08:38 Ukrain konfliktini nädip çözmeli? | |
UKRAIN KONFLIKTINI NÄDIP ÇÖZMELI?
Publisistika
Käte buýr-bulaşyk ýaly bolup görünen meseleleriñ çözgüdi diýseñ añsat bolýar, emma hiç kimiñ muny göresi-de gelmeýär, düşünesi-de. Sebäp çykgynsyzlyk käbirleriniñ peýdasyna bolýar. Şeýleräk düşündiresim gelýär: Ýeke pursatlygam bolsa, Russiýa bilen Günbataryñ arasynda şular ýaly ylalaşyga gelinendigini göz öñüne getiriñ. Ukraina Belarus ýaly Russiýanyñ plastilin ýaly islän şekiline salyp biljek oýunjagy-da bolmaly däl, Günbataryñ birgiden boş wadalary bilen öz peýdalaryna ulanjak oýnatgysy-da bolmaly däl. Tersine, iki tarapa-da ikitaraplaýyn sylag-hormata we ynanyşmaga goldanýan gatnaşyklary bolan aralyk sebit hökmünde ömrüni dowam etdirer. Ýagny, Ukraina hiç bir ýagdaýda NATO harby blogyna goşulmaz we bitaraplygyny saklar. Şular ýaly ylalaşyga gelinen ýagdaýynda, Ukrainada uruş şobada ýatar we gandöküşlik soñlanar. Hem dünýäniñ bu ýurdy has parahatçylykly we asuda ýere öwrüler. Netijede ikitaraplaýyn söwdanyñ gaýtadan janlanjakdygy üçin goja Ýewropa uklymy hem-ä syýasy, hemem ykdysady taýdan rahat dem alar. Ýewropanyñ iñ uly ykdysady güýji bolan Germaniýa has ýakyn wagta çenli, ýagny Ukrainada uruş başlaýança "Demirgazyk akym-I" liniýasynyñ üstünden amatly bahadan Russiýadan tebigy gaz alýardy. Häzir bolsa embargo sebäpli tebigy gaz geçirijisiniñ ýapylandygy üçin Germaniýa gazy Katar, Birleşen Arap Emirligi ýaly ýurtlardan aşa gymmat bahadan satyn alýar. Şonuñ üçinem indi gazyñ bahasy Germaniýada üç esse gymmat. Meniñ özüm şu ýurduñ raýaty bolamsoñ, 2022-nji ýylda gaz üçin öñkimden 900 euro köp töledim. Diñe bulam däl. Russiýa garşy girizilen sanksiýalar suwuk ýangyçdyr azyk harytlary bilen birlikde bahalaryñ iki esse, hatda üç esse gymmatlamagyna getirdi. Eger uruş ýatsa, bu bela-beterlerem ýatyşyp, adamlar rahat dem alsa gerek. Emma uruşyñ soñlanmagy dünýäniñ hekemlik satýan supergüýji ABŞ-nyñ bähbidine däl. Uruş dowam etse, ABŞ-nyñ söweşjeñ industriýasy milliardlarça dollar girdeji gazanýar. Özlerini howp astynda duýýan Ýewropa bileleşiginiñ (ÝB) ýurtlary "F-35" söweşjeñ reaktorlar bilen birlikde ABŞ-dan köp sanly ýarag we ok-däri serişdelerini alarlar. Bulam amerikan ýarag zawodlaryna birnäçe ýyllyk güýmenje we düşewünt berýär. Uruş zerarly ÝB Russiýa bilen söwda etmeýändigi üçin iki tarapyñam ykdysady taýdan gowşajakdygy belli zat. Elbetde, ykdysady taýdan gowşak Russiýa ABŞ-nyñ peýdasyna. Emma ykdysady taýdan mazaly çagşan ÝB kluby has uzak wagtlap amerikan saýawanynyñ astyna girjekdigi üçin bu ýagdaý Waşingtonyñ hasam peýdasyna bolýar. Munuñ başgaça hili bolsa, ABŞ-nyñ betbagtçylygydyr. Russiýa bilen ÝB-niñ arasynda gatnaşyklaryñ düzelendini we ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyñ hasam berkändigini göz öñüne getiriñ. Moskwa bilen Brýusseliñ arasyndaky gatnaşyklar şeýle bir eriş-argaç bolsun welin, iki blogyñ arasynda hiç bir ýagdaý uruş mümkin bolmasyn. Edil Germaniýa bilen Fransiýanyñ arasynda bolşy ýaly. Bular ýaly senariýa ýewropa halklary we bütindünýä parahatçylygy üçin ajaýyp bolmazmydy? Elbetde bolardy. Russiýa ÝB islese-de, islemese-de Ýewropanyñ iñ uly goñşudy. Bular özara uruşaýan ýagdaýynda-da ikisinden biriniñ ýeñmegi mümkin däl. Iñ bolup biläýjek zat - ikisiniñem öwezini dolup bolmajak derejede harap bolmagy. Edil birinji we ikinji jahan uruşlarynda bolşy ýaly. Ýewropa, has dogrusy ÝB-niñ oñurgasyny düzýän Günbatar Ýewropa häzir Ikinji jahan uruşyndan bäri ykbalyny Waşingtonyñ eline ymykly berdi. Goranyşyny ABŞ-na ynanan Ýewropa indem Waşingtonyñ meçew bermeginde islemeýän uruşyna iterilýär. ABŞ-dan ýarag alyp uruş taýýarlanýan ÝB ýurtlary özlerini ýok edip biljek ullakan howpa tarap süýşmek bilen alysdaky ABŞ-nyñ peltesine ýag damdyrýar. Keseden syn edýän biri "Russiýa bilen Günbataryñ, has dogrusy ABŞ-nyñ arasyndaky düşünişmdzlik nämede?" diýip sorasa, anyk jogap tapyp bilmez. Russiýa Günbataryñ bähbitlerine howp salmaýar, tersine ABŞ söweşjeñ raketalaryny rus serhetlerine ýerleşdirip, Putiniñ ukusyny bozýar. ÝB Waşingtonyñ küşgürmegi bilen ullakan betbagtçylyga iterilmek islemeýän bolsa, haýdan-haý ABŞ-nyñ goltugynyñ aşagyndan çykyp, öz ykbalyny öz elije almaly. Ýewropalylaryñ Ikinji jahan uruşyndan bäri tekrarlap gelýän "ABŞ-nyñ bähbidi näme bolsa, biziñkem şol" prinsipi indi güýjüni ýitirdi. ÝB-niñ bähbidi - Ukrainany bitarap sebite öwürmek babatda Russiýa bilen ylalaşyga gelip uruşy soñlandyrmak, sanskiýalary ýatyryp täzeden ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak, şeýdibem goja materikde uzak wagtlap dowam eden parahatçylygy we asudalygy kepillik astyna almak. Ýakyn taryh ABŞ-nyñ ýüpi bilen guýa sallanyp bolmajagyny görkeze-görkeze geldi. Waşingtonyñ Ýakyn Gündogarda ýa-da Günorta Aziýada iñ ýakyn ýaranlaryny olar bilen işi dynandan soñ nädip ýere serreldip gidendigini ýadyñyza salyñ. Kyrk ýyl öñki Eýran şasyndan Hüsni Mübärege, Saddam Hüseýinden häzirki wagt öñki owgan režiminiñ liderleri Hamid Karzaýdyr Aşraf Gani ýaly ABŞ-na ynanan liderler we ýurtlar eýgilik ýüzüni görmedi. Elbetde, ÝB-niñ ýagdaýy olaryñkydan biraz üýtgeşik. Ýöne her niçik-de bolsa hakyky howp abanan pursayynda ABŞ-nyñ ýaranlaryny ýeke galdyryp ökjä tüýkürýändigini ýatdan çykarmaly däl. Dogry, Russiýanyñam goñşy we doganlyk ýurduna çozmagy halkara hukuk kadalary taýdanam, ahlak taýdanam gödek ýalñyşyk boldy. Russiýa özüni howp astynda duýwn islendik supergüýjiñ görkezip biläýjek garşylygyny görkezdi. Putiniñ aýdyşy ýaly, eger Russiýa Meksika-ABŞ serhedine raketa ýerleşdiren bolsa, Waşingtonyñ muña berjek garşylygy nähili bolar öýdýärsiñiz? 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyñ dagamagyndan soñ mynasyp garşydaşsyz galan ABŞ, gynansak-da, soñkh ýyllar şeýpe bir biperwaý hereket etmäge başlady welin, diñe duşmanlaryna däl, ýaranlaryna-da howp salmaga başlady. ABŞ-nyñ Türkiýäniñ howpsuzlyk gaýgylaryny piñine saýman Siriýanyñ demirgazygyndaky kürt terrorçylaryna berýän goldawy munuñ iñ bärkije mysaly. Häzir bolsa ABŞ Ukraina "F-16" söweşjeñ reaktorlary we "Stinger" raketalary ýaly kämil ýarag sistemalaryny berjekdigine wada berip, uruşy hasam gyzyşdyrýar. Bu bolsa diñe Ýewropamyñ däl, bütin dünýäniñ howpsuzlygyna howp salýar. Ukrainada ýagdaýyñ çataklaşmagy üçünji jahan uruşy diýmekdir. Şeýle bolýan bolsa, Ukrainany Gündogar bilen Günbataryñ arasynda howpsyz, bitarap, aralyk sebite öwrüp, uruşy soñlandyrmak gerek. Zyýanyñ ýarpysyndan gaýtmagam peýdadyr. Başgaça bolanda dünýäniñ ýadro uruşyna gapgaryljakdygy gümansyzdyr. Esedulla OGUZ, Germaniýaly türkmen žurnalisti. Sişenbe, 30.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |