün. Ýogsa, bir mahal eşegimi eltip beren bolsalar, beýdip sergezdan bolup ýörmezdimem. Içinden bolsa: «Daýymlara gitjek, hem taýyma baş öwretjek» diýenleri boldy. Şolar ýaly menem saklan guýyma barjak hem eşegimi getirjek, bu gaty erbedem däl, men mamlamy, çoluk? — diýipdir. — Ha, siz mamla, Meret aga. Meret dagy iýip-içip bolansoň, ol şofýora ýüzlenip: «Inim, meni Porsa taşla» diýip haýyş edipdir. — Onda, Meret aga, ol ýere suwam alyp gideli — diýip, maşyna suwam ýükläpdirler. Şeýdip Porsa baka ugrapdyrlar. Ýolda Meret şofýora: «Inim, bir saklamasaň-a, men balagymy öllejek. Howa-da sowansoň, tiz-tiz çaýyň jogabyny bermeseň, bolanýok» diýipdir. Maşyn saklanan dessine Meret uçguryna ýapyşyp, siýmäge oturypdyr. Ol bolar ýerde bolmandyr, köp güýmenipdir. Şofýor oňa degşip: «Meret aga, siziňem siýişiňiz neriň şildiriň berip siýişi ýaly boldy öýdýän» diýipdir. — Geň-taň görme, köşek, seniňem ýaşyň bäş ýarym müçeden aşsa, nähili siýjegiň belli däl — diýipdir. Barsalar, eşek daňylgy hekgerip durmyş. «Iýen agyz uýalar» diýenleri ýaly, eşek iým, ot iýen ýerine gulluk etmäge gelipdir. Meret Çerkez aga bilen salamlaşansoň: «Heserdeş, ahwallar neneň, ýekelikden horlanýan-a dälsiň-dä?» diýipdir. — Ahwallaram ganymat öz-ä, ýekeligi bolsa senem başdan geçirdiň, ýeke ýaşamak gowy zad-a däl. «Ýekelik Hudaýa ýagşy» diýen ýeri-de bar, bir gündür-dä, sakgaldaş — diýipdir. — Indi Çerkez, menem ýeke-dä, keýwanym ýogaldy. Indi men: «Onuň bagty küle çökdi» diýenlerden boldum, heserdeş. — Gaýrat et, Meret, menem seniň ýalylardan ahyry, indi üç ýyldyr, keýwanymy ýitirenime, näme-de bolsa, Allanyň Hudanyň beren ýaşyny ýaşaly. Gaýrat et, küpür bolma — diýip, oňa göwünlik beripdir. Şofýor suwly ýagalary düşürip, suwuny huma guýupdyr. Ol: «Çerkez aga, men şu sapar nobatçy, on bäş gün dagy boljak, gerek-ýaragyňyz bar bolsa, aýdyň!» diýipdir. — Inim, un azaldy, un getir. — Bolar getirerin — diýip, olam ýola ugrapdyr. Meret eşeginiň ýanyna barandan eşek janawer hynçgyryp eýesine ýakymsyrap seredipdir. «Mal eýesiniň gözünden suw içer» diýenleri, eşek eýesinden haraý isläp delmurypdyr. Meret horjundaky arpadan torba salaga-da ony eşeginiň agzyna geýdiripdir. Ol horlanan eşegine: «Zyýany ýok, oba aşsak, bary düzeler, gaýrat edip, meni aşyrsaň, baka goýaryn» diýip, Meret eşegini sypalapdyr. Bu işleriň hemmesi Hudanyň buýrugy bilen bolandyr. Ferma müdiriniň: «Eşegiňizi özüňiz getiriň» ýa-da «Eşegiňiziň gaçanyna üç gün boldy» diýlen sözleriň hemmesi Allanyň buýrugy bilen bolandyr. «Hudaý berse guluna, çykaryp goýar ýoluna» diýenleri ahyry diýip oýlanypdyr. Olar Çerkez aga bilen ötenden-geçenden gürrüň edip, çaý içipdirler. Soň Meret köne donuny kesişdirip, eşeginiň sallam-sajak bolan içirgisini täzeläpdir. Ol «hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz» diýenini ýatlap, «Eşegim, sen daýaw bolsaň, ýüküm ýerde galmaly däl, hemme zat saňa bagly» diýip oýlanypdyr. Ol eşeginden «lepbeý» diýen söze garaşan ýaly, janawara seredipdir. Eşeginiň otdan başga zat bilen işi bolmansoň, bolýor-da diýip, belet tamyna tarap ugrapdyr. Ol wagty çekip, birneme gijigerine garaşypdyr. Çerkez aga garap: «Ugramazdan öň gowuja garbaň-gurbaň edeli, heserdeş, birki gün bäri gury-gurak iýenimsoň, tasdan essim aýylyp, ýüregim çaşypdy. Gowuja tagamly nahardan doýmasam, demirgazygyň ýigrenji şemaly içiňden geçip barýar. Hany, taýýarmy, heserdeş, naharyň?» — diýipdir. — Taýýar bolup barýor, häzir nasymy tüýküreýin, soň garmany elterin, howlukma — diýipdir. Çerkez aga ýagly gowurmadan taýýar bolan garmany heserdeşiniň öňünde goýupdyr. Meret birsalym dymyp oturypdyr, pikir derýasynda gulaçlap ýüzüpdir. Birdenem «Wah, bu garmanyň ýakymly ysy agzyňy suwjardyp barýor, heserdeş. Ne günler geçdi bu başdan, Çerkez. «Açlyk näme iýdirmez, dokluk näme diýdirmez» diýişleri ýaly, Sibirde bendide ýatanymda açlykdan ýaňa nämeler iýmedim. Bir ýola iýmeli däl kömelegi iýip tasdan ölüpdim. Bu günlere ýeterin diýmändim, heserdeş, Allaha ýükür, berenine şükür». Soň bular garmany iýip omyn edipdirler, aýat okapdyrlar. Nahardan soň kekre ýaly ajy gök çaýdan doýup hezil edipdirler. — Indi heserdeş, menem ugraýyn. «Myhman gaýtmaz ýaly howa ýok» diýipdirler — diýip, ol bar enjamyny ýygnap horjunyna salypdyr. Soň ol «Onda men ýöredim, heserdeş» diýip Çerkez aga bilen hoşlaşyp Kyrkgulaja gidýän ýola düşýär. Meret ýolboýy ýene aňtaýan adam bolaýmasyn diýip yzyna, iki-bakasyna tiz-tizden äňedipdir. Ol «Öňä Täze guýydaky çopanlaryň gözüne çöp atyp öz maksadymy duýdurmadym, islegime ýetdim. Indi seresap bolmaly, biwagt gezseň, melamata galarsyň diýen ýeri-de bar. Şonuň üçin ýoldan çykyp göreýin» diýäge-de gapdala sowlupdyr. Az ýöräp, köp ýöräp gijäniň bir mahaly tyllalary gömen ýerine barypdyr. Garaňkyda gömen ýerini tapman şol ýerde ýatypdyr. Ýatmazdan öň namaz okamak üçin teýim edipdir. Namazdan soň, «Ýa, Ýaradan, hem-ä ä özüň kömek et, bela-betere duşurmasyň-da diýip dileg edipdir. Ol kä oýa, kä irkilip, ahyrsoňy uky basmarlap süýji uka gidipdir. Howa-da sowansoň, Meret sebet ýaly gatap galypdyr. Ol zordan aýak-elini hereketlendirip aýak üstüne galypdyr. Meret özüne «Düýä haýt diýseň, medet bolarmyş, hany tur-da gömüsgäni ahdar» diýip buýruk beripdir. Daňam saz berip ugrapdyr, görse, tyllalary gömen ýeri bu taýda dälmiş. Soň durup esewan etse, gömen oýy gaýrarakdamyş. Eşegini çözüp durka, bir gara geçen ýaly bolupdyr. Ol haýdan-hasyr garanyň görnen ýerine barsa, hiç zat ýokmyş. Meret «Gorkana goşa görner» diýişleri ýaly boldy-ow, diýip höňürdäpdir. Ýalançy ýagtylanda Meret tyllaly torbany gömen ýerine barypdyr. Görse, tilkiniň köne hini hoňkaryp ýatyrmyş. Meret «Bolmady-ow» diýip, tapba oturypdyr, gözi garaňkyrap başy aýlanypdyr. Birsalym oturansoň «Iki elimi goltugyma sokup barmaly boldy-ow» diýip oýlanypdyr. Soň baryp gömüsgäni elmeläp görse tyllalar topbak bolup, çäge syrap ýatyrmyş. Torbany alakamy, gatyguýrukmy birisi-hä tüýdümläpdir. Meret: «Ýene maňa elek ýa-da çolpy gerek, men nireden alaýyn olary» diýip säginipdir. — Wah, men çolpyny bir wagtlar pytradyp taşladym ahyry, kepje-de ýok — diýip, oýlanypdyr. Soň ol özüne «Baryny al-da, gümüňi tart şu ýerden, gümra bolup durma-da, işle» diýip, horjunyny getirip, eline ilen tyllalary çägesi bilen horjunyň bir gözüne taşlapdyr. Ol Günüň doganyny-da duýman galypdyr. Kanagata bereket diýipdirler. Baryna kanagat et-de, ýok bol şu taýdan diýip, gitmek bilen bolupdyr. Herki işiň çaky-çeni bar. Ölümden özgäniň irkisi gowy, besdir, ýitirim bolaweri — diýäge-de, horjuny eşegine ýükläp, çäge köwläp üşän ellerini goltugyna sokup, eşegini idip gyzyşýança pyýada ýöräpdir. Meret ýolsuz ýerleri saýlap alypdyr, her sellemden töweregine garap, Gün guşluga çenli pyýadalap eşegine münmändir. Ahyrsoňy ýadap: «Şu gün-ä Gün ýaldyrasa-da, gury aýaz galdyratjak, gel çaý içip ýylynaýyn hem garbanaýyn» diýip çaýlapdyr. Şu ýerde ol tyllalary çägeden arassalapdyr. Eşeginiň yňňyrçagyny (gaňňasyny) aýryp, palany söküp, ep-esli tyllany palana ýerleşdirýär. Bok iýjegiň çemçesi bilinde diýişleri ýaly, Merede gerek bolar diýen gurawyny öňünden taýýarlapdyr. Galan tyllalary köýnegine berk orap daňypdyr. Onýança Günem ikitel bolupdyr. Meret: «Garagum derýasyndan haýsy köprüden geçmeli, «Dewýatkadan» daşrak duraýyn, ol ýerde ýaşyl lepberler durýar. Doňzuň agy näme, garasy näme, it görmesinem, üýrmesinem» diýip aşaklygyna ýöräpdir. Ol amatlysy Gara Mätnyýazyň köprüsinden geçeýin diýip, oýlanypdyr. Zergär zer bilen, daýhan ýer bilen diýişleri ýaly, Meret ýol bilen bolupdyr. Ol köp guýulary aýlanyp geçipdir. Ertesi çäş galanda Kerkiniň Bolşewik kolhozynyň «Sözenli» diýen guýusyndaky çopan goşuna barýar. Olar bilen çaýlaşýar. Çopanyň: «Bu ýerler nire, siz nire, azaşyp dagy eden dälsiňiz-dä, has aşak düşüpsiňiz» diýen soragyna: «öz-ä azaşdym» diýipdir. «Süýtde agzy bişen, suwy üfläp içer» diýenleri ýaly, ol «Köp geplemäýin, öňki dilimden tapanym ýeterlik» diýip oýlanypdyr. Çaý-nahardan soň omyn edip dowarlaryň piri Musa babanyň, ekin-tikiniň piri Babadaýhanyň ruh-pägine aýat okapdyr. Çopanlara pata berip ugramakçy bolanda meşigine (kislorod ýassygyna) suw guýupdyr. Şol wagt çoluk: «Gara Mätnyýaz daş däl, suwy ýük edip näme etjek?» diýşe. Meret: «Çöl görki suw, suw görki guw» diýipdirler, jan inim. Bu çölüň görki suwdur. Suwsuz ýeke ädim ätlemäň, bu çölde» diýip, eşegini münüp ýola ugraýar. Gara Mätnyýazyň köprüsinden sag-aman päsgelsiz geçip derýanyň gyrasy bilen çepe sowulypdyr. «Aýlanaýyn könäm senden, hiç kim güman etmez menden» diýäge-de köne belet ýoluny saýlap alypdyr. Gijäniň ýary bolanda Bäşkaka barýar. Şonuň gizlin oýlarynyň birinde ýatýar. Daňdan turup ot ýakynýar, çaýjoşy oda goýýar, çaý içip garbanýar. Soň ol uly ýoly kesip geçýär-de, ýene ýolsuz ýerden dogurlap Pelwerdi nazarlap geliberýär. Gijäniň bir wagty Gülegenjäniň üstünden inip, Kyrk çilten gonamçylygyna gelip girýär. Garaňkyda ata-babasynyň gabyryny tapmandyr, aglaý-aglaý olaryň ruhuna aýat okapdyr. Meret bu gije ähli öwlüýäleri ýatlap aýat okapdyr. Soňam şu gonamgada gijeläpdir. Meret daň saz berenden atasynyň aýmançaly mazaryny gözläp başlaýar (aýmança mazaryň daşyna aýlanan haýat). Mazary tapansoň, şu ýerde gömüsgäniň bir bölegini gömýär. Soň aýat okap, atasynyň ruhuna bagyş edýär. Gün dogmanka gonamgadan çykýar. Irden hapyzlar tiresinden Mämmet hapyzyňka barýar. Bu ýerde öz tiresinden bolan ýaşuly-ýaşkiçileri jemläp, atasyna hem-de wepat bolan garyndaşlarynyň hatyrasyna sadaka berjekdigini aýdypdyr. Sadakanyň gününi belläp, özi sadaka gerek bolan harytlary getirmäge Kerkä ugraýar. Ol maşyna münmän, eşegine münüp, ýola ugraýar. Halaja ýetmänkä çepe sowulýar, öňden belet söwdagäri, Ajynyň kethudasy Aman çerimgeriňkä barýar. Şonuňkyda on sany tyllany pullap, Kerkä ugraýar. Öýüne baransoň, eşegini baka goýýar, çünki bolan işleri bitirmekde eşeginiň uly goşandynyň bardygyny unutmaýar. Kerki bazaryndan gerek harytlaryny alansoň, öýüne barýar. Eşegini hemsaýasyna tabşyryp, iýmini-otuny oňa görkezipdir. Şondan soň sadaka üçin alan zatlaryny alyp, Pelwerde dolanýar. Juma güni Mämmet hapyzyňka ismi Pelwert hem beýleki obalardan köp märeke ýygnanýar. Meret sadakasyny sowup, Öwezgeldi aganyňka barýar. Öwezgeldi aganyň şol ojakdan umydygär bendeleriň, alamdan öten garyndaşlarynyň ruhuna aýat okaýar. Öwezgeldi aganyň ogul-gyzlaryny jemläp, olara ýaşaýyşda kynçylyga-da duş gelmekleriniň mümkindigini, ýöne erjellik bilen kynçylyklary ýeňip geçmelidigini, örän sabyrly bolmagy, çykalgasyz hiç zadyň ýokdugyny ündäpdir. Olaryň agyz-diliniň bir bolmagyny, şonda rysgalyň daşlaşmajagyny öwran-öwran düşündirip, Öwezgeldi aganyň aýalyna ýigrimi sany tyllany çagalaryndan ogryn beripdir. Soň oňa «Gyzyl görende Hydyr azar» bolmazlygy üçin gerek ýerinde, derwaýys bolanda harç etmegi tabşyrýar. «Şu tyllalarda merhumyň goşandy bar» diýipdir. Şondan soň garyndaş-kowumyňkyda üç gün myhmanlap, Burdalyga barýar. Sorap-idäp, Annamyrat aganyňka barýar. Ol kişiniň alamdan (aýatdan) ötenine köp ýyllar bolup, ýakynda keýwanysy-da ýogalanmyş. Meredi uruşda çolak bolup gelen ogly kabul edipdir. Meret töre geçip oturansoň, «Hany, onda alamdan ötenleri tirsegine galdyraly» diýip, ölenleriň ruhuna aýat okapdyr. Şondan soň çaý içip, saçak başynda ondan-mundan gürrüň edipdir. Hudaýnazar myhmanyny hormatlap, palaw bişirip, çüýşe çakyr, arak goýýar. «Men bu içgiden kesat» diýse-de, zorlap arak içirjek bolupdyr. Myhman agzyna almansoň, öý eýesi gezekli-gezegine içip, samyrdapdyr. Meret bu çolagyň bar bileni içgi bolsa, gowy däl ekeni diýen netijä gelipdir. Gijäniň bir wagtyna çenli sam-samlap, Merediň kellesini peteň edipdir. Ol gije aragyň ysyndan ýaňa belli uklap bilmändir. Meret «Däliniň belläni enesiniň ...» diýenleri ýaly, çolagyňam belläni arak bolsa, tiz gideýin diýipdir. Men bu tyllalary arakhora bersem, «Suw getirenem, küýze döwenem» bir boljak. Meniň zähmedim bilen gelen bu tyllalary kim iýip, kim syçjak diýip oýlanýar. Belki, syr saklamaýan ýürek «Pylankes maňa tylla berdi» diýse, ýene oturjak ýeriň tussaghanadyr. Niýet edenem bolsam, şondan dändim, «Eýesine gerek bolsa, goňşusyna haram» diýipdirler. Bu tyllalary gadyryny bilene bermeli diýip ertesi çolak bilen hoşlaşyp, Kerkä ugraýar. Öýüne baryp, eşegine eýe bolýar. Keýwanysynyň garyndaşlary bilen maslahatlaşyp, ir bolsa-da, aýalynyň ýyl sadakasyny beripdir. Gyşyň aňzakly günleri başlanýar. Kiçi çilläniň giren günleriniň birinde Meret keýwanysynyň daýysynyň ýanyna barýar. Ol indi ymyklaý doglan mekanyna baryp, ölýänçä şol ýerde ýaşajakdygyny aýdýar, olar bilen hoşlaşýar. Iki sany tamyny, mellegini olara tabşyrýar. Meret öňden taýýarlan gurawlaryny, iýmitini, suwuny horjunyna salyp, aýazly gijäniň birinde ýola ugraýar. Ugramazdan öň öwlüýäleri sanap, olaryň hakyna aýat okaýar. Biribara sygynyp, «Müň gün aglan, bir gün güler» diýipdirler, sadagaň gideýin, Alla jan, aglama hessesi galmady, ölmänkäm, güldürseň, gudratyň bar ahyry — diýip, Hudaýa nalyş edipdir. Soň «Hoş gal, Lebap, maňlaýa näme ýazylan bolsa, oňa kaýyl» diýip, horjunyny göterip, eşeginiň ýanyna barýar. Eşeginiň ýüzüni sypap, «El-eli ýuwar, iki el birigip ýüzi» diýipdirler, eşegim, ikimiz biriksek, almajak kendimiz bolmaz, Alla saňa medet bersin, ugraly» diýip, eşegine münüp, ýola ugraýar. Gury aýaz welin Meredem, eşegem çakdanaşa üşedipdir. Sibiriň kyrk gradus sowugyna çydan bolsa-da, Garagumyň ýüz-gözüňi ýalap, titredýän aýazy Meredi haldan gaçyrypdyr. Ol diňe gündiz iki ýola çaý-çörek iýip-içipdir. Ikinji güni daňdan itleri üýrüzip, çopangoşa barypdyr. Bu taýda ýylynypdyr, naharlanypdyr, özüniň azaşandygyny, indem ýol salgy bermeklerini towakga edipdir. Berlen salgy boýunça ýörän bolupdyr, biraz geçensoň, ýoluny üýtgedip, günorta tarapa eşeginiň başyny öwürýär. Indi ol diňe serhedi kesip geçmek barada pikirlenýär. Serhediň berk saklanýandygyny, çitenekli simler bilen aranyň kesilendigini Meret bilipdir. Şonuň üçin öňünden oňa gerek boljak gurawlary taýýarlapdyr. Ol «Ýa Biribar, Özüň ýardam et» diýip, ýolumy dowam edipdir. Şol barmana daň ýagtysyny seçende gür sazaklyga baryp, şol ýerde düşläpdir. Eşegine arpa beripdir, çala doňan meşigini onuň ýakynynda goýupdyr. Soň çaý içip, garbanypdyr. Uzynly gün oýlugyna çolanyp, ot ýakman oturypdyr. Ol garaňky düşerine garaşypdyr, serhediň ýakyndygynv aňypdyr. Içinden «Belanyň daşynda bolandan içinde bol» diýipdirler. Näme-de bolsa, zastawanyň golaýyndan geçmeli diýen netijä gelipdir. Meret garaňkyrap ugrandan ýola taýýarlanypdyr. Ot ýakanda gyzan çägä gömen meşigini çykaryp, eşegine suw berýär. Soň özi mylaýym suw bilen garbanýar. Teýim edip, şam namazyny okaýar. Şatyrdap duran aýazdan ýaňa üşän endamyny gyzdyrmak üçin biraz bökjekläpdir. Ýola ugramazyndan öň Allany çagyryp, üç ýüz altmyş öwlüýäleriň hakyna aýat okapdyr. Ol: «Hernä, ýolumy kesmäsiň, sag-salamat serhetden geçmäge kömek edesiň, orslaryň göz-gulagyny gapasyň» diýip dileg edipdir. Soň eşeginiň aýagyna öňden tikip taýýarlan keçe gaby (ädigi geýdirip), ony berk saraýar. Şondan soň garaňkyda eşeklenip, ýola ugraýar. Biraz ýöränsoň, gijäniň sowugyna çydaman, eşegini idip, pyýada ýöreýär. Gözedürtme garaňky, birdenem öňünden çyralaryn ýalpyldysy görünýär. Zastawanyň üstünden gelendigini aňşyrýar. Ol Hudaýy çagyryp, eşegini münüp ugraýar. Zastawanyň ok gaýtarym çep tarapyndan barypdyr, görse, sim germewleri ýokmuş. Içinden Hudaýa şükür diýip gidip oturýar. Birden sürlen ýere düşýär. Çäge doňsa-da, bu ýer doňmandyr. Daň atýança eşegini haýdap ýöräpdir. Ser salyp görse, Ymamnazaryň aşak tarapyndan geçipdir. Indi özüniň Owganyň soraýan ýerindedigini aňşyrýar-da, eşekden düşüp, gury aýazda egin-eşigini çalşyrýar. Ol horjundan çokaýyny, dolagyny alyp geýýär. Köýnek-balagyny, ýektaýdyr donuny, şypyrmasyny geýipdir. Öňki eşigini, ädigini, gulakjynyny toplap, bir gorpa gömýär. Soň «Eşegim, durma, «Söýenişen ýykylmaz» diýipdirler, gör, sen meni nirelere getirdiň?!» diýip, eşegini haýdap ugraýar. Şol gidişine günortanlar Owgan sakçylarynyň eline düşýär. Ol özüniň çopandygyny, azaşyp ýörendigini aýdyp, aklanjak bolýar. Emma sakçylar oňa ynanmaýar. Sebäbi: «Haýsy baýyň we nirede goýun bakýarsyň?» diýen soragyna dogry jogap berip bilmändir. Işiniň tersine bolandygyny aňyp, bökdenmän, donunyň ýakasyny söküp, on sany onluk tyllanyň hersine bäşisini berýär. Şondan soň iki sakçy maslahatlaşyp, goýbermäge razy bolýar. Birsellem durup, sakçylaryň özbegi (owgan saklaýan sakçynyň biri özbek, ikinjisi owgan bolýar) «Eke, eşekden düş» diýipdir. Meret eşekden düşen badyna horjuny alyp, zatlary ýere döküpdir. Bar zatlary dörüşdirip, hiç zat tapmansoň, oýlugyny, egin-eşiklerine çenli elläp görüpdir. Çolpusyna zat ilmänsoň «Arkalaşan dag aşar» diýenlerini edip, Merede eşeklenmäge jogap beripdir. Özbek «Ak düýäni gördüňmi? Ýok diýersiň, lekin diliňe bejit bol» diýip sargapdyr. Ol ikinji güni haldan düşüp, Alty bölek gyşlagyna baryp, öz howlusyny tapýar. Sen ýok, men ýok tamlaryň birine hars urup giripdir. Tamda maňňala aýagyny çoýup oturan iki sany zenan maşgala ýüzlenip: «Enem nirede?» diýen sese oturanlar tisginip ýerinden turupdyrlar. Olar agyz-burnuny esgisiniň bir ujy bilen örtüp, gözlerini tegeläp, saç-sakaly çuw ak bolan bu goja seredip, gepläp bilmän, saňsar bolup duranmyşlar. Bu duran zenanlaryň biri ikinjisiniň elinden tutaga-da, zut daşaryk çykmak bilen bolupdyr. Olar ikinji tama girip, bir erkegi çagyrypdyrlar. Soň gojanyň ýanyna sakal-murty tabap, ak sepen biri gelýär, ýöne bu-da Meredi tanaman, onuň ýüzüne seredip durmuş. Merediň soragy: «Hany, enem?» bolupdyr. Onda duran ýigit: «Kim bolarsyňyz? Size kim gerek?» diýipdir. «Maňa etjem gerek, men Meret Mejit ogly» diýende, ýaňky moýsepit, bu kişini gujaklapdyr. Ol: «Bu ata sizmi, dirimi, ýerden çykdyňyzmy, gökden düşdüňizmi, nirelerde ejir çekdiňiz, janym atam?!» diýip, gözünden ýaş döküp, hamsygypdyr. Ýaşyny ýaglygy bilen syryp, «Ýene siz Hydyr ata bolaýmaň» diýip, ýene gujaklapdyr. Şol wagt çagajyklar bularyň töweregini gurşap, aňkaryşyp, iki adamyň bolşuna seredipdirler. Saçak başynda Meret oglundan enesiniň aglaý-aglaý kör bolup, alamdan ötendigini, her aglanda «Gün dogdy. Gün batdy, Aý dogdy, Aý batdy, ýyllar geçdi, oglum gelmedi. Gyş gutardy, ýaz geldi, guşlar gelip gitdi, balam gelmedi» diýip aglandygyny gürrüň beripdir. «Ahyry mamam gyşdan galan garyň ereýşi ýaly, ýuwaşlyk bilen eräp tükendi» diýipdir. «Mamamyň ýogalanyna on dört ýyl, enemiň alamdan ötenine üç ýyl geçdi» diýip ogly aýdypdyr. Meret ölen-ýitenleriň ruhuna aýat okapdyr. Soň ol gamgyn halda howlusyna aýlanýar. Özüniň diklän tamyndan başga, ýene iki tamyň bardygyny görýär. Işigini açyp seretse birinde dokma gurawlarynyň, ikinjisinde haly dokalýandygyny görýär, oglundan hoşal bolýar. Ýerine göz gezdirse, onuň gyrasynda tut, erik, üzüm ýaly miwell daragtlaryň ösüp oturandygyny görüp, şatlanýar. Ýeriniň ýeňse tarapyndan kiçeňräk aryk geçendigini, howuz gazylyp, nowa guralandygyny görýär. Ýeriniň depip agdarylandygyny görýär. «Bidöwlede bir gün sähet, iş etjege her gün sähet» diýenleri, oglum, tüweleme, ýerini agdarypdyr — diýip hoşal bolupdyr. Soň howlynyň mal saklanýan bölegine barsa, ol ýerde at, düýe, sygyr ýaly mallar barmyş. Meret «Diýmek, oglum gurply ýaşaýan eken» diýip begenipdir. Adam eli ajy hem süýji diýenleri dogry, tüweleme, oglum zähmetden gaçmandyr. Men soňky sapar Lebaba gidenimde bu ýerler çaňap ýatan meýdandy, indi bolsa, gör, nämeler ösüp otyr diýip özi bilen gepleşipdir. Hemme ýerine birlaý aýlananyndan soň içeri girip ogluna: «Eşegiň üstüne içirgisinden başga-da galyňja bir zat ýap-da palany bilen yňňyrçagy (gaňňany) şu ýere getir» diýipdir. Haçan-da yňňyrçagyň öňki we yzky gaşlaryny goparanda, oňa köwülip ýerleşdirilen tyllalar lowurdap halynyň üstüne dökülende ogly bir hili gobsunypdyr. Soň Meret çokaýyny getirmegi buýurýar. Çokaýlaryň oltarylan ýerini, apgyrt tikilen hem-de ökjä tikilen teletini sökende, ýene esli tylla üýşüpdir. Olary tabaga salyp oglunyň öňünde goýudyr. Ol: «Oglum, bulary gerek ýerine öz islegiň boýunça harç ediber. Ýöne kelläň aýlanyp, bolgusyz işiň üstünden barmajak bol. «Atlanan atasyny tanamaz» diýen nakylam bar, hernä baýam bolsaň, gäberme, uly gepleme, birine at dakma, edip bilseň ýetim oglana, dul hatyna, garyp-gasara hedýe berip dur. Soňam, oglum, «Serçe semrese, büzzügi daralar» diýenleri bolama, sadaka bermek bilen baýlygyň azalmaz, Hudaý ýoluna sadaka berseň, ýalkanarsyň. Indi, oglum, diňle, meniň bu taýa gelenimi hiç kim bilmesin. Sebäbi, gep ýüwrük bolýor. «Öte eşiden öý ýykar, çala eşiden çatma» diýipdirler. Meniň bu ýurda gizlin gelenimi bilseler, ony-da owgan polisiýasy eşitse, meni öň-ä tussag ederler, onsoňam yzyma tabşyrmagy mümkin. Sebäbi orslar bilen Owgan hökümediniň arasynda şolar ýaly ylalaşyk bar. Meniň köpüm ötüp azym galdy, ölsem enemiň, keýwanymyň ýatan gonamçylygynda ýatsam Hudaýdanam bendesindenem hoşal bolardym. Ýene bir zat, o-da sag-salamat bu taýa aşanyma sadaka bereli. Men Hudaýa, pygamberlere, öwlüýälere köp sygyndym. Şolaryň kömegi bilen serhetden sag-aman geçdim. Maňa göýä, şol tarapa ýöre, şol ýerden geç diýen owaz gulagyma eşidilip, biri idip howsalaly ýerlerden geçiren ýaly boldy. Hawa, gudratyň bardygyna men öňem şübhelenmeýärdim, ine, şol gudrat boisa meni size gowşurdy. Indi bolsa ölsemem armanym ýok. Sadakanyň bar gurowuny, ine, şu tyllalardan uşadyp alarsyň, men munuň azabyny az çekmedim. Dogrusy bu meniň gara derim bilen gazanan baýlygym däl, şonuň üçin tyllalaryň esasy bölegini baýyň oglan-uşagyna tabşyrmagy unutma. Şu ýere aşyranymyň bir bölegini özümize harçlarys, galany bolsa Juma baýyňky. «Öň akan ýerinden akarmyş aryk» diýipdirler. Lebap bilen ara sazlanyp aç-açan gatnaşyk başlansa, ýa-da, ors ata Watandan ymyklaý gümüni çekse, tyllalary eýesine gowşurarsyň, gömen ýerimi men saňa aýdaryn. Häzir meniň aýdanlarymy bek belle, Juma baý ölen bolsa, oglan-uşagy bardyr. Tyllalaryň galan bölegi şonuňky bolmaly» diýip ogluna sargapdyr. Ogly atasynyn sargytlaryny ýerine ýetirjekdigine söz beripdir. Meret dört-bäş gün üsgürip, gyzdyryp kesel bolýar. Ol hapyzlar tiresiniň kethudasy Muhammet Anna (Anna hapyzyň ogly) bilen içgin gürrüňden şol özüniň gelendigini gizlin saklamagy wadalaşýar. Hepdäniň juma güni sadaka berýärler. Sadakany dargadan gününden başlap sowukdan ykjam paýyny alan bu goja ýassyklaýyn ýatmaga mejbur bolýar. Soňky aýlarda namaz okamaga-da ýaramandyr. Gyzgyny güýçlenip jöwzada has beterläpdir. Tebip çagyryp emleseler-de, öýken sowuklamasy gowy bolman, gaýtam, yssy düşdügiçe beterläpdir. Meret baranyna bäş aý töweregi bolanda alamdan ötýär. Ölmezden öň ogluny ýanyna çagyryp, tyllalary gömen ýerini, ony nädip tapmalydygyny jikme-jik hata ýazyp salgy berýär. | |
|
√ Ojak -2-nji kitap -20: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -9: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: 24: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -5: romanyñ dowamy - 14.09.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -10: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -17: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Wezipe berilmeýär, alynýar - 16.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |