16:30 Üç tussagyň ýatlamalary-13/ romanyň dowamy | |
HUN ALYŞ
Romanlar
— Aman, megerem, seni Wepanyň soňky kysmaty gyzyklandyrýandyr? — Men şony asyl soramakçydym, Gurbanguly aga. — Onda gulak goý — diýip, Gurbanguly aga Wepanyň soňky başdan geçirenleri barada gürrüň beripdir. — Agam dagynyň bäri ugrandygyny, belediň Wepadygyny Gülegenjeden aý ýarym sizden soň ýola çykan Begenç garawulbegi gürrüň beripdi, bizem zat-garadan geçdik. «Ölmän galan bolsalar, haýryýet» diýip, köp garaşdyk. Belkäm, serhet sakçylaryna duşup, bir ýerlere sürgün edilendirler diýen niýet bilen serimsal bolduk ýördük. Şol hasratly günlerde näçe gijeler kirpikli gözümi ýumman geçirdim. Teý ahyr «Ýaramaz habar ýüwrük bolar» diýenleri ýaly, «Garajyklar suwsuzlykdan gyrlanmyş» diýen betýakym habar gulagymyza kaklyşdy. Suw siňrikden agansoň, etjek alajyň ýok. Soň bizi ismi Gülegenje bolup maslahat geçirdik. Şonda öňi bilen olar nädip suwsuz gyrylypdyr, oňa kim günäkär, şony anyklamaly diýen netijä geldik. Birine pul-teňňe berip, ony Lebaba ýolladyk. Iberen aňtawçymyz tiz dolanyp geldi. Ol: «Siziň maşgala agzalaryňyzyň suwsuz ölmesine Wepa günäkär, ony ýeriň aşagyna dikligine gömmeli. Eger hun almagy niýet eden bolsaňyz, ony ýere giren bolsa-da, tapmaly, kyýamata goýmaly däl» diýdi. Men ony dereklesem, Gülegenjeden bir adam Wepany gaýyk güzerde görüpdir. Megerem, onuň pyssy-pyjurlyklary äşgär bolansoň, bir ýere ýitirim bolmagy ýüregine düwen bolmaly. Aýtmaklaryna görä, ol Çandyra gaçana ogşaýar. «Şol ýerde onuň ilen-çalany bolmaly» diýip belet adamlar aýtdylar. Onuň eden işi köre hasa bolsa-da, il içinde eden işinden dänýärmiş, dänse-de, ilat oňa ynanmandyr. Syrly ýumak çöşlendigiçe onuň günäkärdigine ilat göz ýetiripdir. Soň ol bir ýerlere jyrmak bilen bolupdyr. «Gaýdyşyn gije ýöredim, şolam meni biraz bökdedi, şundan başga bitiren işim ýok» diýip, Lebaba iberen beledimiz gürrüň berdi. Şol habardan soň derhal hun almaly, soň ony öz edişi ýaly etmeli diýen netijä geldik. «Hun almasak, maşgalamyz göründe dik oturar» diýdik. Soň Wepany ele salmagyň ýollaryny agtardyk. Dünýä maly gitse-de, ony tutup getirer ýaly adam gözledik. Ahyry olar ýaly işi eşekden palan alança-da görmeýän, günäkäriň dilini gömeýinden sogurmaga taýýar birini tapdyk. Bu adam Wepany daşdan gowy tanaýan, serhedi näçe bir ýola kesip geçen, basmaça goşulyp, kolhozlaryň zadyny talan, Garabagşylynyň Garainjik tiresinden bolan, baryp ogry, neşebent Hudaýberdi köse diýen eňeginde keliň saçy ýaly gaty seýrek dört-bäş sany gyl gögeren, agajet, ýörände ýorgalaýan, çalt hereketli bir jalaý eken. Şu kyrka ýakynlan bisyrat ýigide «Nädersiň şu işi» diýsek, «Dek şu günler serhetden geçmek üçin başyňy gora sokma:ly, gowuja töleseňiz, ten daş ederin, agalar. Öňem biri «kyrk bolmasa, kyrk bir eken-dä» diýipdir, hiç bolmasa, kellesini getirerin. Ol ýitirim bolanda bolsa, men ony taparyn. «Ýoda yzlasaň, ýola elter, ýol yzlasaň, ile elter» diýipdirler. Menem sypdyrman yzlaryn, şat bir ilden tapaýadyryn şol ganojagy» diýdi. Biz ondan diňe Wepanyň özüni getirmegi talap etdik. Ol razylaşdy. Soň men ondan: «Öz-ä Wepany tanarmyň?» diýip, ýene bir ýola soradym. Ol: «Ten tanama-ga beýlede dursun, asyl men onuň çerimgerde hamynam tanaryn. Onuň sag gözüni gypmasy entekler galan däldir» diýdi. Hun almagy ymyklaý ýüregiň bir burçuna düwensoň biz Gülegenjäniň kethudasy Öwlýäguly aga bilen geňeşdik. Ol: «Sen şol işi bitirjek bolsaň, puluňa daýan, «pul güýjüň bir gömüşidir» diýilýän ýeri-de bardyr diýdi. Şony ýatlap, köse bilen şol hundarymyzy tapyp getirse, ähti-peýman edilen pul-teňňäni berjekdigimize söz berdik. Köse-de öz gezeginde gidende müner ýaly eşek, esli teňňe-tylla sorady. Menem: «Hudaýberdi aga, «Suw görmän, balak çykarmarys», şol mahlugy ele gowşursaň, ine saçagym-duzum, wada eden pul-teňňämi bererin» diýdim. Köse meniň diýenlerime ynandy. Ol: «Wepanyň emi tirýekdir, şondan ýüküni ýetir ýaly pul berseňiz bolar» diýdi. Biz onuň soran puluny, eşegi berdik, soň köse iki güni geçirip, ýola ugrady. Köse ugrandan bir-iki gün geçende garyndaşlardan bir ýaşuly geldi. Men oňa köse barada gürrüň berdim. Ol: «Ýaşy bir çakyna baran kösäni dost tutma, sebäbi baram bolsa, ýok diýip kisesini çöwrer durar» diýen gürrüňem bar. Ýene şol neşebent alan puluny bermän, gaçyp ýörmese ýagşy» diýdi. Köse beren sözünde tapyldy. Wepa diýen pedernäledi bize getirip gowşurdy. Indi kösäniň başdan geçirenlerini diňle. Hudaýberdi kösäniň gürrüňine görä, ol diňe gije ýöräpdir. Bäş gün diýende Pelwerde aşypdyr. Käbir tanyşlarynyňka barmakdan heder edip, köne tanşy Annaguly halpalyňka barypdyr. Sen-men ýok, eşegini daňyp, barmyň-ýokmuň diýmän, içeri giripdir. Horjunyny gapdalda goýupdyr-da, aýbogdaşyny gurap oturypdyr. Annaguly aga-da gözlerini tegeläp: «Bu nä boluş, köse?» diýipdir. Köse-de: «Ten, ülpet, ýadadym. «Çöken düýe ýer tapar» diýenleri ýaly, menem çökdüm öz-ä» diýipdir. Soň halpal: «Hudaýberdi, sen gökden düşdüňmi, ýeriň teýinden çykdyňmy, hany, tur ýeriňden, bir görüşeli» diýipdir. Soň iki tirýeki elleşip görşüpdirler. Öý eýesi: «Keýwany, «Müň siz-bizden bir jyz-pyz» diýipdirler. Myhmana halkasalyk bir zat tapaweri. Menem häzir çaý demläýin» diýip, çäýnege çaýy basaja atypdyr. Gaýnap duran çaýjoşy çäýneklere guýupdyr. Şol barmana keýwanysy dört-bäş sany ýumurtgany sary ýaga gowrup, olaryň öňünde goýupdyr. Bular çaýdan, tirýekden gowy ganansoň, gürrüňem suw pese giden ýaly bolupdyr. Olar dünýäni agdar-düňder edip, gart-gart gaşanypdyr, ýene birki ýola dişlerine çalansoň, keýpleri bag-bag bolupdyr. Köse ahyr gürrüňi Wepanyň töwereginden eltipdir, bu töwerekde şol myrtaryň köpden bäri ýokdugyna ynanypdyr. Hupdana çenli neşeden keýpini köklän köse «Iki däli birikdi, güle-güle, irikdi» diýenleri dogry. Indi men gürrüňden irikdim, gideýin» diýip, ýerinden turupdyr, gaşana-gaşana, donuny geýipdir. Annaguly halpalam: «Ulpet, gijäniň bir wagty sen nirä gitjek, gitseň, ökelärin, ýatyp git» diýipdir. Köse-de içinden: «Ten ökeleseň, owarrama, ökele, men ýol almaly, heserdeş» diýip, hysyrdap, horjunyny kibtine alypdyr. Daşary çyksa, irbaýak garaňky düşenmiş. Ol birsalym durup: «Gel onda, galmaly bolsa, galdyk-da» diýip, içeri giripdir. Donuny, telpegini çykaryp, ýene saçak başyna geçipdir. Çaýdan, garabegden pugta ýetirip, halpalyňkyda bu gije ýatypdyr. Annaguly agada çaga-çuga bolmansoň, neşesine kyh beren adam bomandyr. Köse daň atmanka turup, irki namazyny okapdyr. Bu adam neşebendem, lütjegem bolsa, irki namazyny ýolda-yzda-da yrmandyr. Köse namazy boldum edýänçä Annaguly aga-da aýaly bilen çaý-çörek taýýarlanmyş. Ýene garabegden hersi noýba ýalysyny käsede eredip içensoň, Annaguly aga gapdalda ýatan, kirden ýaňa gatap, päki gaýrabermeli bolan gurama ýassygy kösä oklapdyr. «Al, tirsekle, ýogsa tutmaz, ülpet» diýip, hikirdän bolupdyr. Köse ýassygy iki epläp, goltugynyň astyna dykanda ýassyk şatyrdap ses edipdir. Näme bolduka diýip, elläp görse, ýassyk kirden ýaňa ýaldyrawuk bolupdyr, eli dagam taýyp durmuş. Köse: «Munuň ýanagam kirli ýastyk bolar eken, eý toba estagpyrylla» diýip, içini gepledipdir. «Megerem, bu ýastyk şu heleýe göçende berlen gurama ýastykdyr» diýip, pikir ýöredipdir. Köse «Birniçäni gör-de, pikir et, birniçäni gör-de, şükür et» diýen nakyly ýatlapdyr. «Munuň keýwanysynyň ýanynda öz keýwanym dagy has päkizeçil ekeni. Allaha şükür, bular-a, halpal diýseň, halpal ekeni» diýip pikirlenipdir. Çaýdan soň omyn edip, ölen-geçenleriň ruhuna aýat okapdyrlar. Şondan soň köse ýoluna ugrapdyr. Ugramazdan öň halpala: «Ak düýäni gördüňmi?» diýseler, «ýok» diýersiň» diýip, erik ýaly garabegi beripdir. Annaguly: «Ugruň haýsy tarapa» diýip soranda, «Gowak, Çekir, Esenmeňli taraplara» diýip, ters aýdypdyr. Köse Wepanyň bu töwerekde ýokdugyny anyklansoň, göni gaýyk güzere tarap ýöräpdir. Onuň bagtyna güzerde tanyş-bilşi, GPU-nyň aňtawçylary-da duş gelmän, aman-sag eşeginäm gaýyga ýükläp, gaýra gyra ugrapdyr. Sorap-idäp mekanly tanşy, atdaşy Hudaýberdi tokmak diýeniň öýüne barypdyr. Bu adama tokmak lakamynyň galmasy bileginiň ýogyn süňklek, ýumruklarynyň her biri ýaş oglanyň kellesi ýaly togalanyp duransoň, şu lakam galypdyr. Goýnuň gaýnan kellesini dagy bir ýumrukda pytradar eken. Atdaşynyňka barsa, keýwanysy çykyp: «Ol-a ýok, işe gitdi, giçlik geler» diýipdir. Köse-de «Çagyrylan ýere erinme, çagyrylmadyk ýerde görünme» diýlen ýerem bar. Bolsa-da, geliň-geçiň diýilmese-de, zommakylyk edipdir. Ol howla giripdir, eşegini basdyrmanyň aşagynda daňypdyr. Gapdala söýelgi palaçdan ep-eslini eşeginiň öňüne taşlapdyr. Soň horjunyny egnine alypdyr-da, sen-men ýok, göni tama girip gidipdir. Akrap aýy bolansoň, howa-da çigrekmiş. «Degimsize degim degse, ýylda geçini iki gyrkar» diýenleri ýaly, indi kösä çaýam gerek bolupdyr. Ol özüne syn edip duran zenana: «Çaý getiriň» diýipdir. Birsellem bu adamyň bolşuna syn eden zenan birden hasanaklap, ýarasyna köz basylan ýaly, iki-baka ylgap jabjynypdyr. «Munuň ýanam bir adam bolar ekeni» diýip hüňürdäpdir. Näme-de bolsa, adamçylyk, özi ýaly bolmaýyn diýipdir-de, çaýjoşy ojaga ataryp, aşagyna ot gallapdyr, myhmana çaý-çörek beripdir. Ep-esli wagtdan soň atdaşam gelipdir, bular bir-birini ýitirip tapan ýaly, gujaklaşyp görşüpdirler. Saglyk-amanlyk soraşansoň, çaý-çöregiň başynda geçenleri ýatlap, köp gürrüň edipdirler. Soň köse: «Sen öň-ä bu howluda gyşlamaýardyň?» diýip sorapdyr. Onda atdaşy: «Bu howly Ýaraş baýyň howlusy, ol Owgana göçensoň, şura başlygy muny maňa berdi. Häzir men täze döredilen kolhozyň (daýhan birleşigiň) başlygy, ülpet, kiçi-girim adam däl. Kolhozda ýigrimi dört hojalyk bar, ýene kolhoza girjekler bar» diýenmiş. Köse rejäniň deň däldigini aňypdyr. Ol göz gyrpman, bir topar ýalan sözläpdir-de ülpediniňkiden garasyny saýlamak bilen bolupdyr. Ol: «Itler biri-biri bilen boguşar, dişleşer, ýöne möjek gördügi olar birleşip, oňa garşy topular. Meniň kimdigimi bilse, bular meni bir şapbatda omma oturdar» diýip, içini gepledipdir. Köse atdaşyndan: «Çandyr töwereginde tanyş-bilşiň barmy?» diýip sorapdyr. Hudaýberdäm: «Juda bar, özäm dost-ýar üçin janyny gurban etmäge taýýar Töre pälwan bar» diýipdir. Soň köse Töre pälwanyň öýüni salgy alaga-da, Çandyra baka ýelk ýasapdyr. Barsa, pälwanam öýündemiş. Saglyk-amanlyk soraşansoň, köse özüniň Hudaýberdi pälwanyň iberen adamydygyny salam gönderendigini aýdypdyr. Pälwanam: «Salam iberenem, getirenem sag bolsun» diýipdir. Çaý başynda pälwanyň «Näme iş bilen bärlere çykdyňyz?» diýen soragyna: «Şu taýda möhüm işim bar, birini görmeli» diýip, ahyryny gümmi-sümmä ýazdyrypdyr. Köse: «Men ýene najaý geplemäýin» diýip, az sözlejek bolupdyr. Öz gezeginde pälwanam kösäniň näme sebäpden gelenini anyklajak bolup, sorag üstüne sorag ýagdyrypdyr. Köse-de içinden: «Bäh, buýa köten ýuwan ýaly, sorap dur-ow, indi bolmaly, «Däliden dogry habar» diýipdirler, «Näme-de bolsa, indi dogrymy aýdaýyn» diýipdir-de, «Men, pälwan, Wepa gotur diýen birini derekläp geldim. Şol tirýeki göç gatnadan bolup, ullakan maşgalany suwsuzlykdan gyrdy. Olaryň pul-teňňesini aldy, zat garasyna eýe boldy. Alan tylladyr kümüşlerini garabegden geçirdi. Içerisiniň zatlaryny satyp, suw çaýkan ýaly etdi. Onda ne goş galdy, ne-de guraw, karz alan teňňesini bermedi. Biziň ilde: «Şol ýer ýuwdany görsem, ýakasyndan tutjak» diýýänlerem bar. «Ebti raýy bilen ýer çeksin ony» diýip, gargaýanlaram bar. Şol daşy jäjek, içi möjek, kümsük haramsiýdigiň derisine saman dyksaňam, az» diýipdir. Töre pälwanam: «Derekläp geleniň şol gotur bolsa, ol-a bar şu ýerde. Gelenine ýyl ýarym töweregi bolandyr. Ol şol bazarda daýysy bilen dellalçylyk etýor» diýipdir. Köse-de: «Bar bolsa, has gowy, şol adam eden etmişi üçin o dünýäde däl-de, şu dünýäde jogap berse, çyn ýerine düşjek» diýipdir. Pälwan: «Hakydamda, ol gelen günleri bolsa, ezekesini agdaryp onuň-munuň işini eden bolup ýör. Daýysy-da ony nekäp başlapdyr, çalaja bir işi näjaý etse, ykarat baryny berýormyş. Çaýdan örlemesi kynmyş, özi çylka neşebentmiş. Göknar tapsa, käsäni dolduryp, ezip içýärmiş. II içinde abraýy ýok, ol barada gybat köp, çynmy, ýalanmy, belli däl. Daýzasy şol gybatlary diňläp, gaýpanasyndan heläk bolýarmyş». «Pälwan. Şol diýýänleri çyndyr». — Hawa, onuň daýysam mijimel, aýalyna, ogluna sandygyň açaryny ynanmaz, mydama açarynyň bagyny uçguryna dakyp ýörenlerden. Elini ýumsa, barmagynyň arasyndan çyksa, ýalar, çykmasa, şol ýuwar oturar. Soň ol ýegenini näme üçin ýigrenmesin. Pälwan, senden towakga, maňa kömek et, men haraý işläp geldim seniň ýanyňa. Nädereje bolsa-da, men ony alyp gitmeli, eltip hun eýesine gowşurmaly diýipdir. Pälwan soňra: «Bolar, sen daljykma, hemmesiniň bir hasaby bolar» diýipdir «Agajyň ýaramazy soky bolar, adamyň ýaramazy-sabyrsyz» diýipdirler. Sen sabyrlylygy elden berme, hemmesi gülala-güllük bolar diýipdir. Pälwan: «Sen ony nirä äkitjek?» diýip sorapdyr. — Edibilsem, Owgana aşyrmaly. Onda Pälwan: «Hudaýberdi, «Hile et-de, gile et» diýipdirler, bir tor taşlap göreli, tora çolaşsa-ha, haýryýet, çolaşmasa-da, gile etmeris, başga çykalga gözläris» diýipdir. «Sag bol, pälwan, «El-eli ýuwar, iki el birigip-ýüzi» diýipdir, ikimiz biriksek, bir iş gopararys». Şondan soň bular nädip Wepany aldawa salmagyň ýollaryny gözläpdirler. Ahyry olar Wepany tirýegiň kömegi bilen ele salmagy makul bilipdirler. Şonda Töre pälwan: «Ülpet, «Balygyň diriligi suw bilen» diýipdirler. Şol kesapatyňam diriligi tirýek bilen, diňe şonuň kömegine daýanmaly bolarsyň, hem-ä garabegi nazaryňdan sypdyrma» diýipdir. — Pälwan, rast aýtdyň, şol artyba daýanaryn. Bazar güni köse mal bazaryna barypdyr, köwweň-söwweň edip, Wepanyň symmatyna syn edipdir. Wepa sada sözler bilen aljagy-da, satjagy-da bir-birine seplemegi başarypdyr Dili ýakymly geplese-de, ýüzüniň reňki-roýy öçüpdir, melemtil sary reňke öwrülipdir. Alyjy bilen satyjyny ylalaşdyryp, bäş-dört manat eline ilende ykarat baryny görkezen gözüni gypyp goýberýärmiş. Şolary synlan köse: «Bu edil Wepanyň özi, oňa nädip ýakynlaşsamkam?» diýip pikirlenipdir. Alyjylar bir eşegiň daşyna üýşende Hudaýberdi köse-de alyjylara goşulypdyr. Eşek söwdasy boldy edilip, dellalhakyny alansoň Wepa: «Agam, eşegiň gazygynda garrasyn, toýa mün» diýip, ýylgyran bolupdyr. Soň daş-töwerege syn edipdir, görse, öň bu töwerekde görünmeýän biri oňa tarap garap durmuş. Nätanyşa gözi düşenden gyrpylmaga ram eden gözi birnäçe ýola gyrpylypdyr. Neşebent neşebendi daşdan görse-de, tanaýan eken. Wepa pessaýja ýöräp, kösäniň ýanyna gelenmiş. Soň ol: «Ynsan soraşa-soraşa, haýwan ysgaşa-ysgaşa» diýipdirler. Soramak aýyp däl, garyndaş. Nireden bolarsyň, sen bu ýerden-ä däl» diýipdir. «Sözle hany, kim bolarsyň?» diýip, sorag baryny ýagdyrypdyr. Köse-de bu myrryha näme jogap bersemkäm diýip oýlanypdyr-da: «Men, ülpet, Akderiniň Boýnak tiresinden, ýöne ýaşaýan ýerim Kelifde. Owgana geçip bilmän, şol taýda galmaly boldy. Nesibe nire tartsa, şol ýerde-de, ýaşamaly boljak eken. Bu taýa-da algymy almaga geldim» diýipdir. Wepa: «Gör, muny, menem derýanyň ilerisinde ýaşaýardym bir zaman, dek häzir bolsa, daýymlarda-şu ýerde orun tapdym. Rysgal nirä tartsa, şol ýerde bolar ekeniň» diýipdir. «Hawa, «Bir gören-tanyş, iki gören garyndaş» diýipdirler. Bazar sowulsyn, soň meniňkä çaýa gideris, maňa garaş» diýip, dellalçylygyna gidipdir. Kösä-de geregi şol: «Ten, garyndaş, juda garaşaryn, käşgä seniň ýaly garyndaş tapylsa bu ýerlerde». Hudaý berse, guluna, çykaryp goýar ýoluna» diýenleri boljag-ow diýip, içinden pikir ýöredipdir. Bazar sowuldym edenden köse goturyň ýanyna barypdyr: «Nätdiň, garyndaş, bazaram tamam boldy ýany, giderismi onda?» diýip, syhanyp durupdyr. Bular tirkeşip daýysynyň öýüne barypdyrlar. Köse görse, bir çetde pagsadan bolan hüjre barmyş, onda zordan iki adam ýerleşipdir. Oturansoň töweregine göz aýlasa, bu hüjrede diş çokara çöp ýokmyş. Wepa daşarda çaý gaýnadypdyr, gaty-guty çörek, okarada ýumruk ýaly mesge, biraz kişmiş getirip, kösäniň öňünde goýupdyr. Köse bolsa garabegden düýe gumalak ýalysyny Wepanyň öňüne taşlapdyr. Wepa ony gören dessine gözüni gypyp, hasyrdap alaga-da, ysgap görüpdir. Soň: «Juda päkize ekeni, şu haryt barmy birneme, men şu zada gaty mähetdel» diýip sorapdyr. Köse-de: «Tapylar, GPU-nyň adamlaryndan has häzir bolmaly, ýogsa zyndanda çüýrejegiň ikuçsuz, heserdeş. Garyndaş, ýaşyň dagy näçeräk?». «Ýaşym-a ikkem kyrk». «Onda deňeçer ekenik, ýylyň sygyrdyr». «Edil özi, tapdyň, ülpet» diýip, Wepa hondan bärisi bolup oturypdyr. Şondan soň garabegden birki ýola ezip içipdirler. Bular gaşanyşyp hupdana çenli gürrüň edipdirler. Garaňky aralaşanda köse: «Myhman gaýtmaz ýaly howa ýok, indi myhman ýerime gideýin» diýipdir. Wepa: «Bolar, heserdeş, dostuňy bökdeme, nepden galmasyn» diýen ýerem bar, men seni bökdemäýin, erte görüşeris diýipdir. Hudaýberdi köse Töre pälwanyňka baransoň, bolan gürrüňi başdan-aýak aýdyp beripdir. Pälwan kä pille «Hüm» diýip, özi bolsa, Wepa barada oýlanypdyr. Ol: «Görýän welin, bu haramsiýdik adyna ýaraşa däl ekeni, Wepa däl-de, biwepa ekeni» diýip, onuň eden etmişine nälet baryny ýagdyrypdyr. Bu nejis öz gazan çukuryna özi düşer diýip oýlanypdyr. Köse gürrüňini tamamlansoň, «Bolupdyr, indi onuň gapana iljek wagty ýakynlapdyr. Erte ýene oňa sataşmagyň alajyny etmeli» diýip, bular bükdürişipdirler. Pälwan bilen köse irki namazy okap, ýaňy çaý başyna geçende «Essalawmaleýkim» diýip, şol pedernälediň özi sümügini sallap gelenmiş. Saglyk-amanlyk soraşanlaryndan soň, öý eýesi: «Wepa, näme hyzmat, gaty irläpsiň-le, amanlykmy özi» diýip sorapdyr. Wepa: «Amanlyk, Allaha şükür, myhmanyň gitmänkä duşaýyn diýdim, birki agyz gürrüňim bar» diýipdir. Pälwanam: «Has gowy, al onda çaý iç, garbanyp otyr» diýipdir. Wepa çaýly käsä seretmän, onuň gözi Hudaýberdi kösäniň öňündäki wazelin gutudamyş. Kösä-de geregi şol: «Käşgä myhman suw dilese» diýip içini gepledipdir. Soň ol öňündäki gutyny Wepa goturyň öňünde oklapdyr. Wepa gutudaky garabegden çakgynyň ujuna iltäp, mäş ýalysyny käsesine atypdyr. Köse oňa seredip: «Heserdeş, ten sen-ä az aldyň, ojagaz bilen tutmaz, al birneme, çekinme. Ozüňki ýaly gör-de, alyber» diýipdir. Şondan soň Wepa ýene ep-esli garabegi käsesine atyp, çakgynyň ujy bilen ýençgiläp, eredipdir. Keýpi kök bolan Wepa gürrüň baryny beripdir, ýöne Garajyklar barada, Owgana göç daşaýşy hakynda kelam agyz söz sözlemändir. Köse-de: «Geplese, baý ogly geplesin» diýipdirler, gepläber bakaly, ahyry bujagaz diýenleriňi ýeňsäňden çekeris. Sen murdaryň, eden işiň maňa mälim ahyry diýip oýlanypdyr. Çaýdan ýetirip, omyn edensoň Wepa örläpdir. Ol Pälwana ýüzlenip: «Myhmanyňyzy günortan meniňkä eltiň, baryndan hezzet-hormat etmekçi» diýip, mäzenekläp duranmyş. Onda Pälwan: «Men häzir derwaýys iş bilen Gamaça gitmeli, myhmanyň özi barar. Dilden-gözden häzir boluň, aňtaýjylar köp» diýipdir. Soň Wepa sagbollaşyp, öz ugruna gidipdir. Köse bilen Pälwan boljak işleri tekrarlap, nahal bolsa-da, Wepany tirkewe almagyň ýollaryny gözläpdirler. Pälwan: «Doňuzy batgada bas» diýipdirler. Sen ony garabeg bilen bas. Sen oňa dünýäde ýok zatlary wada ber, garabege gömüp taşla, ana, şonda ol seniň yzyňdan galmaz. Görersiň, şu gün ol seniň bilen gitmäge özi aýdyp, özi-de razy bolar» diýipdir. Köse-de: «Agzyňdan çykanyny Hudaý eşitsiň, şat şonuň ýaly bolaýadyr» diýipdir. Günortan Köse heserdeşiniňkä barypdyr. Barsa, daşardaky ojakda topbazja gazan bugaryp gaýnaýarmyş. Görse, içerde-de hiç kim ýokmuş. Köse birsellem aýak çekipdir. «Öz-ä çakylykly geldim» diýip, köwşüni çykaryp, keçäniň üstüne geçipdir. Birhaýukdan goturam täzeje tamdyrdan goparylan tegelek nan bilen içeri giripdir. Ol: «Myhman, geldiňmi, menem daýzamdan bir tegelek nan ýolandyryn, towuk çorbasam taýýar boldy» diýip, ýene gürrüňe yşnak darapdyr. Birneme ajygan Köse: «Ertir beriljek guýrukdan şu günki öýken» diýipdirler, hany, nanyňy saçaga goý, garbanaly, çorbaňy soň getireris» diýip, ýyljak nandan iýip başlapdyr. «Sen, ülpet, nany daýzamdan aldym diýdiň welin, özüň öý-işik dälmi, näme öýlenmediňmi?» diýip, bilmediksirän bolupdyr. Wepa-da: «Öýlenmäge gurbum çatmady, «Ýekäniň çaňy çykmaz» diýenleri. Daýanara arka bolmansoň, şu güne çenli sallah, dogan jan» diýip nalynypdyr. Bular iýip-içip, omyn edenlerinden soň, Wepa körsenip, bir ýerden neşe çekmek üçin ýasalan ojajygy getiripdir. Köse-de: «Baý-bow, ülpet gep-ä sende bar ekeni, ten oňardyň şu zady tapanyňy. Hany otlaly, ol gün birneme alynsak, kemem däl» diýip, gotury öwen bolupdyr. «Heserdeş, «Zer gadryny zergär biler» diýipdirler, bu guralyň gadryny men bilýoryn, hany syhlary al» diýip, Köse dartmaga taýýarlanypdyr. Bu ikisi giçlige çenli «Sen dart-da, sen al» bolşup, tüsseden ykjam doýanlaryndan soň, gaşanyşyp boldy edipdirler. Köse donuny geýip gitmäge taýýarlanan wagty Wepa öňden taýýarlan sowallaryny beripdir. Ol: «Heserdeş, tirýegi, elbetde, Owgandan getirýändirler, siz töwerekde arzan bolmaly öz-ä». «Arzany näme, derýadan geçseň, hamýap, geregiňi alyp gaýdybermeli». Wepa: «Serhet sakçylary ýokmy ol taýda». «Bar, ýöne hemme wagt gözegçilik edip bilmeýär ahyry. Derýadan geçmek bolsa, başardan adama päsgelçilik däl, ondan iki bogy gamyşy sal edäge-de, geçibermeli. Özüm-ä gübser bilen gatnaýaryn, başarsaň, şondan gowusy ýok». Wepa öňden bu zatlara belet bolansoň: «Şu adamyň ýüreginde kireň ýok, dogrusyny sözläp otyr, nätsemkäm?!» diýip pikirlenipdir. Onuň gözüne bize dolanan agramy iki gadaga deň bolan tirýekli haltalar görnende, endamy gowşapdyr. Ol: «Gideýin, gidibereýin, ölsem, şol artypdan doýup öleýin, belki söwdasyna dagy goşulsam, ýene özümi tutaryn» diýip çak edipdir. Ol bir salym döwrüni diňläp durupdyr. Köse-de: «Yza depmese ýagşydyr, aňly möjek öz-ä, hany, göreli, «Sakawyň soňuny al» diýipdirler. Hany, özi zat diýer öz-ä, «Meni özüň bilen äkit» diýen jümlä garaşypdyr. Kösäniň eden tamasy hasyl bolupdyr. Bet işlere baý bolup, haýyr işe geda bolan Wepa ukudan oýanan ýaly samyrdap, galyň gabaklaryny agraslyk bilen ýokary galdyryp: «Eger siziň bilen gitsem, ol taýdan arzanrak garabegden tapyp bolarmy?» diýip sorapdyr. Köse: «Bolar, «Puluň bolsa, jeňňelde çorba» diýipdirler. Ülpet, hemmesi harja bagly, lükge alsaň, arzanrak, az alsaň, gymmadrak, söwdanyň düzgüni şeýleräk». «Men onda daýyma geňeşip göreýin, birneme harjy kömek etse, ötägiderin» diýipdir. Köse: «Daýyly oglan dartyk», näme, daýy ýegenine hökman kömek etmelidir» diýipdir. Wepa: «Daýyma-da ökde ynam ýok». Köse: «Pulsuz bazara barma, kepensiz-göre!» diýipdirler. Pulsuz ol taýda işiň ady ýok, heserdeş!» diýipdir-de, myhman ýerine baka ugrapdyr. Köse ýolboýy: «Onuň daýysyndan kytmyr zat önmez, ol hojalykda goturyň güwäsi geçildi» diýip oýlanypdyr. «Bu biwepanyň daýysy gyşda gar sorasaň-da, berýänlerden däl ahyry, ýene daýym diýen bolýar. Indi näme delalat tapsamkam, öz-ä aldawa salmaly, özüňi äwmezek görkezmeli, näme diýse, «parhy ýok» diýen bolmaly, ugrandan bolman, «gör-de» diýen bolmaly» diýip, içini geplede-geplede, myhman ýerine nähili baranynam duýman galypdyr. Wepa görgüli ertesi irden ýene Töre pälwanyňka gelenmiş: «Daýym-a zakaý-zakaý, ahyry razy etdim gitmäge, ýöne harjy bermedi. Ozümde baryny alyp giderin. Ýogsa-da, az-küş nesýe bermezmikäler». Köse-de: «Adamyna bagly, «Tanamadyk sylamaz» diýipdirler, tanamasa, her barana nesýe haryt berilmez, ülpet» diýipdir. Onda Wepa: «Heserdeş, sen meniň külbämi gördüň, duz-çörek datdyň, kimdigime belet, belki, meniň harydy satandan soň puluny gaýtaryp berjekdigime güwä geçersiň, nesýe alyp bermäge kömekleşersiň» diýipdir. Köse içinden: «Seniň kimdigiňi gowy tanaýaryn, duruber entek, gözüňi nirelerde açarsyň, eşek» diýip oýlanypdyr. Şol bir wagtda bolsa: «Dost jan, wada kylmak-bergidar bolmakdyr. Harydy alyp berip, eýesine-de «berer» diýip wada kylsam, ahyrynda men bergidar bolup oturmaýyn» diýipdir. Şonda Wepa harydy ýoklansoň puluny gaýtaryp berjegine Gurhandan ant içip, awy ýalapdyr. Öý eýesi söze goşulyp: «Hudaýberdi, görýän welin, Wepany zeýrendirip otyrsyň, ol Gurhandan ant içdi, ana, şol diýeni meniň maňzyma oturdy. Sen muny özüň bilen alyp git-de, şol artypdan ýüküni ýetir, puluny gaýtaryp berjegine men zamun» diýipdir. Hudaýberdi: «Halypa, siziň ynamyňyz bar bolsa, juda kömekleşerin» diýipdir. Şondan soň boljak işleri tekbirläp, bular: «Çarşenbe gün çar tarapa» diýişleri ýaly, çarşenbe güni Töre pälwan bilen hoşlaşyp, ondan ak pata alyp, ýola ugrapdyrlar. Wepa daýysynyň eşegini dilege alypdyr, köse öz eşeginde haýdaşyp gidipdirler. Bular orsuň adamlaryndan heder edip, ýolsuz-ýodasyz ýerler bilen aýlanypdyrlar. Nyşany, Tallymerjeni yzda goýup, Mukra ýakynlaşanda, dört sany lütjege duş gelip, eşeklerini, barja pullaryny olara aldyrypdyrlar. Indi bu ikisi pyýadalap, öldükde oba aralaşyp, biriniňkide myhman bolupdyrlar. Myhman alan adam bulara süýtbürünç bişirip, ezzet edipdir. Görüm görmedik Wepa «Alyň-alyňdan» soň çeňňelläp alypdyr-da, ony çanagyň ortasyna guýlan ýaga bulap-bulap, lokgalap, agzyna atyp başlapdyr. Köpi gören köse-de: «Bul-a hezil berjek däl-ow» diýip, ýagy bir eli bilen öňüne syrykdyrypdyr. Ony gören öý eýesi-de boş oturmandyr, o-da ýagyň birazragyny öňüne akdyrypdyr. «Myhman myhmany gysganar, öý eýesi ikisinem bile gysganar» diýişleri ýaly, biri- biriniň iýenini gysganyp, bolupdyr bir ala-hasyrdy. Çanak boşansoň Wepa çanagy öňüne çekip, ony ýalapdyr. Bu bolşuna Köse çydaman: «Iýip doýmadyk, ýalabam doýmaz» diýipdirler, besdir, gowy bol» diýipdir. Soň omyn edip, çaý içipdirler. Gije Wepa gowy uklanda Hudaýberdi köne donuň ýakasyna syralan bäşlik tylladan ikisini alyp, kisesine salypdyr, soň uklapdyr. Köse irki namazyny okap seretse, Wepanyň gözi boklaşyp, sümügi sallanyp, asgyryp-üsgürip, heläkmiş. Oý eýesi çaý-çörekli saçagy orta goýanda, Köse-de sümmenini çykaryp, onuň depesinden gara mata oralan bir zady çykarypdyr. Görse, ol zat garabegmiş. Wepanyň ýüzi ýagtylyp, süňňi ýeňläp, bir oturyp, bir turupdyr. Çaýdan, tirýekden ykjam ýetirenlerinden soň, öý eýesine: «Biz Termize gitmeli, pulumyz gutardy, ýöne ýekeje bäşlik tyllam bar. Şoňa hyrydar tapylsa, uşatjak» diýip, tyllany öý eýesine beripdir. Öý eýesi tyllany öň köp elläne meňzeş, ony elinde saldarlap, soň käsä taşlapdyr. Tylla käsä düşenden zaňňyrdap ses edip, käsede pyrlanyp aýlanypdyr. Şondan soň tyllanyň sapdygyna göz ýetiren öý eýesi uçganaklap daşary çykypdyr. Sähel wagtdan orsuň puluna kyrk manady getirip, myhmanyň eline tutdurypdyr. Bular öý eýesine bäş manat berip: «Hyzmatyňa köp sag bol, ülpet» diýip, otly duralgasynyň salgysyny alypdyr. Öý eýesi: «Gelip duruň» diýende, Köse: «At bir basman diýen ýerine müň basarmyş», işşallasa, bizem geleris, ülpet!» diýip, onuň bilen hoşlaşypdyrlar. Duralga barsalar, otly sagat ýarymdan gelenmiş. «Gepiň azy ýagşy, naharyň-duzy» diýenleri, hullasy, otla münüp, bular Kelife barypdyrlar. Şol ýerde Owganystana göçmek üçin serhet sakçylary, tarapyndan tutulyp, Kösäniň uýasy bilen giýewi ýaşaýan eken. Olar Köse dagy barandan «daýy-da-daýy» diýşip, boýy ýeten gyz bilen bir oglan olaryň öňünden çykypdyr. Olar Köse bilen gujaklaşyp görşüpdir. Köse içinden: «Bular welin, bar işi ýoýdy, bu bidöwlet meniň bu taýda ýaşamaýanymy aňsa, sypmaly» diýip oýlanypdyr. Ol Wepa ýüzlenip: «Heserdeş, sen tama bar-da, arkaýyn çöşünip, töre geç-de, ýanbaşla. Men öýe girip, uýam dagy bilen salamlaşaýyn, soň çaý içeris, neşe-de gaýtdy» diýipdir. Wepany tama baka gönükdiripdir, özi bolsa, gara öýe baka ýöräpdir öýe girip, uýasy bilen saglyk-amanlyk soraşansoň, dükandan alan kempudyny uýasyna beripdir. Soň ähli etmeli, diýmeli sözleri uýasyna berk sargapdyr. «Hany, giýew nirede?» diýen soraga uýasy: «Ol-a eşekli oduna gitdi, tiz geler» diýipdir. Köse: «Sargalan sargytlary gelensoň, Muhammede düşündiriň, ýene näjaý gepläp, meniň bar çeken zähmedimi kül edip sowurmasyn. Soňam biziň gelenimizi entek hiç kim görmesin. Serhetçileriň aýlanmagy mümkin. Biziň bardygymyzy ýegenlerem aýtmasyn, berk sarga olara» diýip, tama garşy ugrapdyr. Barsa, Wepa eýýäm tirsekläp ýatyrmyş. Köse: «Ulpet, giýew bilen uýam dagam gelipdir» diýse, Wepa-da: «Gelen döwlet» diýipdirler, duz-çörek nesibesi tartandyr» diýip, iňňildäpdir. Ýaňyja aldan çykan oglanjyk eli kündükli gelipdir-de, bularyň elini ýuwdurypdyr. Saçak ýazylyp, çaý-çörek gelipdir. Garabegden birki ýola ezip içenlerinden soň, bu ikisiniň gürrüňi suw pese giden ýaly akypdyr. Garaňky aralaşan dessine Köse: «Men birki mysgal garadan getireýin» diýip, gürüm-jürüm bolupdyr. Köse öňden belet budarçynyňka baryp, ondan: «Gardaş, nä teselli bolsa-da, şu gün agşam, iň gowusy, ýarygijeden soň bizi ileri gyra geçir» diýip towakga edipdir. Budarçam: «Arada tasdan serhetçileriň eline ilipdim, olar mahal-mahal motorly gaýyk bilen derýanyň aşak-ýokarylygyna geçip, gijelerine-de barlag edýorler, entegem meniň älemçidigim bir beladan gutardy» diýip, özüniň nyrhyny gymmatlatjak bolupdyr. Budarçynyň gep urşundan onuň näme tama edýändigini aňan Köse: «Wah, meniň halasgärim, men pul adamy däl, ilerä geçiren ýeriň bolýar, agzyňy açanyňy berjek» diýipdir. Soň budarçy birneme ýumşaşypdyr. Ol: «Bolar, geçireýin, özüň näme berseň, beräý» diýipdir. Köse kisesinden bäşlik tyllany çykaryp, çyrapaýynyň üstündäki bäşlik çyranyň ýagtysyna tutanda, onuň lowurdysyna gözi düşen budarçy myssa ýylgyrypdyr. Ol: «Köp bolmazmy?» diýse, Köse: «Ýok, köp bolmaz, biz iki, meniň senden ýene bir haýyşym, köp gepleme, bolsa, hiç gepleme. Biziň yza haçan dolanjagymyzyň bellisi ýok. Ileri gyra sag-aman geçsek, «Siz haçan dolanjak?» diýip sora. Men «Iki günden edil şu mahal diýerin, şonuň bilen wessalam. «Ak düýäni gördüňmi?», «Ýok» diýersiň, gepleşdikmi? Budarçy: «Gepleşdik» diýipdir. Hudaýberdi yza dolanyp barypdyr-da, hiç ýerden tirýek tapmandygyny aýdypdyr. Köse budarçy bilen wadalaşandygyny, arada gaýra gyra geçiren biriniň köp mukdarda garadan alyp gelendigini budarçynyň gürrüň berendigini Wepa aýdypdyr. «Biz şu gije adam-gara görmänkä ileri geçeli, bu kentden bize hopbagam ýok». Hamýaba barsak, lükge götereris, geregiň garabeg bolsun, ol taýlara men belet» diýip, Köse öwünipdir. Ýarygijeden agandan bular budarçy bilen belleşen ýerine barypdyrlar. Wepanyň göwnüne iňkis gitdimi, nämemi, eden işi ýadyna düşen bolmaga çemeli, ol göwünli-göwünsiz ädim urupdyr. Bu boluşdan gorkan Köse: «Ülpet, görersiň, bu taýa seredende, harydy ýarym bahasyna alarys, aman-sag dolansak, Hudanyň goradygy» diýip, Wepany ýüreklendiripdir, biten dessine ädinmän gaýdarys» diýipdir. Wepa: «Pully mesele nähili, mende welin, kytmyrzat ýok diýse, Köse: «Ony gaýgyrma, ýeter ýaly pul aldym» diýipdir. Bular budarçynyň gel diýen ýerine baranlarynda derýany ýagtyldyp serhet sakçylarynyň motorly gaýygy geçipdir. Serhetçiler derýanyň egrelen ýerine duwlananda budarçy budaryny (kiçijik gaýyk) suwa goýberip, «Tiz boluň!» diýip pyşyrdapdyr. Bir görse, Wepa şumjaryp durmuş. Köse-de: «Indi sypmarsyň, ülpet» diýip, içini gepledipdir. «Tiz bol, sähel wagtdan ýalançy ýagtylyp başlar, aňyrda barjak ýerimiz Dänajy, o-da ep-esli ýol bar» diýip, Wepany gyssap, budara mündüripdir. Olar aman-esen ileri gyra degende budarçy: «Siz haçan yza dolanjak?» diýip sorapdyr. Köse: «Iki günden edil şu mahal garaşarsyň» diýipdir. Şondan soň köse Wepany yzyna tirkäp, garaňka siňip gidipdir. Wepa bir ýerde durup: «Dänajy daşmy?» diýip sorapdyr. Köse: «Ýoly ýörän ýeňer, bergini-beren» diýipdirler. Sen, ülpet, ädimiňi çaltja ät, ýogsa Gün dogara galarys» diýipdir. Bu ikisi Gün çäş galanda Kösäniň bile çapawulçylyk eden ýoldaşy Hemra beg diýeniňkä barypdyrlar. Hemra Kösäni görenden gözlerini petredip: «Ýa meniň aňym çaşypdyr, ýa-da bu zaňňar Kösäniň edil özi» diýip, Hudaýberdini gujaklapdyr. Soň ol: «O-ho, Köse, sen nire, bu ýerler nire, bu seniň suduryň daga däldir, ýeri-how, taplar neneň?» Köse: «Taplar-a ganymat, hany, kädiňi al, nas ataly» diýip, begiň kädisini alyp, nas atypdyr. Soň ol: «Biziňkäm aýlaň-çaýlaň, dogrymy diýsem, ten seni göresim gelip gitdi, beg». «Bilmedim, göresiň-ä gelen däldir, bir işjagaz gaýyrmaga gelensiň öz-ä» diýipdir. «Hawa, işsizem däl, şol artypdan tapylsa, birneme alaly diýip geldik». «Geregiň garabeg bolsun, hany tama giriň, çaý-çörekden ýetirensoň, hemmesiniň bir hasaby bolar». Köse seretse, Wepa şol gelen ýerinde saňsar bolup durmyş. Köse: «Ol närsäniň bolup durşuna seret, biçilen öküz ýaly, sadylla bolup dur» diýip, ony bege görkezipdir. Soň ol «Gel-how, uýalma, hemmesi öz agalaryň, içeri gir, çaýdan ýetireli» diýensoň, ol sülmüräp içeri giripdir. Öý eýesi içeri girensoň, bular täzeden saglyk-amanlyk soraşypdyrlar. Köse Wepany öý eýesi bilen tanyşdyrypdyr. Ol: «Bu juda gowy adam, ady Wepa, az-owlak garabegden äkitmäge geldi» diýipdir. Bular çaý içip, garabegden alanyndan soň keýpleri täzelenipdir. Şonda gep kadasyna gelende, Wepa: «Şu artypdan tapyp gitmesek, bahamyz bir teňňe, garaşyp ýatanlar bar» diýip, ýalan sözläpdir. Gijesi bilen bular sakyrdaşyp, öten-geçeni ýatlapdyrlar. Haly bärki Wepa derrew uklapdyr. Iki dost daşary çykanda Köse Wepanyň eden etmişlerini ýekän-ýekän Hemra bege aýdyp beripdir. «Al-hile bilen Wepany özüm bilen alyp gitmeli, eltip, Şybyrganyň Şoraryk diýen gyşlagynda Gurbangula tabşyrmaly. Şonuň üçin seniň kömegiň gerek, halypa» diýip, bolşuny beýan edipdir. Bu gürrüňleri diňlän Hemra beg: «Hoşba-hoşyn gitse, gideni, gitmese boýnuna syrtmak salyp äkidersiň». «Belki, zorlasak, işi ýoýmagymyz mümkin, ony öz baýdalyna kowup göreli. Ýene ýarym salkyn ýol alsak, biziň üçin haýryýet boljak, biz barmaly ýerimize ýakynlaşjak» diýipdir. Soň Hemra Köse bilen razylaşypdyr. Olar: «Bu töwerekde tirýek ýok, Guraýyş gyşlagy-da ýarym salkyn ýoldanam köpräk, «Gymyldan gyr aşar» diýipdirler, gymyldysyny bersek, işalla, bizem barmaly gyşlagymyza bararys diýip, Hemra beg aýdypdyr. Köse içinden: «Donuň täzesi ýagşy, dostuň könesi» diýenleri çyn bold-ow diýip, ondan hoşal bolupdyr. Irden turup, çaý-çörekden, garabegden pugta ýetirenlerinden soň: «Guraýyşa gitmesek, şol artyp bu ýerden tapyljak däl» diýip, iki dost hümürdeşipdir. Bu gürrüňi eşiden Wepa iňkise gidip: «Janlarym, Kelife geldik, ýok, Dänaja geldik, ýok. Şunuň-a bir syrjagazy bar ýaly» diýip, diňirgenipdir. Şol wagt iki sany eşegi idip Hemra beg gelipdir-de: «Hemsaýamdan diledim, barjak ýerimiz ýakyn däl, alyň, münüň, heriňize biri» diýipdir. Bu bolşy gören Wepanyň ýüzi bir gyzarypdyr, bir bozarypdyr. Ol: «Maňa geňeşmezden, bularyň öz gyssagy özünde» diýip oýlanypdyr. Köse-de şol wagt: «Beg, eşekleri näme üçin hemsaýaňdan dilediň, at, eşek özüňde köpdi ahyry». Hemra: «Bir wagtlar köpdi, indi ol gören tallaryň kersen boldy, ülpet. Satyp-sowurdym, özüme-de bir alaşa galdy». Köse: «Onda seniňkäm «Külal ommukdan suw içer» diýenleri bolupdyr. Külallar gowusyny satyp, özüne ýaramazyny goýarmyş. Senem gowusyny satyp, ejizini özüňe goýduňmy?» «Öz-ä şol tetelli boldy, dost, soň gürrüň bererin» diýipdir-de, alaşasyny getirmäge gidipdir. Bu gürrüňleri diňlän Wepa: «Men ol taýa gitjek däl, siz alyp gaýdyberiň, maňa-da şondan az-maz berersiňiz» diýip, bu gezek gözüni gyrpman durupdyr. «Ýagdaýyňa seret, özüň barmasaň, nesýe haryt berilmez. Soňam men arada durup, satylansoň karzyňy getirip berjegiňe güwä geçmesem, bu ýerde tanamaýan adamsyna onça harydy berip goýbermezler. Ülpet, saňa «Hem hoz gerek, hem hozmürrük», gitseň-ä, mün eşege, ýogsa, biz gitdik diýip, Köse gidiberipdir. Soň Wepa saklanyp bilmän: «Dur onda, menem gideýin» diýip, o-da eşege münüpdir. Şonda Hudaýberdi oňa: «Sen üm bilmez bolma, aýdanymy ediber, aç galmarsyň. «Alma, biş, agzyma düş» diýip ýatanyň bilen seniň agzyňa taýýaryny saljak kişi ýok, sähnäni aňyrrakdan gözle. Näme üçin men seni yzyma tirkäpdirin, bilmedim. Ýat ilde seniň bilen gär-gülki bolup oturmaly, näme diýsem, «lepbeý» diý-de otur, hetdiňden aşma, düşnüklimi» diýipdir. Köse içinden: «Munuň dişinde et goýsaň, diýenimi etmezligi mümkin, şonuň üçin gaty daraýyn muňa» diýip aýlanypdyr. Şol wagt Hemra-da atlanyp, ýetip gelipdir. Ol: «Näme, gidiberseňiz bolmadymy, men «Yzyňyzdan ýeterin» diýdim ahyry» diýip, bulara heňkiripdir. Şondan soň Wepa mumdan-mylaýym bolup, sesini çykarmandyr. Az ýöräp, köp ýöräp, Guraýyşa barypdyrlar. Hemra beg atynyň başyny öňki kärdeşi Haýyt gögüňkä tarap öwrüpdir. Barsalar, howlynyň daşynda bir topar atdyr eşek daňylgymyş. Içeri girseler, bagşy «Pyrak» diýip aýdym aýdyp, dutar çalýarmyş. Myhmanlary Haýyt gögüň özi garşy alypdyr, hormatlap, törden ýer beripdir. Oturanlar bilen saglyk-amanlyk soraşylandan soň: «Haýyt, bu nämäniň şatlygy» diýip, Hemra beg sorapdyr. «Bu, halypa, oglumyň dünýä ineniniň şatlygy, sizem iýip-içip oturyň» diýip, Haýyt gök öz şatlygyny ýüze çykarypdyr. Hemra beg: «Onda toýlar gutly bolsun, çaga ömri uzak bolsun, rysgaly bol bolsun, bagty çüwsün, dost» diýipdir. Haýyt: «Köp sag boluň, aýdanlaryňyz gelsin, ülpet» diýip, minnetdarlyk bildiripdir. «Öňden aýdylmadyk zat ýok: «Aýdymly ýer gülüstana, aýdymsyz ýer zemistana dönermiş» diýipdirler. Öýüň mydama aýdymly-sazly bolsun, ülpet!». Bular bagşy diňläp, çaýdan-nahardan garabegden keýplerini köklänsoň, öý eýesi: «Beg, bärläpsiňiz, eýgilikmidir öz-ä» diýipdir. Hemra beg: «Eýgilik, «Ýatan öküze iým ýok» diýipdirler. Bizem ýatma:ly, gybyrda:ly birneme diýdik». «Aýlawy gürrüňleriňi goý, dogrula-da, aýdaý, näme hyzmat!» «Hyzmat-a, halypa, bize bir at ýüki garabegden gerek, şoňa kömek etseň bolar». «Onuň gürrüňi bolmaz, arkaýyn boluň» diýipdir. Soň bular ýatypdyrlar. Ýöne Wepa uklamandyr, ol: «Bu ýerde-de şol artyp ýok bolsa, munuň emmasy bar: «Üçden soň puç» diýlen ýeri bar, men bularyň bolşuna müňkür, gel hany, uklamaýyn» diýip, uklan kişi bolupdyr. Wepa uklady diýip, Köse dagy ýuwaşdan daşary çykypdyr. Daşarda Köse öý eýesine matlabyny beýan edipdir. Wepanyň kimdigini, ony Şoraryga eltmelidigini aýdyrpdyr. Haýyt gök: «Şybyrganyň Şoraryk gyşalgyna barjak bolsaň, eşek-lä bir günlük ýol bar, indi ýalan sözleseň, ol ynanmaz, şonuň üçin, gaçyrmankaň, ony daňaly, eden işiň gije ýöremeli bolarsyň diýipdir. Köse: «Men ony daňyp, nämä ýükläýin, kemterisinden öz eşegimem ýok, bu boljak iş däl» diýipdir. Hemra beg: «Makul bilseň, mende bir maslahat bar, ýadyňdamy, ýaşytdaş, mundan iki ýyl öň Çekirden gyz alyp gaýdanymyz. Halnyýaz diýen biri Möwlam baýyň ogluna gyzyny berjek diýip galyňyny alan eken. Möwlam «Owgana göçjek» diýse, gyzyny bermän, alan teňňesini-de «Sowdum, soň bererin» diýip, wadasyndan dänipdir». «Hawa, ol-a düýnki ýaly ýadymda». «Ýadyňda bolsa, biz gyza erkek egin-eşigini geýdirip, ata mündürdik. Bu sapar bu hürrä aýal eşigini geýdirip, kejebä salaga-da, düýä ýükläris. Soň sen göre-gündiz ýol alyber». Köse: «Sen, ülpet, ýok ýeriň gürrüňini edýorsyň, öňem biri: «Iti bolmadygyň ýalagy bolarmy» diýipdir. Görüp dursuň, mende düýe nirede, kejebe nirede, dost. Görýän welin, meniňki «Gedaý galla tapmaz, galla tapsa, gap tapmaz» diýenleri boljak, dostlar» diýip, ýere garap oturypdyr. Ol ýene ümsümligi bozup: «Käşgä mende ýeterlik pul-teňňäm bolsa, satyn alaryn diýsem, o-da mende häzir ýok» diýip käýinipdir. Haýyt gök: «Köse, sen howlukma, hemmesiniň bir hasaby bolar. Dogry, Owganda-da ýurdy hekge soramaýar, bu ýerde-de polisiýa bar. Eşek ogly birden gykylyklap ugrasa, saňa-da sag bol aýtmazlar. Şonuň üçin saňa düýe-de kejebe-de gerek, bu zatlary tapmak meniň bilen» diýipdir. Hemra beg: «Baý-bow, ülpet, sen welin adam» diýip, Haýyt gögüň petdäniň ýapragyny ýada salýan gözüne seredip ýylgyrypdyr. Soň ol: «Gökbaý, ýataly, gije-de bir mahal bolandyr. Hany, «Almany göge at, ýere düşýänçä ýa, pelek», ertire bir çykaly, galamasyny-da görüberdik-de» diýip, bular tama girip, ýatypdyrlar. Wepa rejäniň geň däldigini aňyp, gijesi bilen uklaman, gaçmagyň ýollaryny agtarypdyr. «Üçler oňluga maslahat etmedi, olar meniň geçmişim hakynda köp zat aňýan bolmaly» diýip oýlanypdyr. Ol özüniň wejera boljagyny süňňi syzan bolmaly. Bu hilegär tilki daňdanlar üçler hor çekip başlanda usul bilen daşary çykypdyr. Iki-bakasyny äňedip, howludan çykalga gözläpdir. Derwezä ýakyn baranda: «Belki, men howsala düşýändirin, bulardan gorkýandygymy, günälidigimi bildirmäýin. Synap göreýin, eger meni gözläp ugrasalar, men olara gerek, gözlemän, «nirä gitse, güm bolsun» diýseler, men olara gerek däl diýip, tama söýelgi merdiwana tarap gönügipdir. Şol wagt daňylgy it kelte-kelte üýrüpdir. Ol itiň daňylgydygyna gözi ýetensoň, arkaýynlaşypdyr. «Gel, synaýyn» diýip, merdiwanyň zinelerini yzda goýup, tamyň üstüne çykypdyr. «Tursalar, bular näme diýerkäler» diýip, tüsseçykar mordan diňläpdir. Köse ilki turupdyr, ol: «Namaz wagty gijigip barýor, ten, beýle-de bir ýatmak bormy, turuň» diýip, Haýyt bilen Hemrany turuzypdyr. Görseler. Wepa düşeginde ýokmuş. Köse näme diýjegini bilmän, duran ýerinde gatap galypdyr. Birhaýukdan soň Haýyt gök: «Ol enesi ýalamadyk daşary ýazylmaga gidendir, geler» diýip, Köse dagyny köşeşdiripdir. Köse: «Ýok, sen ol haramsiýdige belet däl, enesiniň emjegini kesen pedernälet gaty duýgur. Özüniň gapana düşjekdigine göz ýetiren bolmagy ahmal. Hany, ülpetler, ony gözläli, ýogsa meniň çemçeläp ýygnanym susaklanyp döküljek». Haýyt gök: «Köse dogry aýdýar, ony sypdyrsak, iki bolup, bire, gözli bolup, köre degmez» boldugymyz bolar, hany, tiz boluň, ony gözläli» diýipdir. Bu gepleri eşiden Wepanyň gyrpyldaýan kiçijek gözleri ýitelipdir, endamy sandyrap, aýaklary göwresini götermändir. Demir penjesine düşjegi ýadyna düşende dodaklary lypyrdap, gany ters urupdyr. Öý eýesi howlynyň içini aýlanyp: «Derweze öňküsi ýaly kiltli, at-eşekler ýerinde, öz-ä şu taýda bolmaly. Ýagtylsa, ýere giren bolsa-da, tutarys, bu gyşlagda mensiz çöp başy gymyldamaz, hemme ýere habar bereris» diýipdir. «Hany, iti goýbereýin, öz-ä it bilmeli» diýip, daňylgy köpegi goýbereýin» diýipdir. It boşan badyna tama ýarmaşyp, üýrüp başlapdyr. Köse edil maýmyn ýaly merdiwanyň (narbanyň) zinelerine ýapyşyp, tamyň ýokarsyna çyksa, ol ýerde hiç kim ýokmuş Wepa Haýyt gök itini boşadýança awuna okdurylan gyrgy ýaly, bar güýji bilen haýata tarap ylgapdyr, pişik kimin oňa ýarmaşypdyr, haýata çykyp, ýedi pagsaly howludan sypyrylyp, ýere düşüpdir. Düşende bir aýagy aşagynda galyp, zarbygypdyr, soň ol gowy ylgap bilmändir. Haýyt derwezäni açyp, itini goýberende, Wepa agsaklap, sesýetim ýerde göze ilipdir. Öý eýesi itini küşgüren dessine it hasanaklap gaçyp barýanyň yzyndan ýetipdir-de, gabyr-gubur aşagyna alypdyr. Onýança üçlerem ýetip barypdyr. Entek Gün dogmanka oba-garadan ätiýaç edip, Wepanyň agzyna ýaglyk dykyp, göterip, howla eltipdirler. Şonda Köse: «Oýunçy utulanyny bilse ýagşy», şermendeçilik etseň, agyz-burnňy gan ýalan ganjyk ýaly ederin, iýjegiň taýakdyr, Goturguly» diýip tabşyrypdyr. Wepanyň agzyndan dykyny aýranda ol: «Men gitjek däl, iň gowusy meni öldüriň» diýip ýalbarypdyr. Köse: «Elhepus, gidersiň, maýmyn öz hoşuna oýnamaýar, «Zoruny görse, ýüň gazyk ýere girer diýip eşitmediňmi?» diýipdir. Şondan soň Wepanyň el-aýagyny daňyp, sygyr tama gabap, işigini gulplap, çaý içmäge oturypdyrlar. Olar etmeli işleri maslahatlaşansoň, Hemra beg iki eşegi ata tirkäp, öz gyşlagyna baka ugrapdyr. Haýyt gök bolsa, birinden kejebe, ýene birinden eşek diläpdir. Soň öz inerine kejebäni berkidip, zenan egin-eşigi geýdirilen Wepany kejebäniň bir tarapyna, ikinji tarapyna bir halta gum ýükläp: «Dostuňy egleme, nepden galmasyn» diýipdirler. Indi, Köse, senem ugraber» diýipdir. Wepanyň eli aýagy saralgy, agzy bir bölek mata bilen dykylgy bolansoň, ökde depirjäp bilmändir. Wepa barmaly gyşlagyna barýança ölmändirem, gülmändirem. Eden işi aşagyna ýazylan köne ýorgany boka-siýdige bulapdyr. Öňem derisi endamyna syrlaşan Wepa Garajyklaryň gyşlagyna barýança horlukdan ýaňa iňňä sapybermeli bolupdyr. «Şeýtana el berip, haram köýüne giden bu binamysyň tizden Ezraýyl janyna çeňňel ursa gerek» diýip Köse oýlanypdyr. Köse Wepany Garajyklara tabşyransoň, wadalaşan pul-teňňesini alypdyr. Soň ol ýene yza — Haýyt gögüňkä tarap eňipdir. Guraýyşa baransoň, Köse ineri, kejebäni, eşegi, hapalanan ýorgana derek satyn alnan täze ýorgany, zenan köýnegine derek bolsa iki geýimlik ketenini Haýyt göge tabşyrypdyr. Eşek bilen kejebäni ulanandygy üçin pul töläpdir. Şonda Haýyt gök: «Köse, ol mahawy başdan açdyňmy?» diýip sorapdyr. «Ol işleri ara-tara edip gaýtdym, ülpet». «Indiki maslahat, Köse?». «Maslahat, erte bazardyr, bu gije seniňkide myhmanlap, erte bazardan özüme eşek satyn aljak». Şol gije palawdan gerk-gäbe bolan iki kärdeş garabegden ýetirip, ýarygijä çenli öten-geçenden gürrüň edipdirler. Ertesi bazardan Köse özüne eşek satyn alypdyr. Ol niredesiň bazargala diýip, ýola düşmekçi bolanda, Haýyt: «Sen hundary al-hile bilen eýesine gowşurdyň «Eli bilen eden egni bilen çeker» diýenleri hakykat, goý, ol öz etmişiniň ajy-süýjüsini özünde synasyn. Onuň ölümi görene göz, eşidene gulak bolsun diýipdir. Köse-de öz gezeginde: «Sag bol, ülpet, men senden köp minnetdar, är işini etdiň, seniň kömegiň degmedik bolsa, men ol deýýusy Garajyklaryň öňünde dyza çökerip bilmezdim. Niçem bir çarşenbäni başdan geçiren şol peläkediň sypjagy ikuçsyzdy. Men onuň gözlegine çykmazdan öň Çary kel diýen birinden Wepanyň ýagdaýyny soradym. Ol: «Wepa gaty duýgurdyr, ýer aşagynda ýylan gäwüşese, oňa bellidir, ogryn ýarak it ýaly busar ýatar, bilmän durkaň etjegini eder. Ahmal galsaň, aldar, özüňden ökde çyksaň, etek alty, ýeň ýedi gaçar. Gaty namart ýigitdir» diýipdi. Şonuň diýenleri hakykat eken». Köse idip barýan eşegini saklap: «Ugradandan ýoldaş bolmaz» diýipdirler, sag bol, berekella, galaý, ülpet» diýipdir. Ol Haýyt gök bilen hoşlaşyp, ýola ugrapdyr. Bu bolan wakalary Hudaýberdi köse bize ikinji gezek Gülegenjide gürrüň beripdi» diýip, Gurbanguly aga sözüni tamamlapdyr. Bu gürrüňi diňläp Aman: «Gurbanguly aga, soň Wepany nätdiňiz?» diýip, hojaýynyna ýüzlenipdir. Gurbanguly bir salym pikir derýasyna gark bolup oturanmyş. Soň ol ukudan açylan ýaly, «Wepamy?» diýip sorapdyr. «Hawa, Wepa barada gürrüň bersem, Hudaýberdi ony getirip, bize gowşuran güni onuň poha bulaşan köýnek balagyny, ýektaýdyr donuny täzeledik. Soň aýagyna işgil urup, hüjrä saldyk, soň sorag edip başladyk. Bu gezek ýalan sözlemäge onuň bogny ysmady, ol aşakdakylary gürrüň berdi. Wepa biziňkiler ýola ugrandan «Nädip bularyň baýlygyna eýe bolup bolarka diýip pikir edipdir. Ahyry suwsuzlykdan gyrmagy ýüregine jaýlap, bir duralgada temen bilen meşikleri deşipdir. Ol Garaguma belet bolansoň, biziňkileri serhet sakçylary bahanalap, kerwen ýolundan çetleşdiripdir. Olary suwsuz bir oýda goýupdyr, seni ýanyna kömekçi alypdyr. Ikiňiz bile suw getirmäge gidipsiňiz. Senden dynmak maksady bilen bir ýerde seni goýup, özi gümzyýa bolupdyr». Aman: «Hakykatdan, şol meni goýup gideni çyn, ýalan sözlemändir, ýöne soň gara bermedi. Düşnükli, gara bermelem däl. Ol agzyna şeýtan siýen biwepa, eýsem, menem öldürjek eken onda». «Hawa, senäm öldürmeli ekeni, ol seni eýýäm öldi hasap edipdir. Soň bar günäni seniň boýnuňa basyp, sen barda myjabatly gürrüňler ýöredip, töhmet atyp, «Garajyklary suwsuz gyran Aman diýen ýetimek» diýip, il arasynda gep ýaýradypdyr. Şol gürrüň il arasyna ýaýransoň, arynyň kömejine çöp dürten ýaly, uly il seni näletläpdir. Bu gürrüňlere biri ynansa, ikisi ynanmandyr. Göwni iňkise giden adamlar: «Sen nädip ölmän galdyň» diýende, «Men suwa gitdim, yzymy tapman, azaşdym, soň iki gün geçirip, öldükde bir sardobadan iki meşik suw eltsem, olar ölen eken» diýip, ýalan sözläpdir «Temeni haltada gizläp bolmaz» diýişleri ýaly, ýuwaş-ýuwaşdan adamlar onuň özüni alyp barşyna syn edip müňkürligi elden bermän, «Şu kesapatyň özi näme etse, eden bolmaly» diýýänler köpelipdir. Şol arada Wepa ölenleriň kisesinden alan altyndyr kümüş pullaryny neşeden, arakdan geçiripdir. Zenan şaýlaryny, matadyr donlaryny Kerki bazarynda satyp ýörkä, alaça, keteni, esgi satmaga baran pelwertli söwdegärler görüpdir. Şol gürrüň oba ýaýransoň, Wepa gyşyk göz bilen seredýänler has köpelipdir. Ol köp oýlanypdyr «Eden işim ürküzen gurbagama degmedi, men tizräk bu taýdan ýok bolaýyn» diýip, Çandyra — daýysynyňka gaçypdyr. Ol taýda-da il içinde abraýy bolmandyr, ezekesini agdyryp, onuň-munuň işini edipdir. Bu diýenlerimi Wepa öz dili bilen bize gürrüň berdi. Ol namardy Hudaýberdi ahyr soňy biziň öňümizde dyza çökerdi». Aman: «Gurbanguly aga, Wepanyň soňky takdyry näme bilen gutardy?» diýip sorady. Onda ol: ««Bir söz bilen aýtsam, ony öz edişi ýaly etdik. Ol jany jähenneme gidýänçä «suw-suw» diýip gygyryp öldi. Musulmançylykda bu göterip bolmaýan günä hasap edilse-de, «Eli bilen eden, egni bilen çeker» diýen ýeri-de bar, inim» diýip, gürrüňini gutarypdyr. | |
|
√ Bäşgyzyl -21: romanyň dowamy - 05.11.2024 |
√ Dirilik suwy -18: romanyň dowamy - 18.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -19: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Duman daganda: Düýn düýn bilen gitdi - 26.05.2024 |
√ Dirilik suwy -7: romanyň dowamy - 02.05.2024 |
√ Duman daganda: Aç garny doýrup bolar, aç gözi kim doýrar?! - 05.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |