11:11 Üç tussagyň ýatlamalary -10/ romanyñ dowamy | |
GAZAWAT
Romanlar
Bu gije men Gazawada gidişim barada gürrüň berdim. Hawa, ekin-tikinleri ekdik, entäk jöweniň häkäweni basmankam il arasynada kapyrlar biziň ile-de geljekmiş diýen myş-myşlar köpeldi. Är-aýalyň hulugy deň boljakmyş diýen, iki-üç heleý almak gadaganmyş, ýerleri ýersiz garyplara paýlap berjekmiş diýen ýaly, waşa-waşa gürrüňler agyzdan-agza geçdi. Seretanyň ortaky günleriniň birinde Çärjewde, bege garşy tolgunyşyk bolupdyr diýen myş-myşlar köpeldi. Soň iki aý geçdimi-geçmedimi Çärjew begi synypdyr, Buharada uruş gidýärmiş diýen habarlar ilat arasyna çalt ýaýrady. Sünbüle aýynyň ahyrynda Kerki begi, öz garamagyndaky aşagy Soltanýazyň gyry, ýokarsy Kelife çenli aralykdaky derýanyň sag we çep kenarlaryndaky obalardan öz kethudalaryny, molla-müftilerini, myrahyr, togsabaý, müňbaşy, ýüzbaşy ýaly wezipelilerini çagyrdy. Şadybeg öz ýaranlaryna Çärjewden geljek gyzyl goşuna garşy göreşmek üçin ilaty Gazawada çagyrmagy tabşyrdy. Amynyň sag we çep kenarlaryna-da gyzyllaryň harby goşunynyň Kerkä tarap geçmezligi üçin ökde mergenleri taýýarlamagy Haýyruly jebejä tabşyrdy. Siz ökde jarçylary aýaga galdyrmagy, il arasynda köpçülige ýüzleniljek jümeleri jarçylara öwretmegi mollalara tabşyrdy. (Gazawat arapça «Gazat» bolup, «Göreşmek, ýöriş etmek») diýmekdir. Bu musulmanlaryň din ýolundaky başga dindäkilere garşy «Mukaddes» urşydyr). Şol ýygnanyşykdan köp wagt geçmänkä jarçylar il arasynda Gazawada gitmek üçin ýola taýýarlanmak barada jar çekdiler. Olar: «Bu uruş kapyra garşy uruşdyr-how, bu Mukaddes urşa her bir musulmanyň gamaşmak borjudyr-how. Bu uruşda ölen şehit, öldüren kazydyr how, mejriälemiň garşysyna gidenler Muhammet ymmaty däldir how. Orslara hem olara goşulanlara garşy göreşmäge taýýar bol how. Din üçin, iman üçin, Muhammet ymmaty bolsaň, eliňe ýaragyňy al-da göreşe taýýar bol. Allanyň haky üçin jan bermekden gorkmaly däldir how, Muhammet ymmatyň resuly bolup, bir tuguň aşagyna ýygnansak, yslam dininiň tuguny has belende göterdigimiz bolar» diýip jarçylar bir obadan ikinji oba geçende, olaryň sesi ýitirim bolýardy. Jarçylaryň çagyryşyny eşiden bendeler özüne ýarag taýýarlamaga başladylar. Menem birwagtlar alan ýek nilimi dogan oglan inim Ödä berdim. Özüm bolsa, altatarymy otuz oky bilen syryp-süpürip taýýarladym. Gazawada gitjeklere ýolbaşçy bolmak Pelwert iliniň gudraty güýçli işany, ordabaşysy Hajy işandan (Hajy işanyň hakyky ady Kasym bolmaly, ol haja gidip gelenden soň hajy bolýar. Onuň ata-babasy Lebaba Seýit Alym hanyň atasy Ahathan tarapyndan iberilýär) tabşyryldy. Kerki begi towakga edenmiş diýip, uly il şol güne garaşdy. Dogrudan-da Şady begiň möhür basylan hatyrşadyny Hajy işana begiň ýasawulbaşysy Kerimberdi baý getirip berdi diýip, Nobat il içinde aç-açan aýtdy. Şondan soň uly il «Gazawada» gitmeli gününe garaşdy, her kim at-ýaragyny zahyrlady. Birgünem Kerki tarapa mizan aýynyň başy bilen ugraljakdygy habar berlipdir. Şol habardan soň mizanyň başy bilen obalardan atly-eşekli, kimisi piýada, aşak baka araba ýoluny doldurup köçäniň kirşeňini ak bulut kimin ýokary galdyryp barýan Gazawatçylar ötüp ugrady. Olaryň bir hepde on gün iýjek iýmiti, çaýjuşy, käsesi, suw gaby, meşigi, ýaragy, ýapynjasy ýanyndady. Biz bolsa ismi Pelwert bolup, Nobat myrahyryň tabşyrygy boýunça ýaragdan özge ýüklerimmizi düýä ýükläp ugradyk. Kerki, Halaç tarapdan gazawada barýanlaryň ýüki ýüklenen düýelerem yzly-yzyna geçip ugrady. Ýola ugran günümiziň ertesi, gün agandan bizem Soltanýazyň gyryna baryp ýetdik. Öňi bilen Hajy işanyň öýüni dikdik, soň Nobat myrahyryň öýüni galdyrdyk. Kerki beginiň adamlary-da çadyrlaryny gurady. Işan agamyzyň buýrugy bilen Gaýradan gelenlere ýolbaşçy bolmak Çekiç urugynyň ketgudasy Annaguly togsabaýa, Bekewülden gelenlere Lammanyň ketgudasy Berdi garawulbege ynanyldy. Olaryň gyryň günorta tarapyny tä guma çenli Nobat myrahyra, Müsür, Garabagşyly, Etbaş tirelerine baş bolup, gyryň orta bölegini saklamak ynanyldy. Esenmeňli, Gyzylaýak, Akderi, Ajy, Surh tirelerini jemläp oňa ýolbaşçylyk etmegi bolsa, Halnazar togsabaýa tabşyrdy. Güneşden gelenlere baş bolmak Kerki beginiň ýasawulbaşysy Kerimberdi baýa tabşyryp, Gabasakgal, Çekir, Süleýman, Omar, Çakyr tirelerini birleşdirip, yz saklamagy buýurdy. Biz kapyrlara iki gün garaşdyk, üçünji güni olar gyryň aşak bölegini eýelän ekeni, gije gelip ýokarky depede garym gazypdyr, esgerlerini ýerleşdiripdir. Orslar gyryň aşak tarapyny bir lek goşun top ýaragy bilen eýeläp, çaknyşyga garap durdy. Olar hüjüme geçer ýerde geçmedi, aradan bir gün geçdäm welin, şol garaşyp ýatyşlary boldy. Soň Hajy işan agamyz öz goşunbaşylaryny, molla-müftüleri çagyryp geňeş geçirdi. Şu geňeşde kapyryň üstüne çozmak bir agyzdan kabul edildi. Ertesi ýaňy daň saz berende, öňden bellenilşi ýaly, hüjüme geçjek atlylar häzir boldy. Atlylar hüjüme ugramazdan öň Işan agamyz «Hutba» dogasyny okap, olara ýüzlendi. Biz ýerimizi-suwumuzy, oglan-uşagymyzy hudaýsyzlara basgyladyp bermeris, olara goşulanlara nälet, goý, olaryň boýny omrulsyn. Dinsizlere garşy göreşe atlanyň, Alla size panyda abraý, bakyda iman bersin!». Işan agamyz hany elleriňizi göteriň diýip atlylara pata berdi. «Bissi-milläýhi-r-rahman-rahym alnyňyz açyk, ýaragyňyz kesgir, işiňiz şowly bolsun, sizi üç ýüz altmyş öwlüýäler, pygamberler, çaryýarlar, bir Allanyň özi penasynda saklasyn» diýip omyn etdi. Hajy işanyň sözlerinde hem agy, hem gazap, hem gahar bardy. Şondan soň atlylar gylyçlaryny syryp hüjüme geçdiler. Olar, «Ölen şehit, öldüren kazy, bir kellä bir kelle, ur, bas diýip gykylyklaşyp, öňe baka, at saldylar. Biz entek orslara aralaşmankak, köpatardan (Pulemýotdan) atylan oklar bizi palaç seren ýaly serdi. Birwagt yza diýen buýruk ýaňlandy. Biz yza serpildik, şonda kapyr yzymyzdan ot açmady. Atlylardan jemi kyrk iki adam şehit boldy, şonçaragam ýaraly. Garaňky aralaşanda biz ölülermizi, ok degen atlary ýygnadyk, şehit ölenleri Göbekli gonamçylykda depin etdik. Şu sowsuzlukdan soň, ýene maslahat çagyryldy, şonda ökde mergenleri jemläp, orsuň ot açýan köpataryny nyşana urmaklyk tabşyryldy. Ertesi daň bilen kim tüpeňli, kimi sapançaly, gylyçly, naýzaly hiç bolmanda taýaga berkidilen gyrkylykly gazawatçylar hüjüme geçdiler. Kapyr iň beýik ýerde garym gazyp adamlaryny ok-kär etmez ýaly edip ýerleşdiripdir. Olar biz pese inip, has ýakyn baranymyzda ýene oka tutdular. Mergenleriň oky bir köpatary sem etdi diýsek, ýene biri ikinji tarapdan tatyrdap başlady. Bu gezekki synanşygymyz-da jüpe düşmedi. Ölenleriň sanynyň näçedigi ýadymda ýok, ýöne olary sekiz eşek araba ýükläp gonamçylyga alyp gitdik. Şol sapar sag gulagymyň ýokarsyny ok böldi. Häläm Allatagalla öz penasynda saklady. Ertesi, gije ýarymdan aganda Kerki beginiň ýörite taýýarlan adamlary atmaly ekeni. Biz ýalançy ýagtylýança garaşdyk, şonda ukusyzlykdan ýaňa, gözüm bürlüp ugran ekeni. Şol wagt ýaşy bir çakyna baran atyjy: «Aşna, uklama, hany iki bakaňa äňet, näme bar, näme ýok» diýdi. Çukurdan kellämi çykaryp seretsem, hol aňyrdaky beýikde biri garaltgy ýaly gorjanman dur. Ony ýanymdakylara habar berenimde «Ol duran orsuň didibanydyr» diýdi. Kerimberdi baý oturanlaryň birine şu ýere suw getirmegi buýurdy, çünki suw köpatara-da, içmäge gerek. Ýaňky buýruk alan nöker ikinji birine özüne diýlen ýumuşy buýurdy. Şony eşiden Kerimberdi aga: «Näme takal okap dursuň, şol işi özüň edeniňde inegiň iner öýtdüňmi?» diýip ýaňka heňkirdi. Salym geçmänkä bükdekläp giden iki meşik suw getirdi. Ýalançy ýaňy ýagtylypdy, biz bellenilen wagty hüjüme başladyk. Bu gezek hüjüme başlasak, orsy derbi-dagyn ederis diýen pikir bardy. Emma orslar bizden has hilegär ekeni. Biziň öňümizdäki beýleki öz esgerlerini garym gazyp ýerleşdiripdir. Biz Allany ýatlap, öňe süýşüp ugradyk, haçanda pese inenimizde biziňkiler olara eliň aýasyndaky ýaly, görnüp dursa nätjek. Kapyrlar ot açanda şehit bolanlar köpeldi. Iki köpatyry atýan atyjylaryň ikisi, onuň kömekçileri-de şehit bolandan soň, olaryň sesi kesildi. Kerimberdi baý-da aýtmaklaryna görä, atmagy başarsa-da kellesini çukurdan çykaryp bilmändir. Soň men: «Sen dur, men öleýin» diýjek tapyljak däl öz-ä, her kim öz janyny gorajak diýip pikirlendim. Biz ýene şowsuzlyga sezewar bolduk. Birwagt yza dolanyň diýen buýrukdan soň yza dolandyk. Yza dolananymyzam şoldy, kapyrlar ok atmany goýansoň, biz ölülermizi ýygnap ugradyk. Şol gezek ölenleriň sany hasam köp boldy. Şu çaknyşykda Halaç, Esenmeňli, Ajy, Gyzylaýak toparlarynyň ketgudasy Halnazar togsabaý-da şehit boldy. Biz ölenleri ýaralananlary ýygnap gutarmankak, orslaryň üç atlysy ak baýdak göterip, bize tarap ugrady. Biz bu ne ahwalat diýip haýran bolup durdyk. Olar Hajy işanyň huzuryna baryp, müňbaşynyň hatyny gowşurmaga gelendiklerini mälim etdiler. Şol wagt orslar yzyna gaýtjakdyr diýen pikir orta düşdi. Her kim özüçe bir zada ýordy. Haçanda Işan agamyza orsuň ilçisiniň hat getirendigini habar berenlerinde: «Hatyny getiriň, gelenleriň ýüzüni Babaly görsün, meniň huzuryma getirmäň» diýdi. Gelen haty okandan soň, Işan atamyz birsellem pikire gark bolup oturdy. Birhaýukdan soň, kellesini galdyryp: «Ilçilere çaý beriň, soň olar garaşsyn» diýdi. Soň ol ýüzbaşydan başlap, ähli kethudalary, ýasawulbaşyny, molla-müftileri ýygnaň diýdi. Çagyrylan adamlar jem bolansoň, Işan atamyz hatyň mazmuny bilen gelenleri tanyş etdi. Hatyň mazmuny şeýle ekeni. «Gudraty güýçli tagsyr, biz siziň ýagty ýalançyda sag-aman ýaşamagyňyzy Biribardan dileg edýäris. Siziň egindeşleriňize-de şol dilegde. Makul bilseňiz, biz siziň bilen duşuşmakçy, bolan we boljak işleri saldarlap görmekçi, netijä gelmekçi. Eger şu maslahaty goldasaňyz, erte Gün çäş galanda öz adamyňyz bilen iki tarapa orta bolar ýaly ýerde maslahat geçirsek. Goşun başlygy Panandin I. M. Maslahata gelenleriň hersi bir zat diýdi. Kerki beginiň mollasy Fakureddin hajy: «Kapyr towfyga gelen bolsa gerek, läkin duzak gurjak bolmagy-da ahmal, beýle teletut etmek olara nämä gerekkä?» diýdi. Ony goldan Seýitahmet işan: «Pah-pah, aperin, mollamyz dogry söz urdy. Olar, pirim, sizi tora düşürmekçi bolaýmasyn, heran-haçan häzir boluň!» diýdi. Begiň nökerbaşysy Kerimberdi baý bolsa: «Kapyr bilen gepleşmegi özüňize uslyp biljek dälmi, tagsyr, hat getirenleriň süňňüni gamakdan ýeňil etseňiz bolmazmy, tagsyr» diýip sesine bat berip Işan atamyza ýüzlendi. Bu soraga Işan atamyz: «Ýok» diýip jogap berdi. Birsellem ümsümlik dowam etdi, soň Hajy işan maslahata gelenlere: «Ýene gep urjagyňyz barmy?» diýdi. Şonda Nobat myrahyr: «Her kese ynanma, suwa söýenme» diýen ýerem bar. Mamla görseňiz, ors bilen Pirimiz gürleşsin, ýagşam bolsa, ýamanam bolsa, olary diňlesinler, soň netije çykarsak nähili görýärsiňiz, halaýyk!». Oturanlaryň köpüsi şu gürrüň mamla diýişdiler. Soň Işan atamyz hiç kime söz bermedi. Ol Fakuretdin molla ýüzlenip: «Siz kagyz-galamyňyzy alyp ýanyma geliň» diýdi. Molla baba kagyz-galamyny alyp, Işan atamyzyň garşysynda häzir boldy. Mollam, ýazyň diýip Işan agamyz dillendi. «Goşun serkerdesi siziň iberen hatyňyzy aldyk. Biz size-de jan saglygyny arzuw edýäris, duşuşmak meselesini goldaýarys. Aýralyk iki tarapa deň bolmaly. Men özüm bilen dört adam elterin, wagty gün çäş galanda, hoş wagtyňyz, Hajy işan. Haty ilçilere berdik olary ýola saldyk. Çarşenbe güni çäş wagty biz dört atly bolup, orslara tarap ugradyk. Men attutar, Işan agamyz, orsçadan başy çykýan Şöwket Nasretddin ogly hem-de begiň nökerbaşysy Kerimberdi baý bolup, bellenen aralyga bardyk. Aňyrdan iki atly bolup orslar geldi, salam alyşdyk. Men atlary idip bir gyra çekildim. Orslar bilen gürrüňini eşitmedim. Birsalymdan soň, Hajy işan hem dilmaç Şöwhet aga atlandylar-da ýaňky iki orsuň yzyna düşdüler. Çakym-çak bolsa, biz iki, sizden-de iki adam bolsun diýen bolmaga çemeli. Biz iki bolup Kerimberdi aga bilen şu taýda garaşdyk. Şonda Kerimberdi baý orslaryň ondan çekinýändigini ýatlatdy. Meniň harbydygymy olar aňdylar, özleriniň berkitmelerini, ok-ýaraglaryny, adam sanyny öwrener diýip gorkdular. Bu eşekler bilen maňa-ha bu ýaraşyk goturyma derman däl» diýdi. Şu ýerde ýerliksiz bir zady sorap azara galdym. «Hawa, inijigim, näme soradyň şol harbydan» diýip Öwezgeldi aga dillendi. Men «Işan atamyzy orslar näme üçin alyp gitdiler, ýene el-aýagyny güýlüp zyndana taşlasa, ýa-da ýesir edip saklasa nätmeli bolar?» diýdim. Harby kişi gözlerini petredip: «A-how, bala, siz köp zady biljek bolaýapsyňyz, läkin köp soranjaň bolmazlar» diýdi. «Dil bela, diş gala» diýenleri ýaly, soranyma ökündim. Olar ýaly mertebesi belet adamdan zat soramaly däl ekeni. Şonuň üçin ötünç soradym. Nökerbaşynyň ýüzünden bu gepleşikden gowulyga tama etmeýändigi görünip dur. Ol bir ýerde durup bilmän, iki baka gezmeleýärdi, gamçysy bilen ädiginiň gonjuna şarpyldadyp urýardy. Tüf diýende tüýküligi ýere düşmeýän nökerbaşy özüni bile alyp gitmediklerini kemlik bilýärdi. Seresaplygy elden bermän etjegi içindeligi ýüzünden, gözünden bellidi. Bir çäýnek çaý içim pursat eglenip, Işan atamyz dilmajy bilen aňyrrakdan göründi. Olar ýakynlaşdygyça nökerbaşynyň howsalasy azalyp ynjalyp başlady. Işan atamyz gelenden atlanyň diýip yşarat etdi-de, atynyň böwrüne debisledi. Tä öz duralgamyza barýançak Işan agamyz kelam-agyz söz aýtmady. Atdan düşüp, öýe girdi-de Nobat myrahyra ýüzlenip: «Ýüzbaşylary, togsabaýlary, molla-müftileri, ähli kethudalary maslahata çagyryň» diýdi. Ol çagyrylan adamlar jem bolýança çaýyň başynda görenlerini bir uçdan tewsirläp, bolan we boljak işleri terezä salyp saldarlap gören bolmaga çemeli. Sebäbi maslahata gelenleriň öňünde görenlerini gizlemän şeýle diýdi. «Halaýyk, men orsuň esgerini, ok-ýaragyny öz gözüm bilen gördüm. Ýeke men däl, dilmaç Şöwhet Nesyretddin oglu-da şaýat. Olaryň iň bärki ýaragy bäşatar, ulusy top. Ýene ýedi sany köpatary bar. Bizde bolsa iň güýçli ýaragymyz iki sany köpatar, bärkisi bolsa gyrkylyk bilen naýza, ýek-tük sapançadyr bäşataram bar, ýöne az. Dogrusy adam sany bizden az, emma olaryň barysy otdan-suwdan geçen adamlar. Goranyşy aýlaw tegelek garym gazylypdyr, haýsy tarapyndan barsaň goranmaga ukyply. Biziň hemme çozuşlarymyz şowsuz gutardy. Şehit bolanlar köp, ýaraty bolanlar-da, bäş-dört öldi. Hudaýsyzlardan-da on-on iki ölüpdir, ýaradar bolanlar bar, ýöne biziňki ýaly däl. Biziň tebipler melhemi özi taýýarlasa, olaryň melhemi taýýar gutularda, soňam olar iňňe bilen sanjym edip, ýaralylary aýaga galdyrýan ekenler. Bu ýerde gep adam sanynda däl, sebäbi gadymylar ýaly gylyçlaşmaga, naýzalaşmaga gezek gelse, onda biz olaryň ýerinde ýel öwüsdirjek. Ýöne garpyşmaga päsgel berip, oka tutsa, olar bilen göreşmek kyn. Serenjam berip görseňiz, şu bela adamy ýitirip ýene hüjüme geçsek, öňkidenem köp adam şehit boljak. Köşekler, «Güýçlini güýçli bilmedik, Allany ýeke bilmez». Men kapyryň bizden güýçlidigine göz ýetirdim. Niýetimiz-ä olardan üstün çykmakdy, ýöne o-da tersine boldy. Indem urşy dowam etmelimi, ýada ýok, galany köşekler size bagly, diýip sözüni kesdi. Birsellem dymyşlyk dowam etdi. Dymyşlygy begiň nökerbaşyşysy Kerimberdi baý bozup, şeýle diýdi: «Adamlar, urşy dowam etmeli, gyrdan ýokara orsy geçirmäli, olaryň üstüne gije çar tarapdan duýdansyz çozalyň, ana şonda biz üstün çykarys. Biz yslam dininiň gylyjyny ele alyp çykdyk, yza çekilmek bolsa, gylyjy elden sypdyrmakdyr. Läkin yza gaçsak, Hudaýam, bendesäm bizi halamaz. Nökerbaşa ýene iki sany molla goşuldy, olar aperinde-aperin diýşip, nökerbaşyny goldadylar. Bular oturanlaryň agzyny alartmaga çalyşdylar. Agzyny alartda höküm sür diýen syýasaty dikeltmäge ymtyldylar. Birsalym ümsümlikden soň Bekewül toparynyň ketgudasy Berdi garawulbegi söze başlady: «Adamlary biderek ölüme itekläp oturmagyň hajaty ýok. Çärjew begini syndyran ors bizem oň goýmaz, meniň pikirimçe urşy goýbolsun edip, ýaraşyk şertnamasyny baglaşmaly. Berdi garawulbegini goldap Gurama-Mergenliniň ketgudasy Nowat myrahyr: «Adamlar, müň ýylladan bir töwella» diýipdirler. Meniň töwellamy alsaňyz, urşy bes edeli, niçem bir gerçeklerimiz bala çagasyny ýetimek goýdy. Ýas diýeniň adamzadyň bar gaýgy-hesretini, agysyny özünde jemleýän peläket. Özüm-ä nädip obama bararkam diýip, köp pikirlenýärin, sebäbi, bizdenem şehit bolan az däl. Olaryň ölüleri bärde galdy, galany köpçülige bagly. Dogrusy, urşy bes etsek, biz gaçana meňzeş, ýöne Görogly beg: «Gaçyşym bar, kowşuma bermerin» hem diýipdir» diýdi. Şondan soň Hajy işan ýene «Urşy goýarysmy ýa-da dowam ederismi?!» diýen soragy orta atdy. Köpçülik urşy goýmagyň tarapyny tutdy. Şonuň üçin işan atamyz: «Molla Fakuretddin, hany siz kagyz-galamyňyz bilen meniň ýanyma süýşüň» diýip teklip etdi. Molla-da göwünli-göwünsiz süýşüp işan atamyzyň garşysynda oturdy. Soň Hajy işan molla jümleme-jümle şertnamany ýazdyrdy. Ol gysgajyk şu zeýilli: «Goşun serkerdesi, wadada wepa bolsa, biz urşy bes etjek. Ýeňseden ok atylsa, ýa-da yzdan kowgy iberseň, gaýtawul bermedik ilata ok atsaň, biz size garşy göreşmäge borçludyrs». Hajy işan. Bu gezek haty iki bolup alyp gitdik. baýdagy ýanymdaky, haty men aldym. Biz bärden barandan atymyzy tutup, elten hatymy elimden aldylar, goşun serkerdesine tabşyrmaga gitdiler. Bize bolsa, «Şu ýerde oturyň!» diýip, ýazylgy keçäni görkezdiler. Bizi kän eglemän hatyň gaýtargysyny getirip berdiler. Barşyňdan gelşiň çalt bolsun diýenleri ýaly, bizem atlandyk, hatyň jogabyny getirdik. Işan atamyz haty entek dakgaşman, hatyň jogabyna garaşyp oturan halaýyga okap bermegi molla Fakureddine tabşyrdy. Hatyň mazmuny şeýle eken: «Gudratty güýçli Hajy işan. Siziň ylalaşyga geleniňize minnetdar, iki tarapdan döküljek gan dökülmesiz boldy. Biz siziň goýan şertiňizi berjaý etjekdigimize Allatagallanyň öňünde wada berýäris». Goşun serkerdesi Panaňdin. Haty okap gutaran dessine, molla Fakureddin «Essagfyrylla, essagfyrylla, kapyr Hudaýy orta goýup ant içipdir» diýip ýakasyna tüýkürmäge başlady. Şol barmana Seýitmuhammet işan, Hajy işana ýüzlendi: «Pirim, sizem orsuň goşun serkerdesi bilen elleşip görüşipsiňiz ýaly-la?». Men görşen däldirin, siziň gözüňize sahabalar görnendir, şolar mümkin görüşse görşendir. Şondan soň hiç kimden ses çykmady. Çünki tesbisini geçirip oturan Hajy işanyň ýüzi has agrasdy. Işan atamyzyň ors bilen görşenini gören dilmajam sesini çykarmady. Bolýan gürrüňlere içinden gyryndy geçip duran ýasawulbaşam oturan ýerinden gobsundy-da soň ýene passa ýerine çökdi. Sebäbi özi ölümden Hudaýdan gorkan ýaly gorkýardy. Onuň özüni alyp barşyny synlaýan Nobat myrahyr hülleje ýylgyrdy. Şol barmana Işan atamyz yza gaýtmagyň ýollaryny teswirläp, edilmeli işleri ýekän-ýekän kethudalara tabşyrdy. Soňra ähli gazabatçylary bir ýere toplap, olaryň gazawada gatnaşany üçin minnetdarlyk bildirdi. Olaryň öňünde dik durup batly ses bilen olara pata berdi, köşekler, gazawatçylar, siziň kowum-puşdyňyzy ot belasyndan, suw belasyndan, bende töhmedinden, patyşa gazabyndan, görner-görünmez bela-beterinden Perwerdigäriň özi saklasyn, omyn. Gazawatçylar, Allanyň haky üçin din iman üçin, jan berip şehit bolanlar bar, goý, olaryň ýatan ýeri ýagty, imany hemra bolsun. Biz olary ýatlap, juma gijelerinde aýat okap, olaryň ruhuna degsin etmelidiris. Indi bolsa, mekanyňyza dolanyň, ýoluňyz ak bolsun, işiňiz rowaç, saglykda görşeliň. Şondan soň ýygyny bölüp goýberdiler. Eşekleriň aňňyrmasy, atlaryň kişňemesi, adamlaryň goh-gowuryndan ýaňa gyryň ýokary tarapy ullakan bazara meňzeýärdi. Gazawatçylara ogurlyk-jümrülikden, bozgaklykdan daşda durmak sargaldy. Olar hatar-tirkeş bolup, kirşeňi dyzdan bolan köçäniň tozanyny ak bulut kimin ýokary göterip, ýoly dowam edýärdiler. Biz dört bolup, Işan atamyzyň öýüni çözdük, ony düýä ýükledik, ähli paty-putyny üstüne basyp, iň soňunda ýola düşdük. Işan atamyz, Nobat myrahyr, Arypguly meletelpek dagam atlaryny öz maýdalyna sürüp ugradylar. Gülberini arkasyna daňan pyýadalar ýoluň gyrasyndan ýöräp barýardylar. Biz urşy yzda goýup, jeňňellige girenimizde, Gün bagryny ýere berdi. Bu ýerde mizanyň çigregi has-da bildirdi. Dynç alman, gijesi bilen ýöredik. Gün iki tel bolanda, Işan atamyzyň howlusynyň derwezesinden girdik, düýäni çökerip, öýüň gurallaryny düşürdik. Öýüň tärimdir uklaryny, tüýnükdir işiklerini, bosagasyny nirä basaly diýsek, hyzmatkär, bibimizden soraýyn diýip howlynyň ikinji bölegine gitdi. Gelensoň öý goşlaryny hol burça makul bilýär diýdi. Biz olary görkezilen ýere basdyk. Pirimiz, Nobat myrahyr, Arypguly dagynyň oturan tamyna bizi-de çagyrdy. Tizden goly kündükli ýetginjek içeri girdi, oturanlaryň elini ýuwdurdy. Nobat myrahyr nasyny tüfdäne tüýkürdi-de agzyny çaýkady. Ol: «Nas gurasyn, öwrenipdiris, nätjek indi» diýip Işan agamyzyň ýanynda müýnürgän boldy. Aýby ýok, Nobatgeldi, köşeklere näçe ündesegem nas öwrenýänler az däl. Özümem çilim çekmegi öwrenipdirin, bularyň bary bir poh» diýdi. Şol barmaga çaý getirdiler. Çaýdan puhda ýetirenden soň ýadawlygam aýyryldy. Bir salymdan üç çanak gatlakly nan dogralan üsti şöhlatly, gyrmaly kelleaýak çorbasyny getirdiler. Tegelek nanyň üstüne goýulan goýnuň kellesini, Nobat myrahyryň öňünde goýdular. Nobat aga-da pyçagy alaga-da kelläniň çep gözüni Işan agamyza berdi. Kelleden kesilip alnan gukumlary çanaklara paýlady. Ezme çorbadan gerk-gäbe bolnansoň, çaý içdik. El ýuwduran ýetginjek gawun getirdi, ýöne ony iýmedik. Sebäbi kelleaýagyň çorbasyndan soň gawun aşgazana zyýanlymyş. Omyndan soň dowarlaryň piri Musa babanyň, ekin-tikiniň piri Babadaýhan babanyň ruhuna bagyşlap aýat okadyk. Aýatdan soň Nobat myrahyr: «Pirim, indiki maslahat sizdendir» diýdi. Hajy işan bir salym dymyp oturandan soň: «Biz erte agşam düýelere ýük urarys, Nobatgeldi, sizem orsdan ägä boluň, onuň enjimet-enjimet oýunlary köp bolmaly. Köşekler, Emir Seýit Alym han oňluga Owganystana gaçyp geçmedi. Biziň öňňünki kapyrlar bilen ylalaşygymyz bolsa, biderek gan dökülmezligi üçin. «Iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz» diýipdirler. Hudaýsyzlar bilen bir ahyrdan suw içip bilmeris. Galany, köşekler, size bagly, köpe geňeş-de öz bileniňi et diýlen ýerem bar» diýdi. Örlemezden öň pirimiz oturanlara pata berdi. Şondan soň daşary çykdyk, meniň ýanymdaky ýigitleriň ikisi nas atdy. Olar, piriň ýanynda ejap edip, nas atmadyk welin, tasdan äňim gapyşypdy diýşip gülüşdiler. Nobatgeldi aga daş çykansoň, biz atlandyk. Ýolda myrahyň aga: «Öz-ä, gödekler, Watany terk edip, göçmeli boljak, hany, göreli ahyry gelsin-dä» diýdi. Şondan köp wagt geçmänkä ors gazawatçylardan üstün çykypdyr, Hajy işan, pylan baý, pylan molla dagy Owgana göçüpdir diýen gürrüň köpeldi. Öwezgeldi aga: «Inijigim, Işan agamyz nähili adamdy, eşitmişime görä, ol öz-ä gaty ýetik bolmaly, oňa ok dagam täsir etmeýärmiş» diýip gürrüň etdiler» diýdi. Onçasyny biljek däl, şol wagtlar ýaşy altmyşdan agan adamdy. Bir gepinde geçen ýyl «Pygamber» ýaşyny ýaşadym, ak goýun soýup toý berdim diýip Seýidahmet işana gürrüň berenini eşitdim. Öz-ä Buharanyň atly medresesini gutaranlygy barada hatyrşady bolmaly. Ol kişiniň ata-babasynda Buharada okap gelip, Lebapda belli bolan işanlarmyş. Hajy işanda «Ordabaşy» diýen emel bolmaly. Özi orta boýly, ýogyndan inlek, saç-sakgalyna ak sepen, ýüzünden gany damyp duran görmegeý adamdy. Geplände ýuwaşdan geplärdi, agras ýüzlüdi. Soňky ýyllarda göç gatnadanymda ol kişi Antguýuda orun tutup, şol ýerde ýaşaýan eken. Şol wagt Annamyrat aga ýene bolmazyny taşlady: «Sakgaldaş, senem şol wagtlar gazawada gitmezçe dälsiň, sen ol wagtlar nirede bolduň? Özüň welin, diýseň soranjaň» diýdi-de Öwezgeldi aganyň ýüzüne seretdi. «Ol wagtlar men içgeçme degip kesel ýatyrdym». «Onda sen, sakgaldaş, düýä münüp, hataba bukýanlardan». «Inijigim, senem kürk towuk ýaly, çugudyp otyraga-da, allowarradan bir gep tapýarsyň, men näme günäkärmi içgeçme degenine?». «Sakaldaş, müňkürlik gurasyn, men-ä seniň kesel bolanyňa müňkür. Gör-de, inijigim, müňkürlik, gumangerlik gowy zad-a däl». «Güman imandan aýrar» diýen ýerem bar. Men barmasam-da ilat bardy. Şol ýeterlik bolsa gerek. Sakgaldaş, sen näme agyzdan gaçdyňmy, iliň çykan ýerinden çykansyň, ähli il gazawada gidende, sen bolsa eneňiň arkasyna bukulup galypsyň». «Sen-how, ene dagyny orta sokmaňy goý, ýogsa, tumşugyňy ogradaryn». «Owratsaň, owradarsyňd-a, sakgaldaş, bizem bikär otyrmarys, şonam pugta ýadyňda sakla!». Bularyň erjeşmesiniň gowulyk bilen gutarmajagyny aňyp, «Siziň degişmäňiz düýe däbeneklän ýaly bir zat, men bolsa, sizi wäşi adamlar hasap edip ýörün, ýalňyşan ekenim. Annamyrat aga, size-de şum gep tapmakda pir dogasy siňen bolmaly, nämä gerek erjeşmek?!» diýip oňa basaga boldum. «Meret jan, nädeýin, sakgaldaşyň özi-de elmydama igesini sürtüp, ösmezek etdi, soň menem duşunda aýdaýyn diýdim, meniňki nämamlamy?». «Mamla-da bolsa, biraz diş gysmaly, her kişiniň özi ýaly bolmaly däl. Pelwert ilinde: «Ýaramaz gürrüň bolsa, Welniýaz hekge aýtsyn» diýen warsakam bar. Ýene size-de şol at galaýmasyn». «Meret jan, goýdum-how, goýdum, aýdan men bolmaýyn» diýip, ol beýlesine bakdy. Bu gürrüňlere Öwezgeldi aganyň gahary hasam geldi: «Sen öňem birnäçe ýola şum gürrüň tapmany bes edýin» diýip söz berdiň. Ykrarynda durmadyk adama näme diýmeli, seniň iki içeniň eneňiň mäşewesidir diýmekden özge söz galmady». «Gör, Meret jan, bu çöpür ýene enä ýetdi, özünden habary ýok, soň nädip diş gysjak. Haçan görseň, siňrigini ýygyryp sereder, sesine bat berer, edil mende algysy köýen ýalydyr. Bu mahluk ýeke adamyň pendini alan adam däl, senem belet muňa» diýip, ol maňa seretdi. «Geliň, gürrüňi bes edeliň, biz indi biri-birimize kesana däl, geçirimli, agyz-dilimiz bir bolaly. Ýatyp dynç alaly, ertirrem bize tokaýda agyr iş garaşýar» diýdim. Şondan soň ýerimize geçip ýatdyk. Gahary gelen iki bendäniň welin, gorsanyp haçan uklany belli däl. Ýary gije buşukmak üçin hajathana gitdim, gelip ýerime geçip ýatdym, görsem Öwezgeldi aga entegem uklamandyr. | |
|
√ Duman daganda: Ýolbars bilen towşanyň duşuşygy - 30.05.2024 |
√ Hakyň didary / roman - 28.02.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Faraon -33: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -6: romanyñ dowamy - 15.09.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -4: romanyň dowamy - 08.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |