16:35 Üç tussagyň ýatlamalary-16/ romanyň dowamy | |
GÖMÜSGÄNIŇ GÖZLEGINDE
Romanlar
Gürrüňini etjek bolýan bu adamym Meret Mejit ogly. Bu barada biz öň gürrüň beripdik. Ol Juma baýyň ogullary bilen göçende galdyrylan tylladyr kümüşleri Owganystana aşyrmak üçin Lebaba gelipdi. Meret 1932-nji ýylyň güýzünde serhetden geçjek wagty serhet sakçylary tarapyndan tutulýar. Ony sud edip, on bäş ýyl iş kesip, bäş ýylam doglan obasyna barmak gadagan edilipdir. Köp külpetleri başyndan geçirip, 1947-nji ýyl bendiden boşapdyr. Bir bendäniň maslahat bermegi bilen, Täjigistanyň Gorgandepe oblastynyň (welaýatynyň) Gumseňňir raýonynyň (etrabynyň) Karl Marks kolhozyna barýar. Ol ýerde birwagtlar göçüp baran türkmenler ýaşaýan eken. Ol şol kolhozyň brigadasyndaky meýdan düşelgesinde sakçy bolup işe başlaýar. Şol ýerde-de täzeden öý-işik bolýar. Ol ýerde bir ýyldan köpräk işländen soň saý-sebäp bilen biriniň toýunda Nazar aga duşýar. Mergenliniň keller tiresinden bolan bu adamynyň asly Pelwertden bolýar. Olar ir zamanlarda şu taýa göçüp gelipdir. Onuň babasy ýelkenli gaýyk süýräpdir. Ol Amynyň ýokary akymlaryna çenli çykyp, söwdagärleriň harydyny Owganystana çenli eltipdir. Bir ýola Amynyň Wagyş goşandy bilen ýokarlygyna baranda, bir ýerde düşläpdir. Görse, mes toprak, suw dyzdan, ekin ekmäge tüýs amatly ýermiş. Golaýynda oba-gara-da ýokmyş. Soňky sapar bu gaýykçy özi bilen atasyny, ýakyn garyndaşyndan birini şol düşlän ýerine getiripdir. Şondan iki ýyl geçende, bu ýerde kiçeňräk oba emele gelipdir. Häzir ol ýere Ýylyköl raýonynyň (etrabynyň) Kalinin kolhozy diýilýor. Meret keýwanysy bilen Nazar aganyň çakylygy boýunça Kalinin kolhozyna göçüp barýar. Ýylyköl etrabynda dürli ýerden gelen türkmen taýpa-uruglary ýaşaýar eken. Ynkylapdan soňky döwürde bolsa gullukdan gaçanlar, döwletiň puluny harçlap, bergidar bolanlar gaçyp, şol ýere barypdyrlar. Bäş ýyly geçirensoň, maşgalasy bilen doglan ýeri bolan Pelwerdiň Karl Marks kolhozyna göçüp gelýär. Ol 1952-nji ýyldan başlap, şu kolhozyň çölünde çoluk, guýy sakçysy bolup, 1953-nji ýyla çenli gelipdir. Meret Kerki raýonynyň (etrabynyň) çölüne süýşmek maksady bilen keýwanysynyň doglan obasy Ajaryga kynlyk bilen ýerleşipdir. Şu obada ýerleşmegine keýwanysynyň dogan-garyndaşlary ýakyndan ýardam beripdir. Meret 1954-nji ýyldan başlap, şu etrabyň Kyrkýyllyk daýhan birleşiginde, ilki ikinji brigadada, soň bolsa berim üsti bilen ferma müdirini yryp, çölde guýy sakçysy, aşpez, çoluk bolup işleýär. Şol günden başlabam gömen harydynyň ugruna çykýar. Onuň tyllaly sanajy gömen ýeri, ýerleşen guýysyndan ýarym salkynlyk ýolda bolupdyr. Oňa barmak üçin Äýnekli takyry geçensoň, günorta ýöremeli, şonda serhedem daş bolmaýar. Özüniň serhetde tutulany aýan bolsa, oňa ýagşylygyň garaşmaýany mälim eken. Şol sebäbe görä, ol has assyrynlyk bilen hereket edipdir. «Syr saklamaýan ýürekden haýyr ýokdur» diýişleri ýaly, sähel aýagyňy gyşyk bassaň, syryň äşgär boljagyndan ätiýaç edip, ädimini sanap ädipdir. Ýedi çarşenbäni başyndan geçiren bu adam gije-gündiz gömüsgäniň gömülen ýerine ýakynlaşmagyň ýollaryny agtarypdyr. Kä gün bolsa bu agtaryşyň ahyry ýa suw, ýa saman diýip, el-aýakdan düşüp, ol barada pikir etmäni-de goýupdyr. Günler bolsa yzly-yzyna geçip, eýýäm bu ýere gelenine alty aý dagy bolupdyr. Güýz günleriniň birinde ferma müdiri bilen Kyrkgulaçdaky süriniň baş çopany Merediň sakçylyk edýän guýusyna Şamara gelipdirler. Olar çaý-nahardan soň gelişleriniň sebäbini beýan edipdirler. Eşidip otursa, çopanyň sürisinden bir topar goýun bölünip, olaryň yzy Äýnekli takyra gelensoň, ýitirim bolanmyş. Merediň yz yzarlamaga ökdedigini bilýän müdir, goýunlaryň haýsy tarapa gidendigini anyklap bilmänsoň, Merediň ýanyna gelipdir. Bular agşam şu guýuda ýatyp, irden ýol şaýyny tutup, takyra baka ugrapdyrlar. Takyrlyga ýetip, goýunlaryň takyra çykan ýerini görkezensoň, Meret: «Hudaý berse guluna, çykaryp goýar ýoluna» diýişleri boljak öz-ä. Bir ädim gömüsgä tarap ätlesem, meniň oňa ýakynlaşdygym bolýar» diýip oýlanypdyr. Meret eşegini idip, yzarlap ugraýar. Goýunlaryň yzy görünmese-de, oňa seretmezden, Meret şol ýere seredip günorta tarapa gidip otyrmyş. Elinden gidenlerinden soň ferma müdiri: «Yzçy aga, hiý, bu taýda goýun yzy ýok ýaly-la» diýip, Merede ýüzlenipdir. Meret: «Yz-a bar, özi-de dogry günorta gidipdir. Ine, serediň, däldirigiň (üzärligiň) günorta tarapa gyşarandygyny, goýunlaryň sany ýüzden az däl» diýende, çopan sakga durup: «Ony nireden bildiň?» diýip, haýran galypdyr. «Seret, takyrda başga ot ýok, däldirik bar. Şonuň üçin goýunlar otlamandyr, bäş-on ädim aralykdaky däldirikleri depeläpdir. Olar biri-biriniň yzyndan ýöräpdir. Bu bolsa azlygy görkezmeýär, köplügi görkezýär». Şol barmana goýun gumalaklarynyň toplumyna duş gelipdirler. Şonda Meret: «Goýunlar bir zatdan ürküpdir, şu ýerde toplanyp gumalaklapdyr, diýipdir. Ynha, serediň birnäçe siýdik siňen ýerler» diýip, olara görkezipdir. Ahyry Meret goýunlaryň yzyny takyrdan çägelige çykaryp, mese-mälim görünýän yzlary çopana görkezipdir. «Goýunlar nähili-de bolsa, bir guýa iner, suwsuz oňup bilmez» diýip oýlanypdyr. Ýene biraz ýöränlerinden soň, goýunlaryň gije ýatan ýerine barypdyrlar. «Goýunlar şu taýdan göni günorta tarapa ýönelipdir. Bu töwerekde guýy ýokdur-da» diýip, Meret fermadan sorapdyr. Ol: «Bar, Täzegüýç kolhozynyň «Täze» diýen guýusy bar» diýip jogap beripdir. Meret: «Onda şol guýy haýsy tarapda?». «Edil günortada». Soň Meret: «Öň-ä bu ýerlerde guýy ýokdy, soň gazan bolmaklary mümkin» diýip oýlanypdyr, ýöne sesini çykarmandyr. Bular yzarlap ugrasalar, goýunlar, dogrudan-da, şol guýa barypdyr. Barsalar, bu guýudaky sürini gyrkýan ekenler. Meret gyrkymçylaryň ýanyna baryp: «Armaň, harmana bereket» diýip ýüzlenipdir. Görse, bir gyrkymçy goýnuň gamynyň aşagyny gyrkyp otyrmyş. Ol gyrkymça garap: «Inim, «Ýaz ýala, güýz çala» diýen nakylam bar. Güýzde goýnuň garyn aşagy gyrkylmaýar, gyşda sowukdan goramaga ýardam edýär» diýipdir. Ol çopan goşa barsa, ferma bilen çopan ellerini ýuwup, çaý başyna geçipdirler. Meredem çopanlar bilen saglyk-amanlyk soraşansoň, çaý içipdir. Gelenler çaýdan, nahardan bolansoň, näme sebäpden gelendiklerini aýdypdyrlar. Şonda baş çopan: «Aýtmasaňyz-da, gelmegiňiziň sebäbini aňdym, goýunlaryňyz nähili gelen bolsa, şonuň ýaly-da tekizdir. «Garga garganyň gözüni çokmaz» diýip gülüpdir. «Goýunlaryňyzy tanap aýrarsyňyz, ýekejesi kem bolsa, özümden bererin» diýip, ynamly gepläpdir. Meret oturan ýerinden töwerege göz aýlap, «Öz-ä biziň atyşan ýerimiz uzakda däl» diýip pikir ýöredipdir. Şol wagt ferma müdiri: «Täze gazylan guýynyň suwy gowy çykdymy?» diýip sorapdyr. Çopan: «Diýseň gowy çykdy, biz ýakadan suw daşamaýarys» diýipdir. Şonda Meret: «Diýmek, meniň çakym dogry çykdy» diýip oýlanypdyr. Meret oturan ýerinden turman, ýene töweregine seredipdir. «Sanajy gömen ýerim şu taýdan daş bolmaly däl. Şu taýdan günortada sazaklyk bolmaly, şol dogry bolsa, biziň orslar bilen atyşan ýerimiz sazaklykdan ok gaýtarym ýerde bolmaly» diýip oýlanypdyr. Birden baş çopanyň: «Çaýdan ýeten bolsa, birsellem irkilsek neneň görýärsiňiz?» diýen soragyna Meret aňk-taňk bolup, näme diýjegini bilmän sakynyp durupdyr. Görsek çopan ýaşuly hökmünde Merede ýüzlenýän ekeni. Birsalymdan soň ol: «Bolar, çopan, birsalym ýer diňlesek, ýamanam däl, yssyda surnukma kemi galmady» diýipdir. Ýatyp-turansoň pugta çaýdan ýetirip, malyny böldüren çopan goýunlaryny tartmaga başlapdyr. Edil şol wagtam: «Eşek aňlakda semrär» diýişleri boldumy ýa-da derlän eşegiň arkasy gijedimi, garaz, Merediň eşegi aganap, yňňyrçagyny (gaňňasyny) gaçyrypdyr. Bilçekisi üzülip, palaňy, içirgisi çaşyp, honda atylypdyr. Eşek agananda aýagyna daňlan ýüpi üzülen eken, ýerinden turan dessine ýüpden boşan eşek guýrugyny göterip, göteripdir ökjäni. Meret eşegini tutmakçy bolup, näçe kür-kürlese-de, eşek eşekligini edip, şol guýrugyny galdyryp, gidip oturypdyr. Eşegini kowalap birki ýapy aşansoň, kowýanam, gaçýanam ýadap, seňkildäp ugrapdyr. Merediň sütüni süýnüp, yssyda senem nirä gitseň, git diýip, paýyş sözler bilen sögünip, bir sazagyň düýbüne baryp, gyşarypdyr. Eşegem yzyndan kowgynyň ýoklugyny aňyp, duran ýerinde diklem gazyk bolupdyr. Meret birsalym dynç alansoň, eşegine tarap ýöräpdir. Eşek ýadansoň, mumdan mylaýym bolup, ädimini ätmän, gulaklaryny salpardyp, derläp duranmyş. Meret elindäki ýüpi eşegiň boýnuna pugta daňyp, idekläp, depäniň üstüne çykýar. Göwnüne bolmasa, bu ýerler tanyş ýaly görünýär. Ol iki-baka seredip, serimsal bolup durýar. «Öz-a şu taýlar gözüme yssy görünýär, gel hany, aňry-bärisini seljerip göreýin» diýäge-de, eşegini idip aýlanmaga başlaýar. Garagumuň depeleriniň bir-birine meňzeşligindenmi ýa-da ol günlerden bäri niçem bir ýyl geçendenmi, garaz, tyllaly sanajy gömen ýerine meňzeş ýer ýok ýaly görnüpdir. Durup pikir derýasyna gark bolupdyr: «Öz-ä, näme diýseňem, daljykma-da, siňe seret, geçenleri ýatla» diýip, özüne göwünlik beripdir. Birden onuň gözi sazagyň töňňesine düşýär. Şol wagt onuň ini tikenekläp, tüýleri syh-syh bolup, galdyrap, üşäp başlaýar. Sazagyň gara ört bolup güne ýanan töňňesi mese-mälim saklanypdyr. Meret az salymdan soň özüni dürsäp, iki-bakasyny ogrynça garaýar. Töwerekde adam-garanyň ýokdugyna göz ýetirensoň, eşegini ýaňky töňňä iltäpdir. Soň ol «Biz haýsy depede atyşdyk» diýip oýlanypdyr. «Biribar, özüň ýardam et!» diýip, depeleri synlamaga başlaýar. Ahyrsoňy: «Bolsaň-a, şu bolmaly, ýöne bu öňki bolşuny üýtgedipdir, biraz beýgelipdir, pesinde çerkez gögeripdir» diýip, depä syn edip durupdyr. Ol töweregine ýene garapdyr-da «Tylla tapan derlär, kümüş tapan baýar» diýen nakyly ýatlapdyr. «Bardy-geldi bagtym işlese, menem gömüsgäni tapsam, derlärinmi ýa-da baýarynmy?» diýip özüne sorag beripdir. «Baýasam-baýamasam, öňi-soňy ele ilse, bu baýlyk ýerde galmaly däl» diýip oýlanypdyr. Töwerege seredip: «Çiştopbularyň ýerleşen depeleriniň üçüsi-de mese-mälim gömüp dur» diýip, aýlana-aýlana özüne çukur gazan ýerine baryp, aýak çekýär. Ýel sanajyň gömlen ýerine çäge üýşürip, geriş emele getiripdir. Gömüsgäniň ýatan ýerini tapdym, indi ony ele salmagyň ugruna çykmaly, köneleriň aýdyşy ýaly, gyzyl göçermiş diýen warsaky-da bar. Näme bolsa-da, baryny-ýoguny anyklamaly, o bela baýlyk ýerde galmasyn» diýip oýlanypdyr. Meret duran depesine belgi edip, şehit bolan baý ogullarynyň ruhuna aýat okapdyr. Soň ol eşegini idip, çopangoşa barypdyr. Barsa, ferma müdiri bilen çopan goýunlaryny sürüden aýryp, tegene gaban ekenler. Olar goýunlary tartansoň, ýadap, ýaňyja çaý içmäge oturypdyrlar. Agzy kepän Meredem çaý içipdir. Çaý başynda çopanlar bilen içgin gürleşip, olar bilen tanşypdyp. Ol çopanlara ýüzlenip: «ynsan soraşa-soraşa, haýwan ysgaşa-ysgaşa» diýipdirler, soramagyň aýby ýok, atlaryňyzy bilsek, sen ýa-da siz diýip durandan has oňat bolar diýýärin. Meniň adym Meret, ferma müdiri Durdyguly, çopanyň adam Ýagşygeldi diýensoň, Täze guýunyň çopany-da çopan-çolugyň atlaryny aýdypdyr. «Täze güýç» kolhozynyň çopanlary gelenleri myhmanlamak üçin, çebiş soýup, çorba taýýarlapdyr. Gelenler näçe gyssansa-da, olary naharlaman goýbermändir. Naharlajak bolduňyz diýip Durdy horjundan bir çüýşe arak çykaryp, «Hany, onda, hamyr ujundan petir diýişleri ýaly, boş oturmaly, çorba taýýar bolýança bir zatlar çeýnäp oturaly, bir okara gowurma getiriň» diýipdir. Aragy deňje käselere guýupdyr, ýöne ony hiç kime hödür etmändir. Sebäbi horjunda ýatansoň, arak gyzypdyr, agzyňa alar ýaly dälmiş. Şonda baş çopan: «Behiştde dürli ir-iýmişler sallanyp durarmyş, emma ony görmek bar-da iýmek ýokmyş. Aragy käselere guýduňyz, indi biz oňa seredip oturmalymy ýa-da hödür etjekmi, biziňkäm behiştdäki ýaly bolmasyn» diýip gülüpdir. Ferma müdiri: «Çopan, sabyr et, birsellemden sowar, ýogsa agzyňyň bir gat derisini sypyrjak, bu gaty gyzypdyr. Edil şol wagt «Ol çaý däl sowar ýaly» diýip, ýaş çopan dillenipdir. Çaý däl, dogry, ýöne bu-da bäş minut dursa, sowar. Çaý-da, arak-da bugaryp sowaýar. Sähel wagtdan ýaňky arak bugaryp birneme sowapdyr. Gowurma bilen içilensoň gürrüň hasam gyzypdyr. Şol wagt Durdyguly horjundan ikinji çüýşäni çykarypdyr-da, onuň daşyna öl letde oramagy tabşyrypdyr. Çebiş çorbasy taýýar bolansoň, ikinji çüýşäni-de içipdirler. Şondan soň gürrüň möjekler barada, olaryň häli-şindi sürä darap alada berşi hakynda bolupdyr. Merede arak hödür edilende, ol: «Entek bu suw agzyma degmedi, degmezem, siz arkaýyn maňa seretmän içiberiň» diýipdir. Ferma müdiri Merediň ökde awçy hem yzçydygyny aýdanda, Täze guýynyň çopan-çoluklary onuň möjeklerden ar alyp bermegini towakga edipdirler. Merede-de geregi şol. «It ur-da, adyňy çykar» diýipdirler. Bir sebäbe görä şu taýlara ýakynlaşsa, kem görjek däl. Ölüp-ýitip birde-ikide möjek awlabam berjek, bularyň ynamyna girmegi başarjak. Şolary göz öňünde tutup, çopanlara: «Ýaşym bir çakyna baran-da bolsa, entäkler bir möjege-iki möjege bolarlygym bar. Möjekler heläk etse, habarlaşyň, menem bu taýdan gaty daşda däl» diýipdir. Giç öýlän Meret dagy ýitgisini sürüp, öz guýusyna baka ugrapdyr. Meret öz guýusyna gelen gününden başlap çakylyga garaşypdyr. Ol sapy iki garyş kepjesini-de taýýarlapdyr. Bardy-geldi iş ugruna bolsa, gömüsgäni köwlär ýaly diýip, ol ýassy namazdan soň Allany çagyryp, «Ýa Päkä Perwerdigär-ä, niçembir jepa çekip, gijeler uklaman, halal zähmetim bilen ýygnan teňňelerimiň hasylyny ýygnap bilmedim. Indi beri şol gömüsgäni tapmaga ýardam et» diýip, Biribara ýalbarar ekeni. Şol günleriň birinde Täze guýunyň çolugy gelip, düýn möjekleriň sürä darandygyny, birnäçe goýny parçalandygyny aýdypdyr. «Baş çopan siziň kömek bermegiňizi haýyş etdi» diýipdir. Olar çaý-nahardan soň eşeklenip, Täze guýa tarap ugrapdyrlar. Meret içinden «Işim rowaç alsa, möjekleriň birini ele salaryn, soň men olaryň hormatly adamy bolaryn» diýip oýlanypdyr. Olar tirkeşip Täze guýa baranlarynda, aşpez et gowrup otyrmyş. Gazanda gowrulýan ahda goýnuň etiniň ysy, sogan atylandan soň has ýakymly bolupdyr. Bu yş töwerekdäkileriň burnuny gaşap, işdäsini açypdyr, agzyny suwjardypdyr. Käbiri tüýküligini ýuwutsa, beýlekiler gapdala pürküpdir. Merediňem agzy suwjarypdyr. Ol eger damak datman ýatan keselli bendäni şu ýere getirseň, onda iýmäge höwes döräp, tamşanmagy mümkin diýip pikir ýöredipdir. Birsalym gök çaý içenlerinden soň, ýadawlygam azalyp, Meret özüni namazaly duýupdyr. Ol: «Ýol azaby, gör azaby» diýişleri ýaly, ýolam ep-esli geçilensoň, ýadama kemi galmady» diýip, oturanlara ýüzlenipdir. Şol barmana aşpez: «Ýaşuly, gowurma-da taýýar» diýip Merede ýüzlenipdir. — Taýýar bolan bolsa, «Müň siz-bizden bir jyz-pyz» diýipdirler. Siz-bizligiňem kemi galmady, soraşdyk-ideşdik, hemmeler saglyk-amanlyk. Aşpez ýarty kersen gowurmany ortada goýup: «Onda, Meret aga, başlaberiň. «Görüp oturandan, köýüp otur» diýipdirler. Soň Meret ýaňja ojakdan çykan gyzgyn gömme nany alypdyr, tagama Bissimillähi Rahmanir Rahym diýip bir jyzzyk öz ýagyna gowrulan etden agzyna atypdyr. Şondan soň alha-al başlanyp, sähel wagtda kersen boşapdyr. Nahardan soň omyn edip, dowarlaryň piri Musa babanyň hormatyna aýat okapdyrlar. Meret: «Eliň-gözüň dert görmesin, eden işiňden bereket tap, ömrüň uzak, rysgalyň bol bolsun, ak gyz ýoldaşyň bolsun» diýip, aşpeze pata beripdir. Meret bu gün dynç alypdyr, ertesi irden çaý-çörekden soň, çopany yzyna tirkäp, möjekleriň sürä daran ýerine barypdyr. Eşegini idip, yzarlamaga başlapdyr. Görse, möjekler ikimiş, olaryň biri ganjyk (ene möjek), ikinjisi köpekmiş. Meret bulary kowup, ýadadyp alardan yssy däl, ýaşam bir çakyna bardy. Gel hany, «Gaçanam Huda diýer, kowanam» kowup almaly bolsa-ha, kowaryn, iň gowusy atyp alaryn diýen netijä gelipdir. Soň ol çopana ýüzlenip: «Yza dolanaly, gurowy berkräk tutmasak, möjekler el bermez» diýip, çopangoşa barypdyr. Ol ýerden suw, birki gün iýer ýaly iýmit, tüpeňini alypdyr-da, pyýadalap yz çalan ýerine barypdyr. Şol ýerden möjekleriň yzyny yzarlapdyr, yz ony gür ýylgynlyga eltipdir. Ol: «Ganojaklar, bolsaňyz, şu ýerde bolmaly» diýip, arkasyndaky ýüküni ýerde goýup, tüpeňini oklap, ýylgynlyga sümülipdir. Möjekleri yzarlamaga başlapdyr. Möjekler ýylgynly oýdan çykan ýerinde gömlen goýun läşinden biraz iýipdir, galanyny dazzarkeller halallapdyr. Ony gören Meret yzyna dolanypdyr. Ol «Hudaýa ynansaňam, ynan, ýöne eşegiňi berk duşa» diýen ýeri-de bar. Goş-goludymy alaýyn, bu gün-erte olary ele salyp bilmezligim mümkin» diýip, iýip-içer ýaly zatlaryny alypdyr-da, yzarlap ugrapdyr. Gün ikitel bolanda ýadapdyr. Ot ýakyp, çaýjoşuny oda basypdyr, çaýdan soň ýene yzarlapdyr. Gün batmaga sagat ýarym galanda möjekleriň. täzelikde giden yzy başlanypdyr. Görse, olar uly sazagyň saýasynda dynç alansoň, ýaňyja örlän bolmaly. Birki günlük iýmitini alan möjekler dok bolansoň ökde uzaga gitmersiň diýip ol oturypdyr. Meret: «Dur bakaly, iýeniňi burnuňdan sykararyn gözüme bir görün» diýip hüňürdäpdir. Ol ýene iki kilometr ýöränsoň, uly depäniň üstüne çykypdyr, töweregi ser salypdyr. Birden gözüne haýsydyr bir haýwanyň çöplüge siňeni görüpdir. Arkasyndaky goş-golamyny goýup assyrynlyk bilen olary yzarlapdyr. Möjekleriň yzy tegelenip ösen gür borjaklyga baryp giripdir. Meret ýakynlaşmanka iki möjek yzly-yzyna borjaklykdan çykyp gaçypdyr. Meret salymyny bermän, yzky möjegi tüpeňläpdir. Yzky möjek ýokarlygyna böküpdir-de, çabalanyp ýatypdyr. «Meret ikinji gülläni kellesinden geçirensoň, möjege ýakyn barypdyr. Soň ol pyçagyny alyp, möjegiň derisini sypyrypdyr, ony halta atypdyr-da, nirdesiň, çopangoşy, diýip ýola düşüpdir. Gijäniň bir mahaly ýadap goşa barypdyr. Meret aga amanlykmy, diýip çoluk bilen aşpez ony garşy alypdyr. Eý, inilerim, möjekleriň soltanşasyny ele salandyryn, agzym gurady, tüf diýere tüýkülik galmady bir çaý beriň, inilerim, diýip haşlap oturypdyr. Çoluk haltadaky derini ýere dökende itler oňa topulyp üýrüpdir. «Gör, bulary, taýýar aşyň bekewüli, gurtlar goýunlary parçalanda bular nirede boldularka?» diýip, Meret itleri näletläpdir. Çaý-nahar taýýar bolýança awçy ýuwnup-ardynyp, saçak başyna geçipdir. Çaý-nahardan ýetirensoň, derini duzlapdyr. Ol çoluga ýüzlenip: «Ertir derä selindir saman dykyp, möjegiň gäbini taýýarlarys, soň ony başga sürülere eltersiň. Her sürüden berlen goýunlary toplarsyň, şödüp parçalanan goýunlaryň öwezini dolarsyň» diýipdir. Kanun boýunça möjek parçalap, ýitgi bolan dowarlary ferma müdiri çykdajy edip bermeýär. Göz-görtele bolýan bu ýagdaýy, bolsa-ha «Ölüşiňe ýaraşa gömşüm» diýip, hasapdan çykaryp, çopany günäkär etmeli däl. Orsuň şu kanuny diýseň ýerliksiz. Öňler baýlar sürä möjek darap, dört-bäşini parçalasa, ony çopandan almaýardylar ýa-da ýarpy-ýalta alardylar. Men ýaşkam bäş wagt namazymy kaza etmedim, namaz okamak bolsa, Allanyň öňünde borjuňy ýerine ýetirmek ahyry. Namaz okamagy tä ynkylaba çenli dowam etdim. Bir sebäbe görä kaza etseň-de, Biribaryň özi ötüp-geçermiş. Indi bolsa, kanun boýunça namaz okamak gadagan. Bardy-geldi namaz okap duranyňy biri görse, seni ýamanlajak adam tapyljak, bu molla diýjekler, mollanyňam güni kynlaşdy. Şonuň üçin men namaz okamany bir wagtlar goýdum. Ol tasdan bendi bolanyny aýdan ekeni, ýöne wagtynda duýup saklanypdyr. «Diliňe bek bol» diýip özüne sargapdyr. Ertesi irden möjegiň gäbini taýýarlapdyr. Guşluk galanda çopanyň dowarlary guýa inipdir, ol görse, möjegiň gäbi hekgerip durmuş. Möjegiň gäbine bir taýak urupdyr-da: «Meret aga, eliň-gözüň dert görmesin, müň ýaşa» diýip, alkyş edipdir. Meret eşeklenip, ene möjegi yzarlamaga ugrapdyr. Bu sapar onuň maksady möjek däl-de, sanajyň gömlen ýerine barmak hem-de agtaryş işini geçirmek bolupdyr. Şonuň üçin günbatara gitmeli bolsa-da, aýlanyp, gündogara tarap ýöräpdir. Ol: «Eger gömüsgäni tapmasam, ölünçäm iýenim awy, geýenim köpen bolup geçer» diýip oýlanyp yzlan bolup, baýaky depäniň gapdalynda çukurda eşegini daňyp, kelte saply kepjesini alyp, depä çykyp töweregine syn edipdir. Görse, adam-gara ýokmyş. Şondan soň kepjesini işledip başlaýar, agdar-düňder etse-de gömüsgäni tapmandyr. Soň ol: «Işim tersine, biri görmese ýagşydyr, juda bolmasa, erte dagy köwlemäni dowam ederin» diýip, işi goýupdyr. «Iňňesi ýiteniň, gözi ýerde diýişleri ýaly, dören ýerine seredip, häli aňry, häli bäri ýöräp ýadapdyr. Soň ol köwlän ýerlerini tekizläpdir, gözden-gulakdan ätiýaç edip, ýene goşa tarap ugrapdyr. Täze güýç kolhozynyň fermasy Gaz-51 maşynynda çopana ýanow getiripdir. Olar goýunlary sanap, ikinji çopana tabşyrmaga başlan ekenler. Ferma müdiri Meret bilen gadyrly görşüpdir. «Awçy aga, ýadansyňyz, çadyra giriň-de, dynç alyň, bizem, ynha, sanawy gutaryp bararys» diýipdir. Çaý-çörekden soň gürrüň ýene möjekler barada bolupdyr. Ferma müdiriniň: «Siz haçandan bäri möjek awlaýarsyňyz diýen soragyna «Gaty irden bäri» diýip jogap gaýtarypdyr. Birsalym dymyşlykdan soň Meret öz halypasy Çary maýryk barada olara gürrüň beripdir. «Aw awlamagy, yzarlamagy, möjekleriň, keýikleriň, towşandyr towuklaryň gylyk-häsiýetini maňa öwreden halypam edil pişik ýaly çalasyn, bürgüt ýaly gaýduwsyz, durna ýaly eserdeňdi. Ol adam ökde mergendi, atan oky hata gitmezdi» diýip, oturanlara bolan bir wakany gürrüň beripdir: «Halypam, göräýmäge, çepiksije bolsa-da, diýseň çalasyndy. Garaýagyzdan inçemikdi, injigi dagy meniň goşarym ýaly inçedi, elleri, barmaklary uzyndan inçedi. Tüpeňine ok salyp atmaly bolanda, men entek deprenmänkäm, urmaly awyny urandyr. Ys alşy, eşidişi-de menden üýtgeşikdi. Bir ýola çürüje gulaklaryny ýele baka tutdy-da, «Düňküldi bar, ilerden kerwen gelýär» diýdi. Men näçe diň salsam-da, düňküldini eşitmedim. Halypamyň aýdyşy ýaly, esli wagt geçensoň, kerwen geçdi. Düýäniň boýnuna dakylan düňk ses berip geçip gitdi. Bir gezek gyş günleriniň birinde awa gitdik, men onuň läşkeşidim, atan keýikdir towşanlaryny eşege ýükläp, yzyndan barýardym. Ol birden durdy-da, gaňrak kimin egri bumuny ýokary-aşak tutup: «Meret, şu ýakynda kebabyň ysy bar» diýdi. Men ylgap depä çykdym-da, töwerege seretsem, ysam ýok, kokam, ol töwerekde adam-da ýok. Birsalym ýöredik, şol wagtam «Bu ýakymly ys öz-ä ýakynlady» diýip, ýene ugruny göni günorta tarapa tutdy. Taýak atar ýöresek, çukur oýda bir awçy ýylgyn syhyna jaý geçirilen towşan etini kaklap otyr. Bizem bärden bardyk-da, salam berdik. Saglyk-amanlyk soraşansoň, ýaşuly: «Ýagşy adam aş üstüne» diýipdirler, geliň, oda ýakynrak süýşüň» diýdi. Çary aga-da: «Hany, Meret, iki towşany arassala, taýýar aşyň bekewüli bolmaly» diýip degişdi. Men towşanlaryň derisini sypyryp, ony bölekläp duzladym. Onýança halypam patlakdan düşek ýasap, üstüne keçäni ýazyp, oturar ýaly ýer taýýarlady. Soň halypam çerkezden syh taýýarlady, towşan etlerini syha ötürdi. Men ody belentden gallap, çaýjoşlary meşikdäki suwdan dolduryp, oda goýdum. Çaý gaýnaýança közem üýşdi. Soň Çary aga sazakdan ýasan dört heçjejigi çägä sokup, üstüne iki sany taýajyk atdy-da, syhlary onuň üstüne hatarlap goýdy. Şondan soň halypam bir käse çaý içdi. Men syhlary gezekli-gezegine aýlap, ýerlerini çalyşdym. Bu taýa düşlän ýaşulynyň ady Öwülýaguly eken, ol Gülegenjäniň Mangar tiresinden bolup, ölemen awçy eken. Özi-de hiç wagt ýanyna awçy eýgertmändir, ýeke awlapdyr. Şonuň üçin oňa Öwülýaguly «ýekegezer» diýen emeli lakam ýelmenipdir. Ol syhda galan iki bölek towşan kebabyny halypama uzadyp: «Kebap taýýar bolýança «Hamyr ujundan petir» diýipdirler», al şujagazy çeýnäber diýdi. Çary aga-da: «Sag boluň» diýip, oňa bir käse çaý uzatdy. Şol arada eşeklerem aňňyryşyp, gulagymyzy kamata getirdi. Çaý-nandan boldy edip, omyn etdik, Öwülýaguly aga bilen hoşlaşyp, ýolumyzy dowam etdik. Bir gezegem Babanazar aganyň gurbanlyk sadakasynda tam doly adamlara özüniň keýik awlaýşy barada gürrüň berdi. Ol Diňlişor diýen ýere barypdyr, şol ýerde keýik sürüsine duş gelipdir. Soň ol teke keýigi atyp, bir sazagyň üstüne atypdyr, ýene ikisini atyp, olary-da sazagyň üstüne atypdyr. Ýene birini atdym diýende, Gulnazar aga diýen aksakgal: «Çary maýryk, duraweri, sen öňki atanlaryň porsamanka, şolaryňy ýygna, atsaňam, soň atarsyň» diýipdir. Bu gepe tamda oturanlar wakyrdaşyp gülüşdiler. Çary aga birsalym dymdy, özüne kömek agtaran ýaly, oturanlaryň ýüzüne mylaýym gülümsiräp seretdi. Gülki ýatyşansoň, ol janygyp, şeýle diýdi: «Bolýar-da, Gulnazar aga, wagty gelse, men özümiň awçydygymy ýa-da däldigimi size ap-aýan ederin. Halaýyk, hoş wagtyňyz» diýäge-de, öýkeläp çykyp gitdi. Oturanlaram ala-wagyr turzup, awçynyň badyna kakylandygyny hersi özüçe çözjek bolşup gynandylar. Kimsi awçynyň tarapynda, kimsi Gulnazar aganyň. El ýuwdurylyp, nahar çekilensoň, wagyram tapba ýatdy. Nahardan soň omyn edip, aýat okadylar, Babanazar aga pata berdiler. Hemmeler «Sadakaň kabul bolsun!» diýdiler. Meniň aýtjagym, aradan bäş-alty aý geçirip, saý-sebäp bilen Gulnazar aga Çary aganyňka barypdyr. Şol wagtam awçy agamyz on altylyk omurmasyna ok taýýarlap otyr ekeni. Gulnazar aga bilen saglyk-amanlyk soraşansoň, oňa ýüzlenip: «Geleniňiz gowy boldy, Gulnazar aga, häzir siziň bilen towşan awuna gideris» diýip, hih-hih edip gülüpdir. Çary aganyň keýwanysy bolsa: «Gulnazar aga, töre geçiň, çaý içiň» diýip, oňa ýüzlenipdir. Şonda öý eýesi: «Kempir, sen tizräk ýagyňy, soganyňy taýýarla, biz Gulnazar aga bilen towşan atyp geleris, çaýyňy soň içeris» diýipdir. Gulnazar aga-da: «Bu yssyda towşan atdyrmaz saňa, maýryk. Görýän welin, saňa «Hem hoz gerek, hem hozuň mürrügi» diýip, ýene ýaňsa alypdyr. Ol: «Bu gün bize towşan iýdirmez, iň gowusy, sen meniň habarymy al, atsaňam, soň ataý» diýipdir. Çary aga-da: «Gulnazar aga, geliň gepi köpeltmäli, meniň mergendigimi ýa-da däldigimi synap görüň» diýipdir. Gulnazar aga: «Çary, towşany daňyp dag-a goýan dälsiň-dä, görýän welin, gepi batyrja gurýarsyň» diýse: — Ýok, men daňylgyny boşadyp goýberýoryn, towşanyň bogazyny, çebşegini-de atman, diňe erkegi bilen bogaz dälini atýorun. — Ony sen nädip tanaýarsyň? Ýa-da ýene yzyndanmy — diýýär. — Elbetde, yzyndan, Gulnazar aga. — Ýörüň onda, gideli, keýwanym sogan ardyp başlady — diýende: — Çary maýryk, baý-güplediň-ow, ýör hany, atyşyňy bir göreli — diýip, çöle baka ugrapdyrlar. Olar «Merjeniň mämesi» diýen iki sany meňzeş ýanaşyk oturan depäniň gapdalyna baryp, aýak çekiplirler. Çary aga Gulnazar aganyň elinden tutup: «Şol çaly:nyň saýasynda bir towşan ýatyr, görýärsiňizmi?» diýende, ol «Ýok» diýip jogap gaýtarypdyr. «Onda siz şol çalynyň düýbüne seredip duruň» diýipdir. Soň ol towşany mäşä mündürip, töwledipdir. Şol wagt bir ak zat ýokary böküp aşak inipdir. Mergen: «Gulnazar aga, towşany äkeliň, daňylan-daňylmandygyny barlap görüň, erkek-urkaçydygyny sermeleşdirip görüň» diýipdir. Gulnazar aga nalaç towşany getirmäge gidipdir. Baryp görse, towşan daňylmandyr, özi-de erkekmiş, Soň ýaşuly: «Tilkide ýol kän, awçyda al kän» diýenleri. Çary, sen ökde awçy hem mergen, ýöne mergenem däl-de, mergenleriň mergeni ekeniň, indi ynandym» diýipdir. Şondan soň Çary maýryk diýen ady il arasynda galdy, onuň Çary mergen ady ýörgünli boldy. Çary aga towşanyň ýatan ýerini, gapanlaryny barlap, yza gaýdanda gören eken. Yssyda towşanlar, bir zat ürküzmese, ýatan ýerinden gozganman ýatýandygyny awçy bilýän eken. Şonuň üçin Gulnazar aganyň ýanynda keýwanysyna «Ýagyňy, soganyňy taýýarlaber» diýip ynamly aýdypdyr». — Meret aga, siziň halypaňyza Çary maýryk diýibem adyny tutupdyrlar, ol dogrudan-da, maýrykmydy? — Ýok, ol maýryg-a däldi, ýöne çaýşykdy ýörände ökjeleri bir-birine degjek bolup durdy. «Dag börüsiz bolmaz, il ogrusyz» diýişleri ýaly, biziň ilde-de gep okan adamlar bardy. Şolaryň biri Mollawelidi. Soň ol il arasynda biri şum habar eşitse, ony aýdan Mollawelidir diýerdiler. Maýryk diýmäni-de ilki şol adam aýdypdyr. Meniň halypamyň atan keýikdir towşanlarynyň, ýabany towugynyň, möjekdir şagalynyň sany çaksyz köp. Çöpde-çörde san bar, onda welin, san-sajak ýok. Gymmatçylyk ýyllary il bendäni aw eti bilen horlaman bişikçilige ýetirdi. Ýene ferma müdiri: — Ol awçynyň towşanyň yzyna seredip, bogaz ýa-da däldigini bilýändigi-de dogrumy? — Elbetde, towşan-a beýlede dursun, keýikleriň ene ýa-da teke keýikdigini-de yzyndan tanardy. Men size bir bolan wakany gürrüň bereýin, oňa ynanmazlygyňyz-da mümkin, ýöne hakyky bolan waka. Yzarlamaga gezek gelende ol töwerekde onuň bilen bäs etjek yzçy ýokdy. Çary aganyň jeňňelde ýarym tanap ýeri bardy, ol oňa gawun-garpyz ekerdi. Şol gawunçylygyndan biri dänip yslanan zamçasyny soraman alypdyr. Iki ýyl dagy geçipdir, görse, şol aýakýalaňaç yz onuň gawunçylygynyň gapdalyndan geçýän ýoldan ýöräpdir. Bu yzy yzarlap gaýykgüzere barsa, köp adam gaýygyň gelerine garaşyp otyrmyş. Çary aga seredip görse, iki sany aýakýalaňaç adam barmyş. Olaryň aýaklaryna siňe seredip, sakgal-murtuna ak sepen adamyň ýanyna baryp: «Sakgaldaş, seniň maňa bir zamça bergiň bar» diýipdir. Ol adam köp wagtlap gözüni gyrpyldadyp oňa seredip durupdyr. Onýança oturanlar: «Ana, saňa gerek bolsa» diýşip, olaryň daşyna üýşüpdirler. Çary aga-da: «Geple, sakgaldaş, melamat bolsa, ony aýt, ýogsa-da agzyňa suw almadyk bolsaň, diý bir zat» diýip, şol adama ýüzlenipdir. Ol adam sakyna-sakyna iki ýyl şundan öň gawunçylykdan yslanyp tänen zamçany alandygyny boýnuna alypdyr. Oturanlardan biri: — Iki ýyl dagy geçen bolsa, siz nädip tanadyňyz bu kişini? — diýip sorapdyr. — Yzyndan, inim, yzyny arkasyna götermese, on ýyl geçse-de tanamak bolar. Görseňiz, şu adamyň sag aýagynyň syçala barmagy ýörände ýere degýän däldir. Aýagy ýasydaban, ökjesi süýnmek, başam barmaklary gysgadan togalak, ana, şol bellikler onuň zamçany alandygyny tassyklaýar — diýende ýaňky adam: — Men iki ýyl talabançylyk edip, çölde çoluk boldum, indem iki ýylyň hakyny baýdan alyp, çagalarymy iýdirip-içirmekçi. Ynansaňyz, şu haltada köne ädik bilen donum bar, iki sany-da teňňäm bar. O-da gaýykça bermek üçin özüme gerek. Men Burdalyga baryp, Mährem baýdan hakymy alsam, siziň zamçaňyzyň muzduny getirip bereýin — diýipdir. Onda Çary aga-da: «Sag boI, boýnuňa aldyň, hiç zat gerek däl, janyň sag bolsun!» diýipdir. Bu gürrüňi diňlänler: «Şek ýok, diýseň ökde yzçy, awçy hem mergen eken» diýşipdirler. Meret bu gürrüňden soň baş çopana ýüzlenip: «Şu töwerekde näçe guýy bar, olaryň biri-birinden uzaklygy näçeräk?» diýipdir. Ol soraga ferma müdiri: «Iki guýy bar, arasy takmynan ýedi-sekiz kilometrdir, şondan başga bu töwerekde guýy ýok» diýip jogap beripdir. — Onda gije şu guýudaky ahyrlaryň suwuny dökeli, möjekler gijäniň bir wagty suw içmäge geler welin, suw içip bilmese, ikinji guýa Çöňňelä gider. Bize-de geregi şol, ahyrlary suwdan dolduryp, töweregine gapan gurarys. Guýynyň töwereginden itleri aýraly, ana şonda, birdir-iki möjegiň gapana düşmegi mümkin. Soň Merediň aýdyşy ýaly, gapanlary gurap, gijesi bilen garaşsalar-da, möjekler gara bermändir. Soň Meret: «Bu hile başa barmady, indi yzarlap almasam bolmaz» diýip, ganjyk möjegi ele salmagyň ugruna çykypdyr. Ol horjunyna suwly kanistri, iýip-içgi salaga-da, tüpeňini oklap, eşeklenip, ýola düşüpdir. Aýlanyp ýene-de sanajy gömen ýerine barypdyr. Horjundan kepjesini alyp, çak eden ýerini doňuz dören ýaly agdar-düňder edipdir. Näçe köwlese-de, kepjesi gata degmändir. Ol: «Bu gün besdir, tiz bu ýerden gideýin, eger biri görse, Hudanyň urdugy bolar» diýip, eşegini münüp möjekleri yzarlamaga ugrapdyr. Näçe aňtasa-da, möjekler nyşan bermändir. «Bermezek Hudaýdan irmezek awçy» diýenleri, gel, hany, gijäni şu ýerde geçireýin, «Almany göge at, ýere düşýänçä bir pelek» diýlen ýeri-de bar» diýip, şol ýerde düşläpdir. Ot ýakypdyr, çaý gaýnadyp, garbanypdyr. Gijäniň bir mahaly eşek sojap, burnuny parladyp, bolubilenini bolup, eýesini oýarypdyr. Meret rejäniň geň däldigini aňyp, tüpeňine ok sürüp, assyrynlyk bilen garaňkylygy göz gezdiripdir. Ol näçe töweregine seredip, diň salsa-da, hiç bir ses-semende eşitmändir, ýa-da ýanyp duran gözem ilmändir. Meret daň atýança kirpikli gözüni ýummandyr. Ýalançy ýagtylan badyna yz çalyp ugrapdyr. Görse, iki möjegiň yzy barmyş. Ol: «Bildik, gurtguly, siziň çakyňyzy, gör, bular eşegime hyrydar bolup gelipdir, duruber bakaly, «Ölesi gelen tilki hinine bakyp üýrer» diýipdirler. Bularyň janyny jähenneme gidirmek meniň bilen» diýip, çaý-da içmän, eşegini idip, yz çalyp ugrapdyr. Gün guşluk bolanda ýadap, «Hany, meniň ýigrimi bäşim, bu ýaşda sen dynç al» diýip, özüne töwella edipdir. Konistrdäki suwdan çaýjoşuny dolduryp, oda goýýar, galan suwy eşegine beripdir. Çaýdan soň eşeklenip süňklerden el çekip, çopan goşuna ugrapdyr. Gün ortadan aganda sulbasy çykyp, çopanlaryň goşuna barypdyr. Çoluk haýdan-haý eşegini daňyp, «Geçiň, çaý-nahar taýýar, agşam gara bermediňiz» diýip, derrew demli çäýnegi onuň oňünde goýupdyr. Birki käse gök çaýdan içensoň, der berip, ýadawlygy aýrylan ýaly bolupdyr. Çoluk «Çaýdan bolan bolsaňyz, çorba getireýin» diýipdir. «Ýol azaby, gör azaby» diýenleri. Pyýadalap niçembir menzil ýol geçildi. Çöl gurdy-ganjyk eýýäm özüne höwür tapypdyr, ol indi dyndyrmaz, ganjygy ýok etmesek, daşynda birlän-ikilän möjek tapylar durar. Huda ýol berse, erteden başlap ymyklaý yzyna düşmesem bolmaz. Köpek möjegiň öleni edil arynyň kömejine çöp dürten ýaly, beýlekileri-de öjükdiripdir. Olar entekler sürä daramaga çalşarlar» diýipdir. Meret ol gün dynç alyp, ertesi irden ýene möjekleri yzarlamaga gidipdir. Şol gidişine düýnki yzy goýup gaýdan ýerine barypdyr, yzarlamagy dowam edipdir. Olaryň yzy çukur oýa giripdir. Meret tüpeňini oklap, ýuwaşlyk bilen öňe hereket edipdir. Görse, möjekler sazagyň saýasynda dynç alyp, oýdan çykypdyr. Yzarlamagy dowam edipdir, peýşine çenli yzarlapdyr. Näçe yzarlasa-da, möjekler yzyndan kowgy gelýänini aňan ýaly, tilki sapalagyny gurup, häli saga, häli sola ýöräp, asyl göze ilmändir. Garaňkyny düşürip, tekizýerde ullakan ot ýakypdyr. Çaýyny-çöregini iýenden şoň, ýene bider göterim odun getiripdir, häh diýende mäh diýere bolar diýip oýlanypdyr. Eşegini ýakynjagynda daňyp, ýektaýyny ýazypdyr-da, gyşarypdyr. Osal bolsaň, möjekler eşegi parçalajakmyş». Şonuň üçin tüpeňini oklap, ony gapdalynda goýupdyr. Bu gije ümsümlik bilen geçipdir, daňa ýakyn awçy üşäp oýanypdyr. Ot ýakypdyr, çaý-çörek iýipdir, ýene yzarlamagy dowam edipdir. Näçe jan edip yzarlasa-da, bu günem gurtlaryň garasyny görmändir. Gün guşluk galanda ýene ýadap, goşa barypdyr. Bärden barandan bagşynyň pyrak diýip aýdýan aýdymy gulagyna ilenden ol eşeginden düşüp saklanypdyr. «Janlarym, bu nämäniň alamaty, hi bu taýda bagşy näme işleýär, aýdyma diýseň ir başlapdyr» diýip çadyra barypdyr. Görse, bir ýaş ýigit dutar çalyp, aýdym aýdyp otyrmyş. Meret el-ýüzüni ýuwup, saçak başyna geçipdir, bagşy bilen saglyk-amanlyk soraşypdyr. Çoluk ýaňyja demlän çäýnegini awçynyň öňüne süýşürip, täzeje ojakdan çykan işleklini kesişdirip, ortada goýupdyr. Soň ol «Meret aga, goýunlar entegem suwa inmedi, ahyrlary suwçy agamyz birmahal suwdan doldurdy» diýip, Merediň ýüzüne aladaly seredipdir. «Öz-ä bu çaka goýunlar suwa inmelidi, bilmedim, näme döw urdy» diýipdir. «Daljykma, inim, çopan täzelense, goýunlar täzä çykandyr, täzede bakmak aňsadrak, birneme daşrak gidendir. Hany, bagşy, gulagyň kirlerini aýrar ýaly heňlerden başla» diýip, bagşyny tijäpdir. Bagşy «Bidert ýarymy» soňlaberende goýunlaram mäleşip oýa inipdir. Çoluk ylgap goýunlary bölüp, suwa goýbermäge çopana kömekleşipdir. Çopan taýagyny süýräp çadyra girende sussypes, ýüzüne kül urlan ýalymyş. Meret: — Çopan, eýgilikmi, ýüzüň dagy gara ört, keselläp dagy eden dälsiň-de? — Ýok, Meret aga, keselden-ä bijirim, ýöne daňdan möjekler ýene ýedi goýun bilen jaň dakylan serkäni parçalady. Itlerden-de many bolmady. Möjekleriň birkisi, gümanym, itleri güýmäpdir, galanlary sürüden goýunlar bilen serkäni aýryp, takmyndan, üç kilometr töweregi eltip, şol ýerde parçalapdyr. Bular bizi goýjak däl öz-ä, Meret aga — diýip käýinipdir. — Çopan, sabyr et, «Muşt berene muşt ber, küşt berene küşt» diýipdir ata-baba. Işallasa, olara muşt bereris, iýenini burnundan sykarys. Sen howlukma — diýip, çopana göwünlik beripdir. — Görýän welin, Meret aga, möjeklerem «Ölüşiňe ýaraşa gömüşim» diýen ýaly, köpege derek niçem bir goýunlarymyzy haraplady. — Dogry, «Gorkagy kowalasaň, batyr bolar» hem diýlendir. Bular öz-ä hüjüme geçdi. Hany, geçse, geçibersin, göreris-dä, çopan. Birkisiniň derisine saman dykmasam-a iýenim içime gitmez — diýipdir. Bir burçda oturan bagşy: «Ten dogry aýtdyňyz, agam, bu çaka çenli olaryň towugyna tok diýen bolmady, indi welin, siziň ýaly ussat awçy barka, towugyna tok diýmeli olaryň. «Serçäni-de gassap soýsa» diýenleri, möjekleräm özüňiz ýaly mergen atsa, atan oky hata gitmeýän mergeniň ýanynda ikilän-ýekelän möjek hiç zat. Men Çöňňeli diýen guýuda çoluk, bize-de wagtal-wagtal möjekler alada baryny berýor. Biz bende näme gargap oturmakdan başga edibiljek işimiz ýok». — Inim, «Gurda gargyş ýokmaz» diýlen sözem bar, ýöne gargamakdanam netije ýok, hiç bolmasa, ahyryň töweregine aradaky ýaly gapan gurmaly — diýipdir. — Häzire çenli bizde ýekeje gapan-da ýok, bolan ýerinde ony gurmany başarmaly, şonuň ýalyrak, agam, ýagdaý-a. — Men size möjege bolar ýaly, öz gapanlarymdan ikisini bereýin, soň gelenimde siziň guýyňyza baryp alaryn. Çaý-nahardan soň Meret: «Çopan, goýunlar örmänkä sen maňa möjekleriň sürä daran ýerini görkez, olar täzeje goýun etinden doýan bolsa, gaty uzaga giden däldir. Esasanam, ganjygy almaly, ýogsam olar dyndyrmaz» diýdi. Olar gerek-ýarak zatlaryny alyp, eşekli gurtlaryň sürä daran ýerine barypdyrlar. Şondan soň Meret çopana yza dolanmaga rugsat beripdir, özi bolsa möjekleriň yzyny alyp ugraýar. Meret möjekleriň üstünlikli awundan soň uzak gitmejegini bilýän eken. Çak bilen bäş kilometr geçensoň gapyşma ýylgynly oýa baryp giripdir. Olaryň oýdan çykan-çykmandygyny daşyndan aýlanyp barlapdyr. Görse, möjekleriň oýdan çykan yzy ýokmyş. Ol: «Bular yzgarly ýerde bagryny ýere berip ýatyr, öz-ä suwsandyr, megerem, eşegiň ysyny-da alandyr. Bulary almak aňsa-da bolmaz» diýip oýlanypdyr. Soň ol beýik depä çykyp, «Möjekler örse, nireden çykarka» diýip, töweregini seljerip, göz gezdiripdir. «Çyksaň, hol ýerden — iki ýapynyň arasyndan çykarsyň öz-ä» diýip, tüpeňine ok sürüp, taýýarlapdyr. Eşegini pesde daňypdyr-da, özi sazagyň gapdalynda bukulyp, möjekleriň çykaryna garaşýar. Iki sagat töweregi geçýär, Gün batmaga az galanda awçynyň çaklaýşy ýaly, ene möjek öňde, iki sany ýaş möjegem yzynda ziňkildeşip çykyp ugrapdyr. Meret ene möjegi nyşana alyp, töwledipdir. Möjek atylyp, honda düşüpdir-de, ýaňadan aýak üstüne galypdyr, agsaklap gaçyp ugrapdyr. Meret tüpeňine ok sürýänçä, möjek ep-esli ara açypdyr. «Gidiber hany, nirä bararkaň» diýip, yzarlap ugrapdyr. «Ok jaý ýerinden degmedik bolara çemeli, öz-ä ýürekden girersiň diýip atdym. Göreli hany» diýip, assyrynlyk bilen ganyň daman ýerini yzarlapdyr. Ol: «Ahyry gan akyp gutarsa, özüňem ýatarsyň» diýip, içinden oýlanypdyr. «Kim tebip, başdan geçiren tebip» dýiişleri ýaly, awçy möjegiň ölmese-de gülmejegini bilipdir. Şonuň üçin gyssanman bar ünsüni öňe tarap beripdir. Şol arada Günem batar abaýyny alypdyr. Yzarlap barşyna onuň ýadyna ýene gömen altynlary düşüpdir. Ol: «Janlarym, meni nesibe dartyp, ykbal bir säw bilen bu ýerlere düşürdi. Indi gömen baýlygymy tapman, pohuny aldyran tomzak ýaly, hiç zatsyz yza dolanmaly bolarynmy?!» diýip, akyl urnaşdyran wagty, birden ýaraly möjek aýaklaryny süýräp gaçyp ugrapdyr. Soňky gümpüldi ene möjegi ýagty jahan bilen hoşlaşdyrypdyr. Wagty elden bermän, awçy möjegiň derisini sypyrypdyr. Derini süýräp eşeginiň ýanyna barsa, eşegi bir ýerde durman oňa-da syçanyň kürümi müň teňňe bolupdyr. Derini horjuna salaga-da Meret ýola ugrapdyr. Haýal ýöreýän eşek welin, büzzügine gyzgan giren ýaly, janyny nirede goýjagyny bilmän, şol öňürdigini ýazman guýa tarap eňip otyrmyş. Gijäniň bir wagty awçy täze guýa barypdyr. Öňi bilen ony itler garşylapdyr. Ondan soň çoluk ganjygy kowupdur-da: «Agam, aw ganlymy?» diýip sorapdyr. — Berenine şükür, öz-ä ganly, inim — diýip, horjundaky derini şalkyldadyp ýere taşlapdyr. Çoluk Merediň eşegini daňypdyr, derini ýygnapdyr. Soň ol Merediň eline suw akydypdyr. Bu ilgezik çoluk ýorgalap hemme zada ýetişipdir. Derrew çaý-naharam taýýarmyş. Çoluk çaýjoşdaky çaýyň ahyryny käsä guýup, Meret aga, «Çaýyň soňy dostuňa» diýipdirler, indiden beýläk biz siziň dostuňyz, alyň, içiň!» diýip, käsäni Merede beripdir. Meret çoluga minnetdarlyk bildiripdir. — Suw çekýän ýigidem: «Meret aga, eliňiz-gözüňiz dert görmesin. «Ýakma, bişersiň, gazma, düşersiň» diýleni hakykat boldy, siz bizi şol haramzadadan dyndyrypsyňyz, olar bizi köp eňretdi, ahyr öz gazan çukuryna özem düşdi» diýipdir. Bular panus çyranyň ýagtysynda çaý-çörekden garny göjäp, ýerine geçipdirler. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -7: romanyň dowamy - 16.09.2024 |
√ Köne mülk -10: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -13: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -32: romanyň soňy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -7: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -5: romanyň dowamy - 29.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -34: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Gala -5: Maksat - 12.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||