20:34 Üçlemeler | |
ÜÇLEMELER
Goşgular
Bir gör, onuň telpegini elle-de, Şular ýaly nepis zadyň içinde Bolaýmal-a bir oňatja kelle-de. *** Gyzy gaçan içip , nas atan eken, Ol “Beýdip ýörmäň-de ylalaşaýyň!” Diýip, baranlary tas atan eken. *** Aýlawly geplern-ä bizem söýerdik, Diýerdi ol insi öýlenende-de: “Aýalymyň ýüwürjisin öýerdik.” *** Onuň bolup ýörşi geňdi, syrlydy, Saklaýany täze dükanam bolsa, Göterip ýöreni köne hyrlydy *** Ol oýnady, utuldy, Dostlar-a düşdi ele, Duşmanlaram gutuldy. *** Durmuş bize gaty kän zat eçilýär, Ýöne olaň öz wagtynda köpüsi Ýa görülmän , ýa alynman geçilýär. *** Muňa sen iru-giç akyl ýetirsiň, Ýetimsiň sen aýra düşseň iliňden, Watanyňdan aýra düşseň ýesirsiň. *** Ýalbar-ýakar, oýun eder, Halys bolmajagyn bilse, Aglar welin, boýun eder. *** Hakykaty boýun alalyň , geliň! Ýigidiň başyna bela getirýän Ýa haram puldur, ýa biwepa gelin *** Hakyň bolsa al elinden gaňyr-da, Onuň bilen bärde hasaplaşmasaň, Hezil bermez aňyrda. *** Ýaşap ýörse, derrew çykar bergiden, Ýeke oguldyr-da öýlendireni, Çykarmaly gyzam bar-a birgiden. *** Aýalam gaty erbet-le, Ol görgüläde adamsy Öwredýändird-ä , elbetde. *** Buşla bar , bolanny jigiň, Ýöne oňatja barlagyn, Ýyrtyk bolaýmasyn jübiň! *** Işgärlern-ä büre daran Ýaly eder ,ol başlygy Bolan bolsa bir edaraň. *** Başlygymyz it edindi. Geçjek bolsaň , bir zatjagaz Emlemeli ite-de indi. *** Dostam bolsaň, ýüz görmeýär, Elleşmezem elliň üçin, Ýüz bermeseň , ýüz bermeýär. *** Sypdym , bar zat düzeldi, Berdim ýüz gram üçin Her haýsyna ýüz elli. *** Geplärdi özgäň adyndan, Öz adynyň barlygynam Çykaran borly ýadyndan. *** Edinipdir bir ýodajyk, Ýazan bolýar ýaňsylama, Degişme ýa parodiýajyk. *** Diýýär:”Geliň , gatyk alyň!” Bendäň eli ýuka borly, Ýöne ýüz-ä gaty galyň. *** Ellerinden dür dökülýär, Ýöne alýar näçe berseň, Diýenok ol: “Dur, dökülýär !” *** Satdym ähli goýunlarmy, sygrymy, Süýjüligi, atgulag-a elli jüp, Halady iki ýüz müňem ýigrimi *** Kezzaplygň-a barybir Bilýäs welin, dogrumy Şu aýdýanlaň ýary bir ?! *** Semredi , doýup aýryldy, Ýöne öz ýerine horja Ogluny goýup aýryldy. *** Ýagdaý-a agyr görgüliň, Ýöne pulun gömen ýerin Aýtmaz-la sorap gör welin, *** Bir gör bolup oturşyny, Içip, taýýarlyk görýär ol Bulamaga oturşygy. *** Alýar işe magnit ýaly ol çekip, Aýlygyňam alýar özi, sen diňe Gaýtsaň bolýar aý ahyrda gol çekip. *** Akylsyza hem akylla Akyl beren bolýar welin, Arman , özi kemakyl-da *** Gülümjirän bolup, syn ederdi ol, Alýanjasyn berseň, kyn işi aňsat, Bermeseň, aňsady kyn ederdi ol. *** Gör, bu şalaň gözýetimniň darlygyn, Heý, görüňde rahat ýatyrarlarmy, Bilseler gabryňda altyn barlygyn. *** Düşünersiň muňa ulalyberseň, Tozuberýär eken dostluk diýlen zat Dostuňy aýaman ulanyberseň. *** Galkan edinme-de dogumsyzlygy, Gazaply bolmagy öwren ataňdan, Öwren öz eneňden dözümsizligi. *** Dert adama ýolda ýolugarmyşyn, Aňsat gazanç gözläp, ters ýola gitseň, Ýol inçelip, ýoda ýolunarmyşyn. *** Kyn ýörejek ýoluň batgaly bolsa, Ýol bererler birýan gyra çekilip, Ilki öňe düşen batmaly bolsa. *** Bürgüt ölse: “Nahar bolmaz, bar gidiň”, Diýip , garga kowar gazan başyndan Ýetim galan çagalarny bürgüdiň. *** Girimin-çykymyn öwrenip goýuň, Başyňa düşmejek gumany ýokdur Ýas bilen toýuň. *** Toprak eklär , sen topragy ekleseň, Ýöne ol özünde bar zadyn berýär, Sen özüňe gerek zady ekmeseň. *** Adamy bezeýän oý-hyýalydyr. Öz bilýän zadyňy öwretmän gitmek Hazynaňy gizläp giden ýalydyr. *** Her kim tapawersin öz ornun, ýerin, Mis teňňeler üçin uly ejirdir Arasynda ýatmak altynyň , zeriň. *** Barýas örňäp , bir-birekden daş bolup, Şoň üçin hiç kimi keseki saýmaň, Ýat saýanňyz çykar garyndaş bolup. *** Haram baýlyk gapan bolsa garagyn, Tanamaz dost-ýaryn, görmez hiç kimi Tä düşýänçä öz başyna gara gün. *** Ol ýürekden urdy, gör ökdedigin, Wah , bilýär ekeni ganym duşmanam, Mähriban Watanyň ýürekdedigin. *** Aňsat ýasalan zat bolanok merdem, Ýumşak görüp, işi gaýdan alaka Hin gazynar eken suw geljek ýerden. *** Öz ornuň tap, ilden janyň aýama, Eger telpek bolsaň , başda götärler, Köwüş bolsaň geýilersiň aýaga. A.Annaberdiýew | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Adamzat taryhyna çaklama / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |