11:05 Üç tussagyň ýatlamalary -7/ romanyñ dowamy | |
BAGANA SEBÄP
Romanlar
Bir gün işden gelip çaý içip otyrkak, men: «Öwezgeldi aga, siziň bendi bolmagyňyza näme sebäp boldy?» diýip soradym. Onda ol: «Arada size aýtmadym, men «Şereket» diýen edarada işledim. Şol edara dükan diýseň-de boljak. Onda daýhana gerek hemme zat bardy, un, bugdaý, jöwen, mata, ýaglyk, aýakgap, süýji, gepiň türkisi, iýip-içer ýaly, geýer ýaly hemme zat bardy. Biz şol zatlary daýhanyň öndüren deri, ýüň, bagana, pile, pagta ýaly harytlary bahasy bilen kabul edip, deregine gerek zatlardan bererdik, umuman, alyş-çalyş ederdik. Günlerde bir gün OGPU-nyň işgärleri iki ýüz gara baganany Owgana alyp barýan birinden tutup, olary ammara tabşyrdy. «Bagana alyp barýany Arypguly çiştopbylardan goramaly ekeni, ýöne ol ýetişmändir» diýip gürrüň etdiler. Oba arasynda: «Arypguly meletelpek «Tutulan baganalary yzyna alaryn, kimmiş ol meniň awuma el gatarça, baganalary ýere girenem bolsa, ele salaryn» diýip, uly gepläpdirem» diýişdiler. Men şondan howatyrlanyp, oba şurasyna aýtdym, emma ondan netije bolmady. Soň bir gije ammardaky bar zatlary ogurladylar, ogurladanam zatlaryň bahasyny tölemeli etdiler. Bar bolan mal-halymy, öý-goşlarymy, üstesine, özümi satamda-da onça pul tapmajagyma gözüm ýetensoň, gaçdym barja gart- gurtumy maşgalama goýup, özüm öň Kerkä, soň Hataba bardym. Üç-dört gün biriniňkide talabançylyk etdim. Maksadym Owgana aşmakdy, soň birinden osmakladyp, serhediň ýakyn-golaýlygyny soradym, daş däldigini anykladym. Soň bir gije seresaplygy elden bermän ýöredim, eden işimiň bary puç boldy. Sebäbi serhetçiler bir göçüp barýan bendäni tutup, yzyna alyp gelýän wagty olara gabat geldim. Meni göçýän maşgala bilen Kerkä getirdiler. Bu taýda sud meni gaçgak hem ogry höküminde garalap, on dört ýyl berdi. Meniň bagtym çüwmedi. Bolan zad-a, inijigim, şular ýaly». «Sakgaldaş, bir gepem bar». «Howwa, inijigim, gep bar bolsa, aýdyp otur». «Sakgaldaş, melal alma, «Sopy sogan iýmez, tapsa, gabygynam goýmaz» diýen nakylam bar. Ýene ojagaz zatlary özüň gümlän bolaýma?». «Sen, injigim, hiç haçan müňkürligiňi goýjak däl. Meniňkem «Ýatyp galandan atyp gal» diýenleri. Özüňem dişimden syzdyryp, bir bolan wakany gürrüň bersem, ony ýaňsa alyp, üstümden gülýorsyň». «Näme ýakmaýarmy, «Ody özüňe bas, ötmese, kesekä» diýipdirler. Saňa ýakmadyk bolsa, elbetde, seniň şerebilije sözleriň maňa-da ýakmaýar». Soň men: «Ýaşulular, siz haçan erjeşmäni goýjak, «Sygryň şahyna ursaň, endamy syzlar» diýişleri ýaly, iki agyz söz siziň endamyňyzy syzladyp dur, goýuň indi şu käriňizi» diýdim. Olardan ses çykmady. Soň men: «Öwezgeldi aga, şol zatlardan derek tapyldymy?» diýip sowal berdim. «Ýok, derek tapylmady, ýeke «Şereketiň» zatlary däl, olar şu sapar daýhan birleşiginiň iki arawasyny, bir höwür erkegi hem bir jüp öküzüni-de alyp gidipdirler. Bularyň barysynyň başynda şol öwgüli Arypguly bolmaly». SÖNEN SÖÝGI Öwezgeldi aga bir salym kellesini aşak goýberdi-de, haşlap dem aldy, kellesini ikibaka yralady. Soň ol gürrüňe başlady: «Men ol wagtlar on ýedi ýaşymdadym. Obamyzdaky mollanyň gyzyna aşyk bolup, onuň daşyndan perwana dek aýlanyp, duşmasa dagy, ýatyp ukym gelmezdi. Gyz menden iki-üç ýaş dagy uludy. Atam daga: «Şol gyzy alyp beriň» diýsem, sawçylyga gitjeklerem welin, eşidip otursam, bu mollanyň aňyrsy şyhlardanmyş, olaram, näme, gul gatançla gyz berjek gumanlary ýok. Biziňem aňrymyz torba salnyp gelen gullardan bolansoň, söz gatsaňam, hemmesi pisirrewük boljak. Il içinde ýörgünli adymyz «Pylan gul, pikän gul» bolansoň, sesimi çykarmadym». Şol wagt Annamyrat agä tirsegine galdy-da: «Sakgaldaş, bolmana, men seniň sakal-murtuňy gür görýärdim welin, bir emmasy bar eken. Edil möwritinde aýdylan söz» diýip, jak-jak güldi, Öwezgeldi aga gürrüňiniň yzyny dowam etdirdi. Annamyrat aga: «Bir salym ümsüm bol, bir sowalym bar» diýdi-de, «Mollanyň gyzy owadanmydy?» diýip sorady. Öwezgeldi aga-da: «Aý diýseň, agzy bar, gün diýseň, gözi bar» diýen öwgüli jümlelerem bar welin, onuň ýalam-a däldi, onça bolmasa-da, biçem däldi, gowuja gyzdy. Ol orta boýly, ýogynrak, ak ýüzli, gara gaş, gara kirpik, gara göz, gara saçly, topuklary doluja, jak-jaklap gülende, mämeleri ýaşyl keteni köýnegini titreder durardy. Ak ýüzüne gülende gelşik berýän ýaňagyndaky çukurjyklar bolsa, diýseň owadandy». Annamyrat aga bu gezek ýatan ýerinden turdy-da: «Sakgaldaş, bir zat aýdaýyn, ökde melalam alma, eger sen, başa baryp, şol aýnyja närsä öýlenen bolsaň, çagalaryň owadan bolardy. Özüňe meňzäp duran gara tomzak ýaly bolmazdy. Öňden aýdylmadyk gep ýok: «Bir gara bilen bir akdan adamynyň nury dörär. Iki garadan tomzakganyň piri dörär» diýip, bilgiçler aýdypdyr. Arman sen ojagaza öýlenip bilmänsiň». — Wah, inijigim Annamyrat, sen weli adam, gör, nähili oý-pikirlerde. Sen meniň kesmek baglan ýaramy ýene dyrnaklap ganatdyň, ýatlasam, içim lowlap dur. Täleýiň dogry gelmese, öýlenip boljak däl ekeni. Meret inim, Nurgözeli duluma geçirmegiň arzuwundadym, ýöne bolmady. — Soňy näme bilen gutardy, Öwezgeldi aga! — Bolan işi soň aýdaryn, bolmadygyny aýdaýyn. — Bir gün hupdan ara tuda bukulyp, gapdalyndaky hemsaýasynyň guýusyna suwa gelmezmikä diýen niýet bilen köp garaşdym, o-da gelmedi. Ertesi jeňňelden padalaryň geler wagty inegimi getirjek bahanasy bilen şolaryň howlusynyň gapdalyndan geçdim. Şol sapar, bagtyma, küýzesini göterip, suw getirmäge çykan ekeni. Dogry gyzyň garşysyna ýöräp, duşunda durman: «Hupdan sowulansoň geljek» diýäge-de, ötüp gitdim. Gyz sesini çykarman, guýa baka gitdi. Şol gije köp garaşdyrdy, ahyry geldi. Ol: «Atam öýde ýok, Aja, özi ýaly bir mollanyňka gitdi, ýöne enem, agam dagy öýde, näme gürrüňiň bolsa, tiz aýt, duýsalar, ikimize-de sag bol aýtmazlar» diýdi. Menem, näme: «Wah, Nurgözel jan, sadagalaryň bolaýyn, sen meniň ertirim hem agşamym, gündelik ysgaýan gülüm», ýene-ýeneleri sanap, elinden tutdum. Olam ýeňlesje elini dartyp alan boldy, soňam durup: «Nämährem eliňi degirme, oglan» diýdi-de, towlanjyrap durdy. Menem, näme, mähremine, nämähremine garap durdummy, garsa tutdum bilinden, basdym ak gar ýaly akja alkymyna agzymy, häli çekgeden sordum, häli alkymyndan. Şonda agzym şortap suwuklykdan doldy, nätjek ýuwutdym, jan inijigim. Biz gülüşdik. — Soň ýene basdym agzymy, bu gezek der siňen keteni köýneginiň üstünden titiräp duran mämelerini gezekli gezegine sorup ugradym. Şondan soň ol has boşaşdy, myssaryp ýatyberdi. Elim çermegine ýetende welin, tisginip ýerinden turdy, meni itiberip goýberdi-de: «Çakyňy bil, oglan, il içinde ryswa etjekmi meni» diýip, haşlap dem aldy. Näme diýjegimi bilmän, ýere seretdim. Iş mäşä münende, ol öz namysyny mertlerçe gorady. Eger ol berk durmadyk bolsa iş hetdinden agsa, agardam. «Bisabyr gul tiz ýolugar belaýa» diýişleri ýaly, sabyrsyzlyk guraplar geçsin, ol herki işiň üstünden eltjek. Danalar: «Ýigitlik däliligiň bir görnüşidir, eger özüňe diýeniňi etdirmeseň, bolmadyk bagtsyzlygyň üstünden elter» diýipdirler. Tasdan eltipdem. Soň men näme diýjegimi bilmän: «Size sawçy iberjek» diýdim. Nurgözelem: «Gyssan, bu günüňi ertä goýma, soň giç bolar» diýdi. Annamyrat aga: «Eger gyz garşylyk görkezmedik bolsa, näderdiň?» diýip sorady. — Näderdiň diýdiňmi, nätmekden Hudaý saklasyn, onuň ýaly «bileniňi et» diýip, dylymsyrap ýatan bolsa dagy edil «içegä çöp ötürilen» ýaly etjegim çynym. Annamyrat aga-da: — Baý-bow, sakgaldaş, sen-ä mojuk ekeniň — diýip, hih-hih edip güldi. — Gyz maňa göwünlidi, ýöne belanyň körügi atasynda, öz kowum-hyşdyna bermegi arzuw edensoň, gyzam nätsin, alajy ýok. Men: — Soňy näme bilen gutardy — diýip soradym. — Inijigim, soňunyň yzy gelmedi, atasy Aja oňlulyga gitmändir. Öz kowumlaryndan biri bilen guda bolmagyň arzuwynda eken. Sanly gün geçdimi-geçmedimi, Nurgözel jany kejebä salyp, äkitdiler. Menem, näme, «ah» çekenim bilen bitirjek goşum bolmansoň, ýuwaş-ýuwaşdan söýgülimi ýatdan çykardym. — Sakgaldaş, seniňki söýgi däl eken, çyn söýgi hiç wagt ýatdan çykmaly däl — diýip, Annamyrat aga Öwezgeldi aga degip başlady. — Men Garagandada ýatanymda bir ylymly-bilimli gazak bilen bir hüjrede bile ýatdym. Ýaşynyň ellä golaýlandygyna garamazdan, ilkinji söýgüsini ýatlap, ahy-nala çekerdi. Ol hiňlenerdi: Yşgyň odun aşyk bolanlar biler, Hazan dek sargaryp solanlar biler. Ähti ýalan yşk oduny näbilsin, Ony tüýs ýürekden söýenler biler. Ol: «Ýüpüň başlanýan we gutarýan ujy bardyr, ýöne ýoluň başlanýan we gutarýan ujy ýokdur. Şonuň ýaly çyn söýginiň-de gutaryp, sönýän wagty ýokdur, çyragym» diýerdi. Ana, oňa, sakgaldaş, hakyky söýgi diýerler. — Inijigim, bir topar delil getirip, iňirdiň bilen ösmezek etdiň adamy. Öňem-ä eşidipdim «Sam-sam adam bilen oturma, turma, ondan şikes ýokaşar» diýip, özüň welin, çyn sam-sam ekeniň. Hi, ömrüniň ahyryna çenli söýüp ýören adam barmy? — Sakgaldaş, bihuda ýaňrama, şikes senden ýokaşmasa, menden adama ýokaşmaz. — Inijigim, metlapdam, özüň söýüp dag-a alan dälsiň? — Ýok, meni atam-enem öýli-işikli edýänçä, söýginiň nämedigini aňşyrmadym. Käbir akyly entän mes heleýleriňem gepine pitiwa bermedim. — Onda sen samsygyňam samsygy, söýgini başdan geçirmedik saňsar diýerler saňa. — Bolar, men samsyk, sen akylly, söýüp almasam-da, keýwanym meniň üçin hem elim, hem aýagym, hem gülüm, hem külbäm, seniň ýagdaýyňy bolsa, bilmedim. Gel, sakgaldaş, ikimiz eňekleşmäni goýaly, ýogsa, ahyry jenjele ýazjak. Bu ikisiniň dawa-jenjelinden ätiýaç edip, «Indi çemçäni maňa atyň» diýsem, Annamyrat aga-da: «Çemçäni saňa atardyk welin, wagtam gysdy, erte-de iş güni, ýatyp dynç alaly!» diýdi. «Sen gürrüňi erte agşam berersiň!». MYHMANA AŞ GOÝ, IKI ELINI BOŞ GOÝ Biz işden soň çaý-çöregimizi iýdik, ýatýan jaýymyza geldik. Öňküler ýaly, ýene bir-birimiziň gören-eşidenlerimizi ýatlap gürrüňe başladyk. Ilki gürrüň şu gün naharhanada bolan waka barada boldy. Birden naharlanyp otyrkak gykylyk turdy. Nämäniň nämedigine soň düşündik. Abdyrahman diýen gazak ýigidi bardy. Bu godalaja ýigit diýseň horandy. Aşpeziň beren naharyndan käbir naharyny halaman, goýup gidýänleriň galyndylaryny it ýalman ýaly ýalmardy. Ony görenler: «Şunuň damagyna çenli garyn bolmagy ahmal» diýerdiler. Nahar wagty kimdir biri Abdyrahmany gepe güýmäpdir, ikinji biri onuň naharly çanagyny alaga-da, özüniň boşan çanagyny onuň öňüne süýşüripdir. Ol görse, çanagy boş ýaldyrap durmyş. Ony gören Abdyrahman tasdan özünden gidip ýykylan eken. Özüne gelensoň, gykylyklap başlapdyr. Bu bolan waka düşünenimizden soň hezil edip gülüşdik. «Bu gije gazak ogly ýyldyz sanap geçirse gerek» diýip, ýene gülüşdik. Eşidip görsek, şu açmaňzyň öz ýoldaşlaryny aç goýan wagty az bolmandyr. Özüniň gürrüňine görä, ol biriniňkä myhman bolanda, «bäşbarmagy» gyzgynlygyna iýip, ýoldaşyny aç goýşy barada öwünenmiş. «Nahary gyzgyn iýmeli däl. Atam pahyr sargardy: «Nahary gyzgyn iýmäň, iýende gowuja çeýnäň, nahary az-azdan alyň, agzyňyzy gübertmäň, iýende şapbyldamaň» diýerdi» diýip, Öwezgeldi aga bir wakany beýan etmäge başlady. «Hezilden-çyndan näbelet adamlary, myhmany aç goýýan adamlar-da bar, ýöne Abdyrahman ýaly-ha däl. Pelwert ilinde «akylsyzlar» urugyndan Annaguly pyrka diýen biri bardy. Bu adam tanalýan, ökde dokmaçydy. Oňa pyrka lakamy ýöne ýerden galmandyr. Onuň guýusy bar eken, şol guýudan suw alýan goňşulary küýzelerdäki taýýar suwy alyp gider ekenler. Annaguly aga irden guýusyndan suw çekip, küýzeleri dolduryp goýar eken. Suwa gelenler taýýar suwy küýzelerine guýup alyp gaýdyberermiş. Annaguly pyrka guýynyň çekerini berk gizläpdir, gapagyny ýapyp, ony gulplapdyr. Ol guýa hapa-haşal düşse, suw mekruw bolar diýer ekeni. Annagulynyň şol tutumlary bolsa, oňa «Pyrka» lakamynyň galmagyna sebäp bolupdyr. Bu adam Lebapda tanalýan ökde dokmaçy bolupdyr. Onuň dokaýan alaçasy, ketenisi, bizi, esgisi Amynyň iki kenaryndaky bazarlarda geçginli bolupdyr. Aýratyn-da soňky wagtlarda «Älemgoşar» atly zenanlaryň bogmagyna oraýan esgisi onuň abraýyny has-da ýokary göterýär. Şu esgini dokanda ol hepdeläp dükan tamdan çykman, ony hiç kime görkezmän, dokalyşyny gizlin saklapdyr. Şol wagtlar oňa «Annaguly çillä ýatdy» diýer ekenler. Annaguly aga tiresiniňem, lakamynyňam tersine, örän akylly, köp zatdan baş çykarýan, hezilkeş, şoh adamdy. Men oňa çalarak belet, toýda, märekede onuň gürrüňini köp ederdiler. «Ýagşy adamyň lakamy köp bolar» diýişleri ýaly, oňa «Hezilkeş» lakamy-da galypdyr. Bir ýola Astana babalaryň töwereginden gatnaşyk saklaýan söwdagär dostunyň iki ogly Pelwerdiň Ýeketal bazaryna söwda etmäge gaýdypdyrlar. Olar atasynyň tabşyrygy boýunça Annaguly pyrkanyňka myhman bolupdyrlar. Iki dogan Gün ketegine girip, garaňkyranynda Pyrkanyňka gelipdirler. Olar gelende Annaguly aga öýünde ýokmyş. Şol aganyň oglanlary myhmanlaryň atlaryny daňyp, ot-suw beripdirler. Söwdagärleri myhman jaýa eltip, saçak ýazyp, çaý getiripdirler. Ýadan myhmanlar çaýdan gowy ýetirende Annaguly aga-da gelipdir. Ol myhmanlar bilen görşüp, saglyk-amanlyk soraşandan soň gadyrdan dosty Hoja aganyň saglygyny sorapdyr. Öz gezeginde myhmanlaryň ulusy: «Atam özüňize, maşgalaňyza köp dogaýy-salam gönderdi» diýipdir. Annaguly aga-da: «Minnetdar, salam iberenem, salam getirenem köp sag bolsun» diýipdir. Soň gürrüň bizden, alaçadan başlanyp, oglanlar näçe esgi, näçe gary biz, keteni, alaça gerekdigini öý eýesine mälim edipdir. Şonda Annaguly aga: «Özümde baryny size bererin, ýetmedigini erte bazardan alarys» diýipdir. Şol barmana el ýuwduryp, myhmanlaryň öňüne bir çanak palaw getiripdir. Bular üç kişi bolup, çanagy öňüne alyp, «Bismilla-hi rrahman rahim» diýip, palaw iýmäge başlapdyrlar. Bäş-alty agyz palaw iýenden soň Annaguly aga: «Men ýaňyja höwes edip, ak bilen garbaň-gurbaň edipdim. Siz iýiň» diýip, özüçe omyn edip, gaýra çekilip oturypdyr. Myhmanlar az-owlak iýen bolup, utanypdyrlar-da: «Bizem doýduk» diýipdirler. Onda öý eýesi: «Inilerim, siz gödek, ýaş oglanlar, çekinmäň-de, iýiň» diýip, ýallak-ýullak edipdir. Oglanlaram: «Bizem doýduk, omyn edäýeli» diýipdirler. Şonda Annaguly aga: «Haýp, siziň ýaşlygyňyz, siz gaty çümhörek ekeniňiz» diýäge-de, çanagy öňüne süýşürip, «Sagdan sarkyt galmaz» diýip, palawy lokgalap, kä çeýnäp, kä çeýnemän, ýuwdup başlapdyr. Çanagy boşadypdyr-da: «Ýigitler, indi omyn etsek, edeli» diýip, el galdyryp, omyn edipdir. Omyndan soň Babadaýhanyň, Zeňňi babanyň, Musa babanyň ruhuna aýat okap, bagyş edipdir. Şondan soň çanak ýygnalyp, iki çäýnek gök çaý, okarada kişmiş gelenmiş. Annaguly: «Myhmanlar, çaýdan pugta ýetiriň, kemini goýmaň!» diýip, häli-şindi gaýtalapdyr. Oglanlar çaý içen bolupdyr, ýöne aç garyn çaý höwes etmändir. Şunlukda myhmanlar aç ýatypdyr. Ertesi gün olara çaý-çöregem bermän, Ýeketal bazaryna äkidipdir. Bazara barandan oglanlar alaçadyr keteni gözlemän, iýip-içgi hatara baraga-da, ol ýerden çörek, sargan, börek alyp, gowja garbanypdyrlar. Soň Pyrkanyň ýanyna barypdyrlar, ýetmedik zatlaryny alaga-da, niredesiň mekanymyz diýip, ýola ugrapdyrlar. Olar sag-aman öýlerine baranda, atasy: «Ogullarym, sag-salamat aşdyňyzmy, sargytlarymy äkeldiňizmi, Annaguly gurawmy?» diýip sorapdyr. Uly ogly: «Ol aga guraw, köp dogaýy-salam aýtdy» diýip, myssaryp duranmyş. Şondan aý ýarym geçende Hoja aga iki ogluny ýene-de Ýeketal bazaryna ýollamakçy bolupdyr. Haçan-da olar gurawlaryny tutup, ugramakçy bolanda, Hoja aga ogluna: «Annagula salam aýt» diýipdir. Oglanlarynyň ulusy: «Biz bu gezek şol ülpediňkä myhman boljak däl» diýipdir. Atasy: «Hä, oglum, Berdimyrat, Annagulydan näme ýamanlyk gördüň?» diýipdir. Ogly bolan wakany aýdyp berende Hoja aga ha-ha-haýlap dyzyna muştlap, gülüpdir. Soň ol: «Annaguly şol oýnuny entegem goýmandyr-ow» diýip, ogullaryna sargyt edipdir: «Oglum, myhman boljak däl diýme, baryň, öňüňizde haýsy nahary goýsa, gutarman goýmaň» diýipdir. Berdimyrat bilen Geldimyrat ýene Annaguly aganyňka baryp, myhman bolupdyr. Bu saparam saglyk-amanlyk soraşandan soň, iberilen salamy öý eýesine gowşuransoň çaý içipdirler. Çaýdan soň myhmanlaryň öňüne bir çanak garma getiripdir. Bular «Bismillä» diýip, garmany iýmäge başlapdyr. Öý eýesi ýene bäş agyz iýenden soň: «Men ýaňyja tamdyrdan çykan jyzzykly nandan ep-esli iýdim, siz çekinmän iýiň» diýip, özüçe omyn edipdir-de, yza çekilip oturypdyr. Oglanlar atasynyň sargydyny ýatlap, garmany lokgalap-lokgalap agyzlaryna atypdyr. Olar doýar ýerde doýman, şol ýere garap iýip otyrmyş. Annaguly aga görse, garma gutaryp barýarmyş. Ol oýnunyň bu sapar ýol almajagyna gözi ýetensoň: «Bow, oglanlar, siziň iýişiňize meniňem iýesim geliberdi» diýip, öňe omzap iýip başlapdyr. Garmany iýensoňlar omyn edip, aýat okapdyr. Soň ol oglanlara ýüzlenip: «Myhmana aş goý, iki elini boş goý» diýip nakyl bar. Hiç wagt öňe goýlan nahardan doýman goýmaly däl, çekinmäň. Meniň oýnum bolsa, size mälim bolara çemeli» diýip, loh-loh gülüpdir». BOÝUM ÝALY BOÝ TAPDYM, GÖWNÜM ÝALY GÖWÜN TAPMADYM — Gürrüňini berjek bolýan adamym bisabyrmy ýa-da mamlamy diýip, Öwezgeldi aga gürrüňe başlady. Kimiň mamladygyny bolan wakany aýdyp bolanymdan soň anyklarys. Howwa, ömrüni çopançylyk bilen geçiren Akmämmet çepbe Itaklydan Pelwert bazaryna gaýdypdyr. Goja şenbe güni irden eşeklenip, Pelwertdäki köne dost-ýarlarymyň biriniňkide myhman bolaryn, erte-de Ýeketal bazaryndan gerek-ýaragymy alaryn diýip oýlanypdyr. Ol eşegini löňküldedip ýolboýy haýsy dostumyňka öňürti barsamkam diýip kelle döwüpdir. Ahyrsoňy: «Gel, bazara-da ýakyn, iň köne ülpetlerimiň biri Söhbediňkä baraýyn» diýip pikir ýöredipdir. Ep-esli ýöräp, bir topar eşekli barýanlaryň yzyndan ýetipdir. Akmämmet aganyň häňňisi tumşugyny ýokary tutup, burnuny parladyp, sojap, yzyrakda gidip barýan çalşak madanyň guýrugynyň aşagyny ysgap, onuň çalşak aýaklarynyň herekedini öňküden çalşandyrypdyr. Madany münüp barýanam zenan eken. Bu zenan: «Eşekden ýyksaň, biliber, ýaşuly, seniň ýakaň meniň elim bolar, çekil bir gyra» diýip, habaý edipdir. Zenanyň diýeni şol bolupdyr. Akmämmet aga elindäki eşek hile (taýak) bilen eşegiň kellesine batly urupdyr. Eşek duran ýerinde dälirän ýaly bolup, kellesini bir gapdala burup, aýlanmaga başlapdyr. Goja oňa döz gelmän, eşekden agyp, guma bulaşypdyr. Ol bir haýukdan soň gumakda aganan kürre ýaly, ak topura bulaşyp, ýerinden turupdyr. Donuny, telpegini kakyşdyryp, eşegine sögüne-sögüne, bir ýerden üzeňňini, ýene bir ýerden içi jöwenli horjuny tapyp, egnine atypdyr-da, eşegine baka ugrapdyr. Topar bilen barýan ýaş oglanlaryň biri Akmämmet aganyň eşegini tutup getiripdir. Oglan: «Ýaşuly, döwlen-ýenjilen ýeriňiz ýokdur-da?» diýip sorapdyr. «Ýok, oglum, minnetdar, köp sag bol, indikide eşek münmezlige sapak bolar» diýip hüňürdäpdir. Içinden: «Munuň ýalagam bir işbormy, entegem hiç ýerim döwülmedi. Bu haýwanyň şertä gowy däl, «toýnagymdan gaty ýere ýykaryn, mujrip ederin» diýermiş» diýipdir. Soň ol eşegine horjunyny atyp, ýene ýola ugrapdyr. Az ýöräp, köp ýöräp, Söhbet dostunyňka barypdyr. Barsa, Söhbet aga-da öýde eken. Çepbe eşekden düşmän, derwezäniň öňünde durup: «Habarlaşar ýaly adam barmy?» diýip gygyrypdyr. Bu sese «Bardyr-haw» diýip, Söhbet aganyň özi çykypdyr. Görse, köne dosty eşekden düşmän garaşyp durmyş. Soňra öý eýesi: «Baý-bow, gadyrdan, asmandan indiňmi, ýeriň teýinden çykdyňmy» diýip, eşeginden düşmän oturan Akmämmet aga bilen elleşip görşüpdir. Ony eşeginden düşüripdir, howla salyp: «Sypanyň üstüne baryber, men eşegiňi daňyp (örkläp), öňüne ot taşlaýyn» diýip, eşegi basdyrmanyň aşagynda daňypdyr. Gelip Akmämmet aga bilen täzeden saglyk-amanlyk soraşypdyr. Tizden saçak ýazylypdyr, çaý gelipdir. Şol wagt öý eýesi: «Akmämmet dogan, sen çaý içiber, men bir sellemde Gurama arygyň aňyrsynda eşegimi arkanlap geleýin» diýip, öz ugruna eşegini idip gidipdir. Söhbet aga howludan çykan dessine horjunyny eşegine ýükläp, käsesindäki çaýy içmän, Akmämmet çepbe-de zut gidipdir. Söhbet aga dolanyp gelse, myhmanam, eşegem ýokmyş. Çaý, saçak duran ýerinde durmyş. Muňa öý eýesi haýran galyp, öýündäkilerden: «Hi, myhmany görmediňizmi?» diýip sorasa, olar: «Ýok, biz-ä görmedik» diýip jogap beripdirler. Şondan soň Söhbet aga iňkise gidip: «Janlarym, öz-ä çepbäniň hut özi, ýok-ýok, bolup bilmez, Hydyr ata eşekli gelmez, ol çöllerde duşarmyş. Hydyr ata ýaşyl lybasly gezermiş» diýip, özüçe bu hadysany jemläpdir. Ol howludan çykypdyr-da, köçede yz çalyp başlapdyr. Görse, öz eşeginiň yzyndan başga bir eşegiň yzy göni ýokarlygyna çykyp gidipdir. Soň Söhbet aga arkaýynsyrap: «Bolýar-da, bir derwaýys işi çykandyr, bir ýere barjakdyr» diýip, myhmanyň içmän goýup giden çaýyny içipdir. Söhbet aga: «Bu dostum çyn lakamyna laýyk, çepbe diýseň, çepbe öz-ä. Bir salym garaşan bolsa, uzadyp goýbererdim» diýip, özi bilen gepleşipdir. Akmämmet aga çepbe lakamynyň galmagyna-da, onuň çep eli bilen nahar iýmesi, ýer agdaranda pili çep aýagy belen depmesi sebäp bolupdyr. Indi habary kimden al, Akmämmet çepbeden al. Ol şol çykyşyna öýkeläp, eşeginiň gerşine hiläni sokup, bir öňürdikde köne ülpediniň biri Işanguly baýyňka barypdyr. Işanguly aga Akmämmet aganyň gelenine begenip, iki bolup bilmändir. Taňry salamyny alşanlaryndan soň, içiniň-daşynyň saglygyny biri-biri bilen soraşdyrypdyrlar. Soň çepbe dillenip: «Köne dost-ýarlary göreýin hem bazarlaýyn diýdim» diýipdir. Işanguly aga-da: «Berekella, tama-da şonuň ýaly, ülpet, goýazylygyňam çaky bar, kämahal geçenleri ýatlaşmaga gelmeli, Akmämmet!» diýipdir. Şol barmana saçak ýazylyp, çaý getirilipdir. Hersi öňüne bir çäýnek çaý alypdyr. Soň olar ondan-mundan gürrüň edip, çaý içipdirler. Çaýdan soň bir çanak ak bilen täzeje tamdyrdan çykan zagara nan getiripdirler. Işanguly aga çanagy myhmanyň öňüne süýşürip: «Ülpet, sen ak bilen garnyňy doýur, men bolsa ilerde duşakly düýäm otlap ýör. Şony getirip, suwa ýakaýyn, soň bir sellem ýer diňläris» diýip, ýerinden turup gidiberipdir. Akmämmet aga sesini çykarman, ümsüm oturypdyr. Ulpedi gözden ýiten badyna: «Şenbe bilen sişenbe sapar kylma sol ýana» diýen nakyl dogry boljag-ow, maňa bu ýerdenem sylag-hormat ýok» diýip, deslapdan turmak bilen bolupdyr. Eşegini münüp: «Indi haýsy dostumyňka barsamkam, «Gowy dost egsilmez hazynadyr» diýen ýeri bar, emma bu ikisi ol hazynadan däl eken. Bularyň işi has köp eken, goý, olar işläbersin. Gel, indi çopan dostumyňka baryp göreýin, onuňam işi köp bolsa, yzyma ötägiderin» diýip, eşeginiň başyny Allamyrat ülpediniňkä tarap aýlapdyr. «Öz-ä günem öýläne ýazdy, çopan dowarlaryny bakmaga äkitmedik bolsa ýagşy» diýip oýlanypdyr. Barsa, çopan dosty goýunlaryny agyldan çykaryp, bakmaga alyp barýan eken. Allamyrat çopan köne dostyny görenden salam ýok, helik ýok, daşda kömekleşip duran keýwanysyna: «Ogulbeg, tiz bol, goýunlary yza gaýtar, agyla gabaly, ol duran eşeklä seret, Çepbe gelipdir» diýip, goýunlaryny täzeden agyla gabapdyr. Çopan myhmanyň salamyny alandan: «Ertirden bäri gulagym şaňlap durdy, öz-ä biri meni ýatlaýan bolmaly diýib-ä otyrdym, gör ony, asyl sen dälmi?». «Gulagyňy şaňladan-a men, ýöne «Çopana meýlis haram» diýen ýerem bar. Sen gelýänçäň çaýdan ýetirip oturaryn, heserdeş, işiňden galma, dowarlary aç goýma, äkit olary bakmaga» diýipdir. Onda çopan: «Seniň ýaly ülpet myhmançylyga gelende dowarlaram ýarym gün agyz beklese, kem bolmaz» diýipdir. Şondan soň bular öýe girip, saglyk-amanlyk soraşyp, çaý içip başlapdyrlar. Çaýdan ýetirip, agyldan bir çebşegi saýlap alaga-da, derrew ony kaklapdyr. Giçlik kellebaşaýak taýýar bolupdyr. Gatlakly nanyň üstüne ep-esli et, şöhlat goýlan çorbaly agaç çanak öňlerine goýlanda müşk urýan ýakymly ys ýuwdunmaga mejbur edipdir. «Alyň-alyňdan» soň bular iýip-içip, gerk-gäbe bolupdyrlar. Soň omyn edip, Çopan atanyň, Babadaýhanyň ruhuna aýat okapdyrlar. Indi habary kimden al, Işanguly baýdan al. Bu kişi düýesini suwa ýakyp, ýandaklyga kowandan soň, dolanyp öýüne gelse, myhman ýokmyş. Çanakdaky ak, saçakdaky zagara-da öňküsi ýaly durmyş. Soň Işanguly aga: «Bu ne boluş, duz datman, hoşlaşman, ýom-ýok bolupdyr. Şu ülpet näwüran adam özi?» diýip jowranypdyr. «Eý toba, bir möhüm işi dagy çykandyr-da» diýip, akly tabagy öňüne dartyp, oňa zagarany dograp: «Kime rysk etse, şol iýer» diýäge-de, hezil edip özi iýipdir. Omyndan soň çaý içmän garaňky tama girip, birsellem ýatypdyr. Myhman bilen Allamyrat aga uzyn gije öten-geçenden gürrüň edipdirler. Şonda myhman eşiden bir rowaýaty barada gürrüň beripdir. Öň zamanlarda üç-dört sany dost bolupdyr. Bularyň iýeni-içeni aýry gitmändir, mydama biri-biri bilen gatnaşykly bolan. Günlerde bir gün bularyň eýlekilerden garyprak ýaşaýan biri at satyn almakçy bolup, dostlarynyň birinden kyrk teňňe sorasa, ol: «Dost-dost, söwda-bigäne», kyrk teňňämi elli teňňe edip gaýtarsaň, bereýin» diýipdir. Karz soran ýigit bu ýagdaýy atasyna aýdypdyr. Atasy: «Dost belada belli» diýipdirler, zynhar sargadygym bolsun, şol dostlaryňy elekden geçir. Ana, şonda haýsynyň mähremdigini ýa-da namartdygyny anyklarsyň. Synagdan geçmedik dostdan dost bolmaz» diýipdir. Ogly: «Men olary nädip saýlasamkam» diýse, atasy: «Ol aňsat, bir geçini öldür-de, çuwala sal, arkaňa at-da, gije ýarymda gapysyny kak. Daşary çykar welin, «Dostum, men-ä ýaňyja bir mysapyry öldürdim, piliňi al-da, gömüşmäge kömek et» diýgin. Şonda pilini alyp, yzyňa düşse, ol hakyky dostdyr. Eger elini dal-dalladyp, «Dek häzir ýok bol!» diýip, gapysyny ýapsa, ondan dost bolmaz» diýipdir. Oglan pikirlenipdir-de: «Gile et-de, hile et» diýipdirler, gel onda, dostlarymy synap göreýin» diýipdir. Ol bir geçini soýup, çuwala salaga-da, ony arkasyna atypdyr, soň dostlarynyň birinjisiniňkä baryp, ýarygije gapysyny kakypdyr. Bu dosty gapysyny açmazdan: «Kim-how, biwagt gapyny kakýan» diýip, jogaba garaşypdyr. «Men, dost jan, hany bir daşary çyk, gepleşeli» diýende, onuň sesinden tanap, daşary çykýar. Ol: «Näme hyzmat, eýgilikmi, giçläpsiň, dost» diýende, ýaňky arkasyndaky çuwaly ýere goýup: «Bir näkesi pyçaklap öldürdim, piliňi al-da, gömüşmäge kömek et, öýüňdäkiler eşitmesin» diýipdir. Dosty gözi gana bulaşan çuwaly görende, tasdan özünden giden ekeni. Dili tutulyp: «Tiz ýok bol, howlymdan çykaweri tizräk, ýogsa, goňşyma-da habar ederin» diýip, naýynjar gygyrypdyr. Bu ýigit ganly çuwaly arkasyna atyp, tizden çykmak bilen bolupdyr. Soň ol ikinji dostunyňka barypdyr-da, öňküsi ýaly bolan wakany beýan edipdir. Bu dosty-da munuň yzyna it salyp: «Hun bergili dost gerek däl, çyk, ýok bol» diýip, kowup goýberipdir. Soň bu synagçy ýigit gana bulanan çuwaly arkasyna atyp, üçünji dostunyň gapysyny kakypdyr. Haçan-da, dosty habaryny almak üçin daşary çykanda, öňki haýyşyny gaýtalapdyr. Bu dosty gözünem gyrpmandyr-da: «Gowy edipsiň, häzir çapa-çapa pilimi getireýin, juda kömekleşerin, dost» diýip, ol pilini getirmäge gidende, ol çuwalyny arkasyna alyp, göteripdir ökjäni ol ýerden. Bolan işleri oňa garaşyp oturan atasyna gürrüň beripdir. Pil getirmäge giden dosty ýektaýyny geýip, pilini kibtine alyp gelse, ýaňky dosty ýokmyş. Ol: «Janlarym, bu nirä gitdikä?» diýip, gabrystanlyga barsa, janly-jemende ýokmuş. «Soň ol hany, habar alaýyn» diýip dostunyňka barsa, ol öýündemiş. Bu ýigit dostuna: «Sag bol, dost, özüm gömdüm, seni kömekleşdirsem, senem hun bergili boljak, bolsa-da sesiňi çykarma. Kömege mähetdel bolsam-da, gyn-aňsat özüm gömdüm» diýip, dostuny köşeşdiripdir. Bular çaýlap birsalym gürrüň edenlerinden soň, daň agarypdyr. Dosty pilini alyp, öýüne gaýdypdyr. Şol wakadan soň bu ýigit kimiň dost, kimiň bidostdygyny anyklapdyr. Başdaky iki dosty: «Bu adam öldürdi» diýip, melamat ýapyp, kaza barypdyr. Şondan soň ara tow düşüp, iki dosty bilen gatnaşyk galypdyr. Öli gömmäge razy bolan dosty bilen bolsa ömürlik gatnaşypdyr. Ana, heserdeş, dostda dost bar. «Özüňi süýt bilseň, dostuňy gaýmak bil!» diýen ata-babadan galan nakylam bar. Şol ýigdiň soňky dostuny gaýmak hasap etseň bolarmy beri?! — Juda bolar, ülpet, asyl ol gaýmagyňam gaýmagy diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Namart dostlary bolsa, ömri ötýänçä şol ýigide müýnli bolup galar. Ony görende ýüzi çapady ýaly gyzarsa gerek. Menden nesihat, senem, heserdeş, öz dostlaryňy synap gör, belki, dostlaryň içinde heleýden bärkisi-de bar bolmagy ahmal. Ertesi ertir çaýdan soň çopan dosty bilen hoşlaşyp, Pelwerdiň Ýeketal bazarynda bir put jöwenini satypdyr-da, gerek-ýarak zatlaryny alyp, mekanyna dolanypdyr. Bu kişi obasynda bolan bir toýda: «Pelwertde dostuny «gaýmak» saýýan adam bar eken, ýöne olar gaty seýrek öz-ä» diýip gürrüň beripdir. Oturanlardan biri: «Çepbe aga, kim ol dostuny gaýmak saýýan, ol näme iş bitirdi» diýip sorapdyr. Akmämmet aga köne dostlarynyň etmişi barada oturanlara gürrüň beripdir. Ol: «Meniň Pelwert ilinde bir-iki sany dostum bardy. Köpden bäri olar bilen duşmandan soň, gören gözleri göreýin diýip, öňi bilen biriniňkä bardym. Gowy kabul etdi, baranyma bihuda begendi. Derrew çaý getirdi, saçak ýazyp nan getirdi. Men ol dostumyňka çaý-nan diýip barmadym, geçenleri ýatlaşyp, gürrüň etmäge bardym. Hi, Gurhanda, Töwratda: «gelen myhmany ýeke goýup, öz işiň bilen boluber» diýen ýeri barmy? Elbetde, ýok. «Myhman ataňdan uly» diýen nakylam bar. Hamana, eşegi açlykdan öljek ýaly, meni ýeke goýdy-da, ötägitdi. Menem durdummy onuňkyda, eşegini idip çykan dessine ýom-ýok boldum ol ýerden. Şol çykyşyma ikinji dostumyňka bardym. Barsam, bu-da öýünde eken, baranyma iki bolup bilmedi, ýöne bu-da ýaňyja bir çanak agy öňüme goýanda, düýesini suwa ýakmaga gitdi. Menem, näme, ýene: «Ýekelik Hudaýa ýagşy» diýip, zut gitdim ol ýerden. Soň men eşegimiň başyny üçünji dostumyňka tarap öwürdim. Şol arada gün agyp, öýläne ýakynlady, barsam, Allamyradam goýunlaryny agyldan çykaryp, ýaňyja bakmaga gitjek bolup dur ekeni. Meni görenden kömekleşip duran keýwanysyna: «Goýunlary yzyna gaýtar, olary agyla gabaly, ülpet gelipdir» diýip, goýunlaryny täzeden agyla gabady. Öňki baran dostlarym ýaly: «Sen häzir öýde çaýlaber, men goýunlarymy bakyp geleýin, ýogsa olar aç galar» diýmedi. Ol diklem ýanymda oturdy. Olar ýaly ülpediň bolsa, gürrüňem suw pese giden ýaly bolar ekeni. Ana, şol dostuma hakyky dost diýsem, ýalňyşmasam gerek. Oturanlar: «Sen mamla-da, sen mamla» bolşupdyrlar. Söhbet bilen Işangulam telim ýola özünden ululardan myhmany nähili kabul etmeli diýen öwüt-nesihaty eşidendir. Eşitse-de, olaryň hata goýan ýeri boldy. Soň eden işine puşman etse, has gowy, ony bilse-de, bilmezlige salsa, has erbet. Jemagat, menden nesihat, hernä myhman alsaňyz, onuň ýanyndan aýrylmaň. Ýatanda bolsa, myhmana nireden ýorgan-düşek ýazsaňyz, şol ýerde özüňe-de düşek ýazaweriň. Ýene myhmany ýeke goýup, heleýiň gujagyna doljak bolup gitmäň, ol myhmany sylamazlyk bolar» diýip, Akmämmet aga oturanlara sargyt edipdir. «Hany, inijiklerim, olaryň haýsysy mamla». Annamyrat aga-da, menem: «Akmämmet aga mamla» diýdik. «Öňem biri: «Boýum ýaly boý tapdym, göwnüm ýaly göwün tapmadym» diýipdir. Akmämmet aganyňky-da şoňa meňzäpdir» diýişdik. AR ALMAGA YMTYLYŞ Bu gün işden gelenden soň naharlanmaga bardyk, gürrüň Ýeniseý derýasynyň joşup, çep kenaryndaky Lesosibirskiý, Ýeniseýskiý şäherleriniň birnäçe ýerini suw basandygy barada boldy. Suw basan ýerlerinde öýsüz-öwzarsyz galanlaryň, ölüp-ýitenleriň köpdügi barada gürrüň edýärdiler. Radio-gazetlerde ol barada gürrüň ýokdy. Şonda Öwezgeldi aga: «Ata-babalar: «Ot belasyndan, suw belasyndan Alla janyň özi saklasyn» diýip, oňluga aýtmandyrlar. Suwdan ýaňa biziňem gören görgümiz az däl. Sizem oňa belet ahyry» diýdi. Soňra ýene: — Göç-hä-göç ýyllarynyň gyzgalaňly döwründe Amynyň joşup, öz hanasyndan çykmagy, sag hem çep kenarynda oturan bendeleri gara güne goýdy. Çyrpynyp akýan Amynyň läbik suwy iki kenardaky oturan obalary öz gujagyna aldy. Kim mal-garasyny alyp gaçdy, kim diňe olary gazykdan boşadyp ýetişdi. Bütin jaýlar, öýler, gümmez-kepbeler, ýaňy ýüzi süýjäp ugran gawun-garpyzlar, başda-bokurdak bolan jöwenler, ýek-tük mal-halam Jeýhunyň doýdum-dolmaz girdabyna gitdi. Haçan-da suw öz hanasyna girende bolsa, öňki obalaryň ýerinde ýel öwsüp, çaňjaryp galdy. Jaýyndan, ýerinden dynan bendeler nätjeklerini bilmän, elewreşip, iki-baka ylgadylar. Şol wagtlar Gülegenjäniň Garainjik urugynyň baýy Döwlet garawulbegi öz tiresi bilen Owgana göçdi. Şonda ol: «Geregiňiz ýer bolsa, Owganystana göçüň, meniň ýanyma baryberiň» diýip, uly gepledi. Onuň gepini altyna gaplap, ýerinden, jaýyndan dynan hojalyklar göçmäge hyýallandy. Olar Owganda ýer bolsa-da, suwuň, ýakar ýaly odunyň ýeterlik däldiginden habarsyzdy. Molla-müftülerem: «Şerigat ýoluny bozýanlar köpeldi. Ahyrzaman golaý gelse, möjek bilen goýun bir ahyrdan suw içermiş. Şol dogry boljak, düýn Berdi baýyň orslar bilen jenjel suwuny içip oturanyny gören adam bar. Işan agamyzam şolar bilen elleşip görşenmiş» diýen gybaty il arasynda ýaýradyp, göçmejekleri-de göçmäge mejbur etdi. Bu gürrüňlere pitiwa bermedikler has az boldy. Bu göçhä-göçüň esasy sebäpkäri şuralaryň çykarýan kada-kanunydy. Baýlaryň, orta daýhanyň ýerlerini elinden alyp, batraklara paýlamak, zordan kolhoza çlen etmek ýaly kada-kanunlar ulyny-kiçini endişä goýdy. Şonuň üçin göçenler hem göçjek bolýanlar köpeldi. Bu bolsa oba kethudasy Baýly agany suwdan alyp, oda saldy. Bu kişiniň özi doglan depesini taşlap, ýat illere gitmezligi pugta ýüregine düwen bolsa-da, öz tiresiniň bir topary Döwlet garawulbeginiň çagyryşy boýunça Owgana göçmäge taýýarlanýardy. Şol sapar Baýly aganyň gudasy: «Garyndaş, gitseň-ä, alyp gitjek, zarym bar, zorum ýok, gitmeseňem, gözel göwnüň. Biz erte agşam ugrajak, paty-putymyzy daňdyk» diýdi. Şonda Baýly aga: «Guda, sag bol, Watany taşlap, hiç ýere gitjek däl. Orsam, elinden gelse, syrtyna dyky etsin. Owganystany gözüm bilen gördüm, ol ýerde işlikliniň aşagy ýok. Men Gorçaňňyda bolanymda aýylganç wakanyň şaýady boldum. Bir gulak suwuň üstünde iki tire bir-birini parçalady. Şonda ejizlän Bedewler tiresiniň kethudasynyň her tikesini gulagy ýaly edip çapgyladylar. Bu näme, agzybirlikmi, ýok nejislik. Şol çapgylanlaram Garainjik tiresiniň adamlary. Guda, diýenimi etseň-ä gitme, gitseňem, sag-aman bar, baran ýerleriňe salam aýt» diýdi. Soň maňa ýüzlenip: «Öwezgeldi, senem gitjekmi şol taýa» diýdi. Men ýaşula gitjek däldigimi aýtdym, ol hoşal boldy. Şonda Baýly aga: «Berekella, Öwezgeldi, «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä aglar» diýipdirler. Sen öz Wataňy terk etme» diýdi. Soň wagt geçdi, warak geçdi, bir gün oba şuranyň jaýyna basmaçylar çozupdyr diýen habar oba ýaýrady. Eşidip otursak, bu işi guran Döwlet baý ekeni, ol göçen döwründe serhet sakçylaryna duş gelip, olar bilen atyşanda ogly çiştopbylaryň okundan şehit bolan ekeni. Baý şonuň aryny almaga gelipdir. Ol on bäş atlyny ok-ýarag bilen üpjün edip, Lebaba gelipdir. Olar örän assyrynlyk bilen hereket edipdir. Baý özüniň nökerlerini böleklere bölüp, her ýerde ýerleşdiripdir, amatly wagta garaşypdyr. Oba şuranyň başlygy Döwlet baýyň öz adamy bolupdyr, şondan habara garaşypdyr. Edil şol wagtlaram on bäş atlynyň serhedi kesip geçendigi barada OGPU-nyň raýon bölümine habar gelýär. Raýondan (etrapdan) gelen OGPU-nyň adamlary oba şurasynyň jaýynda habardar bolup, basmaçylara garaşýar. Döwlet baýa gizlin gelen habardan soň, özi bilen on sany nökerini tirkäp, oba şuranyň jaýyna tarap ugraýar. Ol nökerlerine: «Şura başlygynyň bitiniň burny ganamaly däldir, çünki ol öz adamymyz» diýip sargapdyr. «Biz gelen üç adamy bolsa diri ele salmaly, bolmasa-da, kellesini äkitmeli» diýipdir. Gün iki tel bolanda dört adam nahara oturan wagty oba şurasynyň jaýyny hemme tarapdan gaban nökerler: «Ýaraglaryňyzy taşlaň-da, elleriňizi depäňize göterip, daşary çykyň» diýen buýrugy gygyryp aýdanmyş. El göterip çykmaga derek bäşataryň sesi ýaňlanypdyr. Atyşyk başlanypdyr. Şura başlygy ýeserlik bilen hereket edipdir. Ýeserlikde ondan ötüren az bolupdyr. Ol oýnanda bäş-alty göçüm öňünden görýän oýunçy eken. Islese, kimem bolsa, kökenine kökermegi başarýan adam ekeni. Şu günki atyşygyň sebäpkäri-de şonuň özümiş. Bu oýunlary ol, elbetde, gara başyny etegine salyp, soň edipdir. Onuň bilen iş salyşýanlar ondan eýmenmän durup bilmändir. Ine, onsoň, onuň atýan oklary pagtabent bolansoň, ar alyjylar üçin howply dälmiş. OGPU-nyň adamlary gerek ýerinden urmaga ökdemiş, ýöne atyşyk uzaga çekensoň, olaryň oky azalypdyr. Olar: «Ele düşenden ölen gowy» diýip hüjüme geçipdir. Baýyň nökerleri ondan peýdalanyp, olaryň ikisini atyp öldürýär, üçünjisi baýy ýaralap, gyra çekilýär. «Gaçsa gutulmagy mümkin, bu pedernälet diri galsa, gizlin geçirilen işimiz ýüze çykar. Ony özüm gümläýin» diýip, kisesinden ýörite gerek bolar diýip taýýarlan okuny goşasyna sürüp, OGPU-nyň galan birini şura başlygynyň özi atyp öldürýär. Netijede, baý, onuň iki nökeri ýaralanypdyr. Döwlet baý birhaýukdan soň özüne gelipdir-de: «Gurrumsaklaryň jany jähenneme gitdimi?» diýip sorapdyr-da, şol ýerde jan beripdir. Ýaraly bolan iki nökeriň ýene biri jan beripdir. Nökerleriň onbegisi bir nökeri baýyň ýegenine bolan işi habar bermäge iberýär. Döwlet baý ýegenini dört nökere baş edip, etrap tarapdan OGPU-nyň adamlaryna kömek gelmeginden ätiýaç edip, ony ýolda didebanlyk etmek üçin goýupdyr. Haçan-da oňa baýyň şehit bolandygyny habar berende, onuň jebesi daralypdyr. Ol ölen daýysyny, nökeri Kyrkçiltende jaýlap, ýitirim bolupdyr. Şol günden başlap, oba şurasynyň başlygy-da ýom-ýok bolanmyş, onuň gonanyny gol, göçenini ýel bilmese, hiç kim bilmändir». | |
|
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -3: romanyň dowamy - 06.07.2024 |
√ Duman daganda: Öküziň namardy gassabyň pyçagyny ýalar - 27.05.2024 |
√ Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr - 03.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -14: romanyň dowamy - 18.10.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -13: romanyň dowamy - 17.10.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Köne mülk -10: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Duman daganda: Ýalňyşdygyň-öldügiňdir - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -7: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |